13:19 Geçirimlilik / hekaýa | |
GEÇIRIMLILIK
Hekaýalar
“Gurbangül daýzanyň towuklarynyň dördüsi, ördeginiň birisi keteginde öli tapylypdyr” diýen gürrüň obamyza tiz ýaýrady. Bu habar Sapar awça gelip gowşanda, ýaşuly indi üç-dört ýyl bäri ulanman, hiç kime-de bermän kümesinde saklaýan ýedi-sekiz sany tilki gapanyny çykaryp, olary oňat gözden geçirdi, ol-bu ýerlerini abatlaşdyrdy. Şeýdip, gurallaryny birkemsiz gurslandan soň, wakanyň bolan ýerine ugrady. Ketegiň öňündäki gumak ýerdäki yzlary siňe synlan ýaşuly: -- Bu peläketiň öň aýaklarynyň ýer gazmaga çemli uzyn we egri dyrnaklary munuň alagözendiginden habar berýär. Howa, bu – alajagözen! – diýip, netije çykardy. -- Eý, Hudaý-eý! Çöl-beýewandan bu ýere alajagözen nädip gelip ýörkä? – diýip, Gurbangül eje içini çekdi. Goja awçy gapanlarynyň üç sanysyny haltasyndan çykaryp durşuna düşündirdi: -- Alajagözen diňe öz gazan hinine däl, beýleki jandarlaryň mesgenlerine, jarlara, köweklere... aý, garaz, tapan-tupan deşiklerine sümlüberýär. Meýdandan ot ýygýan oglanlaryň ulagyna dykylyp oba gelen alajagözen diýerler muňa... Sapar aga Gurbangül daýzanyň towuk saklaýan goňşularynyň keteginiň töweginde hem beýleki gapanlary gurup gaýtdy. Ertesi edähedine görä daň bilen turan Sapar aga egnine köne eşik geýip, sim kapasasyny aldy-da, düýnki guran gapanlaryny barlamaga gitdi. Gurbangül daýza we goňşulary bu gezek keteklerini gaty gaýym bekländikleri üçin gijeki “ogry” olaryň içine girip bilmän, öý guşlaryna agzyny suwardyp, töwerekde kän çarh urupdyr. Jeren daýzanyň keteginiň agzynda bolsa gapana düşüp, öz pälinden tapypdyr. Hernä, bagtyna, gowşagrak gysýan gapana basany üçin, aýagyna onçakly zeper ýetmändir. Dynç güni bolansoň Sapar aganyň howlusynda duran içi alajagözenli sim kapasanyň töweregine bir topar çaga-çuga üýşdi. Gara mal sürüsini saklaýan Aýdogdy, mal lukmany Jepbarberdi we deri alyp-tabşyrýan telekeçi Toýjan hem şu ýerdidi. Ol üçüsi oba arasynda haçan görseň bile tirkeşip ýörendirler. Özlerem biri-biri bilen ýaňkalaşmasalar günleri ötýän däldir. Alajagözeniň porsy ysly suwuklygy degen köne iş eşigini ýakmaga äkiden öý eýesi dolanyp gelýänçä üç pyýada kapasada gorkuly ýaltaklap oturan alabeder haýwanyň ykbalyny ara alyp maslahatlaşdylar. Aýdogdynyň niýeti bu ýabany jandary Sapar agadan diläp alyp, hojalygynda pişik ýerine saklamakdy. Ol syçany pişikdenem gowy tutýarmyş. Elbetde, ilki onuň porsy suwuklyk pürkýän mäzlerini kesip aýyrmak gerek bolar. Afrikada ýaşaýan bir taýpa şeýdýärmişler. Ýaýlymda görkezipdirler. -- Onuň üçin şolaryň külbesi ýaly içinde syçanlar mygyrdaşyp ýören öý gerek-dä – diýip, Jepbarberdi ony duzlady – Hä, ammarymy saklatjak diýsene? Erbet däl! Mäzini kesägetdin, syçan tutmaga goýaýsaň, ogrulygy üçin “zähmet jerimesi-hä” bolardy oňa. Ýöne ajyksa ammaryňdan gaçyp gider-dä. Ýok, men munuň obada diri ýaşamagyna ýol bermen! Bularyň her bäşden birisi gara mal inçekeselini, ýene-de ep-eslisi guduz keselini göterijiler ahyryn. Bularyň tezeklerem ýokançlardan doludyr. Hä, näme beýle haýykdyň, gulagyňa ýakmadymy? Onsoňam azatlyga çyksa, ýene-de obanyň towuklaryna uçugy düşjeginiň gürrüňi ýok. -- Derisi samyr-beýlekiniňki ýaly gymmat haryd-a däldir munuň – diýip, känbir geplemezek Toýjan kapasda oturan jandaryň hamy eýýäm soýlup, özüne teklip edilen ýaly, nyrhyny öňe sürüp ugrady – Onda-da ýaşuly derisini yrýa etmän, maňa iki şaýa satsa-da bolman-a durmazdy... Şu ýerde öý eýesiniň gaharly ardynjyramasy olaryň söhbetine nokat goýdy. Eýýämhaçan dolanyp gelip, gamyş germewiň aňyrsynda elini sabynlap duran Sapar aganyň gulagyna bularyň soňky gürrüňleri päsgelsiz ýetip duran eken. -- Ynsan zabun doňýürek däl-de, giň we geçirimli bolmalydyr! – diýip, goja awçy elini dykgat bilen ýuwup durşuna ynamly gürledi – Ýoguna ýanjak bolsam ony duran ýerinde tapbatlardym ahyryn, inilerim, ýük edinip alyp gaýtmazdym-a. Ony yzyna çöle aşyrmakçy. Alajagözen tüýs ýabany haýwandyr, mesgenine eltilse gaýdyp oba dolanmaz, hiç kimsä zowaly hem ýetmez. Sähradaky zyýanly mör-möjekleri, alakadyr syçanlary ýok eder. -- Howa, şol peýdasy-ha bardyr onuň – diýip, Jepbarberdi razylaşdy. Myhmanlar bilen saglyk-amanlyk soraşyp, bir salym söhbet eden Sapar aga alajagözeni çöle taşlamak üçin ertir çopanlara azyk äkitmäge barýan sürüji Baýmätden iberip goýberjekdigini aýtdy. Şeýdip, tutuş günläp “sergide” görkezilen alajagözenden soň-soňlar nam-nyşan hem bolmady, gaýdyp obada towuklaryň kem çykanlygy barada hem gep-gürrüň eşidilmedi. Şahymerdan Sary ogly. | |
|
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |