21:03 Genji-hazynaly Genjewi | |
GENJI-HAZYNALY GENJEWI
Edebiýaty öwreniş
• Gündogaryň beýik şahyry Nyzamy Genjewi barada taryhy-edebi söhbet XII asyrda, ondan öňki we ondan soňky ýüz ýyl bilen deňeşdireniňde, göwnüňe bolmasa, beýik adamlar dünýä has köp gelen ýaly bolup dur. Bu barada Enweriniň, Muezziniň, Nyzamynyň, Reşideddin Watwatyň, Merweziniň, Gürgeniniň we başga-da ençeme türkmen läheňleriniň atlaryny tutmak hem ýeterlik bolsa gerek. Bu iň bärkisi ilat meselesinde-de şeýle. XII asyr ownuk çaknyşyklary we uruşlary hasap etmeseň, adatça parahatçylyk höküm süren we gülläp ösüşleriň döwri hasap edilýär. Şunuň bilen birlikde, durnukly we gür ilatly XII asyr, şäherleriň, dolandyryş merkezleriniň, işewürligiň, ylym-bilimiň we döredijiligiň hem asyrydyr. Onuň hem sebäbi Orta we Ýakyn Gündogarda türkmenler höküm sürýärdi, talaňçylykly we weýrançylykly mongol çozuşlary bolsa şindi öňdedi. Haçanda, biz XII asyryň adamlarynyň terjimehaly bilen tanyşanymyzda täsin bir hakykata göz ýetirýäris: XII asyrda adamlar uzak ýaşap, öz ajalyna aradan çykypdyrlar. Ýogsam, orta asyr adamlarynyň ömrüniň dowamlylygy şeýle bir uzak hem däldi. Genje şäheri orta asyrlarda türkmenleriniň höküm süren Kawkaz ülkesiniň iň uly şäherleriniň biridi. Musulman we isaýy (hristiýan) taryhçylary onuň diwarlarynyň onlarça kilometrlere uzalyp gidýänligini belläpdirler. Dag bulagy bolan Genjeçaý şäheri des-deň ikä bölüp, olaryň arasyny üç sany küňreli köpri birleşdirýärdi. Genje şäheri gadymy Berdaa şäheriniň esasynda kemala gelip, ony araplar «bu ýerleriň Bagdady» diýip atlandyrýardylar. XII asyryň ortalaryna çenli Arrany we onuň merkezi Genjäni seljuk soltanlarynyň emirleri dolandyrypdyrlar, soňra bu ýerde häkimiýet Ildeňizler nesilşalygyndan bolan türkmen atabegleriniň eline geçipdir. Genje şäheri Beýik ýupek ýolunyň ugrunda ýerleşýän möhüm merkezleriň biri bolupdyr. Onda türkmenlerden başga-da dürli milletleriň wekilleri hem ýaşaýardy. 1139-njy ýylda Kawkazda elhenç ýer titreme bolup geçýär. Tebigy heläkçilikden aýratyn hem Genje uly zyýan çekipdir. «Daglary we düzleri apy-tupan gaplap aldy we aýylganç ýer titreme bolup geçdi. Paýtagt weýran boldy… Ýer titreme zerarly Alparak dagy ýumruldy we içinden derýa akýan jülgäniň öňi baglanyp, köl emele geldi» – diýip ermeni taryhçysy ýazypdyr. Heläkçiligi gözi bilen gören arap ýazarynyň sözleri has hem ýowuz: «Genje şäherini we onuň töweregini ýer hopdy. Ol şeýle bir ýumruldy, hamana öň ýer ýüzünde şeýle şäher bolmadyk ýaly boldy». Genjede on müňlerçe adamlar heläk bolupdyr. Heläk bolanlaryň arasynda türkmen gündogarşynasy N.Gajarowyň bellemegine görä, Genje welatynyň emiri Gara Sungur we onuň maşgala agzalary-da bardy. Tüsseläp duran harabalyklar, jülgäniň üstünden göterýän tot-tozan, zir-zibilden doly derýa, adamlaryň gohy we ahy-nalasy – 1139-njy ýylyň ýer titremesinde Genje şeýle hasraty başdan geçiripdir. Genje hasraty baradaky habar goňşy ýurtlarda ýetende gürji patyşasy Dmitriý weýran bolan şähere ýetmäge howlugypdyr. Ermeni we arap ýazarlarynyň ýazmagyna görä, gürji esgerleri we serkerdeleri horluk çeken ilata zorluk edýärdiler, hazynanyň gözleginde ýumrulan köşkleri, haraba öwrülen öýleri gazýardylar. Gürji goşunlary görülmedik oljalar - ýesirler, sandyk-sandyk altynlar, matalar, sütükler bilen yzyna dolanypdyrlar. Hatda olar Genjäniň derwezelerini hem süýräp äkidipdirler. Gürjüstanyň Gelati ybadathanasynyň häzirki demir gapylary gürjileriň süýräp äkiden şol derwezeleri bolmaly. Genje täzeden dikelip, gaýtadan hünärmentçiligiň we söwdanyň merkezine öwrülýänçä köp ýyllar geçipdir. Şu hasratly wakadan bir ýa-da iki ýyl geçenden soň dünýä inen Ýusup ogly Ylýasyň gözleriniň ilki göreni, belki-de şäher meýdançasyndaky harabalyklar bolandyr. Ylýasyň kakasy Ýusup aga garyp senetçi bolupdyr. Ol ir aradan çykypdyr we Ylýasy ejesi ulaldypdyr. Ýyllar geçer we Ýusup ogly Ylýas beýik şahyr Nyzamy bolup ýetişer. Şahyr özüni döwrüniň talap edişi ýaly alyp barmaly - hatda iň meşhur şahyrlar hem köşge barmagy arzuw edýärdiler. Orta asyr köşgi – bu hem ylym, hem sungat ojagydy. Derwüş şahyr seýrek bolýar, beýik derwüşler bolsa gaýtalanmaýar. Diňe köşk olary özüne çekmän, köşge-de meşhur adamlar zerur bolupdyr. Sebäbi paýhasly hökümdarlar şol döwürde-de şalaryň we emirleriň atlarynyň taryhda diňe özlerine bagyşlanan ölmez-ýitmez eserleriň üsti bilen galýandygyny bilýärdiler. Özüniň ähli döwürdeşlerinden çeper söze ussatlylygy we ýiti zehini bilen tapawutlanan Nyzamy näme üçin bütin ömrüni Genjäniň senetçiler mähellesinde geçirdikä? Ol özüniň diňe bir poemasyny buýurma esasynda ýazypdyr, ýekeje gezek bolsa hökümdar bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolupdyr. XV asyryň antologiýasynda Nyzamynyň «Ahylar» diýlip atlandyrylan sopyçylyk guramasynyň agzasy bolandygy barada aýdylýar. Ahylar öz döwrüniň beýleki sopyçylyk guramalarynyň köpüsinden tapawutlylykda durmuşa adaty, ynsany gözi bilen garapdyrlar. Meşhur syýahatçy Ibn Batuta (XIII-XIV): «Ahylar her düşelgede, obada, we şäherde bar. Dünýäde olar ýaly kese ýurtlylary alada bilen gurşaýan, ajy doýurmaga mähetdel, mätäjiň islegini kanagatlandyrýan… başga bir adamy tapmarsyň … Dünýäde men şolar ýaly hak iş bilen gümra başga adamlary görmedim» – diýip ýazypdyr. Nyzamydan bütin adamzada bäş sany poema – «Hamsa» miras galypdyr. Ondan başga-da ol yşky şygyrlary hem ýazypdyr. Ýöne olaryň köpüsi biziň günlerimize gelip ýetmändir. Üstesine-de, olaryň haýsysynyň Nyzamynyň galamyna degişlidigi hem belli däl. Sebäbi Nyzamy Gündogar poeziýasynyň äpet akymynyň wekili. Ondan öň, onuň bilen bile, onuň yzysüre ýüzlerçe şahyrlar işläpdirler we döredipdiler. Nyzamy nirede okandygyny ýazmandyr, ýogsam ol örän okuwly bolupdyr. Alymlar onuň Genje medresesini tamamlandygyny belleýärler. Ol bütin ömrüni durmuşy öwrenmäge bagyşlapdyr. Ol arap dilini, çeper we ylmy arap edebiýatyny suwara bilipdir. Nyzamy isaýy edebiýatyndan hem gowy baş çykarypdyr, häli-şindi Injile salgylanypdyr. Bu bolsa onuň gürji we ermeni dillerini hem bilendigini görkezýär. Ol gündogar pelsepesinden gowy baş çykarypdyr, ýunan (grek) filosoflarynyň eserlerini okapdyr. Nyzamynyň döredijiligi şahyryň astronomiýadan, matematikadan we lukmançylyk ylymlaryndan hem baş çykarandygyny subut edýär. Nyzamynyň Gündogar edebiýatyndaky orny nämede? Alymlar Ferdöwsiniň Gündogar edebiýatynyň ösüşinde täze bir ugruň esasyny goýandygyny nygtaýarlar. Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda Nyzamy şol esasyň üstünde köşk galdyran Beýik akyldardyr. Nyzamy Genjewiniň döredijiligi we onuň ajaýyp edebi mirasy türkmen nysgawy edebiýatynda öçmejek yz galdyrypdyr we oňa ägirt uly täsir edipdir. XVII-XIX asyr edebiýatymyzyň läheňleri Andalybyň, Magtymgulynyň we Mollanepesiň döredijiliginde Nyzama kämilligiň çür depesi hökmünde garalýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy: - Abu Sahyt, Omar Haýýam, Hemedany, Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany, Jelaleddin Rumy, jemg el many. Alarnyň ýanynda menem san bolsam – diýip, Gündogaryň meşhur sopylarynyň arasynda onuň adyny guwanç bilen tutýar. Yşk mülkiniň şasy Mollanepes bolsa: - Nyzamy, Nowaýy ýene Ferdöwsi- Rumyň gülşeni, hindi tawusy – diýmek bilen Nyzamynyň adyny meşhur lirikleriň hatarynda getirýär. Nyzamynyň ömrüniň başky otuz ýylynyň nähili geçendigi belli däl. Ozüniň ilkinji poemasyny ol otuz ýaşynda ýazypdyr. Poema «Syrlar hazynasy» diýlip atlandyrylýar. Eser ýaşaýşyň mazmuny we onuň maksatlary baradaky gürrüňleriň özboluşly ýygyndysy bolup durýar. Poemanyň ady musulman hekaýatyndan gelip çykýar: Muhammet Aleýhassalam hezretleri günlerde bir gün Asmana göterilipdir we Beýik Taňrynyň huzurynda gapysy gulply bir öý görüpdir. Elbetde, gulp Pygamberi geň galdyrypdyr we Jebraýyl Perişdeden: «Bu öý näme?» diýip sorapdyr. Perişde oňa : «Eý, Resul Allah, bu öý pähim–paýhasyň hazynasy, onuň gapysynyň açary bolsa şahyrlaryň dilinde» diýip jogap beripdir. Jebraýyl perişdäniň jogaby Gündogarda poeziýanyň ähmiýetiniň beýikliginiň, şahyrlygyň bolsa Keremli Alla tarapyndan buýrulan parzalaryň biridiginiň subutnamasy bolup durýar. Poema ýazylyp gutarypdyr. Ýazara mynasyp tahallus hem tapylypdyr: Nyzamy Genjewi. Orta asyrlarda çeper döredijiligiň köneden gelýän bir däbi bardy. Däp boýunça eseri hökman meşhur hökümdarlaryň birine bagyşlamalydy. Şeýdip şahyrlaryň ajaýyp eserleriniň üsti bilen hökümdarlaryň atlary ebedileşdirýärdi. Adyna eser bagyşlanan beýik hökümdarlar hem öz gezeginde şeýle şahyrlara howandarlyk edýärdiler. Ol ýa-da beýleki bir hökümdaryň howandarlygynda bolmaklyk şahyrlar üçin hem uly mertebedi. Şahyryň jemgyýetdäki orny we abraýy köp babatda oňa howandarlyk edýän hökümdaryň adyna bagly bolup durýardy. Şeýdilende ýazar ykrar edilýärdi we ýazylan eseriň ähmiýetine görä hak tölenilýärdi. Nyzamy ýönekeý adam bolansoň poema wagty bilen eýe çykylmandyr. Ahyrsoňy çeper sözüň hak howandary tapylypdyr. Özi hem Genjäniň golaý-goltumynda däl-de, uzakdaky Kiçi Aziýadan tapylypdyr. Erzinjanyň türkmen hökümdary, saltyklar neslinden bolan meşhur Fahreddin Bähram şa poemanyň özüne bagyşlanylmagyny isläpdir. Nyzamy poemany Bähram şa bagyş edipdir we Erzinjana ugradypdyr. Şundan soňky wakalar barada seljuklaryň belli taryhçysy Ibn Bibi gürrüň berýär. «Söz ussady hoja Nyzamy Genjewi goşgy setirlerini edil gülýakanyň ýüzünde merjen däneleriniň ýerleşdirilişi ýaly edip düzdi we ony Aly Hezretlere peşgeş edip iberdi. Patyşa oňa şahyr bilen söhbet etmäge mynasyp bolup biläýjek naýyplarynyň birine bäş müň altyn dinar, bäş sany bezelen at, bäş sany gatyr berip we dürli zatlar bilen bezelen gymmat bahaly donlary serpaý edip ugratdy. By kitaby hökümdar makul gördi we «eger-de mümkin bolsady, men edil merjen düzülen ýaly edilip şygyr bilen ýazylan şu kitaba giden hazynany bagyş ederdim. Çünki şu kitap sebäpli meniň adym baky ýaşar diýdi». «Syrlar hazynasynyň» şeýle üstünlige eýe bolmagy Nyzamyny galkyndyrypdyr. Kitabyň dabarasy dag aşyp, uzaklara ýaýrapdyr. Bu poema şeýle bir şöhrata eýe bolupdyr: diňe pars dilinde esere kyrkdan hem gowrak öýkünmeler saklanyp galypdyr. Tiz wagtda Nyzamynyň eseriniň bir nusgasy Derbendiň atabegine-de ýetipdir. Eseriň kämilligi we çuňlugy hökümdaryň kalbyny sarsdyrypdyr. Ol öz köşk şahyrlaryna «görüň, şygyryýet keseki ýurtlarda nähili belent derejä ýetipdir. Haýp, şeýle kämil eserler meniň köşgümde döredilmeýär-dä» diýip igenipdir. Şahyrlar hökümdar bilen ylalaşypdyrlar, sebäbi kese ýerli şahyrlar olaryň bäsdeşi däldiler. Hökümdaryň naýyplarynyň biri «Eý, Beýik hökümdar! Siziň diýýäniňiz biziň goňşymyz genjeli şahyr Nyzamy bolaýmasyn?» diýip guman edipdir. Hökümdar haýal etmän anyklamagy talap edýär. Görlüp oturulsa, Nyzamy Derbendiň hökümdaryna-da birnäçe gezek ýüz tutan eken. Hökümdar Nyzamynyň özüne ençeme gezek netijesiz ýüz tutandygyny eşidip, gahar-gazaba münüpdir we şahyrlaryny köşkden kowupdyr. Nyzamynyň döredijiligine belent sarpa goýan hökümdar poema özüne bagyşlanmadyk bolsa-da, şahyryň howandary hökmünde taryha girmek umydy puç bolan bolsa-da, ol barybir şahyra sowgat etmek isläpdir. Hut şol sowgady üçin hem hökümdaryň ady taryhda galypdyr. Derbendiň atabegi Nyzama belent sarpanyň alamaty hökmünde Apbak atly gypjak türkmenlerinden bolan gözel gyzy sowgat edip iberipdir. Atabeg Apbagy özüne aýal edinmek üçin alan eken. Emma gypjak gyzy hökümdaryň aýaly bolmaklyga razy bolmandyr. Ol köşkdäki ýüz gözeliň biri bolanyndan, Genjeli şahyryň ýeke-täk söýgülisi bolanyny gowy görüpdir. Nyzamynyň ýönekeýje öýüniň gapysyna Erzinjanly ilçileriň yzysüre, Derbendiň hökümdarynyň ilçileriniň gelenini görüp, genjeliler haýran galypdyr. Nyzamy öz döwrüniň adamlary bilen deňeşdireniňde täsin şahsyýet bolupdyr. Sebäbi musulmanlaryň nika we söýgä öz garaýyşlary bardy. Nyzamynyň poemalarynda zenanlar özbaşdak, işewür hem özdiýenli. Olar söýgüde baş gahrymanlar, esasy güýç. Zenanlar ahlagyň we mertebäniň eýeleri. Nyzamy erkek adamynyň diňe bir aýaly, diňe bir söýgülisi bolmaly diýip düşündirýärdi. - Aýaly köp kişiniň, ýok golaýy-goltumy. Ogluň ýürekdeşligini isleseň, diňle muny: Sakla onuň bir ata, bir enä hormatyny. Apbak Nyzamynyň beýik söýgüsine öwrülipdir. Şahyryň poemalaryndaky asylly we başarjaň zenanlarda onuň mysalyny görmek bolýar. Şonuň üçin hem Apbak gelne bolan söýgi Nyzamynyň döredijiligini we onuň geljegini bütinleý özgerdýär. «Syrlar hazynasyny» döreden şahyr, pelsepeçi we takwa bolup ýetişäýjek ýalydy. Emma Beýik akyldar zenan söýgüsiniň lezzetini duýupdy. Şonuň üçin hem Nyzamy bütin ömrüni Apbak gelni wasp etmäge bagyşlady. - Gördüm gözel, akyl-huşly, buýsançly gözel ýary, Ony maňa iberdi Derbendiň hökümdary… Ykbal Nyzama dört ýyllyk bagt, şol bagtdan hem ýekeje ogly - Muhammedi peşgeş beripdir. 1180-nji ýylda Nyzamynyň söwer ýary, ylham çeşmesi Apbak aradan çykypdyr. Şahyryň söýgüsiniň güýjine we durnuklylygyna haýran galaýmaly. Nyzamy ömrüniň ahyryna çenli Apbagy wasp edipdir. 1180-nji ýylda Nyzamynyňka Yrakdaky türkmen seljuk döwletiniň soltany Togrul II (ýaşan ýyllary 1170-1194-ý.ý.) ilçisi gelip, soltan üçin söýgi barada poema ýazmagyny soraýar. Ol döwürler Togrul soltan on ýaşlyja oglanjykdy. Soltanyň adyndan ilçiniň gelmegi ýöne ýerden däldi, sebäbi genjeli şahyryň ady uzaklarda eşidilýärdi. «Syrlar hazynasyny» eýýäm paýtagt şäherde birnäçe gezek okapdylar we göçüripdiler. Apbak ölenden soň çuň ruhy çökgünligi başdan geçirýän şahyr soltanyň haýyşy bilen ylalaşýar. Ol öz Apbagyna bagyşlap sena ýazyp biljekdigine we özüniň golaýda aradan çykan söýgülisiniň ýädygärligini ebedileşdirip biljekdigine düşündi. Poema çalt ýazylýardy. Bu äpet, köptaraplaýyn, goşgy bilen ýazylan gymmatly roman bir ýyldan hem az wagtyň içinde ýazylypdyr. Apbak şahyryň ylham çeşmesidi. Togrul soltan üçin poema ýazylýandygyny Genjäniň hökümdary Ildeňizler atabegliginiň hökümdary Muhammet Jahan Pälwan ibn Ildeňiz hem eşidýär. Şonuň üçin hem ýazylyp gutarylan poemanyň bir nusgasy Togrul soltana, beýlekisi bolsa Häzirbegjanyň atabegi Jahan Pälwana bagyşlanypdyr. 1186-njy ýylda Häzirbegjanyň hökümdary Jahan Pälwan aradan çykýar, ýerine bolsa inisi Gyzyl Arslan geçýär. Şol sebäpden hem poemanyň üçünji nusgasyny Nyzamy Gyzyl Arslana bagyşlaýar. Gündogaryň meşhur poemasy «Hysrow we Şirin» şeýdip döräpdir. Günleriň bir güni Nyzamynyň öýüne Gyzyl Arslandan çapar gelýär. Bu döwürler Gyzyl Arslan Togrul soltanyň atabegi hökmünde Reýde oturýardy. Çapar Gyzyl Arslanyň çakylygyny getiripdir. Nyzamy Atabegiň çadyryna girende, Gyzyl Arslan aýdym-saz diňläp, dynç alýardy: bagşylar Nyzamynyň gaýgysyz-gamsyz ýaşlyk ýyllarynyň gazallaryny aýdym edip aýdýardylar. Şahyryň gelenini görüp, Gyzyl Arslan ýerinden turup, meşhur şahyr bilen görüşýär we olar uzakly gün söhbetdeş bolýarlar. Gürruňdeşligiň ahyrynda Gyzyl Arslan şahyra gün-güzeranyny dolamak üçin bir obany peşgeş beripdir. Şol döwürlerden goja şahyr bilen atabegiň arasyndaky dostluk barada rowaýat saklanyp galypdyr. 1188-nji ýylda Nyzamynyňka Şemahadan şirwanşalaryň köşgünden çapar gelýär. Şirwanşa şygyryýetiň muşdagy hökmünde Nyzamyny köşgüňe çagyrypdyr. Nyzamy, elbetde, çakylygy kabul etmändir. Şundan soň hökümdar şahyra poema ýazyp bermegi buýrupdyr. Poemanyň mowzugynam hökümdaryň özi kesgitläpdir. Buýruk boýünça Nyzamy Leýli bilen Mejnunyň betbagt hem hasratly söýgülerini goşgy bilen beýan etmeli bolupdyr. Poemany ýazmaga girişmek bilen Nyzamy kem-kemden wakalaryň içine girişipdir we biri-birinden aýra düşen aşyk-magşuklar barada şygyr bilen inçe roman döredipdir. Nyzamynyň bu eseriniň esasynda soňra giden bir edebiýat mirasy kemala geldi. Şondan bäri Nyzama öýkünip kyrkdan gowrak «Leýli we Mejnunlar» dünýä indi. «Leýli we Mejnun» dünýä inenden soň 1195-1196-njy ýyllar töweregi Maraga şäherinden, adyna köp eserler bagyşlanan, poeziýanyň muşdagy bolan ýerli türkmen häkiminden haýyş gelip gowuşýar. Ol Nyzamydan islän mowzugy boýunça eser ýazmagyny haýyş edipdir. Köp ýyllardan soň Beýik şahyr ilkinji gezek öz isleýän zadyny ýazmaga mümkinçilik alypdyr. Poemada patyşa Bähram V Gur (421-438 ) we onuň ýedi söýgülisi barada gürrüň berilýär. Bu poemada-da Nyzamy okyjylara geň-enaýy we şatlykly hekaýatlary gürrüň berýär. Şol hekaýatlaryň birinde wagtyny şady-horramlykda geçirýän Bähram Guruň ýurduna Hytaý patyşasy goşun çekip gelýär. Haýdan-haý goşun ýygnap, duşmanyň öňünden çykmaklyk karar edilýär. Emma görseler hazyna boşap, goşun ýygnamak üçin bir teňňede galmandyr. Bähramyň weziri täze salgytlary girizmegi maslahat berýär. Ilata agyr salgytlar salnyp, ýurdy talan duşman goşunlary kynlyk bilen yzyna gaýtarylýar. Ýaramaz pikirlerden saplanmak we göwün almak üçin Bähram Gur awa gidýär. Patyşa ýoldaşlaryndan yza galyp, bir garyp oraçanyň öňunde saklanypdyr. Öý eýesi patyşa öýe girmegi we dynç almagy mürehet edýär. Patyşa görse, agajyň şahasyndan it asylgy dur. Goja öz sürüsinden günde goýunlaryň ýitip ugrandygyny aýdyp, onuň sebäbini düşündirip başlaýar. Goja çopan öz wepaly dosty we kömekçisi bolan itine müňkürlik edip ugrapdyr. Yzarlap görse, ýaňky it bir ene möjege sataşyp, her gün ony sürä getirip, oňa iň semiz goýunlardan birini berýär eken. «Mal–mülküň goragy ynanylan dönük bolup çyksa, ol kimem bolsa jezasyny çekmelidir» diýip ýaşuly sözüni tamamlapdyr. Öýüne dolanyp gelýärkä hökümdar öz-özüne sorag beripdir:»Goja şu zatlary aýtmak bilen kimi göz öňüne tutdyka?» Bähram Guruň wezir ýadyna düşüpdir. Köşge gelenden soň Bähram weziri jezalandyryp, şagalaň-şowhuny we keýpi-sapany bes edýär. «Ýedi gözel» ýazylyp gutarandan soň ýene-de birnäçe ýyl geçýär. Ýetmişe ýetip ýören Nyzamy iň soňky–bäşinji poemasyny ýazmaga girişýär. Nyzamynyň ömrüniň soňy gelipdi, ol ýene-de ýaşaýyşyň manysy barada eser döretmegi ýüregine düwýär. Ony hiç kim buýurmandyr. Möçberi boýunça bu eser ähli poemalardan ulydy. Şeýlelikde, Nyzamy öz döredijiliginde özboluşly aýlaw edýär. Sopyçylyga ýugrulan «Syrlar hazynasyndan» ýene-de pelsepe şadessany bolan «Isgendernama» dolanyp gelýär. «Isgendernama» Gündogar halklarynyň aňynda uly yz galdyran Isgender Zülkerneýiniň ömri, edermenligi we ýerüsti islegleriniň taryhy barada ýazylan kyssady. Isgenderiň ömür beýanynyň şahyrda gyzyklanma döretmeginiň sebäbi, ol ömründe ynsanyň islegleriniň ählisini gazanyp bilipdi. Emma şahyra bir mesele ynjalyk bermändir. Eger-de ömür ölüm bilen gutarýan bolsa, onda beýikligiň mazmuny nämedekä? Ölüm bilen göreşde Isgender dirilik suwunyň gözleginde ýeriň aşagyna-da aralaşýar. Emma bu oňa başartmaýar we ol yzyna dolanýar. Bu eserde-de adam ogluna almaga näçe diýseň akyl bar. Isgender Aristoteliň okuwçysy Arhimede bir gözel gyrnagy sowgat beripdir. Arhimed oňa aşyk bolupdyr we ylym bilen meşgullanmagyny goýupdyr. Aristoteliň muňa gahary gelipdir we gyrnagy wagtlaýynça öz ýanyna ibermegini sorapdyr. Arhimed gyrnagyny halypasynyňka ugradyp, öýünde söýgülisine garaşyp ýatypdyr. Aristotel gyrnaga adamyň bedeninden suwuklygy aýyrýan bir derman beripdir. Alnan suwuklygy bolsa bir çüýşe gaba salyp goýupdyr. Bedeninden suwuklygy giden gyz saralyp-solup, ýüzi ýygyrt atan kempire öwrülipdir. Halypasy şägirdine gyrnagy äkitmegi teklip edipdir. Arhimed: -Sen näme üçin maňa garry kempiri hödürleýäň! Hany meniň söýgülim –diýip nägilelik bildirilipdir. Aristotel içine gyzyň bedeninden alnan suwly çüýşäni çykarypdyr-da «ine, sen hakykatdan hem nämä aşyk bolupsyň» – diýip ony Arhimede görkezipdir. Gören zady Arhimedi aňk edipdir we ol ýene-de ylma dolanyp gelipdir. Eseriň köp baplary Isgenderiň ylmy işlerine, onuň akyldarlar bilen söhbetdeşliklerine onuň döwleti akylly-başly dolandyrşyna bagyşlanypdyr. Poemada hereket edýän ençeme gadymy ýunan akyldarlary we ýazarlary bilen tanyşlyk, Ýewropada eýýäm unudylan, musulman Gündogarynyň aňynda bolsa saklanyp galan gadymy ýunan pähimleri barada welaýat şahyry Nyzamynyň bilýän zatlary geň galdyrýar. Kitabyň soňky bölüminde adamlara hakykaty ýetirmek üçin Isgenderiň başlan jahankeşdeligi beýan edilýär. Isgender köp ýurtlary sökýär, Nyzamy köp hekaýatlary gürrüň berýär we ahyrsoňy demirgazykda bir ýerlerde Isgender, şahyryň ýetip bilmeýän arzuwy – adalat şalygyna ýetýär. Ol ýerde baýam ýok, garybam, ezilmegem ýok, ezmegem. Ol ýerde hiç kim ýalanam sözlänok. Bu terkidünýäligiň ýowuz ülkesi bolman, adamlaryň dok, şadyýan we bagtly ýaşap biläýjek ýer üstüniň howaýy hakykaty. Bu ýurduň üstünden gelmek bilen Isgender ýer ýüzüni basyp almagyň zerurlygy ýok, munuň üçin hakykaty gözlemek ýeterlik diýip düşünýär. Adamlaryň doganlygy hakyndaky arzuwlar bilen Nyzamy bu eserini tamamlaýar. Nyzamy Genjewiniň haçan aradan çykandygy anyk bilinmeýär. Alymlar 1203-1211-nji ýyllar aralygyny görkezýärler. Her näme-de bolsa üýtgeşik bir bagt eçilmese-de, ykbal oňa garaşyk edipdir. Öz öňünde goýan beýik maksatlaryny amal etmek üçin ykbal Nyzama uzak ömür beripdir. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |