10:47 Georgiý Weselkow | |
GEORGIÝ WESELKOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Biziň bu söhbetimiz görnükli şahyr we terjimeçi Georgiý Weselkow hakda. Ol şahsyýet kulty ýyllarynda repressiýa sezewar edildi. Sibiriň ölüm lagerlerinde agyr külpetleri başdan geçirdi. Bir sebäp bilen diri galan bu adam ömrüniň kyrk ýylyny türkmen topragyna baglady. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ählisiniň diýen ýaly “rusça gürlemeginde» Georgiý agamyzyň uly goşandy bar. Ol altmyş ýaşynda – 1959-njy ýylda agyr keselden ýogaldy. Maňa onuň aýaly Ýelizaweta Ýefimowna Weselkowa bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Size hödürleýän ýazgymyň esasynda hem onuň gürrüňleri ýatyr. • WESELKOWYŇ TERJIMEHALYDAN Ol 1899-njy ýylda Konotop şäherinde demir ýol ussasy Nikolaý Nikolaýewiç Weselkowyň maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy 1950-nji ýylda Swerdlowsk şäherinde ýogalýar. Ejesi 1919-njy ýylda aradan çykýar. Boris we Pawel atly doganlary Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda wepat bolýar. Georgiý Nikolaýewiçiň 91 ýaşly aýal dogany Ýelena Nikolaýewna Moskwada ýaşaýar. Georgiý 1906-njy ýylda mekdebe okuwa barýar. Olaryň maşgalasy şol döwürde Staraýa Russada ýaşaýardy. Onuň kakasyny 1905-nji ýylda demirýolçularyň iş taşlaýşyna gatnaşanlygy üçin şo ýerik göçüripdirler. Nikolaý Nikolaýewiç soň Peterburga göçýär. Ilki tehnik-gurluşykçy, soň «Wullan» zawodynda tehniki direktor bolup işleýär. 1920-nji ýyla çenli Petrogradda, Moskwada dürli zawodda işläp, Swerdlowskä göçüp gaýdýar. Georgiý Peterburga 1912-nji ýylda gelip, kommerçileri taýýarlaýan uçilişä okuwa girýär. Ony 1918-nji ýylda tamamlaýar. Ejeleri bolsa 1917-nji ýyla çenli öz kiçijik çagalary bilen Çelýabinsikiniň etegindäki Çebariul stansiýasynda ýaşapdyr. On sekiziň tomsunda Georgiý hem ejesiniňkä barýar. Şol ýylyň güýzünde ol Kolçagyň goşunyna gulluk etmäge alynýar. Ilki rýadowoý, soň sazanda bolýar. Köp wagt geçmänem, garahassa keseline duçar bolýar. 1919-njy ýylyň martynda garahassa keseli bilen kesellän adamlaryň saklanylýan baragyndan çykyp, ejesiniň ýanynda üç aýlap ýaşaýar. Şondan soň ony beýlekiler bilen Sibiriň jümmüşine iberýärler. Şo ýylyň dekabrynda bolsa olaryň münüp barýan otlusy Innokentewek stansiýasynda gelip saklanýar. Şo wagt Irkutskini kolçakçylardan azat etmäge gatnaşan gyzyl partizanlar otlyny gabaýar. Gaçmak başardan iki sany ak gwardiýaçy ofiserden özgesi partizanlara goşulyp, Irkutskini azat etmäge gatnaşýar. Şondan soň Irkutskide sowet harby bölümleri düzülipdir. G. Weselkow 1-nji Irkutsk sowet diwiziýasynyň komandiriniň sekretarlygyna bellenýär. 1-nji martda diwiziýa Werhneudinskini azat edýär. Uzak Gündogar respublikasynda halk rewolýusion goşuny döredilip, onuň bölümleri düzülýär. Şo döwürde Weselkow 2-nji Werhneudinskiý diwiziýasynyň syýasy bölüminde instruktor, soň «Wperýod» ady bilen çykarylýan listogyň redaktory bolýar. Diwiziýa Çitanyň eteginde bolan gazaply söweşlere gatnaşýar. 1920-nji ýylyň 25-nji maýynda ol partiýa hataryna kabul edilýär. Garnizonyň syýasy bölüminiň naçalnigi Fýodorow bilen brigadanyň komissary Konew (soň görnükli sowet serkerdesi) oňa partiýa hataryna girmek üçin rekomendasiýa beripdir. Çita azat edilensoň ol brigadanyň syýasy bölüminde, brigadanyň partiýa mekdebinde işleýär. Soň ony harby-syýasy uprawleniýe geçirýärler. Çitada ol 1922-nji ýyla çenli bolýar. 1927-nji ýylyň güýzünden başlap Georgiý Weselkow Moskwada çykýan «Na straže» gazetinde işleýär. 1928-nji ýylyň noýabry onuň durmuşynda uly öwrülişik bolýar. BK (b) P MK ony Türkmenistana işe iberýär. Weselkow Aşgabada gelip «Türkmenskaýa iskra» gazetinde işe başlaýar. Ol 1936-njy ýyla çenli bu gazetde işleýär: jogapkär sekretar, bölüm müdiri, redaktoryň orunbasary. Soň ol az wagt taryh, dil we edebiýat institutynda işleýär. 1936-njy ýylda ol Ýazyjylar soýuzynyň çlenligine kabul edilýär. Ine-de 1938-nji ýylyň 8-nji iýuny Oňa nähak töhmet atylýar. Birnäçe wagtlap türmede saklanýar. 1939-njy ýylyň oktýabrynda ol TSSR Jenaýat kodeksiniň 54–10 maddasy boýunça 8 ýyl möhleti bilen zähmet-düzediş lagerinde, 3 ýylam hak-hukuksyz ýaşamak şerti bilen tussag edilýär. 1943-nji ýylyň aprelinde saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy zerarly ol türmeden boşadylýar. 1943-nji ýylyň oktýabrynda TSSR Ýazyjylar soýuzynda işe başlaýar. 1944-nji ýylda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty, 1945-nji ýylda «1941 – 1945-nji ýyllarynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermenlikli zähmeti üçin» diýen medal bilen, soň «Hormat nyşany» ordenleriniň ikisi bilen sylaglanylýar. Meni bu täsin ykbally adamyň ömür ýoly az gyzyklandyrmady. Şonuň üçinem onuň ilen-çalanlarynyň, kowum-garyndaşlarynyň soragyna çykdym. Bu gezegem meňki şowuna boldy. Onuň aýaly Ýelizaweta Ýefimownanyň Aşgabatda ýaşaýandygyny aýtdylar. Ine-de men ýetmiş alty ýaşly Ýelizaweta Ýefimowna bilen gürleşip otyryn. — Siz menden Weselkow bilen nähili we näwagt tanşandygymy soraýaňyz? Ondan bäri gaty köp wagt geçipdir. Bu 1931-nji ýylyň 4-nji iýunydy. Gowusy, düşnükli bolar ýaly men size bir zat aýdaýyn. Men özüm moskwaly. 1930-njy ýylda Moskwada Oraz Täçnazarow bilen tanyşdyk. On ýedi ýaşym dolup-dolman biz Oraz bilen durmuş gurduk. 1931-nji ýylyň tomsunda Oraz meni Aşgabada getirdi. Orazy şo wagt Lunaçarskiý halk döredijiligini ýygnamak üçin Aşgabada iberdi. Ine-de Aşgabat. Ilkinji gezek görşüm. Gorkiý köçesiniň ugry bilen barýarkak, öňümizden bir rus adamy çykdy. Oraz onuň bilen gadyrly görüşdi. Soňam ol: «Bi Weselkow. Özem şahyr hemem terjimeçi. Meň gowy dostum» diýip, meni onuň bilen tanyşdyrdy...» diýip, Ýelizaweta Ýefimowna maňa gürrüň berýär. Olar Aşgabatda birnäçe wagt bolup, soň, yzlaryna Moskwa gidýärler. 1931-nji ýylyň dekabrynda Oraz Täçnazarowy BK(b)P MK Aşgabada, TK(b)P MK-nyň medeniýet we propaganda bölüminiň müdiri edip işe iberýär. Ilkibada är-aýalyň ýaşar ýaly oňly ýerem ýokdy. Şonuň üçinem Weselkow olara öz ýaşaýan jaýynyň bir otagyny berýär. Olar bu ýerde 1932-nji ýylyň fewralyna çenli ýaşaýarlar. Soň olara Nekrasow köçesinden jaý berilýäp. 42-nji jaý. Weselkow häli-şindi olaryňka gelýär. Şo döwürde Weselkow türkmen dilini öwrenýän ekeni. Soň ol türkmen diline suwara bolýar. Weselkow Oraz Täçnazarowyň «Batrak» poemasyny hem asyl nusgasyndan rusça geçirýär. 1934-nji ýylda poema Moskwada neşir edilýär. 1935-nji ýylda O. Täçnazarow türkmen atlylarynyň Staline ýazan hatyny goşgy setirlerine geçirýär. Bu goşgy şo wagt «Prawda», «Izwestiýa» gazetlerinde çap edilýär. Ony Weselkow rus diline terjime edipdir. – 1935-nji ýylyň 15-nji awgustynda Orazy «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktorlygyna bellediler. Georgiý Nikolaýewiçiň işleýän «Türkmenskaýa iskra» gazeti hem bile bir jaýda ýerleşýärdi. Ol bu gazetde jogapkär sekretardy. Olar her gün duşuşyp durýardylar. Weselkow Orazyň ýazan zatlarynyň ählisini rus diline geçirýärdi. Ýöne Orazyň birki sany goşgusyny Boris Pasternagyň hem terjime edeni ýadyma düşýär... 1937-nji ýylyň 21-nji iýulynda Oraz Täçnazarowy türmä basýarlar. Onuň ertesi – 22-nji iýulda bolsa Ýelizaweta Ýefimowna ýygnalýar. Ol şo wagt sekiz aýlyk göwreli eken. Türmede onuň çagasy bolýar. Weselkow bolsa 1938-nji ýylyň 8-nji iýunynda basylýar, 7-nji iýulda bolsa onuň doglan günüdi. – Oraza «halk duşmany» diýip, 10 ýyl möhlet bilen tussag edilýär. 1947-nji ýylda Oraza berlen 10 ýyl gutardy, şoň üçinem men Moskwada NKWD baryp onuň soňky ykbaly bilen gyzyklandym. Maňa şonda Täçnazarowyň 1942-nji ýylyň 5-nji noýabrynda aşgazan keselinden ölendigini aýtdylar. «Garaşma» diýdiler. Men olardan «meň çagalarymyň soňky ykbaly niçik bolmaly? Täçnazarowy «halk duşmany» diýip tutdular. «Halk duşmanynyň» çagalary hökmünde ýaşamak olar üçin niçik agyr?» diýip soraýan. Olar bolsa: «Öz günüňizi özüňiz görüň. Siz entek ýaş. Äre çykyň» diýdiler. Men olaň ýanyndan çykyp gaýtdym. Köçeden geçjek wagtymam maşynyň aşagyna düşdüm... Şo ýylam ol Kazana gidýär. Kazanyň etegindäki kiçijik obalaryň birinde onuň ata-enesi ýaşaýardy. Olar uruş döwründe Moskwadan şo ýere ewakuasiýa edilipdi. Ata-ene öz gyzlaryna hat ýazyp, özleriniň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berýärdi. Ýaşy birçene baran garrylar açlykdan ejir çekýärdi. Öň olaň ýanynda bolýan başga gyzlary durmuşa çykyp. Frunzä giden ekeni. Ýelizaweta haý diýmän olaň ýanyna gidýär Görme-görüşlikden soň ol Kazana, öz daýysy Sergeý Gorbunowyň adyny göterýän zawoda baryp, iş soraýar. Özüniň iki çagasynyň, garry ata-enesiniň bardygyny, olary eklemegiň öz boýnuna düşendigini aýdýar. Ony Mari ASSR-nde ýerleşýän 2-nji tokaý uçastogyna işe iberýärler. Taýgada agaç çapylýardy. Birnäçe günden ol ata-enesini hem öz ýanyna göçürýär. Gyzy Gülnar Şelengerde ýerleşýän mekdebe gatnap okaýar. Şeýdip günler, aýlar geçip dur. Kazana gaýtmazynyň öňünçesi ol Moskwada Kerbabaýew bilen duşuşypdy. Şonda Berdi aga Ýelizaweta Ýefimowna Weselkowyň ykbaly hakda gürrüň beripdi. Onuň Aşgabatda ýaşaýandygyny hem aýdypdy. Ýaz agşamlarynyň birinde Ýelizawetanyň kalbyny gussa gaplap aldy. Aşgabady ýatlady. Dost-ýarlary birin-birin göz öňünden geçdi. Maý baýramçylygynyň öňüsyrasy bolansoň Georgiý Nikolaýewiçe hat ýazyp, ony baýramçylyk bilen gutlamagy ýüregine düwdi. Hatynda ol öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi. Täçnazarowyň wepat bolandygyny, şonda-da on bir ýyldan bäri oňa garaşyp ýörendigini ýazdy. Jogap haty gijikmän geldi. Georgiý Nikolaýewiçiň begenjiniň çägi ýokdy: «Eziz we gadyrdan Ýelizaweta Ýefimowna! Siziň meni ýatlandygyňyz üçin nähili minnetdarlyk bildirjegimi bilemok. Ýürekdeş hatyňyz üçin gaty köp sag boluň! Bu haty men diňe bir zat bilen, olam siziň birçak Türkmenistanda duýdansyz peýda bolmagyňyz bilen deňeşdirip biljek...» Ine, bir günem Ýelizaweta Ýefimowna Aşgabatda ýer titrändigini eşidýär. Ýüregi ýerinden gopan ýaly bolýar. Birwagt ýaşan jaýlary, gezen köçeleridir seýil baglary, tanyş ýüzler gözüniň öňünden geçýär. Georgiý Nikolaýewiçiň we onuň gyzlarynyň ykbalyny haýdan-haý bilesi gelýär. Aragatnaşyk ýoklugy üçin hiç hili telegramma iberip bolanokdy. – Şeýdip birnäçe günläp alasarmyk ýagdaýda boldum. Bir gün işe howlugyp barýardym. Poçtanyň deňinden geçiberemde, biri meniň adymy tutup gygyrdy: «Aragatnaşyk ýola goýuldy. Aşgabada telegramma iberjek bolsaňyz, geliň!». Onuň gyzy Kseniýa, «Kakam telegrammany alyp okandan soň, çaga ýaly begendi» diýip, soň maňa gürrüň beripdi. Kän wagt geçmän men ondan hat aldym. Haty okap gynandym. Gijäni aglaplar geçirdim... Onuň aglamasynyň özüne ýetik sebäbi bardy. Georgiý Nikolaýewiç öz başyna inen agyr apat barada oňa şeýle ýazypdy: «Ýer titrän mahaly men daşarda, bagyň içindedim. Men şol wagt «Zöhre-Tahyrdan» aýdymlary rus diline geçirýärdim. Jaýda bolsa stoluň üstündäki maşynkanyň ýanynda notadyr kagyzlar ýatyrdy. Kellämi açaýyn diýip, daşarda gezmeläp ýördüm. Jaýa girmegime on ädim dagy galypdy. Birdenem aýagymyň aşagynda ýer goduklan ýaly boldy. Täze dogan Aý ýaňy bulutlaryň aňyrsynda gizlenipdi. Gije gap-garaňkydy. Ksana bilen Tata, goňşulaň hemmesi şirin ukuda ýatyrdylar. Diňe meniň işläp oturan otagymda yşyk ýanýardy. Yşyk bada-bat söndi. Aýak üstünde zordan ýykylman saklandym, çommalyp oturmaga ýetişdim. Diwarlar ýykylyp, tutuş jaý aşak çökdi. Tozanyň derdinden ýaňa dem alar ýaly däl. Men munuň ýer titremesidigini derrew kellämde aýladym. Ksana bilen Tatanyň, goňşularyň gumuň astynda galandygy hakydama gelende gözüme urlan ýaly bolup olara kömek bermek üçin ylgadym. Bogazyma sygdygyndan gygyrýan. Göwnüme bolmasa, jaýyň üç metr öň ýanynda azaşan adama çalymdaşdym. Bu meniň göwnümedi. Ýöne jaýdan welin derek ýokdy. Jaýyň burçuny gözleýän — burç ýok. Aýagymyň aşagynda bolsa kerpiçdir agaç sütünleri depe bolup ýatyr. Sermeläp ýörşüme jaýyň haýsydyr bir burçuna elim degen ýaly boldy. Ksananyň ýatan otagy bolaýmasyn diýdim. Ine-de äpişge. Ýumrugym bilen aýnalary döwüşdirip, äpişgeden içerik girdim. Diňe bir jaýyň darlygy üçinem däl, zatlarymyzy elim bilen sermäp tapamda-da, otagyň Ksananysky däldigini aňdym. Birdenem sagymdan-solumdan ýagtylyk düşdi. Men garaňkyda duran ýerimden asmany görüp durun. Soň çepdäki gapyny tapdym. Bu meniň otagymdan koridora çykylýan gapydy. O wagt men aňşyrmasamam gyzlaryň otagynyň çepdedigini gördüm. Okdurylyp olaryň gapysyna bardym. Men ýykan-ýumran bolup ýatan uçete çykdym. Jaýyň depesi ýumruldy. Tatanyň ýatýan, nahar iýilýän otagyň üstüni basdy. Soňam Ksananyň otagynyň üstünde pytrady. Otagyň içi döşüňe ýetip duran derejede kerpiçden, gumdan doldy. Günbatardan bolan urgy depeden gaçan zatlary Ksanadan sowa geçirdi. Şo mahalam Ksana ýatan ýerinden turmaga ýetişdi. Ol çommalyp otyrka üstünden gum dökülip, ýerinden galyp bilmedi. Men diwar bölekleriniň arasyndan ylgap baryp, Ksananyň krowadynyň nirede duranlygyny çak bilen anykladym. Kerpiçleri elim bilen zyňyp durşuma onuň adyny tutup gygyrdym. Çaltmy, haýalmy biljek däl, çalaja gygyrýanyny eşitdim. Soň ol «Şonda men gaty gygyrdym» diýip, maňa aýtdy. Meniň «Ksana diri!» diýip gygyranymy goňşular eşidip, ylgap geldiler. Olar eýýäm harabanyň içinden çykmaga ýetişipdirler. (Şo wagtlar entek howluda ýatýanlaram bardy). Olaryň kömegi bilen bir sagatdanmy ýa köpräkden Ksanany agtaryp tapdyk. Ony süýräp çykarýarkalar, men götinjekledim. Nahar iýilýän otagda hemişe Tata ýatardy. Ony säherde agtaryp tapdylar. Ol turmaga ýetişmändir. Görgülijik ýaňy bir aýagyny ýere sallanda diwar üstüne gürpüldäp gaýdypdyr. Tata kellesini tutup oturan eken. Oň üstüni harabanyň bölekleri bir ýarym metr galyňlykda basypdyr. Men onuň ýanyna hiç kimi — ir bilen gelen ejesinem, Ksananam näçe dyzasalaram goýbermedim. Maňa Tatýananyň adamsy hem goňşularymyz kömek etdiler. Maýor tabyt ýasadanda oňa döwük-ýenjik tagtalardan getirip berdim. Men tabyda Tatany salyp, üstünem ýapdym. Ksana bilen gonşy aýal gül getirdiler. Üçünji gün diýlende ony Köşüdäki doganlyk mazaryna alyp gitdiler. Onuň ýüzüni diňe men gördüm. Häzirem oň syraty göz öňünden gidenok Men onuň sesini näçe çagyrsa-da eşidemok...» Georgiý Nikolaýewiç öz gussasyny paýlaşmak üçin Ýelizaweta Ýefimowna hat yzyna hat ýazýar. Hatlarynyň birinde Ýelizaweta Ýefimowna oňa «Üç çagany aman-esen saklany üçin hudaýa alkyş oka!» diýip ýazýar. Ol bolsa: «Eger hudaý bar bolsa, munça adamy gyrgyna bermezdi, negözel Aşgabady weýran etmezdi!» diýip ýazýar. 1949-njy ýylyň 4-nji maýy. Ýelizaweta Ýefimowna Weselkowy Kazanyň aeroportunda garşylaýar. Soslongere otly bilen gidýärler. Ýolda Georgiý Nikolaýewiç oňa öz başdan geçirenlerini gürrüň berýär. 1938-nji ýylda ony Aşgabatdaky türmä getirýärler. Kamerada oturara-da ýer ýokdy. Hemme adam dik dur. Troýka oňa «halk duşmany» hökmünde ýyl kesip, Sibire tarap iberýär. Sibirde agaç çapýarlar. Aýaklaryny sowuk almaz ýaly çem gelen zady oraýarlar. Bir gezegem ol aýagyny sowuga aldyrýar. Soň öýkenini sowuk alýar. Yzam inçekesele ýazýar. Işe ýaranok. Şonuň üçinem nadzirateller bahymrak öleri ýaly köplenç ony barakdan çykaryp, sowuk garyň üstünde oturdýan ekenler. Açlygyndan ölmezi ýaly oňa bir döwüm çörek goýupdyrlar. Agşam işden gaýdyp gelenlerinden soň ýoldaşlary ysgyn-mydardan gaçyp, dişi-dişine degip saňňyldap oturan Weselkowy goltuklap baraga salýan ekenler. 1943-nji ýylda ýörite komissiýa «Barybir öljek» diýip, ony türmeden çykaryp goýberýär. Çalamydar halda otly bilen Aşgabada ugradylan G.Weselkow uzak we agyr ýol sökýär. Aşgabatda birnäçe aýlap gospitalda ýatýar. Gospitaldan çykansoň Ýazyjylar soýuzynda işe başlaýar. ... Georgiý Nikolaýewiç bilen Ýelizaweta Ýefimowna Soslongerde durmuş gurýarlar. Şol gün – 7-nji maý Ýelizaweta Ýefimownanyň ýadynda berk galypdyr. – Ýöne Georgiý Nikolaýewiç bilen uzak ýaşamak miýesser etmedi. Ol şondan on ýyl geçensoň agyr keselden aradan çykdy. Elli dokuzynjy ýylda onuň 60 ýaşynyň toýy toýlandy. Bäşinji dekabrda-da ýogaldy. Ondan bärem otuz ýyl geçipdir... Ýelizaweta Ýefimowna G.Weselkow bilen baglanyşykly zatlary aýap saklapdyr. Diwaryň ýüzünde asylgy bir surat meniň ünsümi özüne çekdi. Horlugyndan ýaňa süňkleri somalyşyp duran, maňa nätanyş adamyň portreti bilen gyzyklanyp sorag berdim. – Bi Georgiý Nikolaýewiç. Suratyň öz taryhy bar. Ellinji ýyllaryň başlary bolsa gerek. Georgiý Nikolaýewiç, ine, şu suraty maňa berdi. Suraty Aşgabadyň türmesinde bir hudožnik ýoldaşy ak elýaglygyň ýüzüne galam bilen çekipdir. Georgiý Nikolaýewiç türmeden boşadylanlaryň birinden şu elýaglygy gyzlaryna gowşurmagy haýyş edýär. Ol adam onuň möhümini bitiripdir. Indem bu surat Georgiý Nikolaýewiç ýogalaly bäri diwarda asylgy dur... Gadyrly okyjy! Ine, biz seniň bilen bir täsin ömrüň sahypalaryna nazar aýladyk. Ol ömür iň bir kynçylykly, çylşyrymly ýagdaýlarda-da dyza çökmändir. Ýaşaýşa ymtylypdyr. Göreşipdir. Şeýdibem ol bize özüniň ajaýyp mirasyny goýup gidipdir. 1989 ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |