21:57 Gerçek ogul: Gurban Sähedow | |
GERÇEK OGUL
Taryhy şahslar
Türkmen halkynyň gerçek ogullarynyň biri Gurban Sähedowdyr. Ol Türkmenistanyň leninçi pioner Sowetiniň ilkinji başlygy hem-de “Pioner” žurnalynyň ilkinji redaktory bolupdy. Žurnalyň 1926-njy ýylyň ýanwar-fewralynda 1-nji sany çykdy. Žurnal orta formatda bolup, 10 sahypadan ybaratdy. Ol körpe okyjylara ýüzlenip, žurnalyň ilkinji sanynda şeýle ýazypdy: “Pioner we okuwçy oglanlaryň bilimini artdyrmak, mekdep kitabyndan başga okamak üçin şu žurnal çykarylýar. Biz şu žurnaly çykardyk, bir tarapdan, pionerlerimize ugurly ýollary görkezip, ikinji tarapdan hem okuwçy oglanlar we gyzlarymyza mekdepden daşary terbiýe etmek isleýäris. Biz ýaş okuwçylary ýazmany öwretmek isleýäris. Şonuň üçin-de her okuwçy öz mekdebiniň, öz pioner böleginiň durmuşyndan wagtal-wagtal žurnala habar ýazmaly...” 1926-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda TK(b)P MK-nyň sekretariýaty MK-nyň metbugat bölüminiň kollegiýasyny 11 adamdan ybarat diýip tassyklady. Şolaryň içinde Ýa.Nasyrly, A.Lewina, G.Husaýinow, Ýa.Faktorowiç, A.Gowşudow bilen bilelikde Gurban Sähedow hem bardy. Biz şu ýazgymyzda komsomolyň terbiýeläp ýetişdireni G.Sähedowyň ömür ýolunyň dürli ýyllary hakda azda-kände gürrüň ederis. *** 1927-nji ýylyň noýabrynda güneşli respublikamyzyň paýtagty Aşgabatdaky diktoryň ilkinji gezek “Gepleýär Aşgabat” diýen sesi ýaňlanypdy. Muňa çenli, gör, näçe uly we hysyrdyly, çylşyrymly işleri amala aşyrmaly bolupdy. Bu işiň sakasynda duranlaryň biri hem Gurban Sähedowdy. Muňa şaýatlyk edýän bir dokumente ýüzleneliň. “Türkmenskaýa iskra” gazetiniň 1925-nji ýylyň 20-nji martyndaky sanynda ine, şeýle bildiriş ýerleşdirilipdir: “Radio bilen gyzyklanýanlaryň hemmesine! Radio söýüjileriň kružogyna gatnaşmaga höwes bildirýän ýoldaşlar şu adrese ýüz tutup bilerler: TK(b)P MK, agitprop, sagat 10-dan 4-e çenli. Inisiatiwa gruppasy Alekseýew, Matusow, Sähedow.” 1925-nji ýylyň 22-nji marty. Bütintürkmenistan Lenin komsomolynyň birinji gurultaýy öz işine başlady. Gurultaýda Gurban Sähedow çagalar hereketi meselesi dogrusynda çykyş etdi. Ol öz çykyşyny şeýle sözler bilen başlady: -Mundan üç aýdan öňem obalarda çagalar hereketi hakynda agyz dolduryp hiç zat aýdyp bilemizokdyk. Bu gün biz gurultaýda obalarda çagalardan on sekiz otrýadyň döredilendigini buýsanç bilen habar berýäris. Ol öz çykyşynda hususanam türkmen gyzlaryny şol otrýadlaryň işlerine çekmek hakynda durup geçdi. -Biziň mümkinçiligimize görä gyzlardan düzülen otrýadlary döretmegimiz gerek – diýip, ol sözüni soňlady. 1927-nji ýylyň 7-nji ýanwary. Gurban Sähedow TK(b)P MK-nyň IV plenumynda Türkmenistanyň komsomolynyň öňde durýan wezipeleri dogrusynda doklad etdi. Ol öz dokladynda öňde durýan wezipeler hakda şeýle diýdi: - Ýaşlaryň okuwa çekilmegine mundan buýana-da ünsi güýçlendirmeli. - Ýaşlaryň şäherdäki okuw jaýlaryna okuwa gaýtmaklaryny gazanmaly. - Sowatsyzlygy ýok etmek barada ýaşlaryň arasyndaky işleri güýçlendirmeli. Ol plenumda komsomollaryň iň bir ýörgünli bolmaly şygarlaryny orta atdy. Ol şygarlar şeýledi: - Komsomol çleni köp aýallylyga garşydyr. - Komsomol çleni kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň durmuşa çykarylmagyna garşy göreşmelidir. - Komsomol çleni galyňa garşy bolmalydyr. - Her bir komsomol çleni öz aýalyny okuwa çekmäge borçludyr. 1927-nji ýylyn ýanwarynda Aşgabatd türkmen edebiýatçylarynyň Bütintürkemenistan I konferensiýasyny geçirmeklik göz öňünde tutulypdy. Emma käbir sebäplere görä, ony aprel aýynda geçirmeli bolupdy. Bu konferensiýany geçirmek baradaky guramaçylyk býurosynyň başlygy hem Gurban Sähedowdy. Ol konferensiýanyň maksady hakda, ine, şeýle diýýärdi: - Konferensiýada türkmen sowet edebiýatynyň ösüş ýollary, onuň mazmuny we formasy hakda düýpli gürrüň ediler. Şeýle hem konferensiýada ýaňy döredilen türkmen teatry hakda gürrüň ederis. Ol türkmen işçileriniň sowatlylygy barada az alada etmeýärdi. Çünki ol munuň uly meseledigine gowy göz ýetirýärdi. Şonuň üçinem ol 1927-nji ýylyň fewralynda öz çykyşlarynyň birinde bu mesele hakda gürrüň gozgapdy. - Işçileriň sowady hakda çynlakaý alada gerek. Sowatsyz işçiniň ýokary hünärli bolup bilmejekdigi öz-özünden düşnükli. Emma gynansak-da, türkmen işçileriniň köpüsiniň heniz sowady ýok. Şu sebäpli biziň nobatdaky wezipelerimiziň biri hem ýerli milletden bolan işçileriň sowatly, medeniýetli, syýasy taýdan düşünjeli bolmagyny gazanmagymyzdyr – diýip, ol aýdypdy. 1929-nji ýylyň 22-nji mart günüdi. Aşgabatdaky halk magaryf öýüne edebiýat wekilleri ýygnandylar. Ýygnanyşygy açan Gurban Sähedow doklad bilen çykyş etmek üçin tribuna ýöneldi. Ol TK(b)P MK-nyň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiridi. - Sosializmiň duşmanlary sowet edebiýatynyň töwereginde gaty köp samahyllaýarlar. Olaryň pikiriçe, beýle edebiýaty döredip bolmajakmyş, aýratynam gaty yza galak ülkede muny döredip bolmajakdygy barada welilik satýarlar. Munuň bütinleý ters pikirdigi dogrusynda kelle döwüp otyrasy iş ýok – diýip, Gurban Sähedow aýtdy. Dogrudanam şol döwürde bu mesele az üns berilmeýärdi. “Moskwa däl-de, Mekkä nazar salmaly” diýip, edebiýatyň ugruny üýtgetmäge synanyşýan adamalaram ýek-tük ýok däldi. Şu günki maslahatda bu mesele dogrusynda hem gürrüň edilmelidi. - Ýaş türkmen sowet eddebiýatynyň ýeke-täk bir ugurdan – Moskwadan ugur aljakdygyny biziň duşmanlarymyza ýene bir gezek ýatladasymyz gelýär. Bütin proletar dünýäsi bu günki gün Moskwa nazaryny aýlaýar. Milli aýratynlyklary saklamak şerti bilen biz Sowet respublikalary üçin deň derejede bolan edebiýaty we medeniýeti döredýäris. Eýsem-de bolsa, biz geçmiş klasssyklarymyza haýsy nazar bilen garamaly. Bu babatda-da iki hili pikir ýöredilýär. Bir topar geçmiş edebiýaty baýlara we mollalara hyzmat edipdir, şol sebäpden ondan ýüz öwürmegimiz gerek diýýän bolsa, beýleki birleri olaryň pikirine garşy çykyp, şeýle diýýärler: “ Siz ýalňyş pikire gulluk edýärsiňiz. Köne edebiýaty ret etmek bolmaz. Biz onuň peýdaly taraplaryny alyp, ugrumyza ters gelýän pikirlere tankydy gz bilen garajakdyrys.” Bu elbetde, ýoldaşlar, hakyky bolşewistik nazardan baha bermekdir – diýip, Gurban Sähedow pikirini jemleän görnüşde nazaryny bir nokada dikdi. Gürrüň barha gyzyşýardy. Meseläniň bir ujy Berdi Kerbabaýewiň “Gyzlar dünýäsi” atly poemasyna syrykdy. Bu ýygnanyşyga Berdi Kerbabaýewiň özi hem gatnaşýardy. Şol döwürde bu poema okyjylarda uly gyzyklanma döredipdi. Poema hakda ähli ýerde gürrüň edilýärdi. Onuň üstünligi bilen bir hatarda, heniz kemçiliklerden halas däldigi hakda-da ýüz görülmän aýdylýardy. Gurban Sähedow gürrüňini bu poema syrykdyrdy. - Berdi Kerbabaýewiň “Gyzlar dünýäsiniň” peýda bolmagy bizi az begendirenok. Ýöne şahyr forma has üns beripdir. Onuň mazmuny, gynansak-da, ýeterlik eýlenmändir. Poemada türkmen gyzynyň obrazy täze eýýämiň belent ruhundan öçügsi berilýär. Bu biziň täze edebiýatdan edýän talabymyzdan heniz bärden gaýdýar. Gurban Sähedowdan soň ilkinji söz alan “Türkmenistan” gazetiniň işgäri Gurtmyradow türkmen edebiýatynda heniz tankydyň ýokdugyny, şu çaka çenli edebiýatdan okuw kitabynyň hem ýokdugyny belledi. Ýakup Nasyrly öz çykyşynda gahrymanlaryň içki dünýäsine aýratyn üns berilmelidigi dogrusynda aýdyp, neşirýatyň talaba laýyk işlemeýändigini belledi. Ony bary-ýogy iki sany şahyryň kitabyny çykarandygyny, türkmen şahyrlarynyň rus dilinde terjime edilen eserleriniň ýokdugyna oturanlaryň ünsüni çekdi. Berdi Kerbabaýew bolsa poema barada aýdylýan käbir bellikler bilen ylalaşýandygyny, ýöne käbir babatda pikirleriň çapraz gelýändigini nygtady. Poemanyň epilogynda türkmen aýalynyň sowet döwründe ýeten bagty barada ýazylandygyny ýatlatdy. • Halk komissary Lýubimowyňkyda 1935-nji ýylyň 1–nji dekabry. SSSR ýeňil senagaty halk komissary Lýubimow türkmen halkynyň iberen delegasiýasyny kabul etdi. Bu kabul edişlikde TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew, TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Popok bilen birlikde, TSSR ýer işleri halk komissary Gurban Sähedow, şeýle hem Moskwanyň senagat kärhanalarynyň wekilleriniň ençemesi gatnaşýardy. Isidor Ýewsingeýiwiç Lýubimow türkmen delegasiýasyny öz mähriban dogany hökmünde garşylady. Ozal Orta Aziýada işlän I.Ý.Lýubimow G.Atabaýewi ozaldanam gowy tanaýardy. Çünki ol 1919-njy ýyllarda Türküstan frontunyň harby rewolýusion Sowetiniň çlenidi. Türküstan Merkezi Ispolnitel Komitetiniň Prezidiumynyň çleni, Türküstan K(b)P MK-nyň başlygynyň orunbasary, Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy bolup işläpdi. Soň Ukraýinada jogapkär işde işleýär. 1922-24-nji ýyllarda Baş pagtaçylyk komitetiniň başlygy we RK(b)P MK-nyň Orta Aziýa Býurosynyň çleni bolupdy. Ine, indem on ýyla golaý wagt geçenden soň, ol öz türkmen dostlarynyň arasynda. Ol türkmen pagtaçylarynyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, şeýle diýdi: -Türkmen pagtaçylary şu günki güne çenli planyň 106 prosentini amal etdiler. Watan harmanyna türkmen daýhanlaryndan 152 müň tonna ýokary hilli pagta gowşuryldy. Bu 1934-nji ýylyňka garanyňda 28 müň tonna artyk diýildigi – diýip, ol sözüne dyngy berdi. -Häzir biziň aramyzda moskwaly senagat kärhanalarynyň wekilleri otyrlar. Olar sizi öz kärhanalaryna myhmançylyga çagyrýarlar. Siz öz öndürýän pagtaňyzyň nähili edip täzeden işlenýändigini, olardan nämeler öndürilýändigini öz gözüňiz bilen görersiňiz – diýip, sözüni jemledi. Lýubimow çykyş edip durka, onuň sözüni türkmençä geçirmegi Gurban Sähedowa tabşyrdylar. Ol muny alňamasan – zat edmän, öz ildeşlerine düşündirýärdi. “Trýohgorka” fabriginiň işçisi Fadeýewa türkmen pagtasyndan öndürilýän matalaryň käbir görnüşini Popok bilen Atabaýewe sowgat gowşursa, pagtaçy Gülnabat Mämmedowa Lýubimowa türkmen halysyny sowgat etdi. Soňra Türkmenistanyň öňdebaryjy hojalyklaryna pul baýraklary sylag berilýändigi hakyndaky buýruk okaldy. Agyr ýük göterýän maşynlaryň onusy, ýeňil maşynlaryň bäşisi kolhozlara sylag hökmünde berilýändigi hakda aýdylanda bolsa şowhunly el çarpyşmalar ýaňlanypdy. Şonda pagta meýdanlarynyň stahanowçylarynyň 50-sine patefon, 300-sine bolsa welosiped sowgat berildi. 1935-nji ýylda Sowetleriň Bütintürkmenistan bäşinji gurultaýynda TSSR ýer işleri halk komissary Gurban Sähedow Merkezi Ispolnitel Komitetiniň Prezidiumynyň çlenligine saýlandy. Ol şol gurultaýda uly doklad bilen çykyş etdi. 1936-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda TSSR MIK-niň karary bilen Gurban Sähedow TSSR Halk Komissarlar Sowetiiň başlygynyň orunbasarlygyny bellenýär. 31 ýaşly Gurban Sähedow indi hökümet ýolbaşçylarynyň biridi. Şu ýerde onuň terjimehalyna-da ser salynsa kem bolmazdy. 1905-nji ýylda Köşi obasynda dünýä inen Gurban on dört ýaşyndaka, 1919-njy ýylda komsomol hataryna girdi. Moskwada Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okaýar. Soňra Aşgabada gaýdyp gelýär. Demiýol tehnikumyna okuw girýär. Ol ýerde iki ýyl okansoň, ony komsomol işine çagyrdylar. Ony ilki pionerlaryň şäher býurosynyň başlyklygyna, soň oblast býurosynyň başlyklygyna saýlaýarlar. G.Sähedow LKSMT-niň Guramaçalyk býurosynyň sostawyna girizilip, pionerleriň merkezi býurosynyň başlyklygyna saýlandy. 1925-nji ýyldan partiýanyň okrug komitetiniň býuro çleni hem-de agitpropynyň müdiri bolup işledi. Partiýanyň Gyzylarbat raýkomynyň sekretarlygyna saýlandy. TK(b)P-niň ikinji gurultaýynda bolsa ol TK(b)P MK-nyň çlenligine saýlanyp, agitpropyň müdirligine tassyklandy. 1927-nji ýylda Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň üçünji gurultaýynda ol TK(b)P MK-nyň Ispolnitel Býurosynyň çlenligine kandidat saýlanyldy. Ol 1928-nji ýylda birnäçe wagtlap “Türkmenskaýa iskra” gazetini hem redaktirlemeli bolupdy. 1929-njy ýylda ony Moskwa okuwa iberýärler. Ol indi Gyzyl professura ykdysadyýet institutynyň diňleýjisidi. Şeýle hem oňa SSSR Halk Komissarlar Sowetiniň ýanyndaky Türkmenistan SSR hökümetiniň Moskwadaka hemişelik wekilhanasyna ýolbaşçylyk etmeklik tabşyryldy. 1933-nji ýyldan bolsa ol TSSR ýer işleri halk komissary bolup işleýärdi. Moskwada okaýan döwri Gurban fransuz dilini öwrenýärdi. 2-nji kursda okap ýörkä bolsa Moskwanyň “Bogatyr” zawodynyň işçileriniň öňünde çykyş edýärdi. Dürli çekişmelere gatnaşýardy. Taryh ylymlarynyň doktory Tagan Durdyýew öz makalasynda Gurban Sähedowyň Moskwada okan döwrüne degişli gyzykly bir wakany gürrüň berýär. Gurban Sähedow “ O dünýäde ýaşaýyş barmy?” diýen temada geçirilen çekişmä gatnaşýar. Bu garaýagyz talantly ýigit şol çekişmä gatnaşan akademik Pawlowyň ünsüni özüni çekýär. Akademik onuň bilen tanyşýar. G.Sähedowyň aýaly, şol çekişmä gatnaşan Ýekaterina Wasilýewna öz ýatlamalarynyň birinde şeýle belleýär: “Bir görsem meniň adamym bir gartaşan ýaşuly bilen maňa baka ýöräp gelýär. Soň bilip galsam, onuň tirkeşip gelýäni akademik Pawlow eken. Ol ýylgyryp, ýarym degişmä salyp, maňa bir gizlin zat aýtmaga adamymdan rugsat sorady-da, gelip meniň gulagyma pyşyrdap: “Muny aýawly sakla, bu türkmen halkynyň barypýatan dürdänesi” diýdi. Ýigriminji ýyllarda türkmen milli dil meselesinde, türkmen edebiýaty dogrusynda her hili pikir ýöretmeler dowam edýärdi. Panturkistik akym täze durmuşa töhmetçilikli çykyşlar gurýardy. Ferid Efendizada “Şiweçiýe” atly makalasynda türkmen edebi diliniň esasynda türk diliniň ýatmalydygy hakdaky pikiri öňe sürip, şeýle ýazýardy: “Meskwede türkmen okuw ýurdunda okaýan oglanlaryňyz okuwlaryny gutarandan soň, jübülerine “net bilen ýest” salyp geljekdirler, öz dillerini ýitirjekdirler.” Onuň bu töhmetçilikli garaýşy G.Sähedow tarapyndan berk tankyda sezewar edildi. Gurban Sähedow gazet sahypalarynda ýiti makalalary bilen, şeýle hem TK(b)P MK-nyň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri hökmünde dürli maslahatdaky çykyşlarynda täze durmuşyň duşmanlaryna berk gaýtawul berýärdi. Galyberse-de, ol bir topar gazet-žurnallarynyňam redkollegiýa çlenidi. 1928-nji ýylyň iýulyndan çykyp ugran “Türkmen medeniýeti” žurnalynyň bäş adamdan ybarat redkollegiýa çleni tassyklandy. H.Sähetmyradow, G.Sähedow, A.Artykow, G.Husaýinow dagylar žurnnalyň gyzykly çykmagyna uly hemaýat edýärdiler. B.Kerbabaýewiň “Garşa guda”, “Ýaz möwsüminde bir gözel” eserleri ilkinji gezek şol žurnalda çap edilipdi. Türgenewiň “Mumu”, D.Furmanowyň “Çapaýew” eserlerinden bölekler ilkinji gezek türkmen diline geçirilip, türkmen okyjylaryna ýetirilipdi. Munda G.Sähedowyň uly paýy bardy. 1936-njy ýylyň fewraly. TK(b)P MK-nyň gurluşyk işleri barada geçirin ýygnagynda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gurban Sähedow “Gurluşyklary bolşewistik tertip – düzgüni hem-de stahanowçylyk tempinde alyp barmaly” diýen doklad bilen çykyş etdi. Şol ýygnakda şeýle gürrüň bolupdy: "Gurban Sähedow respublikada alnyp barylýan gurluşyklaryň belent gadamlary hakda aýdyp, nogsanlyklaryň üstünde aýratyn durup geçdi. - Gurluşykçylaryň bellenen möhletinden yza çekdirilmegine ýa-da bolmasa oňa goýberilen serişdesiniň artmagynda, hiliniň pesliginde gurluşyklara ýolbaşçylyk etmeli adamlaryň geldi-geçerliginden gözlemeli. Munuň hemmämize aýdyň bolmagy üçin üç sany gurluşygy mysal getirmekçi: poligrafkombinatyň, onýyllyk mekdepleriň hem-de gurluşykda işleýän spesialistler üçin gurulýan jaýlaryň gurluşyklary örän haýal depginde alnyp barylýar. TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Ý.A.Popok gürrüňe goşulýar. Popok: - Diýmek, gurluşykçylar özleri üçin niýetlenen jaýy hem el ujundan gurýarlar-da? Sähedow – Şeýle ýoldaş Popok! Popok – Olar muny näme üçin beýdýärler. Belki-de, şeýtmek bilen beýlekilerem öýkeletmejek bolýandyrlar? Sähedow – Mysal üçin poligrafkombinatyň gurluşygyny alyp göreli. Oňa ýeňil senagat gurluşygy halk komissarlygy tarpyndan 1933-nji ýylda girişildi. Soňra ol senagat halk komissarlygynyň tabynlygyna berildi. Şu aralykda ep-esli wagt geçdi. 1935-nji ýylyň iýulyndan dekabr aýy aralygynda bu gurluşykda bäş prorab bir birini çalyşdy. Popok – Beýle çalşyk bolar ýaly, näme ýüze çykypdyr? Sähedow – Sebäbi gözegçilik etmeli ýolbaşçylar ünsi gowşadypdyrlar, kadrlary ýerli-ýerinde goýmak barada alada etmändirler. Tanamaýan adamlaryna jogapkär işleri ynanypdyrlar, soňundanam olary çalşyryp durupdyrlar. Şonuň üçinem iýul bilen dekabr aralygynda birinden işi kabul edip, soňam ony tabşyrmak bilen meşgul bolnup geçilipdir. Popok – Olary kim çalşypdyr? Sähedow – Ýerli senagat halk komissarlygy. Indi birki agyz gurluşykçy spesialistler üçin salynýan jaýyň gurluşygy hakda aýdaýyn. Bu ýerde iki ýylyň dowamynda alty adam çalşylypdyr. Munuň Kommunal hojalygy halk komissarlygynyň bu derwaýys işe biperwaýsyzlygyny aňladýar. Oňa başda goýberilen serişde 530 müň manat bolsa, häzir bu san 1 million 58 müň manada ýetdi. Oturanlaryň biri seslenýär – Nädogry! Popok - Dogrymy ýa –da nädogrymy, ýöne döwletiň şonça puly ýok edilipdir. Sähedow –Beýle başly-baratlygyň soňuna çykylmaga wagt ýetdi. Gurluşykçylaryň işe jogapkärçiliksiz hereketiniň öňüni almaly..." 1936-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gurban Sähedow bilen Türkmenistan hökümetiniň Moskwadaky hemişelik wekili Ungalbaýew taýmylçylary garşylamak üçin olaryň öňünden çykmaga ugradylar. Kolhozçy taýmylçylaryň hormatyna Moskwada SSSR Azyk senagaty halk komissiýaratynda kabul edişlik guraldy. Bu kabul edişlikde SSSR azyk senagaty komissarynyň orunbasary Belenkiý, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gurban Sähedow taýmylçylaryň hormatyna joşgunly söz sözlediler. *** Gurban Sähedow ýaňy ýörjen-ýörjen bolup ugran türkmen sowet edebiýatynyň wekilleriniň uly dostudy. Şahyr Oraz Täçnazarow Gurban Sähedow bilen jana-jan dostdy. Bular iki bolup türkmen sowet edebiýatyna dahylly birnäçe makalany hem ýazdylar. Öz wagtynda az gyzyklnama döretmedik “Daglar” atly goşgusyny şahyr öz dostuna bagyşlapdy. Ruhy Alyýew Oraz Täçnazarow hakda ýazan ýatlama makalalarynyň birinde bu hakda şeýle ýazýar: “Bu goşgyny ol öz ýakyn dosty G.Sähedowa bagyşlap ýazypdy. Şeýle bir zat ýadyma düşýär. Şahyrlarymyzdan kimdir biri Orazyň şol goşgusynda sussypesligiň bardygyny orta atdy. Şol mesele uly jedele sebäp boldy. Hakykatda bolsa goşguda şeýle häsiýet ýokdy...” Oraz Täçnäzarow Gurban Sähedowa ýüzlenip, şeýle ýazypdy: Degme, biziň ornumyzy Täze gelýän nesil tutsun. Bu daglaryň depesinde , Bizi ýatlap seýil etsin. Emma gardaş, liram meniň, Barha artdyrar owazyn. Göwnün tapyp näçeleriň, Belki, goýmaz asla sesin... Şahyr ýalňyşmandy. Hakykatdanam hem nesiller bu gerçekleriň ornuny tutdylar. Otuz ýediň nähak pidasy bolan bu iki dostuň adyny hiç haçan unutmaga hakymyz ýokdur. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |