01:28 Giñgöwrümlilik / hekaýa | |
GIŇGÖWRÜMLILIK
Hekaýalar
Bu ýylyň gyşy aňzakly boldy. Gar köp ýagyp, bahar paslynyň başyna çenli eremedi. Bu aňzakly gyş her dürli mör-möjekleri gyran bolsa-da, maldarlaryň işini kynlaşdyrdy. -- Her işiň bähbidi bardyr. Dargursaklyk etmän, herki zadyň soňuna seretmek gerek – diýip, köpi gören giň göwrümli goja çopan Aman aga çopan-çoluklara nesihat edýärdi. Ýazda sähra janlanyp gülzarlyga beslendi. Ýaýlalarda kölçe-ýaýynlar peýda boldy. Kömelek, ýuwa-ýelmik, çomuç ýaly sähra nygmatlary bol boldy. “Allatagala bendesini ýalkajak bolsa nesibesini goşalap berermiş” diýýärler. Goýun-geçileri goşalap guzy-owlak beren maldarlar arly gyş çeken jebir-zähmetlerini unutdylar. Güýz pasly golaýlap gelýärdi. Dowarlaryň seçimine entek puryja bardy. Bolsa-da çebişdir işşek çykyp barýan irimçik owlak-guzulary enelerinden tapawutlandyryp bolanokdy. Mallary gaýtarmak üçin goşmaça adam güýji zerurdy. Aman aga bilen çolugy Gylyjyň bakýan sürüsini iki sany goýun iti goraýardy. Olaryň birisi garry köpek bolup, ol janawar güýç-kuwwatynyň gitdigiçe gaçýandygna garamazdan, her ýana haýdap sürüni gaýtarar ýörerdi. Bir ýaşap barýan Çyparyň welin çopandyr çoluga jinnet ýaly kömegi degmezdi. Elmydama sazagyň gür pürleriniň astynda tüýlek guýrugy bilen burnyny siňekden gorap, düýrülip ýatandyr. Süri nirä gitse, ýaltalyk bilen yzyna düşer. Itlere ýal beriýän wagt gelende bolsa Çypar derhal goşda häzirdir. Bir gezek Çypar goşçy düýäni aldawa salyp, topbadaky azyklara agyz urdy. Iki hepdä niýetlenip iberilen azyk-owkatdan iýenini iýdi, iýmedigini läý-läş edip, guma gardy. Şonda dergazap bolan Gylyç ogry köpegi sazagyň köki gazylyp ýasalan taýak bilen suwasalma ýençmek isledi. Ýöne bu gezek hem Aman aganyň: -- Dur, inim, köşeş. Dargursaklyk etmän, herki zadyň soňuna seretmek gerek – diýip, ara düşüp, töwella etmesi Gypary gazma taýagyň köteginden halas etdi. Bir gün çopanlara azyk-owkat,egin-eşik getirýän Täşli şofýor Aman aganyň maşgalasynyň ýarawsyzlyk tapyp hassalana düşendigini habar berdi. Çopanyň oba gitmegi wajypdy. Ýöne ol agyr sürüniň garamatyny çoluga tabşyryp gitmekden çekinýärdi. Sebäbi ýaş çolugyň şeýle ýagdaýa ilkinji gezek gabatlaşyp durşudy. Çoluk baş çopanyň ikiriňjeňlenmesine tiz düşündi. -- Arkaýyn gidiber, Aman aga! Ýanymda Alabaý bar ahyryn - diýip, garry köpege yşarat etdi. Söhbetiň özi hakdadygyna düşünýän ýaly garry köpek öň aýaklanyna galyp birneme ekezlendi. Çypardan bolsa hemişeki ýaly nam-nyşan ýokdy. 2. Ertesi dowarlaryň azandaky sürüminiň wagty golaýlanda çoluk ojakdaky ody ölçerdi. Çaý tüňçesini goşhaltasyna salmagyna mähetdel sürüdäki ygerkejiň boýnundaky jaňyň sesi şaňňyrdap eşidilip başlandy. Dowar sürüsi dowul tapyp, pytrap başlanda çoluk tisginip gitdi. Alabaýyň haýbatly üýrýän sesini eşidende çoluk sürä möjegiň aralaşandygyny duýdy.Elindäki goşanil tüpeňini asmana tutup, gözlerini boşatdy.”Alabaý bas, Akbilek bas, Goňurja ýet!" diýip, soňundan ýok itleriň adyny tirkäp, zenzele turuzdy. Zähresi ýarylan ýaly guýrugyny ýamzyna gysyp, goşa tarap ylgap gelýän ýaş köpegi görüp: -- Çypar, bas! – diýip, agzynyň ugruna oňa-da gygyryp goýberdi. Yzyna öwrülen Çypar sürä aralaşan äpet böri bilen garpyşyp duran Alabaýy görüp, “how-howlap” şol ýana okduryldy. Garry köpegi alarladyp barýan çal möjek iki it bilen tutluşmakdan ätiýaç edip, yzyna ýazzyny bermek bilen boldy. Bir ýere ýygnanyp, galpyldaşyp duran sürä daran beýleki möjek awyny taşlap, öz taýynyň yzyna eýerdi. Şol gün böriler bir toklyny ýaraplady diýäýmeseň süri abat galypdy. Oba baryp, keýwanysynyň halyndan habar alan Aman aganyň göwni aram tapyp, şol agşam goşa dolanyp geldi. Daňdanky waka barada eşidende-de, “Men ýeke gün gidenimde, yzym dargapdyr” diýip, ýüregini ele alybermedi. Çaý başynda hadysa bilen başdan-aýak tanşan goja çopan tirsegini ýassyklap, kümüşsow sakgalyny daraklap ýatyşyna: -- Her işiň bähbidi bardyr. Dargursaklyk etmän, herki zadyň soňuna seretmek gerek – diýip, bir-ä henizem ganjaryp duran ýarasyny ýalap ýatan Alabaýa, birem ekabyrlyk bilen sürüniň daşynda aýlanyp ýören Çypara köpi gören agras nazaryny aýlady. | |
|
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |