21:34 Gitleriñ polýuslardaky bazasy | |
GITLERIÑ POLÝUSLARDAKY BAZASY
Geň-taňsy wakalar
2015-nji ýylda Russiýanyñ "РТР" teleýaýlymynda efire berlen bir dokumental filmde Gitleriñ Osmanly türkmen deñizçisi Piri Reýisiñ kartasyny ulanyp, Antarktidada UFO bazasyny gurandygy orta atyldy. Gürrüñi gidýän filmde nemes faşistleriniñ geñ-tañsy taslamasy barada rus ofiseri we taryhçy Dmitriý Filippow gürrüñ berdi. Filippowyñ aýtmagyna görä, nasistler Piri Reýisiñ baryp-ha XVI asyrda çyzan kartasynyñ şol wagtky kartalardan has ynamdardygyny, ýöne günorta polýusda gödek ýalñyşlyga ýol berlendigini görüpdirler. Şonuñ üçin nasist deñizastyny öwrenijiler düýpli barlag geçirýärler. Barlagyñ netijesi olary haýrana goýýar. Piri Reýisiñ kartasyndaky Antarktidada mundan 10 million ýyl öñ heniz buz örtmedik gury ýer bölegi görkezilipdir. Piri Reýisiñ kartasynyñ başga saýýaradan gelenleriñ beren maglumatlary bilen taýýarlanan kartadygyna ynanan nasist alymlary 1939-njy ýylda Antarktidanyñ jümmüşinde buzlaryñ 1,5 km astynda süýji suwuñ zapaslaryny tapypdyrlar. Antarkida yklymyna “Schvabia” diýip at beren nemesler buzlaryñ aşagynda ylmy we harby baza gurup, gapbarçanaklaryñ (uçýan legenleriñ) tehnologiýasyny öwrenmäge başlaýarlar. Dokumental filme tomaşa edeniñde, Piri Reýisiñ kartasyndan ugur alnyp başlanan nasist açyşlarynyñ iñ gyzykly ýeri 1945-nji ýyldan soñ başlaýar. Berline giren sowet we amerikan goşunlary nasistleriñ gizlin syrlaryny ele salmagyñ kül-külüne düşýärler. Amerikan kontrrazwedkasy Antarktidada nemes harby bazasynyñ bardygynyñ magadyna ýetipdir. 1947-nji ýylda ABŞ-nyñ Ýaragly güýçlerinden admiral Bertonyñ ýolbaşçylygynda bir sany uçarly gämi, on bäş sany söweşjeñ gämi Günorta polýusa ýörişe çykypdyr. Hamana, amerikanlaryñ düýp maksady polýusdaky nasist galyndylaryny bütinleý ýok etmekden ybaratmyş! Şondan soñ polýusda bolup geçen hadysalar rus taryhçylarynyñ dokumental filmde eden gürrüñlerine ynansañ, häli-häzirem "örän gizlin syr" ýarlygy basylyp, ýedi gulpyñ añyrsynda ýaşyryn saklanýar. Amerikan gämileri bu ýere gelende, suwuñ içinden çanaga meñzeş äpet närse çykyp asmana galypdyr we näbelli şöhleleri pürküp gämileri hereketsiz ýagdaýa getiripdir, on bäş söweşjeñ gämiden ikisini deñiziñ astyna gapgaryp taşlapdyr. ■ Gitleriñ DNK-sy Wostok kölündemikä? Rus metbugatynyñ orta atmagyna görä, nasistleriñ gizlin bazasy ýerlerşen Antarktidadaky Wostok kölüniñ çuñluklarynda Adolf Gitleriñ we onuñ bilen bile öz janyna kast edendigine ynanylýan oýnaşy Ýewa Braunyñ DNK-sy (дезоксирибонуклеи́новая кислота́ -t.b.) saklanýarmyş. Rus gazetleri kölüñ çuñluklarynda Gitleriñ we Ýewa Braunyñ DNK-synyñ bardygyny, bu DNK-laryñ "U-977" deñizasty gämi arkaly 1945-nji ýylda klonlamak üçin getirilen bolmagynyñ mümkindigini ýazdy. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |