08:40 Goçmyrat ahun | |
GOÇMYRAT AHUN
Taryhy şahslar
■ Işan-molla diýilse... Uzak ýyllaryñ dowamynda yslam dinine könäniñ zyýanly galyndysy hökmünde garalyp gelindi. Onuñ görnükli wekilleriniñ atlarynyñ gapdalyna göwnümize gelen paýyş sözleri ýazmakdan gaýtmadyk. Halky garañkylykda saklanlar we her hili aldawçylykly ýollar bilen garyp pukaralara ezýet baryny görkezenlerem şolarmyşyn. Mahlasy, biz olary diñe bir reñk bilen, gara reñk reñkledik. Elbetde, diñ hadymlarynyn arasynda şeýle edilmegine mynasyp adamlaram bolsa bolandyr. Muny inkär edip bolmaz. Bäş barmagyñ deñ bolanog-a! Ýöne hakykatyñ hatyrasyna aýtmaly bolsa, öz halkynyñ abadançylygy, sowatlylygy ugrunda jan çeken din hadymlary köp bolmasa, az bolmandyr. Muny biz Maryda ýaşap geçen Mollatöre ahunyñ mysalynda-da subut edip bileris. Ol ahun klassyk edebiýatymyzyñ dürdänelerini bir ýere ýygnamakda, ony halka ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak iş bitiripdir. Ol öz döwrüniñ sowatly adamy bolupdyr. Ine, şeýle adamlaryñ biri hem Nohur etrapynda ýaşan Goçmyrat ahundyr. Ol rewolýusiýanyñ yzysüre aradan çykypdyr. Ýöne onuñ ady häli-bu güne çenli halkyñ dilinden düşenok. Goçmyrat ahun öz döwründe gaty köp gandöküşikli wakalaryñ öñüni alypdyr. Her bir meselänu adyl çözüpdir. Ýüzlerçe talyp onuñ tälimini alypdyr. Bu barada dürli rowaýatlar bar. ■ Nepesdurdy işanyñ sargydy we Mollaly ahunyñ arzuwlan ogly Goçmyrat ahun hakda ýazylyp ýörülmedigem bolsa, onuñ ady ýaşulydyr ýaşkiçi nesliñ añynda ýaşamagyny dowam etdirýär. "Hiçden giç ýagşy" diýen pähime uýup, ömri rowaýata öwrülen bu adam hakda gürrüñ bermegi makul bildim. Munuñ üçin men Nohur obasynda ýaşaýan Çary molla Pürli ogly bilen söhbetdeş boldum. Çary aga bütin ömrüni daýhançylyk edip geçiren adam. Kolhozda mehanizator bolup işläpdir. Häzirem işlemegini dowam etdirýär. Çary aga öz obadaşy Goçmyrat ahun hakda ýadyna düşenleri gürrüñ edip berdi. Ol gürrüñler biziñ taryhy geçmişimiziñ bir bölegi. Taryhy geçmişimizi öwrenmek, halka ýetirmek biziñ borjumyz. - Geçen asyrda nohurly Mollaly ahun Eýran tarapda okap gelipdir. Arçmanly Nepesdurdy işan oña: "Señ okan medresäñ biziñkä gelenok. Alan bilimiñ Buharadaky bolsa gowy boljak" diýipdir. Mollaly ahun işanyñ sözüne eýerip, Buhara gidýär. Gelenden soñ Nepesdurdy işanyñ ýanyna baryp: "Tagsyr, Tañryýalkasyn. Eger sen maña şeýle diýmedik bolsañ, mundan buýana-da meñki boljak däl eken. Ýöne arçmanly-ha boldum. Içimde arman-a galdy. Sebäbi başda alan ylmym düz bolmandyr. Indi özümden bir ogul ýetişse, onam ömrüni ylma sarp etdirmesem arman janymda galar" - diýip aýdypdyr. ■ "Şundan her haçan bir zat çykar..." Şeýdip ol oba gelýär. O wagtlar hem Mekge-Medine tarapdan birki sany derwüş gelýär. Olaryñ adamlara syn edişi, baha berşi ahunyñ göwnünden turupdyr. Mollaly ahunyñ şo wagt bäşmi ýa alty ogly bar eken. "Meñ ogullaryma-da baha bersin" diýip, olaryñ yzyndan adam iberýär. "Şunuñ haýsy biri alym, molla bolup biljek?" diýip soraýar. Ogullarynyñ biri kül-kümüriñ üstünde oýnap ýör eken. Derwüşler onuñ ogullaryny gözden geçirip, "Bularyñdan-a saña çörek ýok" diýýärler. Onda ahun "Iñ körpämiz bar. Däli diýseñ däli däl. Kül-kümürde oýnap ýör" diýýär. "Getiriñ, göreliñ" diýýärler. Gyz jigisi ony golundan göterip getirýär, hamana haram tiken ýaly. Gowy, arzylap getirmän, golundan tutup getirip, ýañkylaryñ öñüne oklap goýberýär. "Ine, şunymyz-a bar". Derwüşler seredip, seredip: "Tagsyr, şunyñy berkit. Her haçanam bolsa, şu bir düzüwli adam bolar" diýipdirler. Ol oglanjyk ulalýar. Ahun oña ata terbiýesini berýär. Ata terbiýesinde-de bildirýär çagañ nähilidigi. Bir zat aýtsañ gulagynda galýarmy, galanokmy, bildirýär. Ýañky oglan terbiýäni kabul edip alýar. Elipbiý dagy öwrenýär. 8-10 ýaşlaryndaka Buhara äkidip, ahun ony goýup gelýär. Ol Buhara medresesinde 19 ýyl ylym öwrenip gelýär. ■ "Ylmy-ha, Goçmyrat alypdyr..." Onuñ bilen Nepesdurdy işanyñ ogullarynyñ biri hem Buhara giden eken. "Hany, okuw bilen nähili, jan ogul. Nohurdanam Goçmyrat diýip biri gitdi şo ýere. Okuw bilen nädýäñiz?" diýip, işan aga oglundan sorapdyr. Ogly: "Goçmyrat diýilýän adam, kaka, bizem-ä "Işan aga, işan aga" diýip aýdýarlar weli, emma Goçmyrat haýsy köçä çyksa, şonuñ bilen görüşmäge adam üýşüp gidýär. Görüşmäge gezek ýetenok" diýende, Nepesdurdy işan: "Haý, jan ogul, ylmy-ha Goçmyrat alypdyr, işan adynam siz alypsyñyz. Halk ylma çozar. Ylymsyz adamy näme etsin" diýipdir. ■ "Kitaby hezreti Goçmyrat äkitdi..." Goçmyrat okaýan wagty özi ýaly bir adam gelip jylawyny tutup durmasa, kän bir ýere barmaýan eken. Şeýle bir syýasatly, öz abraýyny saklaýan adam. Gören ýeriñe ylgap ýörjek bolsan, ahun boljakmy?! Okuwyny gutarandan soñ oña "şu ýerde gal" diýip aýdypdyrlar. "Ýok men öz halkyma hyzmat etjek. Bu ýeriñ alymy, ylmy ýeterlik. Biz bir çölräk ýurtda. Biziñ alymymyz, ylmymyz ýeterlik däl. "Gelip bu ýere ýolbaşçy bolsañ" diýip, atamam arzuw edip galdy. Şonuñ üçinem men öz ýurduma gideýin" diýipdir. Okuw tamamlananda, her kimiñ bilim derejesine görä, medreseden gerek kitabyny almak üçin ygtyýar edilipdir. Her kim öz güýjüniñ ýetýän kitabyny almaly. Bir kitapdan artyk almaly däl. Ýöne kim näme kitap alsa, bellik edilýän eken. Ýaşulularyñ aýtmagyna görä, Goçmyrat ahunyñ alan kitaby üçmi ýa dört sany kitap. Uly kitaplar. Hiç kim Buharada şo kitaplara ýanaşyp bilmeýän eken. Dünýewi kitaplar bolmaly. Derýanyñ içinde uly gämi bar bolsa, oña ýetmäge gaýyk gerek. Şonuñ özi ýalam, kitabyñ ýany bilen gitmäge-de alym gerek. Hat bilmeseñ gözli kör. Dil bilmeseñem dilli däl. Goçmyrat ahun baryp has agramly kitaby alypdyr. Görseler, esasy kitap alnypdyr. Medresäniñ oña jogap berýän piri gapyda durandan soraýar: Kitaby kim aldy?" "Kitaby hezreti Goçmyrat aldy. Ahal ahuny äkitdi" diýýär. Pir täret kylyp, iki rekat namaz okap, ýerinden turup, "Berekella, ylym Ahala gitdi" diýip aýdypdyr. ■ "Goçmyrat ahuny bardyr Nohuryñ..." Goçmyrat ahun okuwy gutaryp gelenden soñ, kakasy Mollaly ahun aýatda eken. Nohurda bada-bat medrese salmaga başlaýarlar. Sylag-hormat edýän adamlar oña kömek edýärler. Ahun gijäni gündiz edip, adamlary okadyp başlaýar. "Geliñ gardaşlar, okalyñ. Ylym bize hemme taraplaýyn gerek" diýýär. Häzire çenli Eýrandan gelýän türkmen ahunlaryna çenli "Biziñ ylmymyz Goçmyrat ahunyñ ylmy" diýmeýäni ýok. Goçmyrat ahundan öz döwrüniñ sowatly adamlary Oraz ahun, Atanyýaz ahun bilim alypdyr. Myratberdi ahun bilen bile Buharadan gelipdir. Eýrandaky ahunlaryñ birtopary Goçmyrat ahunyñ Buharada okan medresesine ýörite baryp aýlanyp gaýtdylar. Biz Nohurda bolup, gidip bilemzok. Nohurda şo döwürde köp metjit salnypdyr. Köp ýerden adam gelýän eken. Goçmyrat ahunyñ Nohurdaky medresesine ikinji Buhara medresesi hem diýýän ekenler. Ylym ýola goýlupdyr. Goçmyrat ýaşuly köp ahunlary okadyp, olara pata beripdir. Mollaly ahun Eýran tarapda okapdyr. Köpeleliñ diýip Eýrandan gyzlara-zatlara-da öýleniliberýär. Nohurda Eýrandan getirilen Sekine diýen bir aýal bar eken. Kürt zenany, "Mollalyjan gidip geldi, gidip geldi, nohurlyny "ýarym kapyr" etdi. Emma Goçmyrat jan gidip-gidip bir geldi weli, hemmesini "kapyr" edäýdi" diýipdir. Ýagny hemmesini musulman etdi diýdigi. Öz ýolunyñ galanyna gynandygy bendäniñ... ■ "Malym barmy - halym, bar?.." Nohurly Öwez hojanyñ gapysyna getirilýän däliniñ hasaby ýok eken. Näsag adamlar ondan şypa tapypdyrlar. Günleriñ birinde hoja Atanyýaz ahuny metjidiñ ýanynda saklap: "Tagsyr, dur - diýýär - Senden bir zat sorajak. Eger şoña jogap berseñ, ähli sopularyñ bilen gel, seni naharlajak. Eger bilmeseñem, onda meniñ ähli dälilerimi naharlarsyñ" diýipdir. "Eger bilmesek, kimiñ ýanyna gitmeli borus?" diýýä, "Goçmyrat ahunyñ ýanyna gitmeli". Öwez hoja ahundan "Ölüde näçe hal bar?" diýip soraýar. Ölen adamyñ zadyny bölüşmekde-de ylym bar. Şony ylym boýunça etmeseñ, adamlar gyrlyşar. Şo ylymda hikmet bar. Adamyñ dawasyny çözüp goýberýän ylym. Ylym boýunça "Şu zatda señ hakyñ bar atañda" diýlensoñ, meniñ artykmaç almaga hakym ýok. Görýäñmi, ylym nähili aç-açan edýär. Bir sygyr bar. Sen ony öldürjekmi, näme etjek. A şerigat bölüp berenden soñ, dep bolaýýa adam. "40 haly bar" diýýä. Sanap başlaýar. Otuz dokuzysyny sanap, kyrka gezek gelende ahun duruberýär. "Ýeñildiñ ýör, ahunyñ ýanyna gideli" diýýä Öwez hoja. Goçmyrat ahunam sopularyna ders berip oturan. Şo iki arada Atanyýaz ahun golaýyna gelýä weli: "Janym ahyr, malym barmy - halym barmy?" diýýär. Atanyýaz ahunam "Dur, şu ýerde bir zat ýadyma düşdi?" diýýä. "Näme?" "Ata bar ýerde, baba hakdan kesiler" diýip aýtdy weli, 40 boldy. Öwez hoja-da "Özüñ bilmediñ. Ertirden bäri sanap otyrsyñ, ýetirip bileñok. Şu ýerde birinden ýetdi" diýip aýdýa diýýär. Goçmyrat ahun "Malym barmy - halym, barmy?" diýende Atanyýaz ahun bada-bat düşünýär. Ata bar ýerinde, bahasy hakdan kesilýän eken. Şonuñ bilen kyrk bolýar. Bolsa-da Atanyýaz ahun onuñ dälilerini naharlapdyr. Utulanyny boýun alýar. Ýogsam bolmasa onuñam ylmyny adam peslär ýaly däl eken. ■ "Aý, bir Nohur ahunydyr-da..." Bir gezek Goçmyrat ahuny Gökdepä çagyrýarlar. Gökdepede 4 müñ adam dagy ýygnanyp, bir meseläni çözüp bilmändirler. Şonda, "Nohurdan Goçmyrat ahuny çagyrmaly. Meseläni şo çözsün" diýen netijä gelýärler. Yzyndan adam iberilýär. Muñ içinde "Aý gelse geler ýörär-de, "Nohur ahuny" diýip, göwnüýetmezçilikli sözüni aýdyp galanlaram bolupdyr. Yzyndan adam iberilensoñ Goçmyrat ahun gelýär. Gelip, "Aý, geñeşi başlabermeli eken. Maña garaşyp durman. Geljek bir Nohur ahunydyr-da" diýipdir welin, her kim sesini çykarman, ýerli-ýerinde oturyberýär. Bir giñ ýeri düzläp, 4 müñ adam geñeş edýär. Ahun meseläni çöp döwen ýaly edip gaýdypdyr. Dawa-jenjel meselesi parahatçylyk ýoly bilen çözülipdir. ■ "Señ hatyraña gandarlarymyñ günäsini geçýän..." Goçmyrat ahunyñ müñlerçe gezek gan işi düzedip gaýdan ýerleri bar. Bamydamy ýa-da Börmede biriniñ iki ogluny öldüripdirler. Şoña-da Goçmyrat ahuny töwella etmäge getiripdirler. Atdan düşüp, tebärek okap başlaýar. Kakasy: "Tagsyr, şü öýe gir. Iki sany gelin boýnuny burul oturandyr. Ikisiniñem adamsyny öldürdiler. Şo öldüren adamlar şü ýurtdan göçsünler. Häl-ä, iki, onam bolsa señ üçin olañ günäsini geçdim" diýip aýdypdyr. Ahunyñ baran ýerinde meseläni oñyn çözüp gaýtmadyk ýeri ýok. ■ "Ylym gerek bolsa Nohura baryñ..." Arçmanda, Goçmyrat ahunyñ öñünde okaýan bir sopusy toý edýär. Bu toýa-da hormatlap, Goçmyrat ahuny çagyrýarlar. Nepesdurdy işanyñ ogly "Eger Goçmyrat ahun geläýse, meni nirede-de bolsam tapyñ" diýip tabşyran eken. Goçmyrat ahunyñ öñünden bütin oba çykyp garşylapdyr. Işan aga hem şo wagt obada ýok eken. Oñ yzyndanam adam iberilipdir. Işan aga gelýänçä, Goçmyrat ahuny bir öýe salyp, sowal yzyna sowal berýärler. Işan aga gelýär. Oturanlar bilen salamlaşýar. Muny maña Muhammetguly molla gürrüñ beripdi. Ol Goçmyrat ahunyñ elinde okan adam. Öz dilinden eşitdim. Alymyñ ýanynda alym edebi, garamaýagyñ ýanynda garamaýak edebi, bagşynyñ bagşy edebi bar. Her kimiñ özüne görä gulluk etmeseñ, onda adam çagyrdygyñ bolanok. Sagat ikide Nepesdury işanyñ ogly gelýär. Oturanlara: "Heý, bir alymy-da öýe salyp, sagat ikä çenli sowal etmek bolarmy? Sowalam bir sagat bor, ýarym sagat bolar. Bu adamlañ işi kän. Gelip görüşjek adam kän. Ýeke siziñ sowalyñyz däl. Size ylym gerek bolýan bolsa, Nohur bilen Arçmanyn arasy 18 kilometr. Atly bir sagatlyk, eşekli bir salkynlyk ýol. Baryñ Nohuryñ metjidine okañ, ylym öwreniñ" diýipdir. "Ahun demini-dynjyny alsyn" diýýär. ■ "Ömürboýy okasamam Goçmyrat ahunyñ yzyndan ýetip bilmerin..." Ylymda hemişe bahyllyk bar. Bir adam bir ylym bilse, biri ondan gowy biljek bolýar. Pesrägi azaram edenok. Adamlar her hili, şo gezek oturanlaryñ biri "Şuñ ýaly ylmy men nirede alyp bilerin" diýýär. "Goçmyrat ahun Buharany gutaryp gelen. Añrybaş bilimli adam. Ýöne Mekge-Medinä baryp, 5-10 ýyl okap geläýmeseñ" diýýärler. Ol adam Mekge-Medinä okuwa gidipdir. 5-10 ýyl okapdyr. Goçmyrat ahunam öz dogany Ysmaýyl ahun we başga-da birnäçe ahun bilen Mekge-Medinä haja gidýär. Ol adam Goçmyrat ahunyñ gelenini eşidip, onuñ düşlän çadyryna barypdyr. Öz alan bilimini synap görmek islänsoñ, ol ahun bilen ylmy söhbete girişýär. Ýöne ahunyñ berýän sowallarynyñ birine-de jogap berip bilmändir. Bäş-alty günläp ahunyñ ýanynda bolsa-da onuñ amalyna-da, ylmyna-da eýgerip bilmedik ildeşimiz ahyrynam: "Bäh, men bütin ömrüme okasamam Goçmyrat ahunyñ ylmynyñ yzyndan ýetip biljek däl öýdýän" diýip, Ata Watana gaýdarman bolupdyr. ■ "Ylymda çözgüt çykarmaga köplenç akylam gerek..." Goçmyrat ahunyñ bilim beren ahunlary-da sowat derejesinde ýüñi ýeten ahunlaryñ hiç birinden peslär ýaly bolmandyr. Atanyýaz ahun bilen Oraz ahun (nohurlylaryñ öwezgeldi tiresinden, t.b) olaryñ diñe ikije sanysydyr. Könegümmeý obasynyñ Pekeneçli diýen ýerinde Goçguly diýen adamyñ igde agaçlary bar eken. Suwa gidip gelýän gelin-gyzlardan Bajygyz ýeññe igde agajynda bal arysynyñ öýüni görýär. Ylgaşyp gelýärler. Dogrudanam bal ary bar. Muny alýarlar. Isgenderiñ aýaly Bajygyz ýeññe-de baldan tamakin. Goçgulam: "Özüm aljak. Meñ igdäm. Hiç kime berjek däl" diýipdir. Şo wagtlaram her kimiñ kazy-kelana oturyşy ýaly, ahuna-da şeýle oturylýan eken. Oraz ahun aýdypdyr: "Igde señkem bolsa, baly gören başga adam. Onuñam paýyny çykaraý". Goçguly ylalaşman, Nohura, Atanyýaz ahunyñ ýanyna barýar. Goçguly diýýänem daýhan adam. Köp ýerde bugdaý ekip, harman atan, gaýratly adam. Harmanynyñ düýbüni idili syrman: "Munda guşlaryñ hem haky bar" diýýän eken. Özi weli hakyny hiç kime iýdirmändir. "Jan tagsyr, Oraz ahun-a bir zat tapdy. Meñ igdämden çykan balyñ ýarysyny "Isgenderiñ aýalyna beräý" diýýä. Ahun ony diñläp "Bee, şerigat düzgüni bir ýerde bozulsa, köp ýerde üýtgär. Baryp, ahuny ýola salaly" diýýär. Atanyýaz ahun gelýä diýip aýtsalar, Oraz ahun öñünden çykýar. "Jan tagsyr, bir oglan iberseñiz, janymyz bilen özümiz barjag-a. Siz nire, bu ýerler nire! Gözümiz, gaşymyz ýük, ýöne siz ýük däl. Çagyrsañyz özümiz barjag-a" diýýär. - Göwnüñe zat gelmesin diýip özümiz geldik - diýýä Atanyýaz ahun. - Goçgulynyñ zadyny nämüçin Isgenderiñ aýalyna berdirdiñ. Bu nähili bolýar? - Jan tagsyr, men ýalñyşamok. - Biriniñ zadyny başga birine berdirseñ, ýalñyşmanyñ bolýarmy? Şerigatda nirede ýazylypdyr? - Jan tagsyr, şü meselede akylam gerek. Eger bir adamy öldürip, Goçgulynyñ igdesiniñ arasynda goýup, "Goçgulynyñ igdesinde bir adam ölüp ýatyr. Señ igdäñde" diýseler, Goçguly boýun alarmy? - diýipdir. - Boýun almaz - diýipdir. - Boýun almasa, şo aýal görmese bal arysam göçer gider, Goçgula-da zat ýok, oña-da zat ýok. Şoñ üçin ikä böläýiñ diýip aýtdym. Atanyýaz ahun: - Aý, berekella, berekella, ylma köplenç akylam gerek eken - diýipdir. Akyla düz gelýän bolsa olam bir şert. Allaýar ÇÜRIÝEW, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |