01:39 Goja başlygyñ monology | |
GOJA BAŞLYGYŇ MONOLOGY
Satiriki hekaýalar
43 ýyl bir hojalyga başlyk boldum. 43 ýyl. E... e... e... Agzyňda aňsat. Är ömri. Indem ynha: “Biz üýtgedip gurjak, siz bizi bökdeýäň, sen bize ýol bereňok” diýýärler. “Sen durgunlyk ýyllarynyň adamy”. Dugrunlyk ýyllary, durgunlyk ýyllarynyň adamy... Hm... Size tutha-tutluk ýyllarynyň adamy gerek dälmi?.. Wah, siziň bir diýse!.. “Öldüriljegimi bilsemem geplejek” diýip, oňa daga nämä gerek diýse-ne?! Başyňda ýaglygy ýok, ýakasam açyk. “Çagalar bagynda çagalar bir krowatda iki bolup ýatýar” diýýär. Dul gezip ýöreniňe on ýyl boldy. Korowady näbilýäň, çagany näbilýäň?! “Iki bolup bir krowatda ýatýarlar” diýä! Seret, onuň tapýan zadyny? Heý, başga biriniň ýadyna düşjek zatmy şo? Wah, seniň gaýgyň olaryň bir krowatda iki bolup ýatýany däldir. Özüň bir krowatda iki bolup ýatmaýanyňa, içiň ýanyp aýdýansyň ony. “Hakykaty bogýarlar, maňa howa ýetenok” diýip nadaralyk edýär. wah, saňa näme ýetmeýänini bilýän-le, sen edil beýdibem durmarsyň, arman, garrapdyryn. Wah, indi göwün bar-da, güýç ýok. Aýyn bolmasa-da “häkiket, häkiket”. Hakykaty näbilýäňiz diýse-ne. Hakykaty bilersiňizmi siz?! Düýn dälmidi, dokladlarda özüňize “nadan” diýdirip duranyňyz – ynha, hakykat. Künjara iýerdiňiz, gyzyňyzy bir halta arpa çalşardyňyz – ynha, hakykat! Iýmäge zat tapman, açlykdan ýaňa garnyňyz çişip ölerdiňiz - - ynha, hakykat! Bizi açlykdan çykardyň diýenok, gaýta, “Häkiket, häkiket!” Häýý, hakykat alsyn jäniňi! Goýun janawer şeýledir. Bir eňen ýerine eňer. Öňünden biri başlar, şonuň yzyndan bary eňer. Odam bolsa urar, suwam bolsa urar. Aý... maňlaýy gaty ahyry. Saňa-da hudaý göz beripdir, gulak beripdir. Allatagala seni aň-düşünjedenem namut etmändir. Aý, Hudaýyň bendesi ahyry, senem bir töweregiňe göz aýla, gulak sal, oýlanyp gör. Ýok. “Sen – diýýä – hol, gumuň içindäki myhmanhanany ýokardan gelýän ýolbaşçylar üçin saklaýaň” diýýä. Seret, onuň tapýan zadyny? Ýigrimi ýedi ýyl bäri hiç kime görünmän durupdyr şol myhmanhana, gel-gel indi bu gün ählisiniň gözüne iläýipdir. “Ol – diýýär – ýokardan gelýän hojaýynlaryň keýp çekmegi üçin ýörite salnypdyr” diýýä. Howa, hojaýynlar üçin, hawa, keýip çekmek üçin salyndy. Dagy näme?! Şuny sen öň bilýän dalsiň-ow. Sen öň ol özüň üçin salnandyr öýdensiň-ow. Sen hojaýynyň kimdigini, beýlekiň kimdigini bilmän duransyň-ow. Hany, hojaýyn üçin salmanam bir gör! Biri äriň, biri piriň. Ýok, indi öňkülik dälmiş. Indi üýtgedip gurýamyşlar. Hemme adam dogruçyl bolmalymyşyn. Halalhon bolmalymyşyn. Hojaýynlaram bulaň bähbidi diýip, ölüp ýatmalymyşyn. Siziň onyňyz üýtgedip gurmak däl-de, üýtgedip urmak bolýa. Bolýa-da, ýöne, haýsyna janyň ýakjak?! “Mesligem gara goýun götär diýmändirlermi näme şindi. Goýun näme? Ýeri, aýtsa-na sen, gara ýeri. Ýere-de mahal-mahal azal salyp durmasaň, ýandak diýer, ýene diýer, demirtiken diýer, kekre diýer, haşal-huşaldan dolar. Asyl ýöne, eýläňe-beýläňe öwrülmäge maý bermez. Ine, şu gara ýerem traktor salyp azallap durmasaň eýgertmez. Onsoň adamdan gaty görjekmi sen?! Hemmesiniň-ä diýjek däl weli, köpüsiniň-ä aslynyň maýmyndan gelip çykanyna menem ynanýan. Ylmyň hemme aýdanlaryna ynanmasam hem şoň-a ynanýan. Niçikmi bir gün öýlänligini tapsalar, edil maýmynlar bolubir. Damar çekýän bolmaga çemeli. Gözüň alynda üýtgäp barýandyr. Petekesini gaýşardyp, bäbenegini gözüňe dikanlap diker-de: “Biziň obamyzyň medeniýeti pes” diýer. Seret, onuň tapýan zadyny? Wah, diýmäýin diýsem... Ataň şo, eneň şo, ýörşüň şo. “Biziň obamyzyň medeniýeti pes”. Waýk! Mysalaň gursun diýse, galan zadyňy oňardyň-da, indi saňa obaň medeniýetini galdyrmak galdymy? Aý, bigaýrat, gaýratyň bolsa öýüňizi oňar! Eneň günde kontora gelip, ýüregime düşýär. “Öýümiziň üsti depämizden gorup dur” diýip. Aý ýeksuryn diýse, gaýratyň bolsa, öýlen! Otuza ýetip barýaň, “müjerret ötäýmäýin” diý. Gaýta pisini aşyrypdyr-da: “Biziň obamyzyň – diýýä – medeniýeti pes, obamyzyň medeniýetini galdyrmaly” diýýä! “Seniňki pes bolsa pesdir, biziň-ä medeniýetimiz pes däl” diýýän. Dagy näme diýjek!? “Ýaşuly, oýun etmäň, meniň gaty çynym, biz örän yzda barýas. Obanyň medeniýetini galdyrmak gerek” diýýär. “Medeniýet saňa juda gerek bolsa, medeniýet baradaky orunbasarymyň ýanyna bar. Uçguryňy sallap ýöreniň ýaňy dämidi, bun muňa medeniýet gerekmiş. Päheý-dä welinim. Wah, siziň ýaljaklaň petigulysyny berjek-le. Ýöne ýokardakylaryň öwzaýy üýtgedi. Biziň hyzmatymyz indi olara ýakmaýarmyş. Täze hyzmatkär gerekmiş. Indi biziň hyzmatymyzyň depgini pesmiş. Olara täze hyzmatkär gerekmiş. Biz könemişimiz. Ilki gazetiň habarçylaryny küşgüren boldular. Tankytjyk ýazdyrdylar. Indem, ynha, halky garşyma goýdular. Ahyrynda-da, ine bolany. Bar taňyrýalkasyny – “boşat kantury”. 43 ýyllap biregne halkyň keşigini çekip gelibem, ynha, indem alan aklygyň. Şu 43 ýylyň içinde men ýekeje bir zada göz ýetirdim. Kolhozyň başlygy diýmek, bir ýüke werziş eşegiň üstündäki gaňňa diýmek eken. Eşek jyrtlasa-da, gaňňadan görýärler, hojaýynyň otyrýeri seniň üstüňde özüni oňaýsyz duýsa-da, ýene-de sensiň – gaňňadyr günäkär. Köneldigiňem sypyryp zyňýarlar. Ýat onsoň çagşa-da! B.GÖKLEŇ. “Tokmak” žurnaly, 1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |