20:41 Goja we ýigit / hekaýa | |
GOJA WE ÝIGIT
Hekaýalar
Şäherden çykyp, gündogara ugran ýolagçy awtobusy adamlary ýuwaşjadan silterläp barýardy. Awtobusyň içi dyknyşykdy, dymykdy. Dem almak agyrdy. Kimdir biri ýolagçy awtoparkyndan zeýrendi: – Haçan münseň şeýledir. Başsaka posýologyna barýançaň, ne ilik goýar, ne bagjyk. Üstesine aşak-ýokaryk zyňylybam bar ýeriň zer-zaw bolar. Haçan gatnaw ýolumyz asfaltlanyp, bizem bir düzüwli awtobusa münüp görerkäk? Adamlaryň hiç birinden ses-seda çykmady. Her kimiň öz derdi özüne ýetikdi. Awtobus esli ýöräp saklandy. Gapy açylan badyna eli çagaly ýaş gelin mündi. Ol münerine mähetdel awtobus ýene ýola rowana boldy. Eli çagaly gelin maşynyň içine birlaý göz aýlady. Oturmaga ýer agtarýany bellidi. Öň hatardaky oturgyçlarda eli bäbekli aýallardyr aksakgal ýaşulular otyrdy. Öňdäki oturan ýaşulularyň biri yzyna gaňrylyp: – Ýaş ýigit, çagaly gelne ýer beräýseň nädýär? – diýdi. – Maňa diýýänçäňiz, özüňiz beräýmeli ekeniňiz-dä – diýip, ýaş ýigit gozganjyrady. – Bäý, ogul, edil garrap dogan ýaly. Ýaş janyňyz bar, men diýen göwräňiz bar. Utanman, özüň beräý diýýäsiň. Biz-ä siz ýalykak uzak menzilleri pyýada-da sökerdik. Wah, şindem-ä siziň duran ýeriňizde durardyk welin, arman şu aýak... – diýip, ýaşuly aýagyny dyzynyň aşak ýanyndan tutup gozgady. Ýaşulynyň gahary gelipdi. Onuň içine oýulyp duran maňlaýy sönmedik wulkan ýaly müňküldäp durdy.. Gara telpegi titir-titir edýärdi. Ýaş ýigidiň gödek jogabyna jany ýanan ýaşuly, başga näme diýjegini bilmän, görejini bir nokada dikip, pikirli dymdy. Ýaş ýigidiň oturyp ugry bolmady. Ýerinden turup, çagaly gelne ýer berdi. Muny gören ýaşuly uludan bir demini aldy, ynjaldy. Soňra ol üstüne abanyp duran ýaş ýigide ünsem bermän, ýanyndaky ýaşuly bilen gürrüňe başlady. – Hä bu uruşmy! Birentek ýigitler göklüginden gyryldy. Birentekleri ömürlik maýyp boldy – diýip, gojanyň goňşusy ahmyr bilen başyny ýaýkady. Soňra oňa sorag berdi. – Haçan ýaraly bolupdyňyz, sakgaldaş? – Kyrk ikiniň ýanwarynda – diýip, ýaşuly sözüne dyngy berdi-de, uludan demini aldy. – Demirgazykdan öwüsýän şemal degen ýerini kesip gelýärdi. Bir ýanyňdan uruş, bir ýanyňdan sowuk aňkaňy aşyryp barýardy. Şol güni ýatlanymda inim tikenekläberýär. Agşamaralar demirgazyk şemaly has-da güýçlenip, syrgyn turdy. Şemalyň garşymyzdan öwüsýänliginden peýdalanyp, duşman hüjüme geçdi. Söweş uzaga çekdi. Biz elli-altmyş dagy bardyk: Ýöne türkmen ikidi. Bir-ä men, beýlekisi hem Çörli diýen ýigitdi. Birden maňlaýymdan ary çakan ýaly boldy. – Goja maňlaýyny elläp, başyny ýaýkady. Şo wagt hem gapdalymda ýarylan bombanyň zarbyna dünýäniň saralyp gidenini bilýän, Şondan soň näme bolanyny bilemok. Näçe wagt ýatyp, näçe wagtdan soň özüme gelenimi hem bilemok. Gözümi açanymda ak ýektaýly gelinleriň daşymda pelesaň kakyşyp ýörenlerini gördüm. Men ýerimden galmak isledim. Emma bolmady. Gospitalda dört aýa golaý ýatdym. Ahyr, soňy gospitaldan elim pişekli çykdym. Söweş ýoldaşym Çörli bilenem şol aýrylyşyşym boldy. Golaýda onuň şu ýerde obada ýaşaýandygyny eşidip, şonuň gözlegine çykdym. Bir göreýin, geçen-goýanlary ýatlaşyp derdinişeýin diýdim. - Oňarypsyň – diýip, goňşusy başyny aşak salyp oturyşyna aýtdy. Gojanyň üstüne abanyp duran ýaş ýigit welin oňa şeýle bir içgin seredýärdi welin, gözi bilen iýäýeýin diýýärdi. «Be, kakam elmydama «Batyr, Batyr» diýip, köp gürrüň edýärdi welin, bu şol bolaýmasyn? – diýip, ol içinden pikir edýärdi. – Be, şomuka? Soraýsam, nähili bolarka? Bu hökman şoldur. Sora, sora, sora...» Ahyry ol gödeňsi sesi bilen ýaşula ýüzlendi: – Siziň adyňyz näme? Ýaşuly aşakdan ýokaryk seretdi: – Meniň adymmy? Batyr. – Soňra uludan demini aldy-da, sözüniň üstüne goşdy. – Ýagşy ýigit, o nä birden adymy soradyň? Ýüzi dym-gyzyl bolan ýaş ýigit ysgynsyz gepledi: – Batyr bolsaňyz, menem şol Çörli degirmençiniň ogly bolmaly. Merdan. Ýaşulynyň damagy doldy. Telpeginiň içinden ak ýaglygyny alyp, ýüzüniň derini süpürdi. Ýüzüne göni seretmäge het edip bilmän, utanjyndan ýaňa ýere giräýjek bolup duran ýaş ýigidiň ýüzüne seredip, uludan demini aldy. Bir zat diýmek isledi. Emma geplemedi. Onýança-da oba gelen awtobus duralga baryp saklandy. Ýigit gojanyň elindäki sumkasyny göterip, düşmäge kömek etdi. Soňra bolsa ýaýdanjaňlyk bilen goja ýüzlendi: – Hanha biziň öýümiz. Siziň geleniňizi kakama nähili aýtsamkam? Pişekli goja ýigidiň ýüzüne synçylyk bilen seretdi-de, ýuwaşjadan: – Ýör, bile baraýaly – diýip, ýöräp ugrady. Bahargül KERIMOWA. | |
|
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |