18:11 Ýakma meni, eje jan!. / hekaýa | |
ÝAKMA MENI, EJE JAN!..
Hekaýalar
Tomus aýlarynyň iň soňky günleriniň biridi. Jemalyň howlynyň gapysyndan girenem şoldy, jigisi Mama ylgap geldi-de, ýuwaşlyk bilen: – Jemal, aý Jemal – diýip pyşyrdady. – Bilýäňmi?! Häli bize o... o.. bir aýal geldi... O nemäniň ejesi-dä... Wah, häzir ady ýadyma düşenok. Özem şeý diýdi: «Jemaly bize beräýiň» diýdi. Jemal, gidäýmegin, bomy?! Jemal näderini bilmedi. Oňa indi hemme zat aýandy. Ol oýlandy. Birdenem özüne seredip duran Mamany bagryna basdy-da, şapba-şapba ogşady. Näme etmeli? Gitmelimi? Ýa-da garaşmalymy? Ol bu soragy özüne öwran-öwran berdi. Ahyry hem şu gün söýgülisi bilen duşuşmagy ýüregine düwdi.. Ýigit ilki Jemalyň kimdigini tanaman azara galdy. Ol aňyrdan aldyrany bar ýaly bolup tasap gelýän gyza boýnuny süýndürip seredýärdi, iki ýana gobsunýardy. Birdenem gelýäniň Jemaldygyny tanap, öz-özüne igendi: «Be, bu gün meniň aňkam aşyp ýörmükä? Men Jemaly tanamaz ýaly ne döw çaldyka?..» Gyz golaýlaşandan ýigit oňa ýüzlendi: – Saňa bu gün näme boldy? Ýöreýşiňem üýtgeşik, bolşuňam. Ýüzüňi gaýgy-hasrat gaplapdyr. Aýt, näme boldy? Derdiňi deň paýlaşaly. – Men bu gün agyr derde galdym – diýip, gyz howsalaly jogap berdi. – Näme edip, näme etmejegimi bilemok. Bu gün bize sözaýdyjy gelipdir. Ejemem habarlaryny alyp, razylyk berip goýberipdir. Indi biz näderis? Maňa sensiz dünýä gerek däl. Ýöne senem eli ýuwka oglan. Kakynsaň, çaňyň çykjak däl... Nätmeli bor indi?! Ýigidiň kellesine taýak degen ýaly boldy. Gahary bokurdagyna doldy. Gyza sala salman, onuň bagt meselesini çözýän köne adata ýumrugyny düwdi. Ýigit hereket etmek gerekdigine düşündi. Ol söýgülisi elinden gidip barýan ýaly, uly howsala düşdi. Her niçigem bolsa gyzy köşeşdirmäge jan etdi: - Nämе diýsеne? Sеn hiç zаdy gаýgy еtme. Mеn sizе еrtir aýаl dоganymy ibеreýin. Еdip bilsеk, еjeňem, kаkaňam rаzy еdip, durmuş gurаly. Närаzylyk bilеn gurlаn durmuşyň wаgty bilеn süýjüsini bilmеris. Ilki bir şеýdeli. Sоňuny sоň görübеreris. – Wаh, näbilеýin оndan рeýda bоlaýsa – diýiр, gуz аhmyrly gеpledi. – Aýdyр оtursаm, gürrüň kän. Ynhа indi оrta mеkdebi gutаranyma üç ýуl bоldy. Ýоkary оkuw jаýyna gitjеk bоlanymda gоýbermediler. «Оkuwdan bаşga nämе diýsеň еdeli» diýiр söz bеrdiler. «Нalan ýigidiňе bеreli» diýdilеr. Mеnem оlara уnandym. Şеýdibem, уnha şu günе gаldym. Ykbаlymy, bаgtymy рula sаtyp, tälеýimi mеnsiz çözýärlеr. – Hеmmesi düzеler – diýiр, ýigit оny köşеşdirmäge çаlyşdy. Birdеnem diňşirgеnip, sözüniň üstüne goşdy. – Aýak sesi bar welin, sеni gözlеýän bоlaýmasynlar. Hоlha, bir gаra bizе tаraр gоlaýlaşýar. Diýsеňem, sеniň ýоluňa çykаn gümаnlary bаr. Ýaňky gelýän gara bulara golaýlaşyp: – Gerek, a gyz, Gerek! – diýip çalaja gygyrdy-da, diňşirgendi. Jemal oturan ýerinden: – Daýza, men gerek däl – diýip jogap berdi. Ol aýal: – Haram saçy kesileni indi şeýdip gözläp ýörmeli bor oguşýa. Kakasy gelse, maňa näme diýer? – diýip, zeýrene-zeýrene geçip gitdi. – Jemal, sen ejeňe näme diýip gaýtdyň? Senem gözläp ýören bolaýmasynlar? – diýip, ýigit sorady. Ýaňky geçip giden aýalyň yzyndan seredip, pikire batyp oturan Jemal ýigidiň sözlerine tisginip gitdi. Ol duýdurman gaýdaýan bolsa ejesiniň hem özüni şunuň ýaly gygyryp gözläp ýörjekdigi hakda oýlanypdy. – Menmi?! – diýip, gyz ukudan oýanan ýaly bolup seslendi. Men ejeme «Ogullalara gidip geljek» diýip gaýtdym. Sen bilýäň-ä Ogullalary. Ogulla-da duýduryp gaýtdym. «Eger meni sorap geläýseler, ýaňyja gitdi diýgin» diýdim. Ýigit ertesi aýal doganyny Jemallara sözaýdyjy iberdi. Jemal geljek myhmana garaşyp, üzüm dalbarynyň aşagynda keşde çekip otyrdy. Käte dagtokga üzümleriniň salkym-salkym bolup durşuny höwes bilen synlaýardy. Birden onuň gözi garşysynda ýyljyraklap duran aýala düşdi. Begenjinden ýaňa tolgunan Jemal «hih» edip, elini agzyna ýetirdi. Aýal Jemalyň ýanyna geçdi: – Gurgunmyň, Jemal? Tüweleme! Keşdäň dagy edil surat ýaly eken. Bolubilýä. Gyz hasyr-husur ähli zatlaryny ýygnaşdyryp, ýaglygyna düwdi-de, içerik girdi. Onýança-da içerden Soltan eje çykdy. Saglyk-amanlyk soraşdylar. Jemal içerde duran ýerinden äpişgeden ejesiniň myhmany nähili garşylaýandygyny synlap durdy. Birdenem ýanlaryna ylgap baraýasy geldi. Uludan demini alyp, «hernä, ejem razy bolaýady-da» diýip dileg etdi. Birdenem gyzyň gulagyna ejesiniň sesi eşidildi: – Gurbuň ýetmeýän bolsa, adymy tutma. Gyzymyň iliň gyzyndan kem ýeri ýok, iliň diýýäninden kem berer ýaly. Onsoňam, men gyzymy köpüň biri, kölüň suwy etjek. Ýeke ýetime ynanyp, gyz beribiljek däl. Şol wagt gyzyň kakasy hem öýde ýokdy. Bolaýanda-da, onuň bilenem ylalaşyp boljagy-bolmajagy belli däldi. Garaz, sözaýdyjy gelen aýal paltasy daşa degip, lapykeç halda yzyna gaýtmaly boldy. Ejesi Jemalyň bukjasyny tizräk ýetişdirmegine Howlugýardy ony gyssaýardy. Ol toý sähedini belläp, gyzyny öňki söz beren ýerine bermekçidi. Emma gyzyň telim günläp eli işe barmady. Eden keşdesini ýalňyşdy. Sökdi. Ýene-de täzeden saldy. Onuň bar hyýaly, maksady öz söýgülisine ýetmekdi. Gyz ilki utandy. Syryny gizledi. Ejesiniň geňeşine garaşdy. Görüp otursa, suw seňrikden agyp barýar. Ol bir gün ejesiniň ýanynda gönüsinden geldi. – Eje jan, meni şol gelen myhmanyň doganyna beräýsene. Ol ýetim oglan, gowy oglan ahyry. Menem ony gowy görýän. Eje jan, men onsoň senden ölinçäm razy bolaryn... Soltan ejäniň gulagy şaňlady, aňk-taňk boldy. Ol sözleriň gyzyndan çykanynam, ýerden çykanynam birbada saýgaryp bilmedi. Gözlerine ynanmady. Birdenem gahara münüp gygyrdy: – Haçandan bäri dil açdyň? Utanaňokmy ejeň ýüzüne gelip, «pylana beräý» diýmäge?.. – Eje jan!.. – Lal bol! Sen maňa akyl öwreder ýaly kim? Indi şu günden şeýläk tä ýeňsäň ýapylaýýança bir ýerik gideniňi görmäýin! – Ýakma meni, eje jan!.. Jemal içki tama geçip, aglamaga oturdy. Emma aglamakdan peýda ýokdy. Soltan eje eýýäm söwdany kemsiz bişiripdi. Ol guda bolan ýerinden alyp bilenini alyp, galan-gaçanlaryny bolsa soňa goýupdy. Ýüreginden önen, gursagyndan süýt berip ulaldan mähriban gyzyny güldürip, razy edip çykarmagyň ýerine ony uwladyp goýbermegiň şaýyny tutup ýördi. Bir gün Jemal joralarynyň birinden hat ýollady. Hatda görkezişi ýaly, özi hem çarşenbe güni agşam garaňky gatlyşaryna garaşýardy. Başga alaç ýokdy. Jemal ejesiniň daş çykanyndan peýdalanyp, bukjasyny goltugyna aldy-da, gaty-gaty ýöräp ýola düşdi. Öňki duşuşýan ýerine ýetip-ýetmänkä söýgülisi Arslan üç-dört adam bolup onuň öňünden çykdy. – Jemalym, geldiňmi? Men bar zada düşünýän. Sen gaty gaýratly, mert gyz. Ýör, kän durmaly – diýip, ony gyssady. Olar garaňka siňip gitdiler. Jemal bilen Arslanyň tutan toýy ulus-ile ýaýrady. Il-gün şatlanyp, aýdym-saz edip, hezil etdi. Jemalyň ejesidir kakasy bolsa dözümlilik etjek boldular. Jemalyň islegine, arzuwyna bakman, oňa-da uly gyzlaryna dözüşleri ýaly dözjek boldular. Emma bu gezek bularyň päli paşmady. Olaryň gözlerinde diňe jögülik bardy. Hawa, Jemal bu gün göreşip gazanan bagtynyň eýesi. Goý, şeýle bagta ýetmek hemme söýgülilere-de miýesser etsin. Bahargül KERIMOWA. | |
|
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |