14:24 "Gorkuda gabyr gazma!.." | |
«GORKUDA GABYR GAZMA...»
Edebiýaty öwreniş
«Gorkut ata» kitabynyň Drezden nusgasynyň iň soňky sahypasynda, W.W.Bartoldyň belleýşi ýaly, «Osman patyşanyň ýogalan ýyly» 993 (1885 ý.) diýilip ýazylypdyr. Watikan nusgasynda bolsa eýesiniň belliklerine görä, golýazma XVI asyryň ahyrlarynda Kairde (1591 ý.), soň Ierusalimde (1615-1616 ý.ý.) bolupdyr: Ýöne sahypa larda başgada bir sene - Sanullahyň ýogalan ýyly 956-njy ýyl (1549-1550 ý.ý.) diýen sene ýazgysy bar. Bartoldyň pikiriçe, bu seneler, elbetde, eposyň dörän senesini aňlatmaýar. W.W. Bartold «poema XV asyrda, ýagny, onuň başlarynda dörän bolmaly» diýip çaklaýar. Şonuň bilen bir hatarda, ol eserleriň käbir rowaýatlarynyň sýužetleriniň gadym döwürlerde döränliginiň ähtimallygyny hem ýaňzydýar. Elbetde, eposyň gadymy oguz toprarynda döränligi hakda hiç hili şek-şübhe bolup bilmez. Orta asyrlar döwründe orta aziýaly alymlardyr şahyrlaryň arasynda ilkinjileriň biri bolup Alyşir Nowaýy (1441-1501 ý.) Gorkut ata hakda agzap geçýär. Nowaýynyň mugallymy we dosty, beýik täjik şahyry Jamy musulmanlaryň keramatly hasap edýän şahsyýetleriň terjimehalynyň ýygyndysyny düzýär. Ýygyndynyň ady «Nafahat al-Uns» diýlip atlandyrylan. Bu ýygyndyny Nowaýy terjime edipdir. (901-1495-1496ý.) Şol ýygyndyda keramatly hasap edilýän şahsyýetleriň arasynda Gorkut atanyň hem ady agzalypdyr. Alyşir Nowaýy şol ýygyndydaky ýazgysynda: «Gorkut ata türk halklatynyň arasynda gaty meşhur, şonuň üçinem ony tanyşdyryp oturmagyň hajaty ýok» diýip, tekrarlapdyr. Şol ýerde ol Gorkut atanyň weliligi hakda söz açyp, şeýle ýazypdyr: «Gorkut ata özünden öňem, soňam bolan, boljak zatlary has öňünden bilipdir». Gorkut atanyň oguz ilinde at-abraýy, hormat-sylagy şeýle bir belent bolupdyr weli, ony hiç bir zat bilen deňär ýaly bolmandyr. Oguz patyşalary, begleri Gorkut atanyň maslahatyny eşitmän, hiç bir zada baş goşmandyrlar, ýurtda patyşa saýlanmaly bolandada Gorkut ata kethudalyk edipdir. Abulgazy hanyň türkmenleriň şejeresi bilen bagly ýazan kitabynda Gorkut atanyň ýaşan ýaşyny 295-e ýetirýär. Elbetde, onuň bu ýaşan ýaşy hakda belli bir zat aýtmak kyn. Ýöne halk öz dana kişisiniň uzak ýaşamagyny isleýär. Muny Görogly begden hem çen tutup aýtsa bolar. Şeýle adamlaryň ölümi onuň nesli üçin agyr ýitgi bolýar. Taryhyň çarhy näçe dynuwsyz aýlansa-da, agyr ýitgi baradaky ýürek azary ýitip gidibermeýär. Rowaýatlar döräp, nesilden-nesle geçýär. Il arasynda Gorkut atanyň ölmi hakda-da rowaýat yzyna rowaýat döräpdir. Ine, şol rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: Gorkut ata bir gezek düýş görýär. Düýşünde birnäçe adam mazar gazýan ekenler. Gorkut ata olardan mazaryň kim üçinligini soranda olar: «Gorkudyň gabryny gazýas» diýip jogap berýärler. Gorkut bu ýakymsyz habara hapa bolup, dünýäniň bu künjinden o künjine sary ýola düşenmişin. Bary bir bu ýerde-de düýş görüp, şol waka gaýtalanypdyr. Gorkut ata bialaç ýene ýola rowana bolupdyr. Aý, garaz, dünýäniň dört künjünde-de şol düýş ony öz erkine goýmanmyşyn. Gorkut ata nätjegini bilmän, "ýeriň merkezinde düşläbem bir göreýin, belkide, men agyr howpdan halas bolaryn" diýen niýet bilen ýeriň merkezidir-dä diýip ýüküni ýazypdyr. Bu ýerdede onuň derdi egsil mändir. Ýene-de şol düýş gaýtalanypdyr. ”Aý, ýerde-hä meňki boljak däl, suwuň ýüzünde-de bir ýaşap göreýin» diýip, derýanyň orta gürpünde halyçasyny ýazyp şol ýerde ýaşaberenmişin. Şeýdip ol golundan dutaryny düşürmän, ýüz ýyl suwuň ýüzünde ýaşap ýogalypdyr. Adamlar musulmançylygyň kada-kanunyna eýerip, ony hormat bilen jaýlapdyrlar. Başga bir rowaýatda bolsa, Gorkut ata il-günüň derdine ýaramak üçin öz öýüne myhman eken. Onuň lukmançylygyna söz ýokmuşyn. Şonuň üçin ol adamlardan uly bir zat talap etmändir. Öz ýagdaýyna görä kim näme el haky berse, şonuň bilen oňaýýan eken. Hudaýtagala Gorkut atanyň dertli göwünler üçin edýän sogap işlerini görüp, bir gün ol ukuda ýatyrka: «Özüň ölümi ýadyňa salýançaň, saňa ölüm ýok» diýip aýdýar. Şondan soň köp wagtlap Gorkut atanyň ölüm ýadyna-da düşmändir. Bir gezek weli ol meýdana tarap tasap giden öküzçäni tutjak bolup gara başyna gaý bolup ýören ekeni. Teý ahyr ony tutup bilmänsoň Gorkut ata ýadap, dynç alýar. Şol wagt ol öz içinden: «Senjagaz dur bakaly, ölmesem seni edişime bir seret!» diýenini özi hem duýman galýar. Ölüm sözüniň öz agzyndan çykanyna bir hili bolýar. Ýüregi howsala düşüp ugraýar. Näme etmeli, nädip ýalňyşyňy düzetmeli, nirä gaçmaly? Ine, şu pikirler Gorkudyň serini gurşap alýar. Ölümden halas bolmak üçin ol ýaşan ýerini üýtgetmeli diýen netijä gelýär-de, ýelmaýasyna münüp ýeriň o çetine tarap ugraýar. Elbetde, ol ölüm ol ýerlerde meni tapyp bilmez diýip, pikir edýändir-dä. Hawa-da, jan ýaly süýji zat barmy diýsene! Ýelmaýa uçup barýar diýýär. Görmedik, bilmedik ýurdu na geldi diýýär. Görse, uly ýoluň gyrasynda bir topar adam gabyr gazyp durmuşlar. Gorkut ata durup bilmän: «Kim üçin?» diýip soraýar. Olaram: «Gorkut üçin» diýip jogap berýärler. Ýüregi ýarylara gelen Gorkut, özüniň kimligini hem tanatman, olar bilen hoşlaşyp, ýelmaýasynyň ýüzüni dünýäniň beýleki bir çetine tarap öwürýär. Haýsy tarapa gitse-de şol bir waka gaýtalanyp dur diýýär. Ahyry bolmajagyny bilenden soň, ol başda ýaşan tünegine gaýdyp gelip, bütin dünýä aýlanan ýelmaýasyny öldürip, onuň hamyndan halta meňzeş zat tikip, kobuza ýelmeşdiripdir. Halyçasyny hem alyp, derýanyň ortasynda ýaşaberipdir. Haly suwa çümmändir, suwuň akymy bilen hem akman, bir duran ýerinde durupmyşyn. Ol: «Ezraýyl indi meni tapmaz-la. Geläýende-de men ony ilki görerin» diýip pikir edipdir. Edil şol wagt Allatagala oňa ýene-de bir hemaýat edipdir diýýär. Ol: «Gorkut, beýdip suwuň ýüzünde, halyň üstünde ejir çekip oturmasyn-la» diýip, oňa ýaşar ýaly ak öý, ýeke bolmasyn diýip aýalyny ýanyna erada edipdir. Şeýdip Gorkut ýaşaberýär. Bir gün geçýär, hepde aýlanýar. Gorkudyň gözüne uky gelenok. Ezraýyly garawullaýar diýýär. Özüniňem elinde kobuz, Gurhanyň sürelerini dynman gaýtalaýarmyşyn. Şeýdip günler geçip barýar diýýär. Bir günem halys ýadap Gorkut gözüniň uka gidenini duýman galýar. Agyr ukyda ýatan Gorkudy şo halat bir ýylan gelip, çakyp gidýär. Ýylanyň zäheri janyna ýaýrap, Gorkut agyr derde uçraýar. Şol dertdenem ol jan berýär. Il-gün Gorkut atany uly hormat-sylag bilen jaýlap, kobuzyny hem onuň baş ujunda goýupdyrlar. Uzak ýyllaryň dowamynda her juma güni kobuzyň tarlary «Gorkut, Gorkut» diýip, zaryn-zaryn owaz çykarypdyr. Ozalam belleýşimiz ýaly, Gorkut ata türkmen ili bilen berk baglydyr. Irki ýazgylaryň birinde görnükli türkmen alymy Baýmuhammet Garryýew Garrygala tarapda Gorkudyň dagy diýlip atlandyrylýan ýeriň bardygyny, ony ÖZ GÖZLERI BILEN GÖRENDIGINI ÝAZAN EKEN. Ärsarylarda bolsa «Gorkuda gabyr gazma» diýen nakylyň ýörgünlidigi hakda rus alymy Tumanskiý baryp-ha ir döwürlerde «Gorkur ata» eposy barada ýazan makalasynda agzap geçýär. Şu ýazgymyzda biz Gorkut atanyň ölümi bilen baglanyşykly il arasyndaky rowaýatlaryň käbiri hakda ýatladyk. Belki-de, munuň bilen baglanyşykly başga-da rowaýatlaryň bolmagy ähtimaldyr. «Gorkut ata» eposynyň ilimizde 1500 ýyllygyna taýýarlyk görülýän döwürlerinde bu parasatly adama degişli her bir kiçijik maglumatyň hem uly ähmiýeti bar. 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |