17:56 Goşgy barada pähimler | |
GOŞGY BARADA PÄHIMLER
Edebi tankyt
Wagt diýen bir zat bar. Wagtyñ öñe sürýän Durmuş diýenem bir zat bar. Biziñ hemmämiz şol Durmuşyñ içinde ýaşaýarys. Şahyr diýen uly sözüñ añyrsynda şu durmuşyñ ortalygyndan sykylyklap gelýän adam däl-de, onuñ sakasyna eserdeñlik bilen syn edip duran adam görünýär. Şol sakany synlaýan şahyryñ gözi, oýy, pikiri Durmuşyñ ahlak tarapyna dikilmelidir. Her jemgyýetiñ öz saýlap alan Durmuşy bar. Ilki bilen, biz ýaşaýan nähili jemgyýetde ýaşaýandygymyzy, şol jemgyýetiñ edebiýatyna gulluk edýändigimizi duýmalydyrys. Adamkärçliksiz jemgyýetem, adamkärçiliksiz edebiýat hem biziñ üçin ýatdyr. Biz türkmen poeziýasynyñ şu günki ýeten derejesime guwanmaga haklydyrys. Türkmen şahyrlarynyñ iñ gowy poetiki eserleri köptaraply durmuşymyzyñ ýüzüni, zamanadaşlarymyzyñ oý-pikirini açyp görkezmäge ukyply bolup çykdy. Poeziýa bilen Durmuşyñ añrybaş derejede baglanyşyklydygyna, poeziýanyñ hiç haçan halk durmuşyndan ýolnup başga bir tarapa gitmändigini, gidibem bilmejekdigini hemmämiz ykrar etmelidiris. Biziñ poeziýamyza uly hyzmat eden, ýöne soñky ýyllarda ýaşulularymyzyñ köpüsiniñ edişi ýaly, poeziýadan çetleşip başga žanrlara geçen atly ýazyjylarymyzyñ biri bir gezek şeýle diýdi: "Walla şu wagtyñ goşgulary bir hili-läý, asyl hemişekilere meñzänok". Bu dogry. Sebäbi, durmuşyñ özi şundan 15-20 ýyl (häzir 50-60 ýyl dagy bolýar. - t.b) ozalky durmuşa meñzänok. Sebäbi aýak biten çagadan al sakgally gojalara çenli hemmämiz, 15-20 ýyl ozalkylygymyza meñzämizok. Durmuşy aýgytly öñe süren ylmy-tehniki öwrülişigiñ güýçli täsiri, diñe zawod-fabriklere däl, diñe ekin meýdanlaryna däl, diñe öz ýaşaýan öýmüzin içine däl, eýsem adamyñ psohologiýasyna-da aralaşdy. Diýmek, durmuş çylşyrymlaşmak bilen. Şu kanunalaýyklykda ýagdaý poeziýanyñ öñünde kanunalaýykly talapyny goýdy: yzyma eýerip biljekmi ýa-da ýok? Şeýlelikde, soñky 15 ýylyñ içinde biziñ poeziýamyz hil taýdan düýpli özgermegi, başgaça aýdanyñda kämilleşmegi başyndan geçirdi. Öñe barýan adam mahal-mahal yzyna-da göz aýlamalydyr. Bu iñ bolmanda geçilen menzillere guwanmak üçin gerek. Şu günleriñ belentliginden seredeniñde 30-40-njy hatda 50-nji ýyllaryñ goşgulary häzirki oba hojalyk maşynlaryñ ýanynda agaç azalyñ ýa-da ilkinji traktoryñ ýöntem görnüşi ýaly ýöntem görünýär. 30-njy ýyllaryñ okyjysyna şindiki filosofik äheñli goşgyny okamak hem agyr düşerdi. Şol ýyllaryñ goşgulary diñe öz döwrüniñ goşgulary bolup galdy. Şol ýyllaryñ poeziýasyny döreden adamlaryñ bir topary aramyzda ýok, sag-aman ýaşap ýörenleriniñem aglabasy goşgy ýazmalaryny goýdular. Şu ýagdaýy düşündirmegiñ zerurlygy ýok. Özlerine at-abraý getiren poeziýadan näme üçin ýüz öwrendiklerini şol adamlaryñ özleri bilýändir. Ýöne juda sadalyk bolmasa-da, bir zady aýdasym gelýär: "bu ýaşdan soñ goşgy ýazmak agyr, proza geçäýeli-le" diýýän adam ýalñyşýan bolsa gerek. Sebäbi, häzir prozanyñ agramy listler, sahaplar bilen däl-de, eseriñ emosional gurby bilen ölçelýär. Şu söz bilen meniñ diñe ýaşulular däl, eýsem her edip-hesip edip romanyñ awtory bolmaga jan edýän ýaşlara-da ýüzlenesim gelýär. Poeziýanyñ daragty bitewidir. Şol daragtyñ kökleri halk durmuşynyñ çuñlugyndan yzgar alýar. Poeziýa daragtynyñ ençeme şahalary bar. Olary graždanlyk poeziýasy, liriki poeziýa, filosofik poeziýa, intim poeziýa, aýdymlyk poeziýa diýip atlandyrýarlar: Şu ugurlary aýyl-saýyl etmek, olaryñ üstünde birneme döwnäp geçmek zerur. Mälim bolşy ýaly, goşgularda piwo çüýşelerindäki ýaly ýarlyk ýok. Ýöne goşgulary ýazanyñ ady bar. Kähalatlarda öz tejribäñe salgylanmak gerek bolýar. Özüm-ä, aýdalt 5-6 sany goşgy ýazmakçy bolsam, "şolaryñ biri graždanlyk, biri filosofiýa, beýlekisi intim goşgy bolsun" diýip öñünden planlaşdyramok. Ine, täp-täze mysal: maña Türkmenistanyñ ýetip gelýän ýubileýine bagyşlap goşgy ýazmagy tabşyrdylar. Temasyna seredeniñde şu graždanlyk goşgusy bolmaly ýaly. Ine, käbir beýitler: Şahyrana sährañ çygly daglary Duýdurmazdan ýüpek saçlañ ezende, Sendeb eziz, senden gözel mekanyñ, Ýokdugyny duýdum dünýäñ ýüzünde! Bu liriki beýit dälmi? Ine-de yz ýanyndaky setirler: Biri kesä çekjek bolsa şu sözi, Biri ýoýjak bolsa onuñ manysyn, Gürlemäge şu topragyñ adyndan Mandat berer maña meniñ namysym! Graždanlyk äheñindäki setirler gerek? Goşguda syýasy öwüşginleriñ-de bardygyny nazara alalyñ. Diýmek, bir goşguda dürli äheñler ýañlanyp bilýär. Esasy zat goşgularyñ goşgy bolmagydyr. Haldurdynyn "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ poeziýa nomerindäki anketany dolduranda aýdyşy ýaly, goý edebiýaty öwrenijiler poeziýany toparlara bölseler bölübersinler, biziñ welin poeziýa diýlen mukaddes zady ownatmaga hakymyz ýok. Ýokarda agzalan anketany dolduran şahyrlaryń hemmesi diýen ýaly şu pikiri tassyklaýarlar. Ýöne "aýdymlyk poeziýa" diýilýän zadyñ ýagdaýy aýratyn mesele goýulmagyny talap edýär. "Aýdymdan söz kesip bolanok" diýip ýöne ýere aýdylmadymyka diýýärin. Sebäbi, aýdymlyk goşgy poeziýanyb naýbaşy eseri bolmaly. Lirikanyñ ter çemeni bolmaly. Hany, beýik Magtymgulynyñ aýdyma öwrülen goşgularyndan ýeke söz kesjek bolup gör-dä. Isakowskiniñ "Mähriban külbäni ýakdy faşistler" ýa-da Resul Gamzatowyñ "Ak durnalar" goşgusyndan olara saz ýazan kompozitorlar setir kesendir öýdýärsiñizmi? Dogry bizde-dw Rehmet Seýidowyñ, Gara Seýitliýewiñ, Kerim Gurbannepesowyñ, Ata Atajanowyñ gowy goşgulary esasynda ýazylan käbir oñat aýdymlar bar. Emma körzehin setirlere dannasyzlyk bilen düzülen biçak köp sazlar, şeýlelikde iki adam tarapyndan hak-heşdegi alnyp, utanman il ýüzüne tutulýan goşadyrnakdaky aýdymlar käbir şowly zatlaryñam üstüni basmarlady. Şol aýdymlyk goşgulary poeziýa eseri diýip hiç bir redaktor gazetde-žurnalda çykarmaga ýürek edenok. Radioda, telewideniýede welin olara ýol açyk. Mysal getirmelimi? 1. "Ak altyna baý Mary, Diýsem göwne jaý Mary" 2. Gatnaşýar, döwleti edara edýär Sowetler ýurdunyñ aýal-gyzlary. 3. Komsomollar goldaýar Ýaýdanma gyz, ýaýdanma. 4. Garagumly çopan oglan Zähmetden bagt tapan oglan. 5. Söýdüm men seni Senem söý meni. 6. Tarp hem-de boz ýatan ýerleri özgertmäge, Ulaldylan kolhoza hyzmat etmäge geldim. 7. Päk zähmetim bal getirdi, Bol suwly kanal getirdi. 8. Türkmenistan ajap mekan Gül-gülüstan, eý jana-jan. Sanasañ sogaby bar diýleni. Besdir! Şeýle sarnamalary saza geçirip bilýän sazandanyñ mädesinuñ iridigine haýran galýarsyñ. Bulary ýat tutjak bolup ýören bagşylara bolsa nebsiñ agyrýar. Ýeri nätmeli? Meniñ bu barada anyk teklibim bar: Sazandalar bilen bagşylar goý, öz ynsaplaryna sala salsynlar. Ýöne poeziýanyñ abraýyna, gadyr-gymmatyna göz-görtele zeper ýetirýän, diñlänimizde ýüzümizi gyzardýan zatlaryñ garşysyna Ýazyjylar soýuzynyñ üsti bilen aýgytly çäreler görmegiñ wagty ýetdi. Sebäbi, şol sarnamalar poeziýa eserleri hökmünde köpçülige hödürlenýär, diýmek; taýagyñ tommaýly tarapy edebiýata degýär. Şunuñ üçin-de, häzirki zaman aýdymlary diýilýän zatlaryñ ählisiniñ tekstini Ýazyjylar soýuzynyñ poeziýa seksiýasynyñ garamagyna, onuñ ygtyýaryna bermek gerek. Bu wezipe ýeñil däl. Ýöne "gerekli daşyñ agramy ýok" diýipdirler. Goý poeziýa seksiýasy ilki bilen howlukman şindiki aýdylyp ýören aýdymlary elekden geçirsin, il ýüzüne tutmaga mynasyp däl diýip hasap eden aýdymlarynyñ spisogynyñ kopiýalaryny bolsa radio, telewideniýä, kompozitorlar soýuzyna ibersin. Indiden beýläk ýazyljak aýdymlyk goşgularyñ ykbaly bolsa hut poeziýa seksiýasynda çözülmelidir. Ýurdumyzyñ gazet-žurnallarynyñ soñky döwürde goşgulara bolan talapy güýçlendirendiklerini bellemek gerek. "Sowet Türkmenistany" hem-de "Туркменская искра" gazetleriniñ redaksiýalary ýakynlaşan ýubileý mynasybetli edebi eserleriñ, şol sanda goşgularyñ-da konkursyny geçirýär. "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ ilkinji poeziýa nomeri okyjylara gowuşdy. Žurnalyñ şu başlangyjy goldanylmaga hem-de yzygiderli dowam etdirilmäge mynasypdyr. Şahyrlaryñ, poeziýa söýüjileriñ, edebi tankytçylaryñ köpçülikleýin tagallasy bilen žurnalyñ maý nomeriniñ nusga bolarlyk goşgulary, edebiýatyñ teoretiki hem-de praktiki meselelerini, prinsipial çekişmeleri özünde jemleýän ýyllyk neşire öwrülmegi örän peýdaly bolar. Çärjewde Juma Ilmyradow diýip bir şahyrymyz ýaşaýar. Onuñ özboluşly goşgulary, "Aýgül" poemasy siziñ ýadyñyzda bolsa gerek. Juma Ilmyradowyñ öz söz işledişi, öz formasy bar. Ýöne seýrek ýazýar. Asla durmuşda-da kän bir gepläp ýören adam däl. Men Juma Ilmyradowyñ adamkärçiligini-de, şahyrçylygyny-da halaýaryn. Doganlyj edebiýatlaryñ wekilleri bilen birlikde Çärjewe baranymyzda ol bizi aeroportda garşylady. Kimdir biri ony myhmanlara tanadanda: - Şahyr Ilmyradow - diýdi. Men Jumanyñ ýüzüne seredemde, onuñ utanjak bolýanyny ýa-da ýylgyrjak bolýanyny añşyryp bilmedim. Ýöne onuñ özüne eşitdiribräge-de: - Ýazmasyny goýan şahyr Ilmyradow - diýip, ýokarky sözlere düzediş girizdim. Diñe şondan soñ Juma ilkinji jümläni agzyndan gaçyrdy: - Ýazýandyryn, haw. Täze goşgularymam, hat-da poemamam bar. - A nädýäñ olary? Juma ýene-de öz edähedine görä, ýylgyrýan ýaly görnüşe gelip kynlyk bilen ýuwdundy. Birdenkä-de özüme sowal beri: - 5-nji nomeri okadyñmy? "Sowet edebiýatynyñ"? Men baş atdym. - Tüweleme, türkmen poeziýasy bilen poetiki pikiri ýetjek derejesine ýeten eken-ow. Oglanlar ösýär, berekella! "Uzynyñ akly giç geler" diýilýäniñ jany bar bolara çemeli. Men gaty kiçigöwünli, şondan gelenem duýgur, ilki öz-özüni analizlemegi başarýan bu adamyñ ýokarky sözleriniñ asyl manysyna diñe agşam myhmanhananyñ başynda düşünip galdym. Ol täze goşgularyny ýokaryk ibermäge çekinen bolmaga çemeli. Özüniñ goşgularyny 5-nji nomeriñ goşgularyndan pes gören bolara çemeli. Ine, bizde köplenç ýetmeýän zat. Çyn şahyr öz-özünden mydama nägile bolmaly ýaly. Mihail Swetlow pakyr juda keýpi çag wagtlarynda ömründe üç goşgy ýazandygy bilen öwünýärdi. "Her şahyr üç goşgy ýazsa bu nähili baýlyk ahyryn!" diýip, ol guwanç bilen aýdardy. Bizde welin öz ýazýan zatlaryndan göwni hoş däl awtory tapmak kyn. Muny gazet-žurnallaryñ redaksiýalaryna baranyñda-da, kärdeşleriñ gürrüñini diñläniñde-de añmak añsat. Dogrusy, gazet-žurnallarda işläp, ýazan adamlar bilen iş salyşmak gaty kynalypdyr. Özüne özi baha bermek, berilen maslahaty äsgermezlik, ile göwnüýetmezlik meýilleriniñ döredijilik adamyny sandan çykarmagy mümkin. Käbir awtorlaryñ redaksiýalarda edebiýat bilen meşgullanýan işgärlere agzyndan gelenini gygyryp duran pursatlaryna duş gelýän welin, içerik gireniñe utanýañ. Elbetde "aglamadyk oglana emme ýok" diýibem aýdypdyrlar, ýöne beýle ýürege düşüp ýörmek özüniñ gadyryny bilýän şahyra gelşenok. Jygyllyga çykarylýan el halylaryny köpiñiz görensiñiz. Haly eýeleriniñ oturyşyny görýäñizmi? Olar parahatdyrlar. Asyl "meñkini al-da meñkini al" diýýäni ýokdur. Olaryñ dellala-da mätäçligi ýokdur. Sebäbi, olar hala siñdirilen zähmeti, beýle harydyñ ýerde ýatmajagyny bilýärler. Biziñem buýsanjy şolardan öwrenmegimiz gerek. Gözleglere, döredijilik indiwiduallyga gümra bolmak gerek. Öz dünýägaraýşyñ, dünýäni özüñçe duýşuñ bolmasa öz pelsepäñ-de bolup bilmez. Bir mysala ýüzleneýin: aýdaly, Kerim ikimiz şäheriñ seýil bagynda gezmeläp ýörüs. Biziñ gözümiz gündiziñ günortany, geçýän adamlara güjeñ atyp bir-biriniñ boýnuna gol salyp bolmajysyny bolup oturan ýigit bilen gyza düşýär. Men muny süwümsizligem däl-de, bihaýalyk diýip hasaplardym. Kerim iñ bolmanda olar barada meniñ ýaly beýle gazaply-ha bolmady. Şol wagt ýanymyza bardy-geldi Anna Kowusam geläýse, ol ähtimal ýañky göz-gülban bolup oturanlara gül dessesinem gowşurardy. Olaryñ bolup oturyşyny erkana söýginiñ alamaty diýip taryp etmegi hem mümkin. Ine, şeýdip bir durmuş detalyna üç hili garaýyş ýüze çykýar. Tankytçy Abdylla Myradow şu garaýyşlaryñ haýsysyny goldarka? Olam ýuka ýüreklilik edip, söýüşýänlere gazaplylykda meni aýyplamakçy bolaýsa, men oña gaýtawul bermäge, özümiñ mamladygymy subut etmäge taýyn: men oña iñ bolmanda "ody özüñe bas, ötmese kesekä" diýen nakyly ýatladaryn. Onsoñ ol böwrüni diñlemäge mejbur bolarmykan diýýän. Bularyñ hemmesi çynlakaý zatlar. Adamkärçilige sygmaýan zat kagyzyñ ýüzüne-de sygmaly däldir. Biziñ ýaşaýan täsin tebigatymyzy bezeýän daragtlaryñ içinde meniñ iñ gowy görýänim parlap oturan ak derekler bilen sülmüreýän leýlisaçlar. Ak derekleriñ buýsançly başy bar. Leýlisaçlarda salyhatlylygyñ gözelligi bilen sadalyk bar. BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |