21:28 Göwnüme bolmasa... | |
GÖWNÜME BOLMASA...
Goşgular
Göwnüme bolmasa, ownaýar bar zat: Bigadyr ýanynda maýda abraý-at. Çyn ýürekden çykan gülki ownaýar, Agynyň ýanynda tilki oýnaýar. Çynçy kim, ýalançy – tanar ýaly däl, Gardaşyň gardaşa salan aly kän. Diňe menmi bu ahwala ýan beren? “Ýok!” – diýdi Pyragy, niçe han gören. Eý, adam, bilesiň gelýärmi özüň, Onda diňle beýik Pyragyň sözün. Onuň aýdan zady sen hakda şu gün, Sen şol adam, bilseň, etmegin göwün. Gitdigiçe ownap gidip barýarsyň, Kaýda sen, adam? Haýda sen, adam Golastynda şeýtanyň, Maýda sen, adam. 25.02.2023. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |