GÖZLEGIN
Meniň gözlegime çykypsyň ahyr,
Bolupsyň bu soňsuz ýola rowana.
Alysdaky salgymlary kowalap,
Galgap ýörme şemal ýaly awara.
Sen meni gözleme ýylpyldylardan,
Ýalançydyr ýyldyraýan salgymlar.
Ýollaryňy ýoda öwürip taşlar,
Öz bähbidin arap, golun salganlar.
Gözleme, gözlerňi gamaşdyrsa-da,
Lagyldan, jöwherden, altyndan, zerden.
Besdir maňa gorap bilsem başymy,
Süwümsyz dillerden, gybatdan, şerden.
Sen meni gözlegin saba säherler,
Guşlar saýrap, goşgy goşup başlanda.
Hemem ýanyp duran şapaga seret
Iňrik gonan çagy baglaň başynda.
Buýsançly daglardan gözläber meni,
Gözle dünýäň duwlananda dumana.
Asman bulutlary dökende gözýaş,
Kabul et, ol men ekenim, hamana.
Zemin huşy göçüp,güllände erik,
Pyntyklaryň arasyndan gözlegin.
Ýoluňa garaşyp ýadapdyr indi,
Gamdan doly garamyk deý gözlerim.
Arzuwçyl kalbymda mekan tutupsyň,
Günler geçmiş bolup barýar aslynda.
Ak guwlara bir dem nazar aýlasaň,
Ganat kakyp durandyryn asmanda.
■ Meni saýlagyn
Gelsene ümsümje edeli söhbet,
Ýyldyzlardan doly Aýly gijede.
Sensiň diýip maňlaýyma sylardym,
Ellerimiň sag aýasy gijände.
Gelsene çöşläli hyýal ýumagyn,
Saňa atygsap dur köňlümiň köşgi.
Unudyp ham-hyýallary diňle sen,
Gözlerimi süzüp okamda goşgy.
Gelsene gijäniň tümlügin böwsüp,
Tapmasana bolar-bolmaz bahana.
Gözümiň nurundan serpaý ýapaýyn,
Men sen diýip geldim ahyr jahana.
Gel, jedel edeli tükenmeze çen,
Gel, arzuw edeli, meň garaçynym.
Ýürek syrlarymy terjime edýän,
Sen bir perişdemiň ýa-da palçymyň.
Seret, gol bulaýar yşkyň güzeri,
Ýör, bile oýnaly «Aýterek» oýnun.
Men öz gezegimde seni saýlaýyn,
Sen öz gezegiňde meni saýlagyn!
Bahargül MÄMIÝEWA.
"BALKAN" gazeti.
Goşgular