08:58 Göze görünmeýän ruhlaryñ barlygy çynmy? -2: Mazaryñ añyrsyndaky çagalar | |
Göze görünmeýän ruhlar (ruslarda ýeke sözde "призрак", türklerde bolsa "hayalet" -t.b.) baradaky makalalar tapgyrynyñ bu gezekki sanynda gürrüñ beriljek waka edil Belleriñ maşgalasynyñ başyna inenler ýaly eýmendiriji bolmasa-da, adaty durmuşda gabat gelmänsoñ, sizi haýran galdyrmaga ýeterlik bolsa gerek.
Geň-taňsy wakalar
2. Mazaryñ añyrsyndaky çagalar Edna Ruglessiñ öýünde peýda bolan nämälim sesleriñ wagyrdysy artyp başlanda garry kempir "ýuwaş boluñ çagalar" diýip gygyrýardy we hakykatdanam garrynyñ haý-küşünden soñ ol sesler kesilýärdi. Hanym Ruglessiñ sözünden çykmaýan bu kiçijik gyzjagazyñ geñ galmaly ýene bir tarapy olaryñ birnäçe ýyl şondan öñ aradan çykanlygydy. Günbatar Angliýanyñ Dewon diýen ýerindäki bu üç asyrlyk jaýyñ ýokarky haty, hamala, şol iki aradan çykan gyzjagazlaryñ ruhunyñ oýun meýdançasy ýalydy. Käwagt çaga otagynyñ diwaryna asylan karta gymyldap gidýärdi, emma bu garry aýaly hiç hili üýşendirenokdy. Ol "bu gün ýatýan otagymyñ öñünde hars atmaga başladylar" diýip gürrüñ berermiş. Hanym Rugless başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüñ beripdir: "Olara akyllyja bolmaklaryny tabşyrdym, elbetde, meniñ sözüme gulak asýarlar. Çünki olaryñ diri wagty çagalara ulularyñ aýdanyna gulak salmagy öwredilipdi". Bir gün hanym Ruglessiñ öýüne ruhy hadysalar bile gyzyklanýan tanşy geldi. Kiçijik hemralaryndan öñ bu barada hiç ýerde dil ýarmadygam bolsa, Rugles gelen myhmana öýde geñ-enaýy ahwalyñ barlygyny-ýoklugyny syzyp syzmaýandygyny sorady. Myhmanyñ beren jogaby täsindi: "Hawa, bu öýde dört ýaşly iki gyz çaganyñ ruhy bar. Biriniñ ady E, beýlekisiniñ ady A harpy bilen başlanýar". Buthananyñ ölüm hakyndaky žurnallarynda geçýän maglumatlary içgin öwrenen hanym Rugless buthananyñ işgäri Rew Frederik Žilbertiñ üsti bilen bu öýde elli sekiz ýyldan soñ dört aýlyk gyz çaganyñ aradan çykandygyny anyklady. Elizabet 1844-nji ýylda, Ann bolsa 1902-nji ýylda ölüpdir. Žilbert ol çagalaryñ bu öýde aga-ýana bagtly günleri ýaşandygyny we şonuñ üçin olaryñ bu ýerden aýrylaslarynyñ gelmeýändigini bolaýmaly zat diýip düşündirýärdi. Olaryñ arasyndaky elli sekiz ýyllyk ýaş tapawudy bolsa, diñe biziñ kimin "panylar" üçin syrly tapmaçadyr. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |