09:00 Göze görünmeýän ruhlaryñ barlygy çynmy? -4: Zawoddaky ruhlar | |
GÖZE GÖRÜNMEÝÄN RUHLARYÑ BARLYGY ÇYNMY?
Geň-taňsy wakalar
4. Zawoddaky ruhlar Moskwada 1912-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen harby istrebitelleriñ dwigatellerini öndürýän 24-nji belgili zawodynda 1941-nji ýylda bolup geçen waka-da göz görünmeýän ruh baradaky kyssalardan biridir. Zawodyñ golaýynda XIX asyrdan bäri uruşda wepat bolan esgerleriñ jaýlanýan şäheriñ iñ uly Semýonowskiý gonamçylygy ýerleşýän eken. Gonamçylyk geçen asyryñ 30-njy ýyllarynyñ ahyrynda ýapylyp, mazar daşlary sökülip aýrylýar. Gonamçylygyñ boşap galan meýdanynda Semýonowskiý proýezdi çekilýär we seýilgäh gurulýar. Mazarystanlygyñ galan bölegine bolsa zawodyñ binasyny ulaltmak maksady bilen seh gurlupdyr. Täze sehiñ açylanyna kän wagt geçmänkä adatdan daşary wakalar bolup geçýär. Işçiler zawodda göze görünmeýän ruhlaryñ gaýmalaşýandygyny aýdyp, gijeki smenada işleýänler iş çykmakdan ýüze dönderýär. Emma zawodyñ hojaýynlary we gizlin binany goraýan harby ýolbaşçylar bular ýaly zatlara ynanmandyrlar. Muña garamazdan ölüleriñ ruhlary barada myş-myşlar barha artypdyr. Köp sanly işgär olary hut öz gözleri bilen görendigini aýdýardy. Zawodyñ adminstrasiýasy bolup geçýän zatlara real taýdan düşündiriş bermeklik üçin dürli çaklamalara ýüz urýar. Şol döwür SSSR bilen Faşistik Germaniýanyñ arasy hem gowy däldi. Belki-de, nemes içalylary zawodyñ işine päsgelçilik döretmäge çalyşýandyrlar? Ynha, şeýle pikirler bilen zawodyñ goragy hasam güýçlendirilýär. Emma ruh bilen baglanşykly hadysalar welin, kiparlap gidibermändir. Rus kontrrazwedkasy hadysalaryñ anygyna ýetmek üçin graždanlyk urşunyñ weterany Iwan Hrapowa tabşyrýar. Iwan Hrapow güýçli erk-ygtyýarly adam bolupdyr, her bir işe rasional garapdyr we mistiki garaýyşlara asla ynanmandyr. Ol bolup geçýän zatlaryñ "ruh" sypatyna giren "halk duşmanlarynyñ" işidigine we bu "ruhlaryñ" petigulusyny berjekdigine tüýs ýüregi bilen ynanýardy. Hrapow 1941-nji ýylda zawoda gelip "ruh awlamaga" başlaýar. Ilkibaşda töwerek ümsümlik eken. Ýöne birnäçe gün geçensoñ, ruhlar ýene orta çykmaga başlaýar. Seh gyzyldörjük edilse-de tapylan zat bolmaýar. Hrapow zawodda ýeke aýlanmagy makuk bilýär. Ol aýlanyp ýörkä gijeki smenada işleýän bir işçiniñ dady-perýadyny eşitýär. Derhal ses gelen tarapa ylgaýar. Hrapow gözlerine ynanmaýar. Ol howada asyl-asyl bolup we añyrsy görnüp duran adam keşbini görýär. Ruh sehiñ içinde eýläk-beýläk uçansoñ, birden gaýyp bolýar. Hrapow gören zatlarynyñ täsirinden ýaña uzak wagtlap aýñalyp bilmändir. Her näme-de bolsa, oña bolan zatlar boýunça habarnama ýazmak gerekdi. Ýöne näme ýazmaly? Gizlin harby binada ruhlaryñ gaýmalaşýanynymy? Hrapowyñ başga alajy ýokdy. Şonuñ üçin ol gören zatlaryny bolşy ýaly ýazmagy makul bildi. Habarnamany okan ýolbaşçylar pikire batýarlar. Iñ ynamdar adamlaryna şübhelenmek üçin hiç hili esas ýokdy. Emma ruhlara ynanmagam olara gelişjek zat däldi. Çünki bolşewistik ideologiýada terbiýelenen adamlaryñ añyna çagalykdan ateistik düşünje guýlansoñ, birbada bular ýaly zada ynanmajagy her kese mälim bolsa gerek. Ahyrynda zawodda ýene barlag başlaýar. Emma barlag gutarman galýar. Sebäbi 1941-nji ýylyñ 22-nji iýunynda Faşistik Germaniýanyñ ähdiýalanlyk bilen SSSR-iñ üstüne çozmagy netijesinde Beýik Watançylyk urşy başlaýar. Göze görünmeýän ruhlary ýatdan çykarmagyñ wagty gelipdi. Zawod Moskwanyñ merkezi raýonlarynyñ birine göçürilýär. Iniñi üýşendiriji adatdan daşary hadysalar hem öz-özünden ýatyp galýar. Uruş gutaransoñ, 1946-njy ýylda zawod hem öñki binasyna dolanyp barýar. Häzirki wagtda bu zawodyñ binasynda Russiýanyñ uçar dwigatellerini öndürýän iñ uly "Салют" önümçilik kärhanasy işleýär. Geçen asyryñ 90-njy ýyllarynyñ başynda köne Semýonowskiý gonamçylygynyñ ýerleşýän ýerinde "Hristosyñ direlişi" buthanasy abatlanyp, Rus prawoslaw buthanasynyñ garamagyna berildi. "Her döwür - bir döwür" diýleni. Rus ýolbaşçylarynyñ gonamçylaga bolan garaýşy-da indi bütinleý başgaça. Moskwa şäheriniñ mejlisi bu ýerde ýatan esgerleri hatyralap "Watan goragçylary" memorial binasyny gurjakdygyny mälim etdi. Göze görünmeýän ruhlaryñ näme üçin orta çykandygy we soñra näme üçin ýitirim bolandyklary baradaky sowallara welin häzirem kesgitli jogap berip bilýän ýok. (dowamy bar)... # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||