11:33 Grek didaktiki poeziýasynyñ atasy: Gesiod | |
GREK DIDAKTIKI POEZIÝASYNYÑ ATASY
Edebiýaty öwreniş
▶ GESIOD ■ Gesiod kim? Görnükli grek şahyrlarynyñ biri-de Gesioddyr. Grek didaktiki poeziýasynyñ atasy hasap edilen Gesiod, megerem, Gomerden soñraky döwürde ýaşan bolmaly. Gomeriñ tipiki gahrymançylyk kyssalaryny we möhüm wakalary gürrüñ berýän epiki şygyrlaryndan tapawutlylykda, Gesiodyñ ahlak-didaktiki temada gürrüñ berýän hekaýatynyñ maksady okyja ahlak taýdan terbiýeleýji täsirleri bermek bolupdyr. Gesiod hem edil Gomer ýaly: şahyr hakynda anyk maglumatlar biziñ günlerimize gelip ýetmändir. Emma hernäme-de bolsa, alymlar onuñ ömri hakynda azajygam bolsa maglumatlary edindiler. Bu maglumatlaryñ köpüsi onuñ öz eserlerinden süzülip alyndy. Iñ hakykata ýakyn çaklama şahyryñ b.e.öñ 700-nji ýyllarda Orta Gresiýanyñ Askra obasynda doglanlygydyr. Goşgularyna üns berseñ, ýaşlygynda çopançylyk edendigini, kakasynyñ ölüminden soñra-da daýhançylyk bilen meşgullanandygyny bilse bolýar. Gesiod garypdygyna garamazdan sözüñ doly manysynda tipiki obaly daýhanyñ obrazyna girip bilmändir. Her niçik-de bolsa, kyn durmuşda ýaşan daýhanyñ dünýägaragşyna onuñ eserlerinde göz ýetirmek mümkin. ■ Gesiod we ylham perileri Ýaşlygyndan şygryýete gyzygan Gesiodyñ ýanyna günleriñ bir güni edebiýatyñ we sungatyñ zenan hudaýlary bolan "ylham perileri" gelip gidenmiş. Periler dumanyñ añyrsyndan çala görnüp duruşlaryna Gesioda hasa bilen şahyryñ labyzly sesini bagyş edipdirler. Olar beren sowgatlaryny hudaýlaryñ adyny şöhratlandyrmak üçin ulanmagy sargapdyrlar. Gesiod özüne aýdylany tüýs ýüregi bilen berjaý edipdir, gün yrman döredijilik duşuşyklaryna, edebi bäsleşiklere gatnapdyr. Ylham perileri bilen geçen syrly duşuşygyñ netijesinde meşhur "Hudaýlaryñ doguşy" (”Teogoni”), "Işler we günler" eserlerini we başga-da birnäçe goşgulary ýazypdyr. ■ Ylham perileri (muzalar) bolanda kim bolýar? "Ylham perileri" diýip hudaýlaryñ hudaýy Zewsiñ we hakydadyr ýatlamalaryñ zenan hudaýy Mnemosinäniñ dokuz gyzyna aýdylýar. Sungatyñ hudaýlary bolan "ylham perileri" döredijilik adamlaryna joşgun we progressiw güýç beripdirler. Ylham perileriniñ atlary we seredýän ugurlary boýunça şu aşakdakylardyr: 1. Kalliopa - epiki şygyr boýunça; 2. Klio - taryh boýunça; 3. Erato - liriki poeziýa boýunça; 4. Ewterpa - saz boýunça; 5. Melpomena - tragediýa žanry boýunça; 6. Poligimniýa - ritorika we oratorlyk sungaty boýunça; 7. Terpsihora - tans boýunça; 8. Taliýa - komediýa žanry boýunça; 9. Uraniýa - astronomiýa boýunça. Gesiodyñ ölümi baradaky maglumatlar hem anyk däl. Rowaýata görä, Gesiod syýahat edip ýörkä, özleri bilen bile ýola çykan maşgalanyñ ogly tarapyndan öldürlipdir we Lokrisde jaýlanypdyr. Başga bir rowaýatda onuñ ystyhanynyñ Orhomen şäherine äkidilendigi we ol ýerdäki bazaryñ ýerleşýän ýerinde şahyryñ hormatyna heýkel dikilendigi aýdylýar. ■ Döredijiligi Gomer ýaly Gesiod hem biziñ günlerimizde-de öwrenilýän we ürç edilip okalýan iki meşhur poemasyny ýazypdyr. Edebiýat taryhyny öwrenijiler onuñam edil Gomer ýaly eserlerini bir özi ýazdymy ýa-da şärikdeşlikde ýazypdyrmy diýen jedeliñ üstünde kelle döwýärler. Ýöne Gesiodyñ hakykatda ýaşap geçen adamdygyny, "Teogoni" bilen "Işler we günler" poemasynyñ agramly bölegini özüniñ ýazandygyny alymlaryñ aglaba bölegi ykrar edýär. Poemalaryñ diñe käbir bölümleriniñ başga awtorlar tarapyndan goşulandygy barada şübheler bar. ■ "Teogoni" Gesiod "Teogonide" hudaýlaryñ taryhyny beýan edip, ylham perileriniñ öñündäki borjuny "haklapdyr". Poemanyñ mazmuny ýaradylyşdan başlap hudaýlar we zenan hudaýlar barada gürrüñ berýän hekaýatlardan düzülipdir. "Teogoni" älemiñ, hudaýlaryñ we dünýäniñ düýp manysyny açyp görkezýär. ■ "Işler we günler" Jemi sekiz ýüz setirden ybarat "Işler we günler" poemasy şahyryñ erkek dogany Perses bilen aradan çykan kakasynyñ mal-mülküniñ üstündäki oñuşmazlykdan söz açýar. Poema iki doganyñ dawalaryndan düzülen fablar we mitler bilen doly. Eser zähmet çekmegiñ tutuş adamzadyñ takdyrynda bardygyny, ýöne bu takdyra boýun bolmak bilen birlikde ýadawsyz zähmet çekenleriñ rowaçlyk gazanyp biljekdigini magtaýar. Poemada beýan edilen hekaýatlarda ýaltalyk, adalatsyzlyk, galphorlyk, kezzapçylyk, süýthorçylyk ýaly pis pişeler ýazgarylyp, halal zähmetiñ, dogruçyllygyñ gymmaty öñe çykarylýar. Gesiod hemme gowy zatlaryñ sakasynyñ zähmetdigini, hudaýlaryñam, adamlaryñam ýaltalygy ýigrenýändigini öñe sürýär. "Işler we günlerde" adamzadyñ taryhy Gesiodyñ düşündirişi boýunça "Adamzadyñ bäş eýýamyna" bölünýär. Iñ uzak eýýam bolan "Altyn eýýam" - adamlaryñ hudaýlar bilen bile ýaşan döwrüdir. "Kümüş eýýamda" - çagalyk 100 ýyl dowam edipdir, ýöne kämillik ýaşy gysga we çaknyşyklardan doly bolupdyr, "Bürünç eýýamy" agyr söweşlerden doly döwür. "Gahrymançylyk eýýamynda" orta çykan gahrymanlar saýasynda ýaşaýyş biraz durnukly ýagdaýa gelipdir. Emma bu döwürem tamamlanyp, gahrymanlar ärdemli ruhlaryñ ebedilik dynç alýan ýeri bolan Eliziý öleñligine gidipdirler. Gesiod öz ýaşan döwrüne "Demir eýýamy" diýip at beripdjr. Şahyr bu eýýamy agyr işleriñ we horlugyñ döwri hasaplapdyr. Dr. Nancy CONNER. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||