01:47 Tragediýanyñ atasy: Eshil | |
TRAGEDIÝANYÑ ATASY:
Teatr we kino sungaty
▶ ESHIL B.e.öñki V asyr teatrda edebiýatyñ mifiki eýýamyndan soñky iñ gülläp ösen döwrüdir. Bu döwürde gadymy grek dramaturglarynyñ üçüsi tragediýa žanrynda ýazan pýesalary bilen meşhurlyk gazanypdyr. Hut şol üç dramaturgyñ hem içinde hem togsandan gowrak pýesa ýazyp "tragediýanyñ atasy" diýen ady alan Eshildir. Taryhçylar Eshil hakynda kän zat bilýärler. Ol takmyman b.e.öñki 525-nji ýyllarda Afiny şäheriniñ golaýynda ýaşaýan aristokrat maşgalada dünýä inýär. Gelejekki meşhur dramaturg perslere garşy bolan urşa-da gatnaşypdyr. Grekleriñ şerap hudaýy Dionisiñ hormatyna gurnalýan festiwallaryñ çäginde Dionisiýa baýramçylygyna birnäçe gezek gatnaşypdyr. Festiwala gatnaşýan her ýazyjydan üç tragediýa we bir satiriki oýun (serhoşlyk, porno we ýañsylaýjy dialoglary bolan gysga sahnalar, intermediýalar) talap edilipdir. Eshil bu bäsleşige b.e.öñ 499-njy ýylda ilkinji gezek gatnaşypdyr, b.e.öñki 484-nji ýylda bolsa ýaryşyñ baş baýragyna mynasyp bolupdyr. Şol ýyldan soñ Eshil gatnaşan ýaryşlarynyñ hemmesinde birinjiligi elden bermändir (diñe bir gezek öz şägirdi Sofokla ýeñilmesinden başga). Eshil takmynan b.e.öñ 455-nji ýyllarda altmyş dokuz ýaşynda Sisiliýanyñ Gela şäherinde aradan çykypdyr. Onuñ ölüm sebäbi belli dälem bolsa, bir rowaýata görä (muny satirik ýazyjylaryñ biriniñ toslap tapandygy çaklanylýar) uçup barýan bürgütiñ agzyndan gaçan pyşbaga Eshiliñ kel kellesiniñ üstünden düşüpdir we bulam onuñ ölmegine sebäp bolupdyr. Eshili soñky ýoluna ugratmaga tutuş halk gatnaşypdyr. ■ Pýesalary Eshil ýaşan döwründe jemi togsan dokuz pýesa ýazypdyr. Olaryñ segsene golaýy biziñ günlerimize bitewi ýa-da bölekleýin görnüşde gelip ýetipdir. Onuñ dolulygyna biziñ günlerimize gelip ýeten ýedi pýesasy bar, şol ýedi pýesasyñ ýedisi-de tragediýa žanrynda: "Persler", "Ýediler Fiwä garşy", "Ýalbaryp-ýakaryjylar", "Zynjyrlanan Prometeý", "Agamemnon", "Hudaýýoly berijiler", "Eumenidler" (soñky üçüsi meşhur "Oresteý" trilogiýasyny emele getirýär). Adalat - bu tragediýalaryñ baş temasydyr. Eshiliñ pikiriçe hudaýlar wagtal-wagtal başy ölümlileriñ (adamlaryñ) has gowy ýaşamaga bolan ymtylmalaryny hetden aşma hasaplapdyrlar we mundan ynjalyksyzlanypdyrlar. Hudawy barlyklaryñ adalaty dowam etdirme usuly adamlary öz hetden aşmalary sebäpli betbagtçylyga iterjek şekilde aldamak bolupdyr. Adalatsyz adamlar hemişe diýen ýaly şobada jezalandyrylmanfyr. Käte onuñ jezasyny nesilleri çekipdir. Adalatyñ hudaýy Zewsiñ obrazy Eshiliñ eserleriniñ baş gahrymanydyr. Eshil grek medeniýetine-de mahsus bolşy ýaly, ar almagy adalatyñ iñ makul ýoly hasaplapdyr. Mysal üçin, "Oresteý" trilogiýasyndaky pýesalarda gahar-gazap we ar alma prinsipine esaslanýan - diñe zenan hudaý Afiny ara girende hem-de köne nysak bolan hun dawasynyñ ýerine kazyýet sistemasyna esaslanan täze düzgün gelende bozulmaga başlaýan sebäp-netije baglanşygy bar. Bu pýesalarda hudaýlar adamlaryñ özara gatnaşyklaryna goşulşyp durýar. Umuman aýdanda, Eshiliñ eserleri klassyky mifologiýanyñ biziñ günlerimize çenli gelip ýeten iñ baý çeşmeleridir. Dr. Nancy CONNER. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |