08:55 Gulamparazlyk oglanbazlygy añladýar | |
GULAMPARAZLYK OGLANBAZLYGY AÑLADÝAR
Geň-taňsy wakalar
• "Ýöre, serwi boýly söýgülim, Sa:dabada gideli!" Gulamparazlyk - jynsy meýliñ erkek çaga ýa-da ýaşlara gönükmegi, anal sekse bolan jynsy isleg, erkek bilen erkegiñ arasyndaky jynsy gatnaşyk ýa-da geýleriñ ýakyn gatnaşygy - ýagny, osmanlyda erkekleriñ ýa-da gomoseksualist erkekleriñ öz jynsyndan bolanlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagyna aýdylypdyr. Osmanly imperiýasynda gomoseksualizm, oglanbazlyk imperiýanyñ çäklerinde ýaşaýan gomoseksual raýatlaryñ ýaşaýyş-durmuş formasy bolupdyr. Osmanlyda artbujagyndan gün görýän gomoseksualistlere "hyz oglany" ("hîz oğlanı") diýlipdir we bu "hyzlar" döwlet tarapyndan ýörite hasaba alnypdyr. Güzeranyny şu iş bilen dolaýan erkekler "Hyzan depderine" ("Defter-i hîzán") bellenipdir. Osmanly goşunynda gomoseksualistler ýanyçarlara hyzmat edýän "jiwelek" hökmünde tanalypdyr, uruşlarda ýanyçarlaryñ jynsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin jiwelekler batalýony döredilipdir. Jiwelek batalýonyndaky esgerleriñ her birine bir ýanyçar eýelik edipdir. Orhan Gazynyñ döwründe (1326-1359) osmanlylara ýesir düşen Wizantiýanyñ Selanikdäki baş ýepiskopy Gregoriý Palamas ýatlamalarynda osmanlyda azgynlygyñ çakdanaşa ýaýrandygyny, hususanam hristian ýesirlere garşy gönükdirilen jynsy zorlamalaryñ köpdügini ýazýar. Oglanbazlygyñ Soltan Baýezit I döwründe başlandygyny öñe sürýän çeşmeler günäni Baýezidiñ aýallaryndan asly serbiýaly Oliwera Despinanyñ üstüne atýarlar. Oliwera Despina äri üçin tapan hristian ýigdekçeleri bilen gomoseksualizmiñ osmanlyda düzgüne girmegini we köşkdäki "içoglanlaryñ" özeniniñ şol ýigdekçelerden düzülmegini gurnapdyr... Selim II, Myrat III, Mämmet III döwürleriniñ taryhçysy, diwan kätibi, häkimi Geliboluly Mustapa Aly zamanasynyñ gomoseksualizme bolan garaýşyny iñ gowy açyp görkezýän eserlerinden "Mewâidün Nefais fi Kawaidil-Mejalis’i" eserini ýazypdyr. Geliboluly Mustapa Aly eseriniñ dürli bölümlerinde osmanly welaýatlarynda ýaşaýan dürli halklardan we etniki toparlardan bolan ýigitleri hakda gysgaça maglumatlary berýär: “Tüýsüzler soýundan (neberesinden) namart lukmasy bolanlaryñ köpüsi Arabystan piçleri (çöpdüýbileri) we Anadoly türkleriniñ welezzynalarydyr, olaryñ sürdügi gözellik we jazibe (очарование, özüne çekijilik) süresini (wagtyny) hiç bir diýaryñ tüýsüzleri sürmez”. Ýene bir ýerde: “Edirnäniñ, Bursanyñ, Stambulyñ inçe billileri her babatda kem-kössüz we olardan gowy" diýýär. Agzalan kitapdan ýene bir mysal: "Kürt tüýsüzlerinde eneden dogma ewbaşlaryñ (azgyn, terbiýesiz) tejribesine görä sagdyn, ýumşak, uýgun we näme isleseñ edip duranlary köp bolýar. Özem billerinden aşagyny hyna bilen boýaýarlar, dyzlaryna ýetýänçä boýap özlerini bezeýärler." Taryhçylaryñ "Läle döwri" diýip at beren Ahmet III döwrüniñ meşhur şahyry Nedimiñ şu beýtini okalyñ: "Idin alyp juma namazyna eneñden, Bir günün ogurlaly çarhypelekden. Bir buljum ýere gideli, gizlin ýollardan Gideli, serwi rowanym, ýöre Sadabada". ("İzn alub cum'a nemâzına deyû mâderden Bir gün uğrılayalım çerh-i sitem-perverden Dolaşub iskeleye doğrı nihân yollardan Gidelim serv-i revânım yürü Sad'âbâde.") Men muny osmanly fanatikleri üçin ýazdym. Juma namazyna aýal-gyzlar bilen gitmändirler-ä. Hem rugsat alyp, hem gizlin ýoldan bir buljum ýere gidiberýän ekenler. Eýse nämüçin? Masgara bolmak üçin "Ensar Vakfı"-ynda bolmagyñ geregi ýokdy. Sadabada gitseñ, yns-jynsyñ biljek gümany ýok. Mehmet ERDÜL. 07.01.2019 ý. E-posta : mehmeterdul@karsiyakahaber.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |