14:08 Gülnabat Begenjowanyň şygyrlary | |
• Watana Asmandaky gülýakaňa — Güneşe temençäň bolsam. Dutaryňa kiriş bolup, Gyjagňa kemençäň bolsam. Gelsin duçar bolan hilä, Unutdyryn öýke-kinäň, Meni gören gider giňäp, Sähra deý seleňjäň bolsam. Iş bolmasa joşdan gaýry, Biziň üçin orny aýry, Ýüzer mende ylham gaýgy, Jeýhun deý tereňjäň bolsam. Zynat däl meniň geregim, Neýläýin tawus ýelegin, Baglaňda konsert bereýin, Şadyýanja serçäň bolsam. Epip kalpda dyzjagazym, Goýsadym öz yzjagazym, Goşgy ýazýan gyzjagazyň, Gülnabat Begenjowaň bolsam. • Ýollaryňam öz synagy bar, eje! «Herne balam ykbalyňa ýazylan, Seni ynjytmasyn, aglatmasyn, goý» Bu dilegiň hasyl bolsun, eje jan, Ene ýüregiňi daglatmasyn, goý. Arzuwlaryň möwç alşyna bakanok, Bar durmuşyň öz kesirje talaby. Käte kakamyzdan öýkeläp bilýäs, Bu biz gyzlaň iň gylyksyz tarapy. Wah, seň gyzyň näzik ýüregi bilen Onça-munça bolup biler, eje jan. Barybirem aglaýan-la dogramda, Ol sogança bolup biler, eje jan. Gaýta seňem gyzyň durman eljiräp, Bu ýollaryň kösençdigin bilsin, goý. Ýöne... käte agladanda, Aljyrap, Göýä akja guşa ýersiz-ýerine, Käýýän ýaly köşeşdirip bilsin, goý. Käbäm ýaly köşeşdirip bilsin, goý. • Tigirlenýän ykballar Ikiýana at salýarsyň, Aý, oglan teneçir ýaly. Ýeller bilen bäsleşýäňmi? Tizligiň deňeçer ýaly. Tigirlesem tegegimi, Ozar ýöne tigiriňi. Sen beýdip ýylgyran bolma, Göge tutup temegiňi. Tegegim sapak çöşlese, Geler tigriň ýol sökesi. Tekersizem ýöräpdir-le, Akpamyjagyň kökesi. ...Ýolda tigriň säginenmiş, Ýel berýänsiň-dä galpyldap, Meň tegegim togtan bolsa, Nagyş bitendir ýalpyldap. Elwan-elwan dükjelerden Hatar-hatardyr çekerim. Men sapagmy çalyşýaryn, A sen çalyşýaň tekeriň. Iki sany işeňňiriň, Tomaşa etdik aryşyna. Tamam boldy berlen wagt, «Welosport» ýaryşyna. Guşlar sowgat taýýarlapdyr, Aýdymlary bilen saýrak. Tigriňe höweslendirji, Tegegme bolsa Baş baýrak! • Il näme diýýär?! Sülmüräp seýkin basamda, Wah, maňa «Haýal» diýýärler. Äleme agras bakamda, «Gedemdir, waý, ol» diýýärler. Gijä galamda öwmeli, Käýemek üçin saklaman. Goşgy ýazdym men uklaman, Wah, olar muny çaklaman «Irräjik oýan» diýýärler. Aýdyp päklikde gardygmy, Bagtyň hem maňa zardygny, Haý-haý, bilmän seň bardygňy, Söýül hem aýal diýýärler. Men-ä näme diýselerem, Kä birneme döwselerem, Öwgi diýip hasaplaýan, Söýgi diýip hasaplaýan. Tanamasalaram oňly, Saýmaýanlarna ýedi ýat, Edil ýakynlary ýaly, Duýýanlarna, Diýýänlerne şeýle bir şat. Bu durmuşda esasy zat: «Goýal!» diýmeseler bolýar. «Uýal!» diýmeseler bolýar. • Işe eltýän ýodada Tozgalap gar ýagýar şäher etegne, Akja übtüjikler ýere düşýärler. Tormoz berýär ulag, onsoň men düşýän, Esgerler dykgatly seredişýärler. Ýaşyl derwezeden ätleýän welin, Göýä aýralygyň bulduny böwsüp, Meň gelerme garaşan deý ömürboý, Bir pişijik gelýär aňyrdan towsup. Göýä ertekiden çykan ýaly ol, Pyrlanýar begenip daşjagazymdan. Waý-waý, munuň myhmansöýerjedigni, Aýagyma goýdy başjagazynam. –– Sizi juda gowy gördi, gözel gyz, Derwezäň agzynda ýylgyrýar seržant. Olam meniň ýüregimi gazandy, Oňup bilmen indi görmesem her wagt. –– Gowusy ol meniň bilen ýaşasyn, Beräýiň-dä maňa garagoljygy. –– Wah, janymam biýrdim, ýöne ony däl, Men bu ýerniň ýöne garawuljygy. –– Şeýdip bir bahana tapyp, ýaş ýigit, Gysgansaňyzam siz pişigiňizi, Rugsat beriň käte oňa bermäge, Öz ellerim bilen bişirenimi. Ýoldaş seržant, bar zat seniň eliňde, Gelýän-gidýän hasabatyn ýetirýäň. «Kim ol?» diýip sorasa, aýt serkerdä, «Akpamyk jorasna köke getirýär». • Ýeri, bolýar, bagyşlaýan... Ýeri, bolýar, bagyşlaýan, Diňe kempudyňyz, çemenňiz üçin däl, Gelenňiz üçin! «Bagyşlaň, jigim jan!» diýip, Tekepbirligňizi ýeňenňiz üçin. Ýogsam hälem otyrdym men şumjaryp, Ýüregime salyp gezdim şunça gün. Ah, ýöne, Nämä gerek munça süýji, munça gül, Ady şoňa gabat gyza, Gül hemem nabat gyza. | |
|
√ "Göwnüňiz çökdümi eselersiňiz..." / Goşgular - 07.12.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |