22:09 Tötänlik | |
TÖTÄNLIK
Goşgular
"Bir kiçijik, bir gowuja, Tüýs meniñ diýýänim şo. Bugdaý reñkli bar goýuja, Dost, meñ juda söýýänim şo. Ýylgyrşy bar melek ýaly, Bu gyzlardan başga-la ol. Oýlanmazdan, sypdyrmanjyk Edinmeli maşgala ol. Oña naçar diýmersiñ sen, Mydam ejize howandar. Özi menden bir ýaş uly, Wah, maña ýaşam owarram. Tüýs özüne gelşip duran, Bir oñatja a:dam barda. Ýöne onuñ maña birje Ýaramaýan zadam bar-da. Diñe söýgi hakda ýazýar, Geçirdimikä başyndan?! Goşgusynda söýýäni kän, Asylly ýal:a daşyndan. Herne ýaman söz diýlenok, Bir "kejir" diýdi özgeler. Aý, hiç-le, gör-de duruber, Ol meni söýüp özgerer. Özi meni hassa eden, Görsem dertden gutulýan men. Ýöne hiç zat diýip bilmän, Birden dilim tutulýar meñ. Tapar ýaly ýol kalbyna, Biz duzajyk guruş, dostum! Özi geljekki gelnejeñi? Gaýrat etde, yryş, dostum! Şatlygy bolar kalbymyñ, "Dünýäm sensiz solýa" diýse. Ol gyz juda bagtly gyz, Eger maña "bolýa" diýse. Ähli zat bolsa ugruna, Oñ bilen durmuş guraryn..." ...Sen men hakda sözleýärmiñ, Görmän, meñ eşdip duranym?! Gülnabat BEGENJOWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |