GULÝA AMANOWNA
Il içinde onuň ýörgünli ady Gulýa Amanowna. Familiýasy Hallyýewa. Men oňa öňem birnäçe gezek gabat gelipdim. Soňky gezek alty‑ýedi ýyl mundan öň ömrüni ýolbaşçy wezipelerde işläp geçirensoňam ellinji ýyllaryň ahyrynda, men diýen wagty – kyrk sekiz ýaşynda nähak töhmet bilen gyrakladylan ýaşuly obadaşymyz Öwez Orazow aradan çykanda, onuň pata ýerinde görüpdim. (Ýatan ýeri ýagty bolsun, soň pahyr özi bilen baglanyşykly bu adalatsyzlyklara çydaman ýüregi dört ýola çat açypdy. Şonda-da ol ruhdan düşmändi). Şonda meniň ýanymda, mesaýy gürrüň edip oturan ýaşuly (obadaşymyzyň köne deň-duş ýoldaşy) şol aýala garap: «türkmen gyzlarynyň arasynda ilkinji wraçlaryň biri» diýdi.
Şo wagt ýaşulyň gürrüňine «Hä, hawa» berenem bolsam, dert- aladam ýetik bolansoň, o hakda žurnalistlik edähedime eýerip, içgin- içgin soraşmandym.
Hawa, ondan bäri, ýaňy aýdyşym ýaly, tegelek ýedi ýyl geçipdir. Golaýda bolsa, birden şo waka ýadyma düşdi-de, «Gulýa Amanowna bilen söhbetdeş bolnaýsa-da kem bolmazdy» diýen pikir döredi.
Ýaşy segsenden agan bu mähriban zenany öýünden birbada tapaýmak aňsat bolmady. Şenbe güni bolansoň, «öýündedir-le» diýip, jaň etsem, trubkany göteren gelni «Edil şumat yzyndan gelip, Köşä äkitdiler. Bir çagajyk agyr halda ýatyr» diýdi. Soň ertesi jaň etsem, «Pata ýerine gitdi» diýdi. Soň ertesi jaň etsem, «Pata ýerine gitdi» diýdiler.
Ine-de biz bu gün Gulýa Amanowna bilen meniň iş kabinetimde söhbetdeş bolup otyrys.
Heniz ýaşajyk gyzka, 1929-njy ýylda ony kakasy Akmyrat aga Amanow Tejenden Aşgabada getirip, Ene Kulyýewanyň adyny göterýän gyzlar internadyna ýerleşdirip gidýär. Bu ýerde esasan ýetim gyzlary okadýardylar. Terbiýe berýärdiler. Ýogsam ol ýetimem däl eken. Kakasy bu ýerde gyzlara gowy tälim berilýändigine göz ýetirensoň, gyzyny Aşgabada getirýär.
– Meň hakyky adym Enegül. Ýöne kakam hemme zadyň maýasy bolsun Maýa gyzym diýýärdi. Internadyň direktory Antonina Iwanowna Berdiýewanyň nurana keşbi bu wagtam gözümiň öňünde. Biziň bilen türkmençe gepleşýärdi. Terbiýeçimiz Nina Prohorowna Kowalçuk bardy. Bize geýim tikmäni, biçmäni öwrederdi. Mugallymlarymyza «Gülsün apa, Kamar apa» diýip ýüzlenerdik. Şemse apa bize nahar bişirmäni, stol bezemäni öwrederdi pahyr...
1931-nji ýylda Aşgabatda medinstitut açylýar. O wagtlar bu okuw jaýyna giren türkmen gyzlary hakda-ha gürrüňem ýok, türkmen oglanlaram gaty azdy. Saçly Dursunowa bilen Gulýa Amanowna medinstituta okuwa girýärler.
– Biz Saçly bilen bir kursda, bir gruppada okadyk. Bizden öň instituta giren Ene Kulyýewanyň gyzy Ýazgül. Ýöne ol soň TK(b) MK-nyň sekretary Anna Muhammedowa durmuşa çykdy. Moskwada okady. Soň bärik gelip bu ýerde okuwyny dowam etdirdi. Ýöne ol bizden soň gutardy.
Ilki men medinstitutyň ýanynda açylan medrabfakda, Saçlam medtehnikumda okap, ony 1936-njy ýylda gutardyk. Şo ýylam bizi medinstitutyň birinji kursuna aldylar...
Birinji kursy gutaransoň ony Halaja, Kerkä, Kerkiçä, Pelwerde iberýärler. Bu ýerlerde köpçülikleýin gyzdyrma keseli ýaýrapdy.
Gulýa Amanowna şo döwürde başyny etegine salyp, köp horluklara duçar bolandyklaryny ýatlaýar. Öýin-öýin aýlanýar. Sypalyň daşyna-içine ýukajyk palçyk çalnan öýlerde ýaşar ýaly hiç hili oňly şertler ýokdy. Içerik dagy girseň, gyzdyryp, derläp ýatan bendeleriň ysyndan durar ýaly däldi. Şonda-da bularyň ellerinden gan alyp, derman berip, ertirden-agşama çenli aýlanylýardy.
– Biz ikidik. Ýanymda Nikolaý atly bile bir kursda okaýan rus oglany bilen öýme-öý aýlanýardyk. Häzir ol Soçide ýaşaýar. Özümizem Halaçda feldşer bolup işleýän Derbenýowyň öýünde ýaşaýardyk. Şonda türkmen gyzy bilen ors oglanynyň bile işläp ýörenlerine «namys eden» ýek-tük adam biziň kasdymyza-da çykan ekeni. Ýöne bizi şonda obaň ýaşuly adamlary goradylar.
Ol instituty kyrk birde tamamladym.
Ine, indem ol ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ynsan saglygynyň goragynda birkemsiz gulluk edýär. Ol esasan çaga kesellerini bejerýär. Keselli çagalara, hatda kämahal bejerip bolmasy agyr çagalara-da uzak ömür berdi. Beýnisi inçekesel bolup kesellän çagalaryň gör, niçemesine gürrüňini edýän lukmanymyz ömür paýlady. Bir şunuňözem Gulýa Amanownanyň edermen we merdana zenandygynyň şaýady dälmi näme?!
Gulýa Amanowna ýüregi gaty ýuka diýilýän adamlardan. Uruş ýyllary, Aşgabat ýer titremesi döwründe onuň janyny halas eden çagalary barmak basyp sanardan köp.
– Ýer titrän agşamsy men bölümde nobatçylyk etmelidim. Emma ejem ýaramansoň, rugsat alyp Tejene gitmeli boldum. Elbetde, ýer titrän gijesi bölümde ýatan çagalaryň birem diri galmandyr. Ählisi kesegiň aşagynda galypdyr. Biz şo günler birinji parkda işlemeli bolupdyk. (Oňa şo günleri ýatlamak agyr bolara çemeli, her näçe mertlik etjek bolsa-da damagy dolup, gözi ýaşdan doldy).
Meniň şu ýerde ýedi ýyl mundan öň Oraz Orazowiçiň pata ýerinde beren gürrüňi hakydama geldi: ol Moskwada okaýan ekeni. Ýer titrände onuň iki çagasy kesegiň aşagynda galypdyr. Aýaly bolsa nätjegini bilmän, çagalaryny kesegiň aşagyndan çykaryp, ýüzlerine seredip oturypdyr. Şo wagt olary jaýlamaga Gulýa Amanowna kömek edipdir.
Men bu wakany Gulýa Amanowna ýatlatdym.
– Ýer titrän günleri her kim biri-birini gözleýär-dä. Tanyş-biliş bolansoň, gözläp barsam, Marina oturan eken. Çagasynyň ikisem ýogalypdyr. Ýanynda bolup, jaýlaşdym. Oňa deňiç Oraz Orazowiçem Moskwadan geldi.
Meniň Apaly diýen doganym bardy. Olam şo wagt Moskwada. Olam meni gaýgy edýär. Çagalaň enesem, atasam men-dä. Bärik gaýtjak bolýar weli, bilet ýok. Aýeroportda Oraz Orazowiçe sataşýar. Oňa ýagdaýyny aýdýar. Eýläk-beýläk ylgasalaram bilet alyp bilenoklar. Garaz, samolýota münmeli bolanda Oraz Orazowiç iki adamyň arasyna salyp, bildirtmän diýen ýaly doganymy Aşgabada getirýär. (Men onuň gürrüňiniň arasyny bölüp: «Siz Aşgabatda onuň maşgalasyna kömek edipsiňiz, olam şo wagt Moskwada siziň doganyňyza hemaýat edipdir-dä?» diýip, geň galyjylyk bilen soraýaryn).
– Hawa, hawa. Häzire çenlem şo wakany ýatlaýarys. Samolýota münenlerinde-hä, mysal üçin, kyrk bolýar, düşenlerinde sananlarynda weli, kyrk bir bolýar diýýär. Stýuardessa gyzlar geň galýar diýýär.
Kakam pahyr, kyrk bäş ýaşynda, kyrk ikinji ýylda ýogaldy. Dokuz çagany goýup gitdi. Ýaňky aýdyşym ýaly, men olara hem eneboldum, hem ata. Pahyr şo çagalarynam az görüp, bir tatar çagasynam ogullyga aldy. Menden ulusy. Abdylla diýýär adyna.
Okuwy kyrk birinji ýylda gutaranymdan soň meni Halk Komissarlar Sowetiniň apparatyna referentlige işe aldylar.
Kakamyň aýal dogany Köşüde ýaşaýardy. Olam kakam ýogalandan soň uzak wagt geçmänkä ilki özi, soňam adamsy aradan çykdy. Yzlarynda iki çagasy galdy. Şonda men heniz gyz halyma ýetimleri öz çagam edip pasportyma geçirdim. Gyzkam hem oglum, hem gyzym bardy (ýylgyrýar). Deň-duşlar pasportymy görüp, «Seni hiç kim alasy ýok indi» diýip degişýärdiler. Şoňa-da düşünmändirin şo wagtlar (gülýär). Olaram indi tüweleme ogully-gyzly, agtykly. Gyzym Tejende, oglum Annameret Aşgabatda.
Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Aýtbaý Hudaýbergenow bir gezek meniň ýanymda öz ýanyna Saglygy saklaýyş halk komissaryny, ady şumat ýadyma düşenok, çagyrdy. HKS-niň başlygy halk komissaryndan:
– Instituty näçe sany türkmen gyzy tamamlady? – diýip sorady. Halk komissary jogap berip bilenok-da.
– Onda sen halk komissary bolup işlemelem däl. Instituty iki sany türkmen gyzy gutarypdyr. Şolaram bileňok.
Saçly Dursunownany instituty gutarandan soň raýona işe iberipdiler. Ol şo ýerden fronta gitdi. Menem HKS-de referant bolup işleýärdim.
Biz Saçly bilen ýumruk ýalylygymyzdan bile bolduk. Ikimiz dogan okaşdyk. Kakam ony gowy görýärdi. Her gezek yzymyzdan geler durardy. Soň kakam ony gyzlyga aldy. Kakam pahyr haly ugrundan işleýärdi. Ol hakda Berdi Kerbabaýewiň kitabynda bar. Ony otuz ýedinji ýylda köp horladylar. Partiýa hataryndan çykardylar. Ýadyma düşýär, gije ýatan wagty hemmeje zady ýassygynyň aşagyndady. «Oglum, birden geläýseler, gidäýsem, sen çagalaň ulusy, olara göz-gulak bolmalysyň» diýerdi. Ony basyb-a bilmediler. Ýöne essini aýyrdylar-da. Soň beýnisinde çiş döredi. Şondanam öldi.
Ejemiň kakasyna Şamyrat molla diýerdiler. Ady belli adamdy. Onuň Hally dilmaç, Han diýip ogullary bardy. Hally daýym hakda «Aýgytly ädimde-de» bar. Han daýym bolsa Tejende ilkinji kolhoz başlyklarynyň biri bolan adam. Hally daýym rus, iňlis diline gatysuwarady. Iki daýymam otuz ýedide basyldy. Hiç hili habar-hatyr bolmady. Men olary çalaja bilýän.
Kakamyň doganyna Hally diýer ekenler. Daşkentde, Orta Aziýa döwlet uniwersitetinde okapdyr. Türkmenleriň arasynda ilkinji biolog. Frontda söweşýär. Ýeňşe dört-bäş gün galanda Berliniň eteklerinde wepat bolupdyr. Ýaş oglan, öýlenmändem…
Gulýa Amanowna Hallyýewa kyrk birden kyrk dörde çenli HKS-de referent bolup işleýär. Belki-de, ol türkmen hökümetiniň apparatynda işlän türkmen zenanlarynyň arasynda ilkinji bolandyr. Soň medinstitutda mugallym bolup işleýär. Altmyş birde ony saglygy saklaýyş ministriň orunbasarlygyna belleýärler. Altmyş bäşe çenli şo wezipede işleýär. Soň ýene-de öňki işlän çagalar klinikasyna dolanyp gelýär.
Gulýa Amanowna özi aýtmasa-da, onuň ministriň orunbasary wezipesinden nähak boşadylandygyny maňa gürrüň beripdiler. Bu şeýle bolupdyr: Goşa atly doganyny bahanalap (ýatan ýeri ýagty bolsun, pahyryň eden bir uly etmişem ýokdy. Ozal gatnaşyk edip ýören ýoldaşy bilen sene-mene edişipdir. Milisiýa gelip, düýbünde zat bolmansoň, işi ýapýar. Ýöne şo wagt olaryň dogany Gurban Akmyradowyň uly wezipä geçjek gürrüňi bar eken. Mundan onuň garşydaşlary peýdalanyp, işi ulaldyberýärler), Gulýa Amanownanyň işine TKP MK-nyň býurosynda garaýarlar. Býuroda ony işden boşatmaly edýärler. Dogany Gurban Akmyradowam býuroda otyr eken. Özem MK-nyň bölüm müdiri, deputat.
Ertesi men birinjiň ýanyna girdim. «Iller öz oglunyň eden etmişine jogap bermeli?» diýdim. Geldi gahary. Ýerinden zöwwe galdy. Men näbileýin onuň oglunyň şo wagt jenaýat edenini.
Doganym Gurban şo wakadan soň uzak işlemedi. Ol adalatly, arassa adamdy. Ony işden gidermediler. Özi arzasyny berdi…
Gulýa Amanowna hemişe idelýän lukman. Näsag çagalar ony «Gulýa Amanowna gelýär!» diýip, şatlyk bilen garşylaýarlar. Ýaşy birçene baran bu mähriban aýal ýaramasa-da işleýär. Ony işledýän ýekeje zat, olam näsag çagalaryň haraý isläp, naýynjar bakyşlary. Ony işledýän şo zat. Eger oňa «Işleme. Öýde oturyber» diýseler, onda onuň halynyň gün-günden teň boljakdygy hak.Ol nirä barsa barsyn, Bäherdene, Garrygala, Gökdepä… barsyn, tapawudy ýok, hemme ýerde ony arzylaýarlar. Arzyly törden ýer berýärler. Belki-de, adam üçin şondan uly dereje, şundan uly at ýok bolsa gerek.
Men hakyky lukman hakdaky ýazgymy soňlap, «Ýadymdan çykan zat barmyka?» diýip, öz-özüme sowal berdim. «Şunça ýyllap medisinada birkemsiz işlän adamyň, özem türkmen aýallarynyň arasynda ilkinji lukmanlaryň biriniň, halypanyň, mugallymyň sylag- serpaýlarynam agzaýsam bolman durmazdy» diýip pikir öwürdim. Bu hakda onuň özem dil ýarmansoň, menem soramamsoň, oňa jaň edip soramagy makul bildim. Ýöne oňa hiç hili adyň berilmändigini bilip gynandym. Bu ýaşdan soň at-pat diýilýän zat gerekse-de gerek däldir- le welin, ýöne belli bir iş bitirensoň, onda-munda adyň tutulaýsa-da kem däl ahbetin!
1993 ý.
Zenan şahsyýetler