01:48 Gündeligimde galanlar -2: Nohur halk döredijiliginden nusgalar | |
NOHUR HALK DÖREDIJILIGINDEN NUSGALAR
Ýatlamalar
1. 1966-njy ýylda men Sumbar jülgesinde ýerleşýän Könekesir obasyndaky orta mekdebi tamamlap, Maksim Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly) türkmen döwlet uniwersitetine OKUWA GIRDIM. ONY 1971-NJI ÝYLDA TAMAMLADYM. okan döwrüm nohur halk döredijiligi bilen gyzyklanyp, her kanikulda oba baranymda ýaşulular bilen söhbetdeş bolýardym. Toplanlarymyň içinden nusgalyk diýip şulary hödürleýärin: • «BALAM SENI BIR ALLAÝA TABŞYRDYM...» Köçeden geçende köçäniň güli, Oglanlar içiniň güli, bilbili. Bar oglanlardan şirindir dili, Balam seni bir Allaýa tabşyrdym. Aýagynda bardyr gara ädigi. Dilindedir tamdyrasy, tüýdügi, Gana dönsün duşmanlaryň baýdagy, Balam seni bir Allaýa tabşyrdym. Moskwa gideý diýsem, ýoly daş, Özüme tapmadym dogan-garyndaş. Gidip görsem uzyn boýly, galam gaş, Balam seni bir Allaýa tabşyrdym. Urşuň ýollary ýolmuş ýolakmyş, Üstümizde duran çarhy-pelekmiş. Allaýar jan enesine gerekmiş, Balam seni bir Allaýa tabşyrdym. Köçeden geçeňde boýnuňy burma, Egniňde daraýy, ýakaňda düwme. Dostuň köpdür, duşmanyňy güldürme, Balam seni bir Allaýa tabşyrdym. Goşgyny Könekesir obasynda ýaşaýan enem Nowbahar Aşyr gyzynyň dilinden 1971-nji ýylyň 15-nji martynda ýazyp alypdyryn. Enemiň 1943-nji ýylyň fewralynda 17 ýaşap-ýaşamanka fronta ugradan ogly Allaýary ýatlap, bu goşgyny döredipdir. Urşa gidende, ol obadaky mekdepde mugallymçylyk edýär eken. Ol frontdan dolanmady. Söweş meýdanynda galdy. Onuň jaýlanan, wepat bolan ýeri Balkan oblastyna bagyşlanan «Hatyra» atly kitabynda bar. Enem Nowbahar 1979-njy ýylyň 27-nji iýunynda 72 ýaşynda ýogaldy. Ol Goçmyrat ahunyň uly gardaşy Molla Ysmaýyl ahynyň agtygydy. • «AÝRYLANAM GOWUŞARMY, HUDAÝYM?»... Daglaryň ýüzüni bulut alypdyr, Meniň balam gam-gussaýa galypdyr, Idäýin diýsem, ýat obada galypdyr, Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym? Iki çaga sebäp boldy janyma. Garyndaş-doganlar gelmez ýanyma, Zalymlar men suwsamyşdyr ganyma, Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym? Kowalaý-kowalaý beke saldylar, Bek derede meniň janym aldylar. .................................................. Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym? Işigňizde erik bolup güllesem, Pudagynda bilbil bolup saýrasam. Gotazly saçyňdan hünär oýnasam, Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym? Daglaryň başynda läleler biter, Açylar üsfändiň dänesi ýiter. Baladan aýrylmak ölümden beter, Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym? Eý, agalar çärhim särim almeýdi, Azalym duşman meni şu ýerde goýmeýdi. ................................................................ Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym? Goşa-goşa armytlaryň galandyr, Hajy, senden meniň göwnüm galandyr. Gyzlarbegi ýat obada galandyr, Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym? 1968-nji ýylyň 11-nji awgust güni Çukurýurt obaly Gurban aga Körogly bilen söhbetdeş bolupdyryn. Gurban aga fronta gatnaşan. Şol söhbetdeşlikde men öz obadaşym ady şu jelegaýlarda meşhur Artyk bagşy hakda gyzyklandym. Gurban aga maňa ol hakda ine, şu zatlary gürrüň berdi: Artyk bagşy Annajanow takmynan 1902–03-nji ýyllarda dünýä inipdir. Hojagalaly Gurban Ogşugyň toýunda Kel bagşynyň ogly Gurbanmyrat bagşy (ýalňyşmasam, Gurbanmyrat bagşy obadaşymyz Näzik ejäniň, ol Meret mollanyň uly ogly Ata Merediň aýalydy – A.Ç.) bilen giç agşamdan tä daň atýança aýdym aýdypdyrlar. Artyk bagşynyň halypasy Dostaly bagşy. Halypanyň elinde ol bir aý şägirtlik edipdir. Dostaly bagşy hem Annahan bagşynyň dogany bolmaly (Annahan bagşynyň ogly general-maýor Bagşy Ataýew. Bagşy Ataýewiň gyzlarynyň biri hudožnik – Maral Ataýewa – A.Ç.). bular biziň goňşy obamyz Daýnadan. Nury Halmämmet hem Daýnada doglan. 1927–28-nji ýyllar bolmagy-da ahmal. Artyk bagşy Çukurýurtda änewli Hojanazar bagşy bilen ýaryşypdyr. Hojanazar ýaşuly adam eken. Artyk bagşy bolsa ýaş ýigit. Urşa gitmänke ol Aşyr ýetim Rejebiň toýunda iki gije-gündiz aýdym aýdypdyr. Muhat Nurmämmediň toýunda Gurbanmyrat bagşy bilen aýdym aýdyşlary Gurban aganyň ýadynda. Artyk bagşy kolhoz gurulýança obada daýhançylyk edipdir. Kolhoz gurlandan soň hem, ilkinjileriň biri bolup kolhoza giripdir. 1942-nji ýylyň sentýabrynda fronta çagyrylypdyr. 1943-nji ýylyň ýanwarynda ýigrimi günlük rugsada gelipdir. Komandirleriniň buýrugy boýunça dutaryny ýanyna alyp gidipdir. Ilki ol Krasnowodskiden Kerkiniň türkmen polkuna iberilýär. Şondan hem fronta ugrapdyr. Onuň frontdan «öldi» habary gelmändir. Dereksiz ýiten bolmaly. Fronta gitmezinden öň ol gökleň tüýdükçisi Aýdogdy Arna bilen, Arkaçdan ýanama bagşy Meret kör hemişe aragatnaşykda eken. 1930–1932-nji ýyllarda Artyk bagşy bilen Gurbanmyrat bagşy ikisini hem Aşgabada, radiokomitete işe çagyrypdyrlar. Emma yzlarynda hojalygy ýöreder ýaly özlerinden başga adam bolmansoň, gidip bilmeýärler. Artyk bagşynyň çagalykdan dutara höwesi uly bolupdyr. Gurbanmyrat bilen dost bolansoň, häli-şindi olaryň öýlerine barýan eken. Şonda Kel bagşy oglanlaryň dutara höweslidiklerine göz ýetirip, olara dutar çalmagy öwredipdir. Artyk bagşynyň aýdan aýdymlaryndan «Ýar onda galdy», «Saňa tab¬şyrdym», «Hatyrjem bol», «Balsaýat», «Ýaşylbaş», «Ýar gyrmyzy geýinipdir», «Gözlüniň», «Düşmüş» ýaly aýdymlary Gurban aga ýat¬lady. «Artyk bagşynyň öz söýgülisine bagyşlap ýazan goşgusy» diýip, ýaşuly, ine, goşgyny hem ýatdan aýdyp berdi. Artyk bagşy muny heňe salyp aýdan bolmagam ähtimal. • NEÝLÄÝIN Köçeden geçende öwrülip bakdy, Şol ýaryň bakyşy bagrymy ýakdy. Daglardaky duman men çeken ahdy, Ýarym senden aýra düşdüm, neýläýin. Boýlary pesdedir, gaşlary gara, Rakybyň elinden ýüregim ýara. Bir desse gül baglap, ibersem ýara Ýarym senden aýra düşdüm, neýläýin. Ýüzleri meňzeýdi Maşat naryna, Alkymy meňzeýdir dagyň garyna. Ýarymy bermezdim dünýä malyna, Ýarym senden aýra düşdüm, neýläýin. Ýarym bu gün bardyr mende üç nyşan, Ýardan aýrylalym halym perişan. Dadyma ýetişsin dostum Ak işan, Ýarym senden aýra düşdüm, neýläýin. Gurban agadan ýene bir goşgyny ýazyp aldym. Onuň özi 1910-njy ýylda doglupdyr. Dört klas bilimi bar. Şo wagtlar 58 ýaşynda. Goşgynyň awtory näbelli. • GELIN Agzyňa seretsem dişleriň hünji, Ýoluňda sarp etsem müň tümen harjy. Gepleýän gepleriň baldan hem süýji, Tarypyň dünýäni tutdy-la gelin. Gaşlaryň garadyr sim bilen zerden Burnuň nohut, kişmiş, dişleriň dürden, Görmäge gelseler Gürgen, Çendirden. Tarypyň dünýäni tutdy-la gelin. Ak ýüzüňe haýran bolar durar men, Bir posa bermeseň boýnum burar men. Hindistanda suratyňy alarmen, Tarypyň dünýäni tutdy-la gelin. Gan dökülsin şol obanyň başyna, Oba göçdi töweregine, daşyna. Bizem girsek şol geliniň dişine, Tarypyň dünýäni tutdy-la gelin. «Jöhit» atly goşgyny Gurban aga Dostaly bagşydan öwrenip, ýat tutupdyr. Munuň ony öz aýdyşy ýaly hödürleýärin. Ony ol maňa «Johut» diýip aýtsa-da, soň pikirlenip görüp, «Johut däl-de, jöhit bolmalydyr» diýip, men ony «Jöhit» atlandyrdym. • JÖHIT Gulak salyň gardaşlar Bir ajaýyp sözüm bar. Ne azmaýy sözleýir Dostlarym pelwerdigar. Jahan işidir japa Kim ondan görer wapa Hakyň dosty Mustapa Galmamyş bir rozigär. Nur döküler ýüzünden Pigammer ýok yzynda Alam (älem) onuň sözünden Tapmady mydama karar. Bir berseň iki bolar Iki berseň üç bolar Üçim berseň dört bolar Malam berseň bişama. Äli diýdi baraýyn Nä barymy göreýin. Alla üçin bereýin Azy-köp här nä kim bar. Aly diýdi ýa Zöhre Baryp alyýyp bara Göwnüňi uýma gara Azu-köp her ne kim bar. Aly diýdi ýa Subhan Öwrülip bakyp her ýan Gapa çykdy nägehan Geldi bir saýyl (garyp) duçar. Bir aýalyp bir öldi Şir hora gyzym galdy Öýüm-de weýran boldy Munça bolmuşam bizar. Diýr goýmagyn nä saýyş Eýle başym azaýyş Sen bir müşgül kuşaýyş Kyrk müň altyn karzym bar. Hezret Aly: Saýyla sen gal diýdi Oglanlama gel diýdi Bir jöhuda al diýdi Kyrk müň altyn karzym bar. Öýüme gelmiş birow Näçe eýleýip garaw Oglanlar bolsun girow Kyrk müň altyn karzym bar. Johut saklap oglanny Aliga berdi pulny Saýyl hem tutup ýoluny Gitdi hoş horramiwa. Patma oturmyş öýde Oglanlary girowda Inisi gelip jöhüde Diýdi: nädir oglanlar. JÖHÜT Aly satdy bularny Gullanaryna gullarny ................................. Pulum bolençe taýýar. Gardaşy Diýr: Aga aman mürwet Täki gelençe hezret Sakla bularny hormat Soňy bolar ahyr kän. Ol jöhüt ony etmez Inisiniň sözün tutmaz Otuz gulaç ýüp ýetmez Kyrk gulaç guýusy bar. Jöhüt aýdar: gullarna Baryň guýy ýollarna Ýüpsüz küýze ellerne Diýdim suw çekiňler. Göterdiler küýzäni Gördi Jebraýyl aly Mikaýyl gysdy ýerni Guýy akdy çeşme bar. Çeşmeden doldurdylar Durman gönderdiler Küýzäni huma dökdi Tükenmez aryk akdy Çaý dolup dyza çykdy Johut gorkup zar-zar. Guş rowan ganat çaldy Alini göge aldy Bek tut diýp awaz geldi Ali gitdi barha-bar. Sen murguň-da gaş Alini ülkeden daş. ............................ ............................ Wagyz çykdy mümbere Halka nesihat bere Sözün tapmady ýene Aglap oturdy naçar. Wagyz diýr bolup Äge Ýadyma gelmez näge Eý wezir, eý patyşa Munda Muhammedi bar. Wagyz diýr galmaz ýerden Ol arykdyr göwherden Çagyraýyp mümberden Ol özün eýlär äşgär. Wagyz diýr hak gudraty Pygammeriň hümmeti Özüň bildir apaty On iki sowalym bar. Sözüme jogap berseň Gelip garşymda dursaň .................................... Mal beren harwar-harwar. Aly turdy joşundan Gahar gaýnap başyndan Bardy wagyz päşindän Diý mänäm Ahmedýar. Gepleşeri ýok halym Ne okarga kitabym Wagyz bersin jogabyn Diýp tamam etdi küptar. 5 namaz bir belli wagt 6-dyr 6 jähät 9 duzak, 9 Jennet O oniki ýok hem saraý. Ýazdylar Eýran gala Has ýetişdi bu käre Hak üçin berlen mala Bir-birine 10 taýýar. Marawa maralarny Bilip aldy närlärni Getirdi oglanlarny Patma ondan bihabar. Aly metjitden gitdi Birnäçe işler etdi Iki şähri musulman etdi Halklar maza aşna ýar. Dostaly bagşynyň dilinden ýat tutan Gurban Köroglunyň dilinden ýazylyp alyndy. 11 awgust, 1968 ý. Könekesir. * * * Ene maňa kaçy Annajemal saçy Böwürsleniň ýapragy Annameňliniň telpegi. 5 -nji awgust, 1968 ý. Könekesir obasy. • GÜL ÝARA Sallananda dar köçäni doldurar Gyrylmyş duşmana syryn bildirer Zäpäräk dek gyzyl meňzim soldurar Göwnüň mende, erkiň kimde gül ýara. Gelinler içinde gördüm garaňy Iller taryp etdi dokýan taraňy Hinjer alyp, dulamagyn ýaramy Seni görüp beýhuş boldum gül ýara. Ak bilezik hub ýaraşar goluňa Iki zülpi düşer inçe biliňe Husnuň meňzär taza bagyň gülüne Göwnüň mende, erkiň kimde gül ýara. Sallana-sallana gireli baga Baga keşt edeli başdan-aýaga Bary gyzlar bolsun saňa sadaga Sen Mahym bol, meni tut Ogulsapar. Mesmejanyň gezen ýeri samanlyk Gahba pelek etdi bize ýamanlyk Mesmejan eline aldy bedire Bizi görüp ot sandyla tendire Mesmejanyň yşky bizi ýandyrar. SIL ALDY Höwes bilen aldym goşa gelini Hynaladym 10 barmagny, elini Hudaý goýmaz, guçem inçe bilini Turajynyň gözelini sil aldy. At getiriň, atlaşaly bileje Kimi altas geýer, kimi küleje Aly baýyň bäş gelini bileje Turajynyň gözelini sil aldy. Gidiň diýiň meniň aga daýyma Suw goýbersin çemenime, çaýyma Elim ýetmez okum bilen ýaýyma Turajynyň gözelini sil aldy. Gidiň diýiň meniň garry eneme Demir çaryk geýip gelsin nalyma Hernä malym bolsa bersin galama Turajynyň gözelini sil aldy. Höwes bilen aldym bäş hatar neri Üstüne ýüklenmen jan bilen seri Bawartden gaýrysy bäş menzil ýeri Turajynyň gözelini sil aldy. Ogulsapar Hojamämmet gyzy, 68-69 ýaşly. Sowatsyz. Könekesir obasyndan. • SEÝIT JAPAR Seýit Japarydym men bagty gara, Kemerim edipdir bilimi ýara. Zalym Gurban Baba sen goýduň ýara Tüpeňläp bilmediň, galdyň armanly. Uruş turdy, belent daglar elendi, Japar öldi sowuk suwlar bulandy. Mäti gardaş bagryn berip elendi, Atyp bilmän öldüň armanly. Bajysy: – Japarjana gülle degdi, ýan berdi, Ýarasyndan dürli-dümen gan berdi. Öýüne ýetmeýen düzde jan berdi, Bar gidenler geldi, Japar gelmedi. Aýaly: – Ýaňyja ýetdi on dört – on bäş ýaşyna, Köneje gundaly galdy başyna. Atam-enem ýyglap gelsin gaşyma. Zalym tüpeňledi, öldi armanly. Dag başyny duman basar, çaň basar, Mele atym aýagyny deň basar. Zalym Gurban Baba sen gara basar. Tüpeňläp bilmediň, galdyň armanly. Gatlymyň jülgesi giňdenem düzdür, Kemerim bilimde ellidir, ýüzdür. Gynapdan alany alagöz gyzdyr. Namart tüpeňledi, öldi armanly. Tüpeň degdi gassygynyň üstüne, Habar ýetdi söwer ýara dessine. Zalym Bäşim girdi Japar kastyna, Namart tüpeňledi, öldi armanly. Bu goşgyny maňa aýdyp beren «Muny Şyhaly diýen adam ýazypdyr» diýdi. Il içindäki pähimler: «Ölüm bar şükürli. Ölüm bar pikirli» «Öňkümi ýel ertdi, soňkumy sil» 22.07.1970 ý. • LÄLELER Daga çykdym gowdular Damdyramy döwdüler Meniň aljak gyzymy Bolköýnege berdiler. Garşyda kürt öýleri Tewlede bedewleri Sallanyp suwa geçer Gardaşyň gözel ýary (Baýramgulyýew Oraz) Gaňrowmanam guşmanam Dyz üstünden düşmenem Atam-enem ümlese Men ümüne düşmenem. Göç gelýäre, göç gelýär Ortaky düýäm boş gelýär Arma(iýa) giden doganmyň Sesi bizden daş gelýär. Ýagyş ýagar ýaz eder Gurbakgalar saz eder Öýlenmedik ýigitler Atasyna näz eder. Gaýradan gelýär bäş atly Bäşisi-de gyr atly Men doganmy tanasam Içinde jöwher atly. Elbukjamy elledim Soze sowgat ýolladym Sowgat siziňki bolsun Dogan biziňki bolsun. Agaç başy burular Düýbünde suw durular Eziz käbäm jan dogan Sensiz boýnum burular. Gara atyň ýolymen Desse ýüpek halyman Dogan maňa guwanma Kesekiniň maly men. Daga çykasym geldi Desse bogasym geldi Desse boýly han gardaş Seni göresim geldi. Nohuryň ýollaryna Sagyna-sollaryna Birje bilezik gerek Ýeňňemiň gollaryna. Inip geldim Akdaşdan Ak ýaglyk düşer başdan Isterem alyp gaçan Gorkarman gyzyl başdan. Suw geler akmak bilen Gaýany ýykmak bilen Hiç myrat hasyl bolmaz Gyrakdan bakmak bilen. Eýranyň ýoly kötel Teplegiň goýda göter Eziz käbem daýyjan Ýeňňemi bäri gaýtar. Daga çykdym tagtalyk Bir gyz gördüm ak balyk Menewşeden don tiker Gyzyl gülden arkalyk. Daga çykasym geldi Desse bogasym geldi Gysga boýly han gardaş Seni göresim geldi. Bu dereniň uzyny? Gambar bakar guzyny Gambar yşka düşüpdir Goýberiň goç guzuny. Garşyda kürt öýleri Täwlede bedewleri Sallanyp suwa geçer Gardaşmyň gözelleri? Şar-şarydan suw akar Şilşiläni ýel kakar Zalym tekäniň (kürdüň) gyzlary Ýigit görse göz gypar. Depä çykyp oturdym Gulakhalkamy ötürdim Öz doganmyň aýalna Taksi tutup getirdim. Аşak gitdim kоwdular Dutаrymy döwdüler Меniñ jоrаm (ýаrym) Аkgüli Воlköýnеge bеrdiler. Hozly biziň bagymyz Ýum(u)ry düşdüň (k) gadym(yz) Biz hoz(lu)myzdan aýrylsak Düşsün ahy-zarymyz. Suw geler lüle-lüle? Gyz geler güle-güle Egninde keten ýaglyk Meňzeder gyzyl güle. Çeşme başsyz bolarmy Düýbi daşsyz bolarmy Eziz käbem jan gardaş Ýanyň ýoldaşsyz bolarmy. Depä çykyp duruptym Elimi ýere uruptym Eziz käbem jan gardaş Taýýar bolup duruptym. Gaňyrowmenem guş menem Dyz üstünden düşmenem Awam ogly bigaýrat Beýgunaýa (bigäne) düşmänem. Banahadan bakarmen Ballar bolup akarmen Saçym ýüpek kendilden Dutaryňy dakarman. Sowuk suw dagdan geler Jan gardaş bagdan geler Eziz käbem jan gardaş Ölüm aladan geler. Ala donuň dyzyňdan Doýmadym kül ýüzüňden Her hepdede gelmeseň Inip (idäp) gitdim yzyňdan. Gyrmyzy donum barmydy Ýany-ýeňi darmydy Ogryn-ogryn seredip Bizde göwnüň barmydy. Garşyda Harmanymyz Düýbünde dermanymyz Garşydan joram gelse Hiç ýokdur armanymyz. Garynja günde toýda Gurbakga günde suwda Eziz käbäm jorajan Meniň agam gullukda. Ak çüýşe, gara çüýşe Ýoluň daşdyr gelneje Daýymdan sowgat gelse Ýary meňki gelneje. Gök otlar gülläpdir El ýaglygym kirläpdir Meniň şujagaz gardaşym Owadan gelin belläpdir. Eşmeniýä-eşmeni Kim bişirdi bişmäni Bu eýýamyň aýal-gyzy Hiç bilmeýär ýaşmagy. Gaýradan maýor geçdi Görmediňmi gelneje Magaziniň gapysynda Gyzyl «Pobeda» parlaýar. Çykdym çynar düz geldi Gül ekdim nergiz geldi Oglan derýany sakla Bir alagöz gyz geldi. Çykdym çynar boýladym El ýaglygym oýnadym Eziz käbem jan joram Seni dagdan aýladym. Garşyda goşa harman Enedir gyza – derman Eneli-gyz strlaşsyn Galmasyn janda arman. Ýagyşyň sili gelýär (Kolhozyň) Dünýäniň maly gelýär Watanmyzyň esgeri Agamyň ogly gelýär. Tam üstünde tamymyz Goşadyr eýwanymyz Sen ondan gir, men mundan Kör bolsun duşmanymyz. Huwlandyýa, huwlandy Suwda balyk köwlendi Balyk diýip, tutanmyz Ýylan bolup köwlendi. Huwlandyýa, huwlandy Suwda balyk köwlendi Balyk diýip tutanmyz Gurbakga bolup köwlendi. Garşyda guşlar uçarmyş Düýbüne güller düşärmiş Haýp, şunuň guşagyny Türkmen oglan guşarmyş. Aýlardan-a, aýlardan Bir gyz alyň baýlardan Baýlar gyzyn bermese Almarys gedaýlardan. Аşаk gitdim kоwdular Dаmdyramy döwdülеr Мeniň jоram Аgagüli Bоlköýnege sаldylar. Ala dagyň etegi Goýun-guzy ýatagy Ýel öwsende ýylpyldar Han oglanyň gulpagy. Araba geler yranyp Gyzyl mahmal bürenip Jigijanyň toýunda Agsak geler bürenip. Ap aýadyn esipdi? Elimi pyçak kesipdi Gyz eneniň goýnunda Oglan aşykda ýatmaz. Aý aýdyň bolsa näder Gyzlar oýnasa näder Gyzlaryň jan ejesi Gyzy goýberse näder. Gaýradan atly gelýär Telpegi hatly gelýär Ola meniň doganym Ýany sowgatly gelýär. Aý dogar aýa garşy Suw akar çaýa garşy Garyba gyz bermezler Çykarlar baýa garşy. Dutaryň perde-perde Her perdesi bir ýerde Ýagşy gyz ýaman ýerde Uçraldyr kän ýerde. Ädigim jikr-jikr eder (ädiklerim jykyrdar) Öýmüzi palçyk eder Çykman geçen namaryk Gyzlary kelçik eder. Çeşme başsyz bolarmy Düýbi daşsyz bolarmy Eziz käbäm jan gardaş Ýanyň ýoldaşsyz bolarmy? Goýuny sürdüm düze Dolandyrdym nergyza On iki ýyl jepa çekdim Boýny bukawly gyza. Goýuny-guzy mesdi Ýoly ýaramy kesdi Boýny zaňly ak erkeç Mer-merdagyndan? aşdy. Depeden inderdiler Gyrmyzy don geýdirdiler Zöhre habaryň barmy Tahyry öldürdiler. Çendirlini Çeň gördüm Obasyny geň gördüm Geliň nohur gaýdalyň Tozan bilen çaň gördüm. Çykdym Gümül dagyna Gygyrdym gül bagyna Gyz-oglanyň dodagy Meňzär guýruk ýagyna. Daga çykdym taý gördüm Akar suwda bent gördüm Gyz-oglanyň goýnunda Kelle şeker gant gördüm. Atly geler güpür-güpür Mekge ýolundan Ýazylmadyk kagyz geler Gardaş dilinden. Gardaş saňa näme gerek Bäş gyzyl alma Bajy saňa näme gerek Salgynçy çalma (gerek). Garşyda top gamyşlar Içinde toty guşlar Men gardaşy ýitirdim Habar beriň deň-duşlar. Garşyda kürt öýleri Germowda bedewleri Sallanyp suwa geçer Kürdüstan gözelleri. Aşak-aşak bakarmen Däsde darak kakarmen Ilimden gelen guşlar Aýagyňa jaň kakarmen. Nurynyň agaçlary Jürk-jürk eder guşlary Biz Nurudan aýrylsak Ot alsyn agaçlary. Garşyda durma gardaş Boýnuňy burma gardaş Kagyz ýazyp ýollasam Köplüge girme gardaş. Läläniň bir bagy bar Içiniň çar bagy bar Läle gitdi gelmedi Meger onda güli bar. Tagta köpür üstünden Taýyp düşdüm ene jan Barmaklarym gyýyldy Mahmal biçdim enejan Mahmal biçen ellerim Behiştdedir enejan. X X X Şol gelen ogrutymy, Ýoluna dogrutymy, Telpegin gyşyk geýen Awamyň oglutymy? X X X Goýuny-guzy mesdi, Ýaryň dolagyn kesdi. Boýny zeňli ak erkeç Mermer dagyndan aşdy. X X X Goýuny sürdüm düzä Dolandyrdym nergize On iki ýyl jepa çekdim. Boýny bukawly gyza. X X X Gara atyň ýaly men, Desse ýüpek haly men. Gardaş maňa guwanma. Men kişiniň maly men. X X X Gara at kişňär geler Atanapyn dişläp geler. Meniň eziz gardaşym. Toýuny başlap geler. X X X Gara syýa däneler. Hanlar jübünde, Ap-ak ýumurtgalar Ketek düýbünde (6.07.1970). • HÜWDI Meniň gülüm aý ýaly Aýa güne taý ýaly Agzyndan bir söz alsaň Gant atylan çaý ýaly. Meniň jigim otursyn Eline ýüzük ötürsin Akja keçäň üstünde Gaýma gaýap otursyn. Oglum okuw ýaşynda Zehini bar başynda Eline kitap alsa Hemme oglan daşynda. Meniň balam ýatypdyr Gül ýassyga batypdyr Oýandyrmaň dostlary Ýaňja uka gidipdir. Aýlar gyzym almaly Aýda dokar bir haly Halysynyň kenary On barmagnyň hünäri. Meniň jigim ýatypdyr Gyrmyzy güle batypdyr Ulalanda köp okap Alymlyga ýetipdir. Alleý-alleý edeýin Baga sallan edeýin Bagyň gyzyl gülüni Saňa gurban edeýin. Huw diýdim düşdüm ýola Bakmadym saga-sola Hekim ata Süleýman Gaýdyp gelmez bu ýola. Meniň balam bir güldür Kisäsi doly puldur Atasy han-nökeri Enesi desse güldür. Bu dere uzyn bolsun. Miwesi uly bolsun Balam bilen ýatanyň Gijesi uzyn bolsun. Meniň balam ýatypdy Gyzyl güle batypdy Gyzyl gülüň tikeni Gül aýagna batypdy. Alleý-alleý edeýin Baga sallan edeýin Sene gelen keseli Daga-daşa gowaýyn. Allan-allan edeýin Baga sallan edeýin Bagyň gyzyl gülüni Saňa gurban edeýin. • AÝDYMLAR Gaýanyň düýbünde goşy Kalpasalar oňa goňşy Hiç kim bilen ýokdur işi Şeýle bir gazyny gördüm Ysmaýyl gazyny gördüm. Gaýanyň düýbünde bagy Synasyndan çykmaz dagy Goşa pärçdik onuň tamy Beýle bir gazyny gördüm. Ysmaýyl gazyny gördüm. Dustepede bardyr mülki Egnine geýeni kürki (küýki) Ýedi batman ýarym biti Beýle bir gazyny gördüm. Ysmaýyl gazyny gördüm. Ýigit: Soraýa, soraýa geldim gapyňa Sona gelin myhmanlyga al meni. Çar tarapdan habar alsaň bilermen Sona gelin myhmanlyga al meni. Gelin: Ertir gelip balam gapyňy açar Enesinden bolan körpäni saçar Ýedi gardaşym bar ganyňy içer Ýigit jahyl bakan myhman alynmaz. Azaşyp gelipmen Bir oda zynhar Ahyr eşidersiň Bir gün ölmeseň. Atyň iým islese Çagylar iýsin Geýimiň kirlese Ýagmyrlar (ýagyş) ýuwsun. Gelin: Başyňa döneýin gel düş seň myhman Kim-kimi tanaýa, näçe wagt görmänsoň Biziň adymyza Totyjemal han diýrler Bermenem men ýagty dünýäýe ýigit. • ENEBAL Çebişli-çemenli gulpakly gumda Ak-apbasy ýaýylypdyr öňünde Ilersi obanyň gaýra çetinde Enebal adyňdyr saýlan obadan. Her dogan ýyldyzdan dogan Aý bolmaz. Enäni görmesem göwnüm jaý bolmaz, Bu Könekesirde saňa taý bolmaz. Aldy janym Enebalyň gözleri. Aýagynda gülli jorap Bir görmesem halym harap Daýhan ogly ogryn garap Bize garşy geleweri. • ALTY GYZ EGLEDI MENI Alty gyzyň biri Patma Ýar beren ýaglygy satma Biri gül, biri menewşe Alty gyz egledi meni. Alty gyzyň biri Äşe Gollary bar goşa-goşa Biri gül, biri menewşe Alty gyz egledi meni. Alty gyzyň biri Dursun Hudaýym kelläňe ursun (Başlyk malyňy ýagy sürsün) Alty gyz egledi meni. Alty gyzyň biri Doýduk Duşmanlaryň gözün oýduk Ýar beren ýaglygy satma Alty gyz egledi meni. * * * Iki çynaryň arasy Degipdir gülle ýarasy Bolmaz aşygyň çäresi Diýdim: «Daýymjan amanmy?» Çykdym dagyň başyna Aýagym degdi daşyna Küller Öwez han başyna Diýdim: «Daýymjan amanmy?» Pöwrizäm meniň Soýum? Nasyrylla meniň daýym Taraýa çekilli toýum Diýdim: «Daýymjan amanmy?» Annagül Gurbansähet gyzy, 65 ýaşly. Sowatsyz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |