17:25 Gündeligime ýazan ýazgym | |
GÜNDELIGIME ÝAZAN ÝAZGYM
Ýatlamalar
Ýene şol oňkisi ýaly günlerem geçýär, Wagty saklamana çäre ýok, çäre. Adamlar özgerýär, ar-namys gaçýar, Üýtgewsiz aýlanýar, şol bolşy ýeriň. Özüm gümra bolup oturyşyma şu setirler oýuma geldi. Dogurdanam adamzat näçe üýtgesede nähili hile tapsada ýeriň şol bir aýlanyp durşy, gaýta, adam öz-özüne zyýan ýetirýär. Hatda özümi alyp görsem-de... Bu hakda aýdylanda welin men özümi günäkärlemek däl ýaşap ýörenimede utanýan şu wagta deňiç özümi dogruçyl we adamkärçilikli hasaplaýardym (elbetde muny hemme kişi özüni şeýle hasaplaýandyr), sebäbi özüni tanaýan adam barmy diýsene. Elbetde ýok gowy adamlar bir wagtlar bolupdyr. Belki erteki bolmagyda mümkin, Ýöne islendik adamyň kalbynda, ýüreginde, gowulyk bar. kimde şeýle pikir ýok däl, garşy bolubam bilmersiňiz, Mysal üçin : eger mende ähli zadym bar bolsa men ilime, halka, ýetim-ýesire, garyp-gasara kömek edip gezerdim, diýen ýaly ýönekeý pikir kelläňe gelýär. Hatda Hatamtaýam ýanyňda iň gysganç adam edip goýansyň. Bu bolup biljek zat, ýöne ilki özüňi alada etýäňde, Şol niýet hiç-kimde ýok däl ilki şol derejä ýetmek üçin gazanmaly, soň nähili kömegiň bolsa edibermeli. Bu adamyň gowy tarapyny görýändigimizi aňladýar. Gynansakda bu zatlar ýuwaş-ýuwaş kalbyňda ýer alyp, çüýräp gitýär. Sebäbini biljek bolýansyň onyň eýýäm jogaby taýýar özüňizem bilýäňiz, Şonça gazanjy halal gazanan soň, bi sarpa käbir kärýakmaz adamlara kömek beresiň gelýärmi, elbetde ýok. Bu eýýäm adamlaryň erbet tarapyndan seredip başlandygymyz aňladýar. Soň Şeýle bir baýaýaň seniň gözüň ýer görmeýär, nädip görsün, daş töwereginde seni gowy görýän iň ýakyn adamlaryň, öňki adamlardan peýda ýok, Gerek ýerinde özüňi beýik hasap etýäň hökümedem sende rugsat alaýmaly ýaly, hatda işleýän işgärleride öz peýdaňa ulanmaga çalyşýaň, Sebäbi indi sen öňki adam däl, ähli kişiniň özüň ýaly görýäň bu bolsa, adamlary özüň ýaly görýändigiňi, ýagny adam däldigiňi aňladýar. Birjik zat welin sen adammyň ýa mahlukmyň parhy ýok wagty gelende seni-de öz gursagyna garyp, ýene seniň ýaly, üç görnüşli adamlary üstinde göterip şol öňki bolşy ýaly öz ugruna aýlanyp dur. 07.01.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |