21:08 Gündelikde galanlar -14/ dowamy | |
27.X.2002
Ýatlamalar
Men bir wakany gürrüň berjek. Muny maňa dostum Mele Badaýew gynanyp gürrüň berdi. Bu süýtdeş doganlaryň arasynda bolup geçipdir. Golaýlarda uly aýal dogany erkek doganlarynyň birine jaň edip, karz pul soraýar. Ogly maşynyny kakdyrýar. Remont etmeli bolýar. Ene-dä! Ýogsam pul sorap, jaň etjek adam däl-le. Ol erkek dogany diýýänimiz: “Wah, özümde şumat pul ýok-da. Ýöne bir tanyş oglandan sorap göreýin, bolsa özüm habar ederin” – diýip jogap berýär. Aýal dogany onuň pulunyň bardygyny bilip jaň edýärdi. Sebäbi dogany ýakynlarda Änewdäki kaşaň jaýyny 15-20 müň dollara satypdy. Gepiň gerdişine görä, şol satylan uçastogyň 12 sotugy hemem 5 otagly jaýy uly erkek doganyna degişli eken. Ol bu ýerde 5 ýyl ýaşapdyr. Soň ýene, Aşgabada, şäherdäki jaýyna göçüp gelipdir. Ýöne Änewdäki uçastok ýaňkyň adyna eken. Haçanda 1994-nji ýylda ýarawsyz ýagdaýda Änewe göçüp, şo ýerik baranda başga bir dogany oňa: "Jaýy öz adyňa geçir. Araňyzda gapy goý“ diýende, etmändir. Ol doganynyň ikilik etmejekdigine berk ynanýan bolmaly. Ýöne soň ýaňky dogan şo jaýlary satybam, oňa düşýän puly doganyna “Ine, şu saňa düşýän pul” diýmegi hem başarmandyr. Hawa-da, “Gyzyl görse, Hydyr azar” diýlip ýöne ýere aýdylmandyr! Onsoň "Özüm jaň ederin” diýen dogan ertesi aýal doganyna jaň edip, ol tanşynda-da puluň ýokdugyny gynanyp aýdan kişi bolýar. Soň aýal dogan başga bir doganyna -- iň körpeleriniň öýüne barýar. Onuň baýlygyna söz ýokdy. Ýüz müňlerçe dollarynyň bardygyny doganlar bilýärdi. Ol öýüne giç gelýär. “Bu gije öýde ýat. Puluň gürrüňi ýok. Ertir gaýdarsyň” diýensoň, aýal dogan hoşal bolup, olaňkyda bu gije galýar. Ertir irden tursa, onuň aýaly jygyllyga gidipdir. Doganam ýatyr. Sagat 9 bolýar, turanok, 10 bolýar, turanok. Soň ol doganyny turzup, haýyşyny gaýtalaýar. Dogan oýaly-ukuly kişi bolan bolup “Şumat özümde ýok (pahyryň soraýany hem olar üçin uly zat däl bolmaly – 300 dollar). Tanyş oglanlardan soraýyn. Seň özüň habarlaşyp durma. Agşam özüm öýüňe jaň ederin” diýip, söz beripdir. Aýal dogan ýüzüne urlan ýaly bolýar. “Bolýar, dogan jan. Men onda gaýdaýyn” diýýär. Dogan ondan ýol puluň barmy ýa bolmasa garaş, häzir şopurynyň adyny tutup pylany äkiderem diýmeýär. Aýal dogan hoşlaşyp, gapydan çykýar. Onuň öýi şäheriň bir çetinde eken. Awtobusam bu golaýlardan gatnanok. Ýanynda-da kör köpügi ýok. Gapydan çykyp, boşluk ýere gelensoň ol özüniň bu bolup ýörşüne çydaman, uly ili bilen aglaýar. Şeýdip ol uly köçä düşýär. Pyýadalap, ahyry maşyn tutup, öýüne gelýär. Öýe girip, öýden pul alyp, şopuryň hakyny berýär. Soň ol körpe dogan birki günden soň, aýal dogana jaň edip, tanyş oglanlarda-da puluň ýokdugyny aýdýar. Bir hepdeden soň özüniň aýal doganyny oýnandygyny, ol başga bir doganyna gülüp gürrüň beripdir. Olam onuň günä iş edendigini oňa aýdypdyr. Şondan soňam naçar dogan olardan öýkelemändir. Olaň biri syrkawlap zat etse, edil öz ogly syrkawlan ýaly bolşuny görüp, haýran galaýmaly! Dostum Mele muny maňa gürrüň berse-de berdi weli, ýöne näçe günläp men güň ýaly bolup gezdim. 29.10.2002. Geçen asyrda Aşgabadyň eteginde (has takygy Gypjak obasynda) ýaşap geçen Gündogdy baýyň bir aýdan zadyny ýatlaýarlar. Çagalarynyň öňüne nahar äberen aýalyna käýinip şeýle diýipdir: – Oglan-a, heýem bir üç hurşlugam birden iýip bolarmy? Onuň üç hurşluk diýýäni düýe çaly, çörek, sogan bolmaly. Eýsem-de bolsa, Gündogdy baý diýilýäniniň süri-süri maly bolupdyr. Muny maňa baýry žurnalist ýoldaşymyz Kakabaý Gurbanow gürrüň beripdi. * * * Golaýda şahyr dostum Azat Rahmanow bilen medeniýet institutynyň kitaphanasyna bardyk. Kitap diýeniň münder-münder bolup ýatyr. Üsti-üstüne. Bahasy bir ýarymdan, köpräk alsaň bir müňden. Nebir kitaplar. Ählisem söwet döwründe neşir edilen. Indi o kitaplar çykjakmy-çykmajakmy, alla bilsin. Kitaplaryň harlanyp, arzysyz ýatanyna ýürekden gynandym. Olaryň gözgyny ýagdaýyny synlap durşuma, özümiň öz kitaphanamdan üç müňe golaý kitaby, gazet-žurnal podşiwkalaryny, Karl Marksyň adyny göterýän döwlet kitaphanasyna mugt tabşyrandygym (1999-njy ýyl), olaryň hem hiç bir hasapsyz kabul edendikleri ýadyma düşüp, ýüregim birhili gyýylyp gitdi. Meniň hem halk okasyn, peýdalansyn diýen ýagşy niýet bilen sowgat beren kitaplarymyň hem ykbaly şeýle boldumyka? Bilmedim. Sebäbi maňa olar menden nähili kitaplary alandyklary hakda hiç hili spisok, kagyz bermediler-ä. Şeýle eýesizligiň boljakdygyny bilen bolsadym, ýekeje gazeti-de olara rowa görmezdim. Haýp, indi giç! Şu ýerde men ýaňy Azat Rahmanowyň adyny agzapdym. Ýeri gelende aýtsam, häzir meniň “Pursatlar” atly ýazyp oturan şu ýazgylarymyň döremeginde hut onuň tagallasy bar. “Ýaz. Bu seniň ömür kitabyň bolar!” diýip öz erkime goýmansoň, ýazyp başladym. Eýýäm ondan birnäçesi “Edebiýat we sungatda” Azadyň tagallasy bilen çap edildi. Erbet garşylanmandyr. 09. XI.2002 ý. Ýyly anyk ýadyma düşenok weli, ol ýa-ha 1976-njy, ýa-da ýetmiş ýedinji ýylyň tomsy bolsa gerek. Men o wagtlar Moskwada, Ýokary komsomol mekdebinde žurnalistika ugrundan iki ýyl okap, ony 1975-nji ýylda tamamlap, respublikan pionerler guramasynyň we komsomolyň Merkezi Komitetiniň organy bolan “Mydam taýýar” gazetinde jogapkär sekretar bolup işe başlapdym. Redaktorymyz žurnalist Saparmyrat Gurbanowdy. O ýa segsen bir ýa-da segsen ikinji ýylyň 1-nji martynda tarpa-taýyn ýogaldy. Beýnisine gan uran bolarly. Ony Tejende, dogduk obasynda jaýladyk. Hawa, “Mydam taýýarda” redaktoryň orunbasary diýen wezipe ýok bolansoň, redaktor we jogapkär sekretary redaksiýanyň esasy ýolbaşçylarydy. Ine, şol günleriň birinde meni “Komsomoles Turkmenistana” gazetiniň bir işgäri “Seni telefona çagyrýarlar” diýip habar berdi. Redaksiýa Metbugat öýüniň üçünji gatynda ýerleşýärdi. Bizden kyrk-elli metr aralykda. Bardym. Telefonda tanyş ses: “Sen meniň kimligimi aýtma. Häzir senden men hakda sorarlar. Şonda sen meniň gije siziň öýüňizde ýatanlygymy we näsaglandygymy aýdarsyň” diýip, trubkany goýdy. Bu meniň Moskwada bile okan ýoldaşym Aleksandr Mihalkindi. Rostowly ýigit. Ony ýokary mekdebi tamamlansoň, komsomolyň Krasnowodsk obkomynyň ikinji sekretary wezipesinde işlemek üçin Türkmenistana iberipdiler. Men kabinetime gele-gelmäne telefonym jyňňyrdady. Galdyrdym. Komsomolyň Merkezi Komitetinden jaň edip, meniň şu wagt bu ýerik gelmegimi soraýarlar. Trubkany goýanymdan soň, kelläme gelen ilkinji pikir bu hakda ilki öýdäkileri habardar etmeli. “Zaporožes” maşyn sürýärdim. Komsomola däl-de, ilki öýe sürdüm. O wagtlar biz şäheriň günbatarsyndaky Nohur oba diýen ýerde wremýankada ýaşaýardyk. Edil ok ýaly bolup, aýalyma sorasalar şeýle-şeýle ýagdaý diýdim. O ýerde eglenmän ýüzümiň ugruna taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak barada Aşgabat oblastynda jogapkär sekretar bolup işleýän inim Aşyrdöwlete-de bu hakda duýdurmagy makul bildim. Çünki biz onuň bilen bir howluda ýaşaýardyk. Ondanam soralaýmagy gaty ahmaldy. Oňa-da ýagdaýy gyssagly duýduryp, (olaryň edarasy Mopr köçesinde ýerleşýärdi) Swoboda köçesiniň ugrunda ýerleşýän (häzir o ýerde saglygy saklaýyş ministrligi ýerleşýär) komsomolyň Merkezi Komitetiniň jaýyna girdim. Ol üçünji gatda ýerleşýärdi. Birinji gatynda Durmuş hyzmaty ministrligi ýerleşýärdi. Maňa komsomolda ilki gabat gelen Mihalkindi. Agzyndan aragyň ysy kükäp dur. Ol meni MK-nyň pioner guramasynyň sekretarynyň kabinetine saldy. Sekretaryň özi ýokdy. Ýagdaýy düşündirdi. Çykdyk. Meni MK-nyň ikinji sekretary Waleriý Georgiýewiç Otçersowyň ýanyna äkitdiler. Ol meniň bilen hoşamaý salamlaşdy. Onuň uzyn stolunyň çep tarapynda başga bir adam otyrdy. Men ony ozal görmändim. Otçersow menden ony-muny soraşan boldy. Golaýda “Komsomolesde” meniň rusça goşgular toplumym çap edilipdi. Şo ýerde “General” atly goşgym hem bardy. Goşgynyň aşagynda “General Bagşy Ataýewe bagyşlanýar” diýilip ýazylypdy. Ol menden ol seniň nämäň – diýip gyzyklandy. Men oňa ol biziň goňşy Daýna obasyndan diýip jogap berdim. Bagşy Ataýew şo wagtlar Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetinde kabulhana ýolbaşçylyk edýärdi. Pensiýadaky adam. Soň ol menden şo wagtky TKP MK-nyň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurowyň kömekçisi Wartan Dawydowyç Arutýunow bilen niçik tanyşlygymyň bardygy bilen gyzyklandy. Ol bir gezek MK-da Arutýunowy meniň maşynymda görüpdi. Men onuň öňden bäri kakamy tanaýandygyny aýtdym. Şeýleräk gürrüňlerden soň ol Mihalkinli gürrüňe geldi. Men Saşanyň menden eden haýyşyny tassykladym. Ol “Häzir siz, ine, şu ýoldaşy öýüňize äkidersiňiz” diýdi. Biz Otsersowyň öz maşynynda Nohur obasyna öýe bardyk. Maşynyň şofýory Ýazow Badaýewi men has öňräkden bäri tanaýardym. Biz gapydan girdik. Gapydan girenimizden, munuň ýaly ýagdaýa birinji gezek duş gelensoň Orazgül aljyrajak ýaly etdi. Bolsa-da tassyklady. Baran adam başga zat soraman: “Içer ýaly sowuk suwuňyz barmy?” diýdi. Suw içensoň gaýtmak bilen bolduk. Ýazow ol ýigidiň adyny Akmyrat diýip tutýardy. Soň men onuň KGB-de işleýändigini bildim (Ýyllar geçdi. SSSR ýykyldy. Türkmenistan garaşsyz boldy. Ýaňky Akmyrat diýýänimizi men general formada, özem serhet goşunlarynyň Komanduýuşisi bolandygyny telewizorda gördüm. Ýüzünden tanadym. Ol Akmyrat Kabulow diýilýänidi). Men şonda öňünden bilen ýaly özümiň akylly hereket edendigime az begenmedim. Göýä olaryň pikirlerini öňünden bilen ýaly. Bu wakalar irden bolup geçipdi. Öýlän kabinete Orazguly Annaýew gelip: “Şumat seni partiýanyň Merkezi Komitetine alyp gelmegi maňa tabşyrdylar” diýdi. Orazguly şo wagt komsomolda propaganda bölüminiň müdiri bolup işleýärdi. Maşyna mündük. Meni Merkezi Komitetinde düşürdiler-de, özleri gitdiler. “Şmidtiň ýanyna barmaly” diýdiler. Milisiýadan goýberdiler. Men Şmidtiň ýanyna barman, Wartan Dawydowiçiň ýanyna girdim. Onuň bilen salamlaşyp, ýagdaýy düşündirdim. Men ondan Şmidtiň adyny we atasynyň adynyň nämedigini soradym. Şmidt şo wagtlar MK-da guramaçylyk bölüminiň müdiridi. Onuň Mihail Gerbertowiçdigini bilip, kabulhanasyna girsem, o ýerde Saşa Mihalkin otyr. Meni Şmidtiň huruzyna saldylar. O ýerde Otçersowam otyr. Şmidt ýagdaýy sorady, meňem öňki jogabym. “Sen öz dostuňy goraýanlygyň gowy zat, ýöne dostuň seni ýüňsakgal etdi. Bolan ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly özi boýun aldy. Indi sen ondan ýüz öwürersiň” diýdi. Menem “Ýok, bu beýle däl. Ol gije bizde ýatdy” diýip, şol öňki aýdanlammy gaýtalap otyryn. Munuň beýle däldigini, ine, häzir eşidersiň” diýip, Mihalkini çagyrdy. Mihalkin dogrudanam meniň aýdanlarymy tersine çykaryp, ýagdaýy bolşy ýaly boýun alyp otyr. Şmidt: “Gördüňmi?” diýdi. Maňa dymmadan başga zat galmady. Şeýdip men onuň kabinetinden çykyp gaýtdym. Soň agşamaralar biz onuň bilen duşuşdyk. Ýol ugrundaky awtomatdan Otçersowa jaň etdi. Olam: “Hä, biriňiz-ä özüniň nirede boljakdygy barada habar bermegi öwretdik” diýipdir. Mihalkinli waka şeýle. Ol turistik toparyň ýolbaşçysy bolup Polşa ýa-da Çehoslowakiýa gitmeli eken. Krasnowodskide aeroporta münende içgili eken. Aşgabada gelibem bir tanşynyň öýünde hiç kime habar etmän içipdirler. Pasportlar hem şonda bolmaly. Uzak gije gözläpdirler, tapmandyrlar. Men muny soň bildim. Galan wakany bolsa beýan etdim. * * * Bir gezek erbet bolup, “Tiz kömek” çagyrdyk. Keselhana äkitdiler. Şlanga ýuwutdyrdylar. Ýazwaň bar diýdiler. Zalyň ugrunda garaşyp durun. Tanyş lukmanyň – professoryň gelýänini görüp salamlaşdym. “Näme bolýar?” diýip sorady. Menem aýtdym. “Bä-ä, hudaý saklasyn” diýip geçip gitdi. Onuň bu sözi öňki derdime ýene dert goşdy. Lukmanam hil-hil bolýandygyny öňem bilýärdim weli, bu gezek muny öz gerdenimde çekmeli boldum. Ondan bäri birnäçe ýyl geçipdir weli, bu ýadymdan çykanok. 19.11.2002 ý. 2002-nji ýylyň 17-nji noýabr güni ejem Oguldurdynyň 75 ýaşy doldy. (Kakam hem ýaşap ýörenliginde şo gün onuň hem 75 ýaşy dolmalydy. Arman, ol 1992-nji ýylyň 7-nji aprel güni 65 ýaşynyň içinde tarpa-taýyn ýogalypdy). Meret, men, Resul üçimiz onuň ýaşyny gutlamak üçin oba bardyk. Gaýdyşyn ýolda, Gökdepeden geçen ýerimizde münüp gelýän “Niwa” maşynymyzyň ýangyjy gutardy. Özem edil zaprawka 100 metr galanda şeýle boldy. Haýran galaýmaly, ýangyç birki kilometr galanda-da gutaryp bilerd-ä?! Biz maşyny itip, ýangyçdan dolduryp, ýene Aşgabada tarap ýola düşdük. Ýöne bu ahwalat mende uly täsir galdyrdy. * * * Uruş ýyllary Türkmenistan hökümetine ýolbaşçylyk eden Aýtbaý Hudaýbergenowyň türkmen halysy hakda beren bir gürrüňi: – Uruş gutardy. Ähli ýurtda bolşy ýaly, respublikada-da urşuň salan ýaralaryny dikeltmäge girişildi. Günleriň birinde Moskwadan, Partiýa kontrollygyndan wekil geldi. TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Foniniň buýrugy bilen oňa fondda saklanylýan gadymy halylardan birnäçesini sowgat bermeli edilipdir. Men oňa bu halylaryň belli bahasynyň ýokdugyny, halkyň gadymy medeni baýlygydygyny düşündirjek boldum, bolmady. Soň NKWD-ä “Halylardan bir kemçilik tapyň” diýip tabşyrypdyr. Bir gün NKWD-den gelip: “Ýaşuly, haly artelinde dokalan halylarda faşistleriň haçly nyşany bar” diýdi. “O nähili nyşan?” diýip geň galdym. Emma buýruk MK-dan baransoň arteldäki halylary sökdürip başlapdyrlar. Haly arteline bardym. Annamyradowa diýen haly arteliniň başlygy: “Şeýle buýruk geldi. Merkezi Komitetdenem adam bar, organdanam bar” diýdi. Barsam halylary sortlap duran ekenler. Sakladym. “Bular heniz faşistiň ady ýok wagty dokalan halylar. Türkmeniň gadymy nagşy bu. Eger şeýle bolýan bolsa, baryň Hywa. Hywanyň ähli ýadygärliklerini ýykybermeli onda. Telim asyr mundan owal salnan ymaratlar” diýdim. Halylary sökmekligi gadagan edip gaýtdym. Bu MK-nyň birinji sekretarynyň gulagyna degýär. Ol meni ýanyna çagyrdy. Ikiçäk oturyp gepleşdik. “Nämüçin gadagan etdiň?” diýip, nägile äheňde sorady. “Bu halylar gadymy döwürde dokalan. Sökseň öňki owadanlygyny gaýtaryp bolmaz” diýip düşündirdim. “Buýrugy ýatyrmaly däl eken” diýdi. Menem “Sökdürmegem bolanok” diýdim. “Äý, bolýa” diýdi. Şeý diýenden soň näme diýjek bolýanyna düşündim. Şondan soň ol kadr meselesinde maňa sala salman başlady. Şo wezipä golaýyndan getirer ýaly däl adamy tassyk edip, maňa iberýär. Gol çekmän gaýtaryp goýberýän. Ýagdaýyny aýtsamam “Çagyrarys, gepleşeris, düzederis” diýip, müň bahana tapýar. Bir günem Daşhowuzda komandirowkadakam soraman-zat etmän, meni gaýybana partiýa mekdebine ýazypdyr. Özüniň-ä bary-ýogy ýedi klas bilimi bar. Menem tehnikumy, instituty gutaranlygym hakda diplomym bar. “Hudaýberdiýew okuwa gitjekmiş” diýibem myş-myş ýaýradyp goýberdiler. Bir gün Pöwrizä gitjek bolanda “Menem äkit. Maşynym ýok” diýdim. Gitdik. Ýolda düşdük. “Nämüçin beýdýäň? Aýdaý beýdip ýörenden. Ýa bir zat güman edýäňmi? Berlen halylar hakda men gürrüň edemok. Ýöne dokalan halylary sökdürmek hiç bir heňe gelenok. Dostuňa iki haly ber, üç haly ber, ýöne soňky hereketiň bolanok. Ýaramaýan bolsam hem “Özüňe iş tap!” diýip, aýt. O başga gep” diýdim. Munda-da ol oňly zat diýmedi. Soň ol görüp otursam, NKWD-ä meň bilen bolan başga bir işi anyklamagy tabşyrypdyr... * * * Aždar aga Aşgabat şäheriniň Kemine köçesiniň 120-nji jaýynda ýaşaýardy. Ýaşy birçene baran adamdy. Birküç sany gyzy bardy. Ogly ýokdy. Bir gyzynyň ady, ýalňyşmasam, Anýady – Moskwada okap ýören döwri bir polýak ýigidi bilen tanşyp, şoňa durmuşa çykypdy. Häzirem ol Polşada ýaşaýan bolmaly. Aždar aga geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda oba hojalyk institutynyň direktory bolup işläpdir. Ol biziň agamyz – Öwez Nuryýewiç Orazow bilen duldegşir goňşy bolup ýaşansoň, men ony häli-şindi görýärdim. Käte mesaýy gürrüňler edýärdik. Onuň bir gürrüňini häzir ýatlasym gelýär. Onuň maňa beren bu wakasy uruş ýyllarynda bolup geçipdir. Özem Aždar aga Halk Komissarlar Sowetinde işleýän ekeni. Ol bu ýerde 1942-nji ýyldan işläp başlapdyr. --Bir gezek Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Aýtbaý Hudaýbergenow meni ýanyna çagyryp: “At zawodyna serhetçiler giripdir. Atlary bolsa “Saýwan” sowhozyna kowupdyrlar” diýip eşitdim. Sen şu meseläni iki günüň içinde jikme-jik öwren-de, maňa aýt” diýdi. Men onuň ýanyndan çykyp, maldarçylygy alyp barýan Syçewanyň ýanyna baryp, ýagdaýy sorasam, ol: – Başlyk maňa bu hakda berk käýedi. Ýaňam Moskwadan telegramma geldi. Oňa bu telegrammany görkezmäge gorkýan – diýdi. Men telegrammany okadym. Onda şeýle ýazylypdyr: “TSSR HKS-ne, Hudaýbergenowa. 69-njy at zawodyny Gazagystana beriň. Woroşilow”. Muny okap, men öňküden beter gyssandym. Haýal etmän meseläni öwrenmäge girişdim. Bu hakda birnäçe adam bilen pikir alyşdym. Şonda olaryň biri maňa Gazagystanda komandirowkada bolanda stansiýalaryň birinde iki eşelondan ahal-teke atlaryny düşürip, olaň deregine öz atlaryny ýükleýändiklerini görendigini gürrüň berdi. Telefon üsti bilen degişili edaralardan sorasam, dogrudanam Aşgabat bilen Marydan ahal-teke atlarynyň fronta iberilýändigini bildim. 69-njy atçylyk zawodynyň direktory Gabyş Mämişi tapyp, sorasam: – Ýaşyl papaklylar bizi kowup, jaýymyzy eýelediler – diýdi. Men: – Nämüçin wagtynda habar etmediň? – diýip sorasam, ol: – Men bu ugurdan işleýän gyza aýtdym. Hudaýbergenow habarlydyr diýip, onuň ýanyna-da barmadym – diýdi. Men öz kabinetime baryp, Moskwa, Woroşilowyň adyna telegrammany aşakdaky mazmunda ýazdym: “Moskwa, Kreml, Woroşilowa. Türkmenistan hökümeti 69-njy atçylyk zawodyny Gazagystana bermäge razy däl. Hudaýbergenow”. Telegrammany ýörite blankada maşynkada ýazyp, papka salyp, gijara Aýtbaý Hudaýbergenowyň huzuryna bardym. Ýagdaýy öwrenendigimi aýtdym. – Eýýäm tanyş bolaýdyňmy? – diýip, ol menden sorady. Men hem öz gezegimde: – Bu mesele gijä goýar ýaly däl ahyryn. Bir atyň bilen bir halyň bar. Olaram eliňden giderseň, başyňa gyňaç daňynaýmaly boljak – diýdim. – Hany, parsyňy türküle – diýenden, men Moskwadan iberilen telegrammany görkezdim. Ol telegrammany okandan soň, ýerinden ör turdy. Men oňa bizden fronta iberilen atlary gazaklaryň wagondan düşürip, ýerine öz ýabylaryny iberenlerini aýdanymdan soň, ol: – Derrew ýoldaş Woroşilowa atçylyk zawodyny gazaklara bermäge razy däldigimiz hakda telegramma ýaz – diýdi. Şeý diýende men bada-bat taýýarlan telegrammany oňa uzatdym. Ol: – Munam eýýäm taýýarladyňmy? – diýip, gol çekdi-de, sekretaryny çagyryp: “Tiz iber” diýdi. Soňra: – Ertir agşam sagat sekize serhet okrugyny ýanyňa çagyr-da. “Gysga wagtda Magtymgalany boşat” diý. Olara Pöwrizedäki oba hojalyk tehnikumynyň jaýyny teklip et. Eger-de razylaşmasa, onda meniň ýanyma alyp gel. Men öz kabinetimde bolaryn – diýdi. Muňa meňem guşum uçdy. Men serhet okrugynyň naçalnigi Kuznesowa jaň edip, TSSR HKS-niň başlygynyň adyndan çagyrdym. Ertesi göni agşam sagat sekize geldiler. Okrugyň täze naçalnigi general-maýor eken. Familiýasy Katomin. Deşli, daýaw, owadan adam eken. Men hökümet başlygynyň buýrugyny aýtdym weli, ol ör-gökden geldi-de: – Meni frontdan Türkmenistanyň paýtagtyny goramaga ýörite iberdiler. Häzir Eýranda nemesler köp toplanýar. Olaryň Aşgabada hüjüm etmekleri mümkin. Şoňa görä-de, men atçylyk zawodynyň jaýyny amatly gördüm – diýdi. – Size serhede has ýakyn ýerden jaý berilýär – diýsem, ol ýanyndaky Kuznesowa: – Haýal etmän Woroşilow we Buddýonnyý ýoldaşlara telegramma ýaz – diýip buýruk berdi. Men oňa: – Ýoldaş Katomin, siz partizançylyk etmän, öňi bilen Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň ýanyna gelmelidiňiz – diýip, telefon trubkasyny göterip: – Aýtbaý Hudaýbergenowiç, ol ylalaşmaýar – diýdim. Olam: – Ony meň ýanyma alyp gel – diýdi. Men: – Ýoldaş Katomin, sizi ýoldaş Hudaýbergenow çagyrýar – diýenimde, ol: – Men hemme obýektleri kabul edenimden soň, onuň ýanyna geljekdim – diýdi. Hudaýbergenowyň kabinetine öňürti general, soň Kuznesow, onsoň men girdim. General düzgün boýunça sag elini papagynyň golaýyna ýetirip: – Ýoldaş TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy, Siziň çagyrmagyňyz boýunça Türkmenistan serhet goşunlary okrugynyň naçalnigi general-maýor Katomin huzuryňyzdy – diýip, doňan ýaly bolup dur. Başlyk kada boýunça ýerinden turup, onuň bilen görüşmeli, oturmaga ýer görkezmeli. Emma ol ýerindenem turmady. Birhaýukdan soň ol: – General, siz Sowet hökümetine boýunmy? – diýip sorady. General düşündiriş berjek bolanda, ol: – Men düşündiriş soramok – diýdi. General ýene-de düşündirip başlady. Aýtbaý Hudaýbergenow onuň sözüni böldi-de: – General, siziň bilen haýsy dilde gepleşmeli – diýip, sesini gataltdy. General şonda: – Hawa, men Sowet hökümetine boýun – diýip jogap berdi. Hudaýbergenow: – Onda nämüçin biziň buýrugymyzy kabul edeňzok? – diýdi. Ol: – Berilýän möhlet az. TSSR HKS-nyň başlygy maňa ýüzlenip: – Näçe gün möhlet berdiňiz? – diýdi. Men: – Bäş gün – diýip jogap berdim. Ol şonda generala: – Size näçe gün gerek? – diýip sorady. General: – On gün gerek bor – diýdi. Aýtbaý Hudaýbergenow bolsa: – Bäşem däl, onam däl. Men saňa ýedi gün berýän. Şu ýedi günüň içinde Magtymgalany boşadyp, ýykan jaýlaryňyzy öňküsi ýaly edip oňaryň. Özüňize görkezilen ýer hakdaky pikiriňizi hut özüňiz maňa aýdarsyňyz. Düşündiňizmi? – diýdi. Olam “düşündim” diýse-de, ol: “Gaýtalap aýdyň” diýdi. General hökümet baştutanynyň aýdan zadyny jikme-jik gaýtalady weli, Hudaýbergenow: – Düşüneniňize ynanýan. Indi gidip bilersiňiz – diýdi. Biz başlygyň kabinetinden çykyp, meň oturýan jaýyma girdik. General şonda: – Men Orta Aziýada birinji gezek ýöne, beýle başlyga duş gelerin diýen pikirim ýokdy. Munuň ýaly başlyk bilen işleşmek mümkin – diýip, Kuznesowa ýüzlenip: – Moskwa telegramma ibermek gerek däl – diýdi. Ertir sagat 10-da Pöwrizedäki jaýy görmäge gitmegi wadalaşdyk. Ýedi günden soň general bilen Hudaýbergenowyň ýanyna bardyk. General çest berip: – Ýoldaş Hudaýbergenow, buýrugyňyzy berjaý etdim. Oňat ýerleşdik – diýen badyna, ol general bilen görüşip, oňa oturmaga ýer görkezdi-de: – Geçen sapar siziň bilen gatyrak gepleşdim. Gaty gören dälsiňiz-dä? – diýende, genetal: – Ýok, ýoldaş başlyk, günä mende. Siz örän dogry etdiňiz – diýdi. Şonda Hudaýbergenow oňa: – Meniň beren sowalyma oňat düşünen bolsaňyz, beýle bolmazdy. Başda gelip maslahat soramalydyňyz. Bizi äsgermän, özbaşdaklyk etdiňiz – diýdi. General şonda öz günäsini ak göwünden boýun aldy. * * * Öwez Orazow biziň obamyzdan ýetişen döwlet işgäridi. Ol 1946–1959-njy ýyllarda Aşgabat oblispolkomyň başlygy, maldarçylyk ministri, et-süýt halk komissary, Halk Komissary Sowetinde iş dolandyryjy, söwda ministri wezipelerinde işläpdi. Dört gezek infarkt bolupdy. Şo keseldenem 1986-njy ýylyň 25-nji martynda ýogaldy. Ol hakda gürrüň bermegini sorap, şahyr Ata Atajanowdan haýyş edipdim. – Öwez Nuryýewiç ýaz ýaly adamdy. Men onuň bilen üç ýyllap Moskwada SSKP MK-nyň ýanyndaky ýokary partiýa mekdebinde okadym. Üç ýyllabam iýenimiz aýra gitmedi. Mylaýymdan alçak häsiýetli Öweziň biriniň göwnüne degeni ýa-da birini ynjydany ýadyma düşenok. Şähdaçyklygy, şadyýanlygy bilen ol baran ýerinde derrew özüni aldyrýardy. Beý diýsem, ol hemişe ýyrşaryp ýören, biweç, gaýgysyz adam eken-ow diýip, çak edäýmäň. Ýok, beýle däl. Her kimde bolşy ýaly, onuňam özüne ýeterlik gaýgysy-gamy, aladasy-ünjüsi ýok däldi. Aslynda durmuşda hemişe şatlanyp ýören, aladasyz adam bolmaýar. Öweziň käte gürlek gara gaşlarynyň gaharly çytylýan, güler ýüzüniň gamaşýan mahallaram bolman duranokdy. Emma ol şonda-da syr bildirmezlige çalyşýardy. Öz derdini dostuna duýduryp, onuň ýüregini awadasy, ony gynandyrasy gelenokdy. Ýuka, päkize ýürekli adam töweregine mähir, şatlyk paýlaýardy. Özem oglan ýalydy. Ýoldaşynyň ýumşuna ýarasa, armany ýokdy... Ine, kursdaşlar Nowar Piriýew, Esen Äralyýew... dagymyz ertirki ekzamene taýýarlanyp otyrys. Kelleler hum ýaly çişýär. Ajyganymyzy, agşam şamyny edinere-de hiç zadymyzyň ýoklugyny gijäniň bir wagty bilip galýarys. – Men häzir getireýin! – diýip, Öwez bada-bat ýerinden turýar. – Nireden näme getirjek? Magazinler birçak ýapylandyr ahyr! – Niredenem bolsa, boş gelmen! Moskwada bar magazin birden ýapylaýmaz! Iň bolmanda, kefir bilen bulka taparyn – diýerdi-de, galjaň dostumyz hiç haýsymyza gezek bermän, düňk ýasaýardy. Ýogsa oturanlaryň iň ýaşkiçisi mendim... Öwez Nuryýewiç bilen sulhumyz alşanynyň ýene bir sebäbem bolmagy mümkin. Öwez sazy, sungaty çensiz gowy görýän adam. Men onuň bilen Uly teatrda, MHAT-da ençeme oýna tomaşa etdim. Has tolgunan pursatlarynda maňa syzdyrmajak bolup, onuň ýüzüni kesä sowup, gözýaşyny elýaglygy bilen süpüren çaglarynam gördüm. Iliň agysyna aglap, iliň begenjine buýsanyp bilýän ýürek şeýle bolýar. Ol şaýy taşlaman, gedaýyň duşundan geçip bilmeýärdi! Moskwada okuwy gutaryp, Aşgabada işe gelemizsoňam, biz hemişe birek-biregi küýsedik. Durmuş tejribesi baý dostumdan men köp zatlary öwrendim. Her duşuşyk maňa sapak boldy. Birden nähoşlasaň ýa-da başyňa bir iş düşse, çoçgara çolaşsaň, kynçylygyň öňünde dyza çökmeli, müzzermeli, ejizlemeli däldigi baradaky nesihat hem şol peýdaly sapaklardan. Käte-de ol seniň keýpiň ýoklugyny uzakdan, öz öýünde oturan ýerinden görýän, bilýän ýaly bolýardy... Jyňňyrdan telefonyň trubkasyny gulagyňa tutan badyňa dutaryň owazy ýaňlanyp ugrar. Yzy bilenem pessaýdan tanyş ses eşidiler: Ataň Ahmet aýdar göwnünde baryn, Gitme, balam, gitme, ýollaryň daşdyr... Ýüküň ýeňlän ýaly, ýüzüň ýagtylyp gidýär. – Eşidýämiň? Dutara täze tar dakdym. Niçik? Salam! Näme bukup otyrsyň? Gel, aýdym diňleseň! Gelnejeňem gök çaý demledi... Öwez Nuryýewiç şeýle ýoldaşdy! Şeýle ýürek ýok ýerinde dostluk, birek-birege mähribanlyk duýgusy döremeýär. Şeýle ýürek adamlary içgin ysnyşdyrýar. Belki, şonuň üçinem bolsa bolar, Öwez Nuryýewiç dostlary hemişe “rodnoý” (“mähriban”) diýip ýüzlenýärdiler. 1986-njy ýylyň mart aýynyň dury asmanly, nurana güneşli güni Öwez Nuryýewiç gara ýeriň gujagyna tabşyranymyzda mazaryň başynda damagym doldy. Ýatdan çykmajak il ogly bilen soňky sapar hoşlaşyp aýdan her sözümde minnetdarlyk duýgumy beýan etdim... 18.01.88 ý. Bir gezek oba hojalyk institutyndan jaň edip, studentler bilen boljak duşuşyga çagyrdylar. Dogrusyny aýtsam, men känbir duşuşyklara gatnaşyp ýören adam däl. Çagyraýanlarynda-da ýaramok ýa-da känbir köpçülige bolamok diýip gös-göni aýdýaryn. Şo döwürde medeniýet institutynyň ýa-da konserwatoriýanyňmy rektory öýe jaň edip studentler bilen duşuşyga çagyranda-da şeýle bolupdy. Garaz, şeýle çakylyklar az däldi. Gynansam-da, men olaryň möhümlerini bitirip bilmändim. Ine, şol gezek oba hojalyk institutyndan mugallym gelip takatlyk edip: “Bolýa, sagalýançaňyň garaşaýarys” diýdi. Ýene-de kän gezek jaň etdi. Men oňa duşuşyga gatnaşyp bilmejekdigimi, galyberse-de, köpçülige bir düýpli zatlary aýdyp bilmeseň, “ony ýazdymdan, muny ýazdymdan” başga zat aýtmajak bolsaň, duşuşyp ýörmegi halamok” diýip, gatnaşyp bilmejekdigimi anyk mälim etdim. Duşuşyga höwesek adamlaryň birnäçesiniň atlaryny agzadym. Ol şolardan ikisini çagyryp, duşuşyk gurapdyr. Soň ol duşuşygyň geçişi hakda maňa jaň etdi. Ol atly şahyr “ony ýazdym – muny ýazdymdan” soň, studentlere öz aýaly hakda, onuň gowulygy hakda şirinden-şirin gürrüň berip: “Men irden turamda oňa “Eje!” diýip ýüzlenesim gelýär” diýip aýdypdyr. Aýalyňy nähili, niçiksi gowy görýänem bolsaň, muň ýaly zady ile mazamlap ýörmek edepsizlikden nyşan dälmidir?! 24.01.2002 ý. Kör Gojaly Tagtabazaryň Gyzylgojaly obasyndan. Halk bagşysy Ödenyýaz Nobatowyň ogly Gurbanmyrat maňa Kör gojaly bagşy hakynda bir gürrüň berdi. Ol şeýleräk: – Biziň ýaşulymyz Ýazdurdy Beknazarow gaty ýatkeş adamdy. Sowatlydy. Köne gürrüňleri gowy bilýärdi. Ol Kerim aganyň “Aýal bagşy” poemasyny okap, şahyra şeýle diýipdir: “Eserde beýan edilen waka edil beýle däl. Soraýmaly ekeniňiz” diýip bellik edipdir. Onuň gürrüň berşine görä, waka şeýle: Aýal bagşy Daşhowuz tarapdan. Toýa gelende ýanynda äri hem bar eken. Kör gojaly aýratyn otagda, aýal bagşy bolsa aýry otagda aýdym aýdypdyrlar. Kör gojalyň sesi gaty belent bolupdyr. Aýdym aýdanda bir metrlikde ýerleşen çäýnek-käse bir-birine degip döwülýän eken. Şol ýaryş başlamazyndan öň aýal ärine “Çagadan geçmeli bolar” diýýär. Äri razy bolýar. Aýalyň göwrelidiginden ärinden başga, hiç kimiň habary ýok. Şol sanda Kör Gojaly hem habarsyz. Ýarygijelerde Kör gojala aýalyň çagasy öli dogandygyny aýdanlarynda gaty gynanypdyr. “Şundan şeýläk men elime dutar almaryn” diýip aýdypdyr. Şol sözünde-de wepaly bolup galypdyr. Kazam dolup, nirede ýogalsam-da meni ol çaganyň jaýlanan ýerinde, edil ýanynda jaýlaň” diýip, wesýet eden eken. Onuň mazary Sakarçägede. O ýerde Bäbek öwlüýä bilen Kör gojaly öwlüýäsi bar. Ikisem gonambaşy. Gurbanmyradyň ýene bir gürrüňi: – Kakam (Ödenyýaz Nobat) obadan geldi. Bir mesele ýüze çykdy-da, Agajan Babaýewiň ýanyna bardyk. Kakam onuň bilen dost. Çaý başynda maslahatlaşyp, bu hakda ozal kakamyň kömek beren adamsyna – häzir bolsa ministr bolup işleýän bir adama ýüz tutmagy makul bilindi. Ertir kakam ikimiz onuň huzuryna bardyk. Ol şo wagt daşary ýurtdan gelen myhmanlary, has takygy, ýaponlary kabul edýän ekeni. Şo wagt ol bizi gördi. Kabulhanasynda garaşyp otyrys. Bir sagat, iki sagat... Men “Kaka gideli” diýsemem, ol “Men seniň meseläňi alada edemok. Men özüm üçin garaşýan” diýdi. Ahyry kabul edişlik gutardy. Ministr myhmanlary ugratmaga çykdy. Kakam “Indi bizi kabul edip biljekmi?” diýdi. “Ýok. Bu myhmanlar ýene geljekler” diýip, ol başdansowma jogap berdi. Şo sözden soň kakam sesini çykarman onuň ýanyndan çykyp gaýtdy. Şondan soň ol onuň ýanyna bir gezek hem barmady. Soň görüp otursam, ol adam aýagy ýalaňaç döwründe kakam oňa gaty köp kömek eden ekeni. “Pylanyň ogly boldy” diýip buşlanlarynda, buşlana göleli sygyr peşgeş beripdir. Kakamyň kabulhanada näme üçin uzak wagtlap garaşanyna soň düşünip galdym. Ol ministr diýýänimiz soň kürsüsinden aýryldy, ogly pajygaly ýagdaýda ýogaldy... 04.XII.2002 Ýalňyşmasam, noýabryň 26-syna ýa-da 27-sine Prеzidentiň jаnyna kаst еtmäge synanyşyk etmäge gatnaşanlara garşy (25.12.2002 ý. bolup geçdi) nälet sözlerini aýtmak üçin gepleşikde ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýew Воris Şуhmуradowyň kakasy Orаz Şyhmyrаt bilen özi bilen bolan bir wakany gürrüň berdi. Diwangulyýew Metbugat komitetiniň başlygy wagty (megerem 90-njy ýyllaryň başlary) Оraz Şуhmyrat oňa jaň edipdir. Ol täze çykan kitapçasyny sorapdyr. “Mende Oraz Şуhmyradуň nähili adamdygyny görmek höwesi döredi. Wagt belleşip, kitapçasyny hem ýanym bilen alyp, Oraz Şyhmyratlаra bardym. Daýaw adam. Görüşdik weli, elleri dagy şeýle sowuk eken” diýip, onuň bilen duşuşygyny häsiýetlendirýär. Şonda О.Şуhmyrаt komitetiň başlygyna Stаlini we onuň döwrüni ýazgaryp ýazylan kitaplaryň satylýandygyny aýdypdyr. Komitetiň öňki başlygy şeý diýenden şo döwürde “Magaryf” neşirýatynda çapa taýýarlanan täze taryhy-publisistik kitabymyň çykmandygynyň sebäbine düşünip galdym. Ol kitap boýdan-başa şаhsyýet kultу döwründe ejir çeken adamlaryň ykbaly hakdady. Neşirýatyň başlygy Nargylyç Ataýewdi. Bölüm müdiri Rejepmyrat Durdyýewdi. Redaktory Hojageldi Nurmyradowdy. Başda Nurmyradow kitaba gowy syn ýazdy. Okaldy. Taýýar edildi. Men munuň üçin Nargylyç Ataýewe minnetdardym. Ol şeýle kitabyň zerurlygyna oňat düşünýärdi. Şo wagtam ony komitetiň täze başlygy Diwangulyýew işinden aýyrdy. Şondan soň meniň golýazmamyň hem bagtyna gar ýagdy. Bir gün bölüm müdiri (onuň adyny hem tutasym gelenok – A.Ç.) neşirýata çagyryp, redaktoryň ikinji synyny (redaktor diýýänim Nurmyradow Hojageldi – A.Ç.) okamaga berdi. Golýazmanyň kitap edip çap edilmäge ýaramsyzdygy hakda ýazylypdyr. Ikiýüzlülik adama erbet täsir edýän ekeni. Onda-da bilkastlaýyn. Bir aýyň içinde golýazmanyň hem gowy, soňam erbet bolup bilýändigini şonda bilip galdym. Akylyma sygdyryp bilmedim. Şeýdibem men uly, göwrümli kitabyň golýazmasyny lapykeç halda yzyna aldym. Dadyňy kime ýetirjek. O ýerde düşünýän adamyň ýoklugyna magat göz ýetirýärdim. Nargylyjam ýok. Diwangulyýewe jaň etmedim, sebäbi munuň onuň özünden bilniksiz edilmeýändigine gowy düşünýän. Ine, on ýyldan soň meniň pikir edişim ýalydygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Muny Diwangulyýewiň öz dilinden, telewideniýede çykyş edip durka aýdan sözünden bildim. Ol Orаz Şуhmyrаdy, ýok, has takygy, wise-premýer Bоris Şуhmyradowуň kаkasyna gowy görünjek bolup, oňa “bоlşewiklerçe” söz berip, meniň golýazmamyň ugruna atly-ýaragly çykyp, onuň döwletiň neşirýatynda çykmazlygyny gazandy. Bu günem ol Оraz Şуhmуrady we onuň ogluny ýepbekleýär. Ertesi Kаkаbaý Ylýаs, Кakаmyrat Ваlly, Akbibi Ýusubowa pitneçileri ýepbeklediler. Ýusubowa “Şуhmуradowy, Hаnаmowy, Оrаzowy, Yklуmоwy gowy tanamok” diýenden, Kakamyrat: “Goýsana Akbibi, ogluň daşary işler ugrundan işläp ýör-ä. Tanamaýşyňy” diýip bellik etdi. * * * Ir wagtlar MK-da bolan buýro mejlisine gatnaşanlaryň biri muny maňa gürrüň beripdi. 1974-nji ýylda “Mydam taýýar” gazetinde professor Mäti Kösäýewiň “Turan aksakaly” diýen çaklaňja makalasy çap edilipdir (Men o wagtlar Moskwada, Ýokary komsomol mekdebiniň žurnalistika bölüminde okaýardym. Iki ýyllyk). Makala ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna – ýubileýine bagyşlanan. Turan sözi üçin Mäti Kösäýewi SK-nyň býurosyna salýarlar. Şonda onuň onda-munda aýdan sözlerini ýatladypdyrlar. Mysal üçin: pylan oturylyşykda pylan zat aýdypsyň. Bir gezek uniwersitetiň agzynda, pylan günde, pylan sagatda, pylanylaň ýanynda professor Hydyrow Mämmetnazara tat diýipsiň we ş. m. Mäti aga “Ýadyma düşenok. “Starost – ne radost” diýen ýaly söz diýipdir. Şonda SK-nyň ikinji sekretary Wasiliý Nazarowiç Rykow: “Biz ony saňa ýatladarys. Kakoý ot tebýa professor” diýip, ony kemsidipdir. Şondan soň Rykow oturan Begenç Kerimä (ol şo wagt MK-nyň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri eken) “Hany ýatlat oňa aýdan zatlaryny” diýip aýdandan soň, Kerimi elindäki papkadan kagyzlary alyp, onuň oturylyşyklarda aýdan gyşyk sözlerinden mysal getiripdir. Şu zatlardan çen tutsaň “Turan” sözem häli bir gep başy ýaly bir zat bolmaly. Esasy zat Mäti aganyň gyşyk gürrüňleri bolmaly. Ony şonda ähli derejeli atlaryndan aýrypdyrlar. Professor Hydyrow bizi okatdy, ol SK-nyň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurowyň gaýynatasydy. Biz uniwersitetde okaýan döwrümiz – megerem 1969-njy ýyllar bolmagy mümkin – kafedra müdiri professor M.Hydyrowy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ata Ybraýymowy, Kakajan Babaýewi işden boşadypdylar. Sebäbi olaryň işden boşadylmagy biziň fakultetimiziň dekany, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gumman Saryýew bilen baglanyşyklydy. Şo wagt SK-nyň birinji sekretary Balyş Öwezowdy. Gumman aga bilen Öwezow öňden tanyş, ildeş. Aradan birnäçe wagt geçensoň B.Öwezow işden aýryldy. Ýerine M.Gapurow geçdi. Şunuň bilen işden aýrylan adamlaryň hem durmuşynda öwrülişik boldy. Olar ýene öňki işlerine dikeldildi. Gumman aga-da, Mämmetnazar aga-da meni erbet görmediler. Ahyrky kursda diplom goramaly günüm “Aý, gijräk bararyn-da” diýip ýatyrdym. Yzymdan Mämmetnazar aga bir studenti iberipdir. Men hakda biynjalyk bolupdyr. Ýuwnup bardym. Diplomymyň temasy “Nohur halk döredijiliginiň dili”. Ony dörtlüge goradym. Moskwany tamamlap, “Mydam taýýar” gazetiniň jogapkär sekretary bolup işe başladym. Şonda bir gezek Mämmetnazar aga redaksiýa geldi. Meniň kabinetimde oturyp, onuň “Žiguli” maşyny hakda ýazan goşgusyny diňledik. Redaktorymyz žurnalist Saparmyrat Gurbanowdy. “Ýoldaş mugallym, bu goşgy gaty gowy. Muny “Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilse gowy bolar” diýip, başyndan sowdy. Çünki biziň gazetimiz çagalaryň gazetidi. Saparmyrat 1982-nji ýylyň 1-nji martynda ýogaldy. 40 ýaşynda tarpa-taýyn. 09.12.2002. Geçen hepde Mеle Bаdaýew ikimiz Medeniýet institutyna bardyk. Ol Swoboda (Magtymguly) köçesiniň ugrunda, öňki partiýanyň Aşgabat şäherkomynyň (TKP) jaýynda ýerleşýär. “Bahar” kinoteatrynyň bäri ýanynda. Bardyk. Gapydan giräýen ýeriňde institutyň prorektory dur eken. (Onuň prorektordygyny, adyny Meleden bildim). Mele onuň bilen salamlaşyp, meni tanyşdyrdy. “Allaýar, ozal üç müň kitabyny Karl Marks kitaphanasyna peşgeş berip, indem özi kitap satyn aljak bolýar. Kitap satýaňyz diýip eşitdik” diýip, Mele aýtdy. Ol kitabyň umumy ýaşaýyş jaýynda satylýandygyny aýdyp: “Ýagdaýyň bolsa hemmesini äkit. 5-10 müň kitap bardyr. 1-den, 1,5 müňdendir” diýdi. Ol muny ýylgyryp aýtdy. Biz salgy berlen ýere bardyk. Kitap saýlap otyryn. Mele girelgede gürleşip otyr. “Allaýar Çüriýewi tanaýarmyň?” “Hawa. Berk tanaýan”. “Hana, tanasaň. Kitap saýlap otyr. Salamlaşsaň bar”. Bizden kiçirägem bolmagy mümkin, ýaşytdaş bolmagymyzam ähtimal, biri gelip salamlaşdy. Elleşdik. “Näme, täzeden kоmmunizm gurjak bolýaňyzmy. Sоsializm-ä gurduňyz” diýip ýaňsyly äheňde aýtdy. Onuň bu äheňi maňa ýaramady. “Aý, hоwwa” diýen ýaly manysyz jogap berdim. Men ýolda onuň kimligi bilen gyzyklandym. Ozal gören adamym däl. “Çary” diýdi. Meň ýerime işe alypdyrlar. Ozal zamministr zat bolubam işlän bolmaly” diýip, Mele aýtdy. Kelesaňrak gördüm. Kitaplaryň hemmesi diýen ýaly rus dilinde. Klassyklaryň ýazan ölmez-ýitmez eserleri, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň ýazan kitaplary uly otagyň içine dökülipdir. Gözgyny ýagdaýda. Görüp otursak, geçen ýyldan bäri satylýan eken. Bu ýerden biz birki aýlykda şahyr dostum Azat Rahmanow bilen ýüze golaý kitap satyn alypdyk. Menem, Azadam her gezek kitaplaryň bolup ýatyşyny göremizde, ýüreklerimiz awap gaýdýar. Bu kitaplar indi hiç wagtam ýaňadan neşir ediljek kitaplar däl ahbetin. Ýaňky kelesaň bolsa kitap alanymyz üçin ýaňsylaýar. Gерiň gеrdişine görä аýtsam, Mеle bu institutdа birki gün hоjalyk bоýunça rektоryň оrunbasary bоlup işlеdi. Вirki gündеn sоň mеdeniýet ministri Оrаz Аýdоgdyýew рrorеktory ýаnyna çаgyryp: “Siz kimi işе alурsyňyz. Оl dаşary işlеr ministri Воris Şуhmуrаdоw bilen bile işleşen Муrat Ваdaýewiň dоgany. Işdеn kоw” diýiр, tаbşyryk bеripdir. Şеýdibem Меläni işdеn kоwdular. Myrаt Badаýew žurnalist Mämmеt Badаýewiň ogly. Onuň bir inisi häzir uniwersitetde hojalyk işleri boýunça propektor (Merdan), beýleki inisi Dempartiýada 1-nji sekretaryň kömekçisi. Bu bir bahana. Çünki Mеle özünden öňki işlän oglana “Ýetmeýän zatlar bolsa tölemeli bolarsyň” diýip aýdan eken. Olam Orаz Aýdоgda aýdypdyr. Ol oglanam Orazyň öz goraglap ýören oglany eken. Kitaplaram Aýdоgdyýewiň emri boýunça satylýan bolmaly. Eşidişime görä, Kаrl Mаrks kitaphanasynda-da kitap satylýar. Gynandym. 1999-njy ýylda peşgeş beren kitaplaryma gynandym. Haýp!.. * * * Atamyzyň ejesiniň ady Dеssegül eken. Ol ýüz ýaşapdyr. Bu hakykatdanam şeýle. Sebäbi ony enem pahyr görüpdir. Desse mamamyzyň şonda çaganyňky ýaly täze dişleri çykypdyr. Ol ýüz ýaşynda gowurgany kitir-kitir edip iýýän eken. Ölüm ýassygynda ýatyrka, imanyny okanlarynda ol ýüküň astynda goýlan garagurdy barmaklaryna degrip, ýalap duranyny görüp, haýran galypdyrlar. Muny maňa arada oba baryp gelenimde ejem gürrüň berdi. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |