10:04 Gündelikde galanlar -15/ dowamy | |
11.12.2002
Ýatlamalar
Bir gezek, 1977-nji ýylam bolmagam ähtimal. “Mydam taýýar” gazetinde işleýärdim. Garrygala şäherçesinde ýaşaýan atamy motor kakyp aýagy döwlüp, Aşgabatda keselhanada ýatmaly boldy. Keselhanadan soň biziň öýümizde ýatdy. Soň aýaga galandan soň öz öýüne äkitdik. Işdeş ýoldaşym, özi garrygalaly Myrat Sopyýewiň ýeňil maşyny bilen gitdik. Kakam, obadan ýene bir topar adam gelipdir. Biz şo agşam prokuroryň öýünde myhmançylykda bolupdyk. Şo wagtlar hem obamyzdan iki mugallymy – Eke Öwezmyrat bilen Kaka Hallyny dine uýýanlykda aýyplap, oblast gazetinde makala çykypdy. Prokuror “Men şolary basaryn” diýip öwündi. Onuň öz öýünde oturandygyna garamazdan, men oňa garşy çykdym. Meniň öz mugallymlarymy gorap çykyş edenimi onuň goňşusy – Allaberdi eşitdi. Obadaş adam. Soň ol bu wakany meniň mugallymlaryma gürrüň edip beripdir. Soň meni kakam keýpli ýagdaýda görüp, bolşumy halamaýandygyny duýup, ýanyna baryp salamlaşyp bilmedim. Men munuň üçin häzirem gaty utanýaryn. Bu meniň goýberen uly hatamdy. Bir gezegem Eýrandan 1990-njy ýyl bolsa gerek, kakamyň daýysynyň ogly gelipdir. Muny eşiden kakam obadan geldi. Otyrys. Iýildi-içildi. Men o wagtlar arakdyr çilimdenem habarly. Şonda bolup geçen bir waka hiç ýadymdan çykanok: bir-ä ýanymda oturanyň çilimini otlap berdim, birem bir garyndaşymyň degşip takyr kellesine dodagymy degirdim. Şonda bizi synlap oturan kakamyň nägile nazaryny duýmazlyk mümkin däldi. * * * “Edebiýat we sungat” gazetinde baş redaktoryň orunbasary bolup işleýärdim. Aşgabat obkomynyň organy bolan “Oktýabryň ýalkymy” gazetinde goşgular toplumym çykypdy. Hemem “Sowet Türkmenistany” gazetinde syýasy äheňde ýazylan birki sany goşgym çap edilipdi. Şondan birki günden soň redaksiýa şahyr Ata Atajanow geldi. Elindäki oblast gazetini maňa berdi. Gyzyl syýa bilen petir ýaly bezäpdir. Şonda ol “Inim, bizem ýaş wagtymyz syýasy goşgulary köp ýazdyk. Sen şoňa kän bir ymtylma” diýip maslahat berdi. Şahyryň 60 ýaşynyň öňüsyrasynda onuň bükledini çykardylar. Ol redaksiýa ýörite gelip, bükledini sowgat berdi. Onuň ýüzüne bolsa şeýle sözleri ýazypdyr: “Zehinli kärdeşim, gadyrly inim Allaýara ömürlik ak ýol dileýän. Ata Atajanow. 29. XI. 82”. Men ol bükledi häzirem aýawly saklaýaryn. 12.12.2002. Ýaňyrak Pirnazar jaň edip, obada Hansähediň ýogalandygyny aýtdy. Gan basyş galypdyr. Birki sany ukol edenden soňlar, gan basyşy 60/40 bolupdyr. Ýogalypdyr. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, obadaş! 14.XII.2002 ý. 1991-nji ýylda Bamy topragynda türkmen sazynyň ussady Pürli Sarynyň doglan gününiň 90 ýyllygy bellenilip geçilipdi. Şonda men köne tanşym Gutlymyrat Begmyrat ogly bilen söhbetdeş bolupdym. Ol maňa Magtymgulynyň heniz hiç ýerde çap edilmedik goşgusy diýip bir goşgy aýdyp beripdi. Gutlymyrat aga bu goşgyny 1933-nji ýylda bamyly Eýeberdi molladan ýazyp alypdyr. “Sary bagşy ony “Nowaýy” perdesine sanaýardy” diýip, Gutlymyrat aga ýatlapdy. Sanalgydyr munda alan demleriň, Kazaň dolsa lukman bilmez emleriň, Ajal tapar, perman bolsa çemleriň, Jeset içre şirin janyň amanat. Demiň bilen dagy-daşy eretseň, Haýbat atyp, derýalary ýöretseň, Höküm sürüp, bu jahana seretseň, Jeset içre şirin janyň amanat. Hatam taý kysmynda bir jomart bolsaň, Hajymelik kimin bir emärt bolsaň, Karun deý suhyt tüýs bir namart bolsaň, Jeset içre şirin janyň amanat. Isgender bolup, ýer ýüzüni alsaň, Aly kimin din gyljyny hem çalsaň, Eflatun deý dünýä ylmyny bilseň, Jeset içre şirin janyň amanat. Gudratlydyr halkyň ajap permany, Ajal ýetse bolmaz onuň dermany. Adamzadyň galar şunda armany, Jeset içre şirin janyň amanat. Sözi bilip, jaý ýerinde sözlänler, Ýagşyňy ýaýyp, ýamany düzlänler, Kazy bolup, şerigaty yzlanlar, Jeset içre şirin janyň amanat. Pany dünýä gülüp gujak açarmyş, Bir gün seniň köpen donuň biçermiş, Demiň seni mundan goýup gaçarmyş, Jeset içre şirin janyň amanat. Setdä duranlaryň üçdür mekany, Mydam açyk ajal ýolnuň dükany, Rehim eýläp goýmaz köpi, ýekäni, Jeset içre şirin janyň amanat. Sen bolupsyň bu dünýäniň myhmany, Panydan geçersiň ýokdur gümany, Hudaýyň magşarda bersin imany, Jeset içre şirin janyň amanat. Kysmatdan gaçyp, gutulan bolmandyr, Könelerden hiç biri hem galmandyr, Aglap dogup, aglap ötüp gülmändir, Jeset içre şirin janyň amanat. Magtymguly dökme gözden ýaşyňy, Gamgyn bolup, ýere bakma başyňy, Tagat çekip, berjaý eýle işiňi Jeset içre şirin janyň amanat. 14.XII.2002 ý. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ahyry. SSSR ýurdunda täzeden gurmak, aýanlyk döwri dowam edýär. Ozal Türkmenistan SSR Ýokary sudunyň çleni bolup işlän Оraz aga (familiýasy şumat ýadymda däl, asly gökjelimikän öýdýän) işdeş ýoldaşymyz Meret aga Temmimowyň ýanyna redaksiýa (“Edebiýat we sungat” gazeti) gümür-ýamyr edişmäge gelýärdi, ýeri gelende aýtsam, ol bir gezek mekdepde okaýan gyzynyň meniň goşgularymy höwes bilen okaýandygyny gürrüňinde aýdypdy. Bu meniň üçin garaşylmadyk ýagdaý bolupdy. Şol gürrüňçilikleriň birinde Oraz aga Mäti Kösäýew hakda, onuň ellinji ýyllaryň başynda tutulyşy, onuň işi bilen tanyş bir KGВ işgäri (özi türkmen, polkownik) bilen öz arasynda bolan bir gürrüňçiligi ýatlady. Oraz aga şonda Mäti agany sorapdyr. Onuň türkmen üçin gerekli adamdygyny, elinden gelse oňa kömek etmelidigini aýdanda, türkmen polkownigi ulumsylyk bilen: “Şumat isleseň, gel, Mäti Kösäň ýatan ýerine baraly. Öz ejesine sögüşini özüňe eşitdireýin” diýip öwnüpdir. Ine, türkmen polkowniginiň türkmen professoryna garaýşy. Bu gürrüň Oraz aganyň özi toslap tapandyr öýdüp pikir edemok. Ol şonda muny örän janyýangynlyk bilen bize aýdyp beripdi. Şeýle hem ol özüniň ýokary häkimiýet çinowniklerine garşy göreşişi, aýratynam TKP MK-nyň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurowyň kadrlar meselesinde goýberen gödek ýalňyşlyklary hakda Kremle hat ýazyşy, o ýerde olary kabul edişleri, Gapurowyň ýüzüne aýdan zatlary dogrusynda gyzykly gürrüňler beripdi. Gynançly ýeri, wagtyň geçmegi bilen o gürrüňler doly ýadyma düşenok. * * * Bagşy hem alym Döwletgeldi Ökdürow biziň obadaşymyzdy. Ol ir aramyzdan gitdi. Bary-ýogy elli bir ýaşynyň içinde agyr keselden ýogalypdy. Dekabryň bir güni men ýüzümiň ugruna hem Döwletgeldiniň saglygyny soraryn, hemem oňa täze at berlensoň gazetde suraty bilen bererin, suratyny alaryn diýip öýüne sowuldym. Barsam Ökdir aganyň ady goýlan ogly kakasynyň aýaklaryny owkalap oturan eken. Aýaly Ogultäç gelneje: “Allaýar geldi” diýensoň, ol “Geliber, ýegen!” diýip, çasly seslendi. Onuň ýagdaýynyň halys peselip ugrandygy indi onuň ýüz-gözünden has-da mese-mälimdi. Ol şonda nämüçindir çagalygyny, gören horluklaryny ýatlady. – Horluk kän görlendir, ýegen – diýdi. Biz oglan wagtymyz matadan köwüş bardy. Şony kakam ikimiz gezekleşip geýerdik. Gar ýagan güni men mekdebe geýip giderdim. Öýe baramsoň, kakam geýerdi – diýdi. Biraz dymyp, ol ýene-de gürläp başlady: – Oglanlar gelip “Näme göwnüň isleýär. Tapaly” diýýärler. Menem: “Tapyp bilmersiňiz” diýýän. “Aýt-da, aýt” boluşýarlar. Menem: “Keýik almajygyny iýesim gelýär” diýýän. Nirden tapsynlar. Ol aprelde bişýär. Gaty tagamly. Agzyňda eräp gidýär. Ýegen, dagda bitýän keýik almajygyny iýip görüpmidiň? – diýip sorady. Men: – Ýok – diýip jogap berdim. Sesini çykarmady. Öz jogabyma özüm utandym. ”Sendenem bir dagly bolaýşyny” diýip, öz-özüme käýindim. Men şo pursat Döwletgeldiniň hor-homsy geçen çagalygyna, ömürboýy wasp etdigi keremli daglaryň goýnuna dolanasynyň gelýändigini aňdym. Ýöne onuň hiç haçan daglary görüp bilmejekdigini, çar pasly baharly Könekesire gaýdyp gözüniň düşmejekdigini o wagtlar näbileýin! Şo hoşlaşyk hem biziň iň soňky hoşlaşygymyz eken. Köp salym geçmänem, has takygy, togsanynjy ýylyň 2-nji ýanwar güni, ol elli bir ýaşynyň içinde bakyýete gidipdi. Şol gün türkmen halky öz bilbilinden jyda düşüpdi. Ony jaýlamak üçin Köşiň baýryndaky gonamçylyga gaty köp millet ýygnanypdy. 18.XII.2002 Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda “Edebiýat we sungat” gazetinde goşgular toplumym çap edilipdi. Goşgularyň birinde liriki gahrymanyň ilkinji söýgüsi teswirlenýär. Goşguda “ahally gyz”, “gara hally gyz” sözleri kapyýalaşýardy. Goşgy çykandan soň özlerini “ahally” saýýan “gazetçi” ýaş ýigitleriň birnäçesi gazetiň baş redaktory Hojamyrat Goçmyradowyň üstüne topulyp gelip, goşgynyň awtoryna haýbat atyp gidipdirler. Muny eşidip, redaktoryň ýanyna “Näme habar” diýip barsam, olaryň bu bolup ýörşüne hem gaharym geldi hem ajy ýylgyrdym. Meni köşeşdirdi. Soň göpüp otursam, “ahally” ýaş ýigitleri oýnan Ýоwşаn Аnnаgurbаn eken. Ol “Çüriýew öz goşgusynda ahal gyzynyň abraýyna şikes ýetiripdir. Kimmişin ol ahal gyzyna dil ýetirerçe, aşyk bolarça” diýen ýaly, adamyň duýgusyny gyzdyryjy gürrüňleri bilen olaryň başyny aýlan bolmaga çemeli. Edebiýatdan, poeziýadan, umuman döredijilik dünýäsinden gaty daşdaky (olar şo wagt redaksiýalarda işleýänem bolsa, men olar hakda şu pikirde) ýigitler öz hereketleri bilen öz abraýlaryny gaçyrypdylar. Olaryň biri soňam kärdeşlerimiň biriniň ýanynda “Çüriýewi eýderis, Çüriýewi beýderis” diýip gaty öwünipdir. Ah, ýigitler ýigitler, poeziýa diýilýän zat gaty näzik zad-a. Oňa eliň gylyçly girmek bolmaýar. Goşguda lebaply, murgaply, dagly, gumly... gyzlary wasp etmek, olara bolan öz söýgiňi beýan etmek şu günki gün döredilen zat däl. Ýekeje mysal: “Ili gökleň, ady Meňli...” Muňa näme diýjek. Ýok, ýaňky ýigitler bu zatlara aňry ýany bilenem düşünýändirler. Olaryň esasy maksady şo wagtky ýaş ýazyjy Ýоwşаn Аnnаgurbаnоwyň gepine gidip, yrsaramakdy. Ýogsam men öz wagtynda Ýоwşаna az kömek etmändim. Aý, hawa-da, her kimiň niýeti-päli özüne ýoldaş. 19.XII.2002 ý. Kompozitor Durdy Nuryýew bilen biz döredijilikli hyzmatdaşlykda bolupdyk. Biz onuň bilen öz döwründe “Watan çagyrýar”, “Ýygymçy gyza” ýaly ýörgünli aýdylan aýdymlaryň birnäçesini ýazypdyk. 80-nji ýyllaryň başlarynda ýaňky ady agzalan aýdymlary aýdyp, Aşgabat pedagogik uçilişesiniň okuwçylary Gurban Nuryýewiň ýolbaşçylygynda Moskwada geçirilen aýdym-saz kollektiwleriniň arasynda geçirilen Bütinsoýuz ýaryşynda ýeňiji bolupdylar. Bir gezek Durdy Nuryýewiň işleýän saz uçilişesine baryp, bellenilen wagtda onuň klasyna girdim. Wagt diýseň takykdy. Salamlaşanymyzdan soň, Durdy Nuryýewiç ýylgyryp: “Allaýar, bilýärmiň, men seniň bilen nämüçin höwes bilen işleýän?” diýip sorady. Özi-de jogap berdi. – Çünki sen wagt belleşsek, gijä galman öz wagtynda gelýäň. Ol başga birküç sany şahyryň adyny tutup, sagat 10-da duşuşmaly diýip wadalaşsak, olar ýa 11-iň ýarynda, ýa-da 11-de gelýärler” – diýdi. Ussat kompozitor wagta uly sarpa goýýardy. 20.XII.2002 Birküç günlükde Mele Badaýew bilen howlynyň sowukdygyna, ýollaryň sürçekdigine garamazdan, maşynly şähere çykdyk. Birinde algysy bar eken. Ujundan 200 müň manat alypdyr, 100-ni almajagam bolsam maňa berdi. Düýn şähere çykamyzda ol: “Öňňün çörek almana-da öýde pul ýokdy” diýdi. Onuň pul ýokdy diýen güni men teke bazaryndan 4 sany tamdyr çöregini alypdym. “Senem çörek aljakmy?” diýip sorasam, “Ýok, öýde çörek bar” diýip aýtmagyna garamazdan, men oňa gyzgyn çörekden birini beripdim. Soň görüp otursam, onuň çörek almaga-da puly ýok eken. Gaty gynandym. 07.01.2003 Dokumentalçy režissýor Çerkez Şamyradow folklorçy Ümür Esen hakda filmi surata düşüripdir. Ssenariniň awtory şahyr Nobatguly Rejebow. “Myhmanhanada iýip-içip bolanymyzdan soň, Nobatguly krowadyň üstüne geçýär. Çerkez aga oňa “Nobatguly, saçyň gaty hüžžük, bulaşyk-la” diýýär. Olam “Wah, Çerkez aga, saç däl-le, munuň içi bulaşyk” diýipdir. * * * 80-nji ýyllaryň ahyrlary bolsa gerek. “Edebiýat we sungat” gazetinde işleýärdim. Men jogapkär sekretar, Тirkiş Jumаgеldiýew baş redaktor. Ol: “Magtymguly we onuň döwri hakda täze roman ýazýan. Onuň ýaşap, gezen ýerlerini görmeli. Giderismi?” diýdi. Ýanymyza şahyr Atamyrat Atabaýew hem goşuldy. Üç bolup ýola düşdük. Garrygalada bolduk, soň meniň obama – öýe gitdik. Kakam bizi gowy garşylady. Tirkiş bilen dil tapyşdylar. Birki gün bu ýerde myhmançylykda bolup, Gyzyletrege ýola düşdük. Obamyzda mekdepde okuwçylar bilen duşuşyk geçirdik. Gyzyletrekde serhetçiler zastawada bize Magtymgulynyň ýogalan ýeri bolan Aýjemal çeşmesine ýol belet bellediler. Ofiser, rus ýigidi. Soň ýolda tanşyp görsek, ol meniň kakamy gowy tanaýan ekeni. Serhede girip, ep-esli ýol geçdik. Aýjemal çeşmesine bardyk. Çeşme gurapdyr. Naýbadaýy gördük. Soňudagyna nazar saldyk. Taryhy ýerler. Bu ýerler bizde uly täsir galdyrdy. Her kim uzak oýlara çümdi. Soň men “Naýbadaý” atly goşgymy ýazdym. Garrygala, Gyzyletrege gezelenç döwründe Çendire-de bardyk. Ýalňyşmasam, Gyzylymam gonamçylygy bizde aýratyn täsir galdyrypdy. Bu örän gadymy gonamçylyk bolmaly. Her mazaryň başynda uzyn süýri daşlar dikeldilipdir. Bu gonamçylyk şu müňýyllygyň gonamçylygy bolmaly däl. Nämüçindir bu gonamçylyk barada taryhçy alymlarymyzyň ýazan zatlary ýok. Eger ýazan bolsalar ýa-da telegepleşikler edilen bolsa, biz habarly bolmaly. Daşlar nähili ýasalypdyr, nireden getirilipdir? Kelläňe syganok?! Täsin gudrat diýseňem boljak. * * * Ussat režissýor Çerkez Şamyrat geçen asyryň ellinji ýyllarynda Daşkendiň teatr institutynda okapdyr. O ýerde şo döwürde soň atlary halkyň içinde meşhurlyga eýe bolan uly ussatlaryň ençemesi okapdyr. Şolaryň birem Baba Annanow. – Üçünji kursda okap ýörkä, Babany özümiz öýerdik. Studentler kafesinde toýuny geçirdik. Her kimden şo döwrüň puly bilen 10-15 manatdan pul özüm ýygnapdym. Aýaly Bossan göwreli bolup, keselhanada çagasy bolanda, gundagly çagany özüm göterip umumyýaşaýyş jaýyna getiripdim - diýip Çerkez aga aýtdy. Ol çaga şindiki artist hem režissýor Kerim Annanow bolmaly. – Arada ol kinostudiýa, onuň ýanyna iş sorap bardym, “Bir hepde, ýarym hepde garaş. Iş taparys Çerkez kaka” diýip söz berdi. 08.03.2003 Saýlaw Myradow bilen altmyşynjy ýyllarda Çerkez Şamyrat “Ýartygulak” atly satirik teležurnalyny taýýarlaýan ekenler. “Hepdede iki gezek ekrana çykmaly. Käte grafigiň bozulýan halatlaram bolýar. Şonda Teleradiokomitetiň başlygy Nurjan Amanow olary ýanyna çagyryp: “Saýlaw, men saňa ýaramaz işiň üçin käýinç bererin” diýipdir. Saýlaw bolsa: “Başlyk, käýinçden başga meniň hemme zadym bar. Diňe käýinjim ýok. Şonam beräýseňiz boljak” diýdi – diýip, Çerkez Şamyrat ýatlady. * * * Bagdagül ene Nohur etraplarynda “Uzak ýaşadym” diýen adamlaryň biridi. Birwagtlar daýaw, edenli ol aýal, indi ýumruk ýalyjak bolup otyrdy. Men onuň bilen 1992-nji ýylyň sentýabrynda söhbetdeş bolupdym. Şonda ol özüniň bir ýüz on ýaşandygyny aýdypdy. Onuň ýatkeşligi gaty gowudy. Ýatlara bolsa wakalar köpdi. Onuň Goçmyrat ahun, Atanyýaz ahun hakdaky gürrüňleri, otuz ýedinji ýylyň hasratly wakalary, gaýynatasy Tüşi mergen hakda beren gürrüňleri mende uly täsir galdyrypdy. Köp kynçylyklary başdan geçiren bu merdana aýalyň uruş ýyllarynda açlyk-ýalaňaçlyk diýmän ýaşaýyş ugrundaky göreşi merdanalygyň nusgasydy. – Erkek kişiler obadakalar biz agyr iş diýlen zady bilmezdik. Myhmanlaryň çaýyna-naharyna ýetişsek, boldugydy. Erkek göbeklilerimiz urşa gidensoň, bilimizi berk guşamaly bolduk. Orak orup bilen orak orup, harman döwen bilen harman döwüp, ýer depen bilen ýer depip, kolhozyň ýerlerini suwarmaly diýseler suwaryp, artel işläp gün görmeli boldy. Az-owlak norma berseler, getirip çagalara bermelidi. Ýaz aýlary dagda halwan diýip ot ösýär. Ýeralma ýaly, ak. Özi weli awy ýaly ajy. Şoňa ýetsek, bugdaýa çykan ýaly bolýardyk. Ýatyrlaýyn daga gidip, gazyp-gazyp alyp, göterip bilenimizi göterip getirýärdik. Bulary ilki bilen ýuwup-ardyp, ap-ak edýäs. Jamyň içinde daş goýup, olary daşa çalmaly. Un etmeli. Muny dört-bäş gün dagy jamda suwa salyp goýmaly. Günde bir ýa iki gezek suwuny çalyşmaly. Süýjänsoň ony gatyk bilen kaçy çalmaly. Kaçynyň üstüne-de gatyk döküp iýmeli. Bolsa gaýmak döküp iýerdik. Elimize bugdaý düşýänçe, şony iýip oňmaly bolýardy. Hökümedem salyp bilen salgydyny salýar. “Müň manat zaýom beriň, dowaryňyzyň ýüňüni beriň, çöpürini beriň, süýdüni beriň!..” Onsoň biz näme iýeli? Şeýdip alýarlar. Normasyny berýänçäk, olardan biziň çagalarymyzam datmaly däl. Munuň ýüňüni, çöpürini üzüp bilmesek, bir dowar beriň. “Üzüliň menden” diýýär. Uruş gutarandan soň dokluga çykdyk. Arkamyza şemal çalan ýaly boldy – diýip, Bagdagül ene aýdypdy. 20.01.2003. Gar ýagýar. Şu gün ara düşen üç ýyla ýakyn wagtdan soň Oraz aganyň– Oraz Nepesowyň ýanynda, Türkmenistan weteranlar guramasynda işe başladym. Goňşy otagda Azatlyk etrabynyň weteranlar guramasynyň başlygynyň orunbasary, 1922-nji ýylda doglan Aga Garajaýew oturýar. Oraz aga onuň bilen tanyşdyrdy. Aga Garajaýew meni ozal gaýybana tanaýan eken. 1962-nji ýylda biziň obamyzda – Könekesirde, “Zähmet” kolhozynda biziň öýümizde birki gün myhman bolupdyr. Muny özi aýtdy. “Kakaň gyzyl ýaly adamdy. Ol meniň ýanymda iki gezek boldy” diýdi. Gürrüňçi adam. Halal adam bolmaly. Ol 1962-nji ýylda Garrygalada komandirowkada bolup, raýkomyň plenumyna material taýýarlapdyr. Plenum güni MK-nyň sekretary Şamyrat Täşliýew gelipdir. Öňki raýkomyň sekretary Saparowy aýryp (soň ol basylypdyr. Gepiň gerdişine aýtsam, Sapara Moskwada partiýa mekdebinde Çehoslowakiýanyň partiýasynyň sekretary Dubçek bilen okapdyr – diýip gürrüň edýärdiler) ýerine Annamämmet Öwezowy saýlapdyrlar. Öwezow öýünde oturanlarynda “Biz Aga bilen bile okadyk. Mümkin bolsa bize, raýispolkomyň başlyklygyna Agany ibermäge kömek et” diýip haýyş edipdir. A.Garajaýew şo wagt SK-da propaganda bölüminde işleýän eken. Garajaýew şonda: “Ýoldaş Täşliýew, eger iberiljek bolsa, onda meni pagta ekilýän raýonlara iberseňiz. Çünki meniň özüm pagta ekýän raýondan” diýipdir (ol özüniň Baýramalydandygyny hem aýtdy). Aga Garajaýew altmyşynjy ýyllarda TSSR Partiýa döwlet kontrollygy komiteti açylanda, ony şol komitetiň magaryf, saglygy saklaýyş medeni bölümine müdir edip belläpdirler. Ol şonda saglygy saklaýyş ugry nätanyşrak bolansoň, içgin tanyşmak üçin üç aýlyk massažçylyk ugrundan okap, hat alýar. Muny özünden başga hiç kim bilmändir. Bir gezek Tejeniň keselhanasyny barlamaga gidende zalyň ugrunda ýatan näsag garry aýal bilen gürrüňdeş bolýar. Aýal özüne üç-dört günden bäri seredilmändigini aýdýar. Ol oňa az-owlak massaž edenden soň, derdi ýeňleýär. Ynama girip, keselhanadaky ýagdaýlary eşidýär. Aýal onuň kimdigini, näme işleýändigini hem bilenok. Şeýdibem baş wraçsyz, beýlekisiz keselhanadaky bidüzgünçilikleri bilýär. Birini aýyrmaly ýa-da birini işe bellemeli bolsa, buýrugy ýa-da taslamany maşynkadan geçirmeli bolsa ony özüm taýýarlaýardym. Hiç kime ynanmaýardym – diýýär. Biriniň bidüzgünçilikler hakda beren gürrüňini, kimiň gürrüň berenligini özümden başga adam bilenokdy. Şeýle bolanda adamlar saňa arkaýyn ynanýarlar – diýýär. 21.01.2003 Aga Garajaýewiň Suhan Babaýewiç hakda aýdany: – SK-da işlämde bir gezek Ýylanla gitdim. Raýkomyň sekretary Pirjan Ýegendurdyýew o hakda şeýle diýdi: – Pagta planyňy dolanlygyň hakda telegramma arkaly SK habar berýäň. Babaýew gije jaň edip, üstünlik bilen gutlar. Eger seniň ýalan raportyň üstüni açjak bolsa, seni gije telefonda gutlap, irdenem raýonyňa geler. Ähli býuro çlenlerini ýygnap, ýeňiş bilen gutlar. Soňam 1-njä “Hany bir hojalyklara aýlanaly” diýer. Seň garaşmadyk, bilmedik hojalygyňa äkidip, o ýerde pagta ýygyp ýören daýhanlary görkezer. Bir hojalykda bolsa, ne ýagşy! Iki-üç hojalyk gabat gelse gelip, ýene býuro çlenlerini ýygnap aýtmaly zatlary aýdar. Indiki Plenumda ýa-da uly ýygnakda aýbyňy açar diýip garaşarsyň. Ol bolsa aýtmaz. Öz käýäni bilen çäklener. Bu saňa onsoň ömürlik sapak bolýandyr – diýip, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Ýegendurdyýew aýdypdyr. Ýene bir onuň bilen baglanyşykly gürrüň: Muny bir gezek Tagtabazara komandirowka baranda öňki kolhoz başlygy Gurban aga gürrüň beripdi: – SK-da işlämde Tagtabazar raýispolkomynyň başlygynyň orunbasary Gulamhaýdar Jumaýew (soň ol Ýolöteniň 1-nji sekretary, soň bolsa pagta bilen eden jenaýat işi gozgalyp, atuwa höküm edildi. Atylmady soň. Ýogaldy), “Gurban aga diýip bir ýaşuly “Ýokardan myhman gelse getir öýe, myhman kabul edeli” diýip, mürehet edip ýör, şonuňka myhmançylyga gidäýsek niçik görýäň?” diýdi. Gurban aga diýilýäni ýaşuly adamlygyna garamazdan, peşeneli daýaw adam ekeni. – Suhan Babaýew pagtaňy aýlanyp görer. Pagtadan göwnühoş bolup, hoş söz aýdar. Keýpiniň kökelendigini bilip, günortanlyk nahara, çaýa çagyrmak boljak diýip, çaý-çörege çagyrsaň, şakäseden kiçiräk, adaty käseden ulurak käse çaý guýup, oňa-da tamdyrdan çykan çöregi dograr, iýer. Soňam “Adamlar, indi rugsat berseňiz, men gideýin” diýer. “Aý, Suhan Babaýewiç, nahar taýýar. Iýmeseň bolmaz” diýseňem: “Çaý-çörek iýeli diýdiňiz. Çaýyňyzam içdim, çöregiňizem iýdim” – diýip adamlara minnetdarlyk bilen hoşlaşar.Baran ýerinde keýp çekmezdi – diýip, gürrüň beripdir. * * * – Biz müjewürler. Baýramalyda Gyzyl daýhan obasyndan. Meniň aýalym Yzzat Gylyçlardan. Olaram müjewür – diýip, Aga Garajaýew aýtdy. Yzzadyň kakasy Annagylyç ahun Buhara medresesinde okapdyr. Güýçli, sowatly adamdy. Öz saldyran hüjreleri bardy. Arapçany gowy bilýärdi. 19-njy ýylyň gyzyl-ak urşunda şo töwereklerde söweş bolýar. Köp müjewür şonda gyrlypdyr. Aşgabat gorkomynyň orgotdelinde işlänimde köp zatlary gördüm. Gapurow döwründe kadrlar bulaşyklygy köp boldy. Eger-de Ýustisiýa ministriniň orunbasary koreý Ýun bolsa, olam ölse şonuň deregine koreý almaly diýilýär. Şoňa kadr gözleýärdik. Ýun öldi, biz gözläp, An diýen koreýi tapdyk. Ýa-da bir ýerde ýygnak geçjek bolsa, ýygnagyň prezidiumynyň düzüminde ermeni, orus, özbek, gazak ýa tatar bolmaly diýlip görkezme berilýärdi. Eger o ýerde ermeni bolmasa, ýa tatar bolmasa, onda nätmeli? Şeýdip keýpiňi bozýardylar. 22.01.2003 ý. Aga Garajaýew: – 1996-njy ýylyň iýuly bolsa gerek. Weteranlaryň başlygy Seýitnyýaz Ataýew “Sen gaýrat et-de, Kerim Ahmetýarowy öýünden alyp, Ministrler Kabinetine äkit. Uçitelskaýa köçesinde ýaşaýar” diýdi. Zordan tapdym. Bardym. Maksadymy aýtdym. “Aýagym diýen edenok. 50 metr ýörämsoň, dynç almaly bolýan” diýdi. Men yzyma boş gaýtsam boljak däl. “Kеrim Ahmеtýarowiç, mеn gеrek bоlsa sеni arkаma alаryn. Ýönе äkidеrin” diýdim. Gерleşip 1-de ýеne gеldim. Ваrdyk. Рropusk býurоsynda 15-20 minut garаşmaly bоldy. Gоýberenoklar. Mеn diýdim: – Вu adаmy siz tanаýansyňyz. Оny dünýädе tanаýarlar -- diýsеmem gоýbermediler. Iki tarарdanam ýеl çаlýar. Kеrim: “Agаjan ýör gaýdаly. Вularyň mеdalam gеrek däl, zadаm” diýdi. Mеn оny köşеşdirdim. Şо wаgt şо ýеrde işlеýän Gеldimyradоw diýеn оglan çуkdy. Ýаgdaýy аýtdym. Mаňa рropusk ýаzdylar. Şеýdip girdik. Bеýlekiler gеlýänçe çаý bеrdiler. Özümizе gеldik. Oraz Aýdogdyýew “Watana söýgüsi üçin” diýen medal gowşurdy. Ýanynyň 250 müň manady bilen. Gaýdyşyn bir tanyş şofýorym gabat geldi. Mündürip bizi öýe getirdi. Kerim Ahmetýaryň aýaly (ermeni) “Puly meniňki, medaly seňki” diýip degişdi. Gaýtjak boldum. Kerim goýbermedi. “Ýüz gram içmän hiç ýerik gitmersiň” diýdi. Oturdyk. Ölmezinden öň “Men ölsem, 40 ýyllyk kolhozynyň gonamçylygynda jaýla (öňki işlän ýeri). Gerek zatlaryň hemmesini özüň berjaý et” diýip, ol bile işleşen, kyrk ýyllykly ferma müdirine tabşyrypdyr. Ferma müdiri adam sakgally türkmen ýaşulysydy. Halal adamdygy gürrüňindenem bellidi. Ony men ýogalan güni gördüm. Ol ýaşuly Kerimiň aýdan zatlaryny berjaý etdi. Kerimiň özünden kiçi iki dogany Özbegistanda ýaşaýan ekeni. Olaram şonda doganlaryny jaýlamaga gelipdiler. 23. 01. 2003 Aga Garajaýew: – Türkmenistanyň Dostluk jemgyýetinden (başlygy Anna Kowusow) arza geldi. Arzada jemgyýetiň işgärleri Anna Kowusyň özüne 350 manat, özlerine-de 50 manatdan pul berendigini ýazypdyrlar. Türkmenistanyň halk kontrollygy komitetiniň başlygy Astan Işangulyýew meni ýanyna çagyryp, barla diýdi. Iki gezek bardym weli, Anna Kowus işim bar diýýär. Her gezegem 3-4 günden gel diýýär. Barsamam şeýle. Üçünji gezek baramda şeýtjek boldy. Menem öz häsiýetimi görkezip, boş gaýtmajagymy aýtdym. Özem her gezek şo wagtky TKP MK-nyň I sekretary Balyş Öwezow bilen telefonda gürleşýär. Howumy basjak bolýar. Moskwa giden eken. Iki sany işgäri bar, wedomsta seretdim. Özi 350, beýleki ikisine-de 50 manat beripdir. Ýöne 50-niň öňünde 2 sifri bar. Olar 50 manada gol çekenlerinde soň onuň özi 2 sany goýýan ekeni. Olar muny boýun aldylar. Soň barlabersem, başga hapa zatlaram çykdy. Aşgabat bilen gürleşipdir weli deregine Çelýabnsk, Saratow... ýaly şäherler bilen gürleşen adamlaryň kwitansiýalaryny çatyp goýupdyrlar. Ýüň ýaglyklar. Myhmana 108 manat tölendi diýip dokument goýupdyrlar we ş.m. Ine, şeýdibem ol işinden çykaryldy. * * * Aga Garajaýew: – “Aýgytly ädim” filminde köprüniň üstünden geçip barýan goýun sürüsi we ýaş çopanjyk surata düşürilipdir. Partiýa-döwlet kontrollygy komitetinde Abdyrahman Sopyýew diýip bir derňewçimiz bardy. Ol şonda bir gezek şol çopan oglanjyga 300 manat berlipdir – diýdi. Menem “Şony barla. Eger şoňa 200 manat berlende-de degme. Halallary bolsun” diýdim. Aradan wagt geçdi. Men ondan “Barladyňmy?” diýip soradym. Olam “Meň-ä ýadymdanam çykypdyr” diýdi. Gaharym geldi. Özüm şol oglanjygyň ýaşaýan we okaýan mekdebini bilip, göni bardym. Gämi obasynda, oglan 7-nji ýa sekizinji klasda okaýan ekeni. Tapyp gürleşdim. “Hak töledilermi?” diýsem, “Olar sen goýunlaryňy köprüniň üstünden o ýan – bu ýan geçirseň seni kino surata düşürjek” diýdiler. Menem şeýtdim – diýdi. Pul berilmändigini bilip, göni kinostudiýa geldim. Aňyrdan gelşimden rejäniň geň däldigini bilen Atabally Myradow öňümden çykdy. Ýagdaýy aýtdym. “Eger tölemeseň başgaça bolar” diýdim. Atabally iki elini galdyryp “Häzir gitdim” diýip, maşynyna münüp, ol oglanyň ýanyna ugrady. Oglan bilenem hasaplaşdy. 24. 01. 2003 Aşyr aga Öwezow: – 1954-nji ýyldy öýdýän. Şäher kommunal hojalygyna degişli kiçiräk edaralarynyň birinde kladowşik bolup işleýän bir rus adamsy (skladçynyň ýeri boş bolansoň, ol iki işi-de wagtlaýyn birden alyp barýardy) skladçynyň adyna (diýmek öz adyna) arza ýazyp, özüne pul bilen pagtaly balak we kurtkasyny berilmegini haýyş edýär. Arzanyň burçuna-da: “Buh. Kurtkasyny mugt bermeli, balagyna-da otkaz etmeli” diýip ýazýar. O wagt balagy kän geýlenokdam. Buhgalter arzany maňa gol çekdirmäge getirdi. Men o wagt şäher kommunal hojalygy edarasynyň başlygy bolup işleýärdim. Menem kagyzyň ýüzüne “Balagynam mugt bermeli” diýip ýazdym. Balagynam oňa mugt beripdirler weli barybir ol almandyr. Oglanlar şondan soň köp wagtlap o wakany ýatlaşyp, gülüşýärdiler. 24.01.2003 Oraz aga Nepesow: – Ata topçy diýip frontçy dostumyz bardy. Ata Öwezow. Gazetde işledi, neşirýatyň başlygy bolubam işläpdi. Dostumyzyň öz ýerligi Kakadandy. Front wakalary hakda çynyrgap gürrüň berýärdi weli, ynanjagyňy-da, ynanmajagyňy-da bileňokdyň. Ol front ýyllarynda egin-eşik ýuwulýan we suwa düşülýän otla-da ýolbaşçylyk edipdir. “Bir gezek – diýýär -- ýuwunmak üçin frontuň serkerdebaşysy Rokossowskiý geldi. Ýuwunmak üçin hammama girdi weli, onuň kömekçisi ylgap geldi: “Kapitan, serkerdebaşynyň täzelemek üçin içki geými ýok” diýdi. Menem säginmän özüme degişli arassa içki geýmimi berdim” diýip, Ata topçy dostum, gülmän-zat etmän aýdypdy. Soň pikir edýän: Rokossowskiý diýilýän uzyn boýly, daýanykly adam, biziň dostumyzam gysga boýlurakdy. 25.01.2003 Aşyr aga Öwezow: – Bolan waka. Biriniň öýüne ogry girýär. Gündiziň güni, öý eýesi hajathanada. Ogry halyny dolap öýden çykjak bolanda howludaky it ony nätanyş görüp hyňranýar. Öý eýesi hajathanadan gygyrýar: “Kimsiň-how, näme gerek?” Ogry: “Haly satýan alsaňyz!” diýýär. “Gerek däl” diýen jogaby eşiden ogry: “Agam, onda itiňi bir çagyr” diýýär. Öý eýesi itiniň adyny tutup gygyransoň, ogry ýuwaşlyk bilen howludan zym-zyýat bolýar. Birsalymdan öý eýesi öýüne girip görse, otagyň içine gelşik berip duran halysy ýok diýýär. 25.01.2003 Aga Garajaýew: – Altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda Türkmenistanda rus edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügi geçirildi. TKP MK-nyň sekretary Ýazguly Hudaýberdiýew meni (TSSR partiýa-döwlet kontrollygy komitetiniň medeniýet, saglygy saklaýyş bölüminiň müdirini) taýýarlyk, guramaçylyk işlerine gözegçilik üçin Mara iberdi. Ýanymda Berdi Kerbabaýew hem bardy. Bardym. Mary şäherkomynyň 1-nji sekretary Ata Atanyýazowyň ýanyna girip, näme maksat bilen gelendigimi aýtdym. Şo aralykda onuň ýanyna şäherkomyň ikinji sekretary Raşewskiý girdi. Gürrüňimiziň arasy kesildi. Ol öz ýany bilen getiren jorapdyr we beýleki zatlary başlygyna uzatdy. Olam çekerine saldy. Gürrüň başga tarapa gitdi. Maňa ünsem berenoklar. Menem “Bolýa, onda” diýip, hoşlaşyp myhmanhana gaýtdym. Ertesi Aşgabatdan myhmanlar geldi. Aeroportda olary Raşewskiý garşylady. Atanyýazow ýok. Berdi aga: “Nämüçin Atanyýazowyň özi ýok” diýip sorady. “Men oňa aýtdym” diýdim. Gije sagat biriň ýarynda Berdi aga meni çagyrýar. Olar bilen goňşy. Onuň otagynda Atanyýazow otyr. Berdi aga: “Sen Atanyýazow bilen eden gürrüňiňi aýdyp ber” diýdi. Men ony bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdim. Joraply gürrüňem ýaňzytdym. Şonda Berdi aga gaty gazaply gürledi: “Häý, seň bir doňuz ogly” diýip başlady gazaply sözüne. Agzyna näme gelse diýdi. “Men Berdi Kerbabaýew bolmadygym, ertiriň özünde seni işden kowdurmasam”. Şonda Atanyýazowyň bir bolşuny görsediňiz. Başga zat diýenok: “Kaka jan, kaka jan, kaka jan, kaka jan, kaka jan, kaka jan...”. Ertir indi ol delegasiýa nirä barsa şo ýerde. Delegasiýanyň ýanyndan aýrylmady. Ol adam taýak taňryly eken. Soň ol ýogaldy. Orazmuhammedowyň toýunda tomada boldy. Köriçege bolupdyr. Köriçegedenem ölüpdir. Asly Bäherden tarapdan diýýärdiler. 25.01.2003. Aga Garajaýew: – MK-da propaganda bölüminde, instruktor bolup işleýän döwrüm, elli dördünji ýylam bolsa bolýandyr. Bölüm müdirimiz Amanmyrat Annanurow. – Agahan (ol maňa hemişe şeýle ýüzlenýärdi) gazetleri okaýarmyň – diýdi. (Ol maňa bölümde Daşhowuz welaýatynda çykýan gazetleri okamaklygy tabşyrypdy). – Okaýan. – Okaýan bolsaň Nazly Gylyjow hakda köp ýazýarlar (Ol Köneürgenç raýonynyň şo wagtky Hruşýow adyndaky kolhozynyň başlyklygyna saýlanan. Öň yzagalak hojalyk. Pagtadanyň her gektaryndan 7-8 sentr hasyl alýan hojalyk. Daýhanyňam girdeýjisi ujypsyz. Nazly ýolbaşçy saýlanandan soň hasyllylyk 21 sentnere ýetipdir). Sen şo hojalyga baryp onuň işleri bilen tanşaýsaň – diýdi. Menem “Bolar. Gürrüňi bolmaz” diýdim. Daşhowuzdan Köneürgenjiň merkezine çenli aralyk 120 km. Irden ýola düşseň öýländen soň barmaly. Raýkomyň birinji sekretary ýok eken. Ikinji sekretaryna Fýodorow diýýän ekenler. Gürleşdik. Maksadymy aýtdym. Nazlyny halamaýan ekenligini onuň gürrüňinden bada-bat bildim. “Menem-ä yzyma boş gaýtman” diýip, içimden aýtdym. Onuň ýanyna girmezden öň propaganda bölüminden Nazlyň hojalygyna jaň edip, bir ulag sorapdyk. Iş wagty gutardy. Fýodorow gaýtdy. Raýkomyň beýleki işgärlerem gaýtmak bilen boldular. Raýkomda ýeke özüm galdym. Agşam sagat ýedilerden soň bir gysga boýly, saryýagyzrak, murtly bir adam raýkoma geldi. Salamlaşanymyzdan soň, men onuň Nazlynyň özüdigini bildim. Şäherçeniň içinden derýa geçýän ekeni. Ol maşynyny derýanyň o tarapynda goýup, özi pyýada gelipdir. Maşyna bardyk. Üsti ýükli. Un haltalary münderilgi. Özi sürýän eken. Tabşyran pagtasyna ol kolhoz üçin un alypdyr. Merkezden 10-15 kilometr hojalygyň ýerleşýän ýeri. Bardyk. Ýüki özi düşürýär. Kömekleşjek boldum. Etmedi. Soň biz onuň bilen dostlaşdyk. Aşgabada ýygnaga gelse myhmanhana gidenokdy. Biziň öýümizde bolýardy. Içip-çekýän adam däldi. Bir gezek şo raýkomyň sekterary Baýramdurdy Ataýew kolhoza gelip, öňdebaryjy brigadire ýerliksiz käýende, Nazly saklanyp bilmän, raýkomyň birinji sekretarynyň obadan çykmagyny talap edýär. Ony SK çagyrýarlar. Býuroda diňleýärler. Şonda býuro çleni, MK-nyň oba hojalygyny alyp barýan sekretary Dolgow ony aldym-berdime salýar. Nazly bolsa “Ýoldaş Dolgow, eger seň özüňem gelip, meniň jany-teni bilen işläp ýören brigadirime ýerliksiz käýeseňiz, men sizem Ataýew ýaly obadan çykmagy talap ederdim” diýip aýdýar. Býuro çlenleri biri-biriniň ýüzüne seredişýärler. TKP MK-nyň birinji sekretary Balyş Öwezow dymyşlygy bozýar. Umuman, Nazly Gylyjowyň beýle hereket etmeli däldigini düşündirýär. Nazly býurodan hiç bir käýinçsiz çykypdyr. Bir gezek Aşyr Kakabaýew toý edipdir. Toýa Balyş Öwezowam gatnaşypdyr. Uzak gijesi bilen arak-şerap içilipdir. Boşan çüýşeleriň sany-sajagy bolmandyr. Muny daşyndan synlap oturan Nazly Gylyjow gaty haýran galypdyr. Ertesimi ýa birigüni raýkomda plenum bolupdyr. Şo aralykda Balyş hajathana ýönelipdir. Pursatdan peýdalanan Nazly Gylyç Balyş gelýärkä öňünden çykyp: “Türkmen ogly indi ogul dogursa, seniň ýaly gujur-gaýratly, seniň ýaly adamkärçilikli ogul dogurmaz. Ýöne Balyş bir haýyşym bar. Aragyňy goý. Gowulygyň üstünden alyp barmaz” diýipdir. Balyş bolsa “Goýub-a goýup bilmen. Özüň görüp dursuň. Ýöne azaldaryn” diýip söz beripdir. 1982-nji ýylda Nazlynyň iki gözem görenok diýip eşidip, ony soramaga diýip gitdim. “Aşgabada äkideýin. Gözleriňi özüm bejerdeýin” diýip aýtdym. Etmedi pahyr. Ýöne ol gaty halal, arassa adamdy. Ozal bir ýyl türmede oturan eken. Şonuň üçin Gahryman adyny öz wagtynda bermän, yza süýşürdiler. Şol adam aldy. Ol pagtadan arassa 45 sentner pagta hasylyny alýan adam. Guramaçy, jepakeş, işleýän adamyň gadyryny bilýän adamdy. 25.01.2003 Oraz aga Nepesow: – Bizde Hojamämmet Ballyýew orunbasar boldy. Bir gezek Daşhowuzdan bir ýaşuly geldi. Uruş ýyllary başlyk bolup işläpdir. Ol Hojamämmedi görüp: – Ol bu ýerde näme işleýär – diýdi. Bizem: --Orunbasar - diýdik. – Ol frontda söweşmed-ä – diýdi. Ýaşuly bilýän eken. Hojamämmet Ballyýew uruş döwri Daşhowuzda ýaşan bolmaly. Soň anyklap görsek, ol goşunda bary-ýogy on üç gün bolupdyr. Agasy frontçy. Ady Hojamyrat. Öz agasynyň dokumentlerini ulanan bolmaly. Işinden aýyrdyk. “Näme üçin?” diýibem soramady. Rahym Esenow uruş inwalidi diýip dokumenti bar. Ýöne ol front wakalaryna gatnaşmadyk. 01.02.2003 Arada Maralyň operasiýa edilenden soň Stokgolmda ýogalandygyny eşidip, gynandym. Ýetmişinji ýyllaryň ahyry gerek. Ilkinji gezek men ony Metbugat öýüniň üçünji gatynda zalyň ugrunda gördüm. Görmegeý maşgala. Agras. Edepli gördüm. “Zaporožes” maşynym bardy. Köçede gabat geldim. Ýol ugry taşlaýyn diýip mürähet etdim. Garşylyk görkezmedi. Karl Marks köçesinden sowlamda, SK-nyň jaýynyň garşysynda maşynyň tekeri goýberdi. Şo günem SK-nyň öňi adamlardan doly. Obalaryň birinden gelipdirler. KGB-şikler goraýar. Biri meň ýanyma gelip, “Bu ýerde eglenme, bahymrak git” diýdi. Maral şo wagt “Komsomoles Turkmenistana” gazetinde işe ýaňy başlan bolmaly. Soň ol “Znamýa Oktýabrýa” oblast gazetinde işledi. Bir gezek ol maňa jaň edip, şo döwrüň puly bilen 300 manat tapyp bermegimi haýyş etdi. “Kän eglemerin” diýdi. Tapyp beripdim. Ajy habary eşidip, jesedi ýat ýurtda galan türkmen gyzynyň ajy täleýine gynandym. Ýalňyşmasam, onuň özi Nebitdag tarapdan bolmaly. Soň eşitsem, ol şahyr Şiraly Hurmyrada durmuşa gykan ekeni. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, dogan! 27.01.2003 Düýn, dynç güni Meläň daýzasynyň (operator Baýram Çokgaýewiň ejesi, 92 ýaşynda ýogalypdyr, kyrky eken) belli gününe bardyk. O ýeriň mollasy Myrat aga tanyşlyk açdy. “Allaýaryň “Edebiýat we sungatdaky” gysgajyk ýazýan zatlaryny (ol “Pursatlar” atly täze kitabymdan bölekleri göz öňüne tutýar) bir sahypa edip bermeli. Gowy okalýar” diýdi. Şo gün hem täsin, hem gülküli waka boldy. Çoganlydan gaýdyp gelýärkäk, köprüli çatrykda sary ýanandan soň geçdim. Awtoinspektor ýaş ýigit, gaty haýbatly “sakla” yşaratyny etdi. Gödeklik bilenem dokumentlerimi sorady. Berdim. “Düş maşyndan. Ýör, ýazjak” diýdi. Aňk-taňk bolduk. Yzyna düşdüm. Mele-de gelýär. Ol: “Allaýar, sen birazajyk garaş” diýensoň durdum. Ol ýaş ýigide ýylgyrabrak bir zatlar diýensoň, gelip ol meniň dokumentlerimi yzyna berdi. Öňki ýaly haýbatly däl. Ýuwaşapdyr. Mele oňa “A-how, sen bir edýän zadyňy bilýäňmi. Oň familiýasyna bir esetdiňmi? Ol gimn ýazan adam-a. Gapdalynda oturanam telewideniýäň düýbi Çerkez Şamyrat otyr” diýipdir. Ol ýaş ýigidem: “Şeýdip öň aýdyň-a” diýipdir. Hezil edip gülüşdik. * * * Aga Garajaýew: – Çagalarymy eklärlik aýlyk berilse, günde on sekiz sagat işlärin diýip işledim... Öz hakyna kaýyl adam tüýs Hudaýyň ýalkan adamsydyr! 29.01.2003 “Şu taýynyň - Gyzylarbadyň etini iýen gargalar, ýalňyşybam Gökdepä syçaýmasyn”. (Meläniň kursdaşy Oguş diýen gyzyň ejesiniň aýdany). * * * Oraz aga Nepesow: – Adatça Täze ýylyň öňüsyrasynda çagalara baýramçylyk sowgatlaryny taýýarlaýaňyzmy? – diýip, baş redaktorymyz Mämmet Badaýew gazetiň işgäri Kakaly Mommyny ýanyna çagyrdy. Kakalam şo wagt ýerli komitetiň başlygymy ýa-da onuň agzasydy. Kakaly oňa: – Ýok – diýip jogap berýär. Sebäbini soranda, ol: – Sebäbi wznos tölänoklar – diýýär. Başlyk: – Kim tölänok? – diýip, haýbatly gürleýär. Kakalyň gönümelligi bardy-da, olam: – Sen töläňok¬ – diýýär. Mämmet Badaýew näme diýjegini bilmän: – Bolýa, ötägit – diýdi. * * * Aşyr aga Öwezow: – Demir ýola degişli bir edara bardy. Onuň başlygyny Lenin raýkomynyň başlygy Allanazar Gaýybow (şahyr Azat Rahmanowyň gaýynatasy – A.Ç.) ýanyna çagyrdy. Ol gahar bilen näme üçin tabşyrylan işi ýerine ýetirmändiklerini soraýar. Olam bahana gözleýär. – Allanazar Gaýybowiç, nähili işgärler bilen işleýändigimi özüň bilýäň-ä – diýýär. – Bilýän. Birtopar alkaş. Bir işgäriňem Pizdeýew (Pozdneýew bolmaly. Elmydama ol oňa Pizdeýew diýýän ekeni – A.Ç.) – diýýär. * * * Bir gezegem bir işçini edaradan bir sany mata alany üçin raýonyň prokurory basjak bolýar. Edaranyň başlygy bolsa ökdeligi üçin işçisiniň arkasyny çalýar. Asla prokuror (ady Akmämmet bolmaly) ony öz erkine goýanok. Gürrüň raýkomyň birinji sekretary Allanazar Gaýybowa ýetýär. Aýtsa, prokuroram “Men diňe kanuna boýun” diýip otyr. Allanazar ahyry: – Partbilediň ýanyňdamy? – diýýär. – Ýok, öýde. – Bar, onda getir. – Näme üçin? – Seni partiýadan öçürjek. Rejäniň geň däldigini aňan prokuror raýkoma boýun egmeli boldy. Soň ol bu prokurordan dyndy. 01.02.2003 Ýetmişinji ýyllaryň ahyrydy. Meniň “Zaporožes” maşyna özüm bilen alty adam bolup Kakaly Berdiniň öýünden – Bamy köçesiniň 14-nji jaýyndan Berzeňňiniň baýyrlygyna tarap ugradyk. 50-60 metr ýörändiris-dä, maşynyň yzky tekeriniň biri sypyp, yza togalanyp barýar. Özüňiz görüň-ä: maşynyň içinde Kakaly Berdi (öňünde, meň gapdalymda), yzynda Jora Allakow, Nargylyç Hojageldiýew, Ýusup Berdiýew, Atajan Orazmyradow. O maşyna Kakalyň özi ýeterlik ahyryn! * * * Bir gezek Kerim Gurbannepes bilen teke bazarynyň (olam ýetmişinji ýyllaryň ahyry) içi bilen gidip barýas. Duza ýatyrylan sarymsakdyr, hyýar, pomidoryň ysy alyp barýar. Kerim aga durup bilmän: “Haý, şumat 100 gram içäýseň” diýdi. Soň ony “Zaporožesli” öýüne – Köpetdag, 30-a alyp bardym. Ýeri gelende aýtsam, bu maşyna münmedik adamlar az-az bolsa gerek. Bagşy Sahy Jepbaram bir gezek münüpdi. Ilki alaýan badyma, oba gidemde, Bäherdeniň ýolunda iki düýäniň arasyndan geçjek bolup, täp-täzeje maşynymy birazajyk ýaralapdymam, jahyllyk ýeňlesligi-dä. * * * 70-nji ýyllaryň ortalarydy. Ýaz aýlary işden soň Aşgabat obkomynyň üç sany bölüm müdiri - Sapargeldi Annasähedow, Kakabaý Ataýew, Atadurdy Gurbanow dagy bolup Änew ýolunda dynç aldyk. Soňam uly ot ýakyp, şoň üstünden bökenimiz asyl ýadymdan çykanok. Iň ýaşulymyz Sapargeldi agady. Oňam çaga ýaly otdan böküşine geň galypdym. 31.01.2003 Düýn ( çarşenbe) frontçy ýazyjy Ata Durdyýewi jaýlamaga edaradan Oraz aga Nepesow, Aşyr aga Öwezow, Aga ýaşuly Garajaýew dagymyz gatnaşdyk. Oraz aga öňki güni bir gürrüň beripdi: Puşkin lakamly Oraz Ataýew diýip terjimeçi neşirýatda işleýärdi. Neşirýat öňki Ministrler Sowetiniň gapdalynda wagtlaýyn salnan jaýda ýerleşýärdi. Günortan arakesmede Puşkin Ata Durda ýüzlenip: “Oýun etmesene, gulaklaryň gowy eşidýär-ä” diýip aýtdy. Çünki şondan öň birimiz Ata ýüzlenip bir zat diýdik weli, ol eşitmediksirän boldy. Kerlige saldy. Ol ömrüniň ahyryna çenli gulagy apparatly gezýärdi. Baranymyzdan soň Oraz aga “Seret. Şo bolsa maňa aýt” diýdi. Ol onuň adynam tutmady. Men onuň kimi soraýanyny bada-bat aňdym. Men: “Şu wagt-a ol görnenok” diýdim. Bardyr bir ýerde” diýdi. Bäş-on minut geçenden soň oňa meniň gözüm düşdi. Men: “Oraz aga, dostuň-a görünýär” diýsem, “Aýtdym-a, bardyr diýip” diýdi. Onuň soraýany frontçy ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewdi. Oraz aga onuň bilen öňden ýegre dost bolsa-da, soňky wagtlar aralary bozulan ekeni. Muny maňa Oraz aga işe başlamda gürrüň beripdi. Seýitnyýaz Ataýewiç uruş weteranlarynyň başlygy wezipesinden aýryp ýerine Oraz agany goýdular. Ol muny ýokuş görüpdir öýdýän. Geçen ýyl bir ýygnakda (oktýabr, 2002 ý.) salamlaşanlarynda Seýitnyýaz taňry salamyny alman, köpçüligiň içinde ganygyzgynlyk edip, oňa bir topar ýoknasyz sözlerini aýdypdyr. Şondan soňam Oraz aga ýüreginden tutup, keselhana düşüpdir. Oraz aga ýüregi awap, ýazyjy Kakaly Berdiýewi Gökdepeden getirip, öz ýanyna işe alypdyr. “Iki ýarym ýyl işlese-de biziň bilen garylyp-gatyşyp gitmedi. Üç gezek arza berdi. Arzasyna gol çekmedim. Şu bela işden gitjek bolmagynyň sebäbini sorasam aýtmady. “Sen şu döwrüň içinde bize garyşmadyň” diýsem, “Bu aýdanyň dogry” diýip ylalaşdy. Ýöne ol birki sany işgäre (Raut, Kubrin), özüni oýnatdy. Näme üçin gidenliginiň sebäbini aýdyp ýöremok. “Gökdepede ogluna jaý salýar” diýip aýdýan. Gurluşyk materiallaryny almaga edaramyz kömek etdi. Ýeňil, öz bahasy bilen. 1939-njy ýyldan duz-emek bolup ýören adamyň bilen öýkeleşmek Oraz aga üçin agyr degen ekeni. 03.02.2003 Şu gün Ahal welaýat uruş weteranlarynyň guramasynyň geňeşine bardyk. Welaýat häkimliginiň bölüm müdiri Saparmyrat Kakadurdyýew bilen tanyşdyk. Ýanymdaky ýoldaşym Aga Garajaýew (81 ýaşly, uruş weterany) Saparmyrada bir zat diýdi: – Kakamyz pahyr mähellä baraňyzda akylly, gürrüňçi adamlar bardyr. Agzyňyz gurap, dodaklaryňyz kepäp durka, derýada akyp duran bol suwdan içirmän, “ýene azajyk tagapyl et, hol depeden aňyrda süýji suw bar” diýip, seniň başyňy aýlajak, seni ynandyryp biljek adamlaryň bardygynam ýatdan çykarma” diýip akyl berýärdi. Weteranlara Nutdy Nurmyradow başlyk eken. Uruş weterany. Men bu adamy ozal görüpdim. Hakykatçyl adammykan diýip ýördüm. Bu ýerde ol hakda başga zatlar diýdiler. Üç bolup işläpdirler. Hasapçy, bir işgär, üçünjem onuň özi. Oňuşmandyrlar. Ýaş oglana zat bermän, özleri paýlaşypdyrlar. Oňşuksyzlyk emele gelipdir. Üçüsinem işden boşadýarlar. Akt ýazylanda 7-8 adam komissiýa düzýärler. Ýaňky ýaş oglanyň ady Aşyr. Aşyr spisok ýazyp otyr diýýär. Gezek çäýnek-käsä ýetýär. “On käseden ýedisi ýetýän däldir” diýýär weli, “Olary men saňa zyňyp gutarmadymmy!” diýip, Nutdy Nurmyrat aýtdy diýýär. Muňa komissiýadakylar “Hys-da-hys” boluşdylar diýýä. Öz işgärine gaharlanyp, käsäni onuň üstüne zyňyp oturan ýaşuly başlygy göz öňüne getirip bir görüň. Bir “Moskwiç” maşynlaryny remont etjek diýip 20 million alypdyrlar. Nirä sowlany belli däl. Oturan kreslosy 3 million töweregi. Aý, garaz, şuň ýaly zatlar. 03.02.2003 Mara baranda oblast ýygnagynda Suhan Babaýew tanymal kolhoz başlygy Gurbandurdy agany aldygyna kötekleýär diýýär. “Ýalaňajy gorkuzjak bolsaň, possunlyny ur” diýlişi ýaly, zalda oturanlaryň başlary egilip, iki aýagynyň arasyndan geçjek-geçjek ýaly. Ýygnakdan soň, her kim öz hojalygyna baryp, gije ýygnak geçirip, edilmeli işler dogrusynda çynlakaý gürrüň edilip, irdenem işe çykylýan eken. Oblastdaky uly ýygnakdan soň Suhan Babaýew öz hormat goýýan adamsy Gurbandurdy aganyň öýüne çaý içmäge gidýän eken. (Aga Garajaýewiň gürrüňinden). * * * Gara Çary diýip Baýramalyda raýkomyň sekretary bardy. Ol bu wezipede şo ýerde 6-7 ýyl işledi. Bir gün ony boşadyp, başga işe geçirýärler. Hoşlaşmak üçin ýerlerden adam bary ýygnanypdyr. Oňa Gurbandurdy aga-da gelipdir. Gara Çary hoşlaşyk sözünde: “Köp ýyl bile işleşdik. Abraý gazandyk. Adamlar meniň işden gidenime gynanyp otyrlar” diýýär. Şonda Gurbandurdy aga: “Sen bärik işe geleňde eliň bir çemedanly geldiň. Gideňde-de, ynha üç maşyn ýükli dur. Şu adamlaryň sesini çykarman, başlaryny aşak salyp duruşlaryna gynanýarlarmykan diýip pikir etme, olar indiki geljek sen ýaly bir siki ýalaňajyň gamyny edýärler” diýip, göni ýüzüne aýdypdyr. (soň ol - Gara Çary pis getirdi. Ýapyşar öýdüp elleşmeýärdiler). (Aga Garajaýewiň gürrüňinden). * * * Gara Gylyjy Kaka raýkomynyň birinji sekretary edip işe iberýärler. Owal başlyklaryň ugruny tapyp ýören, munuň bilenem dil tapyşmak üçin täze birinjiniň huzuryna ilkinjileriň biri bolup baran hojalyk ýolbaşçysy içgin-içgin gürrüň edýär. – Sen bu ýerde täze adam. Ýokardan myhman gelse, çekinme. Gysylma. “Gu-uk” diýseň, özümiz oňararys – diýip aýdýar. Gara Gylyç minnetdarlygyny bildirýär, myhman hoşlaşýar. Gapynyň ýanyna baranda “gu-uk” diýen ses çykýar. Yzyna öwrülse, Gara Gylyç ýylgyryp otyr. (Kakam Çüri Çary oglunyň gürrüňinden. Muny Gara aganyň özi kakama gürrüň beripdir). *** - Maliýe ministrliginde kadrlar boýunça uprawleniýäniň başlygydym. Çirçikin diýibem orunbasarym bar. Işe almak barada bir rus zenanyny getirdi. Ýubkasy dyzynyň ýokarsyndan, butlaryny çybyn çakypmy – nämemi, gazalypdyr. Gürleşip gördüm. “Bize bolanok” diýdim. Oba hojalygyny planlaşdyrmak barada uprawleniýäniň başlygy Nurjanow Gurban bardy. Ol ony işe alypdyr. Işiň ilkinji günlerinden işe gijä galyp gelipdir. “Iş sagat 9-da başlanýar. Häzirem wagt 10-yň ýary” diýseler, “Men öz sagadym boýunça işleýän. Meniň sagadymda şu wagt dokuz” diýip jogap berýärmişin. Aý, garaz, ol işgärden zordan dynypdyrlar. “Şundan dyndarsaňyz, bir kostýum bereýin” diýip, Gurban wada beripdir. Kostýum nire, zat nire. Kadrda işleseň niçik kadrdygyny öňünden bilip bolýar – diýip, Aga Garaja aýdýar. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |