21:49 Gündelikde galanlar -16/ dowamy | |
04.02.2003
Ýatlamalar
Aşyr aganyň gürrüňinden: – 1955–62-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäher Sowet raýispolkomynyň (şo wagtlar Staliniň adyny göterýärdi) başlygynyň orunbasary boldum. Şo döwürde aýallary ýolbaşçy işleree çekmek ýoň boldy. Ýedi ýylyň içinde bäş sany aýaly başlyk etdiler. Ilk-ä piwo zawodynda işleýän bir türkmen aýalyny başlyk edip goýdular. O gitdi, ýerine başga birini goýdular. Ol-a “Öýde ýaňy hamyr ýugrupdym. Hamyrym gelendir. Çörek bişirmäne gitdim” diýip gidibererdi. Galanlaram iş bilmediler. Bäşinjisi Jemal Allanazarowady. Ýomut Hojanyň aýaly. Ol gaýratlyragydy. “Näme iş etseňiz ediň. Ýöne meni habarly ediň. Özüm alyp çykaryn” diýýärdi. Kabulhanada adam bary nobata durandyr. O bolsa “Ýer çeken otur. Men häzir geljek” diýip gidibererdi. Altmyşynjy ýyllaryň başynda Aşgabatdaky babalaryň metjidini ýykmak tabşyryldy. Annamuhammet Gylyjow – şo wagt Ýokary Sowetiň Prezidiumyň başlygy . Merkezi Komitetiň býurosy şoňa tabşyrypdyr, olam maňa görkezme berýär ýykmaly diýip. Ýer titremesinde-de abat galan eken. Üýtgeşik salnan. Düýbi bir metr gamyş örülen. Bir aýlap onuň kerpijini, gurluşyk materialyny çekdiler. Ýük maşynlaryna tabşyryk berlip, kerpiç çekjek bolsalar kömek etmek barada. Bir gezek raýkomyň býurosynda kerpiç alan-aldy boldy diýip çykyş etdiler weli, birinji sekretarymyz Allanazar Gaýybow (frontçy, bir aýagy ýokdy) şo çykyş edýänlere garap: “O kerpiçler eýranlylara ýa amerikanlara berlipmi?” diýip sorady. Çünki şo döwürde jaýa nobata duranlaryň sany köpdi. Jaý bilen üpjün edip bilemzokdyk. “Goý, kime kerpiç gerek bolsa alsyn-da, özüne jaý salynsyn” diýen karara gelipdik. Köp adam şeýdip jaýly boldy. (Fotosuratçy Omar Sähetgylyjow bir wagt gürrüňdeş bolanymda öz jaýyny babalaryň metjidi ýykylanda şonuň kerpijinden salandygyny maňa gürrüň beripdi – A. Ç.). 1962-nji ýylda Gylyjow bir tanşyny boş ýatan bir öýe propiska etmegi haýyş edip sorasalar, öz adynyň tutulmazlygyny aýdypdyr. (Aşyr aga özüniň propiska edilýän adamy görmändigini aýdýar). Munuň üsti açylýar. Partiýanyň şäherkomynyň birinji sekretary Satylow diýilýän adam: “Kim saňa haýyş etdi. Şonuň adyny aýt, aýtmasaň işiňden boşatjak” diýip azm edýär. Boýun almadym. Soň görüp otursam, olar başda Satylowdan haýyş edenler eken. Olam boýun almandyr. Bularam iş bitenden soň onuň öýüne baryp, “Sen – biziň işimizi bitirmediň, bitirenlerem boldy” diýip, oňa gyjyt beripdirler. Öz tanşy, garyndaşlary bolmaly. Meni respublikan Remstroý treste ýolbaşçy edip geçirjek boldular. Kän boýun almadym. Ahyry geçmeli boldy. 17 ýyl biregne ýolbaşçy boldum. 04.03.2003 Öýleden soň Aşyr aga jaň edip: “Allaýar, bärik gelmeli boljak” diýdi. Bardym. Daşarda otyr. “Çary Aşyr ýogalypdyr” diýdi. “Ertir 11-de çykarjaklar – diýdi-de, ýaşuly şu gürrüňleri berdi: --Öten ýyl baramyzda aýaly meniň sesimden tanady. Iki gözem görenok. Şonda-da “Aşyrmy sen?” diýdi. Meň elimde işlän döwri ol gyzdy. Ýer titremesindenem öň. Bir gezek Çary agalara bardyk. Oňa arak guýmajak bolup: “Aý, Çary aga içýän däldir-le” diýsek, “Owal aglap-aglap zordan öwrendim. Indem meni goýdurjak bolýaňyzmy?” diýip gülüşdirdi. Sowet raýonynda (Stalin) raýfinotdeliň başlygyna Beknazar diýýärdiler. Ýolöten tarapdan bolmagam mümkin. Ýaşuly adam. Her gün günortadan soň içgili işde. Bir gün men: “Ýaşuly, işe içgili gelme. Arak içmäňi goý” diýdim. “Goýjak däl” diýdi. “Näme üçin?” diýibem soramadym. “Näme üçin sebäbini soraňok” diýdi. “Sebäbi ozal maňa namaz okaýar, dine ynanýar” diýip, köp azar berdiler. Öz günüme goýmadylar. Namaz okamaýanlygymy subut etjek bolubam şu pişä baş goşdum. Indem goýjak däl” diýdi. Sesimi çykarman gitdim. Soňam bu babatda adynam tutmadyk. 04.02.2003 – Şirli Durdyýew bilen “Sowet Türkmenistany” gazetinde bir bölümde bile işledik – diýip, Oraz aga ýatlaýar. Şirli aganyň özi Gypjakdan. Şol obada Gündogdy baý ýaşaýar eken. Onuň 45 müň töweregi saryja goýny bolupdyr. Bir gün ol goňşy obadan myhmançylykdan gelýär. Öýüne gelip görse aýaly çagalarynyň öňünde süzme çaly, çörek, hyýar goýupdyr, çagalaram iýip otyr – diýýär. Muny gören baýyň gahary gelip, aýalyna käýinýär: – Aý, doňuz ogly, birbada üç hurşluk bererlermi? Onuň agtygy Orazly Tüýliýew. Onuň bilenem bir gazetde işledik. Ýaş oglanlardyk: Kakaly Berdi, men, Orazly Tüýli, Ýazmyrat Sopy dördümiz işe bile gelýärdik. Şirli: – Orazly siziň şepäňiz bolsa, ol meniň obadaşym – diýýärdi. Elbetde, gan yzarlaýandyr-da. Öňler balagyň kemer dakylýan ýerinde kiçijik jübüsi bolardy. Oňa pistol diýýärdiler. Gidip barýarkaň, “Bä-ä, şumat piwo içäýmeli” diýseň, Orazly elini bildirmän pistola ýetirerdi-dä, “Meň-ä bary-ýogy bir manadym bar” diýýärdi. Bu bir gezek, iki gezek däl, hemişe şeýle. Soň onuň ady “bir manat” galdy. Bir gezek men oňa jaň etdim. O wagtlar men “Sowet Türkmenistany” gazetinde, Orazlam “Oktýabryň ýalkymy” gazetinde terjimeçi bolup işleýärdi. “Gel, könäni ýatlaşaly-la” diýsem, “Meň-ä iki manadym bar” diýdi. Men oňa “Eger men seni çagyrýan bolsam, ähli çykdajyny öz üstüme alýandyryn-a” diýdim. Irräk wagtlar men “Wolga” maşyn edindim. Olam “Pobeda”. Men 24 sagadyň içinde ýetişemok. Kim haýyş etse mündürýän. Ol bolsa ýekeje adamynam mündüren däldir. Sorasam diýdi: “Müň gezek mündür-äý, bir gezek mündürmeseň, bar edeniň biderekdir”. Bir tarapdan onuň aýdany dogram ýaly. 05.03.2003 Şu gün sagat 11-de Çary Aşyry iň soňky ýoluna ugratdyk. Ýagyş jybarlady. Gökdepäniň Ýaňgala gonamçylygynda jaýlajaklar. Ilki “1-nji maýdaky” gonamçylykda jaýlamaly eden ekenler. Ýöne o ýerem gadagan edilipdir. Gyzlary “Çoganlyda jaýlatdyrjak däl” diýensoňlar, Çary aganyň ejesi ýaňgalaly ekeni, şoň üçin onuň mazary şo ýerde galsyn diýipdirler. * * * Asly Durun obaly Agamyrat (1943 ý. dog.) Akdepäniň razýezdinde Gurbanmyrat işanyň gyzy Akylly eje bilen bile goňşy ýaşadyk. “Ol 60-njy ýylda ýogalan bolmaly. Gaty sowatlydy. Köne gürrüňleri köp bilýärdi. “Kakam meni hatly-sowatly etdi. Okatdy” diýip, gürrüň edýän ekeni. “Onuň agtyklary häzir Bäherden tarapda ýaşaýar” diýdi. Gurbanmyrat işanyň başda doglan ýeri, ýaşan ýeri Garagan obasy. Garaganlylar ganjyklar. Ol Seýit işandan pata alan. Şol obada Gurbanmyrat işandan başga-da ýene-de bir sowatly adam ýaşar eken. Bir meselede ikisiniň gepi azaşýar. Seýit işan şonda biriniň obadan göçüp, başga ýerde ýaşamagyny maslahat berýär. Gurbanmyrat işan Gökdepä göçüp barýar. 08.02.2003 Sergeý Sergeýewiç Makarow, Aşgabatda doglan, 80 ýaşly, uruş weterany: – Golaýda iki operasiýany başdan geçirdim. Sag-aman gutuldym – diýdi. 39-njy ýylda Aşgabadyň çempiony. Uruş ýyllary Leningrad frontunda, harby-howa güýçlerinde söweşipdir. Aýaly bilen Moskwada 43-nji ýylda tanşypdyr. 1946-njy ýylda ýoldaşy bilen Moskwa komandirowka iberilýär. Şo gyzyň öýüne sowulýar. Şonça ýyl oňa garaşan eken gyz. Indi goşun gullugyndan boşamaly. Komandiri ýaş lýotçikleri taýýarlaýar. “Soň goýbereris” – diýýär. Ahyry ýoldaşy oňa: „Her gün arak içeli. Şonda bizar bolarlar “– diýipdir. Bir gün general görüp, komandirden soranda: “Her gün şeýle. Öýlerine gitmek isleýärler” – diýýär. General gaharlanyp, “goýberiň” diýipdir. Aýalyny Aşgabada getirýär. Ol bu ýer bilen öwrenişmän, Moskwa –yzyna gaýdýar. Ýene o ýerde-de öwrenişmän, Aşgabada dolanyp gelýär. Göwreli. Şondan bärem bile. Ogly 7 ýyl mundan öň ýogalypdyr. Bir gyzy bar. – Meniň çep gözüm gaty geň. Agşam äýneksiz görýän. Moskwada-da göz institutynda geň galdylar. Seýrek gabat gelýär – diýdiler. Häzir şo göz 6 setir, sag gözüm 8 setir görýär. Iki setire direse, ýa bize geliň ýa-da özüňizde operasiýa etdiriň – diýipdirler. 10.02.2003 Dilçi alym Maşşan Hamzaýew hakda gürrüň açyldy. 5-6 günlükde “onuň aýaly Enejan daýza aradan çykypdyr” diýdiler. Maşşan aganyň özi ir aradan çykypdyr. Bir gezek alymlaryň ýygnagynda Maşşan Hamzaýewiň Pygam Azymowy ýepbekländigini Oraz aga gürrüň berdi. “Azymowyň kitabynda “Gülsere gyzlygyna äre çykdy” diýen jümläni mysal getiripdir. Okuw kitabynyň bisowat ýazylandygyny Hamzaýew çykyş edip, ýüz görmän tankytlapdyr, olary “Selaýa batareýa wulgarnyh slow” diýip atlandyrypdyr. Ol rus diline suwarady” – diýdi.. * * * 1984-nji ýyldy. Men telewideniýede edebi gepleşikler redaksiýasynyň baş redaktorydym. TSSR-iň 60 ýyllygy mynasybetli gepleşikde ulanmak üçin “Atabaýewiň ses ýazgysy tapylmazmyka?” diýip, Baş arhiwe bardym. Onuň sesine gabat gelmedim. Başga seýrek kinokadrlary tapyp, ony ýubileý gepleşiginde ulandym. Ýöne başga zat meni begendirdi. O ýerde men şahyr Rehmet Seýidowyň öz okamagynda magnit lentasyna gabat geldim. Ýazyp aldyk. Telegepleşik etdim. Kaýum Taňrygulyýewi çykyş etdirdim. Rehmet Seýidowyň sesi özi ýogalandan soň birinji gezek halka eşitdirildi. Soň biraz wagt geçensoň Annaberdi Agabaýew (ol şo döwürde telewideniýe we radigepleşikler baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarydy – A.Ç) radiogepleşik edip, ol magnit lentany ulanyp, özüniň tapandygyny ýaňzytdy. Birhili gördüm. 25.02.2003 Gurbanmyrat Nobatow: – Atamyz Nobat bagşyny otuz ýedinji ýylda Owganystana gaçyp giden Rahmanguly han bilen tirýek söwdasyny edipsiň diýip basýarlar. Ol şo wagt 36 ýaşlarynda bolmaly. Inisi Bäşim hem 21 ýaşynda, onam ýygnaýarlar. Onuň basylmagynda tirýek söwdasy däl-de, başga zat bolmaly. Onuň bir ujy Aşgabada gelýär. Ol şeýle: Atamyz radioda işläp başlanda radionyň ýanynda sazçylyk mekdebi açylýar. Atam bir klasda, inisi başga bir klasda sapak berýär. Atam iki aýlyk alýan eken. Bir aýlygyny işdeş ýoldaşlaryna paýlaýan eken. Bir gün onuň okuwçylarynyň biri bir saz öwrüminiň nähili çalynmalydygyny sorapdyr. Nobat bagşam: “Ine, şeýleräk etseň bor” diýip, oňa öwredýär. Synlap duran Pürli Sary “beýle bolmaly däl” diýýär. Nobat bagşy-da giňlige salýar weli, Pürli Sary gyzyp gidip otyr. “Nobat, sen sazyň pygamberi bolsaň, men sazyň Hudaýy” diýipdir. Nobat bagşy näçe giňlige salsa-da, durup bilmän: “Haýsy guralda çalasyň gelse gel, çalaly. Aý, sen başga saz gurallaryny näbilýäň. Al, eliňe dutary, kowuşaly” diýýär. Ol çalýar, Nobat bagşy kowýar. Soň Nobat gaçýar, ol kowýar. Ol iki aýlawam edip bilmän, dutaryny goýýar. Nobat bagşy oňa: “Men dirikäm, sen meniň ýanymda saz çalmarsyň” diýipdir. Muny soň şol wakanyň şaýady bolan atamyň okuwçysy gürrüň beripdir. Şeýdibem atam işden çykyp, obasyna gaýdýar. Dawanyň başy şol. Atamyz ýamanlanan bolmaly. Atamyz basylandan soň, Ödenyýaz akgamyz şol wagt 1-nji klasda okaýan eken. Olam “halk duşmanynyň çagasy” diýip okap oturan ýerinden kowýarlar. Öňdenem kakasynyň eli baglanyp, öýlerinden äkidişlerine janyýangynly çagajyk öz deň-duşlarynyň arasynda kemsidilişine çydaman, öýlerine çenli aglap gelýär. “Halk duşmanynyň çagalaryny obadan göçürip, Sandykgaça sürgün edýärler. Ol şo ýerde okuwyny dowam etdirýär. Dokuz ýaşyndaka Aşgabatda geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji bolýar. Baýrak gowşurylýar. Şo günem onuň elinden baýragyny yzyna alýarlar: “Sen halk duşmanynyň çagasy ekeniň”. Nobat bagşynyň kakasy Amansähet, inisi Gurban bagşy. Amansähedem aýdym aýdýan eken. Bir gezek Gurban bagşyny bir uly toýa çagyrypdyrlar. Toý eýeleri Amansähedi hem çagyraly diýip, Gurbana aýtman, ony toýa çagyrýarlar. Başga bir otagda ýarygije Amansähediň owazy eşidilýär. Gurban şonda öz inisine erbet seredipdir. Amansähet muňa düşünip, hiç kime bildirmän, ýarygijeler öýlerine gaýdypdyr. Şondan soň eline dutar almandyr. Gurban bagşy ölüm ýassygyndaka Amansähediň ogly dutary alyp oňa uzadypdyr. Ol Nobat bagşydy. Şonda Gurban öz eden işiniň telekdigine düşünip, öz inisinden ötünç sorapdyr we şo çagajygyň dutar öwrenmegi üçin alada etmegini haýyş edipdir. 11.02.2003. Çary Aşyryň ýedisi güni ýanyma Aga Garajaýewi alyp, ýaşuly kompozitor Ata Esadowyň yzyndan bardyk. “Mir-3”-de ýaşaýar. Jaýy ýykylyp, häzir ol bu ýere göçüp gelipdi. Aga Garajaýewden: “Tanaýaňmy?” diýip sorasam, “Atany gowy tanaýan” diýip aýtdy. Onuň öňde oturmagyny isläp, ol maşyna münenden yzyna münüpdi. Ikisem 1922-nji ýylda doglan. Ata aganyň onuň bilen salamlaşyşynyň ugry bolmady. Men ýolda: – Aga Garajaýewiçem ulaltdyk. Indi ol Oraz aganyň birinji orunbasary – diýsem, Ata aga janlanyp başlady. Gürrüň alyşdy. Men garrylara bildirmän, içimden güldüm: “Bäý, bu wezipäniň jadylydygyny”. Aga Garajaýew ýolda halk kontrollygynda işlände Atanyň bir aýlygyny tutmaly edenlerinde ony mundan boşadandygyny aýtdy. Ata aga “Hawa, hawa” diýdi. Ol, şeýle hem Berdi Kerbabaýewe hem şeýle jerime ediljek bolnanda asla bu hakda gürrüňiň hem bolup bilmejekdigini aýdypdyr. Aman Gulmämmet hakda-da şeýle. Soň Aman aga muny eşidip, Aga Garaja sag bol aýdypdyr. Ýazyjy Kakaly Berdä gabat geldik. Gökdepä çagyrdy. Işe ýerleşenime begendi. Kakam ýogalanda oba gidip bilmändigine häzirem gynanýandygyny ýatlatdy. Oraz Ýagmyr Çary aga ýogalmazyndan bir hepde öň “Allaýar, Allaýar” diýip, köp gaýtalapdyr. “Muny maňa çagalarynyň biri aýtdy” – diýdi. O ýerde başga-da ozal näçe ýyllap görmedik ýoldaşlarymyzy gördüm. 12.02.2003 Gotur ata çeşmesi (Zolotoý klýuç) sekuntda 750 litr suw berýän ekeni. Suwy süýji. Şähere suw ýetenok diýip, şäher ispolkomynyň başlygy Annamuhammet Gylyjow şo ýerde alty ýerden skwažina gazdyrypdyr. Ýöne şol alty skwažinaň altysam birigip, 750 litrden artyk suw bermändir. Uzak wagtam geçmän çeşme gurap galypdyr. Bu 1962-nji ýylda bolmaly. Munuň üçin MK-nyň 2-nji sekretary Pimenow Gylyjowa berk käýinç berdiripdir. Gylyjow Oraz aga: “Aý, halkyň bähbidi üçin bolsa zyýany ýok-la” diýipdir. Halkyň bähbidine bolaýşyny! Akyp ýatan çeşmäni guratmak bähbit däl-ä! * * * Ata topçy Öwezow döwlet neşirýatynyň direktorlygyna bellenipdir. Gonoraryňy almak hyllalla. Onsoň ýanyna girip, “Atam öňümizde dynç alyş güni oglumy öýerjek weli, neşirýatda algym bar, şony almaga kömekleşseň. Onsoňam gelnejemiz Nina Mihaýlowna bilen toýa çagyrýas” diýip, ugruny tapjak borsuň. Olam dili bilen dodaklaryny ýalap, birsalymdan “Toý gowy welin, ýöne seniň diýýän günüň bizi pylan pylany toýa çagyrypdyr. Sen toýuňy birazajyk başga güne geçirip bilmezmiň?” diýip, çyny bilen aýdýardy. (Oraz aganyň gürrüňinden) 15.02.2003 – 1949-njy ýa-da ellinji ýyldy. “Gyzylarbatda mergi (çuma) keseli ýaýrapdyr” diýdiler. Men demir ýolda prorab bolup işleýärdim. “O ýerdäki pekarnýany bejermeli” diýip, meni we ýene 3-4 sany işçini wagona mündürip, Gyzylarbada iberdiler. Bamyda ýanymdaky işçileriň otludan düşüp galandyklaryny bilip galdym. Gyzylarbada ýeke özüm gitdim. Şäheri we onuň golaýyndaky obalary üç hatar gabapdyrlar. birinji hatar harbylar, ikinji hatar milisiýa işgärleri, üçünji hatar döwlet howpsuzlygynyň işgärleri. Şähere bir gireňsoň çykaranoklar. Giren adamlaram ýörite arassalaýarlar. Ulagyňy şäheriň daşynda goýmaly. Men wagonda Palmar diýip bir garry orus işçisi bilen boldum, wagonyň içinde ýekeje ýarym litrlik balon bar. Şony irden alyp wokzalyň ýanyndaky sisterna barýas. Spirt guýup berýärler. Palmaryň ogly soň ministr bolup işledi. Şäherdäki ähli operasiýa saglygy saklaýyş ministri Myrat Gapaýewiç Berdigylyjow ýolbaşçylyk edýär. Bilinden hem mauzer asylgy. “Gitjek” diýsem, “Näme seniň janyň meniň janymdan gowumy?” diýip jogap berdi. Pekarnýany bejerdik. 28 gün diýlende karantin aýryldy. Moskwadan zatdan wraç bary döküldi. (Aşyr Öwezowyň gürrüňinden). * * * Onuň bu gürrüňine men sebäp boldum. 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda aýalym Orazgül bilen Kislodowskide dynç alýardyk. Gezelençleriň birinde gartaşan bir rus adamsy “Siz türkmenmi?” diýip sorady. Soň ol bize özüniň 40-njy ýyllaryň ahyrynda Gyzylarbatda gulluk edendigini, Aşgabat ýer titremesinde özleriniň o ýerik äkidilendigini, Aşgabadyň etegindemi, şoňa golaýrak bir ýerde ölen haýwanlaryň maslygynyň porsamagy bilen mergi (çuma) keseliniň emele gelendigini, özlerine şol obany tutuşlygyna otlamalydygy hakda buýruk bolandygyny, otlajakdyklaryny gürrüň beripdi. Men soň bu hakda birki ýerde gürrüň etsem, olar munuň ýaly zady eşitmändiklerini aýtdylar. Soň 90-njy ýylda şo döwürde Ministrler Sowetiniň başlygy bolup işlän Suhan Babaýewden soranymda (men ol hakda otuz ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji gezek makala ýazypdym) olam bu hakda bilmeýändigini aýdypdy. Bu hakda birküç günlükde Aşyr agadan soranymda beýle zadyň bolmandygyny, ýöne Gyzylarbatda şeýle wakanyň bolandygyny gürrüň berdi. Görlüp oturylsa, Gyzylarbatdaky waka çuma bilen baglanyşykly zat däl eken. 5-6 adam düýe öldürip, bölüşipdirler. Şondan soň zäherlenipdirler. Mergidir diýip netije çykarypdyrlar. Ozal düýäni ýylan ýa başga bir zäherli haýwan çakan bolmaly. 18.02.2003 Şu gün suratçy Gurbandurdy Myradowyň üçi. Oraz aga, Aga Garaja, Çerkez Şamyrat bolup göründik. Gurbandurdyň kakasy Myrat aga, Baba Annanyň kakasy Annam aga, Meret Çaryýaryň kakasy Çaryýar aga üç dogan. Myrat aga Daşkentde meningit keselinden ýogaldy. Jesedini Aşgabada iberdik – diýip, Çerkez aýtdy. – Ellinji ýyllarda Daşkentde okadyk. Üç türkmen gruppasy bardy. Baba Annanyň, Artyk Jallynyň, Oraz Çerkeziň topary. Bossan bagyrly gyz. Göwreli boldy. 22 manat stipendiýa alýardyk. Her kimden 10 manat ýygnap, Baba bilen Bossanyň toýuny etdik. Kerim bolanda men ony gundagly bolnisadan göterip geldim. Şuny aýtsam, Nobatguly “Wah, göterip gelýärkäň eliňden gaçyraýmaly ekeniň” diýdi. 15.02.2003 – Uruş gutarandan soňam iki ýyllap Germaniýada gulluk etdim. 1947-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabada geldim. Berlinde nemes soldatlarynyň ölen-ä öldi, ýesir düşenleriniň ählisini Soýuza ugratdylar. Ýykylan şäherleri, kärhanalary... dikeltmek üçin. Nemes şäherlerinde diňe aýal-gyzlar, gojalar galdy. Kafede oturansyň, garry nemes geler-dä: “Biziňkä gideli. Dynç alarsyň” diýip haýyş edýändir. Baryp, gyzy bilen dynç alarsyň. Özleri görüp durandyr. “Näme gerek? Näme hyzmat?” diýip ýanyňa gelip soraýandyr. Erkek göbekl-ä ýok. Şo sebäplem, nesliň ýitmezligi üçin bizden haýyş edýärdiler. * * * – Kepeläni tanaýaňmy? – Ýok. Öz-ä bir eşiden adym. Ýaşuly adammy? – Hawa-la. 5-10 manat kömek ýazdyk-da, habar etmeli, telefonyny bilemok. – Adresini bilseň, sprawoçnyý býurodan soraýaly. Bolmasa-da onuň familiýasy buýrukly kagyzda bardyr-a? – (Kagyzy alyp, familiýasyny okaýar) Gypykow. – Bä-ä, ady Kepele, atasynyň adam Gypyk. Türkmende-de her hili at bar-ow (hezil edip gülýän). – Düýn bir ýerde bir ýaşuly: „Adym Tutulan” diýdi. “Türkmende beýle at ýokdur-la” diýsem, “Aý, çagalykda dakypdyrlar-da” – diýdi. (Aşyr aga bilen iş kabinetindäki gürrüň). * * * – 1964-nji ýylda akademiýanyň kitaphanasy ýandy. “Adam ber” diýip, haýyş etdiler. Ýanan kitaplary köne uniwermagyň ilersindäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminine çekdiler. Bir ermeni aýalynam wekil edip goýupdyrlar. Iki maşyny ýükläp kitap çekdiler. Şonda men ýanan kitaplaryň arasyndan Kuropatkiniň türkmenler hakdaky kitabyny hem Gurhany ol aýaldan sorap aldym. Soň ol kitaby (Kuropatkini) okaýyn diýip, Anna Garaýewiç (poligrafyň direktory) aldy. Ondanam başga biri. Şeýdip ýitdi ol. Şo kitapda türkmen tireleri hakda shema-da bar eken. Kitabyň bir ýerinde Kuropatkin bir mysal getirýär. 5-10 sany wekili Bäherdeniň bir obasynda myhmançylykda bolýarlar. On atyň biri ertir tursalar ogurlanypdyr. Gözleýärler, tapanoklar. Şonda obanyň sylanýan bir ýaşulusy: “Siziň atyňyzy biziň mollamyzyň oglunyň gözi gidip, alaýypdyr. Onuň deregine ine, size şu aty berýäs” diýipdir. Olar ylalaşýarlar. Ýola düşýärler. Gyzylarbada baranlarynda ýa başga bir ýerde olar öz ýiten atlaryny satjak bolup duranlarynda tanap alýarlar. Yzlaryna gaýdanlarynda bolsa olar: “Biz öz atymyzy tapdyk. Ine, siziň atyňyz” diýip, aty gaýtarypdyrlar. Bu mysaly Kuropatkin türkmenleriň gaty namysjaňdygyny, öz aýyplaryny sypaýyçylyk bilen ýapjak boluşlaryny we arassa halkdygyny bildirjek bolup getiripdir. Ýöne türkmenleriň ýaltadygynam ýazypdyr. Melleklerinde orak ormaly wagty kürtleri işledýändiklerini, özleriniň bolsa kepbäniň kölegesinde “gumalak atdy”, “düzzüm” ýaly oýunlary oýnaýandyklaryny habar berýär. Eger türkmeniň öýünde myhman alynsaň, arkaýyn ýatybermelidigini, hiç kime seni horlatmajakdygyny hem general ýazypdyr. Ol her kwartalda oblastyň ýagdaýy hakynda rus patyşasyna maslahat berýän ekeni. Kitap şol ýazgylaryň esasynda 1885-nji ýylda neşir edilipdir. (Aşyr aganyň gürrüňinden). *** Arada Moskwa telewideniýesinde ömrüniň ahyrynda Kuropatkiniň bolşewikler tarapyndan gynalyp öldürilendigi hakda aýdyldy. Ol mugallymçylyk edýän ekeni. Korupatkin türkmenleri gowy görüpdir. Oblastda köp iş bitiripdir. 17.02.2003. Baýramçylyk mynasybetli uruş weteranlarynyň birnäçesine pul sylagy ýazyldy. Birnäçesi geldi: Nikolaý Mehtiýew, Terentýew, Konstantin Fýodorowiç Korşunow, Wladimir Mazaýew, Solowýow, Guşlyýew Nurberdi. Birnäçesi gelip bilmedi. “Taňryberdi Hojakgaýewe gowşuraýsaň özüň” diýip haýyş etdiler. Öýlerine bardym. Aýaly gapyny açdy. “Taňryberdi aga ýatan-a däldir” diýip soradym. Ýaşuly stoluň başynda otyr. Beretli, ýukajyk kurtkaly. Elleşdik. Özümi tanatdym we hal-ahwal soraşdyk. Konwerdi gowşurdym. Hoşal boldy. Ondan-mundan gürrüň etdik. “Çary Aşyram ýogalypdyr” – diýdi. Men ol hakda dokumental film döredendigimizi aýtdym. Kinostudiýanyň direktoryka Sahy Jepbar hakynda film almagy režissýor Alty Artyga tabşyrandyklaryny aýtdy. “Ýöne filmi görüp, men Alta: “Oňarmansyň diýdim” diýdi. Taňryberdi agaň iki gözem görenok. Şonda-da özüni mert alyp barýar. Ozalam oň ýanyna birki gezek gelipdim. Ýekeje gezegem zeýrenmändi. – Aşgabat raýonynyň prokurory bolup işläpdi Anna Sapargulyýew diýip. Tanaýaňmy? – Ýok. – Öň özi ysmaz boldy. Ýaňy taýakly ýörejek bolup başlanda, aýaly ýogaldy. Indem özüne sereder ýaly adam tapyp bilmeýändigini aglap telefon edýär. – Beterinden saklasyn. Çagalary ýokmudy? – Çagalary baram ýaly – diýip, Taňryberdi aga aýtdy. Men onuň bilen hoşlaşyp daşaryk çykdym. 18.02.2003 – Nurja Durdyýew diýip Mary oblispolkomynyň başlygy boldy. Bir gezek dynç alşa çykyp, kurorta gitdi. 5-10 gündenem gaýdyp geldi. “Iller-ä 1 aý bolýar. Sen gaty tiz geldiň-ä?” diýip soradyk. O pahyryň süýji keseli bardy. – Irden turup, iller siýdigini tabşyrýarlar. Giden çüýşe bolup ýatyr. Menem tualete baryp, her çüýşä az-azdan damdyryp çykýan. Bir gün 20 adamda süýji keselini anykladylar. Ertesi 50 adamyň siýdiginde bu keseliň bardygyny anykladylar. Munuň soňunyň gowulyk bilen gutarmajagyny bilip gaýdyberdim – diýdi. * * * Biri toý etdi. Şonda oturanlaryň biri Suhan Babaýewden bir zat sorady. – Işden çykarylan adamlaryň köpüsi şeýle boldy. Siziň bilen-ä beýle bolmady – diýip samsyklady. Suhan Babaýew biraz salym dymdy-da: – Uly iş – kiçi iş ýok. Işiňe yhlasly ýapyşmaly – diýip akylly-başly jogap berdi. (Nazar Agajanowyň gürrüňinden. Şol döwürde Mary obkomynyň ikinji sekretary bolup işlän. Häzirem uruş weteranlarynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy, ýanynda orunbasary Amandurdy aga Babaýew hem bardy). 21.02.2003 – Ödenyýaz akga uly Garlynyň elinde birki ýyl şägirt bolupdyr. Enemiz ogluna şeýle diýipdir: – Halypaň kim diýip sorasalar, “Halypam enem” diýseň gülerler. (Ýogsam akgamyz ähli tilsimleri öz ejesinden öwrenipdir. Kakaň şu ýerinde beýleräk edýärdi – diýip, öwreder eken). – Garlyň elinde şägirt bol. Ondan ak pata al – diýýär. Garly bagşyň özi 14 ýaşlarynda Gurban bagşa (Nobat bagşyň kakasy Amansähediň dogany) şägirt bolupdyr. Bir gün bir toýda (Kör gojalyň obasynda, obaň ady Gulja) toýunda Gurban bagşy Ilaman hanyň toýunda aýdym aýdypdyr. “Bilimi ýazaýyn” diýip daş çyksa, ojagyň başynda bir oglan elindäki taýagy dutar edip, öz deň-duşlaryny güýmäp oturan eken. – Bi kimiň ogly – diýse, Ilaman han öz ogludygyny aýdýar. Aýdym aýdyşam hiç neneň däl. Gurban bagşy ony özi bilen alyp gaýdýar. Garlynyň aýaly ölýär. Ikinji aýaly Mary uýezdiniň çinowniginiň gyzy bolmaly. Orus. Garly owadan adam eken. Rus gyzy oňa aşyk bolupdyr. Öýlenýär. Olam ýogalýar. Soň öýlenmändir. Saragtda uly bir bagşy bolupdyr. Toýda şondan ýeňlip, gaçyp gaýdypdyr. Ýolda paýtunyň üstünde oturan ýerinde o bagşynyň owazy gulagymy deşip gelýär – diýip, Garly ýeňlenini boýun alýan eken. Aşgabatda radio açylanda şo ýerde işläpdir. Köp içýän eken. Içibem satanlaryny giňden açyp: “Sahyň – gedaýyň, ulyň-kiçiň (Kiçi Geldimyrat) pürliň-pürsüziň (Pürli Sary) şuň aşagyndan geçiň” diýýämişin. Bir gezek radioda konsert başlanýar. Diktoryň sesini eşidip, eline dutaryny alyp köçede bir pürsiýan paýtunçyny tutup radio gaýdypdyr. Paýtunçylar hemmesem ony tanaýan ekeni. O konsertde özüniň hem aýdym aýtmalydygy ýadyna düşüpdir. Pul tölemän, gyssanmaç maşyndan düşýär. Paýtunçy: “Garly, hany töle-de” diýse, “Gidiber. Ýogsam yzyma-da mugtuna giderin” diýipdir. Aragy köp içenini bahanalap, ony radiodan işden çykarypdyrlar. Obadaşlary ony sylap, onuň mellek ýerini ekip-dikip, ekilen gawun-garpyzlary ýygnap, bazara çykaraýmaly edýän ekenler. Olam harydyny bazara äkidip, satan gawuny bir çüýşe aragyň bahasyna ýetensoň, gawunyny zadyny başga birine tabşyryp, dükana gidýän ekeni. Garly bagşy rewolýusiýadan öň Arnageldi baýyň bagşysy eken. Baýyň 40 müň sany dowary bar eken. 40 çopany bolupdyr. Öz töweregindäki adamlar, olaryň maşgalasy baýyň özi ýaly, maşgalasynyň geýnişi ýaly geýinmeli eken. Baý gaty sahawatly bolupdyr. Rewolýusiýadan soň ähli mal-mülküni bolşewige beripdir we olara gulluk edipdir. Garly bagşy soň garyp düşüp, Arnageldi baýyň çaýçysynyň öýünde ýaşamaly bolupdyr. Çaýçy Garlydan aýdym aýtmagyny soranda: – Arnageldi baý wagtynda Garlynyň orny nirededi? – diýip soraýar. Çaýçam: – Tördedi – diýýär. – A seň ornuň nirededi? – Köwüş bazaryndady – diýip, çaýçy boýun alýan ekeni. (Gurbanmyrat Nobatowyň gürrüňinden). 20.02.2003 Oraz aga Nepesow (80 ýaş): – Gyzylarbatlymykan diýýän. Marksizm - leninizm institutynda Mälik Myradow bilen işledim. Oglunyň ady Markmyratdy, gyzynyň adam Krupskaýamyratdy. Akademik Gaýyp Nepesiň bir oglunyň ady Sakko (italýan gahrymanynyň ady). Agtygy hem Arslan Sakkowiç Nepesow. Ýaňy poliklinikanyň direktorynyň ýanyna bardym. Kabulhanasynda adam bary garaşyp otyr. Sekretar gyz “Ýanynda del adam bar” diýdi. Kellämi görkezip. “Wagtyny aljak däl” diýip, gapyny çalaja açsam, Ýusubyň ýanynda oturan kimdir öýdýäň. Sapar Öre. Men Sapardan “Näme bolýar?” diýip sorasam, “Gijelerine dawleniýem galýar” diýip aýdýar. Menem: “Aý, gijesine bir zadyň galýan bolsa bolýa-la” diýdim. Gülüşdiler. Aşyr aga bolsa şo gün Taganowa diýen adwokat aýala jaň edende, ol aýal: – Aşyr aga, dawleniýem galýar – diýipdir. Aşyr aga: – Käbir adamyň dawleniýesi gije galýar, seňki nähili – diýse, ol: – Wah, meňki postoýanna galýar – diýip degşipdir. * * * – Sapa Baýry bilen marksizm-leninizm institutynda bile işledim. Ol meniň halypam boldy. Gaty ökdedi. Sözlemleri gunt düşen ýalydy. Allaýar Hydyr bilenem bile işleşdim. Beýlekiler howul-haralyk goýberýärdiler. Emma Sapa Baýryýewiç beýle däldi. Ol öň uruş döwründe sowet goşuny Eýrana geçende şo ýerde osobyý otdelde işläpdir. Soň onuň maşgala ýagdaýy bulaşdy, agyr boldy. Aýaly azerbaýjandy, baheistdi (babalardan). Meni 1975-nji ýylda partiýadan çykaranlarynda, bir gün Sapa Baýryýewiçiň öýüne bardyk. Oturdyk, içdik. Şonda şonuň bir aýdany ýadymda: – 80-nji ýylda Sowet hökümeti ýykylar – diýdi. O wagt beýle gürrüň etmek gaty howpludy. – Nireden bilýäň? - diýsem, – Men daşary ýurt radiosyny köp diňleýän, şondan bilýän – diýdi. Onuň aýdany dogry çykdy. Ýöne wagt meselesinde az-owlak ýalňyşypdy. (Oraz aganyň gürrüňinden). * * * “Türkmenistan” gazetinde işleýärkäm, 70-nji ýyllar bolsa gerek, biz redaksiýanyň uruş weteranlary – men, Juma Nury, Baýram Mämmet, Kakaly Mommy (we ýene birki sanysy) dagy bolup Ýanbaşda, 9-njy maý güni dynç aldyk. Front wakalaryny ýatladyk. Şo ýerde biz: – Kim iň soňuna galsa, şu ýere gelip, ýatlamaly – edişdik. Indem olar ýok. Men galdym. Şu 9-njy maý nesip bolsa baralyň, dogan-garyndaşlaryndanam ýygnajak. (Oraz Nepesowyň aýdany). 22.02.2003. – Türkmengaladaky remont trestimiziň başlygy bilen baş buhgalteri hem arak içýär – diýen habar gowşup dur. Bir gezek komandirowkada Maryda ýördüm. “Gel, şolary barlaýyn-la” diýip, gije Ýolöteniň myhmanhanasynda ýatdym. Irden barsam, edarada adam bary üýşüp dur. Gazak partorgy bardy. “Girmesene” diýdi. Girdim, içip otyrlar. Çykyp raýkoma geldim. I sekretary Berdi Gulmanow. Şeýdip aýtsam, “Işden çykaryber” diýdi. Gelip ikisinem işden aýyrdym, başlyk edip bir proraby, kassirem başbuh etdim. Aşgabada gelsem, bir gün SK-nyň gurluşyk bölüminiň müdiri Ýerýomin çagyrýar. “Raýkomsyz zatsyz olary işden çykarypsyň” diýip aýdýar. Men: “I sekretary Gulmanow bilen maslahatlaşdym. Razylygyny aldym” diýsem, “ýok” diýip otyr. Türkmengala gitdim, ýanyma ýene birini goşdular. Býurosyna gatnaşdym. I sekretar çykyş edip, “kim aýtjak?” diýse, bir adam gepläp bilenok. Ahyry woýenkom rus adamsy çykyş edip, olaryň alkaşdyklaryny aýtdy. Gelip, Oraz Nazarowiç Orazmuhammedowa ýagdaýy aýtdym. Ol şo wagt gurluşyk boýunça SK-nyň sekretarydy. “Aý, bolýa-la, ünsem bermäň” – diýdi. Ýene bir gün edarada işläp otyrkam, bir owadan aýal zapiska goýup gidipdir. “Men pylan myhmanhanada, planynjy otagda garaşýan” diýipdir. Günortan bardym. Hemme zat alyşdyrypdyr. Aýtmajak boldy. Ahyry matlabyny aýtdy. Ol aýal şol alkaş başlygyň aýaly eken. Özem raýkomda işleýän eken. “Ärimi o ýerden başga bir edara baş inžener edip geçirjek. Perewod bilen. Siz garşylyk görkezmäň” – diýýär. Maňa nirä geçende näme. Razylyk berdim. Soň Berdi Gulmana aýtdym. “Aý, şeýle boldy-da” diýip otyr. Ýene bir waka. Ministrimiz Saparmämmet bilen bile Krasnowodskä gitdik. Gazanjykly bolansoň, ýolda Gazanjyga, raýkomyň I sekretary Durdynazarowyň ýanyna sowuldy. Öz günümize goýman, öýüne äkitdi. Howlusy dagap ýatyr. Ministr aýtdy: “Ojuk-bujuk sal” diýip. Menem “bolýar” diýdim. Derrewem şo ýerdäki edaraň başlygyny çagyryp, görkezme berdim. Durdynazarowyň özi “Men hiç zat salyp bilemok, ýazýarlar” diýdi. Bir gün ýene Ýerýomin çagyrýar. Barsam meseläni aýtdy. Durdynazarow, ýaňky ministr, ýüzlerini aşak salyp otyrlar. Menem:“Meň hakym bar. Çlen kollegiýa hökmünde. Men görkezme berdim” diýdim. Proýekt, smeta sorady. Dokumentleri taýyn edip getirdim. Rykowyň (II sekretar) ýanyna girdik. “Dokumentleri bolsa bolýar” diýdi. Soň bir gezek ministr bilen Krasnowodskä gitdik. Durdynazarow indi oblispolkomyň başlygy. Bardyk. Sekretar gyzy biziň gelenimizi aýtdy. “Men olary kabul etmäge wagtym ýok” diýipdir. Gaýtdyk myhmanhana. Agşam “Aşakda bir oglan çagyrýar” diýdiler. Barsam Durdynazarowyň şopury. “Ýaşuly siziň ýeke özüňizi öýüne çagyrýar. Garaşyp otyr” diýdi. Men “Ministri taşlap gitsem bolmaz” diýip, ýagdaýy düşündirdim. Şo wagt ministriň otagyndadym. Soň ýatýan otagyma gelsem, stoluň üstünde aw etinden palaw, bir çüýşe konýak, suw dur. Durdynazarowyň tabşyry bilen goýup gidipdir. (Aşyr Öwezowyň gürrüňinden). 15.02.2003 – Edaramyzyň howlusynda gapynyň ýokarsynda baýdak dikipdik. Bizde Gurban diýip, öň milisiýada işlän, pensiýa çykan polkownik işleýärdi. Bir gün arakesmeden gelen wagty edaraň derwezesinden eli baýdakly çykyp gelýän bir ýaş ýigidi saklaýar. – Hany, dur, baýdagy nirä alyp barýaň? – diýip, onuň ýakasyndan tutýar. O ýigit aljyraman: – Men ýumuş oglan. Başlyk baýdagy köçe tarapda as – diýdi – diýýär. Gurban ony goýberýär. Gelip bizden: – Baýdagy başga ýerden asmagy özüňiz tabşyrdyňyzmy? – diýip sorady. “Ýok” diýdik. Ylgap köçä çyksak, ne ýigit bar, ne baýdak. 02.03.2003 ý. Aşyrberdi Kürt birwagtlar şeýle gürrüň beripdi: – Marko Polo Zerdandan diýen bir ýurda barýar. Şol ýerde ony iki sany zat haýran galdyrypdyr: adamlaryň hemmesiniň dişi altyndan eken. Onsoňam biriniň aýaly çaga dogurjak bolanda, äri düşekde ýatýan eken-de, burgusy tutup ýatan aýalyndanam beter gygyrýan eken. Aýaly dograndan soň bolsa, gutlamaga gelýänleriň gutlaglarynyň äriniň özi kabul edýän eken hem-de bäbegiň hut özüniňkidigini subut etmek üçin, düşekden galman “halymsyrap” ýatýan eken. Zerdandan – “Szinçi” – altyn diş diýen hytaý sözüniň pars diline terjimesidir. Munuň özi Hytaýyň Birma bilen serhetdeş Ýunnan diýen günbatar welaýatynyň bir adydyr. Häzirki wagt etnografiýaçylar bu dessury “Kuwwada” diýip atlandyrýarlar. W.Şklowskiniň “Zemli razwedçik” diýen kitabynda ýazyşy ýaly, bu dessur Hytaýyň Guýçžou welaýatynda ýaşaýan käbir taýpalarda, goňşy Assamda (Hindistan), Günorta Amerikanyň käbir sebitlerinde häli-häzirem ýöredilip gelinýän eken. 24.02.2003 Oraz aga Nepesow: – Ýokary Sowetde Aly aga diýip bir azerbaýjan ýaşulusy meniň elimde terjimeçi bolup işledi. 80 ýaşlarynda. Familiýasy Rustamow. Şol akademikleriň birzady. Ýagyşly, garly gün kabinete gelip, “Bu gün näme işleýäň?” diýip sorasaň, “Bu günem iş bolarmy?” diýip, daşaryny görkezerdi. – Bu gün iki çiş, bir çüýşe arak – diýip, ýene birnäçe zady aýdardy. – Öýlenmäkäň, öýlenjek gyzyň irden ýatyrka, heniz ýüzüne un çalmaga ýetişmänkä ýüzüni synla, göwnüňe ýaraýarmy ýa ýok. Şony bil – diýerdi. Eger-de koçegar bolup işe girjek bolsaň, ilki bilen baryp, koçegaryň niçik işleýändigini gör – diýerdi. Üçünjidenem, bir günlügem bolsa aýal maşgala bilen garagolluk etjek bolsaň, nikalaş – diýerdi. Şeýle halatda o zady aýalyň öýünde etme-de, özüň bir zat tap – diýerdi. Ärli aýal bilen zyna iş etme. Men ondan: – Başy boş zenan bilen nähili, günä bolmazmy? - diýsem: – Sen bir Garagumda doglan. Ine, çölde aýdaly bir agaç ösüp otyr. Ol suwsuzlykdan ýaňa gün-günden süllerýär. Eger sen şoňa suw berseň, şol süllerermi ýa-da janlanar? – diýip sorardy. Men bolsam: – Ol agaç boý alar, guramaz – diýsem, ine, başy boş aýalam şoň ýaly. Sogap işdir – diýip, Aly aga aýdardy. (Oraz aganyň gürrüňinden). 3.03.2003 ý. Aga Garajaýew, 81 ýaşly: – 50-nji ýyllaryň ortalarydy. Men SK-da propaganda we agitasiýa bölüminde işleýärdim. Bölüm müdirimiziň orunbasary Baýram Orazow. Häzirki Meret Baýramowiç Orazowyň kakasydy. Daşhowuzda komandirowkadadym. Baýram Orazowiç jaň edip: “Sen ýene birnäçe gün eglen. Moskwadan bir fotosuratçy barar. Baýar Öwezowyň suratyny WDNH üçin alar. Ýanynda bol” diýdi. Garşyladym. Erbet adamam däl. Köneürgenç raýonynyň “8-nji mart” kolhozyna gitdik. Nahar başynda Baýar aga: “Aga, bi myhman bilen degşip bolarmy?” diýip sorady. Menem onuň ýanynda bir gije bolamsoň, häsiýetine az-owlak belet bolamsoň, “Bolar, Baýar aga” diýdim. Baýar aga şonda palaw kädini myhmana kesip berip: “Bi gawunyň täze bir sorty. Dadyp görüň” diýdi. Myhman kädiden bir bölejik alyp dadyp gördi-de: “Aga, bi gawundan gaty. Özem tagamam birhili” diýdi. Baýar aga özüniň tapan degişmesine hezil edip güldi. Bizem gülüşdik. Baýar agany soň masgara etdiler. Ol muňa mynasyp däldi. Arassa adam bolmaly. Ýöne Balyş Öwez onuň Suhan Babaýew bilen arasynyň sazdygyny bilip şeýden bolmaly. Rahym Esenem “Prawda” gazetinde “Padeniýe Baýar Owezowa” diýip, galp makala ýazdy. Oňarmady şony. Baýramalyda komsomolyň I sekretary bolup işleýärkäm, gorkomda Ýerýomyn Nikolaý diýip bir ýaşuly rus adamsy orgotdel bolup işleýärdi. Şäher sudunyň başlygam Ýerýomin familiýaly. Bir magaziniň müdiriniň üsti açylýar. Sud bilen gürleşilýär. Ol şofýoryndan suduň başlygyna kän zat iberýär. Şofýoram gorkomdaky Ýerýomine äkidip berýär. Munuň üsti açylyp, suduň başlygyna 8 ýyl kesdiler. Oglan wagtym Doýduk mamalaryň howlusyndan 1 metr – 1,5 metrlik ýüp tapdym. Eşek örklemäge gowy diýip, bilime daňyp öýe getirdim. Ejeme aýtdym. Olam ýüpi epläp, üç gezek ýagyrnyma berdi. “Bar-da, alan ýeriňde goýup gel. Doýduk mamaň gözi kör, gözläp ýörendir” diýdi. Getirip ýerinde goýdum. Ejem “Baýlyga dalaş etme. Baýlyk duşmandyr. Ýaltaçylyk etme. Ylgap işle. Kesekiň zadyna göz gyzdyrma” diýerdi. Şonuň diýeni bilenem ýaşadym. Oglan wagtym kakam, ejem pagta ýygyp, Baýramalynyň pagta zawodyna getirerdi. Şo ýerde-de puluny alyp, bazara barardy. Ähli gerek zatlary satyn alardy. Bazarda bir owadan ýaş ýigit, gözi ýagty, sakgal, murtly biri Magtymgulyň goşgularyny okaýardy. 30–40 adam diňleýändir. Adamlar oňa “Akyl oka. Pylan goşgyny okap ber” diýerdiler. Şonda onuň “Türkmeniň” goşgusyny okanam ýadymda. Birtopar agzyboşlar goşgy şahyryňky däl diýýärler. Şo döwürde türkmenler gyrmyzy don, guşak, guşagyny çekip barmagam girmeýärdi, boýuna görä ak saply götererdiler. 1935-nji ýyllarda şony gadagan etdiler. Soň kiçijik pyçagy goltuk jübüsine salyp başladylar. “Ýanyňda pyçak bolmasa, ölseň haram öldügiň” diýerdiler. 25.02.2003 Han Ahmediň Frunze köçesiniň 26 “w” jaýynda üç otagly kwartirasy bardy. Är-aýal. Soň şo podýezdden ýedi otagly kwartira edindi, pristroýka etdi. Daşary ýurt maşynlarynyň ýedi-sekizisi bar. Sowminiň başlygyka daňdan turup, zibilhana zat dökýän. Şo ýerde arrygrak görüp zyňylan goýun etimi, ýaşik narmy, äpet-äpet ýary iýilip, ýary iýilmedik kädimi – garaz, zat kändä. Şony zyňýanam şolardy. Gabat gelip salamlaşaýmasak, gürleşip oturan adamym däl. Bekrewede jaýy bar diýdiler. Sowmin wagty atasynyň jaýyny goňşularyna başga ýerden ýer berdirip, giden jaý saldyrypdyr diýip eşitdim. Başga bir goňşymyz, (27-nji jaýda ýaşaýar) üç gat jaýyň ýaşaýan podýezdiniň üç gatynam satyn alypdyr. Pristroýka edipdir. Podwalynam ýaşaýyş jaý edip, seýfinem puldan doldurypdyr. Seýfiň agzyny açyp, çekip alar ýalam etmändir – diýip aýdýarlar. Eşidişime görä, ol Krasnowodskiniň häkimi bolup işläpdir (men kimkän, Öwezgylyjow diýip bir-ä işledi diýdim). Ir wagtlar är-aýal goňşymyzyň 10-12 sany çagasy bardy. Diňe özi işleýär. Başga işleýän adam ýok. Men gepleşip, şo ýerde howly süpüriji edip, onuň aýalyny işe aldyrtdym. Irden turup, çagalary howlyny süpürýärler. “Irden bizi bimaza edip, aýdym aýdýarsyň” diýip, ikinji gatda ýaşaýan ermeni goňşy oňa sögüpdir. Maňa aýtdylar. Menem oňa: “Ýene aýdym aýt. Eger sögse, ýalaňaçla-da jüllügiňi görkez” diýdim Myrada. Olam şeýle etdi welin, sögmäge durdy. Men çykyp, ol adama käýedim, oglanyň arkasyny tutdum. – Ýer titremesinden öň Aşgabat gorispolkomynyň başlygy Nagdow Muhammedow daňdan sagat 4-de turup, pyýada şähere aýlanyp, howly süpürýänleriň işine gözegçilik edýän ekeni. Olaryň ählisiniň adyny ýatdan bilýän ekeni. – Bular-a sagat 5-de turup, howly süpürýärler – diýip, mysal getirdim. Soň hiç hili goh-galmagal bolmady. Bulary soň oturan ýerlerinden gurluşyk düşüp, göçmeli etdiler. Sygyr, dowar, towuk saklaýardylar. Etaža barsalar horlanjaklar. “Gitmäň. Özüň-ä ortada dur. Çagalaryňam daşyňy alsynlar” diýip, Mamana (aýalyna) tabşyrdym. Aýdyşym ýaly etdiler. Ilerden jaý salmak üçin ýer berdiler. (Aga Garajaýewiň gürrüňinden) 03.03.2003 Aga Garajaýew: – 1957-nji ýylda Saragtyň “Leninizm” kolhozynda boldum. Nemesler ýaşaýan eken. 40-dan geçen bir ýigit goşun gullugyny gutaryp gelen, nemes gyzyna öýlenipdir. Sorasak, hezil edip gürrüň berdi. Nemesler türkmençä suwarady. Türkmen halk aýdymy aýdylsa, bagşy bir ýerini oňarmasa: “Wah, şo ýerini kemterräk aýtdy-da, kelte gaýtdy-da” diýýärler. Baýramalynyň Engels kolhozynda-da ýaşaýardylar. Obadaky komsomol guramasynyň sekretary türkmendi, orunbasary nemes oglanydy. Gaýdyşyn ikisi nemes dilinde gürleşdiler. Sorasam, “Myhmana haýsy birimiziň öýünde çaý bereli” diýdik – diýdi. Hojalyklary arassady. * * * Baýar Öwezowyň kolhozynda bolanymyzda Ýylanlyda Magtymguly Garly aýdym aýdýar – diýdiler. Gitdik. Giň ýerde 10-12 müň adam barmyka diýdim. Daň saz berýänçe aýdym aýtdy. Horjunyň iki gözem puldan doldy. Siňek uçsa eşidilýärdi. Hiç kimden ses çykanokdy. Hälem alili bagşysyny onuň ýaş wagtynda diňläýseň, onda onuň nähili beýik bagşy bolandygyny bilerdiň – diýdiler. * * * Ýygnagy köp geçirýäňiz diýilse, Gurbandurdy aga onda “Ýygnagy az geçirmek üçin ýygnak geçiriň” diýipdir. Başga hilem aýdýarlar. “Işlemeli, gowy işlemeli” diýip oblast möçberinde geçirilen ýygnakda Gurbandurdy aga: “Wah, şu ýygnakdan sypdyrsaňyz, işlemäge wagt berseňiz, şu adamlar işlejek-le” diýip aýdýarlar. Gurbandurdy aga SK-da başlygyň orunbasarlygyndan öň Baýramalyda raýispolkomyň başlygy, meniň agalamdan biri Juma Taňryberdiýew I sekretar bolup işläpdir. Biziň onuň bilen az-owlak gatnaşygymyz bardy. Ol bizi sylaýardy. Agzy hapa diýýärler. Biziň bilen gepleşende sögünç sözüni ulanmaýardy. 03.03.2003. Uruş weteranlarynyň Merkezi geňeşiniň mejlisinden: ... O.Nepesow (başlyk): – Başga kim aýtjak? Hajy aga, uruş weteranlarynyň Köpetdag guramasynyň geňeşiniň başlygynyň, ýagny Orazgeldiýewiň orunbasary hökmünde sen näme aýtjak? Hajy Nyýazow: – Men geçen hepdeden bäri geňeşiň orunbasary däl. O. Nepesow: – O nähili orunbasary däl? Biziň bu hakda habarymyz ýok. Hajy Nyýazow: – Hawa, orunbasar däl. Orazgeldiýew maňa “Sen şu günden şeýläk orunbasar däl. Boşadýan. Ýaz arzaňy” diýdi. Menem: “Işe arza ýazyp gelemok. Gidemde-de arza ýazjak däl. Meni saýladylar” diýdim. Ine, bolan waka. Men häzir segsen bäş ýaşymda. 45-50 ýyldan bärem men Seýitmämmedi tanaýan. Ol erbet adam däl. Bile işleşdik. Ýöne ýekeje bir zat aýdaýyn. Ol orusça aýtsam “samolýubiwnyý nasist”. Haçanda otpuska gitjek bolsa sekretarşasynyň üsti bilen aýtdyrýar. .. * * * Bir weteranyň aýdany: Salyrdan hülle çykar, Burkazdan molla çykar, Sarykdan bagşy çykar, Ärsarydan ýagşy çykar. 05.03.2003 Sapar Begliýew – 80 ýaş. Uruş weteranlarynyň Azatlyk etrap guramasynyň başlygynyň orunbasary. – Ýer titrän gijesi aýylganç boldy. 14-nji mekdebiň töwereginde ýaşaýardyk. Gözel eje meni çykar diýip çagyrýar. Abadan eje beýlede gygyrýar. Mämmet Oruslar hem goňşymyz. Kakasy ýogaldy. Gözel eje diýýänim, Akmyrat Mämmediň ejesi. Gözel ejäni çykardyk. Bilinden aşagy öl. Titreýär. Ot ýakmaga hiç zat ýok. Akmyrat bolsa Teke bazarynyň töwereginde orus aýaly bilen ýaşaýardy. Nebir türkmen aýalyny taşlap gitdi. Akmyratdan habar tutdum. Iki ogly, jigisi öldi. Birdenem ejem ýadyma düşdi. Daň saz beriberende aýalym bilen, 6-7 ýaşly gyz jigimem alyp nirdesiň Gäwers obasyna – “1-nji maý” kolhozyna tarap ýola düşdük. Aýagym ýalaňaç. Balagym bar. 40 kilometr ýol geçmeli. Ýolda jigim suwsaýan diýip aglaýar. Suw almak ýadyma düşenok. Jigimi boýnuma mündürip, kä hopba edýän. Aý, garaz, şeýdip oba agşamaralar bardyk. Barsak, “Aşgabatdan näme habar bar?” diýip, garaşyp oturan ekenler. O ýerde-de ýer titräpdir. Gäwers demir ýol stansiýasynyň adamlarynyň ählisi kesegiň aşagynda galypdyr. Obasy abadrak. Bagyrdaky ýediýyllyk mekdebinde okap ýörkäm, bir gün mekdep direktory ýanyna çagyryp: “Sen, öz-ä gowy okuwçydyň. Arman kakaň halk duşmany boldy” diýip, meni okuwdan çykardy. Bagyrdan Gäwers obasyna paý-pyýada gaýtdym. Kakam ýönekeý kolhozçy. Halk duşmany diýip basan ekenler. Oba geldim. Ejemi, bizi -- süýt emýän jigimem bar – derýa sürgün etdiler. Şo wagtlar ýedi ýyllyk diňe Bagyrda bardy, Gyzylarbatda-da rabfak bardy. Ýene bir ýerde Aşgabatda onýyllyk mekdep bardy. Galan mekdepler dört ýyllykdy. Men okuwdan çykarylamda 6-njy klasda okaýardym. 28.02.2003 – Kiçi Garlynyň mende “Mary-şahu jahan” aýdymynyň ýazgysy bar. 13-nji perdede aýdýar. Özi Guljy obasyndan. Kör gojalynyň obasy. Özi görmegeý adam bolupdyr. Öýlenensoň toýa çagyrýarlar weli, her gün bir bahana tapyp gidenok diýýär. Ahyry kakasy Soltan naýçy (tüýdükçi, öňüne düşjek adam ýok) ýanyna çagyryp: – Oglum, men seň ejeňi bir “Daraýy donla” aldym. (Bir obada toý bolanda aýdym aýdanda, obanyň ýaşulusy gyzyny şoňa beripdir). Sen bolsa beýdip ýörsüň – diýip, gyjyt beripdir. Şondan soň ol toýa gitmäge başlapdyr. (Aýalynyň ýanyndan aýrylasy gelenok-da). Moskwa (1935 ý.) ýazga gidilende Oraz Salyr bilen uly Garly ikisi bir kupede gidipdirler. Uly Garly içegenräk. Orta ýolda puly gutarýar. Oraz Salyryňam bir horjun puly bar. Garly ýol boýy hüňürdäp barýar diýýär. Ahyry Oraz Salyr: – Garly, ine, horjun. Şo horjunyň düýbi görünýänçä sanaman şol puldan sowuber – diýipdir. Soň “Men seni Saragta aýlaýyn” diýip, getirýär. Her gün bir adam myhmançylyga çagyrýar. Toý-şagalaň. Toýda Garly aýdym aýdýar. Şolardan düşen puly Garla bagyş edýär. Algysy hakda gürrüňem ýok. Aga Garajaýew: – Gyzylarbatda toý bolýar. Bir horjun pul düşýär. Oraz Salyr: “Şu golaýlarda heý, bir garyp toý edýärmi?” diýip soraýar. Ol toý etjek garyba şo puly durşuna bagyş edipdir. Muny men Gyzylarbatda-da, Saragtda-da eşitdim. Gurbanmyrat Nobatow: –“ Atda Terek, naýda Soltan, sazda Gurban, ýigitde Muhy” diýip bir gürrüň bar. Nakyla öwrülipdir. “Atda Terek” diýilýäni şeýle. Şumat ula giden atlara Terek baýragy berilýär. Terek diýilýän öň zamanda bir baýyň şeýle aty bar eken. Muny maňa mamamyz (Nobat bagşynyň aýaly) gürrüň beripdi. Üstüne müneniň kellesi golaýyňa geleňsoň görünýän eken. Boýny uzyn, beýik at eken. Kolhoz gurlanda ähli mal-mülküňi kolhoza goýmaly diýlensoň, ol baý şol atyny bermejek bolup, Owganystana geçipdir. Hydyr bagşy ozal bagşyçylyk etmändir. Arçyn, obaň baýy. Nobat bagşynyň arkasyndan bagşy adyny alypdyr. Maryň “Ýolbarsly” çaýhanasynda her hepde bir baý bagşy aýtdyrýan ekeni. Toý-meýlis. Ähli harajat şol baýyň boýnuna. Oraz Salyr tüýdük bagşysy. Şo ýerde Agajan bagşy bilen Oraz Salyr aýdym aýdýar. Ýolda Saragta gaýdyşyn Oraz Salyr: “Biz aýdym aýtman, aýdymy pohlaýan ekenik. Şu günden şeýläk men aýdym aýdamok” diýip, tüýdügini döwüpdir. “Obada bolsam aýdym aýtdyrarlar” diýip, Oraz Salyr Mäne göçüp barypdyr. Soň radio açylansoň, Sahy Jepbar dutarda aýdaý diýip ony göwnedipdir. Muny maňa 10-15 ýyllykda saragtly bir ýaşuly adam, şol wakanyň şaýady bolan adam gürrüň beripdi. 27.02.2003 – Kakamyň dogany Gara Annanurow otuzynjy ýyllarda demir ýolunda gurluşykçy bolup işlän. Otuz ýedide basýarlar. Şo gidişi-gidişi. Soň 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda arhiwleriň gapylary açylaýan döwürleri men onuň delosy bilen gyzyklandym. Delony görkezdiler. Onuň içinde ýekeje tagta kagyz bar. Sülçi ermeni. Seržant. Agamyzy gadagan edilen edebiýaty ýaýratmakda aýyplapdyrlar. Ýagny, ol gijelerine adamlara “Zöhre-Tahyr”, “Gül-Bilbil”, “Şasenem-Garyp” we ş.m. ýaly dessanlary okap berýändigi üçin aýyplanypdyr. Şol adamlaryň birnäçesiniň hem goly bar. Bar bolany şol. (Aşyr Öwezowyň gürrüňinden). 27.02.2003 – Uruş weteranlarynyň Aşgabat şäher sowetine Berdimyrat Öwezmyradow, orunbasarlygyna meni saýladylar. Ol ozal DOSAAF-yň başlygynyň orunbasary bolup işlän. Kurslara gözegçilik edýän eken. Ikimiz bir iş otagynda oturýardyk. “Men ýeke özüm oturmagy endik edipdirin. Sen başga kabinete geç” – diýensoň, men Mihaýlow Wladimir Wasilýewiç, Hwostowa dagy bilen bile oturdym. Jaň gelýä, alanok. Sebäbi jaňa jogap bermeli. Onuň bolsa kellesi doň. Hiç zat ýatda saklap bilenok. Ozal men ýanyndakam, telefony men galdyrýardym. Indi hiç kim galdyranok. Şonuň üçin meni ýene onuň ýanyna geçirdiler. Häkimlikde ýygnak bolsa bellik edenok. “Bä, näme diýdiler-ä?” diýip, ýatlajak bolar. Menem “Näme?” diýip sorasam, “Sen bir gaýrat et-dä, şo ýerik bar” diýip aýdar. 3-4 gezek bardym, ýa telefonda sorarsyň. Çydar ýaly däl. Bir günem Korşunow dagy iki-üç adam gelip,” çaý içjek” diýdiler. Şo wagtam jaň gelýär weli, hiç alanok. Aňyrdan jaň edýän Terentýew eken. Seýitnyýazyň orunbasary. Geldi-de, “Näme üçin trubkany galdyraňok” diýip, ondan sorady. Olam “Jaň gelenok” diýdi. Menden sorady. “3-4 gezek jaň geldi” diýdim. Korşunowdan sorasa, “Jaň geldi” diýdi. Terentýewiň gahary gelip, “Ýör, yzyma düş” diýip, ony äkitdi. Ýagdaýy aýdypdyr weli, başlygymyz Seýitnyýaz Ataýewiň gahary gelip, “Şumat arzaňy ýaz” diýipdir. “Ertir ýazaýyn” diýse-de goýmandyr. “Sen meni pozor etdiň” diýip, Seýitnyýaz gaharlanypdyr. Öwezmyradow şeýdip işden gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |