08:05 Gündelikde galanlar -17/ dowamy | |
26.02.2003
Ýatlamalar
– 50-nji ýyllaryň başlary “Sowet Türkmenistany” gazetinde işleýäs. Kakaly Berdi sekretariatda, men bölümde. Gylyç Kulynyň “Köpetdagyň aňyrsynda” romanyndan bölekler beriljekdi. Lida diýip Orenburgdan gelen tatar gyzy hem bizde işleýärdi. Birki aýyň içinde türkmen diline suwara bolaýdy. Onam maňa tabşyrypdylar. Gylyç Kuly, ýaňy şarykly ruçkanyň çykan wagty, şonda ýazýar, ýa-da gök, gyzyl galam bilen ýazýar. Tekstiň içinde “aam türkmenler” diýen söz bar eken. Lida oňa düşünmän Kakalyň ýanyna baryp, “aam” sözüniň näme aňladýandygyny soraýar. Olam: – “Seň özüňde bar-a” – diýip degşipdir. (Oraz aganyň gürrüňinden). 07.03.2003 Aşyr aga: – Bir özbek türkmeniň myhmany bolýar. Ol öz öýünde etmedik zatlaryny edýär. Muňa türkmen hiç zat diýmändir. Soň türkmen şol özbegiň myhmany bolupdyr. Öňünde goýlan kişmişi gysymlap iýipdir. Durup bilmän özbek: “Myhman bizde kişmiş ýeke-ýekeden iýilýändir” diýipdir. “O diýýäniň almadyr”. “Alma-da kesilip iýilýär”. “Kesilip iýilýän gawundyr” diýip, türkmen göwnübir jogap beripdir. Aga Garajaýew: – Yzzat Gylyjyň kakasyna Annagylyç ahun diýerdiler. Onuň iki sany tanymal okuwçysy bardy. Olaryň birine Saparly Bekmyradow diýýärdiler. Soň ol mekdep direktoram bolup işledi. Saparly aganyň özi şeýle diýipdi: – Bir gezek ol Baýramaly raýon halk magaryf bölüminiň müdiriniň ýanyna baryp, mekdebe gerekli enjamlar hakda stola direnip dik duran ýerinden haýyş edipdir. Zaw raýona onuň ýüzüne seredenok. Bir aşak, bir ýokaryk seredýär diýýär. Ahyry durup bilmän: – Saparly, seň haýyşyň hemmesem bitireris. Ýöne sen şonyňy ýygşyr – diýip, onuň annagulysyna nazaryny gönükdiripdir. Saparly aşak seretse, jalbarynyň iligini ildirmek ýadyndan çykyp, annagulysy çykyp ýatyr – diýýär. Çünki şo wagtlar balagyň aşagyndan türsük geýilmeýän ekeni. Sapar Begliýew: – Men birki ýyllap Aşgabadyň etegindäki kolhozda atly başlyk bilen işleşmeli boldum. Ol başlyk, men partkom. Ony-muny ogurladyň diýip üç-dört adamy basdyrdy. Bir gezegem Gyzylaýakdan göçüp gelen aýallaryň biri keteginden çykyp guzlan towuklaryň ýumurtgasyny ýygnap öýüne getiripdir. Şony bilip, başlyk oňa zulum edýär. Men ol aýalyň arkasyny çaldym. Gepimiz azaşdy. Men onuň eden-etdiligi hakda raýkomyň birinji sekretary Ganiýansa gelip habar berdim. “Ýygnaga sal” diýensoň, ýygnak geçirdim. Ganiýansam gatnaşdy. Şo ýygnakda Sopyýewi işden çykarman, meni işden çykarmaly etdiler. Ganiýamsa bil baglapdym. Olam tersine boldy. Başlygyň Ç. atly garawuly bardy. Kim nähili düzgüni bozsa, gelip habar berýärdi. Gaty erbet adamdy. Şol ölende onuň içki jaýyny gazanlarynda Mälik diýen biri: “Çuňrak gazyň, birden çykaýmasyn” diýdi. Muny maňa şoň mollasy Seýitnazar aýtdy. Ol adam köp ýamanlyk edendir halka. 10.03.2003 Režissyor Çerkez Şamyradow bagşy Hangeldi Annamyrady edara getirdi. Goşgularyny okap berdi. Dünýewi goşgulary kämil eken. Muny özüne aýtdym. Şonda ilki gezek tanşanymyzda, bir degişme aýtdy: – Magtymguly Garly bir toýda aýdym aýdanda çaý guýup berýäniň ýeňsesinde ýumruk ýaly çişe gözi düşüpdir. Näçe gezek ýoldaş bolsa-da bagşy muny görmän eken. Şonuň üçinem: – Aý, pylany jan, o çişi men ozal görmändim. Näme boldy? – diýip sorapdyr. – Aý, bagşy aga, bi meniň o zadym gaty bet. Şoň üçin ol şo ýerden çykaýdy – diýipdir. Bagşy sözde utulanyny bilipdir. Ýöne, onuň sözüni jogapsyz goýmandyr. – Äl, beýle bolanda, eneň ..... alyp, onuň gapdalyndan ýelmäýmeli ekeniň – diýipdir. Aga Garaja şol gün başga bir zady aýtdy: – Daşhowuzda bir ýygnanyşyk bolýar-da, tanymal adamlar oňa gatnaşypdyr. Olaryň içinde Gurbandurdy aga-da bar eken. Olara Törebeg hanymyň mawzoleýini, minarany görkezipdirler. Gurbandurdy aga geň galyp seredip durupdyr. Şonda Baýar Öwez Gurbandurdy aga ýüzlenip: – Bu biziň ....-dä – diýipdir. Gurbandurdy aga bolsa: – ...... şu bolsa, ....... nähilikä? – diýipdir. Soň agşam Çerkez Şamyrat jaň edip: – Hangeldi sen hakda gaty gowy pikirde. Olar hakda „Uruş döwrüniň aç biti ýaly” – diýdi. Şu gün irden işe -- telewideniýä ýetip barýarka ýüreginden tutup, Seýit Sarynyň ýogalanyny, telewideniýäniň işgäri Geldi Atanyň hem ýogalandygyny, ikisini hem şu gün jaýlandyklaryny aýtdy. Seýidi men soňky gezek 1-nji martda Rahman Öweziň ýylynda gördüm. Aşyr aganyň ýanyna Hally Nazarowa gelipdir. Ol aýal altmyşynjy ýyllarda Sowet Ministriň başlygynyň orunbasary bolup işledi. Oglum bilen gelnim meni öldürjek bolýarlar. Üstümden suw guýýarlar. Ýa meni geçip ýykýarlar diýip arz edipdir. Ellinji ýyllar biziň agamyz Öwez Nuryýewiç Orazow söwda ministri bolup işlände Nazarowa onuň orunbasary eken. Bir gezek ol ministriň öýüne bir korobko konfet iberip, „Muny Öwez Nuryýewiç ibertdi “– diýipdir. Ministriň aýaly Nina Aleksandrowna alman, yzyna gaýtarypdyr. Ogullygy Gurban aýnadan seredip, maşynyň nomerini ýazyp alan eken. Soň Öwez aga barladyp görse, o maşyn Nazarowanyň gurnan oýnudygy belli bolupdyr. Öwez aga işden çykarylanda SK-nyň plenumynda Öwez aganyň üstüne hapa baryny taşlapdyr. Elbetde, her kim öz niýetine görä ömür ýolunda jezasyny çekmelidir-dä! Bu biziň hemmämize-de degişli. 10.03.2003 Sapar Begliniň gürrüňinden: – Seýitnyýazy men köpden bäri tanaýan. Kakasyna Ata şeýtan diýerdiler. Änewde ýaşaýardylar. Oglankak eşekli kerkawly oduna giderdik. Ol lesnik bolup işleýän bolmaly. Odunly tutsa jerime salýardy. Şonuň üçinem biz Ata şeýtandan gorkýardyk. Gabat gelsek gaçmak bilen bolýardyk. Bir gezek men Sowet Soýuzynyň Gahrymany Bogdanowa Seýitnyýazyň Ata şeýtanyň ogludygyny aýdypdym. Olam Seýitnyýaza jaň edip: “Sen Ata şeýtanyň ogly ekeniň” diýse, ol “Kim aýdýar?” diýip sorapdyr. Olam meniň adymy beripdir. Öýkeledi. Bogdanow soň maňa jaň edip: “Ol-a boýun alanok” diýdi. ... Ýetmişinji ýyllaryň ahyrlarynda men, Kakaly Berdi, Baýram Aýdogdyýew dagy Gökdepä, Kakalyň oçerkiniň gahrymany, belli goja yzçynyň öýüne bardyk. Çülä giräýen ýeriňde ol Seýitnyýazyň atasy Gulburunyň degirmeniniň suduryny görkezipdi. 10.03.2003 Aga Garajanyň gürrüňinden: – Urşuň başlan uçurlarydy. Obamyzdaky dükanyň töweregi adamdan doludy. Dükança garaşýardyk. Aňyrdan birküç sany adam bilen Abdy pälwan eli tüpeňli (dükanyň garawulydy) gelýärdi. Obamyzda uýgur aýaly ýaşaýardy. Obamyzda olary terenji diýip atlandyrýardylar. Ol aýal: – Abdy aga, tüpeňiňi maňa ber, men seniň ýeriňe garawullyk edeýin – diýip degişdi. Abdy pälwan: – Wah, gyzym, diliňe döneýin. Sendäki ýarag hiç kimde ýog-a, jan balam, ýaragyňa döneýin – diýip, gelşirip yzly-yzyna suňşuryp barýar. Adamlaryň gülküsi al-asmana göterildi. Gam-gussa birsalym ýatdan çykdy. 12.03.2003 Sapar Begliýewiň gürrüňinden: – Halk duşmanynyň çagalary diýip, ýaşap oturan öýümizden çykardylar. Ýaşaýan obamyzdan göçmeli diýdiler. Gäwers obamyzy taşlap, demir ýol stansiýasyna getirdiler. Men 12 ýaşymda, ejem, gundagdaky jigim bilen dört jigim. Gowşuda ýetirebemizde, otly badyny ýuwaşatdam weli, otludan özümizi taşladyk. O ýerde ejemiň erkek dogany – daýymyz ýaşaýardy. Gowşutda bir ýyl ýaşanymyzdan soňra halk duşmanynyň çagalary diýip bizi obadan çykarmaly etdiler. Kolhoz işini edýäs, ýöne iş güni biziň adymyza däl-de, başga biriniň adyna. Aý, garaz, ýamanlapdyrlar, ýene aglap-eňräp stansiýa geldik. Otly gelende stansiýadaky nobatçy maşiniste demir taýak berýän eken. Şonda maşinist düşüp almaly. Men ylgap baryp, maşinistiň aýagyna ýykylyp, aýaklaryndan gujaklap, özelenip: “Bizi Aşgabada äkitsene” diýip ýalbardym. Dözen däldir-dä. Bizi ol otla mündürdi. Ýoldaşy eýle-beýle diýjek boldy weli, “Men deputat, hakym bar” diýdi. Soň görüp otursam, ol mähriban adam Myrat Çüledow eken. Soň men oňa duşdum. Taňryýalkasyn aýtdym. Aşgabada gelip, piwzawodyň ýanragynda ak şkol diýip bar eken. Milisiýaň jaýy. Şonuň howlusynda 40 günläp bolduk. Agşam gidýärler, bizem hemmämiz şoň howlusynda ýatýas. Obamyza baryp ýaşamaga hat ber diýip ýalbarýas. Dokumentimizi ýitirdik diýýäs. Soň men gyzdyryp başladym. Gelip gyzgynymy barlap, “aý, bu oglan öler” diýip haýpy gelip gidýärler. Maňa rehimleri indimi-nämemi, ejeme möhürli zatly rugsatnama hat berdiler. Bellik: Gowşutdan soň Sapar agalar öz obalaryna barýarlar. O ýerde-de obanyň partorgy Gymmat, onuň ogly Halmuhammet – oba Sowetiniň başlygy – olary obadan çykardýar. Araba mündürip stansiýa getirdýär. Ine, şo ýerde Myrat Çüledowa ýalbarýar. Şeýdip, olar ýene-de oba gelip ýaşap başlaýarlar. 1942-nji ýylda Sapar fronta gidýär. (Seýitnyýaz şolaň öýlerinde bolupdyr). Gelensoň çitalnyda işläpdir. 300 näçe manat aýlygy. Täze jaý salanda bir müň kerpiji Halmuhammede guýdurypdyr. – Uruşdan gelemde, Gymmadam, Halmuhammedem ikisem süpük tirýeki bolupdyrlar. “Kömek edäýiň” – diýip, el serer ýörerdi. Başga işçem bardam weli, kakamy tutduran diýip, men Halmuhammedi işçi tutundym. Ine, olaň soňy şeýle boldy. Obada şumat şolaň neberesinden hiç kim galmady. Obamyzdan şolaryň tutduryp goýberen adamlarynyň sany 60 adam. * * * Orazly Tüýliýew – uruş weterany, 83 ýaşynda. – 1982-nji ýylda Stalingrad frontuna gatnaşan diýip meni, Sowminiň iş dolandyryjysy Nury Orazowy, Aşyr Nazarowy, Hally Gulbatyrowy Stalingrada iberdiler. Ilk-ä pul tapylmady. Soň tapdylar. Söweşen ýerlerimizi zordan tanadyk. Gaýtmaga 10-12 gün bar. “Galyň” diýdiler. Aşyr Nazar “Men gaýtmasam bolmaz. Ýygnak geçirmelidirin” diýýä-de. Hally Gulbatyram “Moskwa gitjek” – diýdi. Jalaý-da. Bir gezek meni ýarygije turzup: “Balyş Öwez selektor maslahat geçirýä, orusça teksti türkmençä geçirmeli” diýip oýardylar. Terjime etdim. Gowy geçdi. Indi şoň hakyny aljak bolýan weli, SK-nyň iş dolandyryjysy Popowa teý bermejek bolýar. Teksti zyňyp goýberdi. Gaharym geldi: – Galdyr teksti – diýdim. -- Seň näme iş edip ýöreniňi bilýän – diýip aýtdym. Ol aýalyň Rykowyň kabinetini syryp-süpürýänligindenem habarym bardy. Soň ol uruş weretanlarynyň Köpetdag etrap guramasynyň başlygy Seýitmämmet Orazgeldiýewiň oturan kabinetine barsaň, salam-helik ýok, barmagyny çommaldyp, “korotko” diýip, weterany äsgermeýändigini hem gürrüň berdi. Batumide dynç alşyny, Golowanow diýen bir marşalyň duşuşykda Stalin bilen baglanyşykly wakasyny gürrüň berdi. Staline bir general üç gezek haýyş edýär. Söweşjeň general bolansoň, Stalin üç gezegem Poskrebyşewe “Poskrebyşew organizuýte” diýýär. Dördünji gezek gyzy äre çykyp, oňa-da jaý dilände Stalin, “Poskrebyşew, posmotrite po naşeý wozmožnosti” diýip, meseläni çözmeýär. 11.03.2003 (Orazly aganyň gürrüňinden): – Leniniň eserleriniň 45 tomlugyny terjime edenimizden soň, marksizm-leninizm institutynda işgärleriň sany kemeldildi. Oraz Nepes bilen ikimizem şolaň içinde. Oraz Şyhmyrat direktorymyz. “Kommunist” žurnalynyň redaktory Annaguly Mämmetgula bizi işe al diýilse: “Ýok, bulaň tüssesi göni çykanok” diýip, bizi işe almady. Hudaýberdi Durdyýewem biziň bilen işleýä. Olam bize ýalbarýar: – Men ýaňy işe başlan adam. Sizi baran ýeriňizde hemme adam tanaýar. Men işde galaýyn – diýip özelenýär. *** Sapar Begliýewiň gürrüňinden: – Otuz bäşinji ýylda men kakam bilen eşekli Aşgabada gelip, daýhanlar öýünde Oraz Salyry diňlänim ýadymda. Çeküwli aýdymlara başlanda bilini guşak bilen çekip gowy daňdylar. “Elden gider” aýdymy aýdanda müňlerçe adam ýerinden turup, onuň “howuny” ýetirdiler. Häzirki opera we balet teatrynyň howlusy eşek daňylýan meýdandy. Uzak obalardan gelen adamlar şo ýerde eşeklerini gazyga daňyp goýýardylar. Teke bazarynyň ýanyndaky çörek magaziniň durýan ýeri hem eşek meýdanydy. 12.03.2003 Aşyr Öwezowyň gürrüňinden: – Bir gezek SK-da Gapurow meni görüp, “Ýanyma gel” diýdi. “Arza ýaz. “Bolga” maşynyny berjek” diýdi. Ýazdym. Rezolýusiýa goýdy. “Sowmin. Proşu pomoç Owezowu”. Bir günem Sowminde, onuň başlygy Çary Garryýew (ol öz köçämiziň oglany. Maňa elmydama aga diýýärdi) gabat gelip: “Maşyna derek gotdagymy alarsyň” diýdi. Menem “Gotdagyň aýalyňdan artýarmy?” diýdim. “Äý, ....” diýip gitdi. Aýaly ýewreýdi, gaty daýaw aýaldy. Soň habaram tutmadym. Maşynam almadym. Gapurow bu maşyny maňa berjek bolany: ol bir gezek meni ýanyna çagyryp: “Hiç kime aýtma. Ikimizden başga adam bilmesin” diýip, gaýynatasy professor Hyrydowyň jaýyna otopleniýe çekmegi haýyş etdi. Ostrowskiý köçesinde işläp ýörkäk, onuň goňşusy Nagym Aşyrow gelip: “Ogul, bu Mužakorowyň (Hydyrowyň lakamy – byk diýmäge derek şeýle diýipdir. Şondan bärem öz ýoldaşlarynyň arasynda şeýle atlandyrypdyrlar. Muny birinji gezek eşidişim) menden nämesi artyk – diýdi. Muny gorispolkomyň başlygy Halmyrat Garaýewe aýtsam, gykylyk bolmaz ýaly oňa-da çekäýiň – diýdi. Oňa-da çekdik. Bu hakda Garaýewiň hem habary ýokdy. Muny men öň hiç ýerde gürrüň edemokdym. Şumat aýdýan. Gapurowyň maňa maşyn berjek bolşy şo waka bilen baglanyşykly bolmaly. Gapurow bilen Ç. Garryýewiň arasynyň dartgynlylygyndan doly habarym ýokdy. 10.03.2003. “Köne düýäniň howudy, Geçen ýylam gowudy” (Çerkez Şamyradow). *** Oraz aga Nepesowyň gürrüňinden: – Terjimeçi Sapa Baýry meniň halypam. Terjimeçiligiň inçe tilsimlerini şondan öwrendim. Oňam halypasy Allaýar Hydyrow. Sakarçägeli. IMEL-de işe başlamda her gezek ýanyna (işläp otyrka) baramda halamaýar. Çünki ünsüňi sowýaň. Şonuň üçinem men kynçylyk çeken ýerimde, özüm tijenip, ind-ä bolandyr-la diýip, boş wagtyny peýläp, ýanyna barsaň, “Türkmençeräge bolupdyr” diýer. Orazmämmet Saýadow diýip institutda işleşdik. Soň ol radio geçdi. Baş redaktor boldy. Dyrnaklaryny ösdüripdir. Öýünde çaý başynda. “Atdaş, dyrnaklaryňy ösdüripsiň-le” diýip soradym. Olam “Näme käsäňe gaçar öýdýäňmi?” diýip aýtdy. Hangeldi Annamyrat filarmoniýadan radioň ansamblyna geçjek bolýar. Menden haýyş etdi. Menem baryp haýyş etdim. Şeýdip, radio geçdi. Geldi Hojagulyň täze ak “Pobedasy” bardy. Hangeldi meni şonuň üstüne iberdi. Ol satjagam däl. Ahyry göwnetdim. Haýyş etmelem däldi welin, hiç elini çekenok. Artist Aman Gurbandurdy meniň çykanym. Hangeldi bilen iýeni aýry gitmeýän dostlar. Şonuň nähili adamdygyny çykana aýdaýyn diýýän. 14.03.2003 Öňki medeniýet ministriniň orunbasary Wladimir Mazaýew Aga ýaşulynyň ýanyna ir bilen geldi.. Elleşdik. Gitdi. – Gapydan girip-girmän, tarelkadaky süýjüden alýar. Dört sany konfeti jübüsine saldy. Elleşip “Konfety wzýal, teper uhodi” diýdim – diýýär. 85 ýaşy dolanda biz 85 müň manat berdik. Başga-da dilän ýeri kän. Öňki medeniýet ministriniň orunbasary aýal “Şundan irdik” diýdi. Aýaly aptekde işleýärdi. Pensiýa ugradanlarynda gyt dermanlary öýüne çeken eken. Mazaýewiň özi Nyýazow etrabynyň häkimliginde eli sumkaly derman satýan eken. Maňa aýtdylar. “Goý, bu işiňi. Ýogsam milisiýa aýdaryn” diýdim. 13.03.2003 Aga ýaşulynyň gürrüňinden. – Gurbandurdy aga Atamyradow otuzynjy ýyllarda Aýtakowyň orunbasaryka Daşhowuz welaýatyna komandirowka gidýär. Obasynyň adynam agzaýardylar weli, ýadymdan çykypdyr. Şo wagtlar dükandaky harytlar diňe pula däl-de, zat bilenem çalşyrylyp berilýän eken. Gurbandurdy aga dükançydan: – Oglum, muny nämä berýäňiz? – diýip soraýar. – Süýde. – Muny nämä berýäňiz? – Derä. – Muny nämä berýäňiz? – Saryýaga çalyşýas. Şeýle sowal-jogap birnäçe gezek gaýtalanypdyr. Ahyry Gurbandurdy aga: – Oglum, .... berýän zadyňyz ýokmy? – diýip sorapdyr. Dükançynyň gözi tegelenäýdi diýýär. *** Aşyr Öwezowyň gürrüňinden: – Ömrümde iki gezek kabul edilmedim. Birinji gezeg-ä Krasnowodskide. Oblispolkomyň başlygy Durdynazarow bilen baglanyşykly. Ýanymda ministrim bardy. Ikisi obadaş. Şondan öýkeläp kabul etmedi. Agşam meň üçin şopuryndan iýmek-içmek iberipdir. Ikinjisem, öňňün Ahal welaýatynyň häkimi. Iki sany 80 ýaşly ýaşulyny kabulhanasyndan kabul etmän gaýtardy. Oraz Nepes ikimizi. “Wagtym ýok” diýipdir. Ýogsam biz özümiz üçin baramzog-a, welaýatyň uruş weteranlarynyň jogapkär kätibini -- ýaş oglany üç aýlap günäsiz kamerada sakladylar. Soňam ony-muny görüp, çykartdyk. Bigünädigini aýtdyk. Şony öňki wezipesine dikeltmek hakda bardyk. Soň Oraz aga jaň etse, meseläni öwreneýin – diýipdir. Kakasy Geldi aga Bäşimow biziň prezidiumymyzyň agzasy – oňa aýtsaň gaty käýejek. Öz gyzy hakda “Buduny ýalaňaçlap, endamyna tiken batyryp, meýdana aýlanjakmy?” diýýär. 17.03.2003. Oraz aganyň gürrüňinden: – 1957-nji ýylda “Bolga-21” awtoulagynyň birinji tapgyry geldi. 6 maşyn. Birini men satyn aldym. 32 müň manatdy bahasy. Beýlekilerini uniwersitetiň prorektory Abdylla Abdyllaýewiç Gurbanow, türkmen Mendeleýewi adyny alan himik Aýyt Nyýazow, medinstitutdan iki professor Rodýakin, Preýsman satyn aldylar. 17.03.2003 Şu gün 79 ýaşy dolan Rejep aga Gylyjowyň gürrüňinden: – Ýer titrände (1948 ý.) men, Garaja Burun, Garaş Ýomudskiý, Annamuhammet Gylyjow dagylar bilen (Çehow köçesi) goňşy ýaşaýardym. Gylyjowyň kesegiň aşagynda galan çagalaryny men jaýladym. *** Aşyr aga Öwezowyň gürrüňinden: – Pensiýa çykamda 9 sany käýinç bilen çykdym. Ýöne şolaryň birisi hakda. Komandirowkadan gelýärdim. Gowşuda sowuldym. Magtym Çary bar ekeni. Oturdyk. Içdik. Magtymyň sözi bir aýal bilen azaşdy. Arza ýazypdyrlar. Bir gün çagyrýarlar. “Sen sünnet toýuna gatnaşypsyň?” Men birhili boldum. Sünnetliginden habarymyň ýokdugyny aýtdym. Orus ýoldaş: “Kim bilen içýäniňi bilmeli ekeniň” diýdi weli, kimiň ýetendiginden bada-bat aňdym. Magtymdan sorasa, “pylan pylanam bardy” diýipdir. Soň “Näme üçin beýtdiň?” diýip sorasam, “Aý, köplük bolsak, azar bermezlermikä” diýdim – diýýär. Woroşilow kolhozynda galaýmorlar, godarlar (Balakaýewler), Maşarlar, Ata Hydyrlar (Kakabaý Ataýewiň kakasy...) Annanurlar... ýaşaýardy. Täşli Gurbanyň kakasyna “Gurbandurdy waý, çörek” diýýärdiler. Hanaly baý diýip bir adam ýaşaýardy. Baý diýip üýtgeşik zadam ýok. Dükany bar, bäş-üç maly bar. Frontdan gelemde şol obada ýaşaýan Rejep döwüş diýen obadaşymyz bir gürrüň beripdi: Otuz bäşinji ýylam bolsa gerek, Hanaly baý “Hudaýýoly etjek, obaň saýlantgyrak adamlary – pylan-pylanylara habar edäýseň” diýipdir. Rejep döwüşem “bolýar” diýip, atyna münüp Änewe, Büzmeýine we başga golaýrak obalarda ýaşaýan adamlara “Pylan güni Hanaly baý sadaka berýär. Baryň” diýip habar edipdir. Sadakanyň iki gün – bir gün öňünden uzak ýerlerden kimsi eşekli, kimsi atly adamlar gelip başlaýar. Hanalyň göz öňünde tutan bir toklusyna derek, 10-15 sany goýun soýlupdyr. Jany ýanan Hanaly baý: “Indi Rejep döwüşi tapyp getiriň, şonam bir soýaýyn” diýipdir. Sadakadan soň Hanaly baý bäş günläp Rejebiň öýüne gatnap, ony tapyp bilmändir. Nikitin diýip bir zamministrimiz bardy. Irden barsaň islendik proektiňi gyzyl galam bilen çyzyk-çyzyk edýärdi. Ahyry bir gün Haždan diýip bir ýewreý baş buhgalterimiz bardy: “Siz onuň ýanyna öýlän, özem öňki proýektiňiziň ikinji ekzemplýaryny alyp, ýanyna-da onuň bellik eden proýektini hem alyň. Ine, täzeden siziň aýdyşyňyz ýaly etdik” – diýip, ýanyna giriň” diýip öwretdi. “Ine, munyňyz bolýar” diýip, ol proýekti kabul edýärdi. Ýogsam, eden zadymyz hem ýok-la. Görüp otursak, ol irden elmydama içgili bolýan ekeni. 17.03.2003 Ata Esadowyň şu gün ýogalan dogany Geldi aganyň (79 ýaşynda) öýünden gelýärkäk, Aşyr Mämili bilen Rejep Allaýaryň gürrüňinden: Rejep Allaýar: – Mämmetdurdy aga özünde ýazyjy Ýanyň “Çingiz han” atly opera üçin librettosynyň bardygyny, okap görmegimi sorady. Okap gördüm, halamadym. Mämmetdurdy aga Ýanyň Daşkentde bir otagly amatsyz jaýda ýaşandygyny hem aýdypdyr (Mämmetdurdy aga diýýäni Mämmetdurdy Annagurdow –A.Ç.) Aşyr Mämili (ikiçäk): – Alty Garlyny 1936-njy ýylda teatrdan çykarýarlar. Onuň üstünden jemgyýetçilik maslahatyny geçirýärler. Bazar Aman garalawjy hökmünde çykyş edipdir. Üç artist doganyň üçüsem oňa aşyk. Şolam onuň teatrdan gitmegine sebäp bolupdyr. Oraz aga Nepesow: – 1942-nji ýylyň 12-nji awgustynda “Goşuna alynýaň” diýip powestka geldi. Oňa çenli obamyza gelip, orus bazarynda Hojamguly diýip obadaşym bilen üzüm satdym. Kakabaý diýip obadaşymyz hem bize kömekleşýärdi. 1945-nji ýylyň noýabrynda frontdan dolanyp geldim. 1946-njy ýylyň başlarynda Kakabaýa duşdum. Häzirki krugozoryň ýanynda. Ozal Komwuz ýerleşýärdi. Ýanynda 3-4 ýaşly gyzjagazy. Fronta gitmän eken. Soralmalam däl weli, “Bi çaga özüňkimi?” diýip soradym. Özümiziňk-ä diýip bilmedi, gyzymyz diýen ýaly bir zat diýdi. “Kime öýlendiň?” diýsem, Pylana diýdi. “Öz deň-duşuňy tapmadyňmy?” diýdim. Ol: “Bilýäňmi näme, ol bir gijede üç manat getirýär” diýdi. O wagt ol kinostudiýa bilen hyzmatdaşlykda bolmaly. Şondan soň men onuň bilen kän bir gatnaşyk saklamadym. Çünki ol aýalyň öň 3-4 adama äre çykanyny bilýän. Durdy Haldurdy fronta gidende, garaşman Kakabaýa äre çykypdyr. (Şonuň üçin ol aýaly halk artistlikden at gazanan artistlige çenli peseldipdirler – A.Ç. Men muny Mämmetdurdy agadan eşidipdim). – 1955-nji ýylda Sapa Baýry, men, ýene bir dostumyz – S.A. - üçimiz on günlük Moskwa, soň Riga gezelenje gitdik. Otly 5 gün ýöreýär, gazaklaň üsti bilen. Çärjewde Aman Kekil gawun-garpyzly çykypdyr. Balyk iýdik, garpyz iýdik. Ýolda dostumyz S. A.-nyň içi bozuldy. Uzak ýöräp bilenok. Moskwa bardyk. Myhmanhanadan çykdyk. Bir görsek, dostumyz ýok. Köçäň o tarapyna geçipdir. Myhmanhana gitjek bolup, taksi tutjak bolýar. Duranoklar. Bir ses çykdy weli ol adamyň, haýwanyň sesi däl. Häzirem gulagymda ýaňlanýar. Sesiň aýylgançlygyna maşyn durdy. Gitdi. Barsak, ol ýuwnup-ardynypdyr. Şondan soň biz oňa “Zamangeldi” diýip at dakdyk. 18. 03. 2003 Oraz aganyň gürrüňinden: – 1958-nji ýylyň dekabrynda biz – Sapa Baýry bilen men Moskwadadym. Gijesi bilen mes bolup, dynç aldyk. Ertir tursak bolar ýaly däl. Türkmenistanyň wekihanasyna baraly diýşipdik. O ýere Boris Iwanowiçiň (Hudaýberdi Gurdow – Ata Gurdowyň inisi. Ol Ýokary Sowetde işleýärdi) ýanyna barmalydyk. Ýüz-göz görer ýaly däl. Sapa Baýryýewiç: “Oňa jaň et-de, gripledik diý, myhmanhana tutuşlygyna griplän adamlar, bir wraç gelip, biri gidýär. Sesiňem gyryklat” – diýdi. Aýdyşy ýaly etdim. Boris Iwanowiç: – Aý, zaluwat, telefony goý, maňa bir ýapyşdyraýma – diýdi. Telefonyň trubkasyny goýup, berdik wakyrda. *** Aşyr Öwezowyň gürrüňinden: – Tagtabazarly kolhoz başlygy, deputat Garly aga (Durdyýew) bilen aramyz gowudy. Haçan gelse, nasos, eýleki-beýleki diläp alardy. Gelende-de maşynyny dolduryp gawun-garpyz getirer. Maşynynyň ýanynda durup, her kime ýetdiginden özi paýlaýardy. Bir gezek öýde otyrdyk. – Şlýapaňy goýaý. Senem beýleki başlyklar ýaly telpek geý-dä – diýdi. (Ýaňy telpegiň çykyp ugran wagtlarydy). Menem: – Aý, seň ýaly deputat dosty bolan şeýle bolmalymydyr – diýdim. Gürrüňi gozgamady. Ýatdyk. Tursam Garly ýok. Ol uly oglumy turzup, aeroporta gidipdir. Şo gün agşamaralar geldi. Elinde-de iki sany täze telpek. Ol şo gün irden Moskwa gidip, Kremliň dükanyndan satyn alyp, göni öýe geldi. Birki günden soň Sowmine gitmeli boldy. Palto bilen telpegi çykarmaly ýerinde çykaryp, gelinçäm telpek ýok. Geýip gidipdirler. 11.12.2007 Düýn irden işe Alyhan Ökdürow gelip, “40 ýyllap ýüregimde göterip ýören sazym bar. Öten agşam pikirlenip, “Şunuň goşgusyny Allaýar ýazmaly” diýen netijä geldim” diýdi. Aýdym aýdyşyk görnüşinde bolmaly. Şo wagt el telefonyma “Garagum” žurnalynyň bölüm müdiri Nowruz Gurbanmyradow jaň etdi. Ol meni hudožnik Saragt Babaýewiň gözleýändigini habar berdi. Men iş telefonymy aýtdym. Birküç minutdan meni sorap jaň geldi. Barsam, Saragt Babaýew. Ol birki günlükde çeperçilik akademiýasyna aýdymçy Kerim Gurbanalyýewi çagyrandyklaryny, şonda studentleriň “Deňiz guşumyň” döreýşi hakda sorandyklaryny (aýdymyň sazy Döwletgeldi Ökdürowyňky, sözleri Allaýar Çüriýewiňki), şonda Kerimiň “Döwletgeldi näsag ýatyrka, Allaýar soramaga barypdyr. Şonda penjiräniň öňünde bir guşuň bolup durşy Döwletgeldide aýratyn duýgy döredipdir. Şonda ol eline dutar alyp saz çalypdyr. Allaýara-da muňa goşgy döretmegini sorapdyr. Şonda Allaýar birdemde goşgy ýazypdyr” diýip aýdypdyr. Bu täsin ýagdaý, studentlerem, menem biçak tolgundyrdy.şonuň üçinem men düýnden bäri seni gözledim. Birtopar adama jaň etdim. Düýn agşam Nowruz öýe gelende şondan soradym” diýdi. Ol menden “Kerimiň aýdan zady dogrumy?” diýip sorady. Men onuň başyndan geçiren täsin tolgunmasynyň täsirini bozmazlyk üçin “hawa” diýip jogap berdim. Geň galmaly, şo wagt meniň ýanymda aýdymyň döremegine gös-göni gatnaşan Alyhan hem otyrdy. Men onuň ýanynda aýdymyň döreýşini jikme-jik gürrüň edip berip biljek däldim. Onuň geregi-de ýokdy. Saragt şonda “Men Döwletgeldi Ökdürow hakda kompozisiýa döretmegi göwnüme düwdüm. Gapdalynda senem bolmay” diýdi. Duşuşmagy wadalaşdyk. Men Alyhany ugratjak bolamda Kerimiň “Deňiz guşumyň” döreýşi hakda rowaýata meňzeş edip gürrü berýändigimi ýaňzytdym. Ol şonda Döwletgeldiniň aýdymlarynyň döreýşi hakda özünde ýazgylaryň bardygyny, ony kitap etjekdigini aýtdy. “Men Kerime gabat gelsem aýdaryn” diýdi. 15.12.2007 Düýn işleýän Dil – edebiýat institutymyzda alymlar geňeşi geçirildi. Meniňem ylmy işime garaldy: “Mukaddes Ruhnamanyň publisistik beýany”. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Şirin Gurbanowa, kiçi ylmy işgär Jemile Orazowa synçy boldular. Gowy baha berdiler. Soň söz alyp, Öwezdurdy Nepesow çykyş edip, gowy we gerekli adamlary işe alýandyklary üçin (ol meni göz öňünde tutup şeýle diýdi) institutyň ýolbaşçylarynyň adyna öwgüli sözleri aýtdy. Öwezden soň, institutyň direktory Gyzylgül Kyýasowa özüniň Nazar Halymow, Nazar Gullaýew bilen institutda işleşendigini, şeýle adamlaryň ýaşynyň soňunda entemeli däldigini, munuň Allaýar aga degişli däldigini, Nazar Gullaýew bilen 5 aý işleşmek bagtyna miýesser bolandygyny aýtdy. * * * Gurbandurdy Çaryýew, kompozitor: – Weli Muhadowy her gezek konserwatoriýadan öýleriniň gapysyna çenli ugradardym. Bir gezek gapysynyň öňünde gürleşip otyrkak, onuň goňşusy ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow (ol Uçitelskaýa köçesiniň 5-nji jaýynda, Weli aga 8-nji jaýynda ýaşaýardylar) maýkajaň, elinde-de ullakan polotensaly geldi. Bir zat gürrüň berjek bolýar, gülýär. Iki sany kompozitor gyz gelip, “Magtymgulynyň iň gowy goşgularyndan herimiz bäş sany aýdymlar tapgyryny ýazjak. Şony saýlap berseň “– diýip aýdypdyrlar. Gurbandurdy aga gülküsini saklap bilenok. Bizem gyzyl-gyran bolup gülüşdik. – Garaşsyzlygyň başlarynda telewideniýede ýazgy etjek boldular. Menem ýazgy etjekler. Şonda meni ýaşulurak görüp, öň ýazgy etdirjek bolsalar, bir ýaş ýigit geldi-de, “Kompozitor, kompozitor” diýip, şo sözdenem biz irdik. Indi bize işlemäge bir erkinlik berseňiz” diýdi welin, menem elimdäki ýazgyly kassetamy ýere ýazyp goýberdim-de gaýtdym. Şondan soň bir gezegem telewideniýe baramok. 18.12.2007 Baýram Berdiýewiç Kerbabaýew bilen gürleşdim. 64 ýaşynda. Medisina ylymlarynyň kandidaty. “Kakamyň dokumentleri niredekä?” diýip sorady. Men “arhiwdedir” diýip jogap berdim. Agasy Baky aga hakda makala ýazypdym. Ol häzir Moskwada ýaşaýar. “Barmy?” diýip soradym. Hudaýa şükür, ýaşap ýören eken. “Şu ýyl sentýabr aýynda gelip gitdi” diýdi. – Bir gezek Çary Baýrynyň ýanyna, (ol şo wagt rektorlykdan boşadylyp, onkologiýada işleýärdi) bardym. Ol menden “Biziň direktorymyzy tanaýaňmy?” diýip sorady. “Tanaýan” diýdim. “Milleti nämekä?” diýip sorady. Men “Doglan ýer-ä Büzmeýin. Milletem orus bolaýmas-a. o ýerde ýewreý-ä ýaşanok” diýdim. “Gowy oglan. Ýöne özi sygan” diýdi. Şo wagt Wiktor Kuznesow 30-32 ýaşlaryndady. Hindiler ýaly geýinýärdi. Saçlary egnine dökülip durdy. Soň ony öýkeletdiler. Moskwada onkologiýa merkezinde abraýly hirurg. Häzir bärde gowy wraç az. Hemmesi gitdi. Galanam öldi. Hirurgam şoň ýaly, terapewtem. Köpüsi ýaşlar. Institutda alymlar geňeşi geçýär. Rektor girenden hemmesi turýar. Menem, Myrat Aýtbaýewiçem (Aýtbaý Hudaýbergenowyň ogly), Sary Karanowyň ogly Gurbanam turmaýarys. Men “oturgyç bu gün bar, ertir ýok” diýýän. 1970-nji ýylda Nowosibirskä, aspirantura gitdim. Ýolbaşçym professor Subbotindi. Ökde. Uruşda sanitar otlynyň naçalnigi bolan. Uruşdan soň Leniniň mawzoleýinde işlän. Lenine belet. Şo döwürde-de Leniniň 100 ýyllygy geçirilýärdi. Men ondan Lenin hakynda soradym. Ol “On neplýhoý filosof” diýip jogap berdi. “Waş Lenin umer ot sifilisa” diýip aýtdy. Operasiýa edilmeli bolsa professor, akademik gözläp ýörmeli däldir. “Skoryý pomoşda” ökde wraçlar bolýandyr. Sebäbi olar her gün operasiýa edip durlar. 21.12.2007 Ýazgylyç aga: – Beki Seýtäkow owadan joraply geldi. Nargylyç Hojageldiýew ondan “jorabyňy satjakmy?” – diýip sorady. Beki aga oňa: – Bir berseň sataýaryn – diýdi. Hemmeler gülüşdi. Beki aga şonda Mämmet Seýide: “Sen näme güleňok?” diýdi. Mämmet Seýit: – Men ýarym stawka işleýän. Nargylyç doly stawka. Şol gülübersin”- diýdi. Başga bir warianty: – Bir berseň sataýaryn diýen ýerinde, oturalaryň biri “Beki aga, ony alan ýerine berýär” diýipdir görnüşem bar. * * * Öwezdurdy Nepesow: – Beki agaň özi gürrüň berdi. Hangeldi Garabaý bilen maşynly barýarkalar ol “Beki aga, aşak egil” diýipdir. Beki aga ondan “Nämüçin egilmeli” diýip soranda, “Oglan wagtymyz bizi eden özbek öňümizden gelýär” diýipdir. Soň olar myhmanhanada düşleýärler. Beki aga geýim-gejimlerini çykaryp: “Hangeldi men-ä taýýar. Hany senem bol” diýse, “Beki aga, Beki aga” diýipdir. “Has çynyrgadyberseň şol-a göwnejegem” diýip, Beki aga gülüşdiripdir. Ýazgylyç aga: – Beki aga dagy bilen otyrdyk. Şäher Borjak hoşlaşdy-da: – Beki aga, bolýa onda hoş. Doganyňam ... – diýdi. Nämüçin sögenini sorasalar, barybir Beki aganyň yzyndan sökjekdigini aýtdy (Beki aga doganyňy .... diýip sögmegi gowy görýän eken). – Geldimyrat Numanow diýen medik kafede ýygnanyşyk etdi. Kaýum Jumaýew, Abdyrahman Mülkamanow dagylarymyz otyrys. Kaýum aga suwy açjak bolýar, açyp bilenok. Abdyrahman aga: – Kaýum, ýokary bilimiň barmy? – diýip sorady. – Bar. – Onda diplomyňam bolmaly – diýdi. – Diplomam bar – diýip, Kaýum aga çynyrgadýar. Abdyrahman aga: – Onda sen çüýşäni açyp bilmeli – diýdi. Bu A. Mülkamanowyň degişmesidi. A. Mülkamanowyň özi gürrüň berdi. – Ir döwürde Mara baramda Ata Abdyrahmanyň ýanyna bardym. Ol Ýazyjylar soýuzynyň Mary oblasty boýunça wekili. Otyrys. Gelýän-gidýän bar. Menem şonda “Gapyň barlygam gowy zat. Ýogsam lom bilen diwary ýykyp, kerpiçlerini aýyryp gitmeli bordy. Çykaňda-da bejermeli bolardy. Gapy bolmasa, gaty kyn boljak eken” diýdim. Aýdan zadyma hiç hili reaksiýa bolmady. Ata bilen üç ýyldan soň duşuşdyk. – Şo gezekki aýdanyň degişmäň eken – diýdi. Eýsem-de bolsa, ol menden üç ýyllap öýkeli gezen eken. Ýazgylyç aga: “Tokmagyň” işgäri Işanguly Guljaýewiň özi gürrüň berdi. Redaksiýa äriniň üstünden şikaýat edip bir aýal hat ýazypdyr. Hatyna-da hiç hili üns berilmän eken. Ol aýalyň özi redaksiýa gelipdir. Köşeşdirjek bolupdyr, bolmandyr. “Ertir geläý” diýipdir. Ertir gelýär, ol äri bilen ýaşaşyp bolmajakdygyny düşündirip: – Özüň ýaly çagşan bir adam – diýipdir. Meniň gijesi bilen bezenip-beslenip, ham hyýal bolanym bir köpük boldy – diýip, Işanguly aga degşip aýdýardy. --Gurbangylyç Hydyrow professor Mämmetnazar Hydyrow hakda degşip, “Agam (familiýasy Hydyrow bolansoň, ýogsam ikisiniň hiç hili garyndaşlygy ýok) altmyşdan soň üýtgäp başlady” diýip gülüşdirýärdi. Mämmetnazar aga pýesa-da (soawtor bolup), çeper eser-de ýazyp başlady. Goşgy hem ýazýardy. Öwezdurdy Nepesow: – Beki Seýtäkowyň uly hekaýasy çap edilipdir. “Ýuwmazmyka” diýip, Meret Haladow Beki aganyň ýanyna giripdir. Ol Meret zat diýmänke elini jübüsine sokup, üç manat uzadýar. – Me, alyň ýuwuň! Aradan wagt geçýär. Bir gün Beki aga: “Meret, araky alan üç manadyňy gaýtaryp berjek dälmi?” diýýär. Meret Halat nälaç puly yzyna beripdir. 22.12.2007 Fotožurnalist, köne ýoldaşym Agaly Ataýew öýüne çagyrdy. Başyna agyr iş düşüpdir. Göwünlik berdim. Maşyndan düşemizde, ol derwezäň ugrunda duran gök maşyny görkezip, “Amanyň çagalary başda maňa “gorbatyý, eý, bükri” diýip gygyryp gaçýardylar. Kemsidýärdiler. Ata-enesine aýdaňda-da haýry ýokdy. Geň galmaly, indi şo gygyryp gaçan oglanyň iki çagasam maýyp. Ikisem ýöräp bilenok. Muňa näme diýjek?” diýdi. 13.01.2008 Täze ýylda institutyň ylmy işgärleri üçin tema tassykladylar. Öňinçä bölüm müdirleri direktoryň kabinetinde (direktory Gyzylgül Kyýasowa) ýygnanyşdylar. Bölüm müdirimiz Çary Kulyýew oňa gatnaşyp bilmedi. Meniň temam “Otuzynjy ýyllaryň edebi prosesi” diýlip atlandyrylýardy. Otuzynjy ýyllarda “halk duşmany” diýip türmä basylan B. Kerbabaýew, G. Burunow, H. Derýaýew, O. Täçnazarow we beýleki ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini we ömür ýoluny öwrenmek göz öňünde tutulýardy. Şonda ylymlaryň doktory A.Ö. “Munuň syýasy tarapyna nähili seredilerkä?” diýen soragy orta atypdyr. Şeýdibem temanyň gapdalynda sorag peýda bolupdyr. Başga bir tema almaly boldy. Otuz ýediň wakalaryndan häzir hem gorkuşyp gezip ýörler. Haýran galmaly. Ýogsam-da bolsa, Sowet döwleti ýok, Kompartiýa ýok. Nämeden çekinýärler? Işdeş ýoldaşym: “Bi, bahylçylykdan başga zat däl” diýdi. Edebiýat ylmy şo döwür hakda irde-giçde öz sözüni aýtmaly bolar-a! 23.01.2008 Prezidentimiz ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň birtopary bilen duşuşdy. Bu duşuşyga gatnaşmak maňa-da nesip etdi. Şunuň ýaly duşuşyga ýurdumyzyň döredijilik işgärleri uzak wagtdan bäri garaşypdylar. Gynansak-da, geçen ýyllaryň içinde türkmen edebiýaty we sungaty muşakgatly ýol geçmeli boldy. Hiç kime gizlin däl, edebiýatymyzam, sungatymyzam çöküp galdy. Ösmedi, yza tesdi. Žurnalistikamyz-da şeýle agyr ýagdaýy başdan geçirmeli boldy. Prezidentimiz ine, şu ýagdaýlar barada duşuşykda birin-birin gürrüň etdi. Aýratynam ol radio we telewideniýede, gazet-žurnallarda işleýän žurnalistlerden, olaryň işlerinden gaty nägiledigini gizlemän aýtdy. Elbetde, hakykat nähili ajy bolsa-da, ol iru-giç aýdylmalydy. Muny ilki bilen Prezidentimiziň özi aýtdy. Ony aradan aýyrmagyň dürs ýoluny salgy berdi. Fakt faktlygyna galýar. Ozallar göz öňümize-de getirip bilmeýän zatlarymyz bolup geçdi. Nebir kitaplar indi geregi ýok bahanasy bilen zyňyldy, ýa-da gadyr-gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak kitaplar mugtuň bäri ýany satyldy. Munuň şeýle bolandygyny öz gözümiz bilen gördük. Munuň beýle bolmaly däldigini düşündirere adam tapylmady. Gynansak-da, şeýle boldy. Şarňyldap duran kinoteatrlarymyzyň jaýlary haraba öwrüldi. Ata-babalarymyzyň saz sungatyny gadymlardan dowam etdirýän sazandalarymyzyň egni gysyk, boýunlary buruk boldy. Opera we balet teatrynyň jaýyny ýykyp, onuň ýerine dükan gurmak halkyň medeniýetini kemsitmekden başga zat däldi. Garaz, aýtsaň, içiňi dökmäge zat kän. Prezidentimiz ýurt baştutanlygyna ählihalk tarapyndan saýlanmagyndan bäri bary-ýogy bir ýyl geçdi. Hudaýa şükür, arkamyzy ýel çaldy. Erkinlik şemaly her birimiziň ýüregine maýylganlyk berýär. Göwnümiz göterildi. Durmuşa bolan höwesimiz artdy. Galan zat indi biziň özümize bagly. Alym ylmy işini düýpli seljerip ýazmaly. Şahyrdyr ýazyjy ilhalar eser döretmeli. Žurnalist döwür bilen aýakdaş gitmeli. Dünýäniň her bir halkyndan pes bolmadyk türkmen yza galmaga haky ýokdur. Bu biziň näderejede pikirlenip bilşimize, iş edişimize, yhlasymyza, watançylygymyza bagly. 20.01.2008 19-na, ruh güni Prezident G.M.Berdimuhammedowyň döredijilik işgärleri bilen duşuşygy boldy. Men hem şoňa gatnaşdym. Galkynyş eýýamynyň täze ideologiýasyny dikeltmek hakynda gürrüň edildi. Garaşsyzlygyň 15 ýylynyň içinde adymy tutup, meni şunuň ýaly ýygnaklara ilkinji gezek çagyrylyşym. Şo günüň agşamsy kompozitor Ata Esadow jaň edip, saglyk-amanlyk soraşdyk. Duşuşyk hakynda gyzyklandy. Gürrüňiň bir ýerinde “Leýla” diýen aýdymyň döreýşi barada gürrüň edip berdi. Bu şeýle bolupdyr: – 60-njy ýyllarda (ýyly anyk ýadyna düşenok) biz şahyr Gara Seýitliýew, kompozitor Daňatar Öwezow, men, ýene biri bardy, ady ýadyma düşenok. Nusaý restoranyna bardyk. Daňatar bir eseri üçin gonorar alypdy. Şonda bize bir bagyrly kürt gyzy hyzmat etdi. Onuň owadanlygy şahyry öz erkine goýmady. Gyzyň ady başgady. Şonda şahyr bilen kompozitor bu näzenin gyz hakda aýdym ýazmak pikirine gelipdiler. 24.01.2008 Dil we edebiýat intitutynda Aşyr Gurbannepesow diýen oglan bilen işleýäs. Öň ýigrimi ýyla golaý mugallymçylyk edipdir. Kerim Gurbannepesowyň garyndaşy. Onuň aýtmagyna görä, Kerim aga bilen kakasynyň arasynda elmydama jedel gidýän ekeni. – Kakam Kerime kän hormat goýmazdy. Onuň bir gowy görýän kitaby bardy. Kerim şony soranda bermedi. Ol kitaby Çary Aşyra berdi. Kerim “Nämüçin maňa bermän, Çary Aşyra berdiň?” diýip sorady. “Kerim agyr ýatyr diýseler, kakam Büzmeýinden ony soramaga geldi. Onuň ýanynda menem bardym. Men o wagtlar oglanjyk. Kerimiň bir goşgusy bardyr – Ketjal aganyň keşbi görkezilýändir. Şo Ketjal aga seniň özüňsiň” diýip, Kerim aga bir gezek jedel edenlerinde aýtdy. Kakamam oňa “Seň özüň-ä bir ýoldan çykdyň, çagalaryňam ýoldan çykardyň” diýip aýdypdy. Çünki kakam dindar adamdy. Tirämiz magtym bolansoň bize öwlat diýýärler. Şo gezek soramaga baramyzda Kerim aga ýatyr. Şonda onuň aýdan sözi ýadymda: “Ýüregimi ýaralan Rahym Esen, ýene-de birki sany adamyň adyny tutdy, ýadyma düşenok” diýdi. Men ony iň soňky gezek gördüm. Köp wagt geçmänem pahyr ýogaldy – diýip, Aşyr aýtdy. 89-njy ýa-da 90-njy ýyldamy, gazetde çekişme gitdi. Kerim agany akademiklige aljak bolanlarynda bir ses ýetmändir. Oňa-da ýazyjy Gylyç Kuly ses bermändir. Şondan soň Rahym Esenow we başga-da birki sany ýazyjy Kerim aganyň arkasyny çalandan bolup, G. Kulyýewe hüjüm etdiler. “Turkmenskaýa iskra” gazetindedi öýdýän, çykyş edildi. G. Kulyýew hem muňa garşy çykyş edip, “Kerim Gurbannepesow köşk şahyry” diýip, çykyş etdi. Şol söz Kerim aga gaty ýokuş degen bolmaly. Kerim aga hiç kimiň goragyna mätäç däl. Ony halk gowy görýärdi. Ýöne onuň “dostlary” Kerim aganyň egninde tüpeň goýup, tüpeň atdylar. O-da G.Kulyýewi däl-de, Kerim aganyň özüne, ýüregine degdi. *** Çaryýar Garajaýew, filologiýa ylymlarynyň kandidaty: – Aspirant wagtymyz filosofiýadan ekzamen tabşyrmak üçin akademik, filosof Geldi Orazowiç Çaryýewiň elinde okadyk. Ýaşulyny öwseň gowy görýärdi. Men starostadym. Maňa elmydam Garaja diýip ýüzlenýärdi. Bir aspirant onuň göwnüne ýaramaýan jogap berdigi: “Garaja, onuň adyny okalmaz ýaly garala” diýýärdi. Şondan ýaňa žurnaly görer ýaly däldi. Bir gezegem Nurberdi Mawyýew diýen aspirant bilen şeýle boldy. Şonda Geldi Orazowiç: “Garaja, şol oglanyň familiýasy näme?” diýip sorady. Men “Mawyýew” diýdim. Şonda ol “Ol tä Garabaýew bolýança adyny okalmaz ýaly çyz” diýdi. Özem ruçkanyň sterženini aýryp, onuň ujuny kesdirip çyzdyrdy. Geldi Orazowiç gowy adamdy, degişgendi. Käbir adamlaryň onuň daşyndan görüp, halamaýanlaram bardy. Ýok, ol edil çaga ýalydy. “Men Berlinde Gegeliň filosofiýasyndan çykyş eden adam” diýmesi-de bardy. 13.02.2008 Çaryýar aga Garajaýew, filologiýa ylymlarynyň kandidaty: – 70-nji ýyllaryň ortalarynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Geldi Nazarow, taryhçy Nazar Halymow (arapça gowy okaýardy), men, ýene-de birnäçe adam Akdepeden, Muhammetnur işanyň metjidinden köne kitaplaryň uly toplumyny getirdik. Institutyň gapysynyň öňünde goýduk. Geldi Nazara “Şu kitaplaň birini alaýyn” diýsem, ol: “ Bäşim Çaryýardan (direktorymyz) soraýyn” diýdi. Nazar Halymdan: “Bu kitapda näme ýazylypdyr?” diýip soradym. Nazar kitabyň bir ujuny okap: “Biwagt gezseň iýjegiň taýak bolar” diýlip ýazylypdyr” diýdi. Şo günümidi ýa-da ertesi kitaplary sorasam, wtorsyrýo (jinnek, köne - küşül, köne kagyz tabşyrylýan ýere) tabşyrypdyrlar. Şo kitabyň ölemen aşygy bolamsoň, jinnek tabşyrylýan ýere bardym. 3-4 ýaşuly oturyp çaý içýän ekenler. Ýagdaýy aýtsam, ol kitaplary aralarynda paýlaşandyklaryny aýtdylar. Gelip, Bäşim Çaryýara aýtsam, “Görýärmiň, öz bähbidiň bolsa baryp bilýän ekeniň” diýdi. Nähili kitaplary alyp galmandygy üçin müýni ýokdy. Ýogsam, biz Akdepä gidip, instituta gerek diýip adamlardan haýyş edipdik. 15.02.2008 Şu gün kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezinde “Galkynyş”, “Nesil” gazetlerinde, aýallar žurnalynyň hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde geçiren bäsleşigine gatnaşdym. 20 adama bir million manatdan gowşurdylar. Maňa-da. Ýanymda alym – şahyr Ahmet Mämmedow otyrdy. Operasiýa edilenden soň ol gürläp bilmeýär. Şonuň üçinem ol maňa kagyz böleklerine ýazyp gürleşýärdi. 16.04.2008 Hudožnik Durdy Baýramowyň 70 ýaşy mynasybetli, 14-nji aprelde onuň eserleriniň uly sergisi açyldy. 500-e golaý iş. Meniň hem portretim goýlupdyr. Şu gün restoranda ýubileý agşamy geçirildi. Ol ýubileý agşamyna öz gahrymanlarynyň aglabasyny çagyrypdyr. Men hem agşama gatnaşdym. Gaty gowy geçdi. Hojaguly Narlyýew: “Men Allaýary 15-20 ýyl göremok” diýip, meniň bilen gadyrly görüşdi. 20.06.08 (bäşinji gün) Şu gün gallaçylaryň armaçysy bolup “Altyn asyr” kanalynda çykyş etmek üçin telewideniýä bardym. Mundan öňinçä “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory Allamyrat Esenow jaň edip, goşgy okamagymy haýyş edipdi. Ýüzünden geçip bilmänsoň, oňa razylyk beripdim. Ýogsamam telewideniýäniň maňa bolan ýaramaz garaýşyndan ýeterlik habarym bardy. Öň birküç gezek men hakdaky gepleşikler gidip durka kesipdiler. Men Allamyrat agadan özüm hakda TW-niň ýolbaşçylaryndan razylyk aldyňmy? diýip soradym. Ol “Ýok, men telewideniýe özüm jogap berýän” diýip, arkaýyn aýtdy. “Bizde indi gizlin zat ýok” diýibem üstüne goşdy. Bu gün irden gepleşik ýazgy edilýärkä, birden režissýoryň Allamyrat agany oba hojalyk ministrliginden gyssagly telefona çagyrylýandygy hakda aýdan habary eşidildi. Munuň men hakdadygyny derrew duýdum. Muňa özümi ozal taýýarlap goýupdym. Allamyrat aga kän eglenmän geldi-de: “Düýnki gepleşikde Oguljemalyň goşgularyny halamandyrlar. Indi kärendeçileriň ýeke özleri çykyş etmeli. Allaýar, sen gidiber indi!” diýdi. “Goşgularyňy ýitirme. Gazetde çap ederis” diýip, Allamyrat aga aýtdy. Çykyp barýarkam operator oglanlaryň biriniň “Agam, çykyş etmäge gelewer” diýen sesini eşitdim. Sagat 11-den işlände-de öýe gelip, duşda suwa düşündim. Bähbit bol-a! 03.10.2008 Şu gün Lýubow Stepanowna Storçak diýen aýal bilen gürrüňdeş boldum. Adamsy 2004-nji ýylda ýogalypdyr. Anatoliý Storçak Doneskide (70-nji ýyllarda) uly zawodlaryň birinde direktor bolup işläpdir. Aşgabatda aýna kombinatynyň direktory (segsen iki – segsen dördünji ýyllar), “Krasnyý molot” zawodynyň direktory bolup işläpdir. Garaşsyzlykda firmasy bar eken. Bir halk hudožnigi bilen tanyş eken . Ol hudožnige 60 müň dollar karz pul beripdir. Hudožnigiň hem şo wagtlar firmasy bar eken. Hudožnik “Puly berjek” diýýär. Ýöne wadanyň yzy gelenok..Garaz, olar sudlaşmaly bolupdyrlar. . Şo wagtlar Storçak insult bolupdyr. Şeýdibem, ol puluny alyp bilmän, 2004-nji ýylda aradan çykýar. Hudožnik 2006-njy ýylda aradan çykýar. Adyny aýtjak däl. Şo wagt bir wezipeli adamdan hem ady belli hudožnik 12 müň dollar karz alan ekeni. “Şol puly maňa bermedi” diýip, ol adam aýdypdy. 24.10.2008 “Türkmen dili” gazetinde (22.10.08) filologiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Kulyýewiň “Altmyş ýaşly şahyryň 40 ýaşly aýdymy” atly makalasy çap edildi. Makala men hakda, meniň käbir aýdymlarym hakda. Aýratynam “Gel, obamyň lälesi” hakda. Bu aýdymyň goşgusyny men 1968-nji ýylyň maýynda ýazdym. Goşgyny kompozitor Baýram Hudaýnazarowa kursdaşym Hydyrmuhammet Çaryýew gowşurypdy. Çünki olar bir obadan – Aşgabadyň Budýonnyý obasyndandy. Goşgy birki sagadyň içinde aýdyma öwrülipdi. Başdaky onuň ady “Gel, Nohuryň lälesidi”. Onuň aýdym bolup il içinde ýaňlanyp ýörenine indi göni 40 ýyl geçipdir. Şol gün, täsin ýeri, men işleýän Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutyna öýlän işe gelemde, gapydan çykyp barýan bir adamyň yzyndan garap galdym. Şodur-da diýip, onuň yzyndan, “Baýram!” diýip seslendim. Ol yzyna öwrüldi. Dogrudanam ol kompozitor Baýram Hudaýnazarowdy. Öňki görmegeý adam, dogrusy, horlanypdyr, garranlygy mese-mälim bildirip dur. Gujaklaşdyk. Men ony ýalňyşmasam, 20-25 ýyl görmändim. Geň galýan zadym, şonça ýyllap duşuşmadyk Baýrama men “Gel, obamyň lälesiniň” 40 ýaşandygy hakda makalanyň çap bolan gününde görşenligimizdi. 24.10.2008 Şu gün filologiýa ylymlarynyň kandidaty Haýdar Muhyýewi iň soňky ýoluna ugratdyk. Merhumyň jesedini öz dogduk ili Garrygala äkitdiler. Uniwersitetde okamda, ol meniň diplom ýolbaşçym bolupdy. Özi kandidatlyk dissertasiýasyny nohur dialektinden gorapdy. 77-78 ýaşlarynda bolmaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||