23:09 Gündelikde galanlar -23/ dowamy | |
22.04.14
Ýatlamalar
Filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr Ahmet Mämmedow, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Kulyýew bilen akademiýanyň howlusynda gürleşip otyrkak, merhum alym Ahmet Bekmyradow hakda gürrüň gitdi. - Bir gezek institutyň (Dil we edebiýat instituty) daşynda çilim çekip otyrdym. Atdaş geldi. Iki aýlap keselhanada boldum. Çilim çekmeli däl, arak içmeli däl – diýdi wraçlar. Hany, bir çilim bersene – diýip, çilim sorady. Ony işdämenlik bilen sordy. Soňam "Ýör meniň hasabyma garbak-gurbak edineli” – diýip, meni orus bazaryndaky garbanyşhana äkitdi. Bir çüýşede aldy. Meniň “Içmeli däl bolsa içmeseneme-de garamady. Içdik. “Doktorlyk awtoreferatym taýyn” – diýdi. Şondan kän wagtam geçmedi. Neresse ýogaldy – diýdi. Çary Ahmediň obadaşy. -- Şo wagtlar men obadadym. Irden geldi. Degişdi. Içgili eken. “Hany, ejem?” diýdi. Ol meniň ejeme “eje” diýýärdi. “Sygyr sagýar” diýdim. Düşek ýazdyrdy. Içgilidigini bilip, “Hany Kömek akga?” (Kömek Kulyýew – Ahmet bilen ýegre dostdy) -- diýdi. Ejem sygryny sagyp, biziň ýanymyza geldi. Ol ejem bilen gujaklaşyp görüşdi. Gitdi. Kän wagt geçmänem ýogaldy. – Aý, pahyr köp içýärdi. Kesel bolup ýatan wagty, biz onuň öýünde nobatçy durýardyk. Ýöne ol bildirmän äpişgeden çykyp, gaçyp gidýärdi – diýip, Çary aýtdy. 23.04.14 Sowet hökümeti ýykylyp, Türkmenistan indi hiç kime bagly däl. Öz eli – öz ýakasy diýlensoň, Aşgabatdaky iň gözel künjekleriň biri – botanika bagy döwlet tarapyndan göz-gulak (maliýeleşdirilmän) bolunmansoň soň alan-aldy boljak eken. Golaýda birinden eşiden gürrüňime görä, bagyň ylmy işgärleri dagap gitmezligi üçin ýigrimi ýyllap diýen ýaly hak-heşdeksiz baga seredipdirler. O ýerde ekilen täsin agaçlaryň gurap, ýitip gitmezligini gazanypdyrlar. Ine, saňa hakyky watançylyk! Garrygaladaky WIR-iň (Bütinsoýuz ösümçilik instituty) hem (ol dünýäde seýrek institutdy) daganyny öz gözüm bilen gördüm. 2005-nji ýylda uruş weteranlarynyň başlygy Oraz Nepesow bilen Garrygala baramyzda şo ýere-de sowlupdyk. Institutyň direktory Aşyr Saparmyradow bize dagyň içinde bir bölejik bagy görkezipdi. Bu alym ýigidiň bagy guratmajak bolup eden gowy işleri bilen tanşypdyk. Bütin dünýäde ady belli institutyň düşen gözgyny ýagdaýyna ýüregimiz awap gaýdypdyk. 25.04.14 1979-njy ýylam bolmagy ahmal, men o wagtlar “Edebiýat we sungat” gazetinde, baş redaktoryň orunbasary bolup işleýärdim. Bir gün redaksiýa edebiýatçy alym Aşyrpur Meredow gelipdi. Men onuň özüni birinji gezek şonda görüpdim diýip häzir pikir edýärin. Ol şonda Döwletmämmet Azady bilen Magtymgulynyň mazarynyň tapylandygyny we şol guburlaryň suratynyň özünde bardygyny habar berdi. Men muňa gaty haýran galandygymy bilýän. Aşyrpur Meredow bir gelende suraty getirip berdi. Şo surat häzirem meniň arhiwimiň bir ýerlerinde bolmaly. Gözlesem tapylar. A. Meredow soň eşidişime görä, ýetmişinji ýyllaryň ortalarynda dogduk ýeri Eýrana giden eken. Şo ýerde onuň ähli garyndaşlary, yzynda galan çagalarynyň arasynda ýaşamakçy, işlemekçi eken. O ýerde ony soň tutupdyrlar. Soňam bir ýol bilen Aşgabada gelmek oňa başardan bolmaly. Ol redaksiýa Eýrandan soň gelen bolmaly diýip pikir edýärin. Aşyrpur Meredow uçursyz güýçli edebiýatçy alymdy. Bular dörtmi ýa bäş. Baýrammämmet Ahundow, Sapar Ahally (Zylyha Muhammedowanyň adamsy), Sary Durdyýew – Gökleňi,). Rahman Rejebow, Aşyrpur dagy 40-njy ýyllaryň ahyrlarynda Eýrandan gaçyp gelip, Aşgabatda ýurt tutunan adamlar. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda bularyň ägirt uly hyzmaty bar. *** Mekdep ýyllary men “Mydam taýýara” goşgy yzyna goşgy iberýärdim weli, köplenç J. Atabaýewiň goly bilen goşgynyň gowşaklygy hakda köp jogap alýardym. J. Atabaýew diýýäni, ol şo döwürde gazetiň poeziýa bölüminiň müdiri eken. Baýram Gurbanow gazetiň redaktory döwründe Juma Atabaýewiň ýöreýşini synlap, ol “Juma oglum relsiň üstünden ýöreýän ýaly” diýýän eken. Muny maňa Baýram Gurban bilen bile işleşen žurnalist Meret Temmim gürrüň edip gülüşdirýärdi. Onuň ýene bir gürrüňi ýadymda: gazetiň wýorstkasy gutarandan soň Baýram aga gazetiň işgäri Orazberdi Baýramowy (oňa Iller Kölegesiz hem diýýärdiler, hemişe kellesinde şlýapa bardy, ýöne nämüçin kölegesiz diýipdirler, bilemok. Köplenç egilibräk ýöreýärdi, men soň gazetde onuň bilen işleşdim, ilki düşünişmedik, soň dostlaşypdyk. Ýaşy boýunça ol menden kän uludy, gürlände “ysluşyý” diýip başlaýardy) araga iberýän eken. Aragy getirip, gidibermeýän eken-dä arak içjekleriň ýanynda durýa diýýä. Stakana guýuşdyryp, “Orazberdi oglum, il-ä saňa meňzejek bolup içjek bolýar, sen kime meňzejek bolýaň” diýip, Baýram aga oňa degýän eken. 28.04.14 Garrynohurly Çary Döliniň ogly Ahmet Çaryýew bilen görşemizde ol bir zady aýtdy: kakasy Çary Döli – şo döwürler obadaky mekdep direktory – magaryfçy Muhammetguly Atabaýewiň mekdep muzeýi diýip, mekdebiň bir klasyny – Muhammetgulynyň öz saldyran otagyny muzeý üçin bölüp beren eken. Biz M. Atabaý hakda filmi surata düşüren wagtymyz muzeýi görüpdik. Surata-da düşüripdik. Ine, şol muzeýiň otagyny golaýda ýapyp, ony başga bir adama ýaşamak üçin beripdirler. Gör, nähili masgaraçylyk! Öz geçmiş taryhyňy äsgermezçilikden başga zat däl. 01.05.14 Birküç günlükde institutyň direktory Gyzylgül Kyýasowa bilen institutyň alymy Myrat Annaýew Magtymgulynyň 290 ýyllygy bilen bagly Peterburgda geçirilen çäre gatnaşyp geldiler. Türkmen telewideniýesinden hem adam gatnaşypdyr. Dabaranyň geçýän ýerinde muzeýde biziň teleradiodiktor gyzymyz şo ýeriň bir işgärini gürletmek üçin “Geýmiňizi çalşyraýsaňyz” diýipdir. Muzeýiň işgäri muňa gaty geň galyp, ikinji gezegem “Çto-o-o?” diýip sorapdyr we onuň gaty gahary gelipdir. Çünki biziň telewideniýemizde ak köýnek, gara galstuk, gara penjek we jalbar, döşe dakylýan nyşan bolmasa, adatdan daşary ýagdaý hasaplaýarlar. Bu ýol berilmesiz edepsizlikdir diýip hasap edilýär. “Her ýeriň öz düzgüni bar” diýip düşündiräýmeseň, meň-ä aklym çatanok. Hawa, ýene bir ýagdaý, oturyp gürläňde, iki eliňi dyzyň üstünde, gymyldatmaly däl. 05.05.14 Ýene sanlyja günden Ýeňiş baýramyny belläris. Ýaňy otyryn weli, weteranlar guramasynda işlän döwrümi ýatlaýaryn. Oraz Nepesow weteranlar guramasynyň başlygydy. 2006-njy ýylda pahyr bolansoň, onuň ýerine podpolkownik Kakamyrat Tokaýew diýen birini getirdiler. Ugursyz. Uruş weteranlary bilen gepleşende dagy gaty gödekdi. Adamlaryň göwnüne degmegi hiç zatça görenokdy. 09.05.14 Şu gün Kakabaý Gurbanow bilen uruş weterany, baýry žurnalist Meretdurdy Temmimowy gutlap gaýtdyk. Meret agany men birnäçe ýyllap görmändim. Kiçelipdir. Ýady gowy. 92 ýaşymda – diýdi. Kakabaý Nazarow bizi surata düşürdi. Birtopar sakgally ýaşulular gelip gitdi. Gaýtjak bolup maşyna münjek wagtymyz Hudaýberdi Diwangulyýew bizi görmän, Meret agalara girip gitdi. Hudaýberdi Meret aga hakda “Zaman” gazetinde gowy oçerk ýazypdyr diýip, Kakabaý Gurban aýtdy. Meret aganyň ýanynda bolanymyzda könäni ýatladyk. Ol köplenç ýazyjy Baýram Gurbanowyň aýdan degişme zatlaryny ýatlady. Beki Seýtegiň gözüne “Bişen kelläniň gözi” ýaly diýýän eken. Nury Baýrama “Pommanyň ... ýaly” diýýän eken. - Redaksiýa bir orus aýaly geldi. Baýram aga ony diňläp, “Sen ýazyjy bolmaly ekeniň” diýdi. Ol aýal: – Men golam çekip bilemok – diýse, – Goluňy çekerdiler – diýdi. Soň Meret agalardan çykyp, Köşä, Kakabaý Ylýasyň sadakasyna göründik. Kakabaý bilen birsalym gürleşip oturdyk. Begenç Keriminiň degişmelerinden gaýtalandy. Annaberdi Tagan bilen bagly wakany ýatlady. Gökdepäniň Çalpow diýen ýeri bar. Şo ýerde altmyşynjy ýyllaryň ahyrynda festiwal geçirildi. (Çalpow Atabaýewiň samolýotynyň uçýan ýeri eken). Şoňa Begenç Kerimi, Çary Matal, Annaberdi Taganam bile barypdyrlar. Annaberdi aganyň garry öýi şo ýerde eken. Olary bir käse çaý içeli diýip öýlerine äkidipdir. Öýüň içi garaňky, çala ýagty düşýär. Pol zat bolmansoň, öýüň içem çukur. Öýe girenlerinde bir garry ene elini kölegeledip: “Ännäberdijan, geldiňmi?” diýipdir. Kürtlügini boýun almadyk Annaberdi aga boýun almakdan başga alaç galmady diýýä. Begenç aga nowruz gelende Çary Matal ikisine baýramyňyzam geldi diýip degişýän eken. 11.05.14 Serdar oba gidip geldi. Sadakada uruş weterany Annageldi agany (Hydyrow) görüpdir. Ol uruşda Melitopol şäherinde agamyz Allaýar Çaryýewi gören eken. “Onuň 20 ýerinden ýara düşen eken. Gospitalda eken” diýip aýdypdyr. Enem pahyr hem: “Allaýar jan hatynda on ýedi ýerimden ýara düşdi. Nesip bolsa bahym toýa gitjek” diýip ýazypdyr. Soň haty gelmedi. “Öldi” haty geldi” diýip aýdardy. Agamyň frontdan iberen şekili ýadymda. Ol esger telpeklidi. Ýalňyşmasam, surat iki bölekdi. Özünem odun goýýan agylymyzyň pürsünde saklanýardy. Günde-günaşa suratyna seredip, aglap ýörensoň kakam pahyr suraty gizlän bolmaly. Ýöne enem bize pürsüň aşagyndan alyp suraty görkezýärdi. Suratyň nämüçin şo ýerdedigine indi-indi gözüm ýetýär. Suratda agamyz esger gulakjynlydy. Şo suratyň esasynda Mämmetýar agamyz suraty ulaltdyrypdy. Ýöne onuň kellesine gaşly papak geýdirilipdi. Häzir bizde onuň urşa gitmezinden öň köpçülik bolup düşen suraty bar. Ol kakasynyň telpegini geýip surata düşüpdir. Enem pahyryň “Allaýarjan gaty owadandy” diýýäni ýadymda. Şo suratda kakam hem bar. Ol tahýaly. Kakalary şo wagtlar “halk duşmany” hökmünde basylypdyr. Hossary bolmansoňam – 1925-nji ýylda doglan agamyzy fronta iberipdirler. Ol 1944-nji ýylyň 25-nji iýunynda Bitebsk oblastyny azat etmäge gatnaşyp, şo ýerde-de jaýlanypdyr. Bu maglumat Balkan oblastyna bagyşlanan “Hatyra” atly kitapda bar. 15.05.2014 Döwletgeldi Ökdirow ýogalandan soň, günlerde bir gün Döwletgeldi Ökdirowyň inisi Alyhan öýe gelip, “Ýogalmanka iki sany aýdymyň sazyny taýýarlapdy. Ýetişmedi. Ýöne şonuň birine “Allaýar ýegen goşgy ýazsyn” diýip, wesýet etdi. Şony sen ýazmaly” diýip aýtdy. Sazyny diňläp gördük. Haladyk. Ol: “Döwletgeldi şu sazy çalanda Deňiz guşum, deňiz guşum, Aýt, nireden geldiň çöle, Azaşdyňmy, çarlak guşum, Ýör, gideýli biziň ile. – diýip, hiňlenýärdi. Aýdymda şo bent dursun” diýdi. Menem onuň bilen ylalaşypdym. Bu sazyň döreýiş taryhyndan hem gürrüň beripdi. Kanalyň suwy Aşgabada gelen döwürlerinde radioda Setdar Garajaýew bir radiooýun taýýarlapdyr. Döwletgeldem şo döwürde radioda işleýän eken. Şo sazam, şo ýekeje bendem şol radiooýunda çalynypdyr, aýdylypdyr. Goşgynyň nähiliräk bolmalydygyny aýdandan soň, men işe girişdim. Goşgyny birnäçe wariantda ýazypdyryn. Arada golýazmalarymy dörüp otyrkam, şol ýazylan wariantlaryň üstünden bardym.. Hudožnik Saragt Babaýew “Deňiz guşumdan” täsirlenip skulptura eserini döredende maňa jaň etdi. Maksadyny aýtdy. Döwletgeldiň dürli röwüşde düşen suratlarynyň gerek boljakdygyny aýtdy. Men oňa bagşynyň inisini salgy berdim. Inisini-de hem habarly etdim. Onuň öýlerine bardyk. Ýüz gram içenden soň, ol bizi ugratmaga çykdy. Men yzrakdan barýardym. Şonda ol Saragta “Men saňa bir zat aýdaýyn. Şo sazy döreden meniň özüm” diýdi weli, men gaty erbet boldum. Saragtyňam oňaýsyz ýagdaýa düşenini magat bilýän. Ýöne sesini çykarmady. Barybir, eser taýýar boldy. Görmäge baramda ýaňky Alyhan eserde şahyryň keşbimi görüp: “Onuň aýdyma hiç hili dahyly ýok, ony aýyr” diýipdir. Saragtam „Bu meniň öz eserim. Seniň zakazyň däl” diýen ýaly jogap beripdir. Şonda-da ol ýeň bermän, “Onda burnuny bir üýtget” diýip haýyş edýär diýýär. Saragt ylalaşmandyr. Onuň bu hereketlerini gaty geň görüp, Saragt maňa jaň edip aýtdy. Agasy hakynda kitap çykardanynda-da, gazetde, çykyşlarynda “Deňiz guşum” hakynda gürrrüň gidende şo bir aýdýan sözi – “goşgusyny özüm ýazdym “diýýär. Ýöne aýdymyň sazynam özüniň ýazandygyny öz gulagym bilen eşitdim. Eger özi ýazaýanda-da agasyny beýdip ýüňsakgal etmegi asla bolanok. Ine, ýagdaýy şeýle bolansoň, onuň bilen agyz deňemek akmagyň işimikä diýýän. Arhiwimde onuň bolwankasy-da, meniň ýazanlarym-da saklanyp galypdyr!!! 01.06.14 Nursähet atly obadaşymyz birtopar wagtlap bir orus aýaly bilen Bitebskide ýaşady. Birtopar çagalary yzynda galdy. Çagalaram tertipsiz. Ony soň agyr ýagdaýda Orsyýetden getirdiler. Ol birki ýyllykda ýogaldy. Yzynda galan türkmen aýalam golaýda aradan çykdy. Jan berende iki gözem açyk eken. Gözlerini ýapypdyrlar. Emma göz ýene açylypdyr. Ýogalmazyndan birnäçe gün öň ol ogullarynyň biri bilen gaty erbet gidişipdir. Tertibi erbet oglan bolmaly. Ejesi jan berjek bolanynda-da “Bahym gel, ejeň bilen hoşlaş” diýenlerinde-de “Häzir barýan” diýip, wagty bilen gelmändir. Gelenden soňam, maňlaýyny sypap, bir gyrada oturyberipdir. Enäniň gözlerini sypalap-sypalap zordan ýapypdyrlar. Il içinde “Gözi açyk gitdi” diýen düşünje bar. Oýlanyp otursaň, onuň uly bir manysy bolmaly. 09.06.14 Düýn gidip, şu günem Çukurýurtdan geldim. Ogulnuryň ýedisini irden bellediler. Ýashanada Seýit Artyk (ol öz döwrüniň uly bagşysy, frontda ýogalan Artyk bagşynyň ogly) bir zady gürrüň berdi. Bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň ady mekdebe dakylanda (munda öwünip aýtdygym däl – meniň hem az-owlak hyzmatym bardy) şahyr Sapar Öräýew hem dabara gatnaşan. Çukurýurtda ony aýaly bilen biri (adynam agzady welin, ýadymdan çykarypdyryn) myhman alypdyr we Döwletgeldiniň daýysy hökmünde, (Döwletgeldiň ejesi bagşy Artyk bagşynyň aýal dogany) Seýit agany hem çagyrypdyr. Seýit aganyň özi gowy bagşydy. Arman, radioda ýazgysy galmandyr. Radioda zatda çykyşam eden bolmaly däl. Ýöne obada konsert bolanda halk aýdymlaryny aýdýardy. Gowy owazy bardy. “Kämahal dutara hiňlenýänsiň-le?” diýen sowalyma ol “dutar taşlanandyr” diýdi. Öňki mugallym, indi büs-bütinleý özüni metjide beripdir. Başynda sellesi. 1956-njy ýylda, biz çagadyk, obada uly festiwal geçirildi. Dusaýew diýip partiýanyň raýkomynyň birinji sekretary, şonuň döwründe festiwal geçirilipdi. Dusaýew hakda men segseninji ýyllarda uly oçerk ýazypdym. “Ýürek ýatlamasy” atly kitabymda şol oçerk bar. Seýit aga Dusaýewi ýatlady. Onuň şonda özüni öwendigini, şol gün biziň öýümizde oturylyşyk bolanda Dusaýewiň öz yzyndan adam iberip çagyrdandygyny, arak hödürlände içmändigini aýtdy. Soň ol: “birküç sany aýdym aýdyp ber” diýip haýyş edipdir. “Gaty berk, gowy ýolbaşçy adamdy” diýip, ol Dusaýewi ýatlady. Ol soň Garrygalada raýkom bolup işlän Amansähet Şammyýewiň hem gowy ýolbaşçy bolandygyny aýtdy. * * * “Edebiýaty öwreniji alym Kaýum Jumaýewiň işde gaharlananyny gören ýokdur” diýip aýdýarlar. Gaty gahary gelende “Men diýsem dänim, şu zatlar bolmaýan ýaly” diýýän ekeni. - Şahyr we alym Aman Kekilow institutda iki ýyl direktor bolup işläpdir. “Ýazan mahaly, köplenç meniň işleýän laboratoriýama düşüp, “Hany, atdaş çaý içeli” diýýärdi. Men laborantyň aýlygyna işleýärdim, özünden bilip üç manat berip “Me, çaýyň ýanynda içer ýaly konfet, gant, köke getir” diýenokdy. Bir gezek üç manat berdi. Aýdan zatlaryny getirip berdim. Şonda Aman aga: “Atdaş, galan köpükleri ber. Awtobusda gerek bolýar” diýip, yzyna aldy – diýip, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aman Nurmuhammedow gürrüň berdi. Alym we bagşy Döwletgeldi Ökdirow öýlenende Aman Kekilow onuň öýünde daň atýança oturdy – diýip, Aman aga ýatlady. Käbir nohurça sözler: 1. Zärri – hajathana. 2. Kellepaçça – kellebaşaýak. 3. Katança boldum – gaty üşemek. 4. Kilit – gulp. (türkçe-de kilt eken). 5. Meýwar bolan – * * * Men 1986-njy ýylyň 1-nji awgustyndan 1990-njy ýylyň noýabr aýy aralygynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň jogapkär sekretary bolup işledim. Köne žurnalist, frontçy Meret Temmimow hatlar bölüminde işleýärdi. Onuň ýanyna Pyhy Tagan, Gurban Wehimi ýaly adamlar gelip gürrüň ederdiler. Şonda men olaryň aýdan käbir zatlaryny ýazyp alypdym. Ine, olaryň käbiri: *** Pyhy Tagan. 20.VII.89. Mysapyr – eýranly türkmenleriň dilinde birine aslyşyp, daklyşyp gelmek. Ýa nesip – eýranly türkmenleriň dilinde lotereýa. Müňeşir – oba şurasynyň başlygy. (eýr. türkm. dilinde). *** Allaguly Rejep. 27.III.90. Gerşi syrkawlan syçanyň ýeňsesi ýaly – horlanan adam. *** Meret Temmimow. 18. III. 90. Üşän kürre ýaly. Gözüni deprekçiň gözi ýaly edip. Gözüni tuda dyrmaşan geçiň gözi ýaly edip. Gözüni dulugyndan sykylan itiň gözi ýaly edip. Menem respublikada at gazanan eneňi ..... *** 15. XI. 88. M.Temmimow Hüşt bilmeýän it ýaly. Ýüzi şepbiklän şetdalyň şahasy ýaly. Dulugyndan sykylan itiň gözi ýaly. Çilelän gyzyň çüki ýaly edip (göz) Kolhozyň künti öküzi ýaly. Hopba edilen göläň gözi ýaly. *** 16. XI. 88. M.Temmimow Ernini tärim çeýneýän güjügiň erni ýaly edip. Tahýasyny ýegesiň kesmegi ýaly edip (ýegesi – ölä bişirilýän çelpek). Gözüni tuda dyrmaşan geçiň gözi ýaly edip. Itsikerregi ýaly bolup (ösümlik, aşagy inçe, bili ýogyn). Stolowoý pişigine meňzeýäň. Göýende – aýdym-sazy jany bilen diňleýän adam diýilýär. Gördemçe – görüň içinde enesinden dogýan çaga. Göraman – dag ýerinde ölen adamyň üstüne daş üýşürilýär. Gör gazmaga mümkinçiligi ýok halatynda. Sahama – görüň içi çig bolýar, batga bolýar. Şoň üçin oň içine çybyk düşeýärler. Şak – çägesöw ýerden mazar gazyp bolanok. Nätmeli? Dörtburç çukur gazylýar. Çukuryň içinden çukur gazyp ölini gömýärler (içki öýsüz). (Pylanyny şak edip jaýladylar). Darsdaban – köplenç aýala, gyza diýilýär. (darsyldap gidýär) dogumly gyz. *** 17. XI. 88. M.Temmimow: Aryň bokuny (bal) agzyma çalyp, ajyuýandan (kiçijik ösümlik) asylyp öleýin. *** 30. XI. 88. M.Temmimow: Şildirim – ösümlik. Öz-özünden ýele yranyp otyr. Kazy aýalyňy zorlasa, kime arz edersiň. *** 2. XII. 88. Diginje – ýüzi gyzaryp duranja, dolmuşja. Zigirrik – guşuň türresi. Takyrälem – kiçijik suwulganjyk. Gürleňgüjük – ýeri oýjagaz edip gidýän möjejik. Lawyr-luwur – bagyr-öýkenden edilen nahar (M.Temmim). Lawy-luwu – galan-gaçan. (R.Öwezowyň aýdany). Ak ýüwrük – duz atylman bişirilen suwuk şüle. Çaldy-goýdy – suwuk mäş (mäşewe). Bäşim myňňy: - Hudaýa şükür, heniz-ä biabraýçylygyň üstünden baramzok. Bir-ä: – Haýatçylykda tutulyp, sikimizden süýrelip gaýynlammyzyňka äkidildik diýäýmeseň. – Bergä-borja batyp, öýümiz syryldy diýäýmeseň, – Geçmän oturan uly gyzymyz süýreldi diýäýmeseň, hudaýa şükür, henize çenl-ä biabraýçylygyň üstünden baramzok. *** 5. XII. 88. – Eliňi öliň siki ýaly edip. (hassaň siki ýaly – M.T.) M. Temmimow: – Çöküp oturan düýäň art tarapyny iýip gidýän adam – daýaw adam. – Ýagallak – sakallak adam. – Mäşbürünç sakally – hem gara hem ak gatyşyk. – Emenjik çukur – bokurdakdaky oý ýer. (Emenjik çukury derläp durdy). – pinek – Tüntaw – alasarmyk adam. Zemerrek – medeniýeti zady bilmän, güýjüne baýrynyp ýören adam. Sümse it – sümsünip ýören it. *** 6. XII. 88. M.Temmimow: Sik ýykylanyň götüne (bolmalysy: ýyk sikileniň götüne). Atyny at, atamy azat eýlegil. M.T.-iň warianty: (Atamy at, atyn azat eýlegil) Gahba pelek, degme meniň ýaryma Degse maňa degsin, ýara degmesin. M.T.-iň warianty: Gahba pelek, deggin meniň ýaryma, Degse ýara degsin, maňa degmesin. *** 19. XII. 88. Meret Temmimiň beren gürrüňi. – Mylly agaň Ogulnabat diýen aýaly bar eken. Şoň çaýyna çenli öwrenişen eken. Bir gezek Ogulnabat eje gelinlerini alyp-da, toýa gitmeli bolupdyr. – Mylly, men-ä toýa gidýän gelinleri alyp. Ýöne çaý-suwuňy seretmäge uly gelni goýýan – diýipdir. Gaýyn enesi geler uçurynda, gelin Mylly agadan: - Pylanyň atasy, çaý-suwuň boldumy? - diýip, soraýar. Şonda Mylly aga: – Suwy köpräk diýäýmeseň, çaýyň bolman duranok – diýip jogap berýär. Mylly aga öz aýalynyň çaýyny içen wagty şagga derläp, hezil edýän ekeni. *** 26. XII. 88. O.Sähetgylyjow: – Dar görmese adam daralmaz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||