00:39 Gündelikde galanlar -24/ dowamy | |
6.XII.2001
Ýatlamalar
Täze kitabyň golýazmasy taýýar. Tipografiýada ýatyr. 20-25 million manat gerek. Şu gün Mele, Nazar Aýnazar, Ýagmyr dagy bolup, Çoganla daça bardyk. Ýolda Nazar Baýram Jütdi bilen bolan sene-mene barada gürrüň berdi. Ýarajyly bagşy Weli Kömek «Gökdepe mukamynyň» sazyna «Gurhan kimin ýar ýatyr munda, Gönübek ........ (ýadyma düşenok), Tar ýatyr munda» diýip, öz ýazan goşgusyna hiňlenýän eken. Bir gezek Nazar Baýram Jütdi we başga-da ýene birki sany adamy alyp, dagyň eteginde Weli Kömege aýdym aýtdyrypdyrlar. Şonda ol ýaňky aýdymy hem aýdypdyr. Baýram şonda eline kagyz-galam alyp, bagşydan şol goşgyny göçürip alypdyr. Şondan soň metbugatda Jütdiýewiň «Gökdepe mukamyna» öýkünme» atly goşgusy çykypdyr. Şo goşgyny menem okapdym. Goşgy duýga täsir edýär. Ýöne onuň Weli Kömege degişlidigini Nazardan ilkinji gezek eşitdim. Nazar: «Näme üçin sen iliň goşgusyny öz adyňa beripsiň?» diýip, Jütdiýewden soranda: «Onuňkyda kapiýa ýokdy ahyryn» diýip, başdansowma jogap beripdir. Nazar çydaman onuň ýüzüne sögüpdir. Taňryberdi Hojakgaýewden eşiden degişmelerimiň birnäçesini «Edebiýat we sungata» beripdim. Muny gazetiň orunbasary şahyr dostum Azat Rahmanow haýyş edipdi. Ertir şolar çykýar. Taňryberdi aga şu gün irden jaň edip aýtsam, begendi. Pahyr indi birnäçe wagtdan bäri öýde ýatyr. Iki gözem görenok. Batyl. Gaty mert adam. Ýeri gelende aýtsam, Azat Rahmanowyň goldawy uly. Gazetde birnäçe goşgular toplumy onuň tagallasy bilen çap edildi. Men oňa gaty minnetdar. Wah, şeýle adamlar, şeýle kärdeşler, şeýle galamdaşlar köpräk bolsady. Arman, olar gaty az. Azat türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda iň köp okaýany we iň sowatlysy. Üýtgeşik şahyr. Muny men onuň maňa kömek edýäni üçin aýdamok. Hakykatda şeýle! Nazar ýene bir zady gürrüň berdi: – Sahy Jepbar meni öz oglundanam gowy görýärdi. Çary Täçmämmedem şeýledi. Bir gezek Gökdepede Sahy aga maňa ýüzlenip: «Weli Kömegi getir» diýdi. Weli Ýarajyda ýaşaýar. Gidip getirdim. Uzak gije aýdym aýdyldy. Daňa ýakyn Sahy Jepbar buşukmak isledi. Men ony elimde göteridaş çykaryp, buşukdyryp getirdim. Şonda Sahy aga aglady. Oturanlaram birhili, menem birhili boldum. Soň Sahy aga şeýle diýdi: – Nazaryň meni göterip buşukdyrany üçin hapa bolamok. Başga bir waka ýadyma düşdi. Meň özümem halypam Hally bagşyny şeýdip buşukdyrypdym. Indem özüm bilenem şo waka gaýtalandy – diýdi. – Weli Kömek haçan ýogaldy – diýip sorasam, Nazar: «Geçen ýyl» diýdi. 22.12.2001 Düýn öýleden soň Bäherdeniň Ýarajy obasyna Nazar Aýnazar, Mele Badaýew üçimiz meniň maşynymda ýola düşdük. Ýagyş ýag¬ýar. Bardyk. Salgy alyp, Weli Kömegiň öýüni tapdyk. Daşarda ogly bilen gelni, agtyklary bar eken. Maşyndan düşdük, salamlaşdyk. Nazar maňa «aýat oka» diýdi. Men okadym. Aýat okap boldumam weli öýden eli hasaly bir ýaşuly çykdy. Nazar bilen gujaklaşdy. Geň-taň boldum. Görsem ol ýaşuly Weli Kömegiň özi eken. Bolsa-da bildirmedik. Aýaly öň ýogalan ekeni. Nazar «gelnejeme aýat okadyk» diýdi. Pes boýluja, hor adam, gep urşundan ozal köp-köp meýlisleri sowan. Dilewar. Neşeden habary bar. Goşguly depderini berdi. Men «Gökdepe mukamyna» ýanalyp aýdýan goşgusyny göçürip aldym. 36 bent eken. Kämil goşgy. Özüniňem ýedi klas bilimi bar eken. 1927-nji ýylda doglan, pasportynda 28 diýlipdir. Etrapda ilkinji traktorçylaryň biri. 1951-52 –nji ýyllarda Nohuryň bugdaýlyk ýerlerini sürüpdir. Könegümmeýde Mämmet aga diýen 112 ýaşly ýaşulyny diňläpdir. Kürt eken. «Eýranda, Owganystanda, Yrakda, Özbegistanda ýaşadyk» diýipdir. Kakasy 118 ýaşap ýogalypdyr. Gökdepe wakalaryny görüpdir. «Nurberdi han 1854-nji ýylda (1856-ny ýylam bolmagy ahmal – A.Ç.) Ahala han saýlananda Ýediagajyň düzünde toýda çapyksuwarlyk edipdim» diýip, gürrüň beripdir. Goşgusyny 1982-nji ýylda, Gökdepäniň 100 ýyllygy geçirilen döwürde ýazypdyr. GÖKDEPE MUKAMY Ýada salyp munda ýatan janlary, Jan alyp, jan beren jan ýatyr munda. Ýazyksyz ýazgarlan ýazyksyzlaryň, ýady ýatsyz ýanan ýan ýatyr munda. Aýry-aýry tutup bilmen atlaryn, Çohdur pälwanlarym, gerçek zatlarym, At tutup, ýat ediň ruhy matlary! Otsuz köýük bolan kül ýatyr munda. Gugaryp galypsyň, ötüp ýüz ýylyň, Syryňy açmadyň, lal gördüm diliň, Başyň göter, hany, däbiň-ferhediň?! Dessurly, dergähli il ýatyr munda. Toprak söýen ýatyr topragyn guçup, Bir soňa hoşal ol bar zatdan geçip, Tir tapman, ganyma gyrkylyk sanjyp, Gerdenin ýaý eden ýaý ýatyr munda. Watan üçin, yslam üçin, din üçin, Baş goýdular toprak üçin, il üçin, Namys üçin, ferhed üçin, müyn üçin, Ah, armanly köýen är ýatyr munda. Diýdiler: «Bolsady söweş başa-baş, Ýa bolmanda, – diýip – birimize bäş», Şapyşanlar läş üstüne serip läş, Il begi Nurberdi han ýatyr munda. Garagumda doglan Garagum gurdy, Ak işan pataly, bir dana nurdy, Durdugözel enäň gerçek zürýady, Gara batyr gara dag ýatyr munda. Dostlar, muny ýazýan taryhda görüp, Görenden-eşdenden soradym gezip. Türkmeniň täleýin gerdene alyp, Dykma serdar mydam bar ýatyr mundan. Gahryna bäs gelmän gany garalan, Azmyndan lerzandy azu-köp duşman, Ganymyndan ganym kimin ar alan Çopan batyr aždar – mar ýatyr munda. Wehimsiz batyrlyk – Hakdan ýeten paý, Dört ýalaňaç ata dört ýalaňaç – ta:ý. Hemzäniň leşgerin çapyp jaýba-jaý, Täç Gök serdar arslan nur ýatyr munda. Hemze ýatyr, Orazmämmet han ýatyr, Bahram ýatyr, Baýram ýatyr, bar ýatyr, Şahyr ýatyr, şa hem ýatyr, şir ýatyr, Gelen geçer, geçen gan ýatyr munda. Gözel heleý ogly ibn Ataly, Goşa paýmyş üleşikden ýeteni, Han hezrete jan pena diýip biteni, Bahadyr Ataly han ýatyr munda. Ol gerçek, goç ýigit batyr Ataly, Goç ýigidi gören etdi togaby, Ýow gününde han hezretniň diregi goç guzy Gurbanly war ýatyr munda. Keýmir kör zürýady gerçek Baýly han, Sap duran goşuna berip serenjam, Diýdi: «Ýüz jan alman, bermäň ýeke jan!» Gara dag gaýaly Zal ýatyr munda. Bedeni demirden, boýlary – çynar, Mertlik meýdanynda ärlerde çyn är. Mädemin kellesin çapyp, çekdi jar, Gowşut han tekeli är ýatyr munda. Üç är berdik, gaýdyp dogmaz eneden, Deň gelmez güýç bilen bu ters täleýden, Gara batyr, Berdi gazy, Gönübekden takdyry kyýamat ar ýatyr munda. Dokma keser bilen bir gyz – ýaş juwan, Ýedi esgerne jähennemlik berdi jan, Ýanaraldan serpaý alan ol zenan, Meýdi merde mekdep ýar ýatyr munda. Dariý şa çozanda türkmen üstüne, Tumar gyz ýeňipdi Garagum bile, Hytaý diwaryna sed Isgendere «Garagym» diýp, Tumar ýar ýatyr munda. Gazaba galanda Kelhan kepele, Gyljynyň zarbyndan gopdy zenzele, Taryhda görmedik kimsäni beýle, Ajala ýylgyryp, ýer ýatyr munda. Dört ärniň biridi ol Nury ýetim, Parçalap ganymyň titredip etin, Köpdi ene-atasyz hem başy bitin, Tebigy gerduny zor ýatyr munda. Görgürler gözgüsi Öwezbaý dogry, Misli Süleýmanyň asyf weziri, Danalar serweri dürdäne sözi, Jemşidiň jamy dek ser ýatyr munda. Tä kyýamat ady ýitmez jahandan, Guwanyp çalarlar çyn bilen jandan, Doýulmaz, dänilmez bu şirin sazdan, Mukamçy Gönübek hor ýatyr munda. Sak ýatyr galany basyp bagryna, Aýak diräp, gaýry ganat diwarna, Serweri ol hamy şumuň diýarna, Hezret Gurbanmyrat pir ýatyr munda. Juma namazynda ymam ser şonda, Kaza oky ýykyp namaz borjunda, Agla şehit ýatan guşluk burçunda, Zandy päk Hajy işan nur ýatyr munda. Haýsy dönük oýlap ýykdy galany, Golun daňyp, çagyrypdyr belany. Ýa şumuka takdyr bize ýazany?! Täleýi ters gelen il ýatyr munda. Bu pelek pyrlanýar, elinde çarhy, Mertmiň sen, namartmyň, ýok oňa parhy, Ýagşyga, ýamana bir – goýýan nyrhy, Bary bir şekilde gör ýatyr munda. Ne külpetler gördi türkmeniň başy, Çoh akdyryp gezdi ganly gözýaşy, Ahyry gülmezmi köp aglan kişi?! Ady dünýä belli il ýatyr munda. Niçe gerçek gitdi «gazy» at bile, Niçe ýesir gitdi dat-bidat bile, Niçe juwan ýitdi ýanyp ot bile, Owazy ahy-zar saz ýatyr munda. Gulagymdan gitmez seda-nalasy, Bu jebre laýykmy türkmen balasy?! Ýedi yklymda türk-türkmeniň barysy jem bolanda, onda kim ýatyr munda?! Agyr leşger tartyp geldi üstüne, Gara bagtlyk başyn alyp destine, Haramy hiç goşdurmadyk nesline, Namys üçin ölen il ýatyr munda. «Meýletin» diýip taryh ýazan ol biri, Ol kişi tanaman öli-dirini, Jahandan gorkup, «ak» diýip dur garany, Taryhy ters ýazlan il ýatyr munda. Aýdar Weli, muňa gelen dat eder, Müňün guma garar, birin şat eder, Akyl aglar, gerçeklerin ýat eder, Keýmir kör dikelden tug ýatyr munda. Ne-ha ýazyklydy, ne-de bergili, Ötmez güni şükür eden her kimi, Tilkiçiniň gören düýşnüň ýorgudy, Sedasy ahy-zar üýn ýatyr munda. Nazar Baýramyň eden işini ýatlady. Weli aga: – Aý, bolýa-la, Baýramdyr-da! – diýdi. Ol «Ilmyrat Pudagam bir görende bu hakda maňa aýtdy» diýdi. Baýramyň bu eden galat işinden köp adam habarly bolmaga çemeli. Ýeri gelende aýtsak, Weli Kömegiň bu goşgusy türkde çykan kitapda-da ýerleşdirilen eken. Nazar: – Şu depderi maňa ber. Kompýuterden geçireýin. Özüme-de bir ekzemplýar alaýyn diýdi: – Gaty görme, bi seň edaraňa ýakynlaşar ýaly zat däldir – diýdi. Gülüşdik. Ol Mylly aga, Pürli aga bilen tanyş. – Indi sazanda gutardy – diýdi. Bir gezek: – Hangeldi Annamyrat nähili bagşy? – diýip soradylar. Men: – Hökümediň oň ýaly bagşysam barmy? – diýdim. «Sesi buz ýaly„ diýdi. – Sahy Bäherdene gelse, meni tapman gidenokdy. Onuň aýdym aýdanda burnundan gan akan wagtynam gördük. 1952-nji ýyl. Bäherdende, ýanyndadym. Ol aýdym aýdanda «Şuňa bir zat bolmasyn. Ol bize gerek» – diýip, oňa bir zat bolaryndan gorkardym. Ömrüniň soňky döwründe harlananyny hem gördüm. Aşgabatda bir toýda dik durma bagşyny aýtdyrdylar. Sahy-da otyr. «Barmysyňam” diýmediler. Men ýoldaşyma ýuwaşja: «Bu ýer biziň ýerimiz däl. Basymrak saýlanaly» diýdim. Ýanymyzda oturan Sahy muny eşitdi. Biziň bilen bile gaýtdy. Ors bazarynda işleýän dükançy bir oglanyň (köşüli, Sapar) onuň gybatyny edip, halypany wejera edişini bir ýerde eşitdim. Oňa «Men indi seň ýüzüňi görmen» diýip gaýtdym. Ýagmyr Nurgeldi dagy birki günläp öýde ýatyp giderdi. Çalan sazymdan heň ýasardy. Her günüm hasratlarda geçýär – diýdi. Ýeke özi bir otagda. Ogluň-gelniň bolanda näme? «Saz çalyp ber diýsek», «Bolanok, barmaklarymyň hersi bir taýa seredýär» – diýdi. Dogrudanam şol barmaklar dutara erk edipdir diýseň, hiç kim ynanjak däl. Ýaşulyň ýanynda birki sagat oturyp, giçlik şähere gaýtdyk. Şo gün Meläň doglan güni. Gelsek, çagalary biynjalyk bolan ekeni. «Edebiýat we sungatda» rubagylarym çap edildi. Elbetde, Azat Rahmanowyň tagallasy bilen. Ýürekdeş dost. Çitkada öwüpdirler. 12.02.2002 Weli aga hakdaky we onuň «Gökdepe mukamy» goşgusynyň döreýşi baradaky ýazgymy çap etmäge «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Annamyrat Poladow rugsat bermändir. Ýogsam-da bolsa, Weli aganyň aýtmagyna görä, Annamyradyň asly Ýarajydan eken. Täze ýyl gijesi Gimnden soň, halk köp¬çüliginiň aýtmagynda «Serdaryň Ruhnamasy» atly aýdymymyzy radioda, telewideniýede eşitdirdiler, görkezdiler. Ähli häkimler, (etraplar, welaýatlar), ministrler, Kabinet ministriň başlygynyň orunbasarlary, ýerlerdäki guramalaryň başlyklary, din wekilleri we ş.m. bu aýdymy ellerinde Ruhnama kitaply aýtdylar. Aýdymyň sazy Ödenyýaz Nobatyň ogly Gurbanmyrat Nobatowyňky. Sözleri Allaýar Çüriýewiňki. Indi iki ýyldyr (üçünji müňýyllygyň başky iki ýyly) Täze ýyl gijesi Gimnden soň, biziň aýdymymyz bilen açylýar. Birinji ýyl «Alla birdir...» şeýdip aýdyldy. Bu türkmeniň taryhynda seýrek ýagdaý. 21.03.2002 Agşam sagat 8-den on bäş minut işlände Çoganlydaky daçadan öýe gaýdyp gelýän. Deňimden 31-91 nomerli daşary ýurt maşynly (hususy) geçip gitdi. Nämüçindir nomerini ýadymda saklapdyryn. Ýarym minut ýene-de 32-91 nomerli «Žiguli» maşyny (döwlet nomerli) geçip gitdi. Geň galdym. Nomerleriniň gabat gelşi meni geň galdyrdy. Birki günlükde-de daça barýarkam men 66-75 nomerli «Žiguli» maşynynyň deňinden geçip gitdim. Meniň maşynymyň («Žiguli») nomeri-de 66-73. 17.04.2002 ý. Martyň ahyrlarynda metbugat uprawleniýesiniň başlygynyň adyna hat ýazyp, ýene-de 16 million manat geçirjekdigimi, şo pula näçe ekzemplýar bolsa-da täze kitaby çykarmaga kömek bermegini soradym. Öňem 12,5 mln. manat geçiripdim. Hat ýazmagy neşirýatyň direktory Rejepmyrat Durdyýew maslahat berdi. Durdyýew birki hepdeden soň şo geçiriljek puluň azdygyny aýtdy. Ýogsam bu hakda onuň özi bilen ylalaşypdyk ahbetin! Adamlara näme diýip, näme aýtjagyňy biler ýaly däl. Kimiň kömek edip, kimiň böwet bolýanyna düşüner ýaly däl?! Şu gün irden Çoganlyda ýaşaýan ussanyň öýüne bardym. Maşyny köçede goýdum-da, öýe ýöneldim. 50-60 metrlikde ýerleşýän mekdebiň daşynda okuwçy gyzlar topar tutup durlar. Olar «Alla birdir, Watan birdir. halkymyň Serdary bir, Türkmen halky agzybirdir, polat ýaly mäkämdir...» diýen goşgy setirlerini hor bolup aýdýardylar. Munuň üçin begenmän durmadym. Bu setirler indi birnäçe wagtdan bäri gimn ýaly bolupdyr. Türkmen radiosynyň pozywnoýy edip hem şu aýdymyň sazyny alypdyrlar. 25.07.2002 ý. Irden «Edebiýat we sungata», Azat Rahmanowa (baş redaktoryň orunbasary) jaň edip salamlaşdym. Ýanynda Tagangül Taganowa bar ekeni. Onuň bilen birsalym gürleşdik. Soň «Türkmenistan» gazetine – Annaberdi Agabaýewe jaň etdim. Sesimden tanap, «Allaýar» diýdi. Saglygyndan zeýrendi «Işle¬ýäňmi?» diýdi. «Işlämok» diýsem, «Ýarym stawka işläýmeli eken» diýdi. Saglyk zerarly inwalid bolanymy, 180 müň manat alýandygymy aýtdym. «Başym aýlanýar. Gözüm garaňkyraýar. Şu gün medpunkta baryp, gan basyymy ölçetsem, 80/60 bolandygyny, öten agşam 170/80 bolandygyny aýtdy. “Ulag gerek bolsa< jaň edäý” diýsem, «Ulagyň barmy?» diýip sorady. «Hawa». Telefonymy ýazyp aldy: 39-16-12. Näme derman içýänligimi sorady. Soňky döwürde kän bir derman ulanmaýandygymy, bir ýyldan bäri daça ýerimde (Çoganlyda ) işleýändigimi, şondan bäri ýeňillik bolandygyny, wagty bolsa şo ýere äkitjekdigimi aýtdym. «Birki aýdan bäri içemok» diýdi. Käbiri «rezko goýma, arasynda içäý» diýýäler diýdi. «Ýoldaş tapsam o ýerlere-de aýlanyp gaýdaýarys» diýdi. Arassa aragyň azyk assosiasiýasyna degişli ýörite dükanlarda bolýandygyny hem ýatlatdy. «Jennet» bazarynda Hudaýberdi Diwangulyýewe duşdum. «Goşgularyňy okaýan. Bize-de getir» diýdi. Telewideniýäniň režissýory Hommat Kakajana hem gabat geldim. 9 klas bilimli oglan-gyzlary redaktor, režissýor, glawnyý redaktor edip işe alýandyklaryny, garry işgärleri bolsa kowjak bolýandyklaryny aýtdy. 26.07.2002 «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär sekretary Öwezmyrat Geldibaýewe jaň edip, goşgularym bilen gyzyklandym. Ol redaktoryň Dörtguly Balakaýewiň ýerine gidendiklerini aýtdy. Şu gün sagat 11-de çykarýandyklaryny aýtdy. Dörtguly aga onlarça ýyllar «Mugallymlar gazetiniň» baş redaktory bolup işledi. 6-7 günlükde Metbugat öýüniň ýanynda ony «mersedesli” gördüm. Menem maşynly. Baş atyp salamlaşdyk. Bir geň ýeri: 1994-nji ýylyň 23-nji iýunynda irden işe baramda Dompeçadyň zalyndan Dörtguly aga sehden çykyp gelýän eken. Men onuň bilen elleşdim. Şol wagtam kelläm birhili boldy-da, ýörejek boldum weli özümi oňaýsyz duýdum. Zordan basgançaga baryp, birsalym durdum. Gaty gorkdum. Aý, garaz, üçünji etaža çykyp, walerinka içdim, howsalaly. Köşeşip bilemok. Wera Alekseýewna Kuksowa – žurnalymyzyň jogapkär sekretary meni görüp, «Ýüzüň göm-gök-le» diýdi. Muňa hasam howsala düşdüm. «Pioner» žurnalynyň redaktory Azat Rahmanowa «Men-ä özüm gidip biljek däl, poliklinika ugratsana» diýdim. Öýde çagalaram ýokdy. Oba gidipdiler öýdýän. Anyk ýadymda ýok. Azat aşak düşürdi. Eger ýalňyşmasam, meni Dörtguly aganyň edara maşynyna mündürip, Minzdrawyň poliklinikasyna ugratdy. Men baş redaktoryň orunbasary hökmünde («Syýasy söhbetdeş» gazeti) şo ýerik berkidilendim. Şo günem bolnisa ýerleşdim. 30.07.2002 Düýn agşam telewideniýede demir ýollar gullugynyň başlygy Batyr Saryjaýewiň işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin işden boşadylýandygy aýdyldy. Şondan göni on ýyl mundan öň bolan bir waka ýadyma düşdi. Şol gün – 15-nji iýul güni, 1992-nji ýyl, Röwşeni (ol şo döwürde Proletar raýispolkomynyň söwda bölüminiň müdiri) çüýşe gapagyny bahanalap, milisiýa işgärleri ýygnapdyrlar. Gurnalandygy düşnüklidi. Muny özüniň gurnandygyny Batyr Saryjaýew (şo döwürde Aşgabat şäher ispolkomynyň başlygy) öz kabinetinde bir işgärine käýäp durka dilinden sypdyrypdyr. Muny özi hem duýup, ýüzi erbet gyzarypdyr. Şondan göni on ýyl on dört günden özüniň masgara edilip işden kowuljakdygyny Batyr bilýärdimikä?! Görýäňmi, ykbal oýnuny! 2.07.2002 Kakamyrat Ballyýew metbugat sekretarlygyndan boşadylyp, «Esgere» redaktor edilip bellendi. Ondan birküç gün öň Kakajan Aşyrow radio we telewideniýe kompaniýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. 03.11.14 Düýn Kakabaý Ylýas, Kakabaý Gurban dagy bilen Gurban Garajanyň gelin toýunyň sadakasyna göründik. Gündiz 12-den soň agşam sagat ýedilere çenli oturdyk. Gürrüňçiligiň bir ýerinde Kakabaý Ylýas «hiç kime aýdaýma» diýip, ölmezinden öň Osman Ödäýewiň öz öýüne gelendigini, onuň bilen gürrüňdeş bolandygyny aýtdy. (Osmanyň ýogalanyndan bäri entek aýam geçenok. Şo gün Tagangül Taganowa-da Daşhozuwdan gelýärke, awariýa bolup ýogalypdyr). Osman şeýle diýipdir: «Men Pylan Pylanyny köçeden ýygnap, žurnala bölüm müdiri edip goýdum (Osman «Garagum» žurnalynyň baş redaktorydy). Indi, doganyňy... (ýa-da haramzada, aý ,garaz, paýyş sögünen bolmaly), maňa ol indi salamam berenok» diýipdir. Işgär başlygyna salam berenok! Kakabaý «Şo wagt weranda-da Atajan Taganam otyrdy» diýdi. Bolup biläýjek zatlar. 05.11.14 Gurbanlygyň ilkinji güni Serdar bilen oba aýlanyp gaýdaly diýdik. Ýollar ýapyk diýdiler, aeroport tarapdan aýlawly ýola düşdük. Ýolda gaişnik saklap, köçe düzgünini bozmasak-da, yrsarady. «Gurbanlyk güni, goýberäý» diýdik. «Men gurbanlykda daş iýmelimi?» diýip, ýylgyrýar. Ýigrimi manat berdik. Onuň açyk pul sorap duranyna geň galmaly dälem weli, geň galdym. Pul bermek, pul almak düzgüne giren. Düýn maşyna täze münen işdeş ýoldaşlarymyzyň biri gürrüň berdi. – Maşyny durmaly däl ýerinde goýup, aeroportda gelmeli myhmana garaşyp otyryn. Gaişnik geldi. «500 manat ştraf ýazjak» diýdi. «Düşünişeli» diýemsoň, gaişnik köşeşdi. «Pul berjek, ýöne puly nädip bermeli?» diýip soradym. «Prawa bilen tehpasportyň arasyna salyp ber» diýdi. Aýdyşy ýalam etdim. Goýberdi – diýdi. 10.11.14 Şu gün sagat 3-de Mejlisiň başlygy Akja Täjiýewnanyň çagyrmagy boýunça onuň ýanynda boldum. Oktýabrýatlar, pionerler guramasyny döretmekçi bolýarlar. Olary nähili atlandyrmaly, kasamy nähili, şygary nähili bolmaly? Kömek etmegimi sorady. Men «Gurban Agalyýewden hem köp zatlary bilip bilersiňiz» diýip maslahat berdim. «Ýaşlar guramasynyň diňe ady bar, hiç zat geçirenoklar» diýdi. Men olaryň tejribesizligini aýtdym, ol goldady. R.S. Ýöne men şu gün işde bir zada geň galdym. Irden Çary bilen özara gürrüň etdik. Gyzlaram diňläp otyr. Çary özüniň bir garaşmaýan edarasyna çagyrylyşy hakda aýtdy. Menem Änewde ýaşaýarkam, goňşymyň ýamanlaýşy, daýylardan gelip, meni öz edaralaryna äkidişleri hakda gürrüň berdim-de, «Aý, hawa-da, öýlän näme boljagyň, hatda ýene bäş minutdan saňa näme garaşýandygyny näbiljek?” diýdim. Şondan birki minut geçendir-dä, Ejebaý (kadrlar bölümi) Çara jaň edip, meni telefona çagyrdy. Ejebaý: «Allaýar aga, sen şu gün 3-de Mejlisiň başlygy Akja Täjiýewnaň ýanyna barmaly» diýdi. Ine, saňa gerek bolsa. Galany ýokardaky ýaly. 14.11.14 Şu gün Atajan Tagan bir zat aýtdy: Garaşsyzlygyň ilkinji döwründe Atamyrat Atabaýew bilen Аmаnmуrat Вugаýew belent mertebeli adamyň ýanyna girenlerinde, Atamyrat aýdypdyr: “Öten agşam aýalymyň düýşüne Siz giripsiňiz...” Şonda belent mertebeli: «Hany, esasy gürrüňe geçeliň» diýip, gürrüňi başga tarapa sowupdyr. Atajana muny Вugаýеw gürrüň beripdir. «Atamyrad-a şeýtdi. Ynanmasaň, bar-da özünden sora» diýensoň, ol Atabaýewiň ýanyna baryp sorapdyr. «Düýşdür-dä, näme düýş görmeli dälmi?» diýen ýaly zat aýdansoň, Atajan «Аmanmyrat, men saňa az-owlak müňkürem boldum. Ýöne aýdanyň çyn ekeni» – diýipdir. R.S. Ýaňy Atajan Tagan jaň edip» agşam täzeliklerden soň bir gepleşik bar. Şoňa seredäý» – diýdi. Gepleşik özi hakynda bolmaly. Gepleşik şol agşam gitmedi. Ertesi berlipdir. Gepleşige gatnaşan Çary Kulyýewiň aýtmagyna görä, gepleşikde köp zatlar kesilipdir. 23.11.2014. Şu ýylyň 27-nji oktýabrynda Röwşeniň (inim Röwşen Çüriýew) guran mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Telewideniýede-de görkezdiler. Esengulyň Garaýap obasynda guran çagalar bagynyň ymaraty hem şo günlerde ulanylmaga berildi. Onam telewideniýede görkezdiler. Mekdep D.Ökdirowyň adyny göterýär. Açylyşynda onuň inisi Alyhan çykyş etmekçi bolup, özüni spisoga goşdurypdyr. Muny bilip, Röwşen welaýat häkiminiň orunbasaryna «Şol adam açylyşa gatnaşmasyn» diýýär. Näme sebäpdenligini ol şeýle düşündiripdir: Sebäbi ol öz agasynyň býustyna-da eýe çykmady. Ony aýranlarynda-da hiç kim gelmedi. Özüm býusty getirip, ýagyş-gar zaýalamaz ýaly, üstüne mata örtdüm. Indem býusty mekdebe getirmeli weli, doganlaryndan biri alada edenok. Şoň üçinem gelmesin, görünmesin». Welaýat onuň aýdanlary bilen ylalaşýar. Mundan öň Röwşeniň üstünden arza ýazylan bolmaly: gurluşyk gijikdirilýär, puluň nirä gideni belli däl diýen ýaly... Barlaýarlar. Barybir Röwşen erjellik bilen gurluşygy gutardy. Gurluşyga paýtagtdan ýeterlik goldaw berlipdir. Röwşen gürrüň berýär: etrap häkimi Ahmet gurluşygyň ştabynda planýorka geçirýär. Her gezegem meni ýerli-ýersiz ýere kötekleýär. Bir gezegem gaty gaharymy getirdi. Planýorka 7-de gutardy. Görsem, Ahmediň tualete tarap ylgap barýanyny gördüm. Ol tualeti özüm üçin gurdurypdym, gulpy bar. Bir açary hem Ahmetde. Tualete girdem welin, men buldozerçi Rahada tualeti ýykmagy buýurdym. Ol «Häkim bar onuň içinde» diýdi. Men «ýykmaly» diýdim. Ol buldozeriň gapagy bilen bir gezek uranda tualeti gyşartdy. Şo wagtam Öwez diýip işgärimiz ylgap gelip, iki elini daldalap, buldozeri saklatdy. Ol «Içinde häkim bar» diýýär. Rahadam «Aýryl öňünden» diýýär. Menem goňşy mellekden seredip durun.Boldy bir başagaýlyk. Ahmet hiç zat diýip bilmän, doňup galypdyr. Ol tualetden çykyp, bolýan ýerine – goňşy mekdebe gitdi. Şo ýerde ýoldaşyna «Röwşeniň işidir bi» diýipdir. *** Mekdebiň gurluşygynyň gijikdirilýänligi hakda maglumat ýe¬tensoň, kontrollygy güýçlendirmeli diýlipdir. Degişli ýolbaşçylara käýinç berlipdir. Bir hepdeden soň ministr, organ işgärleri, welaýat häkimi çozup gelip, razborka edipdirler. Gurluşyk ministri «Sen nämüçin muň ýaly ýerden gurluşyk ...... aldyňmy?» diýip sögünipdir. Ýany bilen bile gelen ýedi firmanyň ýolbaşçylary bolsa Aýyderä ýetiberenlerinde özleri üçin bähbitli däldigine düşünip, ministre haýyş edip, «Öňki işleýän firma işläbersin» diýipdirler. Ministr ýygnak geçirip, Röwşeniň üstüne gygyryp durka , onuň Akguş diýen iti gelip, Röwşeniň gapdalynda duruberipdir. Röwşen näçe aýyrjak bolup «git, hemme zat gowy» diýip ýalbarsa-da gitmändir. “ Soň men ony göterip, etrap howpsuzlygynyň başlygynyň ýanynda goýdum-da, «Şuňa esewan ediber» diýdim» diýip, Röwşen aýtdy. Ministr soň, öz telefon nomerini berip, «Günde üç gezek maňa hasabat berersiň. Beýlekileň hasabaty maňa gerek däl» diýip tabşyrypdyr. Düýnki gün Röwşeniň gurýan binýadynyň nähili ýagdaýdadygyny anyklajak bolup, köp ýeri sökdüren gulluklary hem Röwşene tabyn edipdir. Her gulluk pylança işçi getirer diýip berk tabşyrypdyr. Ol gidensoň şol gulluklar Röwşene ýalbaryp başlapdyrlar. Sebäbi ol işçi güýjüni getirmäge olara bir gün möhlet beren ekeni. «Hasabatyňda doly görkez. Biz üstüni ýetireris» diýipdirler. Röwşen olaryň özleri ýaly bolmandyr. Ýöne sökdüren ýerlerini olaryň özlerine bejerdipdir. Kerpiç çekdirdipdir. Soň şol gulluklaryň ýolbaşçylary utanyp, işden boşadylar» – diýip, Röwşen gürrüň berdi. Gurluşykda işlemek üçin dürli firmalardan 350 adam getiripdirler. 02.12.2014 Taryh ylymlarynyň doktory Amantagan Begjanow bir gezek Almaz Ýazberdi bilen oturanlarynda «Men 57 ýaşdan gorkýan» diýipdir. «Çünki biziň erkeklerimiz şo ýaşdan geçmeýär» diýip aýdan. Dogrudanam ol 57 ýaşynda aradan çykypdyr. Amantaganyň özi igdir bolmaly. Şahyr Kakabaý Ylýasyň çykany eken. Munuň şeýledigini onuň atdaşy Kakabaý Ylýas aýtdy. Amantagan sowatlydy. SK-da bölüm müdiri boldy. Aşgabat şäher ispolkomynyň başlygy. Nyýazow SK-da birinji bolandan soň, ol özüni Krasnowodskä ibermeklerini sorapdyr. Ol bu ýerde peduçilişäniň direktory bolup işledi. Çünki ol ispolkom bolup işlände Nyýazow hem gorkomyň birinjisi eken. Belki-de, ol muny özleriniň bir ýerde mäşleriniň bişişmejekdigine göz ýetirip edendir. 04.12.2014 Düýn žurnalist Hojamyrat Goçmyrat bilen telefonda gürleşdik. Uniwersitetde halk döredijiliginden sapak berýär. “Häzirki ýazyjy-şahyrlardan kimi tanaýaňyz? – diýip, studentler soraýar, menem: “Allaýar Çüriýewi tanaýan. Ol Çoganlyda ýaşaýar. Öz maşyny bar. Öýe barýarka, ýolda kellesine gabat gelen goşgy setirlerini maşyny saklap ýazýar. Aý, garaz öýüne barýança ýolda maşyny üç-dört ýerde saklap, goşgusyny şeýle döredýär diýip aýdýan» diýdi. – Studentler şahyryň döredijiliginden şunuň ýaly pursatlary diňlemegi gowy görýärler – diýip, ol aýtdy. *** Röwşeniň şofýory gürrüň berdi: agşamara köçeden ýöräp gelýärdim weli, Şalyk Mätiniň agtygy öňümden çykdy. Metjitde agşam namazyny okap gelýän eken. Ýüzi salyk. «Näme boldy?» diýsem, şuny aýtdy:oňa obada hudaýýoly bardygyny, metjitdäkilere habar bermegini sargapdyrlar. Olam metjide gelip, namaz okanlaryndan soň bu habary aýdypdyr weli, metjitdäki oturanlaryň biri, has takygy, Seýitmuhammet diýilýäni «Sen muny bize nämüçin namazdan öň aýtmadyň» diýip, gaty käýäpdir we ony «Metjide indi geläýme» diýip, kowup goýberipdir. Men ony diňledim-de, oňa «Sen 10-15 minut şu ýerde garaş» diýip, obadaky organ işgärine jaň edip, wakany gürrüň berdim weli, olam «hop, ýagşy» diýdi. Ertesi Seýitmuhammedi etrap merkezine äkitdiler. O ýerde onuň sakgalyny syrjak bolupdyrlar, aý, garaz-haý, «sylagyny» ýetiripdirler. Bir günden soň ýaňky metjitden kowlan oglany «namaza dur» diýip, metjitdäkileriň özleri çagyryp getirip¬dirler. Aý, näme, «Her döwür – bir döwür» bolýan ekeni. *** Ýene-de Merediň gürrüňinden: – Obamyzda akly kemräk bir oglana bir ýerden aýal tapyp getirip öýerdiler. Bu gelniň obadaşymyzyň ogly bilen ady çykyp başlady. Menem ol gelniň ärine ýüregim awap, ýaňky haram iş edýän oglanyň kakasyna duýduryş bersem, «Oglum, muň ýaly iş etmez» diýdi. Günlerde bir gün onuň ogluny şol gelin bilen tutupdyrlar. Arçyny çagyrdylar. Arçynam meseläni adalatly çözenok. Menem aldym-da, ony gowy edip ýençdim. Ertesi meni raýona, milisiýa äkitdiler. Maşyna münemde elimdäki telefondan goňşy obada ýaşaýan (zaprawkanyň eýesi) Atabally aga jaň edip: «Men arçyny urdum. Indem meni äkidýärler» diýsem, «Oňarypsyň. Milisiýanyň naçalnigine «Atabally ur» diýdi, menem urdum diýip aýt» diýdi. – Milisiýanyň naçalnigini men hökman görmeli. Görmesem bolanok – diýemsoň, o ýerik baranlarynda, meni onuň öz huzuryna saldylar. «Agyr iş edipsiň. Ýyl keserler» diýdi. Menem Ataballyň aýdan zadyny aýtsam, «Be, seni goýberibem bolmaýar. Nätsekkäk? Sen onda 10 gün Aşgabada git-de, hiç ýerde görünme. 10 günden soň arkaýyn oba baryber» diýdi. Menem aýdyşy ýaly etdim. Oba baramda ýaňky arçyn meni görüp, ýüzüni aşak sallady. Atabally bilen arçynyň arasy ýok. Ataballyň ýek ýigrenýäni bolsa şol adam. Ataballyň sözi raýonda gowy geçýär. 14.12.2014. Düýn (şenbe güni) uniwersitetde Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýa geçirildi. Daşary ýurt alymdyr döredijilik işgärlerine Magtymguly medaly gowşuryldy. Medal gowşurylanlaryň arasynda ukrain şahyry Pawlo Mowçan, rus şahyry Iwan Golubniçiý we başgalar bar. Gyzylgül Hakberdiýewna Golubniçiny meniň bilen tanyşdyrdy: «Allaýar Çüriýew, biziň şahyrymyz» diýdi. Magtymgulyny gruzin diline terjime eden adamyň (adyny bilemok) çykyşy ýatda galyjy boldy. Ony zordan tribunadan düşürdiler, gepläp durka balagy aşak gaçdy, jalbary ýere gaçmanka tutup ýetişdi. Konferensiýa öýlän Ylymlar akademiýasynyň uly zalynda dowam etdi. Gruzin ýaşulusy şoňa-da gelen eken. Içgilidigi görnüp dur. Ýaponyýadan geleniň hem keýpi gowy. Gowja ýetipdir. Olam: «Men öň Magtymgulynyň adyny eşidemokdym. Bäş ýyl mundan öň maňa terjime etmeli diýip tabşyranlaryndan soň, ony tanap başladym. Indi bu günki gün bütin Ýaponiýa Magtymgulyny tanaýar» diýip aýtdy. 20.12.2014 Gorjowly Çary ahunyň okadan iň soňky sopusy Atda ahun. Ol Babarapda ýaşapdyr. Gurban hoja 16 ýaşyndan şoňa pyýada gatnapdyr. Hepdäniň ikinji we altynjy günleri Gurbanyň ahundan sapak alýan günleri eken. Ahunyň bir ogly bolup,olam ýogalypdyr. Babarabyň bäri başyn¬da nebereleri ýaşaýan bolmaly. Ahun ýedi ýaşly oglanyň okaýan zadyny türkmençe düşündirýän eken. Gurban hoja iki ýyl dokuz aý Babaraba pyýada gatnapdyr. «Jübimde-de bir manadam ýok.» Şony bilibem ahun her gezek keçäň aşagyndan çykaryp, oňa bir ýa üç manat berýän ekeni. Gurban hoja Orazly ahuny görüpdir. Orazly ahun Hojahmet ahunyň hakyky daýysy bolmaly. «Ol 96 ýaşynda ýogaldy. Onuň ýasyna gatnaşdym» diýdi. Gurban hoja ahuny Hojahmediň öýüne baranda görüpdir. Ýolda barýarka Hojahmet ahuna sataşypdyr. «Häzir men gelýän, öýde daýym bilen salamlaş. «Nireden geldiň?» diýip sorasa, «Hindistandan geldim» diýip aýt» diýip tabşyrypdyr. Ahun «Nireden geldiň?» diýip sorasa, Gurban hoja hem tabşyrylyşy ýaly, «Hindistandan» diýip jogap beripdir. Orazly ahun muňa begenip, ýaş oglany gowy garşylapdyr. «Wah, seniň bilen birazajyk irräk tanyşsak, men saňa ylym öwrederdim» diýipdir. Orazly ahunyň nebereleri bolmaly. Gurban hoja aşgabatly Berdimyrat ahunyň elinde-de okapdyr. Ahunyň bir ogly bar eken. Ol ýogalypdyr. Berdimyrat ahun hakda Meretden eşiden gürrüňim: Garaşsyzlygyň başlarynda Nyýazow ony ýanyna çagyryp, gürrüňdeş bolupdyr. Gürrüňiň ahyrynda ol ahuna täze ýeňil maşynyň açaryny uzadanda, ahun açary almandyr. «Çagalar müner» diýse, ahun «Maşyny çagalaryň özleri gazansyn» diýip, sypaýyçylyk edipdir. Ahunyň peýmanasy dolanda, ony iň soňky ýoluna ugratmak üçin gaty köp adam gatnaşypdyr diýýärler. Respublikan gurluşyk trestine köp wagtlap ýolbaşçylyk eden Aşyr Öwezow Berdimyrat ahunyň başda öz trestlerinde ýönekeý işçi bolup işländigini, ýönekeý we adalatly adam bolandygyny aýdypdy. 24.12.14 Şu gün günortan kärdeşim, ýazyjy Şirin Gurbanowanyň insult bolandygyny eşitdik («Tiz kömek» hassahanasynda ýatyrka).Ony öýüne getiripdirler. «Görseňiz, baryp gaýdyň, obasyna äkidýärler» diýip aýtdylar. Şirin 5-10 günden bäri öýünde ýaraman ýatyrdy. Soňky gezek men onuň bilen telefonda gepleşdim. 19-na alymlar geňeşi boldy. Ol meniň işimiň synçysydy. Özi gatnaşmasa-da işi okap, gowy syn beren eken. Şonuň üçin men oňa, geňeş gutaran badyna jaň edip, sag bolsun aýdypdym. * * * «Türkmenistan» gazetiniň 1998-nji ýylyň 26-njy maý sanyndan: «Kürre tozany» Durdymuhammet, seniň «Kürre tozanyň» sebäp bolan bolaýmagy-da mümkin, täze goşgy ýazdym-da, sözümi şol goşgy bilen tamamlamak isleýärin. Dogaýy sözlerim nama düşende, Araz çaýy ýaly, gadym çaýdyryn. Türkmeniň bähbidi ara düşende, Bitarap ýurdumda tarapgöýdürin! Watany arassa, ýurdum arassa, Şu toprakda menem birje paýdyryn. Biri Türkmenbaşa gyýa seretse Boýun alýan: örän tarapgöýdürin! Baharyň – ýüpekden, mahmaldyr – şemal, Adym Baýram, luw ýylymda maýdyryn, Topragma tüýkürjek bolsa bikemal, Ot ýaly ýandyrýan tarapgöýdürin! Pederlere dil ýetirse bir gende, Göroglynyň gollarynda ýaýdyryn. Ölimem, dirimem şundadyr-şunda, Türkmenem, namysjaň tarapgöýdürin! Türkmenbaşy bilen birçak birleşip, Onuň gözel ymmatynda baýdyryn. Ata ýurduň gursagynda ýerleşip – Halal haky üçin tarapgöýdürin! Baýram JÜTDIÝEW. Tarapgöýlük – gowy zat däldir. Ýöne ata Watanyň topragyna, Serdaryň ynsanperwer ýüregine bir bikemal tüýkürip durka, Bitarap bolman durmak hatarly zatdyr. 14.01.2014 O gün Büzmeýinde otyrkak, Allaberdi aga Nazarowdan ýaşyny sorasam «Segsen» diýdi. Onuň oglanlyk ýyllary horlukly geçipdir. 1937-nji ýylda kakasyny türmä basypdyrlar. Ejesi ýogalyp, ýetim galypdyrlar. Agasy Allanazar Towunyň öýünde bolmaly bolupdyrlar. Allanazar aga öz çagalaryny hem, ýetimleri hem rehimsizlik bilen urýan eken. Başaşak asyp goýýan eken. Bir gezek Allaberdi alty-ýedi at bilen döwek döwüpdir. Agşamara-da mallara ot ýygmagy tabşyrypdyr. Dogany Esenem şo gün öňki taýýarlanan bugdaýlary eşekli Garrygala äkidip gelipdir. Oňa-da ot ýygmagy tabşyrýar. Olaryň hersi Allanazar aganyň aýdan ýerlerinden ot ýygyp otyrkalar, şo wagtam kolhozyň başlygy Handöwlet Myratgeldi atly olaryň üstünden gelipdir. Kolhozyň ýerinden ot ýygýandygy üçin kolhozyň başlygy Eseni gamçy bilen urup başlapdyr. Soň atynyň ýüzüni Allaberdä tarap öwrüpdir. Allaberdi gaçmaga ýetişipdir. Simli haýatdan aşýar. Başlygam atyny simden bökdürip geçýär. Allaberdi simden yzyna bökýär. Atlam onuň yzyndan. Aý, garaz, olar alty-ýedi gezek bökdüm-gaçdym edýärler. Ertesi Allanazar aganyň öýüne Leýla kürt gelipdir. Suwly ýabyň başynda geýim-gejim ýuwup oturan Leýlanyň ýanynda Allanazar aga Eseniň kellesini ojakda ýanyp duran kerkaw oduna sokupdyr. Allaberdini hem dar ýasap, aýagynyň aşagyna-da ýeter-ýetmez edip, otly haltany goýupdyr. «Bogulyp ölmegime sekund galdy, gelip boýnumdan ýüpi aýyrmaga ýetişdiler» diýip gürrüň berdi. Allanazar aga bu sahnany Leýla kürtüň görüp, ony oba ýaýratmagyny, kolhoz başlygynyň gulagyna ýetmegi üçin edipdir. «Allanazar kolhoz meýdanyndan ot ýygandyklary üçin öz ýetimlerine temmi berenmiş» manysynda. Bir gezegem onuň melleginde gonagy (dary – A.Ç.) ýekeläp otyrka, eli taýakly Allanazar aga duýdansyz gelip, oglanyň arkasyna güýjüniň ýetdiginden urupdyr. Oglan towlanýar-da, özünden gidýär. 5-10 minutdan özüne gelip, «Awam, meni näme üçin urduň?» diýip sorasa, «gonak orduň» diýipdir. Ýogsam ýekeje düýp orulan gonak ýokdy. Oglan ýerinden turup, Allanazar aganyň aýaly Ogulbaýramyň (Allaberdi şu ýerde ol aýalyň adynam tutman, «Begnazaryň ejesiniň ýanyna» diýdi – A.Ç.) ýanyna baryp, «Maňa indiden beýläk çörek bermäň. Men detdoma gitjek» diýipdir. – Allanazar aganyň öz ogly Kakany urşuny bir görsediň. Agyla salyp urdy. Nämüçin urýar? «Sogan iýeňok» diýip ýençýär. Allaberdiniň Enegyz diýip aýal dogany bardy. Bir bolgusyz zat üçin Allanazar aga ýaşajyk gyzyň satanyny jaýrypdyr. Ol pahyr ölinçe ýöräp bilmän, oturymly boldy. Men ol aýaly görüpdim. Allanazar Towynyň ýörgünli ady obada Eýzenhaurdy. Onuň ogullarynyň hersi bir okuwly adamlar bolup ýetişdi. Nury Allanazar – ýolbaşçy işlerde boldy.Kaka Allanazar (Towy) obada ýolbaşçylaryň biri boldy. Nazar häzir mugallym. Aýatda. Kakasy ýaş wagty onam gaty urýan eken. Şanazar şäherde çişlik bişirýärdi. Gyzyl ýaly adamdy. Tarpa-taýyn ýogaldy. Bularyň ejesi ir wagt ölüpdir öýdýän. Ölmese-de, soňky alan Ogulbaýram atly aýaly öz daýzasynyň üstüne barypdyr diýip gürrüň edýärdiler. Allanazar aga 90 näçe ýaşady. Ýaşynyň soňunda onuň huşy gider-geler boldy. Şo ýagdaýda men ony birnäçe sapar görüpdim. – Ellinji ýyllarda men selhozinstitutda studentkäm, ellinji ýyllaryň ahyrlaram bolmagy mümkin, meniň ýanyma Döwletsähet Durdyhanow bilen bir ýaşuly adam geldi. Döwletsähet aga biziň garyndaşymyz. Raýon ýolbaşçy işde işleýärdi. Ýanyndaky ýaşulyny tanatdy. Ol Garrygala raýkomynyň birinji sekretary Nowruz Dusaýew (gazak adamy – A.Ç.) eken. Nowruz aga selhoza girjek bolýamy ýa giripdir, ekzamenlerini tabşyrjak. Menden ony ekzamenden geçer ýaly taýýarlamagy haýyş etdi. Men ony birküç ekzamenden geçer ýaly taýýarladym. Şonda bir gezek Nowruz aga menden «näme haýyşyň bar?» – diýip sorady. Men oňa obadaky agam Allanazara kömek bermegini, onuň şu wagt işsiz öýde ýatandygyny, maşgalasynyň uludygyny haýyş etdim. Şondan kän salym geçmänke, agamy obanyň ferma müdirligine bellediler – diýip, Allaberdi aýtdy. Allaberdi selhozy tamamlansoň, ökde seleksioner boldy diýse¬ňem ýalňyşman. Sebäbi ol bütin ömrüni Garrygala pitomniginde işläp geçirdi. Onuň ýetişdiren dürli-dürli nahallarynyň äkidilmedik ýeri ýokdur diýip hasap edýän. 21.01.2015 Gurbanmyradyň (Nobat bagşynyň agtygy, Ödeniýaz Nobatowyň ogly) gürrüň bermegine görä, Amansaçly bagşy saryk ýegeni bolmaly. Amansaçlyň kakasy Amansähet baýyň (Nobat bagşyň kakasy) talabany bolan. Baý tarapynyň gyzyny alyp gaçan. Yzlaryndan ýetip, ony öldürtjek bolanlarynda Amansähet baý gyzyň özüniň razylygy bilen gaçandygyny ýa-da gaçmandygyny sorapdyr. Gyz ýigidi halap, öz razylygy bilen gaçandygyny aýdansoň, baý «Degmäň bulara» diýipdir. Olara ýene bir at berip, «öwrülip şu topraga dolansaňyz, özüňizden görüň!» diýipdir. Şolardanam Amansaçly doglupyr. Amansaçly oglanka ýetim galypdyr. Oňa sereden ýene Nobat bagşy bolupdyr. «Akgam (Ödenyýaz- A.Ç) Amansaçlyny babasynyň sözi üçin hiç haçan goldan däldir» diýip, Gurbanmyrat aýtdy. Nobat bagşyny 1937-de basýarlar. Onuň bilen inisi Bäşimi hem (ol 1910-njy ýylda doglan eken) ýygnapdyrlar. Olam şo ýerde wepat bolan. Nobat bagşynyň aýalynyň adyna Jumasoltan diýýän ekenler. Jumasoltan 1989-njy ýylda 87 ýaşynyň içinde ýogalypdyr. Ödenyýaz 9 ýaşlaryndaka aýdym aýdyp, märekäniň öňüne çykypdyr. Bir bäsleşikde ýeňiji bolupdyr. Ertesi «Sen halk duşma¬nynyň ogly» diýip, elinden baýragyny alypdyrlar. Ödenyýaz oglanka 9 aýlap Aşgabatda okapdyr. 9 aýdan soň oba gelýär. Ejesi kolhoz meýdanynda işde eken. Başlykdan rugsat alyp, ejeli-ogul oba gaýdýarlar. Eşegiň üstünde çagajyk ejesine gysmyljyrap «Wah, ene, men seniň ysyňa zar boldum-a. Meni indi yzyma goýberme» diýip ýalbarypdyr. Soň gürrüň berse, ol Sahy Jepbarlarda bolup, okuwam ýok, zadam ýok, diňe öýde hyzmatçy bolupdyr. Sahy aganyň ogly Soltan bolsa, oňa ýamanlyk edip, gije ýatanlarynda Ödenyýazyň düşegine suw guýýan eken. Garaz, horluk baryny görüpdir. Bu zatlary eşiden ene ogluny yzyna goýbermändir. Aşgabatdan näçe telegramma gelipdir. Şonda-da ibermändir. Bir gezek raýkomyň birinji sekretary Jumadurdy Garaýew bilen kolhoz başlygy Hümmetguly agşamara atly köçeden gidip barýarkalar, dutarda sazyň sesini eşidip, birsalym aýak atyny çekipdirler. Görseler, Jumasoltan ogly Ödenyýaza «o ýerini şeýdip aýt, bu ýerde şeýle çek» diýip öwredýän eken. Muny görüp, olar Ödenyýaza azar bermändirler. Ýöne Ödenyýaz Aşgabatda bolanda saz çalmagy gowy öwrenipdir. Muny onuň özem aýdýan eken. Ödenyýaz Nobatowy Türkmenistanyň dürli döwürlerinde dürli ýolbaşçy adamlar höwes edip, ony azajyk üýşmeleňde diňläpdirler. Şaja Batyr, Suhan Babaýew, Balyş Öwez, Gapurow we ýene, ýe¬neler... Ol elmydama märekäni küýsäpdir. Ömrüniň soňky döwürleri onuň öňküleri ýaly märekesi bolmandyr. Dogrudanam soňky döwür ýaşuly bagşy-sazandalaryň konserti guralmandy. Telewideniýede halk aýdym-sazlary telim ýyllap gadagan edildi. Şu we şuňa meňzeş bolgusyz hokgalar Ödenyýaz bagşynyň, diňe onuňam däl, şoňa meňzeş dörediji adamlaryň ömrüni gysgaltdy. Ýogsam, bagşy 76 ýaşynda-da daýawdy. Ýüregini barlan doktorlar, onuň 30-35 ýaşdaky ýigidiň ýüregi ýalydygyny nygtapdyrlar. Ýöne weli onuň süýji keseli bar eken. Şo kesel hem ony horlapdyr. Süýji keseliniň bir sebäbi hem lapykeçlikdir. Ýogsam Gurbanmyrat oňa Aşgabatda özbaşyna öý satyn alyp berip, hyzmat edýän adam hem tutupdyr. Halypa şonda: «Ýok, ogul, men bärde ýaşap bilmen» diýipdir. Jumasoltan Nobat bagşydan birki ýaş kiçi eken. Bagşynyň kakasy Amansähet baý adam bolupdyr. Şumatky Tagtabazaryň 1-nji orta mekdebi bilen keselhananyň duran ýerinde Amansähediň kerwensaraýy bolupdyr. Kerwensaraýyň ortasynda uly terezi hem bar eken. Ol söwdagär ermeniler, azerbaýjanlar bilen gaty ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Nobat çagalykdan şolardan tikinçilik, biçimçilik hünärini hem ele alypdyr. Ol özüne köýnek, balak, penjek, don we gaýry zatlar biçip, tikip bilýän eken. Kemençäni hem şolardan öwrenipdir. Kawkazlylara mahsus saz gurallarynda saz çalmaga ökdeläpdir. 24.01.2015 Şu gije düýşüme atam Çary Baly bilen lokga enem Nowbahar giripdir. Bular meniň köpden bäri düýşüme girenokdylar. 28.01.2015 Dostumyz Wiktor Georgiýewiç Zaýsew ýogalypdyr. Bu şum habary maňa inim Meret günortanlar Serdarlarda otyrkam jaň edip aýtdy. Iş wagty, düýn Wiktoryň ýürek agyrysy tutupdyr. Nyýazow keselhanasyna jaň edip aýdanda «Gel, serederis» diýipdirler. Edaradan çykyp, personal maşynyna münende-de şo ýerde jan beripdir. Häzir onuň jesedi morgda bolmaly. Ejesi arada bolnisadan çykdy. 85 ýaşlarynda bolmaly. Bir ýegeni, Nebitdagda ýaşaýan bir aýal dogany bar ekeni. Başga hossarlary ýok. Meret «Men şumat Wiktoryň öýünde, redaksiýadan ýoldaşlary geldi, näme etmelidigini olara maslahat berdim» – diýdi. «Men baraýyn diýsem, «ýok, oturyber» diýdi. Gaty gynandym. Ertir jaýlanmaly güni. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, dost! Wiktor Kompartiýa döwründe Meret bilen bile işlediler. Dempartiýada-da şeýle boldy. Birki ýyldan bäri «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory bolup işleýärdi. Birinji gün, ýagny birki günlükde, 26-syna ýanyna barsam, sekretarşasy onuň dynç alyş otagynda ýatandygyny, uzak gije ýatmandygyny habar berdi. Men ol aýal bilen 5-10 minut gürleşdim. Soň materialymy onuň jogapkär sekretary Tahyra goýup gaýtdym. «Gowşuraryn» diýdi. Şu gün «Türkmenistan» gazetiniň işgäri Aýjemal Omarowa «Maslahatlaşjak zadym bar. Gelip bilmezmiň?» diýensoň, redaksiýa baryp gaýtdym. Ýöne Wiktoryň ýanyna sowuljagam boldum, sowulmadym. Sowulsam, o wagt Wiktor morgda ýatan. Häzir öýe geldim. Nohurlylaryň ýörgünli nahary – mesdowany taýýarlap otyryn. Birden kelläme 2011-iň 31-nji ýanwary -- işden soň mesdowa nähili bişirmeli diýip, inimiň maşgalasyna jaň edemde, ol «Oguldurdy ýeňňemi bolnisadan şumat getirdik. Öýe gelensoň “Howa ýetenok» diýdi. Men muny eşidip, gyssanmaç ejemiň ýanyna bardym. Demiňi gowulaýan ukol edipdirler. Olam dawleniýesini gaçyrypdyr. Giç. Gözümiziň alnynda jan berdi. Ýaňy mesdowa bişirip otyryn weli şo ýadyma düşýär. 31-ne Baýjan ejemiň ýylyny geçirýär. 29.01.2015 Sagat 12-de Wiktor bilen hoşlaşdyk. 87 ýaşly ejesi gözýaş döküp aglaýar. «Birje gezek gözüňi açaýsana» diýip ýalbarýar. Öz işleýän redaksiýasynyň işgärleri, öňki partiýadaş ýoldaşlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hoşlaşyga gelipdirler. Gazetiň öňki redaktory Gubanow bilen gürleşip durduk. Biktoryň işleýän wezipesi uly bolsa-da, ejesi bilen bir otagda ýaşaýan eken. Salyhatly, arassa oglandy. 63 ýaşynda eken. Hökümet tarapyndan resmi adamlar hoşlaşmaga gatnaşmadylar. Şu günki gazetde onuň ýogalanlygy hakda hiç hili habar çap edilmedi. Hoş, eziz dostumyz, Wiktor. Jennetden jaýyň bolsun! (Ol binowa ötdi). Ol inimiz bilen bile partiýa apparatynda işlediler. Ikisi dostdy. Meret düýnden bäri Wiktoryň ejesiniň ýanynda boldy. Onuň jaýlanmagyna guramaçylyk edenem Meret. Başga onuň hossary ýok. Aýal dogany Nebitdagda ýaşaýar. Bir ýegeni bar. Olaram dereksiz. Ýaňy Azat Rahman jaň etdi. «Ahmet Gurbannepes ýogalypdyr. Ertir irden 10-da çykarýarlar» diýdi, oňa Atamyrat Atabaýew jaň edip aýdypdyr. «Atamyrat diňe şuň ýaly zatda jaň edýär. Şol jaň etse, gorkuberýän» diýip, Azat aýtdy. 31.01.15 Düýn Ahmet Gurbannepes bilen hoşlaşdyk. 72 ýaşynda eken. Iki gezek insult bolan. Şo ýerde Derýa Baýramgulyýewi gördüm. Horlanypdyr. Elde hasasy. Tanar ýaly däl. Atajan Tagan, Kakajan Açylow, Aşyr Mämili, Hudaýberdi Diwanguly... Ahmediň daýysy bar eken. Onuň bilen görüşdim. “ Sözlük düzdüm” diýýär. Ady Gurt Meleje. Köp ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi bilen gyzyklanýan eken. Şol sanda meniňem, «Uruş weteranlaryndan» setirleri aýtdy. Düýnki «Neýtralnyda» Zaýsewiň nekrology berlipdir. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti 27-nji ýanwar günem, 28-nji ýanwar günem onuň baş redaktory Zaýsewiň (şo döwürde morgda ýatan Zaýsewiň) goly bilen çykdy. Ölen güni oňa Ministrler Kabinetiniň orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa Maryda geçirilýän medeni çäre gatnaşmalydygyny aýdypdyr. Zaýsew «Ýüregim gaty agyrýar. Doktora görünmesem boljak däl» diýende ol «Hökman gatnaşmaly» diýip jogap beripdir. Öýlän sagat altyda doktora görünmäge ugrajak wagty, maşynyna münende-de birden jan beripdir. 05.02.2015 1991-nji ýylda Türkmen radiosynda işleýärkäm, bir gezek ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow jaň edipdi hemem «Türkmensiň» atly aýdymynyň radionyň fondunda saklanyp galanlygyny ýa-da galmanlygyny bilmegi haýyş etdi. Men onuň haýyşy bilen fondda işleýän redaktorlardan (baş redaktoryň orunbasary Ýusup Berdiýewe) bu hakda sorasam, onuň ýoklugyny aýtdylar. Aýdymy bagyrly bagşy Orazgulyýewmi ýa-da Orazgulymy aýdýar eken. Ol bagşynyň aýdan başga aýdymlaryny diňläp görüpdim. 80-nji ýyllaryň ahyryndaky üýtgedip gurmak diýilýän döwre çenli sesini çykarman gelen şahyr, wagty gelendir-dä, diýip aýdymyň ugruna çykdygy eken. Men oňa derek bagşy Döwletgeldi Ökdürowyň aýdymlarynyň kasetasyny berdim. Ýaşulynyň özi gelip alyp gitdi. Şonda ol 10 gün radiokomitetiň başlygy bolup işländigini hem aýdypdy. Bu 1949-njy ýylda bolmaly. Golaýda «Garagum» žurnalynyň 1-nji sanynda (2015-nji ýylyň) Gurbandurdy aganyň gözläp ýören aýdymynyň sözlerini çap edipdirler. Aýdymyň sazyny Pürli Saryýew ýazan eken. Goşgy üçin Gurbandurdy aga ellinji ýyllaryň başlarynda gaty yzarlanypdyr. Ýazyjy şu wagta çenli gorkuly gezen bolmaly. Gözüniň ody alnypdyr. Ýaňky goşgyny men şu ýerde ulansam diýýän. Goşguda çekelär ýaly hiç zat ýok. Her döwür, bir döwür-dä. TÜRKMENSIŇ Sazy Pürli Saryýewiňki. Sözleri Gurbandurdy Gurbansähedowyňky. Taryhyň bar, halkym, taryh eýläýin, Sary Ýaýyň kirşin çeken türkmensiň. Hakyň bar, haklysyň, adyň toýlaýyn, Gyrat bilen jülge söken türkmensiň. Her ýigidiň taýdyr ýüz müň duşmana, Il haky üçin olar dözýärler jana. Her kes gadam goýsa bu hanymana, At üstünde başyn kakan türkmensiň. Seňkidir ol mertler – Ýusup, Görogly, Göroglyň taýy bar müň murty towly, Hak işdir maksadyň, hakyňky şowly, Hak göreşde mydam ýykan türkmensiň. Söweşde ýeňmeklik saňa adatdyr, Duşmana baş egmek, taryhy ýatdyr, Dabaraňa köşgüm müň top atanda, Şöhrat tugun her ýan diken türkmensiň. Owazyň seň gelýär gat-gat uzakdan, Söweş bilen sen gutuldyň duzakdan, Doganyň bar özbek, rus, gazakdan, Gül bakjaňa ýeňiş eken türkmensiň. («Garagum» žurnaly, №1, 2015, çapa taýýarlan Çaryýar Jumaýew). Çaryýaryň aýdyşyna görä, goşgy 1944-nji ýylyň noýabrynda ýazylypdyr. Şahyryň «Soldat gaýdyp geldi» atly kitabynda ýerleşdirilen şo goşgynyň aşagynda ýaňky sene ýazylypdyr. Çaryýar aydymyň notasyny tapypdyr. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Mylly Täçmyradowyň adyny göterýän döwlet filarmoniýasy ýapylanda gerek däl zat hökmünde howluda hapa dökülýän ýere zyňylan «üýşmek kagyzdyr hotalaryň içinden tapdym» diýip, Pürli Saryýewiň ýakyn garyndaşy , saz ugrundan işiän Ata Gutlymyradow ýüzüne gara krest çekilen notany oňa beripdir. Arada görşenimizde Çaryýar notanyň bir ekzemplýaryny maňa sowgat etjekdigini hem aýtdy. 05.02.2015 Saz öwreniji Ýusup Berdi Bekrewede, oglunyň öýünde insult bolup ýatan eken. Kakabaý Ylýas, Azady Meret, men üçimiz bolup bardyk. 2008 nji ýylda aýaly ýogalypdyr. Özem 3-4 aýdan bäri ýarawsyz düşekde. Gapydan giremizden düşekde ýatan ýerinden garysyna galdy. Görüşdik. Gaty horlanypdyr. 90-njy ýyllaryň başlaryndan bäri görmedim diýsemem boljak. Radioda bile işledik. Saz gepleşiginiň baş redaktorynyň orunbasarydy. «Öň baý bolsaň, garyp bolmarsyň» diýen sözi degşip köp gaýtalaýardy. Gowy işgär, gowy adam, indi hereketsiz ýatyr. Gaýdyşyn Çary Annagurbanlara sowuldyk.«Uklap ýatyr» diýip, onuň ogly Azada telefonda aýtdy. Ýusuby soramaga Ýolaman Nurym bilen Juma Muhammedow hem geldi. Birtopar adamyň gulagyny şaňlatdyk. Muhammet Çerkez, Kakaly Berdi, Durdy Sapar, Alty Garly, Geldi Bäşi, Myrat Nyýaz, Juma Ýazmyrat, Gapurow, Arutýunow we başgalar. Nury Halmämmet, Gurbannazar Ezizow... Gurbannazaryň mekdepde okan döwri familiýasy Azizow eken. 60-njy ýyllarda Ministrler Sowetiniň başlygy bolan Annalyýew bilen Eziz Hümmedow (Gurbannazaryň kakasy) doganoglan eken. Atabaý Çarygulyýewiň mamasy bilen Eziz dogan eken. Atabaý «Aziz daýym» diýýän eken. Ýusup Berdiýew düşekde ýatan ýerinden hassa sesi bilen ýuwaş¬ja «Allaýar Çüriýew zordur» diýdi. Azady «Bile işleýän döwrümiz redaksiýada Ýusup aganyň özi galýan wagtlary köp bolýardy. Men sazandalaryň ýanynda toýda bolýardym. Irdenem işe ýaraňok. Irden Ýusup aga jaň edersiň. Entek ýagdaýyňy aýdyp-aýtmankaň «Alkaş, sagat 4-de bir gelewer» diý-ýärdi. Allaberdi Durdyýew öýländen soň işde ýokdur. Annanyýaz Nurýagdyýew diýip bir işgärimiz bardy. Ýusup aga şoňa-da çydady. Orus bazaryna barsaň, haçan görseň et çapyp durandyr. Bir gün ministrimiz Çary Annagurban aýlanypdyr. Görse, redaksiýada diňe Allaberdi Durdy otyr diýýä. Nazar Begli her gün işiň ahyryna çenli oturýandyr weli, şo gün ýok-da, pahyr. Muňa jany ýanan Nazar aga: «Gör-ä, bu bolýan zatlary» diýip zeýrenipdi. Azadynyň aýtmagyna görä, Gurt Ýakubam ýazgy eden Ýusubyň özi eken. 20.02.15 Birki günlükde Prezident arhiwiniň başlygy Maýa Mollaýewa jaň edip, öz ýanyna gelmegimi haýyş etdi. Şu gün bardym. Gadyrly garşylady. Nirede ýaşaýandygymy, çagalary sorady. Aýalymyň 1999-njy ýylda maşyn heläkçiliginde ýogalandygyny gürrüň berdim. «Senem komsomolda bolduň. Köp işleri etdik» diýdi. Meni çagyranlygynyň sebäbi terjimeçi gerek bolupdyr-da, bir oglany salgy beripdirler. «Tanaýaňmy?«– diýdi. Tanamaýanlygymy aýtdym. «Oglanlar tapypdyr. Men şindiki ýaşlary tanamok» diýdi. Maksady meni wagtlaýyn terjimeçi edip işletjek eken. Maýa Mollaýewa durmuş ýolumda ýatdan çykmajak rol oýnap¬dy. Aşgabadyň 100 ýyllygy bellenende, men «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasarydym. Şahyr Gowşut Şamyýew redaksiýa Aşgabadyň 100 ýyllygyna bagyşlap goşgy getiren eken. Onam bölümde şahyr Orazmyrat Gurdow saklapdyr. Men Orazmyrada goşgyny geçirtdim. Şo bada-da goşgyny berdirtdim. Baş redaktor nobatdaky zähmet dynç alşyndady. Gazet çykansoň gürrüň köpeldi. Goşguda Maýa Aýmedowalaryňa, Maýa Mollaýewalaryňa, Begenç Kerimileriňe.. guwan Aşgabat diýen ýaly setirler bar. Kerim Gurbannepesow birwagt Mollaýewa hakda poema çalymdaş eser ýazansoň, mundan ugur alyp goşgyny beripdim. Maýa Mollaýewa şo wagt TKP MK-nyň sekretary bolup işleýärdi. Ýöne maňa ýokardan hiç kim hiç zat diýmedi. Şondan bir ýyl geçensoň baş redaktorymyz Kakaly Berdiýewiç bu gürrüňi gozgady. Ýöne gürrüňiň Maýa Mollaýewadan çykandygyny bildim, ol meni işden çykarmagy Kakala buýranmyş. Men şeýdip Çary Annagurbanowyň (TSSR Telewideniýe we radio baradaky döwlet komitetiniň başlygy) «tagallasy» bilen telewideniýe işe gitdim. Kakaly bir gün ýanyna çagyryp, «Sen işden gitmeli» diýýärler» diýdi. «Kim?» diýsem, «Maýa Mollaýewna» diýdi. «Men SK-a baramda sen hakda üç gezek sorady. Işden çykaraňokmy?» – diýip sorady diýdi. Kakaly Berdiýewiçiň ýanyndan keýpim bozulyp, kabinetimde otyrkam (entäk kän wagtam geçmänkä), aýallar žurnalynyň redaktory Garry Mämiýewa (goňşy redaksiýa) geldi-de, «Seni Çary çapyk (Ç. Annagurbanowyň lakamy) telefona çagyrýar» – diýdi. Men baryp telefony aldym: – «Näme, Allaýar (basym birinji bogunda), seni eneň orunbasar edip dogurdymy? Gel, meniň ýanyma – diýdi. Gepleşip bolamsoň, kabinete geldim. Şo wagt Kakaly meniň ýanyma gelip, «Ynanmasaň, ýör Çary çapygyň ýanyna baraly» diýip, meni maşynyna mündürip, Annagurbanowyň huzuryna äkitdi. O ýerde-de şelaýyn gürrüňler. Gelip men SK, Gawril Alekseýewiç Tumanowa jaň etdim. Tumanow SK-da propaganda we agitasiýa bölüminiň müdiriniň oruhbasary bolup işleýärdi. Onuň bilen birazajyk gatnaşyk bardy. Olam «Men seni aldamok. «Topaý, topaý, radio» diýensoň, hiç hili çäre ýok. Şeýdip men telewideniýäň işgäri boldum. Bu maňa gaty agyr degdi. Söz bilen beýan eder ýaly däl. Gürrüň köp. Soň meni bölüm müdiri, baş redaktorlygyna çenli ösdürdiler. Haýry näme? Görüp otursam, bu ýerde Çary Annagurbanowyň eli bar eken. Ol SK-nyň bölüm müdiri Rejep Garaýewiň üsti bilen meniň takdyrymy çözüpdirler. Telewideniýäň öňki orunbasary Rahman Öwezow bilen oňuşmansoň, ony işden aýryp, radioda baş redaktor edipdir. Rahman aga-da hakyny giderjek adam däl, ters gep gaýtarýan bolmaly. Amansähet Begjanow diýip SK-nyň bölüm müdiri boldy. Ol prinsipial adamdy. O işlän wagty maňa degip bilmän, Garaýew döwründe Çary iş görüpdir. Meni telewideniýä, Rahman Öwezem (Nury Baýramsähet bilen gowy gatnaşykdady) meniň ýerime (menem Nury Baýramsähedowyň obadaşy, garyndaşy). Şeýdip ol bir okda iki towşan urýar. Nury SK-nyň bölüm müdirikä Çara edenini etdirmeýärdi. Soň «Pioner» žurnalyna işe aljak bolanlarynda-da meni yzyma gaýtaran Çary Annagurbandy.Ýogsam men dokumentlerimi dýzedip, işdeş ýoldaşlarym bilen hoşlaşyp, komitetiň başlygy Çary Annagurbanyň ýanynda bolupdym.Ol meni goýbermejek bolupdy. «Meni näme bir aýal bilen çalyşýaňmy» diýibem gördi. Beýle diýmeginiň sebäbi, «Pioner» jurnalynyň redaktory şahyra Tagangül Taganowady. Jurnalyň jogapkär sekretary şahyr Azat Rahmanowdy. Azadyň tagallasy bilenem men jurnala işe geçmelidim. Emma biziň bu arzuwymyz amala aşman galdy. Bu şeýle bolupdyr: men Çary Annagurbanyň kabinetinden çykyp gaýtdym. Şo gün işiň ahyrragynda radyonyň saz redaksiýasynyň baş redaktory, kompozitor Rejep Gutlyýew başlygyň ýanynda eken. Ol SK-nyň propaganda we agitasiýa bölüminiň müdiri Rejep Garaýewe jaň edip, «Meniň aýdanyma gulak asman, jurnala geçýär. Şony yzyna dolaly» diýpdir. Muny maňa 1983-njy ýylda Ýaltada dynç alyp ýörkäk, Rejep Gutlyýew aýtdy.Men şo günüň ertesi hiç zatdan habarsyz jurnalyň redaksiýasyna geldim. Azat: «Seni redaktor çagyrýar» diýdi. Men salam berip, gapydan girdim.Tagangülüň dili tutulan ýaly, geplemän dur. «Tagangül, näme boldy? Çekinme-de aýdyber» diýdim. Şu günki ýaly gözümiň öňünde: ol barmagyny dişläp, birsalym oturdy.«Allaýar, sen yzyňa gitmeli» diýip aýtdy. «Kimiň görkezmesi?» diýip sorasam, «Rejep Garaýew jaň etdi» diýdi. Bar zat düşnüklidi. Men onuň ýanyndan çykyp, Çary Annagurbana jaň etsem, ol şeýle jogap berdi: «Kim işläp duran galamyny başga birine berer?! Öňki ýeriňde işläber.» diýdi. Men hossarsyz çaga mysaly yzyma dolanmaga mejbur boldum. Bu gezegem Çary Annagurban öz hökümini ýöredip bilipdi. Segseninji ýyllaryň ahyrynda ony işinden boşatdylar. Onda-munda güýmendi. Işsiz gezip ýörkä, weteranlar guramasynyň başlygy Oraz Nepesowyň ýanyna baryp iş soranda, Oraz aga: «Öňki başlyk bolan ýeriňde iş tapylar-a!» diýse, sögünipdir. Oraz aga-da: «Nätjek, öz taýarlan komandaň-da» diýipdir. Çary Annagurban näme diýilýänine düşünip, sesini çykarman, kabinetden çykyp gidipdir. Muny men Oraz aganyň öz dilinden eşitdim. Bir gezek köçede görüp, Çary agany maşynyma mündürdim. Ýolda ol maňa: «Seň tanyş-bilişleň köp. Bir iş tapaly» diýdi. Men ondan pensiýasynyň näçedigini soradym. Olam näçedigini aýtdy. Menem: «Işlemek näme gerek, Çary aga?» diýsem, öýüne çenli sesini çykarman gitdi. Rejep Garaýew pahyr kyrk emjekdi! Döwleti şoň ýaly adamlar gowşadypdy. Kakaly Berdiýewiç soň ýalňyşyna düşünip, «Seni öňki ýeriňe aljak, gel» diýdi. Men «Öňki ýerim gerek däl. Başga islendik ýerde işlärin. Men gazetçi» diýdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |