15:54 Gündelikde galanlar -26/ dowamy | |
«Şu we beýleki kitaplary okaryn» diýip, öňki Karl Marks adyndaky döwlet kitaphanasynyň (häzirki Milli kitaphana) seýrek neşirleriň bölüminde oturyp, kitaplaryň atlapyny ýazyp alypdyryn. Emma soň okamandyryn. Haýp! Şonda men N.M.Grodekowyň «Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1980-1981гг.» atly kitaby bilen gyzyklanypdym. Kitabyň köp sahypalaryny okapdym. Birtoparyny sahaplap çykypdym. Hatda bloknotyma kitaby tapjak bolsaň, haýsy nomerden gözlemelidigine çenli ýazypdyryn.
Ýatlamalar
Bir bellemeli zat, bu kitaplardan peýdalanjak bolsaň, ýörite rugsatnamaň bolmalydy. Şol döwürler men geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrlarynda, segseninji ýyllaryň başlarynda kitaphana ürç edip gatnapdym. Grodekowyň kitabyny hem şol döwürde, ýalňyşmasam, 1984-nji ýylda okan bolmaly. Sebäbi bloknotymda eden ýazgylarymyň köpüsi 1984-nji ýylda bellik edilen. Grodekowyň kitabynyň birinji tomundaky Nurberdi han we onuň maşgalasyna dahylly maglumatlary bloknotyma belläpdirin. Grodekow Nurberdi hanyň öý hyzmatkäri dogrusynda hem ýazypdyr. Ol hyzmatkär hakykatynda dagystanly milisioner Nurow bolmaly. Nurberdi hanyň üç aýaly bolupdyr. Bir aýalynyň ady Raabi-Gözel. Onuň ogly Berdimyrat han. Ol 1879-njy ýylyň söweşinde wepat bolupdyr. Ikinji aýalynyň ady Nary. Ol Magtymguly hanyň ejesi. Üçünjisi Güljemal han. Ondan Ýusup han bolupdyr. Raabi- Gözel megerem kürt, pars ýa-da arap gyzy bolmaly. Çünki türkmen atlarynyň içinde Raabisi ýok. (77-78 sah.) Grodekowyň ýazmagyna görä, Skobelew Gökdepä gaýtmanka, Tbilisiden 1880-nji ýylyň 21-nji aprelinde 3-nji gwar. grenad-artil¬leriýa brigadasynyň komandiri general-maýor Mihail Alekseýewiç Zinowýewe hat ýazyp, galany nädip ýarmagyň ýoly bilen gyzyklanypdyr. Zinowýew Warşawadan 1880-nji ýylyň 8-nji maýynda general-adýudant Skobelewe hat ýazyp, galany ýarmagyň ýoluny salgy beripdir (97-nji sah.) Çünki Zinowýewiň inženerçilik ugrundan uly tejribesi bar eken. Bloknotymda okamaly kitaplaryň ýene birki sanysyny ýazyp alypdyryn: 1. Аненков М. Ахал-текинский оазис и пути в Индию. СПБ. 1881г, 49стр. 2. Арандаренко Г.А. Досуги в Туркестане 1874-1879г. СПБ, 1889г, стр-666 30.07.2015 ý. 1997-nji ýylyň iýul aýyndan inimiz Meret Çüriýew Bäherden etrabynyň häkimi bolup işläp başlady. Ol bu wezipede 1998-nji ýylda doly işlemän, bir ýyl töweregi işländen soň, S.Nyýazow işinden boşatdy. Ýogsam etrapda işiň gidişi gowudy. Ol 20 müň gektardan 45 müň tonna arassa bugdaý berdi. Nohur, Garawul obalaryna gaz çekildi, iň bärkisi Ak işanyň gonamçylygyna ýol asfaltlanyldy, yşyk, gaz geçirildi. Jaýlar salyndy. Etrapda çörek meselesi çözüldi we ş.m. Ol bir gezek welaýatyň häkimi Kakajan Täşliýew, onuň orunbasary Pirguly Ödäýew Nohurda bolanlarynda olary sylag-serpaýy uly Meret mollanyň öýüne alyp barýar. Mollanyň ýaşy şo wagtlar 90-dan geçen bolmaly. Salam-helikden soň, Meret: «Meret aga, size Poda Annaorazowyň döwründe beren azarlary üçin welaýatyň häkimini senden ötünç soramaga getirdim» diýse, ýaşulynyň gözlerinden ýaş damjalary syrygyp gitdi diýýär. Molla ir döwürde Goçmyrat ahunyň elinde okapdyr hem diýýärler. Goçmyrat ahun 1919-njy ýylda beýnä gan inmeden ýogalan bolmaly. Ol 1856-njy ýylda doglupdyr diýip çak edýärler. Bellik: Poda Annaorazow sowet ýyllary ýetmiş-segseninji ýyllar aralygynda Aşgabat obkomynyň birinji sekretary bolup işledi. Onuň işlän döwründe nohurlylar gaty ezildi. Dindarlar dürli bahanalar bilen türmä salyndy. (Mejit molla we başgalar. On sekiz adam bir gezekde dürli bahahalar bilen ýygnalýar)... Arada Kakabaý Ylýasow bilen telefonda gürleşipdim. Şonda men ellinji ýyllaryň ahyrynda Hruşýow tarapyndan ýazgarylan Molotow, Malenkow, Kaganowiç we olara galtaşan (примикнувщихся) Şepilowyň Aşgabatlydygyny bildim. Şepilow diýýäni «Правда» gazetiniň redaktory bolup işläpdir. Megerem, olaryň maşgalasy ýigriminji ýyllarda Aşgabada göçüp gelen bolmaly. Kakalary demir ýolda işläpdir. Hitrowka tarapda ýaşan bolmaly. 17.08.2015 ý. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ortalarynda Moskwadan týumenli partiýa işgäri Wladimir Çertyşew Aşgabada işe iberildi. Ol ilki TKP-nyň Aşgabat obkomynyň ikinji sekretary, soň birinji sekretary bolup işledi. Onuň işlän döwründe inim Meret obkomyň partiýa-guramaçylyk bölüminde işledi. Käri boýunça žurnalist Ýuriý Fýodorowiç Salamanow hem bölümiň müdiridi. Soň togsanynjy ýyllarda Ýuriý Fýodorowiç maşgalasy bilen Anapa şäherine göçdi. Ýalňyşmasam, geçen ýyl Meret jaň edende, gyzy trubkany alyp, kakasynyň ýogalandygyny habar beripdir. Ol gowy ýoldaşdy, arassa adamdy. Ine, onsoň, bular obkomda işläp ýörler. Birdenem oblastyň ýatyrylmagy bilen, obkom hem işlemesini bes etdi. Çertyşewi Türkmenistanyň Halk kontrollygy komitetiniň başlyklygyna bellediler. Meret hem onuň kömekçisi bolup işledi. Şo döwürde Türkmenistan SSR Ýokary Sowetine deputatlyga saýlawlarda, Çertyşew bilen ýene bir işçi nohurly gyzyny deputat bolmak üçin bäsleşige goýberdiler. Bu saýlaw uçastogynda ýaşaýanlaryň aglabasy nohurlylar bolansoň, nohurly gyzyň deputat bolaýmagy ähtimaldy. Şonuň üçinem Merediň tagallasy bilen Çertyşewiň bu uçastokda sesleriň köplügini almak üçin köp guramaçylyk çäreleri geçirildi. Gep ugruna aýtsam, nohurlylaryň «Mesjit» metjidiniň bolmaly ýeri hem Merediň tagallasy bilen oňyn çözlüpdi. Mahlasy, Çertyşew deputatlyga saýlanyldy. Bu hereketleri üçin Merediň ýüzi hiç bir jähtden aklanyljak zat däldi. Uzak wagt geçmänkä-de Komiteti ýapmaly etdiler. Çertyşew Týumene gitdi. Meredem işsiz galdy. Birnäçe wagtlap belli sebäbe görä işlemedi. Men bu bolýan zatlar hakda , TKP MK-nyň birinji sekre¬tarynyň adyna hat ýazmaga mejbur boldum. Haty alan badyna, onuň kömekçisi Begenç Jürmenek meni gözläpdir. Dynç alyş günleri bolansoň meni tapmandyr. TKP MK-nyň guramaçylyk-partiýa işi bölüminiň müdiri Otçersow (birinjiniň özi şo günler Daşhowuza iş saparyna gidipdir – A.Ç.) Meret bilen gürleşipdir. Şondan soň Merede Aşgabat şäherkomynda guramaçylyk bölüminde iş tapyp berdiler. 22.08.2015 ý Bu wakany o gün maňa ýaşy segsene golaýlap ugran dilçi alymymyz Aman Nurmuhammedow gürrüň berdi. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ortalaram bolmagy ahmal, obadaşlarynyň biri onuň ýanyna gelip, bir ýaş studentiň ekzamenine kömek etmegini gaty haýyş edipdir. Aman aga näçe boýun towlasa-da bolmandyr. Ahyry mugallymyň ýanyna baryp, haýyş etmeli bolupdyr. Mugallym gaty prinsipial adamdy. Menem ony tanaýaryn. Ol bilmeseň, aňsat-aňsat baha goýjak mugallymlardan däldi. Bolsa-da, mugallym Amanyň haýyşyny bitiripdir. Wagt geçýär. 2002-nji ýylyň 25-nji no¬ýabr wakalaryndan soň, bir işgär gelip, «Siz Pylany Pylanyny tanaýadyňyzmy?» diýip, Aman agadan soraýar. «Gatnaşygym ýok, ýöne salam-salamym bar» diýensoň, ol adam Aman aga ynanýar we gürrüňiň nireden çykanlygyny oňa aýdyp berýär. Şol wakalara gatnaşdy diýip, tussag edilen mugallym, mejlisiň başlygy bolup hem işläpdi. Hemem wakalaryň öňüsyrasy işden çykarylypdy. Aman aganyň obadaşy, mugallyma haýyş edip ekzamenden geçirilen şol student obanyň mekdep direktory bolup işleýän eken. Pursatdan peýdalanyp, ol işgäre «Aman Nurmuhammedow hem şonuň dosty» diýip habar beripdir. Habar berenden soň, ol işgär barlamaly bolýar. Aman aga şol dönügiň adyny hem aýtdy. Men onuň özüni gowy tanamasam-da, atasyny bilýärdim. Atasy döwük-ýenjik bejerýän tebipdi. Bu işde onuň öňüne geçjek adam ýokdy. «Töhmet atan adamy hudaýa tabşyrdym. Şondan köp wagtam geçmän, şol oglany mekdep direktorlygyndan boşatdylar. Mekdepde eden jenaýat işleri üçinem sud edip, ýyl kesdiler» diýip, Aman aga aýtdy. «Ýagşylyga ýamanlyk» diýilýäni-dä! 23.08.2015 ý. Tomsuň surnukdyryjy yssysyndan dyndygymyz bolsun-da. Howa şu gün salkynlaşdy. 50-60 gradus yssyny başdan geçiren adamlara şu günüň howasy edil behişdi ýadyňa salýar! 26.08.2015. Ençeme meşhur aýdymlaryň awtory, kompozitor Kakabaý Annanepesowyň ýo- galandygyny şu gün edarada tötänden eşitdim. Onuň gelni biziň institumyzda işleär. Şu gün onuň belli güni - ýedisi bellenýän eken. Ol bolsa ýetmiş bäş, ondan aşagrak ýaşda bolmaly. Soňky döwürde iki gözem oňly görmedi. Kakabaý Annanepesow Gönübegiň neberesinden - ýa çowlugy, ýa-da ýuwlugy bolmaly. Bardyk, göründik. «Yzy ýarasyn!» diýdik. Biz baranymyzda Hudaýberdi Bäşimow, Ýolaman Nurymow, Daňatar Hydyrow dagy bar eken. Turup gaýdanymyzda Amanöwez Saparow öňümizden çykdy. Ýolda gaýdyşyn, gyzlaryň biri kakasy bilen baglanyşykly bi wakany gürrüň berdi: kakasy ýygan odunlaryny getimegi öz giýewsinden haýyş edipdir. Giýewsem şofýor. Olar çöle maşynly ýola düşýärler. Ikisem dymma. Odun üýşürilen ýerdenem ep-esli geçýärler. Giýewsi gaýynatasyndan soraýar: «Odun ýyglan ýere golaýlaşdykmy?” Gaýynatasy: «O ýerden bireýýäm geçip gitdig-ä» diýip aýdýar. - Nämüçin aýtmadyň-da? - Ony menden soramadyň ahyryn! Bu waka Saragt obalarynyň birinde bolup geçýär. 08.09.2015. Žurnalist we saz öwreniji Ýusup Berdiniň ýogalanyny eşidip, gaty gynandym. Kyrky zadam geçip giden ekeni. “Çary Annagurbanam ýogalypdyr» diýip eşitdim. Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun, agalar! *** Sentýabryň 26-syndan oktýabryň 6-syna çenli Stambuldam Truskawesde bolduk. Serdar bilen Truskawesden Lwowa gelýärkäk, ýolda şofýora men knýaz Wladimiriň 999-njy ýylda orslary hristiana öwürişini aýtdym. Şofýorymyz bu senäni anyklajak bolup internete seredip otyrka, gapdalymyzdan 999 nomerli maşynyň geçip gidenini görüp, geň galdym. *** Arhiwimde arzyly saklanylýan dokumentleriň biri hem maňa 1959-njy ýylyň 10-njy noýabrynda berlen “Hormat haty”. Onda şeýle ýazylypdyr: Грамота Товарищ Чуриев Аллаяр награждается настоящей грамотой за активную помощ пограничникам в охране государственной границы Союза ССР Командир в/части 2015 Полковник (Николенко). Началник политотдела в/части 2103 Подполковник (Шумкин). «10» ноября 1959 года. Men şo döwürde 3-nji klasda okaýan bolmaly. *** Bu Hormat haty bolsa uniwersitetiň komsomol komitetiniň sekretary Derýa Baýramgulyýewiň goly bilen Metbugat güni mynasybetli türkmen filologiýasy fakultetiniň 5-nji kursunyň studenty, «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň işeňňir habarçysy Allaýar Çüriýewe berlipdi. *** «Edebiýat we sungat» gazetinde işlän döwrümde ýene bir Hormat hat alypdyryn: Президиум Советского комитета Солидарности стран Азии и Африки награждает почетной Грамотой и медалью СКССАА журналиста ЧуриеваАллаяр за заслуги в пропаганде идей солидарности, мира и дружбы между народами. Председатель комитетa (подпись). Москва, май, 1978 года. *** 1989-njy ýylda bolsa SSSR Žurnalistler soýuzynyň hormatly diplomyna mynasyp boldum: Союза Журналистов СССР Почетный Диплом присужден участникa Всесоюзного конкурса на лучшую журналисткую работу года Чуриеву Аллаяру за серию статей «Память сердца» о судьбе видных исторических деятелей республику. Председатель Правления Союза журналистов СССР В.Г. Афанасьев. 5 мая 1989 года. «Bu Hormatly Diplom meniň žurnalistik işlerimiň Soýuz möçberinde ykrar edilmesidi» diýsem, öwündigim bolarmykan?! Şol ýyl «Ýüregiň emri bilen» atly kitabym Türkmenistan Lenin komsomolynyň baýragyna hem mynasyp boldy. • Çukurýurtda 1986-njy ýylyň maýynda nobatdaky zähmet dynç alşyna çykyp, 10-njy maýda Aşgabatdan Könekesire geldim. 12-nji maýda Nepes aga bilen raýon merkezine atam Çary Balyny soramaga gitdik. Gaýdyşyn ýolda Kürüždeý obasyna sowuldyk. Nepes aganyň Tutlygala boýunça orunbasary Hudaýberen Kadyrow bilen salamlaşdyk. Otuzynjy ýyllarda bütin Soýuza belli Arpaklen magdany bilen gyzyklanamsoň, meni 80 ýaşly Annadurdy Öwezberdi ogly diýen ýaşuly bilen tanyşdyrdylar. Ýaşuly öz obalaryndan Seýitnazar Meňlimyrat diýen adamyň Arpaklen magdanynda işländigini aýtdy. Gürrüňdeşligimizde obanyň başga bir ýaşulysy Mämmetsähet aga bardy. Kürüždeý obasyndaky çynarlar obanyň bezegi. Bu çynarlary Nohurdan göçüp gaýdyp, şu obada mesgen tutulandan soň ekilendigini obanyň ýaşulysy Hüseýin agadan eşidendigini Mämmetsähet aga aýtdy. Hüseýin aga segsen ýaşynda ýetmişinji ýyllaryň başlarynda ýogalypdyr. Bu oba ilki göçüp gelen Mälik diýen adam bolupdyr. Ol Nohuryň arçyny Adybaý (Adybaýyň ogly Meret Adybaý ogly – Könekesiriň iň abraýly ýaşulylarynyň biridi. Meret molla altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda ýogaldy) bilen oňuşmandyr. Bu waka Gökdepe urşundan üç-dört ýyl geçenden soň bolan bolmaly. Göçülip gelinmezden öň Kürüždeý, Tutlygala obalarynyň tutýan ýerleri giden jeňňellik ekeni. Diňe Nohurdan gelip, ekin ekip gidýän ekenler. Bu ýerlerde mundan öň ýaşalmazlygynyň sebäbi onuň Eýrana has ýakynlygy hemem kürtleriň çozuşlaryndan gorkulmagydyr. Ors gelensoň, bu ýerler öňkä garanyňda has howpsuz bolupdyr. Bir hepdeläp Çukurýurtda dynç aldym. Gaýgysyz Atabaý hakyndaky uly göwrümli taryhy oçerkimi ýazyp gutardym. Aşgabada baramsoň, o ýerini – bu ýerini kakyş-kokuş etmeli bolar. Könekesirde dynç almazlygymyň sebäbi, kakamlar Aşgabatda. Ol birnäçe wagtlap keselhanada ýatmaly boldy. Ömründe keselhanada ýatmadyk kakamyň birden kesele uçramagynyň sebäbi nämedi? 25-nji mart güni, sagat 9-larda ýaşuly agamyz Öwez Nuryýewiç Orazow ýogalypdy. Men şo gün ýaraman öýdedim. Has takygy, býulletendedim. Bu şeýle bolupdyr: Öwez aga ýüreginden tutansoň, gyssanjyna öz berkidilen poliklinikasyna, (4-nji hökümet poliklinikasy) jaň edip, «Zwonit Orazow, umiraýu...» diýipdir. Medsestra gyz oňa täzeden: «Siz jaň etdiňizmi?» diýip sorapdyr. Ol hem «Men» diýip, trubkany goýupdyr. Şo wagtlar, medsestra gyzyň soň maňa aýdyşyna görä , sagat 9-dan 50 minut işlän bolmaly. Öwez aganyň duldegşir goňşusy Aždar aga Parajew (olar Kemine köçesiniň 120-nji «A»; 120-nji jaýlarynda ýaşaýardylar) meniň nirede işleýänimi bilýärdi. Telewideniýe jaň edip, ýagdaýy aýdansoň, işdeş ýoldaşym Mergen Amanow öýe jaň edip, bu habary maňa ýetirdi. Men baramda, Aždar aga bilen ermeni dellekçisi duran ekenler. Dellekçini Öwez aga saçyny bejertmek üçin çagyran eken. Öwez aga werandada krowadyň üstünde uzalyp ýatyr. Gaz plitasynyň üstündäki gazanyň içindäki bişirilen süýdüň entek ýylysy-da gitmändir. Göwnüme bolmasa, ol öli däl-de, janly ýalydy. Biraz salym garaşanymdan soň, «Eý,waý, gardaş-eý!»-diýip, Nepes aga gapydan ses edip girdi. (Ol Aşgabada sowhozyň işi bilen gelipdi). Şol «gardaş-eý!» diýen sese ýatan merhumyň ýüzi birhili üýtgäp giden ýaly boldy. Ol hakykatdanam şeýle boldy. Öwez aga aýaly Nina Aleksandrowna ýogalandan soň ýeke özi ýaşaýardy. Birki gün öňünden men onuň bilen telefonda saglyk-amanlyk soraşypdym. Keýpi-de hemişekisi ýaly gowudy. «Bazar güni, jygyllykdan maňa bir gowy üzüm kesýän gaýçy getir» diýibem tabşyrypdy. Ýogalan gününiň agşamsy hem ýeke özi ýatan eken. Agtygy (öweý, öz çagalary bolmady) Azat hem goşun gullugyny gutaryp gelensoň, kän ýanynda bolmaýan eken. Ogullygy Gurban Bagyrdaky institutda işleýärdi. Aýaly milleti boýunça osetindi, ady Innady. Aşyrdöwlet maşynly Bagyra baryp, şum habary aýdanda, är-aýal biperwaýlyk edipdirler. Gaýtam aýalynyň ilki aýdan zady «Jaý meselesi nähili bolar?» Öwez Nuryýewiçi 26-syna öýlän sagat 3-de çykaryp, Köşiniň baýyrlygynda, Nina Aleksandrownanyň ýanynda jaýladyk. Ony jaýlamaga ozal bile işleşen ýoldaşlary, dogan-garyndaşlar, goňşulary... gelip hatyraladylar. Ýadyma düşüşine görä, merhumy ugratmaga Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň öňki birinji sekretary Suhan Babaýew, öňki narkomlar Myrat Gapaýewiç Berdugylyjow, Oraz Orazowiç Şyhmyradow, general Bagşy Ataýew... dagy geldiler. Näçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, Suhan Babaýewiň ýanyndaky öňki işdeş ýoldaşlarynyň ýaşlary birçene barsalar-da, ýaşulydan çekinýändiklerini duýmak kyn däldi. Öwez aganyň üçüni bellänimizde kakam general Bagşy Ataýewi howludaky gapa çenli ugradandan soň, yzyna tarap ýörejek boldy weli, ýöräp bilmedi. Ony şo ýerden könegümmeýli Atabaý diýen oglanyň maşynyna mündürip, öýmüze getirdik. Ikinji gata basgançakdan göterip çykarjak bolsak-da etmän, özi çykdy. Minzdrawyň 4-nji poliklinikasynyň bölüm müdiri Arzygül Işangulyýewa, «Tiz kömege» jaň etdim. «Tiz kömek» keselhana äkitjek bolsa, kakam etmedi. Bu 27-nji mart günüdi. Keseliniň sebäbini kakam obadan gaýdyşyn dag ýolunda agşam sowukda galandyklary bilen düşündirdi. Ertesi ony Mihaýlowskoýe köçesiniň ugrunda ýerleşýän newrologiýa institutyna ýerleşdirdik. Oňa Walentina Iwanowna diýen ökde wraç seretdi. Ol ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, hudaýa şükür, häzirem işläp ýör. Ýöne başga poliklinikada. Kakamy ýatlaýar. Kakam bilen bolnisada gypjaklymy ýa gökjeli bir ýaşuly ýatdy. Ol edebiýaty gowy görýän ekeni. Ol men hakda «Meniň gowy görýän şahyrlarymyň biri» diýip aýdypdyr. Muny ol entek kakam bilen doly tanyşmanka aýdypdyr. Ýaşulynyň yzyndan gündelik gazetleri getirenlerinde, ol meniň «Edebiýat we sungat» gazetinde çap bolan goşgularymy okap aýdan ekeni. Öwez agany (1910-njy ýylda doglan diýip pasportynda ýazylsa-da, ol «Men 1912-nji ýylda doglan bolmaly» diýýärdi) jaýladyk. Şol ýylyň 31-nji maýynda-da atamyz Çary Baly ýogaldy. Ony Garrygaladan Könekesire irden 9-lara getiripdirler, ýarym sagat geçensoňam jan beripdir. 1-nji iýunda jaýladyk. 82 ýaş, ýöne üç ýaş üstüne goşup, 85 ýaş berdiler. 10-18.05.1986 ý. 1986-njy ýylyň maýynda Çukurýurtda bolanymda men daglyk ýerlerde bitýän dermanlyk otlar bilenem gyzyklandym. Bu işde maňa şol obaly Bossan daýza köp kömek etdi. Men ondan şu aşakdaky dermanlyk otlaryň atlaryny, olaryň nämä melhemdigi hakdaky maglumatlary ýazyp alypdym: Pamyljak. Porsy ýaprak – eşegiň ýarasyna ýapylýar. Jaz (ýa da jyzlan) – ýüpek gurçugy döwründe kertiň ýerine ulanylýar. Gyýak Şelemi Eşek ýorunjasy Börek ot Adyýaman Sygyr guýrugy Peçek Awyternek Goýun oty Belguşa Alwan Tere Porseňňize Ahyzerlik – demgysmada ulanylýar Türşek Kamazynjy Pak-paky Keňňer Çigildem Gataňňyr – düýbi bişirilip iýilýär Garalanç – süýdünden sakgyç emele gelýär Şekerek Selme Tiken (ýandak) Jyg-jygy – döşwere (börek), gutap bişirilýär Ýer sakgyjy – uzyn, çil-çil, guradyp sakgyç edilýär Ýowşan Käkilik oty Zweroboý Bozagan Ýylgaý It üzüm At ýemlik Ýemlik Kyrkbogun Bowagajy – unaş bişirilende unaşa hem atýarlar Käşir oty Goýun semreden – baldagy barmakdan inçe, ýapragy kiçi Ýylan türşegi Şirinbowa – garagurt gaýnadylanda goşulýar, çagasy bolmaýan aýala derman diýip berýärler Çerwiýe – çagasy bolmaýan aýala gaýnadyp içirýärler, garnyna ýapýarlar, döwüp-döwüp gaýnadýarlar, ýelim ýaly goýalýar. Şonuň üstüne gaýnap duran wagty bir gysym un goşulýar. Ýelini çykaryp, aýalyň garnyna ýapýarlar. Tatran – gol ýaly bolýar. Gora (köze) gömmeli (20 min.). Soň daşyny arassalap iýmeli. Uruş döwründe iýilipdir. Geçi emjek Pişik-pişik Gandeper – gyp-gyzyl zat. Gazyp almaly, gaýnatmaly. Gyzylja çykarana bermeli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |