00:02 Gündelikde galanlar -27/ dowamy | |
21.01.2017.
Ýatlamalar
Şu gün agşam nohurly Çary Döliniň ogly Ahmetlerde myhmançylykda bolduk. Türkmenistanyň halk artistleri Baýram Hudaýnazarow, Myrat Baýramgeldiýew, general Bagşy Ataýewiň dogany Bäşim Ataýew hemem men. Bäşim aga «Häzir ýene üç ýaş goşsalar, 86 ýaşaýan» diýdi. Onuň agasy Bagşy Ataýew 95 ýaşynda ýogalan eken. Jaýlanjak ýerini köşüli Boris diýýän gabyr gazýan adama özi görkezipdir. Ol «Meni aýalym Aýjemalyň aýal doganynyň ýanynda jaýlaň» diýipdir. Bäşim aganyň eşitmişine görä, ýaşlykda Aýjemala däl-de, şo gyza aşyk bolanmyş. Bagşy aga kakasy ýogalandan soň (1905-nji ýyl), bir ýyldan soň doglupdyr. Generalyň kakasy Annahal bagşy 1844-nji ýylda doglup, 1905-nji ýylda ýogalan bolmaly. Nury Halmämmet doglan güni Bäşim dagy öz dost oglanlary bilen aşyk oýnap oturan ekenler, Daýna obasynda. Halmämmediň mundan öň Baýly, Aşyrberdi, Nurberdi diýip ogullary, Artyk diýip gyzy bolan. Artyk şo wagt öýlerinden ylgap gelip, «jigim boldy» diýip buşlapdyr. Halmämmet bir gezek Bäherdeniň Mürçesinden gaharly gelipdir. Biri oňa «Aýalyň gowy gezmeýär» diýip aýdanmyş. Şo agşamam paltasyny ýiteldip, ýatan aýalynyň kellesini çapypdyr. Aşyrberdi bilen Nurberdini özi bilen äkidipdir. Iki ýaşly Nuryny serhetçiler Eýran tarapyndan tapyp alyp, ony Garrygala iberipdirler. Ýöne bu hakda maňa könekesirli ýaşuly mugallym Orazmämmet Öwezow şeýle gürrüň beripdi: (seret: Allaýar Çüriýew, "Ýüregiň emri bilen“, 1989, Aşgabat, "Türkmenistan“ neşirýaty). Bir gezek Bäşim bir klasdaşy bilen eşekli serhet ýakasy bilen gidip barýarkalar, Eýran tarapdan Barat Myrat diýen adam «Men garyndaşymyň aryny aldym. Halmämmedi atyp öldürdim» diýip gygyrypdyr. Hemem ýanyndaky Hojagulynyň ogluny öldürjek bolup oňa çenäp atypdyr. Çünki Hojaguly Barat Myradyň ýerine başlyk bolanmyş. Atylan oklar ol oglana degmeýär. Oglanlar derrew özlerini çukur ýere oklapdyrlar. Serhetçiler tüpeň sesine derrew ýetişipdirler. 1954-nji ýylda Aşgabatdan oba görme-görşe gaýdan Bäşim Bäherdene Nurynyň agasy Baýlynyň öýüne sowlupdyr. Baýly iki ýaşly jigisiniň gözlegine Bäşim bilen bile çykýarlar. Olar Garrygalaň, Gyzylarbadyň çagalar öýünden habar tutýarlar. O ýerde Nurynyň Nebitdaga äkidilendigini, o ýerdenem Gumdagdaky çagalar öýündedigini aýdýarlar. Gumdagdaky çagalar öýünde Daýnadan bir adam işleýän ekeni. Ol Nurynyň ýakynda Baýramaly çagalar öýüne äkidilendigini habar berýär. Olar Nuryny Baýramalynyň çagalar öýünden tapýarlar. Aşgabada getirýärler. Aşgabatda Oraz Döwletlere gelýärler. Şonda Nury «saz çaljak» diýip gün bermänsoň, sazçylyk uçilişesine barýarlar. Nury saz çalyp otyrka gapydan Aşyr Kulyýew giripdir. Oglanyň saz çalşyny görüp, haýran galypdyr we Bäşimi, Baýlyny «Gidiň, siziň indi bu ýerde işiňiz ýok“ diýip aýdypdyr. Şeýdip, Nury uçilişede galypdyr. Bäşimiň ejesi (adyny ýaňam aýtdy welin, ýatdan çykdy) 107 ýaşapdyr. Bäşimiň tiresi köpek. Barat Myrat diýýäni «Eger Çary Baratyň kakasy bolsa, onda ol nohurly bolmaly. Könekesirden. Bäşim bolsa "Halmämmediň aýaly Hangül Annahal bagşynyň gyzynyň gyzy» diýýär. Hangül goşgy ýazmaga ökde eken. Bäşim professor Çary Baýry hakynda-da gürrüň berdi. Ministrler Sowetinde işlän döwründe Çary Baýry Afrikada bir döwletiň adyny tutup, şoňa "iber“ diýipdir. Afrikada ol döwletiň ady Brundofaso ýaly ady bar. Kiçijik döwlet. Patyşasam şumadam adam iýýär. Ol döwletde adam eti iýýän ekenler. Ýöne medisinada adamy operasiýa edenlerinde hiç hili tyg ulanylmaýan eken. Çary aga 10 günüň deregine 1 aýdan gowrak bolupdyr. Saglygy saklaýyş ministri Kyýathanow sorap durandan soň, ol Çarynyň yzyna dolanyp gelmegini gazanypdyr. «O ýerde maňa gowy seretdiler» diýip, Çary aga aýdypdyr. Çary Baýry Bäşimiň köriçegesini hem aýrypdyr. Ýekeje tikin edipdi. Hiç ynanmaýar. “Ýene-de bir gyza şunuň ýaly ýeke tikin operasiýa etdim» diýip aýdýan eken. Bäşim "fewral golaýlaşsa gorkýan, çünki ejemem, Bagşam, ýene birem... fewralda ýogaldylar“ diýýär. "Nurynyň gözleginde biz onuň doglan wagtyny hem anykladyk. Agamyň - Orazmuhammediň aýaly Aýsoltan uruş döwründe oba Sowetiniň sekretary bolup işleýärdi. Ol dokumentde Nurynyň doglan senesini 1940-njy ýylyň 24-nji fewraly diýip ýazypdyr. Hatda sagadyna, minudyna çenli – 10 sag. 20 m. Indi onuň doglan ýylyny 1938-nji ýyla getirýänler hem bar. Dokument bar diýip aýdýarlarmyşyn. Ol dokument Halmämmediň başga bir oglunyň Nurberdiniň dogluş senesi bolmaly. Baýram Hudaýnazaryň aýaly Nurjemal. Nurjemalyň kakasyna Baba çarşak, onuň aýaly hem Bäşim Ataýewiň daýzasy. Baba çarşak gaty zehinli adam bolupdyr. Motora ganat ýasap uçjagam bolupdyr. Ýa-da uçupdyram. Obalarymyzda odun peç ýakýardyk. Soň onuň aşagynda külüni atylýan özbaşdak bir zat goýuldy. Şolam Baba çarşagyň tapan zady eken. Bagşy uruşdan soň Berliniň bir raýonynyň komendanty bolan. Şo ýerden Orazmuhammede 12-lik stwolly tüpeň iberdi. Ýöne şony söküp bolýardy. Orazmuhammet bilen Baba çarşak şonda bir zatlar -- bir zatlar hypyr-hypyr gepleşdiler. Tüpeňiň sökülişi hakynda eken. Soň bir gezek Baba çarşak Orazmuhammede başga bir sökülýän tüpeňi getirip görkezdi. Ony Babanyň özi ýasapdyr. Nury Parižde bolanda restoranda saz çalynyp dur. Olam haýyş edip pioninonyň başyna geçip, türkmen sazyny çalypdyr. Oturan türkmenler el çarpyşypdyrlar. Soň Nury Bethowenden we beýleki klassyklardan saz çalypdyr weli, bütin restorandakylar el çarpyşypdyr. Muny maňa Nurynyň özi gürrüň edip beripdi“ diýip, Bäşim aga aýtdy. --Bir gezegem Halk kontrollygy komitetinde işläp otyrkam, postda duran milisioner jaň edip, «Siziň ýanyňyza biri gelipdir» diýdi. «Goýberiň» diýsem, «Ýok, şu ýerde garaşýan» diýdi diýýär. Menem şo wagt bölümiň işgärleri bilen ýygnak geçirýärdim. «5-10 minut garaşsyn. Barýan» diýdim. Aşak düşsem, garaşýan adam ýok. Köçä çykyp seretsem, 20-30 metr aralykda Nury gidip barýar. „Nury!“ diýip gygyrdym. Yzyndan ýetip garsa gujaklaşdyk. Şonda «Ýüregim gysdy-da, geläýdim» diýdi. Soň men Karlowa Wara gitdim. Gelsem, aeroportda meni garşylan şopurym Nurynyň ýogalanyny habar berdi. Ýunus Mämmedow diýen dostumyň ýogalanyny hem şonda eşitdim. Nury 1984-nji ýylyň 1-nji awgustynda ýogalypdyr. Öý eýesi Ahmet „4-nji bolnisada ýarym stawka işleýärdim. Men şonda Nury bilen gepleşdim, diagnozyna serroz peçen diýip goýjak bolsalar, diagnozyň gürrüňi boldy. Garny çişdi. «Aragy köp içdim» diýip, Nury aýdypdyr. Bäşim aga «Ejem 107 ýaşady, ýöne käsesini hiç kime elletdirmeýärdi. Pejiň gapdalynda oturardy. Hemme zady öz ýanyndady. Käsesini kül bilen ýuwýardy. Ejemiň häsiýeti maňa-da geçipdir. Menem öz käsämi hiç kimiň elini degdirmeýän» diýdi. Çary Baýryýewiç: «Bäşim aga, ol maňa Bäşim aga diýýärdi,--“Meni Brundofaso şäherine iber» diýende, men oňa „şu ýerde 500 töweregi adam işleýär ( ol TSSR Ministrler Sowetiniň apparatyny göz öňünde tutýar. Çünki Bäşim 1964-nji ýylda Ylym komiteti ýapylandan soň (onda işleýänleriň köpüsi KGB-niň işgärleri), ony Sowet Ministrinde daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar uprawleniýesini döredip, şoňa naçalnik belleýärler—A.Ç.), eger şo döwletiň barlygyny bir adam bilse-de seni ibereýin» diýdim. „Nädip bildiň?“ – diýip sorasam, ol „Bir ýerden okap bildim“ diýdi. --Seýlona-da iberdim. Bir gezek Semýon diýip bir garry şopurym bardy, «aeroporta sür» diýdim. Aeroporta baryp, gapyny açyp, düşjek bolýan weli, bir aýagymy galdyryp bilemok. Semýona «Sür!“ diýdim. Çary Baýryýewiçiň işleýän 2-nji hirurgiýasyna, Krasnyý Kreste bardym, onuň penjiresiniň deňinde maşyny saklatdym. Birdenem Çary Baýryýewiçi Seýlona iberenim ýadyma düşdi. Bolsa-da ol komandirowkadan gelen eken. Göremden, aýagym açyldy. Ýagdaýy aýtsam, «Köriçege, operasiýa edeli» diýdi. «Bumat däl» diýdim. 3-4 gün geçirip, wagtyny aýtdy. Geldim. Operasiýa etdi. Bir tikin. Köriçegämi hem aýyrdy. Ýaňy zaýalanyp başlan eken. 1968-nji ýylyň ýa 4-nji, ýa 8-nji noýabr günüdi. Palatada ýatyryn welin, ýatan krowadym süýşýär.“Birini süýşürýändirler“ diýsem, ýer titrän eken. „Şo wagt başga bir palatada hirurg Bäşim Soltan ýaş oglany operasiýa başlapdy. Ýer titräpdir weli, ol öňündäki oglany taşlap, aýalynyň adyny tutup, «Walýa» diýip, ylgap palatadan çykypdyr» – diýip, Çary Baýryýewiç gülüşdirýärdi. --Bäşim Soltan häzirem diri. Günde bir çüýşe aragy boşadýar. Glawpoçtaň ýanyndaky jaýda ýaşaýar –diýip, Bäşim aga aýtdy. Ahmet gürrüňe goşulyp, «Ol meniň dostum» diýdi. Nurynyň Garrygalanyň çagalar öýüne iberilişi hakda Bäşim aganyň gürrüňi gyzyklydy. Ol gözi bilen göreniň gürrüňi. Oňa ynanmazlyk mümkin däl. Menem Nury hakynda ýatlama ýazypdym. «Ýüregiň emri bilen» atly kitabymda-da ýerleşdiripdim. Ol maňa 80-nji ýyllaryň ortalarynda oba baryp, agamyz Orazmämmet Öwezowyň saglygyny soranymyzda onuň aýdyp beren gürrüňine esaslanypdym. Şol ýatlamany “Jemile Gurbanowa-da Nury hakda ýazan kitabynda ulanypdyr» diýýärler. Orazmämmet aganyň gürrüň bermegine görä, ol uruş döwri aýaly Akja daýza bilen Daýna obasyndaky mekdepde mugallymçylyk edipdir. Orazmämmet aga mekdep direktory. Halmämmet aýaly Hanbikemi ýa-da Hangülüň janyna kast edip, Eýrana geçende, yzynda 5-6 ýaşlaryndaky oglan galýar. Bu hakda ol bize gürrüň berende, onuň bu gürrüňini şo pajygaly wakanyň şaýady aýaly Akja daýza-da diňläp durdy, şeýle diýipdi: „Obada ýagdaý agyr.Her kim öz çagasyny zordan ekleýär. Ýaş çaganyň hor-zar boljagy görnüp dur. Obadaky ýaşulylaryň biri Taňryberdi aga Bäherdene gidýän ekeni, çagany Taňryberdi aganyň eşeginiň syrtyna mündürip, Bäherdeniň çagalar öýüne iberdim (onuň Taňryberdi aga diýýäni, uruş ýyllary TSSR Magaryf halk komissary bolup işlän, soň TSSR Ylymlar akademiýasynyň ilkinji prezidenti Tagan Berdiýewiň kakasy—A.Ç.), Egnimdäki işe geýip gidýän köýnegimi hem çykaryp Nura geýdirdim“ diýip aýdypdy. Häzir Bäşim aganyň gürrüňi bilen Orazmämmet aganyň gürrüňiniň arasynda tapawut bar. Bäşim aga-da ynanmazlyk mümkin däl. „Çagany ýygnanlarynda «iki ýaşynda» diýen sözleri ýadymda galypdy“ diýip, Bäşim aga aýdýar. Ýöne Orazmämmet aga-da hiç wagt ýalan sözlejek adam däldi. Elbetde, garran çagyňam ýatkeşligiňde üýtgeşiklik bolup geçýänligi hak zat. Bäşim aganyň gaharyny getirýän zat Nurynyň doglan ýylyny 1938-nji ýyla getirip ýazandyklary. Oba Sowetiniň sekretary Aýsoltanyň ýazan ýazgysynda Nurynyň doglan ýyly, aýy, sagady-minudy belli. Ol 1940-njy ýylyň 24-nji fewraly, 19 sagat, 20 minut. "Nury bilen bolup geçen waka 1943-nji ýylyň mart aýy bolmaly“ diýip, Bäşim aga tassyklaýar. 17.02.2017. Şu gün öýlän Tejenden uniwersitet ýoldaşym Baýram Şalyýew jaň edip: «8-nji klasda ene dili kitabynda «Sumbar» diýen goşgyňy çagalara geçdim. Atamyradyňam «Bugdaýly meýdan» diýen goşgusyny geçdim. Okuwçylaryň hemmesi saňa salam aýdýarlar. Şumat sapakdan jaň edip durun“ – diýdi. 48 ýyl mundan owal uniwersitetiň 6-njy umumy ýaşaýyş jaýynyň 6-njy otagynda Baýram we beýleki oglanlar bilen bile bolanymyzda, ýene 48 ýyldan Baýram jaň edip: «Allaýar, okuwçylaryma seniň döredijiligiň hakda sapak geçdim» diýip, pikir etdimmikäm?! Belki, şo watlar muny Baýramyň özem pikir eden däldir. 29.04.2017. Birki günlükde Meret Orazberdiden «Ýagdaýlaryň mähili?» diýip soranda, ol «Şumat biri öldürip gitse, sag bolsun diýip aýtjak» diýipdir. X X X Çary Kuly gürrüň berýär: – Babaly aga diýip bir obadaşymyz bardy. Ömür süriň yzynda gezdi. Çoluk boldy. Ömrüni çopançylyk eden kakam (Hudaýguly aga – A.Ç.) öz çolugy Babaly agadan, çaý başynda: – Şu ýaşan ömrüňde näme armanyň boldy? – diýip sorapdyr. Pahyr şonda: – Aýtsam, iller ýaly ....... üstünde taýagymy kese goýup eşekde oturmadym – diýipdir. Pahyr ol bütin ömrüne çopan taýagyny arzuw eden eken. 2.05.2017. Şu gün Milli golýazmalar institutynyň alymlar geňeşinde başga işler bilen filologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Nepesiň meýilnamaly işini – türkmen edebiýatynda kasyda temasyndan ýazylan işe seredildi. «Kasyda nähili ölçegde, nähili formada ýazylan» ýaly ýönekeýje sowallara-da jogap berip bilmedi. «Türkmen edebiýatynda döredilen nähili kasyda bar?» diýen sowala (Bu sowaly institutyň direktory Annagurban Aşyrow berdi) hem «Iliç Lenindir, biliň» diýen goşgyny mysal getirdi. Işiň möhleti üç ýyllyk eken. Öňki meýilnamaly işi-de gürrüňli bolupdyr. A.Aşyrow şonda «Öz işiň hakda birje sözlem ýazaýmaly ekeniň-dä!» diýipdir. 12.05.2017. Şu gün agşam prokuror bolup işlänleriň 20-siniň basylandygyny görkezdiler. Ýaş oglanlar, ýöne haramzadalar. Şeýle hem nebit-gaz pudagynda işlänleriň hem birtopary basylan. Aglap, toba edýärler. Haram ýol bilen gazanan baýlyklaryny görkezdiler. Azyk senagatynyň düzüminde işlänler, Baýramaly ýag zawodynyň direktory we ş.m., Senagat ministriniň orunbasary, Bäherden sement zawodynyň ýolbaşçylary. Arada Ministrler Kabinetiň orunbasary Ereşowyň özüni asmagy hem şolar bilen bagly bolmaly. Atdaýew prokurorlyga bellenildi. Parahorluga garşy köpçülikleýin göreş yglan edildi!!! X X X Agşam şahyr Halyl Kulyýew hakda telegepleşik berildi. Edebiýatçy alym Çary Kulyýew öz çykyşynda meniň Halyl şahyr hakyndaky goşgymdan mysal getirdi. 15.05.2017. Şu gün Milli golýazmalar institutynyň 25 ýyl bäri direktory bolup işlän filologiýa ylymlarynyň doktory, TYA-nyň habarçy - agzasy Annagurban Aşyrow wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine golaýda kandidatlyk dissertasiýasyny goran Dawut Orazsähedow bellenildi. Dawut institutyň bölüm müdiri bolup işleýärdi. 16.05.2017. Mämmet Orus ýogalypdyr, ýedisi dagam geçen bolmaly. Bir aýlykda 80 ýaşan eken. Telefonda gutlapdym. Onuň ýogalanyny men Azat Rahmandan eşitdim. Kakabaý Ylýasa jaň etsem, ol eşitmän eken. 20.06.2017. Düýn işleýän Milli golýazmalar institutymyzyň hojalyk orunbasary Begmyradyň gürrüňi boýunça Annagurban Aşyrowyň direktorlyk eden döwründe şeýle bir waka bolupdyr. Institutyň işgäri filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myrat Çaryýew ýogalandan soň, onuň ogly «Kakamdan galan ýazgylar kän. Şony fonda tabşyrjak» diýip gelipdir. Begmyrat bir furgon maşyny mas ýükläp, Myrat Çaryýewiň türkmen edebiýatyna, halk döredijiligine degişli uzak ýyllaryň dowamynda toplan gymmatly materiallaryny getirip kitaphana tabşyrypdyr. Birki günden kitaphana müdirlik edýän gelin «Ýer ýok» bahanasy bilen ony zibilhana taşladýar. Düýn maňa: "Golýazmalaryňy tabşyr bize“ – diýýärler. Sesimi çykarmadym. Ýene-de bir zat, Begmyrat otuzynjy ýyllaryň başlarynda ýygnalan uly bir papkanyň skladda ýatandygyny, onuň hem beýleki materiallar bilen zibilhana taşlananda säwlik bilen galandygyny aýtdy. Şu gün men ýaňky papkadaky materiallara göz gezdirjek. 27.07.2017. (22:50) (dördünji gün) Ýaňy Kakabaý Ylýas jaň etdi. «Hiç zat eşitmediňmi?» diýip sorady. «Ýok» diýdim. «Şu gün Aşyr ýogalypdyr, tarpa-taýyn» diýdi. «Haýsy Aşyr?» diýip sorasam, «Aşyr Mämili» diýdi. Bu habary oňa Kakabaý Ataýew aýdypdyr. «Bir hepde mundan öň «Geçip barýadym-da, sowulaýdym» diýip, öýe gelip meni sorap gitdi» diýdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun! Ol: – Gitmäge boýun-la. Ýöne gidesiň hem gelenok – diýdi. – Şu gün irden erbet boldum. Essim aýylyp, gepläp bilmedim. Wraç çagyrdylar, asma ukol etdi. Iki-üç sagat ýanymda oturdy – diýdi. 28.07.2017. Şu gün f.y.k. Gurbanjemal Ylýasowa komandirowkadan dolanyp geldi. Olar iki hepdeläp Maryda halk döredijiligini ýygnadylar. Juma Keroglyýew, Muhammetöwez Arrykow, Muhammetberdi, Aýnabat Çerkezowa... ýaly halk mirasyna sarpa goýýan adamlar oňa kömek beripdirler. Ol türkmengalaly 80 ýaşly Yslam aga, murgaply Hajy aga – Aşyr Salyhow ýaly bilermen adamlardan köp zatlar ýazyp alypdyr. Aşyr Salyhowy ýazyjy Atajan Tagan salgy beripdir. «Hajy aga köp zat bilýär. Hökman şony görüň» diýipdir. Aşyr Salyhow 50-60 ýaşlarynda, Gurbanjemal onuň bilen belli bir gynançly wakany aýtdy. Aşyr Salyhow köne golýazmalary kitap edýän eken. Obadaşlarynyň biri köne golýazma getirip, şony daşladypdyr. Ol adam daşlanan kitaby Aşgabada – mertebeli bir ýere ugradan bolmaly. Onuň ýaly daşlanan kitap hiç ýerde ýok diýýär. Bir günem etrabyň degişli gutamasyndan gelip, onuň öýündäki 50-60 kitaby –jähekli bezelen daşlanan köne golýazmalary onuň gözüniň alnynda ýakypdyrlar. Näme üçin?.. Gaýtam köne golýazmany şeýle owadan, ussatlyk bilen daş ýasap bilen adamy arzylamaly dälmi näme? 29.07.2017. (Şenbe) Şu gün Aşgabatda awtobus bilen «Tiz kömek» maşynyndan başga ulag gatnamaýar. Ýaňy tarelkaly kanaldan «Zapiski migranta» atly dokumental filme tomaşa etdim. Orsyýediň dürli künjeklerinde ýurduny taşlap, iş diýip gaýdan ermeni erkekdir aýallarynyň düşen ýagdaýyna ýürek gyýym-gyýym boldy. Olar özleriniň düşen ýagdaýlarynyň esasy günäkärleri diýip Ermenistanyň ýolbaşçylaryny görkezýärler. X X X Ýaňy ýazyjy Atajan Tagan jaň edip, «Öňňin seni gözledim. Aşyr Mämiliň ýogalanyny aýtjakdym“ – diýdi. Ony eşidenimi aýdyp, gynanjymy bildirdim. --Jaň edip, gürleşenimizde sen hakda gowy sözleri aýdýardy. Ertir 3-i – diýdi. – Ýaşaýan ýerini bilemok –diýsem: – Öňki ýaşan ýerinden göçüpdir. Köşüdäki täze jaýlarda ýaşaýan bolmaly-diýdi. – Meniň ulagym bar. Bile gideliň – diýsem, Atajan Tagan öňki endigine görä, «Eşidemok. Duşuşanymyzda gürrüň ederis» diýip, trubkany goýdy. 16.08.17. Düýn edarada kiçiräk ýygnak boldy. Bölüm müdiri dynç alyşda bolansoň, maňa „gatnaş“ diýdiler. Aziada oýunlaryna biziň institutymyzyň goşmaly goşandy hakda-da gürrüň edildi. Ulagly adamlar öz maşynlaryny ýaşaýan ýerlerinde goýmaly däl. Institutdan 38 sany ýaş oglan-gyz oýun döwründe janköýer bolup gatnaşýar. Gatnaşmaýan ýaşuly işgärler şol oglan-gyzlaryň oýunlara gatnaşmaklary üçin olaryň biletlerini satyn alyp bermeli – diýdiler. 17-nji awgust --şäherde awtoulagsyz gün. X X X Şu gün irden işe barýarkam, Atajan Tagana gabat geldim. Hal-ahwal soraşdyk. «Bir otagly kwartiram bar. Ine, şo jaýda ýaşaýan» diýip, oňa görkezdim. Atamyrat Atabaýewden gürrüň açdy. «Daşary ýurtda kitabymy çykardypdyrlar» diýip aýtsam, begenmegiň deregine, «Meňem goşgularymy gazaklar çap edipdir» diýdi. «Kyrk ýylda ýazylan kitabymyň golýazmasyny okan žurnalist gelin: «Kitabyň içindäki bir familiýany azaltmasaň, kitabyňy okan adam bolmaz» diýdi. Ol Atamyrady göz öňünde tutan eken. Men soň onuň maslahatyna eýerip, Atamyratly ýerleri aýryşdyrdym» diýdi. Aýtsa aýtdy weli, ol barybir Atamyratsyz gürrüň etmeýär. 12.09.2017. Şu gün Annameret üçin iş sorap arheologiýa institutyna, bir gowy ýoldaşyma ýüz tutdum. Sypaýyçylyk bilen işiň ýokdugyny aýtdy. Annamerediň özem bir oglandan iş tapmagyny sorapdyr. Olaram sypaýyçylyk bilen jogap beripdirler. Agşam ol maňa jaň edip, «Özümi asaýyn» diýen pikire geldim» – diýdi. O gün başga bir 80 ýaşly tanşym – Kakabaý Y. jaň edip «Janymy al diýip Alladan dileg edýän» diýdi. Ol indi birnäçe ýyldan bäri öýünde ýarawsyz. Meniň hem şu gün göwnüme degdiler. Meniň göwnüme degen oglan assyrynlyk bilen satýar. Neresse bilinmez öýdýändir-dä! Gaharlanyşdyk. Bir göwnüm işden çyk. Ajyňdan ölesiň ýok – diýýär. Şunuň ýaly biri bilen men «Edebiýat we sungat» gazetinde işläpdim. Onuň adyny tutup oturmaýyn.. Ol ýazyjy Kakaly Berdiýewiň – ol şol döwür baş redaktordy – hyzmatkäridi. Kakaly işden gidenden soň onuň eden ýagşylyklaryny derrew ýadyndan çykardy. Ikilik etdi. Täze aga tapynyp, (Kakamyrat Ballyýew - A.Ç.), şolaryň çawuşçysy boldy. Ol häzirem radioda işleýär, şol öňki «käri» diýip bile işleýänler aýdýarlar. 17.09.2017 (ýekşenbe) Şu gün Aşgabatda 5-nji Aziada oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş biziň aýdymymyz – kompozitor Kerim Garawow bilen ýazan aýdymymyzyň gaýtalanmasy bilen açyldy. Aýdymy müňlerçe aýdymçy ýerine ýetirdi. Mundan öňinçä Kerim maňa jaň edip, açylyşda aýdyljakdygyny habar berdi. Aýdymyň ady «Arkadag bilen». Men aýdym üçin bu goşgyny 2009-njy ýylyň 30-njy iýulynda kompozitor Kerim Garawowyň haýyşy bilen, oňa gowşurypdym. Ine, şol golýazmam: "Kerim üçin. 30.07.09. Allaýar Çüriýew ARKADAG BILEN Gurulýar binalar, gurulýar ýollar, Galkynýar Watanym Arkadag bilen. Gujak gerýär bu gün jennet mekany, Gurýas bu jenneti Arkadag bilen. Gaýtalamak Ýaşasyn Arkadag, ýaşasyn baky, Pähim-paýhasyndan ýolumyz ýagty. Bagş etdi halkyna öçmejek bagty, Işlerimiz rowaç Arkadag bilen. Ýaşa diýip, ýaş-u-garry seslenýär, Her günümiz toý-baýrama beslenýär. Türkmenistan ýer ýüzünde islenýär, Döwletiň daýanjy Arkadag bilen, Halkymyň ynanjy Arkadag bilen.“ 17.09.2017. 2017, Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň dabarasy şu aýdymyň iki setir gaýtalanmasy bilen açyldy. "Olimpiýa stadionynda «Aşgabat -- 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy «Ýaşa sen, Arkadag!» diýen aýdym ýerine ýetirilýär. Onda tutuş türkmen halkynyň öz Lideri bilen jebisliginiň alamaty, ajaýyp eýýamda, ajaýyp ýurtda ýaşamak we döretmek bagtyna çäksiz hoşallyk duýgusy beýanyny tapýar.“ (Türkmeninformyň habary. Gazetden) 28.09.2017. Uzaga çeken yssydan soň, şu gün howa salkyn boldy. Hakyky güýz günleri başlandy duýseňem boljak. Sagat 10-larda ýagyşam az-owlak damjalan eken. Yssy ýürege düşdi. Çydar ýaly bolmady. 01.10.2017. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başlarynda Bäherden etrabynyň nohurlylaryny «dine ynanýaňyz, işläňzok» bahanasy bilen gysyp başladylar. Partiýanyň Aşgabat obkomynyň 1-nji sekretary Poda Annaorazowdy. Onuň özi Garrynohur, Garawul obalarynyň adamlaryny ýygnap, ýygnak geçirende, ol haýbat atyp, «tüssäňiz göni çykýar» diýipdir. Şonda aýy tiresinden biri, «Dogry aýdýaň. Ýer ýüzünde biziňki ýaly tüssesi göni çykýan oba ýokdur» diýip, gorkman aýdypdyr. Obanyň ýaşulusy Allaýar mollany çykyş etdiripdirler. Şonda Allaýar molla halkyň öňüne çykyp, «Men munuň ýaly zady nemeslerde-de görmedim» diýip, nemes dilinde gürläp, tribunadan düşüpdir. Ol Beýik Watançylyga gatnaşan adamdy. Men şo döwürde telewideniýede baş redaktor bolup işleýärdim. Şo ýygnagy telewizorda görkezdiler. Nohurlylary masgara etjek boldular. Edil şo wagtlar men Muhammetguly Atabaýew hakda, Hajy Atabaýew hakda, Öwezgeldi Atabaýew hakda gepleşikler taýýarlap, tomaşaçylara hödürledim. Olaryň Gaýgysyz Atabaýew bilen egindeş bolandyklaryny, olaryň Nohur obasynda doglup, halk üçin jan çekendiklerini ýazýardym. 01.10.2017. Ýaňy dellekhanada, özüni professor diýip atlandyran 74 ýaşlaryndaky Gara Garaýew diýen bir ýaşuly bilen tanyşdym. Gürrüňinden onuň ýanymyzdaky demir ýol keselhanasynda işleýändigini bildim. 1953-nji ýylda Aşgabatdaky 7-nji orta mekdebe barypdyr. Mekdepde şo döwürlerde ähli sapaklar iňlis dilinde okadylýan eken. Direktory Winogradow, soň Borisow diýip biri mekdebe ýolbaşçylyk eden. Ol Winogradowyň döwründe mekdebi gutarypdyr. Medisina ugrundan işläpdir. 1985–1995-nji ýyllarda Los-Anželesde ýaşapdyr, işläpdir. Şo döwürlerde 200 töweregi türkmen maşgalasy şo ýerde ýaşaýan eken. 25 müň dollar aýlyk alyp, onuň 800 dollaryny jaýa töläpdir. Şo on ýylyň içinde bir gezek poliseý eşikli adamy gördüm diýýär. Ol Moskwada Ýelsiniň ýüregini operasiýa eden Akçurin dagy bilen bile okapdyr. Şo wagt Aşgabada-da işe çagyrylypdyr. Edebiýatdan, sungatdan gowy baş çykarýar. Kerim Gurbannepesiň goşgularyndan ýatdan aýtdy. Moskwa gelende Kerim aga goşgy okady. Onuň bir goşgusyny öz terjimesinde okap berende, ol terjime Gara aganyň göwnüne ýarapdyr. Elindäki «Menzil» kitabyny sowgat bermegi haýyş edipdir. Şo goşgy Kerim aganyň Moskwada çykan iki tomlugynda ýerleşdirilipdir. «Gara Garaýewiň terjimesinde» diýlip ýazylypdyr. Men oňa Çary Aşyryň Moskwada okan döwründe – otuzynjy ýyllar, özüni Garaýew atly bir türkmeniň metroda aýlandygyny, onuň metro ýolbaşçylarynyň biri bolandygyny, soň onuň Aşgabada gelip, ýeke ýaşandygyny aýtdym. Gara aga: "Ol biziň doganoglan agamyzdy” – diýdi. Ýene bir täsin zat aýtdy – Gylyç Kulyýewiň «Gara kerwen» romanynda öz atalary hakynda maglumatyň bardygyny aýtdy. Romanda iki adamyň 1798-nji ýylda Sankt-Peterburgda okandygy ýazylypdyr. «Şo ýerini bellik edipdim. Ony kimdir birine görkezjek bolandyryn. Şonuň bilenem ýitdi» diýdi. Onuň bilen «Garagum» magazininiň ýanynda hoşlaşanymyzda men özümi tanatdym. Ol geň galyp, elini täzeden uzadyp, meniň bilen täzeden görüşdi. «Nähoşluk ýüze çyksa, göni meniň ýanyma gel» diýibem aýtdy. Dellekhanada oturanymyzda ol Nyýazowyň Tirkiş Jumageldi hakda aýdanyny, menem Berdimyrat ahun bilen onuň (S.N.) barasyndaky gürrüňi aýtdym. Durmuşda şeýle adamlar gabat gelýär: olar bilen söhbetdeş bolmak aňsat bolýar. Öňden tanyş adamlar ýaly bolup gürrüňe goşulýaň. Gara aga-da şeýle adamlaryň hilinden bolmaly. Ýene bir zat, onuň 26 ýaşly Kakajan diýen agtygy Kembriž uniwersitetini tamamlapdyr. Häzir Sankt-Peterburgda işleýärmiş. Analitik. Fransuz gyzyna öýlenipdir. Gara aganyň aýtmagyna görä, o gyz graf Orlowyň neberesinden bolmaly. Gara aga aspiranturany hem, doktoranturany hem Moskwada okapdyr. 04.10.2017. Şu gün Tuwakbibi Kulyýewna Amangeldiýewa bilen pensiýa berilýän okoşkanyň öňünde gabatlaşdyk. Maňa seredip, adymy sorady. Adymy aýtdym. Inim Meredi sorady. Hal-ahwal soraşdyk. «Işleýäňmi? – diýip soradym. Işlemeýän eken. – Şu günler Kerim aganyň kitabyny okaýan – diýdi. – «Menzilinimi?». – Ýok. «Düýn we şu gün» kitabyny. – 56 ýaşynda ýogaldy öýdýän. – Ýok, 59 ýaşynda ,1-nji sentýabr güni – diýdim. – Dünýä diýeniň boş eken – diýdi. Ýüzüne seretdim. Gözleri çygjaran eken. Pensiýa puluny aldy. Hoşlaşdyk. Tuwakbibi bizden ýaşy uly. Durmuşa çykmady. Ol komsomolda işledi. Geçen asyryň segseninji ýyllary hem bolmagy mümkin, Ministrler Sowetiniň başlygynyň orunbasary, Metbugat komitetiniň başlygy wezipelerinde işledi. – «Ýüregiň emri bilen» kitabymyň çykmagyna kömek etdiňiz – diýdim. – Kömegim degen bolsa bolýar – diýdi. 07.10.2017. 5-nji oktýabrda institutyň baş buhgalteriniň adamsy Öre Ýowjanowyň irden ýüreginden tutup ýogalandygyny aýtdylar. Daşoguza, Gubadaga – doglan ýerine ugratdyk. Öre bilen men samolýodyň üstünde tanşypdym. Megerem, 1975-nji ýyldy. Moskwada Ýokary komsomol mekdebini şol ýyl tamamlap, Aşgabada gaýdanymda, ol hem Aşgabada barýan eken. "Aspiranturada okaýan“ diýdi. Onuň telefonyny bloknodyma ýazyp alypdym. Şondan soň men ony ýeke gezegem görmedim. 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Milli golýazmalar institutyna işe giremde, onuň aýaly mendigimi bilip, «Siz Allaýar Çüriýewmi? Meňem ýaşulym sizi ýatlaýar» diýdi. Ol bütin ömrüni halk holalygy institutynda mugallymçylyk eden bolmaly. 14.10.2017. Ýaňy Gurban Hallyýewiç Agalyýewiň öýlerine baryp, onuň hal-ýagdaýyndan habar aldym. Gaty horlanypdyr. Öňki görenimde beýle däldi. Öliň reňki ýüzüne urupdyr. "Ertirden bäri ýerimden turman ýatyryn.Beýlede bolýan eken. Hiç zat iýesim gelenok“ – diýdi. Men baramda sagat 3-den işleýärdi. Hoz, begiň mürepbesini, gara sliwanyň kişdesini ýanym bilen alyp barypdym. Gaýdyşyn, 12-nji mekdebiň gündogarynda ýaşaýan ady Nurmyrat öýdýän, Oraz Döwlet diýen ýaşulynyň ogluna (Gurbanjeren Döwletowanyň agasy bolmaly) gabat geldim. Ýaşan ýerinde gezelenç edýän eken. – Könekesire baryp gelýäňmi? – diýip sorady. Ol uruş döwrüniň başlaryndamy, ýa uruş başlamankamy – biziň goňşy obamyz Daýnada bolupdyr. – Meni Nury (Nury Halmämmet) böwürslen iýmäni öwretdi – diýdi. Men ondan näçenji ýylda doglanyny soradym. – Otuz ýedinji ýylda doglan. Nury menden uludy – diýdi. – Onda nämüçin Nuryň doglan ýylyny 1940-njy ýyl diýip görkezýärler – diýsem, belli jogap bermedi. – Kakam meni soň gelip Daýnadan äkitdi. – Şo döwür uruş başlanypmydy? – diýsem, oňa-da oňly jogap bermedi-de, «Şo wagtlar Eýran bilen aramyz gowy däl eken. Sebäbi gije obada çyra ýakdyrmaýardylar. Baýly agamyň aýaly Oguldurdy gelnejem hem Könekesirlidi – diýdi. (Diýmek, Nury Halmämmediň uly dogany Baýlynyň aýaly nohurly eken). – Aý, şumat kelläm çaşdy – diýensoň, men gülüp onuň bilen hoşlaşdym. Kellesine polotense oralgy. Diýmek, ol otuz ýedinji ýylda doglan bolsa, özüniň aýtmagyna görä Nury ondan bir ýaş uly eken. Diýmek, Nury 1935-nji ýylda dagy doglan bolmaly. 23.10.2017. Şu gün işdeş ýoldaşymyz filologiýa ylymlarynyň kandidaty folklorçy Gurbanjemal Ylýasowa şeýle bir wakany gürrüň berdi. Ol Çärjew pedinstitutynyň mugallymy Jepbar Hatamowyň toýuna gatnaşyp geldi. Gurbanjemal öz Mary peduçilişesiniň mugallymy Maralyň pedagogikadan ýazan kitabyna üç-dört adamyň adyny girizendiklerini gürrüň beripdir weli, Jepbar hem özi bilen baglanyşykly bir gülküli wakany aýdypdyr. Jepbar taryhdan kitap ýazyp, Bilim ministrliginiň kitap neşir edýän bölümine gelipdir. Ol ýerde Tirkeş Sadykowyň orunbasary Abdyrahman diýýäni bu kitaba ýene bir adamyň adyny goşmagy teklip edipdir. Soň üçünji adam, soň dördünji adam, soňundanam ýene bir aýaly goşmaly edipdir. Maslahatlaşmak üçin ýygnanyşanlarynda ol aýal gijä galyp gelipdir. Maslahatda bäş adamyň biriniň adyny aýyrmaly edendiklerini aýdylanda, ol aýal „Onda iň soňky familiýany aýyralyň“ diýip teklip edipdir. Soňky familiýa-da kitabyň hakyky awtory Jepbar Hatamow. Şonda Jepbaryň gahary gelip, kitabyň golýazmasyny alyp, çykyp gaýdypdyr. 27.10.2017. 0350 Meret daňdan sagat 5 bolmanka jaň etdi. Ýüregim ýaryldy. Gurban Hallyýewiç Agalyýew ýogalypdyr. Gyzy Jahan jaň edipdir. «3-üň ýarynda jan berdi» diýip aýdypdyr. Gurbany sorap gaýdanyma bir hepde dagy boldy. Ol babamyz Hudaýberen serdaryň aýal dogany Oguldöndiden bolan Hallynyň ogly. Meret: – Ýene bir sagatdan yzyňdan baraýyn- diýdi. 31.10.2017. Düýn (birinji gün) Gurban Agalyýewiň 3-i güni bellenildi. Hojaguly Narlyýew aýaly Maýa Aýmedowa bilen geldi. Hojaguly Çoganla gonamçylyga hem gitdi. Gurbany ýere duwlanymyz hem şoldy weli gaty şemal turdy. Düýn howa 40 gradus yssy, belki, ondanam ýokary boldy. Şu günem howa yssy. 03.11.2017. Şu gün – bäşinji gün – agşam «Ruhy çyragym» atly gepleşikde Çary Aşyrow hakda gürrüň etjekler. Gepleşigi alyp barýan Täzegül maňa biziň 1990-njy ýylda döreden «Çary Aşyrow» atly dokumental telefilmimizi (režissýory Çerkez Şamyradow) hakda 5-6 minut gürrüň bermegimi, meni ýazgy etmek hakda öz kuratorynyň aýdanyny maňa aýdyp, jaň etdi. Düýn irden işe geldiler, ýazgy etdiler. Mundan başga-da gepleşikde şol filmlerden bölekler görkezjekdigini hem Täzegül aýtdy. Nesip bolsa, gepleşigi agşam TW-de göreris. R.S.: Täzegül jaň edende kuratoryň (kurator diýýäni Milli howpsuzlyk komitetiniň telewideniýä gözegçilik edýän işgäri diýip düşündim) «Çüriýewi ýazgy etdiňizmi?» diýen soragyna «ýok» diýip jogap berenini, soňam ol Medeniýet ministrliginden meni soranda, ministrlikdäki işgäriň (Garlyýew) wagty bilen belli zat aýtmanlygyny aýtdym diýdi. Şonda kurator «Ýazgy ediň!» diýipdir. Men hakda gürrüň çykmagynyň sebäbi, jaňdan bir gün öň Täzegüle gyssagly Çary Aşyr hakda gepleşik taýýarlamagy buýurdylar. Başlygy “5-nji gün gepleşik meniň stolumyň üstünde bolsun» duýdi diýip, aýtdy. Täzegül biziň telefilmimizden habarly. A.Agabaýew hakda gepleşik taýýarlanda-da ol filmde Agabaýew Ýazyjylar soýuzynyň başlygy hökmünde (1980 ý.) Çary Aşyr hakda gürleýärdi. Şo bölegi gepleşikde gidipdi. Täzegül täze gepleşik hakda kuratora maglumat berende, men hakda şo telefilmden hem ulanjakdygyny aýdan bolmaly. 05.11.2017. Gepleşik şenbe, şu gün sagat 6-dan soň görkeziljek diýip, Täzegül 5-nji gün işiň ahyrynda maňa jaň edip, „siziň telefilmiňiz meniň dadyma ýetişdi, sag boluň“ diýdi. Işden çykyp, öýe gaýdyp gelýärkäm, Gurbanjemal Ylýasowa (işdeş ýoldaşymyz) jaň edip, gepleşik şenbe gününe geçiripdirler – diýip jaň etdi. Muny oňa men gaýdamdan soň Täzegül jaň edip aýdypdyr. Soň öýe gelemden soň gepleşik ýekşenbe gününe – 09.11.17 geçiripdirler diýip Çary Kulyýew jaň edip, «Allaýar aga-da şuny aýt» diýip, Täzegül aýdypdyr. 06.11.2017. Şenbe güni agşam sagat 8-den işlände ätiýaç üçin «Mirasda“ näme görkezýärkäler» diýip, şo kanala geçirsem, Çary Aşyr hakdaky gepleşik gidip otyr. Adatça, şo gepleşik efire gidenden soň, dynç güni, gündiz 1-iň ýarynda görkezýärler. Ertesi şo wagt kanaly, «Mirasa» geçirdik. Gepleşik başlandy. 1 sagat dagy görkezenlerden soň gepleşigi birden kesdiler. Bu ýagdaýa men öňden belet. Gepleşigiň kesilen ýerinden «Güýz» atly etýud gepleşik berildi. Çary Aşyr hakdaky «Ruhy çyragym» gepleşigi hem görüşimiz şeýle boldy... 27.11.2017. Agşamky täzeliklerde Lebap welaýatynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň geçirilendigi hakda aýdylyp, Saparmyrat Nyýazow döwründe atlary nähak üýtgedilen etrap we şäherleriň taryhy atlary dikeldildi!!! 02.12.2017. Düýn ýazyjy Atajan Tagan işe jaň edip, Täşli Gurban hakdaky telewideniýedäki çykyşymyň gowy bolandygyny, agras pikirleri aýdandygymy aýtdy. Şo gepleşigi halamaýandyny, sebäbi şo bir adamlar – Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Hemra Şir çykyş edip ýürege düşdüler. Atamyrada «Şo gepleşikde çüýrärsiň» diýip aýtdym” diýdi. Şu gün pensiýamy almaga bardym. Ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew pensiýa gelen eken, gabat geldim. Birsalym gepleşip durduk. Golaýda aradan çykan Gurban Agalyýewi ýatladyk. Rahman Öwezi ýatlady. «Öz ildeşim bolsa-da, biderek adamdy. Men ony Maryda okaýan döwrümden tanaýan. Akmyrat Çaryguly edebiýat üýşmeleňini geçirýärdi. Şonda ol şoňa gatnaşyp, hiç kime göwni ýetmeýärdi» diýdi. Obany ýatladyk. «Öňki gören öýleriň (öz öýümiz hakynda) ýok. Körpämiz ýykyp, jaý saldy. Özem ýaşanok. Bizem baramzok» diýdim. Tirkiş «Oba barýaňmy?» diýensoň men muny aýtdym. Tirkişiň keýpi gowy. Maňa «Semräpsiň. Semremek gowy däl» diýdi. “Işleýäňmi?” – diýip sorady. „Öňki işlän ýerimden gaýtdym. Bir ýyl ýarawsyz boldum. Häzir Milli golýazmalarda işleýärin» diýdim. Onuň institutyň öňki direktory A.Aşyrowy gaty halamaýandygyny bildim. 16.12.2017. Şu gün irden bir tanşym bilen gürleşip oturdym. Ol şu zady aýtdy:«Arada Nyýazowyň ýanynda işlän oglanlaryň biri bilen gürleşdim. Baýramçylyk konsertleriniň birinde özbegistanly aýdymçy gyz Ýyldyz Nyýazowyň «Eje» diýen goşgusyna aýdymy aýdanda Nyýazow 5-10 minutlap aglady.” Ony goraýanlar Nyýazowyň töwereginde oturan ýaşlara we beýlekilere görmezlige salyp, ýüzlerini aşak sallap oturmaklaryny sargapdyrlar. 19.12.2017. Şu gün institutda (Milli golýazmalar) alymlar geňeşinde filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, institutyň baş ylmy işgäri Öwezdurdy Nepesowyň we beýlekileriň meýilnama işleriniň maslahaty boldy.. Öňki deslapky maslahatda-da doktoryň işiniň düýbünden bolmaýandygyny aýdypdylar. Şo geňeşe men gatnaşypdym. Halk ýazyjysynyň we ylymlaryň doktory Ö.Nepesowyň işiniň bu gezekki maslahatynda synçylar hem, geňeşiň agzalarynyň birnäçesi çykyş edip, işiniň ylmy taýdan gowy derňelmändigini, ol işiň ylmy-derňew däldigini aýdypdyrlar. Munda institutyň uly ylmy işgäri Döwlet Ýazkulyýew meseläni prinsipial goýupdyr. Işiň ady «Türkmen edebiýatynda kasyda žanry». Akademik Myratgeldi Söýegow bu işi «Derňewler we tekstler» diýen at bilen üýtgedilse laýyk boljakdygyny teklip etse-de, onuň teklibi ýer almandyr. Öwezdurdy «Meniň işimi okamadylar» diýip, nadaralyk edenden soň, synçy Täjigözel (filologiýa ylymlarynyň kandidaty) «Men bu 400 sahypalyk işiňi iki gezek okap çykdym. Iki gezekde edilen bellikleriň birini hem düzetmediňiz» diýse, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedowa geplemek ýeňil düşmese-de (onuň bokurdagy indi köp ýyldan bäri operasiýa edilen) barmagyny bokurdagyna degrip, «Men seniň işiňi üç gezek okadym. Belliklerden bolsa hiç hili netije çykarmadyň» diýipdir. Ö.Nepesow ahyrsoňy bolmajagyny bilip, «Men üç haýyşym bar. Birinjiden, halk ýazyjylygym üçin, ikinjiden, ylymlaryň doktorylygym üçin, üçünjidenem hajylygymyň hatyrasyna işi düzetmek üçin bir aý puryja beriň» diýip ýalbarypdyr. Ine, halal işlemän wezipesine daýanyp gazanylan bolgusyz «şan-şöhratyň» netijesiniň aýdyň mysaly!!! Ol 90-njy ýyllarda Ministreler Kabinetinde medeniýet bölüminiň müdiri bolup işledi. Soň pyssy-pyjur işleriniň üsti açylyp, işden kowuldy. Gazetde Şadurdy Çarygulyýewiň goly bilen felýeton çap edildi. Döwlet Ýazkulyýewiň aýtmagyna görä, şonda metbugat sekretary Kakamyrat Ballyýew Nepesowy basdyrtmak üçin Prezident Nyýazowyň ýanyna şu mesele bilen üç gezek girenmiş. Üçünji gezekde ol onuň ýüzüni alyp, "Indi şuny aýtsaň, özüňi işden kowaryn“ diýenmiş. Çünki onuň – Nepesowyň özüniň ýetimlikde önüp-ösendigi, kän horluklary görendigi, Nyýazowyň ýüregini awadyp, ony ynandyrandygy belli. Muňa ol – ýalan-ýaşryklara, her hili toslamalara gaty ökde. 20.12.2017. (üçünji gün) Şu gün irden filologiýa ylymlarynyň doktory, dilçi alym Orazdurdy Çommadowy Çoganlyda jaýladyk. Oňa Milli golýazmalardan men, Çommadowyň işlän Dil we edebiýat institutyndan filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aman Nurmuhammedow, ylmy işgärler Hydyr Geldiýew, Ahmet gatnaşdylar. Gonamçylykda bulardan başga merhumyň dogan-garyndaşlary, onuň oglunyň işdeş ýoldaşlary bolmagy ahmal – 5-10 sany polisiýa işgärleri gatnaşdylar. Orazdurdy Çommadowyň 50 ýyllap işlän institutyndan ýa-da akademiýanyň ýolbaşçylaryndan gonamçylykda bolmazlygy meni gynandyrdy. Orazdurdy Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäridir. Ine, ölen adamyň sarpasy! Şeýle halaty men 2007-nji ýylyň mart aýynyň başlarynda institutda işe başlanymda hem görüpdim. Görnükli edebiýatçy alym, institutyň baş ylmy işgäri Durdymuhammet Nuralyýew Çoganlyda jaýlanymyzda hem şeýle boldy: gonamçylyga Aman Nurmuhammedow, Orazdurdy Gommadow, Myrat Annaýew, Çary Kulyýew hemem men gatnaşypdym. Gonamçylyga meniň maşynymda gidip gelipdik. Eger-de şo maşyn bolmadyk bolsa, olar hem jaýşlamaga gitmezdiler! 31.12.2017. Birki günlükde bolan alymlar geňeşinde beýleki ylmy işler bilen bilelikde «ylymlaryň doktory» Öwezdurdy Nepesiň işine hem garapdyrlar. Synçy hökmünde çykyş eden institutyň bölüm müdiri Rahman Ilmämmet doktoryň işiniň ýetmez ýerlerini düzedip berendigini, indi işi alymlar geňeşiniň kabul edip biljekdigi dogrusynda aýdypdyr Ine, sowadyň ýetik bolman, ylma girseň, boljagyň şunuň ýaly masgaraçylyk. X X X Şu günler şäherde reňkli maşynyň bolsa sürmeli däl. Sürjek bolsaň maşynyň ak reňkde bolmaly. Öň reňkli bolup, soň ony boýasaňam bolanok» diýen gürrüňler ýörgünli. Ýöne men ýaňy jygyllyk bazaryna (Çoganla) gidip geldim. Maşynym asfalt reňkde bolsa-da, GAI saklamady. Gara, gyzyl, gök... maşynlaram gatnap ýör. Ýöne şunuň ýaly bolgusyz gürrüňleriň il arasynda çykmagy hem gaty gelşiksiz. Näme üçin beýle bolýar?! 03.01.2018. Düýn Döwlet Ýazkuly öýe jaň etdi. «Men 29-njy dekabrdan zähmet dynç alyşda. «Institutdaky hajymy ýa hojamy, (Öwezdurdy Nepesi göz öňünde tutýar) şu gün işden gitjek diýip arzasyny beripdir» diýdi. Ylymlaryň doktorynyň adyny göterýän adamyň düşen ýagdaýyna bir-ä haýpyň gelýär, birem gaharyň gelýär. Geçen gezekki üç ýyllyk meýilnamaly işi hem gaty gohly bolupdyr. Institutyň şo wagtky direktory Annagurban Aşyrow çydaman: «Öwezdurdy, munça zat ýazanyňa görä, öz işiň hakynda-da birje setir ýazaýmaly ekeniň» diýipdi. Birinji işi bolansoň, onuň bu işini agyr gürrüňi bilen kabul edilen eken. Ikinji işem üç ýyllyk --«Türkmen edebiýatynda kasyda žanry» işiň ady. Işde anyk zadyň, ylmy-derňewiň ýoklugyny subut etdiler. Aýratynam munda Döwlet Ýazkulyýew has-da prinsipial talap bilen çykyş etdi. 13.01.2018. Şu gün Serdar 45 ýaşady. Men 45 ýaşamda Änewdedim. Imranyň bir ýaş iki aýlyk gyzy Jemal bilen Serdar üçümiz öýde surata düşdük. Hoşlaşamda Jemaly maşyna mündürip, öýleriniň töwereginden iki gezek aýlandyk. 16.01.2018. Ýaňy 12-nji mekdebiň ýanynda Tirkiş Jumageldiýewe gabat geldim. Ýarym sagatdan gowrak gürleşip durduk. "Ýörämde döşüm agyrýar“ diýsem, ol "preduktal" diýen dermany salgy berdi. "Işemiçeskiý bolezn" diýdi. Hamza (mekdep okuwçysy, goňşymyzyň ogly) birtopar mekdep okuwçy ýoldaşlaryny görkezip, «Ine, şu Allaýar Çüriýew diýsem ynananoklar» diýdi. Tirkiş ikimiz çagalar bilen salamlaşdyk. Men «Şu adam beýik ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew» diýsem, Tirkiş «Gerek däl. Bular tanamaz» diýdi. Muhammet Aýdogdyýew bilen işleýişlerini gürrüň berdi. Türkmen üç zady düşündirip bilse, şonda hakyky türkmen bolar. 1. Magtymgulynyň kimligini. 2. Türkmen halysyny. 3. Aýal-gyzlaryna deň garamagy başarsa. ...Bir gün sagat 4-de sekretar gyzdan (Goşjan Seýitmedowyň gyzy) «Ýanyna girjek» diýsem, Muhammet Aýdogdy (Şo wagtlar bütindünýä türkmenleriň başlygymy ýa orunbasary—A.Ç.) «Kabul edip biljek däl» diýipdir. Çykyp, hudožnikleriň ýanynda oturyp, sagat 6-da gelip ýanyna girdim. «Sen kabul etmez ýaly özüň kim?» diýip, agzyma gelenini diýdim. Çilim çekmese-de çilim otlanan boldy. «Ertir arzamy ýazjak» diýip, çykyp gaýtdym. Nyýazowyň adyna ýazan arzamda «Meni Aýdogdyýewlerden azat et» diýip ýazdym. Orazgeldi Aýdogdyýew – Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, "Nyýazow ol arzany Muhammet Aýdogdyýewiň eline beripdir“ diýdi. Soň ol «Menem maryly. Men seni gowy görýän» diýen boldy. Oň özi Atamyratlaryň (Atabaýew-A.Ç.) obasyndan , ikisem goňur, oba goňşusy. Çebşen diýen ýer bar. Şol obadan. Ýanynda-da türme bar- diýdi. R.S: Ýadymdan çykypdyr. Düýn Tirkiş bilen gürleşip durkak, Abdylla diýip bir daýaw adam geldi. Tirkiş meni tanadyp, «Munuň Çüri aga diýip gowy kakasy bardy. Tanamaýan ýokdy. Abraýly adamdy» diýip, ol kakamy ýatlady. 19.01.2018. Tamdyr çöregini alyp, dükandan çykjak wagtym Tirkiş Jumageldi girdi. (Atabaýew köçesiniň ugrundaky elektronika magaziniň gapdaly) “Şäherde tagamly çörek“ diýsem, içinden saýlap aldy. «Hemmesi gowudyr-la weli, adamyň bolşy şeýle-dä. Adam ýaly erbet zat ýok» – diýdi. – Maşynly men, öýüňize äkideýin- diýdim. – Bä, maşynam sürüp bilýäňmi? – diýip degişdi. Dükandakak ol maňa: – O gün seň göwnüňe degdim. Öýe baramdan soňam, aýtmaly däldim – diýip- ökündim – diýdi. – Özüňem duýansyň-la – diýdi. – Ýok. Göwnüme degen zat aýtmadyň. Aýdan bolsaň, men derrew aňardym – diýdim. 21.01.2018. Serdar bilen 20-21-ne Çukurýurtda, Könekesirde bolup geldik. Kürüždeýiň üsti bilen gitdik. Obada oglanlar kän gyzykly gürrüňler berdiler. Aýratynam mende Gurby ýegeniň ogly Guwanjyň okuw okaýşy täsir galdyrdy: onuň okaýan 7-nji klasynda ýekeje okuwçy okaýar. Olam Guwanç. Oňa 10-a golaý mugallym tälim berýär. Nähili okadylýar? Ol başga gürrüň! 600 müň dollarly Işanyň adamlara karz pul berip, olardan bergilerini alyp bilmän ýörşi hakda gürrüň berdiler. Onuň indi zibilhana taşlanan geçi derisiniň çöpürini gyrkyp alyp satyşy hem gyzykly. Beýik Watançylyk urşunyň etrapdaky iň soňky esgeri Annageldi Hydyr oglunyň ýogalanyny aýtdylar. Ony jaýlamaga harbylar hem gatnaşypdyrlar. Agşam Çukurýurtda bolanymyzda, «Tiz kömegiň» sürüjisi bolup işleýän Nedir düýn onuň üçi bellenendigini aýtdy. Şu gün biz Serdar bilen kakamyň, ejemiň, dogan-garyndaşlaryň üstüne baryp aýat okanymyzdan soň Annageldi aganyň ýaşan ýerine baryp aýat okap gaýtdyk. Pahyr etrapdaky lukmanlary öz gününe goýmaýan eken. Gerekli dermany üçin islendik edara jaň edip bilýän eken. Etrap merkezindäki dermanhananyň müdiri aýal «Şu adamyň öldi habaryny buşlan adamyň buşlugyna bir gijämi berjek» diýýän eken. X X X Algysyny soran bergidar bilen sene-mene edende Işany bergidary urupdyr. Milisiýany çagyrjak bolup ylgap gelen hossarlaryna Işan ýatan ýerinde ".... näme üçin jaň etjek bolýaňyz? Milisiýa düýn şu öýden gitdi ahyry“ diýip, gygyrýar diýýär. Hem gülkünç, hem agyly. X X X Amansähet Çukurýurtly Hotjy aga hakda gürrüň berdi. – Halaldy. Ir döwürlerde Nohurdan Annasona diýen dul gelne sawçy bolup barýarlar. Kakasy şobada gyzyny berip goýberipdir. Gelin Nohurdan Çukurýurda çenli pyýada iki sany atlynyň yzyna düşüp gelipdir. Kakam Hotja: «Atyň yzyna mündür» diýse, «Men nähili ata mündüreýin. Onuň bilen bize entek nika gyýylanok» diýýär. Çünki ata mündürjek bolsaň, gelni götermeli. Gelniň ady Annasona. Men ony görüpdim. Gözli aýaldy. Seretse şobada özüň bilen bagly bir zat bolýardy. Student döwrümde Çukurýurda girip, motorly Nepes agalara myhmançylyga barýardym. Howlusynda duran bir aýal maňa seredenden, motor bilen bile ýere ýazylypdym. Soňam şeýle waka boldy, ol waka biziň münüp barýan maşynymyz bilen bagly, obadan şähere barýarkak, dagyň üstünde tekerimiziň ýeli boşapdy. Şo gezegem Çukurýurdyň içi bilen barýarkak, öýüniň deňinde ol aýal bize ýiti-ýiti seredipdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |