18:44 Gündelikde galanlar -28/ dowamy | |
22.01.2018.
Ýatlamalar
Şu gün Kakabaý Ylýas jaň etdi. «Bir çüýşe arak getirseň. Öýde hiç kim ýok. Görmezler. Bolmasa aýnadan uzadaý» diýip, agy gatyşykly ses bilen aýtdy. Obadan gelip, ýoňlapdym. Oňa garamazdan, «Bolýa» diýip, öýden bir çüýşäni gazete dolap, plaşymyň goltuk jübüsine salyp, maşynly ýola düşdüm. Aşak düşenimden döşüm agyryp başlady. Gitmese-de boljakdy. Ýöne, «bolýa» diýemsoň, näme bolsa görüberýäs-de diýip maşyny otladym. Barýançam ýüregim goýbermedi. Barsam, gapysyny çalarak açyp, gapyň öňünde oturan eken. Çüýşäni görüp, «dolumy?» diýip sorady. Muňa gaharym geldi-de, sesimi çykarmadym. Elinden tutup, bolýan otagyna äkitdim. «Ýagdaýyň erbet eken-ä“ diýdim. «Stoluň aşagyndaky gara portfeliň içine salaý» diýdi. Çykyp gaýtdym. Gapydan çykamda, 2-nji etažda ýaşaýan gyzy oňa podnosly nahar getirýär eken. Salamlaşyp, çykyp gaýtdym. Ýüregimiň agyrysy (stenokardiýa) öýe gelemden soň köşeşdi. X X X Kompozitor Gurbandurdy Çaryýew bilen telefonda gürleşdim. Gözleri görmän öýünde ýatyr. Weli Muhadowyň elinde okan. „Başda öz ogly ýaly gowy görýärdi“ diýdi. Soň Rejep Rejep, Çary Nurymow dagy ogly Serdaryň üsti bilen Gurbany ýamanlaýarlar. Weli Muhadowiçiň bir häsiýeti – kim öňürdip ýamanlasa, şoňa-da ynanýan eken. Institutda sapagyny gutarandan soň, Weli Muhadowiçiň özüniň haýyşy boýunça Gurban ony öýüne çenli ugradýan eken: --Bäşinji çagamyz gyz boldy. Weli Muhadowiçe: «Buşluk, gyzymyz boldy» – diýsem, – Bes et- how, munça çagany nätjek? – diýen ýaly bir zat diýdi. – Men günäkär däl, çyra günäkär – diýsem, – O nähili çyra? – diýdi. – Biziň ýaşaýan ýerimizde çyra kän ýanmaýar. Şonuň üçin bir zada güýmenmeli bolýa-da – diýsem, Weli Muhadow içini tutup güldi. – Adygül, diňlesene! – diýip, aýalyna gygyrdy. Pahyryň kän bir degişme gürrüňlerden habary ýok. Öýüne çenli ugradamda güldürýän. „Bu gürrüňleri nireden tapýaň? – diýýär. – Daňa çenli-de aýdaryn – diýsem, – Näme, meni daňa çenli güldürip öldürjek bolýaňmy? – diýerdi. Diplom işimi gorap, şo gün agşam oglanlar bilen ýuwduk. Irden tursam, bolar ýaly däl. Aman Çakan, rektor, meni maşynyna mündürip, mugallymlaryň öýüne getirdi. Palaw bişiripdir. Oturdyk. Serdar ogly geldi. – Serdar, men okuwymy gutardym. Dostlaryňam içi ýansyn – diýdim. Serdar çykyp gitdi. Nahar başynda „maňa-da guý“ diýen ýaly yşarat etdi. Guýdum. Içdi-de, stakany meniň öňüme süýşürip: – Gurban jan, arakdan gelýän peýda ýokdur – diýýär. – Ine, şundan soň bir adam seniň ýazan eserleriňe hiç kim hiç zat diýip bilsin-dä – diýdi. Ak pata berdigi eken. – Ýene okasam nähili bolar? – diýip degişdim. – Ýok, ýok. Indi okuw boldy – diýdi. 26.01.2018. Şu gije düýşüme ýazyjy Kakaly Berdiýew giripdir. Akademik Şamyrat Täşliýew hem bar eken – diýýän. Irden gezelenje çykdym. Işden Sähet jaň edip, şu günki «Edebiýat we sungat» gazetinde Ales Karlýukewiçiň Kakaly Berdiýew hakynda ýazan ýatlamasynyň çap edilendigini ýazypdyr. Alesiň özi Belorussiýadan. Men ony tanaýardym. Ol harby ofiserdi. Şo wagtlar ol biziň işleýän gazetimiziň redaksiýasyna («Edebiýat we sungat») gelýärdi. Gazetiň redaktory Kakaly Berdiýewdi. Men onuň orunbasary bolup işleýärdim. Ales öz ýatlamasynda meniň hem adymy agzapdyr. Men häzir zähmet rugsadynda bolamsoň, Sähede şo gazeti saklamagyny haýyş etdim. 31.01.2018 (çarşenbe) Aşgabat şäherinde Beýik Watançylyk urşunyň iň soňky esgerleriniň biri Nurberdi aga Guşlyýewi şu gün iň soňky ýoluna (11 sag.) ugratdyk. Oňa köp adam gatnaşdy. Ýöne men urşa gatnaşan adamlardan , ýa bolmasa raýon, şäher guramalarynyň resmilerinden, uruş weteranlar guramasyndan tanyş ýekeje adama-da gözüm düşmedi. Kileň goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar diýip pikir etdim. Nurberdi aga bilen biz uruş weteranlar guramasynda bile işleşdik. Men respublikan guramanyň jogapkär sekretary. Ol Azatlyk (häzirki Berkararlyk) etrabynyň uruş weteranlar guramasynyň başlygydy. Onuň bu guramada 96 ýaşyna çenli işländigini bilýän. Soňky sapar onuň ýanyna baramda 96 ýaşymda diýdi. Ol 1917-nji ýylda doglan bolmaly. Ýerligi “40 ýyllyk” kolhozyndan. Öz wagtynda kolhoz başlygam bolan. Onuň gürrüňlerini men «Gündelikde galanlar» atly kitabymyň 1-nijisinde ulanypdym. Ol hakykatçyl adamdy. Hakykatçyl bolsaň, halanmaýarsyň. Beýik Ýeňşiň 60 ýyllygyny bellämizde, gül goýmaga gidilende Oraz aga (başlygymyz) ony «Sen edarada nobatçy bolmaly» diýip, edarada nobatçy edip goýdy. Pahyr şoňa-da ynandy. Ýöne ony näme üçin äkitmändiklerini bilýän. Çünki duşuşylanda artykmaç sorag beräýmesin diýen howatyr bilen goýdularmykan öýdýän. Nurberdi aga urşuň ilkinji günlerinde Belorussiýada gulluk edýän eken. Men ony başlygyň orunbasarlygyna-da hödürledim. Ýöne Oraz aga nämüçindir onuň kandidaturasyny oňlamady. 100 ýaşly agamyz ýurduny täzeledi. Jaýyň hennetden bolsun, Nurberdi aga! X X X Şu gün ejemiz Oguldurdynyň ýogalan güni. Agşam aýat-töwir etmek üçin çagalary öýe çagyrdym. 02.02.2018. Megerem geçen ýylyň – 2017-nji ýylyň ortalaryndan aýlyk haklarynyň 10 göterim köpelýändigi yglan edilenden soň, bazarlarda zatlar gymmatlanyp başlady. Ýylyň ahyryna çenli zatlaryň bahasy käbir harytlar 3 esse, käbirleri bäş esser artdy. Düýn benziniň hem bahasy 1 manatdan, 1 manat 50 teňňe boldy. Aýdyşlaryna görä, dollaryň hem satyn alnyş nyrhy11-12 manada çenli ýetipdir. Döwlet nyrhy 3 manat näçe teňňedi. Bu zatlar wagtlaýyn zatlar. Soňy düzüw bolar. *** Bartold, 2 t, 2 çast. 239 sah. – Nowaýy hakyndaky makalasynda Ferideddin Attaryň Nişapurda seždegähini gurdurandygyny ýazýar. Diýmek, biziň obamyzdaky Şyhattaryň seždegähi Nowaýy tarapyndan gurdurylan bolmaly. Könekesir Attaryň ýogalan ýeri, soň Nowaýy bu ýerden Attaryň jesedini göçürip, Nişapura äkidip, onuň doglan ýerinde şahyryň seždegähini gurdurypdyr diýip çaklamaly. 273 sah: Mukannanyň gozgalaňy hakda ýazyp, onuň taglymatynyň mezdakitler häsiýetinde bolandygyny ýazýar. Çünki aýallaryň ortalyk bolandygy hakda aýdýar.Haçanda Türkmenistanda kolhoz gurluşygy ýola goýlanda adamlaryň arasynda aýal-gyzlaryň hem ortalyk boljakdygy hakda habar ýaýradylypdyr. Adamlaryň ýurtdan gaçyp göçüp gitmekleriniň bir sebäbem şunuň ýaly myş-myşlaryň ýaýradylmagy bolsa gerek. 274 sah: Owganystanyň demirgazygynda, Amyderýanyň ýokary akymlarynda ýaşaýan adamlar Elfinstonyň ýazmagyna görä, hezareýliler (Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan halk), eger öýüniň işiginde bir jübüt erkek köwşüniň bardygyny görse, hyrra yzyna öwrülip gidiberýän ekenler. Ahmet ibn Muhammet hem transoksan ýeretikler hakda ýazanda şunuň ýaly maglumatlar berýär. 279–277 sah: Birunynyň ýazmagyna görä (1048-nji ýylda ýogalýar), Merwde prawoslaw mutropolit bolupdyr. Araplaryň aglaba köpüsi nestorianlaryň tarapynda bolupdyrlar. Bartold neostrian medeniýetiniň üç sany şäherde jemlenendigini ýazýar: Nisibin, Jondişapursk, Merw. Merw sasanidler döwründe medeniýeti gülläp ösen şäher bolupdyr. Şo döwürlerde (halyflar döwründe) buthanalardaky ahlaksyzlygy aýdyp-goýar ýaly däl: azgynçylyk, göripçilik iň ýokary din wekilleriniň arasynda adaty ýagdaýa öwrülipdir – diýip, Bartold ýazýar. 279 sah: Samaniler döwletinde ýewreýleriň sany hristianlardan köp bolupdyr. 280–284 sah: araplaryň Orta Aziýa söwda ýoly hakda jikme-jik gürrüň berilýär. 285 sah: Bartold şeýle ýazýar: «... Pereýdýom teper k hristianam. Prof. W.D.Smirnow obratil wnimaniýe prof. Hwolsona na çto obstoýatelstwo, çto u Seldžuka byl syn Mihail (otes Togrul-beka); iz etogo, po ýego mneniýu, možno zaklýuçit, çto k guzam (sredi kotoryh wyşli seldžuki) proniklo hristianstwo, tak kak musulmane nikogda ne nosili etogo imeni. Dogadka prof. Smirnowa podwerždaýetsa tem, çto Kazwini prýamo nazywaýet guzow hristianami. On že upominaýet o skale w strane kimakow, na kotoroý byli widny sledy nog i kolen çeloweka, položiwşego zdes zemnoý poklon, sledy nog rebýonka i oslinyh kopyt; guzy pripisywali eti sledy Iisusu (begstwo Ýegipet) i poklonýalis im... ... Po slowam Abu Dulefa, u guzow byl Hram, no bez izobraženiý. Bartold, t.2, ç. 2. Baýram-Ali-han (statýa) Merwiň hany (1782–1786) Buhara hany Myrat beg bilen söweşde wepat bolýar. Kellesi Buhara getirilip, görnükli ýerde asylyp goýulýar. Onuň ikinji ogly Muhammet Kerim ýerine han saýlanýar. Uly ogly Muhammet Hüseýin Maşatda ýaşaýar. «Öz döwrüniň Platony» («Aflatun-i wakt») diýen şöhratly ada mynasyp bolýar. (Baýramaly han baradaky maglumatlary Žukowskiniň «Razwaliny starogo Merwa» atly kitabyndan gözlemeli. Bartold Žykowskiniň giýewsi. Onuň başga bir giýewsi akademik Maarrdyr). Baýramaly hanyň ejesi salyr gyzy. 17.02.2018. Şahyr Begmyrat Ussaýew bagyr keselinden ýogaldy. Aýaly Ogulgerek «Begmyrat ýogalmazyndan üç gün öň şeýle diýdi: «Şumat meň edamyma gaty bir erbet zat girdi» diýdi diýýär. Begmyrat 57 ýaşynda ýogaldy. Men onuň ölmezinden bir gün öň ýanynda boldum. Jaýyň içinde ortada ýatyrdy. Dilden-agyzdan galypdy. Ýagdaýy juda agyrdy. Nury Baýramsähedow Begmyradyň horlanyp ýatyşyny görüp, gaty aglady diýýär. Nurynyň özem Begmyratdan üç aýdan soň ýogalypdy. 23.02.2018. Öňňün ýazyjy Atajan Tagan «Goşgularyňy okadym, gowy goşgular» diýip, jaň etdi. Ol ertesi ýene jaň edip: «Şu gün bir aýal telefonda «Allaýar Çüriýew ölmedimi näme?!» diýip sorady. Şondan soň ol Ödek Ödekow bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň berdi. «Akademik öldi» diýen habary eşiden Atajan akademigiň öýüniň telefonyny bilip, jaň edipdir. Bir erkek jogap beripdir. «Ýerine men, näme soragyň bolsa, men jogap bererin» diýensoň, trubkany goýupdyr. Soň asyl görüp otursa, ýogalan Ödek Ödekow däl-de, onuň dogany eken. Muny men gündeligime ýazdym diýip Atajan aýtdy. Ýaňy Täzegül jaň etdi. P.S. Maşyny satlyga çykardym. Samsyk kemri. Nomeri – WA – 96-65 AG. Ony men 2014-nji ýylyň dekabryndan bäri sürdüm. 1996-njy ýylyň maşyny. 21.03.2018. Düýn institutda oglanlar bir wakany gürrüň berdiler. Şol waka gatnaşan institutyň direktorynyň orunbasary Rahmanberdi Godarowyň öz dilinden eşitdim. Ylymlar akademiýasyna hökümet tarapyndan birki sany ýük maşyny berlipdir. Olary adamlara görkezmek üçin, bu maşynlaryň duran ýerleri arassalanypdyr. Ýygnanyşygyň açyljak wagtynyň öňüsyrasynda bir maşyndan ýag damyp, maşynyň aşagynda az-owlak tegmil galan ekeni. Goh başlanýar. Institutlaryň direktorlaryna gara tegmili aýyrmaklaryny (muny olaryň özleri süpürmeli ekeni) berk talap edilýär. Biologiýa institutynyň direktory gelin (Orazmuhammedowa öýdýän) eglip, işe başlajak wagtam, asmandan güýçli jala ýagyp başlapdyr. Şol güýçli ýagyş direktorlary halas edipdir. X X X – 1948-de Aşgabatda Nowaýynyň ýubileýi geçirildi. Şol ýygnaga meni hem Baýýa daýym (Baýram Gurbanow – ýazyjy) öz ýany bilen äkitdi. Men şo wagtlar 12-13 ýaşlarymda bolmaly. Özbegistandan Aýbek atly ýazyjyny hem çagyrypdyrlar. Aýbegiň özi tatar bolmaly. Gulagy agyr eşidýän eken, peltekläp gürleýän eken. «Beýik özbek şahyry Nowaýy...» diýip, biri ýubileý çykyşynda aýdanda oturanlardan biri «türkmen şahyry» diýip gygyrdy – diýip, öten agşam telefonda gürleşenimizde, Kakabaý Ylýasow aýtdy. Nyýazow döwründe ýer-ýurt atlary üýtgedildi. – Meni ol şol toparyň başlygy etdi. Men bu ugurda düşünjämiň ýoklugyny bahanaladym. – Gaýgy etme. Ýanyňda Soltanşa Atanyýazow bolar. Ol şol topara goşuldy – diýdi. 22.03.2018. Düýn Kakabaý Ylýasow bilen jaň üsti bilen gürleşenimizde: «Berdinazar Hudaýnazarow maňa «Kakabaý elmydam ýataňda şuny gaýtala» diýip, bir bent goşgy aýdyp berdi diýip aýtdy- diýdi: Agşam ýatsak, ýa, Alla! Ertir tursak, ýa, Alla! Eger ýatsak , turmasak, Şükür, alhamdulylla! 22.03.2018. Ýazyjy Atajan Tagan nowruz baýramy bilen gutlady. Begmyrady (Ussaýew) ýatlady. 27.03.2018. Gurbanjemal Ylýasowa, Bägül Annabaýewa, Döwlet Annamyradow dagy bilen žurnalist Ogultuwak Garýagdyýewanyň belli gününe göründik. Onuň adamsy žurnalist Gurt Garýagdyýew bilen men 1969-njy ýylda tomus kanikuly döwründe, uniwersitetde okaýardym, «Bahar» radiostansiýasynda iki aý bile işläpdim. Soňam 1990-njy ýyllarda (az wagtlyk) radioda işleşdim. Men edebi-drama gepleşikler redaksiýasynyň baş redaktorydym. Redaksiýada Magtymguly Myşyýew, Ýagmyr Welliýew, Hudaýguly Allamyradow, Nikolaý Golowkin, Eduard Kasparow dagy bilen bile işledik. Režissýorymyz Juma Ýazmyratdy. Belli güne Juma Ýazmyrat-da geldi. “80 ýaşadym” diýýär. “Beki Seýtägiň «Doganlar» romanyny radiooýun etdim. Şonda bir gahryman ölýär. Soňky kitapda ol ýene-de diri. Şonda Beki aga aýdamda, ol «Indi gabat gelse mynjyrat» diýdi» diýýär. Bu düýbünden ýalan. Bu waka Çary Aşyr bilen bagly. Çary Aşyr mahal-mahal Dil-edebiýat institutyna tankytçy Durdymuhammet Nuralyýewiň ýanyna gelýän eken. Şo wagtlar Durdymuhammediň bölüminde laborant bolup işleýän Myrat Annaýew (biz soň onuň bilen institutda 6-7 ýyl bir ýerde işledik) bir gezek şeýle gürrüň berdi: – Çary aga bilen Durdy aga işleýän bölümimizde (bölüm institutyň podwalynda ýerleşýän eken) ýüz gram içip duran wagtlary Durdy aga oňa: – Çary aga, romanyň (gowy ýadyma düşenok «Garry serdaram» bolmagy mümkin – A.Ç.) pylanynjy sahypa – pylan sahypasynda pylan gahryman ölýär. Soň romanyň pylanynjy sahypasynda ýene hereket edýär – diýdi. Şonda Çary aga: – Durdy jan, ol indi gabat gelse, öldürewer – diýip, gülüşdiripdir. Bu wakany men Juma gürrüň bermedim. Aý ýaşuly adam, öz ýanyndan özi hoş bolsun ýörsün diýdim. Ony diňlän adamlar, elbetde, bu gürrüňe ynanarlar. Aslynda ol Çary Aşyr bilen baglanyşykly! Jyma Ýazmyrat: – Magtymguly Myşydan 80 ýaşanda «Segsen ýaş nähili?» diýip soradym. Magtymguly «Ýanyna barar ýaly däl eken» diýdi – diýýär. 02.04.2018. Şu gün sagat 0840-da, ir bilen «Allaýar daýy, kakam şumat ýogaldy» diýip, Kakabaý Ylýasyň gyzy maňa jaň etdi. Men pyýada işe barýardym. Bardym. Şu gün sagat üçüň ýarynda çykarýarlar. Atajan Taganyň öýüne habar etdim. Oglundan öňki işlän ýerlerine habar etdiňizmi diýip soradym. «Diýara» jaň etdim. Ogly Kakajan: «Komandirowka gidemde gowudy. Keselhana özüm ýerleşdirip gitdim. Infeksionna. Çoganla. Glaw wraçy Maral Bazarownanyň ogly Myrada haýyş edip gidipdim» diýdi. Şu gije gitdi. Öli getirdim. Sarylama getiripdir. Görer ýaly däl. Sap-sary “– diýdi. Men dogrudanam birküç günden bäri habarlaşyp bilmedim. Görsem, keselhana ýerleşdirilen eken. Biz onuň bilen 21-ne, soňam 3-4 gezek telefonda habarlaşypdyk. «Ýagdaýym gaty agyr» diýýärdi. Sarylama hakda hiç zat aýtmandy. Keselhanada sarylapdyr. Menem ony köşeşdirýärdim. «Hudaý ýagşy bendäme dert bererin» diýip aýdýamyşyn. Senem gaýrat et» diýýärdim. Çaltrak ölenini kem görmeýärdi. Şu ýylyň 23-nji awgustynda 80 ýaşamalydy. Ugradanlarynda Kakabaý Gurban ogly bilen, Hudaýberdi Diwanguly, Agageldi Allanazar, Akmyrat Hojanyýaz, Sapar Öre (87 ýaşadym diýýär), Annamyrat Poladow we beýleki oglanlar geldi. Hakberdi diýip bir dosty bardy. Men-ä görmedim. Öň KGB-de işlän ekeni. Ony tanaýanlaryň biriniň (has takygy, Annaberdiniň doganoglany Myrat Aýdogdyýew) oňa jaň edip gürleşip duranyny eşitdim. Hakberdi «Men şumat onuň kursdaşlaryna jaň edip durun» diýipdir. Ýalňyşmasam, ol görünmedi. Sapar Öre: «Allaýar, men seni geçen gezek orus bazarynda görüpdim. Ýaşuly bolup gidipsiň» diýdi. Atajan Tagan geldi. Ol maňa jübüsinden çykaryp, hudožnik Durdy Baýramowyň çeken meniň suratymy berdi. 04.04.2018. Gowşut Şamynyň ejesi owgan gyzy eken. Muny maňa Begmyrat Ussanyň aýaly aýtdy. Begmyrat bilen Gowşut ikisi ýegre dostdular. Durdy Hajymyrat Annamerede: « Atamyrat Atabaý gajar» diýipdir. Durdy aga «Sowet Türkmenistany» gazetinde, soň «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda köp ýyllar işledi. Ýerligi Marydandy. «Söz manysyn aňar bolsaň...» atly gowy kitabam ýazypdy. Bir gezek meniň goşgularym «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilende, olaryň içindäki «Häsiýetnama» atly goşgymda «Rahman Öweziň hakyt özüni görkezipsiň» diýdi. Men munda belli bir adamy göz öňünde tutmandym. Rahman aga bilen biz «Edebiýat we sungat» gazetinde bile işleýärdik. Ol Durdy Hajymyrat bilen gowy dostdular diýseňem boljakdy. Şonda-da Durdy aga öz dosty hakda şeýle diýdi. 06.04.2018. Baýjan bilen kakamy ýatladyk. 7-nji aprel onuň ýogalan güni. Ýaňy Gurbanjemal Ylýasowa jaň edip, murgaply gowy şahyr Muhammedöwez Arrykowyň ýogalanyny habar berdi. Men ony goşgularyndan tanaýan. Ol meniň haýyşym bilen öz goşgular kitabyny iberipdi. 08.04.2018. Düýn ýazyjy Atajan Tagan jaň etdi. Hal-ahwal soraşandan soň, «Näme edip otyrsyň! Saýlawa (Saýlaw Myradow – tankytçy) seredýäňmi?“ diýip sorady. Şo wagt «Ruhy çyragym» atly gepleşik gidýän bolmaly. Şu tapgyrda türkmen ýazyjy-şahyrlar hakda her aýda 3 sagatlyk gepleşik berýärler. Men: – Ýok, Moskwadan ýumor berýärler. Şoňa seredip otyryn – diýdim. Atajan Tagan: --Ýaňy Hemra Şir bilen gürleşdim. «Ekrandan düşeňok-la» – diýsem, «Öz günüme goýanoklar. Çykyş etmeli bolýan» – diýdi. «Men oruslaryň arasynda ýaşadym. Şolarda bir gowy söz bar: «Menýa ne obmaneş» diýip” – diýdim. Oňa-a şo sözi aýtdym – diýdi. Atamyradam şo gepleşikden düşenok. Özem garrapdyr. Goşgusyny hem oňly okap bilenok» – diýdi. Atajan Atamyradyň salyhatsyzlygyndan zeýrendi. – Gylyç Kulyýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Nazar Geldiýew, Begmyrat Ussaýew... bar. Men muny ýöne aýdýan. Ine, şol adamlaryň atlaram tutulanok. Şolar hakda gepleşik bermeli. Golaýda Atajan Annaberdi hakda gepleşik berdiler. Men oňa garşy däl. Ýöne şeýle gepleşikde bir düzgün bolmaly. Öz agramy bilen gitse gowy. Men Atajanyň gürrüňinden gepleşigiň başly-barat, belli bir düzgün boýunça gitmeýändigini aýtjak bolýanyna düşündim. Men onuň spisogyna Naryman Jumaýewi hem goşgum. – Hawa, hawa, Narymanyň ady hiç ýerde agzalanok – diýdi. Indiki gepleşigem Geldi Bäşiýew hakynda bolmaly diýýärler. Geldi Bäşiýew gowy adamdy. Radioň diktory. Şahyr däl-dä... – diýip, Atajan aýtdy. Men Atajana «Geldi Bäşiň ajaýyp aýdymlary bar» diýmekden saklandym. Çünki ýaňy Atajanyň agzan ýazyjy-şahyrlary hakda gepleşik etmän, Geldi Bäşi hakda gepleşik taýýarlamak heňe geljek däl. Men bu gepleşigiň 3 sagatlyk däl-de, bir sagatlyk bolmalydygyny aýdamda, ol meniň bilen ylalaşdy. --Gepleşigi çeper höwesjeňlere öwürmeli däl – diýdim. Çünki şol gepleşikleriň şeýle bolmalydygyny bilýänim üçin, geçen asyryň 80-nji ýyllarynda telewideniýede işlämden soň, mundan habarym bar. Atajan: – Ertir, Kakabaýyň 7-si (Kakabaý Ylýas), näçelerde barjak? – diýip sorady. – Sagat 12-ä bararyn. Yzyňdan baraýynmy? Men maşynly – diýsem, --Özüm bararyn – diýdi. Atajan taýak göterýär. Men oňa „taýak göterseň, özüňe ýeňillik bolar“ – diýip, öň aýdypdym. – Taýakly ýöremek ýeňil bolýar – diýdi. 09.04.2018. Şu gün kabinete filologiýa ylymlarynyñ kandidaty Amangül Durdyýewa gelip, «Bir maslahat bar» diýdi. Ol öz dädesi, öňki partiýa işgäri Galpak Garaýew hem agasy Rejepdurdy Garaýew hakda makala ýazmagymy haýyş edýän eken. Men onuň entek wagty däldigini, olaryň ikisiniň hem partiýa işgärleri bolandyklaryny, oňa rugsat ýokdugyny duýdurdym. Ylalaşdy. Men şo wagt Rejep Garaýew TKP MK-nyň bölüm müdiri bolup işleýän wagty onuň razylyk bermegi bilen özümiň «Edebiýat we sungat» -- işleýän gazetimden telewideniýä ýönekeý bir işgär edilip iberilenimi, birbada özümiň oturmaga stulymyň hem bolmandygyny, ýarym ýyllap öwrenişip bilmän ruhy ejir çekendigimi ýatladym. Wagt hemme zady öz ýerli-ýerinde goýýandygyna geň galdym. 17.04.2018. 14-nji aprelde Çülüde awtomobil heläkçiliginde 17 adam heläk bolupdyr. Ýaralynyň näçedigi belli däl. Bu adam heläkçiligi hakda ne metbugatda, ne radio-telewideniýede kelam agyz söz aýdylmady. 21.04.2018. Nohur dialektinde «hurda» sözi bar. Bir haryt satyn alyp, oňa-da uly pul berseň, satyjy «Mende-hä, bu puly ownadar ýaly gaýtargym ýok. Hurda puluň ýokmy?» diýýär. Hurda pul diýmek maýda, ownuk pul duýmegi aňladýar. Şu söz, meniň pikirimçe, türkmen dialektleriniň hiç birisinde-de ýok ýaly. O gün Dawut bilen çaý başynda gürrüň edip otyrkak, «Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügindäki köp söz nohur dialektinde häzire – bu güne çenli ulanylyp gelinýär» diýsem, Dawut maňa bir wakany aýtdy. --Birnäçe ýyl mundan öň, Myrat Çaryýew «Müň bir gijäni» terjime etdi. Bir gün ol institutyň howlusynda otyr. Özüniňem bir özboluşly oturşy bardy. «Myrat aga, näme otyrsyň?» diýsem, «Aý, şu perewod edýän ýerimde «Idiş» diýip, bir söz bar welin, hiç düşünemok» – diýdi. Menem şo wagt ýadyma nohurça aýdylýan «idiş» sözi düşdi. «Myrat aga, şo söz gap-gaç manysynda bolaýmasyn» diýsem, «Boldy, boldy. Şo söz» diýdi. Meniň aňlaýşyma görä, nohur dialektiniň köklerini oguz dilinden gözlemeli. Häzirlikçe muňa çuňňurlygy bilen çemeleşýän alym ýok. Öňki bolanlaram muny şu ugurda öwrenmedi ýa-da sowady ýetmedi. Häzirkiler-ä hiç wagt muny edip bilmez. Olar diňe erteki-rowaýata ýykgyn etjege meňzeýärler. 04.05.2018. Şu gün irden Serdaryň agtygy boldy. Meniň hem çowlugym. 3 kg, 400 gr. Adyny goýamzok! 09.05.2018. Býulletende ýatyryn. Dermanlaryň bahasy, diňe olam däl, bazarlaryň bahasy hiç wagtdakysy ýaly däl. Bahalar uçdy. Goh-galmagal bolmasa bolýar. Baş alyp çykarys. Munuň üçin adamlaryň halal işlemegi zerur. Şeýtan bolmaly däl. 14.05.2018. Goňşym, taryh ylymlarynyň kandidaty Aleksandr Aleksandrowiç Ýeskow bilen gürleşenimde, Prezident arhiwiniň direktory Maýa Mollaýewanyň işden boşadylanlygyny aýtdy. Maýa Mollaýewa Sowet döwründe, Türkmenistan komsomolynyň sekretary, TKP MK-nyň sekretary bolup köp ýyllar işledi. Meniň tanaýan adamlarymyň köpüsi ony halamaýardylar. «Ýeskow maşgalasy bilen Orsyýede gitjek bolanda, Maýa Mollaýewa ony aeroportdan alyp galdy“ diýip, Ýeskowy gowy tanaýan Gurban Agalyýew gürrüň berýärdi. Ýeskowyň özi hem «Maýa Mollaýewa, eger sen işden gitseň, men bir günem işlemerin» diýip aýtdym diýdi. Maýa Mollaýewa 12-nji aprelde 74 ýaşyny belleýär. Ertesi – 13-nji aprelde hem ony işden boşadýarlar. «Men hem 16-njy aprelden bäri işlämok. Arzamy berdim» – diýip, Ýeskow aýtdy. 26.05.2018. Şu gije kakam düýşüme giripdir. Baýjan 24-ne Moskwadan geldi. Onkologiýa institutynda boldular. Serdar, Gülaýym. Öýkende çiş barlygyny aýdypdyrlar. 12-nji iýunda Moskwa, operasiýa üçin gitmeli. 27.05.2018. Şu gije Orazgül düýşüme giripdir. Obada ekenik. 28.05.2018. Gije düýşüme şahyr Kerim Gurbannepesow giripdir. Şu gün Aşgabady duz tupany gaplap aldy. Düýn ol Daşoguz bilen Çärjew oblastlaryna ýagypdyr. Düýn öýlän Aşgabatda güýçli ýagyş ýagdy. 07.06.2018. 3-nji iýunda sazanda Annageldi Jülgäýew ýogalypdyr, Bamyda jaýlanypdyr. 89 ýaşynda eken. Men onuň 50 ýaş ýubileýinde makala ýazypdym. Şo wagtlar onuň özi Türkmenistanda däldi, daşary ýurtda gastroldady. 3-nji iýunda Aşgabatda jemgyýetçilik maşynlardan özge maşynlar ýöremedi. Menem tigir sürdüm. Garşymdan gelýän bir tigirli oglan «Eý, babaý, dawaý prowerim» diýip gygyrdy. Menem «prowerim, prowerim» diýdim-de, geçip gitdim. 06.06.2018. Işimizde kabinetde bile oturan ýoldaşymyz Çary Kulyýew başga kabinete geçirildi. Gurbanjemal Ylýasowa, Ogulgerek Ussaýewa bilen otyrys. Onuň ýerine edebiýatçy alym Gurbandurdy Geldiýew geljek. Ol hepdede işe iki gün gelýän ekeni. 10.06.2018. Bir üýşmeleňde stolda Annageldi Jülge, Ata Gurtmyrat, ýene biri, men bile oturdyk. Birsalymdan Annageldi: «Gurban Çary, sen aýdym ýazmaňy bes et» diýip, stoly ýumruklap aýtdy. Zährem ýaryldy. Menem ýuwaşjadan «Bolýa» diýdim. «Ölemden soň hiç ýazmaryn». Kompozitor Gurban Kuly bir gün geldi-de: – Gurban jan, men «Mersedes» aldym- diýdi. Aýnaň öňüne äkitdi-de, «Hana, görseň» diýdi. Daşarda «Zaporožes» durdy. Bir günem onuň gök «Žigulisine» münüp, Ýanbaşa piwo içmäge barýardyk. Maşynynyň roluna urdy-da, «Guş bol-a» diýdi. Maşynyň monometrine seretsek, maşyn 60-dan barýar. Ata Gurtmyrat «Gurban Kulyýewiç, maşyny köçäň ortarasyndan sürýäň» diýdi. Gürrüňe gyzyşan Gurban «Wah, ýadymdan çykan ekeni» diýdi. Gurban Kulynyň çagasy ýokdy. «Gözel bilen näçe çaga etjek bolsak, bolanok» diýýärdi. Aşyr Kuly onuň agasy. – Aşyr Kul-a, aýalynyň eline eli degse, çagasy bolaýýar – diýdi. Aşyr Kulynyň bir ogly, bir gyzy bardy. Medeniýet ministrliginiň podwalynda Berdi Bäşim, Saýlaw Myrat, Annaberdi Agabaýew... dagylar işleýärdiler. Bir gün nahara diýip barýardyk. Teatryň öňünde tagamly fitçi satylýardy. – Men-ä göwnüm fitçi iý diýýä -diýsem, Salýaw Myrat: – Göwnüň pohuny iýipdir. Ýör, bile nahar iýeli – diýdi. Annageldi Jülge, bagşy Begli Babanyýazow bilen dostdular. Bir-birine agyzlaryna näme gelse aýdyşdyrýardylar. Kompozitor Çary Nurymow odinoma-prostatit boldy. 25 müň dollar gerek bolupdyr şo döwrüň dollary bilen. Sorasa, bermändirler. Ýogsam Çary şo puly men operasiýadan soň gaýtaryp bererin hem- diýdi. Çary Nurym şo keselden hem ýogaldy. X X X Gurbandurdy Çaryýew menden 3-4 ýaş uly. Häzir ol öýünde, işlänok. Gözleri görmeýär. Hindistana gidip, bejerdip geldi. Gowy görýärdi. Işde oturgyç durandyr diýip, endigi bilen oturýar. Oturgyç öňki ýerinde däl eken. Kellesi diwara degipdir. Şondan bärem, 1 ýyl töweregi işe ýaranok. Şu gün irden men onuň bilen telefonda (sotowyý) ýarym sagatdan köp gürleşdim. «Bir zada gynanýan, iki sany uly zada (eser) başlapdym. Şolary gutaryp bilmedim» diýdi. «Her gözüň üçin 1,5 müň dollar» diýip, hindiden habar gelipdir. Onuň ýaly pul Gurbanda ýok. 23.06.2018 Baýram Hudaýnazarow ogluny öýerdi. Onuň sadaka toýuna göründim. Toýy 24-ne. Kakabaý Nargylyjow bar eken. Tanamadym. Bäşim Ataýew oturan eken. Nury Halmämmediň ejesiniň Hangüldügini bildim. Ol Bäşimiň doganoglany eken. Ýöne Orazmämmet aga 1987-nji ýylda, ony soramaga baranymyzda, onuň kürt gyzydygyny aýdypdy. Bäşim aga Nury hakda öňki aýdanlaryny gylyny gymyldatman gaýtalady. Nury 1940-njy ýylyň 24-nji fewralynda doglupdyr. Pajygaly waka-da 1943-nji ýylyň mart aýynda bolup geçen bolmaly. Ertesi serhetçiler tapylan çagany bada-bat Garrygala iberipdirler. Halmämmediň uly ogly Baýly – 1924-nji ýylda doglan, gyzy Artyk 1929-njy ýylda doglan. Olaryň aralarynda bir çaga bolup ölen bolmaly. 1932-de Aşyrberdi, 1938-de Nurgeldi, 1940-da Nury, onuň doly ady Nurmämmet bolmaly. Nury Gumdagda, Nebitdagda, Baýramalyda bolupdyr. 1954-nji ýylda Baýlynyň haýyşy bilen (Bäherdende ýaşaýan eken) ikisi Baýramala baryp, Nuryny alyp gaýdýarlar. Soň olar Oraz Döwlet dagy bilen ony Aşgabadyň sazçylyk uçilişesine getirýärler. Uçilişäniň direktory Aşyr Kulyýew çaganyň saz endigini synlap, bulara „gaýdyberiň!“ diýipdir. Bäşim Ataýew 1940-njy ýylda 1-nji klasa baryp, 1947-nji ýylda-da ýedi ýyllyk mekdebi Daýnada gutarypdyr. Aşyk oýnap otyrkalar, Aşyrberdi Bäşimi öýlerine aşyk üçin iberipdir. Şonda Artyk „ oglan jigim boldy“ diýip begenip, öýlerinden çykypdyr. Aşyrberdi alty sany aşygyny begenjine Bäşime beripdir. Şol oglanjygam Nury bolmaly. „Kakamyň inisi Orazmuhammediň aýaly (Orazmuhammet 1937-nji ýylda basylypdyr) oba Sowetinde işleýän ekeni. Nurynyň gözlegine 1954-nji ýylda çykanlarynda şol aýal Nurynyň haçan doglanyna çenli aýdypdyr. – 1940, 24 fewral, agşamara ekeni“. 29.06.2018 26-syna «Marydan, Nabat diýen aýal saňa kabinetiňde garaşýar» diýdiler. Öýlän, sagat 4-den işleýär. Nabat Ballyýewa, oba hojalyk institutynda okap, ony tamamlapdyr. Ýalňyşmasam, doglan ýyly 1962-nji ýyl. Goşgy, hekaýa ýazýan eken. Habaryny aldym. «Maňa aýtmak kyn. Sizden, Allaýar Çüriýewden ak pata alyň“ diýip, olar düýşüme girip, meni öz günüme goýanoklar» diýdi. Goşgularyny okap gördüm, hekaýalarynyň dili hiç neneň däl. Işdeş ýoldaşlarym Gurbanjemal Ylýasowa, Ogulgerek Ussaýewa oňa hödür-kerem etdiler. Ak pata berdim. X X X Ogulgerek Ussaýewanyň gürrüňinden: – Daýym Aýnabat Begenjowanyň şofýorydy. Onuň ogly «Maňa-da maşyn öwret» diýip, ony öz gününe goýmansoň, oňa ruly ynanypdyr. Ol garşydan gelýän birini kakypdyr. Özlerem, kömek etmän, gaçypdyrlar. Ol adam ölüpdir. Daýyma 12 ýyl möhlet bilen türmä tussaglygyna höküm etdiler. Mamam, ejem ony görmek üçin Maryň türmesine barýarlar. Goýbermändirler. Myhman ýerlerine gelipdirler. Şonda öý eýesi şäherde bir bilgiç aýalyň bardygyny, pal atdyrsalar, gowy boljagyny aýdypdyr. Ejem palça ynanmansoň, «gerek däl» diýse-de, mamam ony yrypdyr. Palçy aýal pal atyp, «Siz ýitigiňizi ertirem görüp bilmeýärsiňiz. Ertir ony Aşgabada äkidýärler. Ýöne ol türmede 2 ýyl bir aý ýa-da 2 aý oturyp çykar» diýipdir. Aýdyşy ýalam daýym 2 ýyl bir aý türmede oturyp çykdy. X X X Şu gün işdeş ýoldaşym edarada ýaramady. «Dawleniýe ölçeýäniň bar bolsa, ölçäp berseň» diýdi. Men ölçänimde 140, aşagy 120 boldy. Menden öň «Tiz kömege» jaň eden ekenler. Geldiler, dawleniýäni peseldýän ukol etdi. Lukman aýal maňa seredip, «bu ýaşulydan gowy aura gelýär. Mähir gelýär. Gowy ýaşuly eken. Başga ýaşulularyň ýanynda men olaryň gözlerine-de seretmekden çekinýän. Bu ýaşuly açyk adam eken» diýip aýtdy. 07.07.2018 Annameret Durdymämmedow (2015-nji ýyla çenli Çoganlydaky daça ýerleri ýykylmanka, daça başlygy): – Gurbanýaz Daşgynowyň ogly daça ýeri alyp bereýin diýip adamlardan köp pul alypdyr. Şol aýallaryň biri arz edip, Annamerediň ýanyna gelipdir. Olam ol oglanyň kakasy şahyr Gurbanýaz Daşgyna jaň edipdir. Gurbanýaz gelip alnan pullary şo ýylyň maýyna çenli gaýtaryp berjekdigine dil haty ýazypdyr hemem Annamerede «Sen maňa munuň ýaly kömek edersiň diýip pikir etmändim» diýip aýdypdyr. Gurbanýaz şondan köp wagt geçmänke-de aradan çykypdyr. 10.07.2018 Kompozitor Gurbandurdy Çaryýew: – Oba hojalyk institutynda çeper höwesjeňler ansamblynyň işine kömekleşýärdim. Institutda iki sany ýegre dostuň gepi azaşyp, biri-birlerine salam bermändir. Muny eşiden institutyň rektory, akademik Enwer Kaýuşewiç Rustamow olaryň ikisini hem çagyrýar. – Utanaňyzokmy? Türkmeniň öz ýurdunda iki türkmeni ýaraşdyrmak indi bir kürte galdymy? – diýip, ikisine-de käýäpdir. – Mundan beýläk dost bolup gatnaşyk etmeseňiz, ikiňizi hem işden kowaryn – diýýär. Dogrudanam, Rustamow milleti boýunça azerbaýjanam bolsa, institutda azerbaýjan milletinden student ýokdy – diýip, Gurban aýtdy. «Türkmeni köpräk kabul ediň» diýýän ekeni. R.S. Düýn institutyň howlusynda 10-12 ýyl duz-emek bolan bir işdeş ýoldaşym öňümden pete-pet gelse-de salam bermän geçdi. Meniň oňa näme aýdyp, onuň göwnüne degenim ýadyma düşenok. Özi öýkeläp, kabinetden çykyp gitdi. Ýanymdakylar hem haýran. Men-ä oňa oýnatgy diýdim. Has dogrusy, gürrüň edeniňe hem degmeýän oglan ekeni. Wagtyň adamyny tanadýany hem bir gowy zat! X X X Gurbandurdy Çaryýew politehniki institutda hem çeper höwesjeňlere uly kömek beripdir. Bir gezek rektor Ahmet Mämmedowiç Ahundowyň geçiren maslahat mejlisinde institutyň prorektory rektora garap: – Çeper höwesjeňlere jogap berýän işgärimiziň,- ol meni görkezip,- ir bilenem agzyndan aragyň ysy gelýär – diýip, ýamanlady. Şonda rektor: – Oňa meniň özüm rugsat berdim – diýdi. Maslahat gutaryp çykyp gidenlerinden soň, ol maňa «Gal» diýdi. Sebäbini sorady. Menem «Ahmet Mämmedowiç, ýazwa želudkam bar. Her gün irden ajöze az-owlak derman diýip spirt içýän» – diýsem, – Menem şeýdip ýazwamy bejerdipdim – diýdi. 11.07.2018 Ir bilen sagat 8-de Meret jaň edip, Aşyry ýarygije Köşüniň keselhanasyna reinamasiýasynda ýerleşdirilendigini aýtdy. Dawleniýesini 40-dan ýokaryk galdyryp bolanok diýipdirler. Men häzir Serdar gelse, şo ýerik gidýän. Hudaý kömek etsin-dä! X X X Aşyr başda gürleýänem bolsa, soň dilden-agyzdan galdy. Şo ýerdäki hurirg Döwrana «Özümden boldy» diýipdir. Pirnazar Bähram bilen gürleşip, ony Aşyryň ýanyna getirdi. Bähram 3-4 aýlykda Aşyra kardiologiýada operasiýa eden wraç.“ Kardiologiýa äkitmäge rugsat alsaňyz, bir zatlar ederin“ diýipdir. Kardiologiýanyň başlygy Sona Agajanowna bilen Pirnazar bilen Bähram gürleşipdirler. Razylyk bolansoň, Aşyry «Skora» bilen kardiologiýa äkitdiler. Agşam 11-12-ä çenli operasiýa edildi. 12-nji iýulda (dördünji gün) sagat 8 bolup barýarka-da Aşyr ýogaldy. Serdar bilen barsak, Sarygül bilen Arslan şo ýerde eken. 11-iň ýarynda jynaza goýuldy. 11-de-de çykaryp, Magtymgulyda-da jaýlap gaýtdyk. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, gardaş! R.S. Baýjan Moskwadan agyr operasiýadan gelenden soň jaýlamaga gatnaşyp bilmedi. Röwşen bilen Resul görünmediler?!.. 14.07.2018. (şenbe) Aşyrdöwletiň üçi gününi belledik. Köp adam geldi. 17.07.2018 Aşyryň belli güni – ýedisi. Köp adam geldi. Kakabaý Ata, Kakabaý Gurban, Atajan Tagan, Kakajan Açylow, Gurbandurdy Geldi, Annanur Çaryýarow, Ahmet Mämmet we beýlekiler. Işdeş ýoldaşlarymyzdan gatnaşanlar bar. Adam gaty köp. Howa yssy. Iýul aýynda gyzgynlyk 60º-dan bäride. Röwşenem keselhanadan çykdy. Gelip, olam özünden gidip ýykylypdyr. Baýjanam operasiýadan (Moskwa) gelenden soň öýünde. 20.07.2018. (dördünji gün) Düýn irden, sagat 8-den işlände Meret öz ogly Mergeniň ýogalandygy hakda jaň edip aýtdy. Mergen tarpa-taýyn ýogalypdyr. Öz firmasy bardy. Döwlet tarapyndan firma 18 mln. manat jerime salnypdyr. Şony alada edip, neresse ýogalan bolmaly. Firma işletjek bolup ýören oglanlaryň komissiýalar tarapyndan «barlaglaryndan» soň, gör näçe firmanyň bagty ýatyrylýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |