01:12 Gündelikde galanlar -36/ dowamy | |
20.11.2022.
Ýatlamalar
Şu gije ejem, Orazgül dagy düýşüme giripdir. Orazgülüň ýogalanyna indi 23 ýyl (26.04.1999 ý.) geçipdir. Mahal-mahal düýşümde ýaşaýar. Ejemiň ýogalanyna (31.01.2011 ý.) 11 ýyla golaý wagt geçipdir. Mahal-mahal düýşüme girýär. Ýene bir düýş gördüm – basgançakdan ýokaryk çykyp barýan wagtym, aýagym ysman ýykyldym. Ýene turdum-da, çykyp başladym. Ýöne öňümizden belent, çykar dagy eder ýaly däl, beton sütün dur. Oýanypdyryn. 23.11.2022. Şu gün Eziziň doglan gününe 1 aý boldy. 25.11.2022. Şu gün institutda alymlar geňeşiniň nobatdaky mejlisi boldy. 7 sany ylmy işe garaldy. Şol sanda meniň «Türkmen edebiýatyny öwrenijiler» atly işime hem seredildi. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa esasy synçy. Gowy çykyş etdi. Filologiýa ylymlarynyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjow hem synçy bolmasa-da, soňundan çykyş edip, gowy zatlary aýtdy. Işim Bertelsiň, Aman Kekiliň, Hally Şahberdiniň ylmy mirasy, olaryň ömür pursatlary. Bu tema dowamly. Indiki gezekde Tumanskiniň, Skosyrewiň, Oleşanyň mirasyny öwrenerin. O günlere-de Hudaý ýetirsin. 29.11.2022. Öňňin agşam Humaýa ýaglyk atylanda jaň gelipdir. Resuly ýene operasiýa edipdirller. Ýöne «hiç hili şans ýok» diýipdirler. Ýaňy jaň edip, «Näme habar?» diýsem, Eneçepere “adam boljagy belli däl» diýipdirler. Diýmek, Resul Orsyýediň hassahanasynda öli ýatan bolmaly. Gyzy bilen giýewisi erte – birigüne bilet alypdyrlar. Ölüsini getirip bolmazmyka diýýän. Ýalňyşmasam, ol 1968-nji ýylda doglan bolmaly. 01.12.2022. Resul ýogalypdyr. 02.12.2022. Ejem düýşüme giripdir. 04.12.2022. Bir tanşymyň daçadaky goňşusynyň kellesi üýtgäpdir. Ol öňki meşhur kolhoz başlygynyň ogly. Kakasyndan soň bu daýhan hojalygyna hem ýolbaşçylyk eden eken. Х Х Х Şu gün irden gar tozgajyklary ýagdy. Ilkinji gar bolýar-da! 06.12.2022. Öten agşam merhumy Krasnodardan getirdiler. Şu gün sagat 10-da ony Çoganlyda jaýlamaly. 08.12.2022. Şu gün bir tanşym şeýle gürrüň berdi: uly dogany Bagyrda mugallym bolup işleýän ýyllary okuwçylardan güýçli futbol komandasyny hem döredipdir. Ony oba çagyrýarlar. Olam şert goýýar: – «Pylan aganyň uly gyzyny alyp berseňiz barjak, ýogsam barjak däl» – diýipdir. Munuň üçin garyndaşlary obanyň arzyly ýaşulysy Mejit ussany sawçylyga iberipdirler. Gyzyň kakasy kes-kelläm garşy çykýar. Mejit ussa lapykeç agşam öýüne gaýtmaly bolupdyr. Ýolda Myratberdi ahunyň mazarynyň başujunda ýalbaryp, «Pylana bir göz görkez» diýip, Dawut pygambere doga okapdyr. Ertir irden öten agşam sawçylyga baran ýeriniň dogany motorly Mejit ussanyň öýüne baryp, ony agasynyň öýüne getiripdir. Motordan düşen wagty gyzyň kakasy «Gel, ganhor» diýýär. Näme üçinligini soranda ol şu agşam meniň « agzym gyşardy» diýipdir. Ol gyzyny bermäge razy bolupdyr. Öýlenjek oglan gyzyň kakasy bilen goňşy ýaşaýar ekenler. Irden gyzyň kakasy oglanyň ejesine: «Wah, gyzy sizden gowy ýere berjek däl-e. Ýöne meniň gyzym size mynasyp däl. O gyz «Ökdür waska» diýipdir. Ökdür waska diýýänem obada oňşuksyz adam bolmaly. Dogrudanam soň agam ejem bilen on ýyl gepleşmedi. Beýleki agamyz bilenem şeýle boldy. Maşgalamyza möjek giren ýaly boldy – diýip, söhbetdeşim içini dökdi. –Beýleki agamyň aýaly Gurbanmämmet agamyzyň gyzy. Onuň ejesi çaryklardan. Çary Nurýagdynyň bajysy. Agam wäşi adamdy weli aýaly ondanam beterdi. 09.12.2022. Şu gün Moskwa Russiýanyň graždany Wiktor Butyň amerikan türmesinden boşadylandygyny habar berdi. Ony amerikan sudy 25 ýyl möhlet bilen türmä basypdylar. 15 ýyl türmede oturypdyr. Butyn amerikan graždany bilen çalşyldy. Mundan birküç ýyl öň rus graždankasy Marina Butynany hem amerikan türmesinden boşadypdylar. Meni geň galdyran zat – olaryň ikisiniň hem familiýalary «But» bilen başlanýandygy. Putiniň familiýasyna meňzeş. 10.12.2022. Şu gün irden ýazyjy Atajan Tagan «Yzy ýarasyn» diýip, jaň etdi. 12.12.2022. Pýotr I hakynda döwürdeş aýalyň ýazyp goýup giden zady: bu hökümdar örän gowy, bir tarapdanam örän akmak. Ýöne ahlak taýdan öz ýurdunyň hakyky wekili. (S.M.Solowýow. Çteniii rasskazy po istorii Rossii., M., izd.. t. 6, 1989, str. 479). 13.12.2022. Düýn belli günde otyrkam, žurnalist ýoldaşym M. menden «...işläp ýörmi?» diýip birini sorady. «Jerçimi, şugulçymy, ýadyma düşenok» bir söz diýdi. Ol özi bilen bagly bir gürrüň etdi. “Sluşnigiň başda ýaşan jaýyna (öňki «Maral» magazini) kakamy propiska etdik. Muny üç adamdan başga hiç kim bilenokdy. Sluşnik, ýaňky şagal hemem özüm. Moskwa okuwa gidemde, arza ýazypdyrlar: «Kakasyny propiska etdirip, artykmaç ýer aljak bolýar» diýip. “Şagala göwnüm gitdi” – diýdi. 14.12.2022. Düýn işde kondisioner işlemedi. Kabinet sowuk. «Ussa çagyraly» diýsem, ýoldaşym sesini çykarmady. Işdeş gyzymyzyň tanşy bolansoň, men ondan haýyş etdim. Öýe barsam, ussalar jaň edýärler. Bardym. Olar kondisioneri bejerdiler. «Näme bermeli?» diýsem, «250 manat» diýdiler. Onuň bilen hasaplaşyp, ýoldaşyma jaň etdim, kondisioneriň düzelendigini, munuň üçin 250 manat sorandyklaryny aýtdym. Telefonda aýylganç bir ses çykdy. «Pul berjek däl. Pulum ýok. Men saňa ussa çagyr diýmedim» ýaly bihaýa samramalar eşidildi. Men oňa «Köşeş, men saňa pul ber diýemok. Kondisioneri işletdik. Şony aýtjak boldum» diýsemem köşeşmedi. Men oňa: “Goňşy kabinetde oturan gyz hem kondsionerini bejerdýär» diýdim. «Pul gerek däl» diýdim weli köşeşen ýaly etdi. Soňundanam «Şu gün aýlyk geçipdir» diýip aýdýar. Aýlyk geçen bolsa «Mende pul ýok» diýmeli däl-de. Öýe geldim. Jaň gelýär. Hiç zat bolmadyk ýaly, «O gyzam 250 manat beripdir. Ertir puluňy bererin» diýýär. Muň mekirdigini. Eýýäm öýünden goňşy gyzyň hem 250 manat berendigini bilipdir. Meniň hem o puly özünden aljak bolýar diýip pikir edendigi hakda oýlananymda, gaty ýigrenji göründi. Men şonda-da «puluň gerek däl» diýdim. «Aý, şo edara üçin hiç zat çykarasym gelenok» diýýär. Men «Bu özümiz üçin» diýdim. Х Х Х Redaksiýalaryň biriniň bölüm müdiri maňa: «Rubagylaryňy däl, goşgularyňy getir» diýipdi. «Rubagylaryňy getirme» diýenine indi men düşündim. Çünki rubagylardaky pikirleri kesä çekip bolýan ýerleri bar eken. Çüýrük pikir. Х Х Х Bir adamy köpden bäri görmeseň: «Sen-ä Nikolaýyň ýüzlügine döndüň» diýýärdiler. Häzirki nesil bu jümläniň nämeden döränligini bilmese gerek. Nikolaý ak patyşa. Orsuň iň soňky patyşasy. 26.12.2022. Gije sagat 1-den işlände obadaşymyz Polat ýogaldy. Irden sagat 11-de Magtymguly gonamçylygynda jaýladyk. 31.12.2022. Gündiz 2-iň ýarlarynda Tirkiş Jumageldini Täze ýyly bilen gutladym. Keýpi hemişekisi ýaly gowy. Men «Biwagt jaň edäýdim öýdýän» diýsem, «Ýok, gaty gowy. Gel, nahar iýeli, 100 gram içersiň» diýdi. Men: «Içemok» diýdim. «Namaz okaýaňmy?» diýip degişdi. «Namaz okamok» diýdim. Gutladym. Olam gutlagynda «Hemişe Nohur obalary dursun, Nohur çagalary hemişe gülüp dursun» diýen ýaly mazmunda gutlady. Men «Gelnejemi-de biziň adymyzdan gutla» diýdim. «Gelnejeňem gutlaryn» diýdi. Aýaly Bibi, dostumyz merhum Derýa Baýramgulyýewiň dogany. Ol uniwersitetde köp ýyllap rus dilini öwretdi. O gün Atajan Tagan bilen telefonda gepleşdik. Täze ýyl gutlaglary. Х Х Х Köne ýylyň iň soňky agşamy, sagat 23-de ymyzganypdyryn. Düýşüme kakam giripdir. Obadaşymyz Allanazar aga Towy bilen gürleşip durlar. Kakam ony «Ýör, men saňa bir zat aýtjak» diýip, ony bir gyra çekýär. Şo wagtam men oýandym. Täze ýyly ýatyp geçiripdirin. 02.01.2023. Şu gün sagat 10-da obadaşymyz TYA-nyň ylmy işgäri Myratgeldi (Kakajan) Handöwletowy soňlky ýoluna ugratdyk. Dekabryň 10-na 75 ýaşy dolan eken. Dalagyny operasiýa eden ekenler. 03.01.2023. (04:25) O gün Poladyň ýedisi güni obadaşym Gurbanýaz bilen görüşdik. Ol kakamyň jana-jan dosty Baýramsähet aganyň ogullarynyň biri. «Elli ýaşadym» diýdi. Ony men ilkinji gezek görşüm. Aşgabatda wraç bolup işleýän eken. Ol kakamdan gürrüň açdy. Ýaşuly ölmezinden öň agşam (ol 7-nji aprelde, daň bilen jan beripdi. Täret kylyp, namazyny okapdyr. 1992-nji ýyl) Baýramsähet aga bilen uzak gürleşipdir. – Bir gezek Resul kakamyň ýanyna geldi. Kakam Resula «Sen ataň salan jaýyny ýykyp täzeländen, obada metjit gursaň gowy bolardy» diýdi. Resul «Men 1-njy klasda okaýan döwrüm, kakama jaýymyzy täzelärin. Poluň aşagyndaky syçanlardan dynarys» diýip söz beripdim» diýdi. Men onuň bu gürrüňiniň ýalandygyny aýtdym. Çünki obada o wagtlar o jaýdan oňat jaý ýokdy. 04.01.2023. Şu gün Ak bugdaý (Gäwers) etrabynyň dil we edebiýat mugallymlarynyň öňünde, Änew şäherçesindäki 45-nji mekdepde, Çary Kulyýew bilen çykyş etdik. Goşgularymy okadym. Magtymguly we türkmen edebiýatynyň öwrenilişi hakynda söhbet etdik. Geň ýeri, söhbetdeşlik gidip durka, gapydan üç adam girdi. Hemmeler ýerlerinden turdy. Bizem turduk. Gelip salamlaşdylar. Gidýänçäler dik durdular. Men görşüp, oturdym. Soň Çarydan «bular kimler?» diýip sorasam, welaýat biliminiň, etrap biliminiň başlyklary eken. Men gürrüňimiň bir ýerinde howlymyzda bir okuwçynyň «Allaýar aga, sen Magtymgulyny gördüňmi?» diýip soranlygyny hem aýtdym. 06.01.2023. Agşam Salyh aga Jumalyýew jaň etdi. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Akademiýanyň öňki prezidenti Aşyrbaýewiň ýyly bellenipdir. Salyh aga iki gezek kandidatlygyny gorajak bolanda, ony akademiýanyň alym- sekretary goratmandyr. Soň ol Gyrgyzystanda hem kandidatlygyny, hem doktorlygyny gorap gelip, alym-sekretaryň kabinetine girjek bolanda, sekretar gyz ony goýbermejek bolýar. Ol gapydan girip: «Sen goratmajak bolduň. Ine, meniň kandidatlygyma hem doktorlygyma güwä geçýän diplomym. Hudaýyňdan tap» diýip, çykyp gaýdypdyr. 09.01.2023. (duşenbe) Aşgabatda ilkinji gar ýagdy. Şu hepde howanyň has sowuk bolmagy ahmal – 10-16 gradus bolmagyna garaşylýar. 12.01.2023. Şu gije aýaz bolup, suwumyz doňdy. Krandan suw akanok. Açyp goýaýmaly eken weli ýatdan çykypdyr. Şu gün minus 15 gradus. Howa býurosy ertir Aşgabatda howanyň gije minus 6-15 gradus, gündizem minus 5-7 gradus boljagyny habar berdi. 13.01.2023. Şu gün Serdar 50 ýaşaýar. Irden gutladym. Günortan öýlerine baryp gaýtdym. Irden Imran we onuň ýoldaşy Dima bilen doňan turbamyzyň doňuny çözjek bolduk. 3-den soň doň çözüldi, fen bilen gyzdyrdy. Gaty begendim. Suw akmasa, durmuşyň hezili ýok. Ertir Resulyň kyrky. 15.01.2023. Şu gün «Mir» kanalynda Başgyrdystanyň ilknji prezidenti Murtaza Gubaýdulowiç Rahymowy hakynda sýužet berdiler. Halky oňa «Babaý» lakamyny goýan ekenler. Babaý ata diýmek. Ýelsin kolhozlary ýok etmek hakynda buýruk çykaranda, ol buýruga garşy çykyp, kolhozy dargatmandyr. Herki zady ýok etmek üçin ilki bilen onuň düýbüni esaslandyrmaly. Belorusyň Prezidenti Lukoşenko ýaly şuňa düşünen ýolbaşçy eken. Ol birküç günlükde 80 ýaşynda (1934-nji ýylda doglan) ýogaldy. Putin gelip hoşlaşdy. Ýaňy ol hakynda sýužet görkezenlerinde, nämüçindir bokurdagym doldy. Bu mende seýrek bolýar. Х Х Х Birki günlükde gazaklar Nazarbaýewiň (ilkinji prezident) «ilbasy» – ilbaşy adyny aýyrdy. Iki şahsyýet – iki dürli täleý. Nazarbaýew şöhratparaz, Rahymow hakykatdanam halk aladasy bilen ýaşan şahsyýet bolmaly. Onuň kakasy hem öň kolhoz başlygy eken. Asly gowy bolmaly. Ýalan şöhratparazlygyň soňy Nazarbaýewiňki ýaly bolýar. Muny goja taryh görkezýär-ä! Ýene bir zat – Murtaza Rahymow soňky ýola ugradanlarynda öz başujunda başgyrt sazyny çalmaklaryny pent edipdir. Şonam berjaý edipdirler. Х Х Х Putin bilen biziň Prezidentimiz 18-nji ýanwarda telefon gepleşiginde S. Berdimuhamedow Putine «Türkmenistanda howanyň sowuklygy 25 gradus boldy» diýip aýdypdyr. Muny Putin öz ýolbaşçylary bilen maslahat geçirende TW-de aýtdy. 24.01.2023. Döwlet kitaphanasynda «Magtymguly sözlär dili türkmeniň» telegepleşigine gatnaşdym. 27.01.2023. Biri şeýle gürrüň berdi: – Şäherde, kupalkaň ýokarsynda stadion açyldy. Meniň bolsa gaty buşugasym geldi. Çydar ýaly bolmady. Howa-da sowugrak. Doktor oglan gelip «Pylan aga, ýüzüňem üýtgäpdir. Näme bolýar?» diýip sorady. – Gaty buşugasym gelýär – diýdim. Birdenem buşukmak islegim aýryldy. Doktor: «Endamyňa siňendir» diýdi. Şondan bärem çalt-çaltdan buşugýan – diýdi. 01.02.2023. Geçen ýyl Bertels, Aman Kekilow, Hally Şahberdiýew hakynda ylmy işimi ýazdym. Ýaňy kompýuterde açyp, şo işimdäki Hally aga bilen aýalynyň suratyna gözüm düşdi-de, olaryň gyzy Güljahany ýatladym. Ozal kakasy hakda maglumat toplamaga kömek berýärdi, jaň edýärdi. «Ind-ä näçe wagtdan bäri jaň edenok» diýip oýladym. Şondan bir minut geçip-geçmänkä Güljahan jaň etdi. Ol «Aşgabat» gazetinde işleýärdi. Indi ýetginjekler köşgünde işleýär, bäsleşik geçirýärler, şoňa goşgy haýyş edýär. 03.02.2023. 5-10 günlükde «Döwlet kitaphanasynda çäre bar» diýip, institutyň kadrlar bölüminiň müdiri bizi şo ýerik iberdi. Barsak, Magtymgulynyň 300 ýyllygyna söhbetdeşlige täze ýazgy edildi. Gepleşik efire gitmedi. Döwlet kitaphanasynyň bir işgäri «Gepleşik gitmändir. Muny gürrüň edip ýörmäň» diýdi. Näme sebäpden? Belli däl. Ýanymdaky «Ýuwaşlyk bilen bilerin» diýdi. Düýn bir işgärimiz: «Gepleşik gitdimi? Ýanyňdaky ýoldaşyňy aýyryň diýipdirler» – diýdi. Bu zatlar meniň üçin nätanyş däl. 2001-nji ýylda 30 minutlyk «Ylham» žurnaly gidip durka şol ýerde kesdiler. Gepleşik altyn zynjyryň eýesi Allaýar Çüriýew hakdady. 2005-nji ýylda 60 minuda golaý täze gepleşik 40 minut ekrana gidensoň kesildi. Maksat adamy maýyp edip taşlamak ýa-da aradan ömürlik aýyrmak ýaly gördüm. Х Х Х Şu gün öýlän edara Taryh institutyndan zenan maşgala gelip meni sorapdyr. Muny maňa işdeş ýoldaşym jaň edip aýtdy... Ol meni 8-nji martda goşgy okamaga çagyrýar. «Goşgularyňy okaýan, ýatdan bilýänlem bar, aýdymlaryňyzy aýdýan. Gowy ýazýaňyz» diýip öwdi. Agşam uçastkowoý jaň edip, meniň maglumatlarymy sorady. «Täzeden gözden geçirýäs» diýdi. Men oňa «Siziňem sesiňizi eşitmek bar-ow. Aýlanyp duruň. Tigirim ogurlandy. Iki ýyldan bäri tapylanok» diýip, nägileligimi bildirdim. Ol «Biz sizi gowy tanaýas. Bitiren hyzmatlaryňyz köp» diýip, ugumy ýekeledi. Х Х Х Agşamky täzeliklere seretdim. Ýokary suduň başlygyny, Milli howpsuzlygyň başlygyny işinden aýyrdylar. Başga-da aşaky wezipelerden aýranlary bar. Х Х Х Irden ýatyrylan gepleşik hakynda gürrüň gidende men ýolgaşyma: – 1994-nji ýyldan bäri meň bu ýagdaýa belet.. Senem «Edebiýat we sungatyň» redaktorykaň suratymy kesdiň. Ata Esadow, Gurban Gummanow, Atageldi Garýagdyýew bilen bile düşürilen suratymyzda meni aýyrdyň – diýdim. Boýun almady. – Men ýok wagtym edilendir – diýdi. Göz-görtele ýalan sözledi. Bu günki gün gepleşikde onuň özüni gadagan etdiler. Ine, adamlar muňa düşünmeýärler. 09.02.2023. 1. PASMANNA sözi nohurça. Elinden zat gelmeýän gelin-gyzlara aýdylýar. 2. NIST-NAWUT – ýok bolmak. Nist sözi Pyragynyň şygyrlarynda hem gabat gelýär. 10.02.2023. Irden 45 minutdan gowrak gezelenç etdim. Az-owlak gar ýagypdyr. Ýolugra iki sany rubagy ýazdym: 0558-0604 Il-günüň agysyn agladym günde, Agladym gündizde, agladym tümde. «Göwündeş» diýenim gelip bir zaman, Söz açdy göz bilen, gepleşdi ümde. Х Х Х 0610-0612 Bu günem ýarama duz sepe-sepe, Rubagy ýazdyrýaň sen maňa şepe. Sen hakda ýazypdyr dana Pyragy, Kemine hem Seýdi... Allaýar eke. Х Х Х Has Türkmen bilen Durdymuhammet Gurbanowyň yzy ýarasyna bardyk. 68 ýaşynda – 1-nji fewralda ýogalypdyr. Süýji keselden. Nohurda jaýlapdyrlar. Dört ýyl öýde ýatypdyr. Başda insult bolupdyr. Men ony Baýram Hudaýnazarowyň 70 ýaş ýubileýinde soňky gezek görşüm. Gaty kän horlanypdyr. Jahan Pollyýewa kän gezek Moskwa işe çagyrypdyr. «Ýok, men ölsemem öz ýurdumda öljek» diýipdir. Muny baramyzda körpe ogly Ýakup aýtdy. Iki ogly, bir gyzy bar eken. 21.02.2023. «Sona Ýazowa ýogaldy» habary geldi. Sagat 3-de çykarýarlar. Soňky ýoluna ugratdyk. Men uniwersiteti 1971-nji ýylyň tomsunda tamamlap, «Ýaş kommunist» gazetinde işläp başlapdym. Sona bilen bir kabinetde oturýardyk. 1973-nji ýylyň sentýabryndan men Moskwada, Ýokary komsomol mekdebinde, žurnalistikadan tälim aldym. Kafedra müdirimiz Nina Fýodorowna Rubanowady. Ol mundan öň Aşgabatda, «Komsomoles Turkmenistana» gazetiniň redaktory bolup işläpdir. Soň Moskwada Jemgyýetçilik akademiýasynda okap, ylymlaryň kandidaty bolýar we Moskwada işläp başlaýar. Biz okuwa baranymyzda ol okuw jaýymyzyň žurnalistika bölüminiň kafedra müdiri eken. Okuwyň ilkinji aýlarynyň bir gününde adatdan daşary waka boldy. Okuwa gelmänke öz ilinde raýkom komsomolyň sekretary bolup işlän burýat ýigidi serhoş halda özüni ýokarky etaždan zyňypdyr. Bu waka bilen bagly mekdepde terbiýeçilik gürrüňleri bolup geçdi. Biziň kursumyza gürrüň geçirmek üçin rektorymyzyň özi geldi. Ol komsomolyň taryhyndan göwrümli kitaplaryň awtorydy, professor, ylymlaryň doktory, özem uruş weteranydy. Ýanynda kafedra müdirimiz Nina Fýodorowna hem otyr. Rektor bolup geçen ýaramaz ýagdaý bilen bizi tanyşdyrdy. “Kimde nähili pikir bar?” diýip aýtmagyna mähetdel men ýerimden turdum. Orusça o diýen gowy gepläp bilmesem-de, bu zatlara janym ýanyp duransoň, pikirimi düşündirdim. “Meni Moskwa okuwa iberenlerinde, bu ýerde tertip-düzgüniň ýokary derejededigine hiç hili şübhäm ýokdy. Haçanda okap başlanymdan soň, bu ýerde tertip-düzgüniň ýabygorludygyna göz ýetirdim. Bu ýerde okaýanlaryň hemmesi-de partiýa çlenleri ýa-da partiýa çlenligine kandidatlar. Okuwdan soň şu ýerde çilim çekmeýän, arak içmeýän adam ýok. Görüp otursam, bu ýeri bardak ekeni” diýip aýdanymy bilýän, Nina Fýodorwnanyň ýüzi çym çyzyl. Ol ýerinden turdy, ýüregini tutup, gapa tarap ýöneldi. Rektorymyz şonda maňa ýüzlenip, “Ýaş ýigit, bu zatlary ortadan aýyrmak üçin näme teklibiň bar?” diýdi. Oňa çenli otagdaş ýoldaşym täjik ýigidi Seýitjalol Seýidow ýerinden turdy-da, “Allaýar dogry aýdýar” diýip, olam öz pikirlerini aýdyp başlady. Men pursatdan peýdalanyp, ýerimde oturdym. Ýogsam bolmasa, mundan beter zatlary aýdyp, bulaşdyrmagym gaty ahmaldy. Elbetde, bu sözleri aýtmak üçin ilki bilen özüň arassa bolmalydy. Men bolsa o wagtlar ne çilim çekýärdim, ne-de arak içýärdim. “Bardak” sözi üçin meni hiç kim yzarlamady, okuwymy arkaýyn dowam etdirdim. 25.02.2023. (03:45) Otrawleniýe boldum gije. Muňa garamazdan, onuň daşyndanam birki sany rubagy ýazdym. 0302-0306 Bar iýenim awy boldy bu gije, Jan gerekmi, pyçak? Atyldy bije. Eýdip-beýdip zordan çykdym daňdana, Gözüm düşdi, ýene ymtyldym süýjä... 28.02.2023. Şu gün Ylymlar akademiýasynyň uly zalynda Maral pedagogika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa gorady. Goraýyş üstünlik bilen geçdi. Opponentler doktor Baýram Basarow we Gündogdy Şadurdyýew alymyň işine uly baha berdiler. Tema Gorkut atadan. Ilkinji iş. Maral soň çykyş edip minnetdarlyk sözüni aýtdy. Şonda Gurbanjemal Ylýasowa bilen Allaýar Çüriýewe hem minnetdarlygyny bildirdi. Topar bolup surata düşdük. Atajan Burunow Saçly Dursunowa hakda ýazan makalamyň örän şowly çykandygyny aýtdy. 05.03.2023. Düýn Baýramsähet ýegen general Muhammetguly Atabaýewi sorandygyny, ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy. Öň 10-15 günlükde Hajy Kakalyýew Muhammetgulynyň telefonyny sorap jaň etdi. Jaň edipdir. Trubkany başga biri – öýdäkileriň biri alyp, onuň gepleşip bilmejekdigini aýdýar. «Hajy Kakaly jaň etdi diýiň” diýip haýyş etdim – diýýär. «Tanaýan» diýipdir. Şondan soň men jaň etmelimi ýa ýok diýip içimi gepledip ýördüm. Jaň etdim. Bir aýal maşgala bilen gürleşdim. «Gepleşip bolýarmy?» diýip sorasam, «ýok» diýensoň, men «Allaýar Çüriýew jaň etdi, ýagdaýyňy sorady» diýip aýdyň – diýdim. «Bolýar» diýdi. «Hudaý kömek etsin-dä!» diýdim. Ýegeniň aýtmagyna görä, Muhammetgulynyň kellesinde çiş döräpdir. Х Х Х Şu gün öýlän 17-den soň, häzirem sagat 2120 – dokuz sany rubagy ýazypdyryn. Yzly-yzyna döredi. Käwagtlar şeýle bolýar. Ine, soňkusy: Bir aýlap bir setir ýazyp bilmedim, Iňňe bilen guýy gazyp bilmedim. Ýosgam-da bolmasa, öň ýazan zadym Azam däl, olary hasap bilmedim. 2114-2116. 06.03.2023. Şu gün irden Serdar Muhammetguly Atabaýewiň ýogalandygyny, Nohura äkidendiklerini habar berdi. Ol 1947-nji ýylda doglan bolmaly. M.Atabaýew ilkinj nohurly general! Ýatan ýeriň ýagty bolsun, gardaş! 08.03.2023. Öň Tolstoýyň «Mоя жизнь» atly eserini we başga-da ownukly-irilerini az okamandym. «Mоя жизнь»-de şeýle setirler meniň ünsümi hasam özüne çekipdi: «Sredi moih mysleý o hozýaýstwe, kotoryýe oçen zanimali menýa w to wremýa, mne wdrug prihodil w golowu wopros: «Nu horoşo, u tebýa budet 6000 desýatin w Samarskoý gubernii, 300 golow loşadeý, a potom?..». I ýa sowerşenno opeşiwal i ne znal, çto dumat dalşe. Ili, naçinaýa dumat o tom, kak ýa wospitaýu deteý, ýa goworil sebe: «Zaçem?» Ili rassuždaýa o tom, kak narod možet dostignut blagosostoýanina, ýa wdrug goworil sebe: «A mne çto za delo?». Ili, dumaýa o toý slawe, kotoruýu priobretut mne moi soçineniýa, ýa goworill sebe: «Nu horoşo, ty budeş slawnee Gogolýa, Puşkina, Şekspira, Molýera, wseh pisateleý w mire, – nu i çto ž!..» I ýa niçego i niçego ne mog otwetit. (L.N.Tolstoý, Izbrannyýe soçineniýa w trýoh tomah., Tom tretiý, Moskwa, Hudožestwennaýa literatura, 1989, str., 420-421, «Moýa žizn»). Х Х Х Şu gün general Muhammetguly Atabaýewiň belli güni. Serdar bilen görnüp gaýtdyk. Ol 30-nji mikroraýonynda, bazaryň ýanynda ýaşaýar. Х Х Х 1755-2020 Ogly bir zat diýýär, kakasy başga, Diýmerin bu zadyň wakasy başga. Meňzemeýär adaty bir maşgala, Atasy bir başga, bikesi başga. 20.03.2023. Aşyr düýşüme giripdir. Atajan Tagan Nowruz bilen gutlady. Düýşümde men kert gaýada. Bir tarapyň suw, bir tarapyň çuň, zaw. Öňümde-de belent gaýa. Yza-da ýol ýok. Inçejik ýol. Gowy düýş-ä däl! Х Х Х № 140 Postanowleniýe Politbýuro SK WKP(b) ob arestah Rukowodstwa Turkmenii. 20 iýulýa, 1937 g. 326 – Telegramma t, Anna-Muhamedowa. Sanksirowat snýatiýe raboty, isklýuçeniýe iz partii i peredaçu w organy NKWD Taşnazarowa, Kurban-Sahatowa i Aýtakowa. Poruçit SK KB(b) turkmenii predstawit kandidaturu na post predsedatelýa SIK Turkmenistana. AP rf., f. 3., op. 24, d. 315, L., 23. Kopiýa. Maşinopis. Ptotokol № 51. W tekste imeýetsýa maşinopisnaýa pometka o rassylke: «T.t – Anna-Muhamedowu, Ýežowu, Malenkowu, Kalininu». (Lubýanka. Stalin i glawnoýe uprawleniýe Gosbezonasnosti NKWD, 1937–1938. Dokumenty Yzd. «Materik», Moskwa, 2004. 25.03.2023. Azat Rahman bilen indi 30-40 ýyldan bäri yzygider jaňlaşyp durus. Günde bir, kämahal iki-üç gezek jaňlaşýan wagtlarymyz hem bolýar. Şu gün ol ikinji gezek jaň etdi. «Öýe aýal gerek eken» diýdi. Onuň aýalynyň ýogalanyna, ýalňyşmasam, 5-6 ýyl bolan bolsa gerek. Çaga-çugalary bolmady. Azadyň ejesi Aşgabat ýer titremesinde ýogalan. Kakasynyň soňky aýalyndan çagasy köp. Orazgülüň awtomobil heläkçiliginde ýogalanyna şu ýyl 24 ýyla golaý. 1999-njy ýylyň 26-njy aprelinde Bamy-Gyzylarbat araçägine 2 km. galanda, Gyzylarbada gidenlerinde awariýa bolupdy. Х Х Х Şu gün agam Öwez Orazowyň ýogalan güni – 25-nji mart, 1986 ý. Ol köp ýyllap Ministr bolup işledi – 1959-njy ýyla çenli. Ýatan ýeriň ýagty bolsun! Ol Kemine köçesiniň 120a jaýynda ýaşaýardy. 27.03.2023. Şu gün agşam agzaçarda Jahan ýegeniň sadakasynda oba feldşerimiz Atageldi Remezan hakda (ol häzir 86 ýaşynda bolmaly) ogly şeýle gürrüň berdi. Garrygala bolnisasynyň baş wraçy Emirguly bilen öýde otyrkalar, Aşyr Garlynyň gardaşy Begdyllanyň agyr ýagdaýdadygy hakda habar gelýär. (Begdylla meniň ilkinji mugallymymdy – A.Ç.) Barýarlar. Ukol etmeli welin, Emirguly damaryny tapanok. Şonda Atageldi «Menem bir synanyşyp göreýin» diýýär. Damar tapylýar. Şonda Emirguly «Men ukoly özüm ederin» diýip, oňa pyşyrdap aýdýar. Emirguly ukol edýär. Ýolda Atageldi ondan nämüçin beýdendigini soraýar. Şonda Emirguly «Nähoşyň ýagdaýy agyr. 15-20 minutdan jan berýär. Eger sen şo wagt ukol eden bolsaň, olam ýogalsa, garyndaşlary senden görerdi. Men glaw wraç, näme gürrüň etselerem men baş alyp çykardym» diýýär. 04.04.2023. Öten agşam Pöwrize Mämmedowa, Şähribossan (şahyr), Şemşat Annagylyjowa (öňki ministr) öýe myhmançylyga geldiler. Şähribossana bagyşlap ýazan goşgymy okap berdim. Kakamyrat Ballyýewiň gürrüňini etdik. Şähribossany gadagan eden şol eken. Samsyk ogly uniwersitetde okaýan eken. Samsyk we gedem. Baha goýmandyr. Şoň üçin onuň kakasy mugallyma azar beripdir. Zawkafedra Hojamyrat Goçmyradow Ballyýewi pres-sekretar bolsa-da, doly işleýän hökmünde ony işe alypdyr. Aýzada hem zawkafedra ýaranjaňlyk edýän eken. Gyzlar «Ýene geleris» diýip, hoşlaşdylar. Bir ýarym sagat dagy gürleşip oturdyk. Agzaçar wagty gelensoň, olar gyssanyp gitdiler. 08.04.2023. Öten agşam Baýjanlarda kakamyzy ýatlap ys çykardyk. Kakam 1992-nji ýylyň 7-nji aprelinde 65 ýaşyň içinde (dogl. 1927, 17 noýabr) tarpa-taýyn ýogalypdy. Ony ýatlap oturan wagtymyz Arkadagyň ejesiniň hem şu gün (07.04.2023) ýogalandygyny eşitdik. Gije otrawleniýe boldum. Arada-da şeýle boldum. 11.04.2023. Ýazgylyç Orazgylyjow (t.y.d.): – Ýazly Ataýew bilen bir otagda ýaşadyk: Ilmyrat Mämmet, men, Ýazly Ata (galan ikisi ýadyma düşenok – A.Ç.). Ýazy student döwri, kanikul döwri ol raýkomda işleýär. Pagta ýygymyna gitdik. Pagta ýygyp ýörüs. Bir gezek ýeňil maşyn geldi. Içinden rektorymyz Bibi Pälwanowa, partorg, soňundanam Ýazly çykýar. Raýkomyň wekili hökmünde muny rektoryň ýanyna goşupdyrlar. Student döwri oňa dört otagly jaý berdiler. Obşidde ýaşap ýörüs weli Ýazlydan özgämiz kommunist. «Kommunistler meni heläkleýär» diýip, obşidiň tualetiniň ýanyndan boş otaga geçdi. Aýaly bilen özüniň düşen suratyny asyp goýup, «Oňşarlygy barmy?» diýip bizden soraýar. Mäti Köse bilenem garyndaş çykdy. Bir gezegem «Menden razy boluň. Göwnüňize degen bolsam, bagyşlaň. Meni ertir ýygnaýarlar» diýip geldi. Gelibem «KGB-de meniň portretlerim dos-doly eken» diýýär. Bizem sada oglanlar. Şoňa-da ynanýas-da. Ýoldaşow diýip Dörtgülden gelen student ýoldaşymyz bardy. Ol hem bizde okaýar hem selhozda gaýybana okaýar. Onuň daşyndanam iki-üç ýerde garawul bolup işleýär. Bulaň daşyndanam birki sany gyz bilenem gezmäge wagt tapýar. Okuwymyzy gutardyk. On-on bäş ýyl geçensoň men oňa gabat geldim. Hal-ahwal soraşdyk. Işleýän ýerini soradym. «Mekdepde nemes dilinden okadýan» diýdi. - Orazgeldi Rejebow diýip gowy psiholog mugallymymyz bardy. Uly auditoriýada okap otyrdyk. Iň yzda oturan Akmuhammedow diýip bir oglanymyz gollary bilen ýaramaz hereket edýär. Şonda Orazgeldi Rejebow: «Akmuhammedow» diýdi-de, eli bilen gapyny görkezdi. Başga zat diýmedi. Ol çykyp gidensoň, leksiýany dowam etdi. Arakesme boldy. Ikinji sagatda Akmuhammedow hiç zat bolmadyk ýaly gelip ýerinde oturdy. Rejebow hem hiç zat diýmedi. Käýemedem. Bu ussat mugallymyň studentine uly käýinjidi. - Professor Kakajan Muhammetberdiýewiň aýaly ýogaldy. Belli gününe Muhammetnazar Gapurow hem geldi. Ol o wagtlar pensiýada. O ýerde Oraz Orazowiç Şyhmyradow hem otyr. Gürrüň berýär: Öň biriniň 500 sygry bolan, alty sanam öküzi. Şonuň üçüsi hem biçilen. Biçilmedikler sygryň üstüne bökýärler. Süri ürküp gaçyp başlaýar weli biçilenlerem olar bilen deň gaçýar. Biçilen mallardan «Siz näme gaçýaňyz?» diýip soranlarynda, biçilmedik öküzler: «Biziňem üstümize zyňaýmasyn diýip gaçdyk» diýýä. Özi weli hezil edip gülýär. 12.04.2023. Düýn türklerden gelen hata görä, maňa terjimehal, döredijiligim hakda maglumat ýazdyrdylar – 3-e çenli. 3-den soň kadrlar bölüminiň müdiri jaň edip, «Gol çekip gitsin» diýipdir. Barsam, ol kabinetinden çykypdyr-da, maňa direktoryň kabinetine ýör diýen yşarat etdi. O ýerde maňa gol çekilýän kagyzyň üstüni ýapyp, gol çekdirdiler. Aýdylyşyna görä, gelen hat 9-njy marta çenli eken. Hatyň haçan geleni belli däl. Kimde ýatany belli däl. Netijesiz bolarmyka diýýän. Sebäbi bäsleşige hödürlenýän adamlaryň ady 9-njy marta çenli. Bu gün bolsa 11-nji aprel. Bäsleşige gatnaşmaly hem alym hem döredijilik adamsy bolmalymyşyn. 18.04.2023. (2-nji gün) Ýaňyja habar geldi. Ogulgerek Ussaýewa amanadyny tabşyrypdyr. Х Х Х 14-17-nji aprel aralygynda obada bolup, öten-geçenlere sadaka berip gaýtdyk. 26.04.2023. Şu gün Orazgülüň ýogalanyna 24 ýyl geçdi. Awtomobil heläkçiliginde Orazgül bilen Mekan ýegen ýogaldy. Turan, Jahan, Rüstem köp wagtlap bolnisada ýatdylar. Häzir şol ýeri ýegenler Ýaryş bilen Bagtyýar kärendesine alypdyrlar, ýolugruna Orazgül bilen Mekanyň ýogalan ýerinde ýadygärlik bar. Х Х Х Düýn howa gaty ýaramaz boldy. Aşgabat çaňa büreldi. Ýakymsyz şemal uzak günläp dowam etdi. Х Х Х Gije ýazyjy Çary Aşyr düýşüme giripdir. Aglady. Soňam 3-4 adam bolup maşyna münüp gitdiler. Х Х Х Düýn, irden, işde radiodan Şeker Hojanowa bilen (“Miras”) bedew hakynda ýazgy etdik. Men Göroglydan, Magrupy, Seýdiden, Allaguly Allahydan, Mätäjiden gürrüň berdim. Mätäjiniň «Bedew» goşgusynyň Gurbanmyrat işanyň münen atyna bagyşlanandygyny aýtdym. Öz goşgularymdan okadym – «Kiçidag», «Bedew»-den mysal getirdim... Ata Esadow bilen ýazan «Ahal-teke atlary» aýdymymyzy ýatladym. Seýis Aman aga Garagul ogly hakda Pirguly Garaýew, Geldi Bäşiýew bilen onuň ýanyna barşymyzy, Arap at hakda, Arap atyň Boýnagyň neslindendigini, Boýnagyň Ak işanyň atlarynyň neslindendigini hem aýtdym. Şeker: - Gepleşik 30-njy aprelde, dynç güni – bedew baýramçylygy gününde gider. Bir gezek gider, gaýtalanmaz. Allaýar aga, şu gepleşik soňky gepleşigim. Ponedelnikden wypuska geçýän. Ýetişemok. Ýadadym. Gyzyma-da seretmeli – diýdi. Men Şekere rowaçlyk arzuw etdim. «Ýatdan çykarma» diýdim. Ir döwürde men «Owadan gyzlaryň bagty bolmaýar» diýip, bir goşgy ýazypdym. Şekerem şoňa gabat gelýär. Goşgy, elbetde, metbugatda çap edilmedi. Çap edilmedik hem şu döwürde çap edilmejek goşgularym gaty kän. Şuny ýatlamda ýürek agyrýar. Her döwür – bir döwür. Bu goşgularyň soňky ykbalynyň niçik boljakdygy weli belli däl. Nireden çykjak?! Bir Hudaý bilýär! Х Х Х Şu gün Magymguly gonamçylygyna ýetip barýarkak, köçede duran awtoinspektor bizi yzymyza gaýtardy. «Ýol öýleden soň açylar. Oňa çenli bedew baýramçylygy mynasybetli çäre bar» diýdi. Ölmeseň, her hili zat eşitjek ekeniň, görjek ekeniň. Maşyny yzymyza doladyk. 29.04.2023. Hezret bilen şu gün onuň aspiranty Ýazmuhammet Ataýewiň toýuna göründik. Ýazmuhammet adwokat Baýmuhammet Nuryýewiň giýewsi eken. Öýlenýän ýigit Zahyr hojanyň ady dakylany. Baý ekäniň kakasyna Nury Nasyr diýilýän eken. Ol 90 ýaşlarynda 1915-nji ýylda ýogalypdyr. Bir gezek Nury Nasyr toýa barypdyr. Ol toý edýän ýerde, işigiň agzyndaky asylgy süzmeli haltany hemem iki sany gawuny alyp, öýe giripdir. Gutlag diýipdir. Öýdäki gelin daş çykyp gatyk bilen gawun gözleýär weli tapanok diýýä, ahyry ol ýaşmagyny aýryp, gatygyň hem gawunyň özleriňkidigini aýtdy diýýä. Ýusuby gördüm. Gürleşdik. – Çary Baýry hakdaky oçerkiň barada onuň ýanyna bardym. «Nohurlylar zor» diýdi. Şo oçerkde Agajan Babaýew (akademiýaň prezidenti) Çary Baýryny habarçy – agzalykdan çykarmaga razylyk bermeýär. Şonda Agajan Babaýewiň hem ýanyna girip, «Sag bol aýtdym» – diýdi. Otuz ýyl mundan öňräk Ýsup kör bolup, meniň ýanyma gelende men oňa göwünlik beripdim. «Kitabyňy hem sowgat etdiň» diýdi. Baý eke bilen gülşüp, daşarda köp oturdyk. Kakasy Nury Nasyrowyň köp gülküli wakasy ýatlanyldy. Ýadygärlik surata düşürdiler. Baý eke Ýakup hojanyň neberesinden. Nohura myhmançylyga çagyrdy. 09.05.2023. Şu gün irden şahyr Robert Roždestwenskiý hakyndaky gepleşige tomaşa etdim. Gyzy Ýekaterina Roždestwenskaýa kakasy hakda gürrüň berdi. Robertiň ejesi harby wraç. Kakasy Patkeýewiç Altaýda doglan. Olaryň ikisem urşa gidipdirler. Kakasynyň münüp barýan otlusy ýarylýar. Ol Ýurmaladan uzakda bolmadyk ýerde jaýlanýar. «Kakam, ejem dagy bilen biz Ýurmalada on bäş ýylyň dowamynda dynç aldyk» diýip gyzy aýdýar. Ol bir gezek atasynyň mazaryny yzlap baranda, şo ýerde jaýlanan 30-a golaý esgeriň mazary bar eken. «Ýazgylar hem gaty kiçi harplar bilen ýazylan. Munçany görjek bolsaň, näçe wagt gerek?» diýip oýlanan gyz, birinji plitany görende, Patkeýewiç familiýasyna gözi kaklyşýar. Robert birinji aýaly bilen birküç ýyl ýaşapdyr. O gyz bilen ony ejesi tanyşdyrypdyr. Ýaş şahyr Edebiýat institutyna girjek bolanda ekzamenden ýykylýar we bir ýyllap Petrozawodskide işläpdir. Soň okuwa girýär we 40 ýyldan gowrak bile ýaşan aýaly Alýona bilen institutda tanyşýar. Roždestwenskiý familiýasy öweý atasyna degişli. Robert 1962-nji ýylda Hruşýow tarapyndan tankyt edilenden soň, Gyrgyzystanda üç ýyllap ýaşapdyr. Gyrgyz şahyrlarynyň goşgularyny rus diline terjime edipdir. Soň Moskwa gelýär. Ejesi Robertiň Alýona öýlenmegine garşy çykypdyr. Çünki ol gyzyň ýewreý milletinden bolanlygy üçinem bolmagy mümkin. Bir gezek Robert beýleki şahyrlar bilen uly auditoriýada goşgy okanda, bir ýerde säginmeli bolýar weli, 14 müňlük stadionda oturan adamlar goşgynyň ýatdan çykan ýerini bir adam bolup gaýtalapdyr. Ýazan goşgularyň çap edilmese, şahyr üçin iň agyr hupbat. Okyjylaryň ünsüni özüne çekjek goşgularymyz az däl. Ýöne olaryň haçan çap ediljegi belli däl. Bu gynandyryjy ýagdaý. Bu goşgylaryň, rubagylaryň soňky ykbaly meni gaty biynjalyk edýär. Х Х Х Şu gün Ýeňiş baýramy. Men 2003-2006-njy ýyllarda Uruş weteranlar guramasynda ilki guramaçy, soň jogapkär sekretar bolup işledim. Uruş weterany, žurnalist-terjimeçi Oraz Nepesow başlygymyzdy. Arassa, gowy adamdy. Soň ol ýogalandan soň Tokaýew diýip bir ofiseri getirdiler, ugursyz adam eken. Onuň bilen adam oňuşmaýar. Az-owlak işledim. Onuň ýerine gelen Oraz Nepesiň ogly Gurban, polkownik. «Işden äkiden zatlaryny getirsin, getirmese zähmet depderçesini bermäň» diýensoň, edaradan alan zatlaryny yzyna getirip, depderçesini alypdyr. Irden Murgapdan ýaş şahyr Şiraly, Gyzylarbatdan mugallym Atamämmet dagy jaň edip, baýramy gutladylar. Kyrk ýyldan bäri aýdylyp gelinýän «Uruş weteranlary» aýdymyny Öwezgeldi Tekäýew bilen bile ýazypdyk. Ýeňiş baýramy bilen günüň dowamynda ýene-de Annaberdi, Sähet, mugallyma Merýem Hudaýbergenowa, Salyh aga we beýlekiler gutladylar. Merýem mugallymy men görmesem-de, ol Merjenden özüni meniň bilen telefonda gürleşmegimi haýyş edipdir. «Men siz hakda bilýän. Siz gowy şahyr, gowy adam» diýdi. Ol meniň bilen rusça gürleşdi. Özbek maşgalasy bolmaga çemeli. 14.05.2023. Düýn «Türkmenistan» gazetinde gündogary öwreniji rus alymy, professor Berezine bagyşlanan makalam çykdy. Berezin 1862-nji ýylda neşir eden “Türk hrestomatiýasy” atly kitabynda Magtymgulynyň, Şeýdaýynyň, Magrupiniň goşgularyny, şeýle hem “Görogly” eposyndan, “Döwletýar” dessanyndan gogulary ýerleşdiripdir. Jemi 17 goşgy. Gije düýşüme kakam bilen şahyr Resul Gamzatow giripdir. Resul maňa «Kitabyňy görkez» diýýär. Kitabymy gözleýän, ýerinde ýok. Serdar maňa aýtman paýlapdyr eken. Resul bilen surata düşeýin diýsem olam bolmady. Х Х Х Düýn Saparberdi bilen Baýjan Hojalarda – Bekrewede bolduk. Nepes agamyň ejesi Orazgül mamanyň aýdanlaryny ýatlady: – Aňyrdan itler gelýär, Guýrugy doly bitler gelýär. Kisesinde puly ýok, Herrik itler gelýär. Ýa-da: Öýünde ýok göjelik, Göwni istär hojalyk. Orazgül mamany men görüpdim. Orazgül onuň ady dakylanydy. Ýalňyşmasam, ol Çukurýurtly ýaşuly Hallysähediň dogany bolmaly. Hansähet Babaýew Allanazar Towynyň ikinji aýaly Ogulbaýramyň ogludy. 15.05.2023. Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Baýram Hudaýnazarow: – Medeniýet institutynyň prorektory bolup işläp ýördüm. Bir gün irden Gözel Ataýewa diýen işgärimiz: – «Baýram aga, seni medeniýet ministriniň orunbasarlygyna belläpdirler. Gazetde çykypdyr» – diýip, eli gazetli geldi. Öýlän meni ministrligiň işgärleri bilen tanyşdyrdylar. Soň Saparmyrat Nyýazowa jaň etdim: – Sapar Ataýewiç, meniň bilen gürleşmän, zat etmän belläýdiňiz-dä! – diýdim. – Gürleşip nädeýin. Men seni gowy tanaýan – diýdi. - Täze gimniň maslahaty boldy. «Sazam, tekstem täze bolmaly» diýdi. Şonda Aşyr Mämiliýew elini galdyryp, söz sorady: – Öňki gimniň sazy gaty gowy çykypdyr. Şony öňküligine galdyrsak – diýdi. Sapar Ataýewiç: – Ýok, hemme zat täze bolmaly – diýdi. Her kim işlän gimniniň sazyny tabşyrdy. Şonda Weli Muhadow: – Baýram Hudaýnazarowyň sazy gimne gowy gelýär – diýip aýtdy. --Onuň gapdalyna ýene birki sazy goşaýsak diýip – Rejep Allaýar, Rejep Rejebow aýtdylar. Sapar Ataýewiç sazlary diňläp, «Baýram seniň sazyň şowly çykypdyr» diýip aýtdy. Menem «Şonuň sözünde bir zat ýetenok-- «Türkmenbaşyň guran beýik binasy» diýsem, ol begenip, meni gujaklady. Şahyrlar sözlerini Pöwrizede ýazypdyrlar. Her kimden bir zat alnypdyr. Sapar Ataýewiç: – Gimniň sözleriniň awtoryny hem görkezemzok. Sazynyň awtoryny görkezjek däl – diýdi. Razylaşdym. Ýöne “Soň men seniň gadyryňy bilerin” diýibem aýtdy. 17.05.2023. Düýn edara Tejenden Saryhan Çary ogly geldi. Ol 1944-nji ýylda doglan. 1993-nji ýylda ol maňa öz agasy şahyr Saryhan Gylyç oglunyň (ol 1937-nji ýylda tutulan) soňky ykbaly bilen gyzyklanyp, hat ýazan eken. Men oňa bu hakda KGB-ä hat ýazmagyny maslahat beren ekenim. KGB-den oňa ol hakda gysgaça maglumat iberilipdir. Saryhan aga öz agasynyň goşgularyny hem getiripdir. Goşgular türmede ýazylypdyr. Gaty gowy goşgular. 30 ýyldan soň meniň ýanyma gelen Saryhan aga öz ömrüni mugallymçylykda geçiripdir. «Häzir zähmet mugallymy bolup işleýän» diýdi. Sowatly adam. Men oňa agasynyň goşgularyny kitapça görnüşinde akademiýanyň kitaphanasyna, institutyň golýazmalar fonduna, Merkezi döwlet arhiwine tabşyrmagyny maslahat berdim. Ol öz ýany bilen meniň «Ýürek ýatlamasy» atly kitabymy hem getiren eken, oňa awtograf ýazyp berdim. Ol Ahmet Mämmediň 93-nji ýylda «Edebiýat we sungatda» çykan goşgularyny hem getiripdir. Şo wagt gapydan Ahmediň gelni, biziň işgärimiz Aýjemal gelip, Ahmet aganyň 18-nji maýda ýylyny belleýändiklerini aýdyp gitdi. Şundan soň Saryhan aga gazeti bize görkezdi. Geň pursat boldy. Biz oňa Ahmet aganyň ýogalanyny aýtdyk. Gynandy. Soň Saryhan agany uniwersitetde goýdum. Ol bu ýerde klasdaşy Begliýew bilen görüşmelidigini aýtdy. Onuň bilen hoşlaşdym. 18.05.2023. Gije düýşümde Bäherden tarapda bugdaýly meýdanyň ýanynda maşynymy goýup, gezelenç üçin biraz öňe ýöräpdirin. Yzyma gelsem, maşyn ýerinde ýok. Goýan ýerim tapylanok. Şeýdip, maşynyň gözleginde ýörkäm, ukudan açyldym. Gaty begendim. Gündiz Ahmet Mämmediň ýylyna göründim. Änewde ýene bir belli günde bolup şäherde magazine sowulyp çyksam çagalar «Maşyndan benzin akýar» diýdiler. Benzin şlangalary deşilipdir. Maşyny ussahana äkitdik. Düýşe weli geň galdym. 22.05.2023. (1934) Ýaňy 5-10 minut mundan öň Babadaýhandan Baýram Şaly jaň edip, «Kakajany aldyrdyk. Şu gün 5-de Büzmeýinden obasyna getirip jaýladyk» diýdi. Kakajan uniwersitet ýoldaşymyz. 4-5 günlükde oňa jaň etdim. Gürleşdik. 20-sine Baýramyň toýuna barjakdygyny, meňem hökman şoňa gatnaşsam gowy boljakdygyny aýdypdy. Menem «Ýagdaýyma serederin» diýdim. Özi gatnaşypdyr. Ertesi Baýram jaň edip soranda, «Şu gün ýagdaýym gowy» diýen eken. Ol gaty ýatkeş oglandy. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Kakajan Täçmyradow! 25.05.2023. Düýn işimize 90 ýaşa golaýlan bir ýaşuly geldi. Işgärimizi sorady. Ol bularyň ýazan Sözlügine syn ýazypdyr. Men oňa iş telefonyny berip, «Gerek bolsa şu telefona jaň ediň» diýdim. Gulagy (çep gulagy) agyr eşidýär. Ol bize 10-15 ýyllykda çykaran politehniki sözlügini görkezdi. Men ony ugratdym. Daş çykamyzda ol menden «adyň näme?» diýip sorady. Men «Allaýar Çüriýew» diýdim. Ol gaty begendi. Meni gujaklady. Şo wagt gyzy jaň etdi welin, ol «Sen gyzym bilýäňmi? Men Allaýar Çüriýew bilen gürleşip durun» diýip begenip aýtdy. Ol ozal meniň Şaja Batyrow hakdaky makalamy okapdyr, özüniň Batyrow hakda kitap ýazýanyny, meniň maglumatlarymyň hem şol kitabyň özenini düzýändigini aýtdy. Ol meni wagty bilen goýbermedi. Onuň familiýasy Çonanow, ady Gully. Çärjew pedinstitutyny gutarypdyr. 40 ýyldan gowrak politehniki institutda mugallym bolup işläpdir. Düýnki pursat örän tolgundyryjy boldy. Şeýle pursatlar döredijilik adamlarynyň arasynda seýrek bolýarmyka diýýärin. 27.05.2023. 25-ne golýazmalarymyň (10 daňy) ep-esli bölegini institutyň golýazmalar fonduna tabşyrdym. Fonduň işgäri Aýjemal «Allaýar aga, goşgularyňy sypdyrman okaýardym. Men seniň muşdagyňdym» diýdi. 26-syna institutyň kitaphanasyna 100-e golaý žurnal «Sowet edebiýaty» («Garagum») žurnalyny tabşyrdym. Х Х Х Şu gün akademiýada sagat 10-da Maksat Çüriýew ylymlaryň kandidaty adyny almak üçin dissertasiýa goraýar. Gatnaşarys. Maksadyň zaşitasy gowy geçdi. Gowy baha berdiler. Seminara t.y.d. N.Nazarow ýolbaşçylyk etdi. Akademik Öwez Hudaýberenow, professor Aman Garajaýew we beýlekiler çykyş edip, edilen işi öwdüler. Zaşitanyň öňüsyrasynda Atajan Tagan 25-nde çap edilen («Edebiýat we sungat» gazeti) goşgularymyň gowudygyny jaň edip aýtdy. Х Х Х Ýaňy Azat bilen jaňlaşdym. – Berdinazar Hudaýnazarow gazete hat iberipdir («Edebiýat we sungat». Azat şo döwürde gazetiň orunbasary bolup işleýärdi). Ol «Men Kasamyň tekstini ýazamok. Meniň adyma berilmegi ýalan. Şuny gazetiňizde çap ediň» – diýipdir. Redaktor Täçmämmet Jürdekowyň özi Berdinazar aga bilen gürleşäýmeli weli, «gürleş» diýip maňa haty berdi. Men ýazyja «Berdinazar aga, muny Siziň ýazmajagyňyzy biz gowy bilýäs» diýip köşeşdirdim. Şo döwürlerde onuň aýagynyň kesilen döwri bolmagy ähtimal – diýdi. Bir ýygnakda Berdinazar aga oglunyň goşundan boşadylmagyny, çünki özüniň hem aýalynyň kömege mätäçligi bilen baglydygyny haýyş edip, Nyýazowdan sorady. Nyýazow munuň üçin ýaşulyny utandyrdy. Bu gürrüňi, elbetde, köpçülige ýaýratmasa-da bolardy, ýöne ol muny beýtmedi. Ýazyjynyň iliň içindäki abraýy üçin beýtmeli däldi. Meniň eşidişime görä, bu meseläni B.Hudaýnazarow medeniýet meselesini alyp barýan Oraz Aýdogdyýew dagy bilen maslahat eden bolmaly. Olam oňa şu maslahaty beren bolmaly. Pursaty gelende-de ýazyjy haýyş eden bolmaly. Bolmanda-da Berdinazar aga onuň öz ýanyna baryp, ikiçäk gürleşip bilýän bolmaly. Ýöne maslahat berenler bilgeşleýin edipdirler. Elbetde, kasamyň tekstini Berdinazar Hudaýnazarowyň ýazmajagy belli. Ýöne şo döwürlerde Ministrler Kabinetinde medeniýet bölüminde işlän ýazyjy ýoldaşymyz Öwezdurdy Nepes ýazandyr diýseler ynanardym, çünki ol şeýle ..... zady ýazmagyň ussadydy. 23.06.2023. (10:32) Dördünji gün. Aleksandr Aleksandrowiç Ýeskowy keselhanada ýogalandan soň, şu gün adaty maşyna salyp getirdiler. Ol taryh ylymlarynyň kandidatydy. Ömrüniň ahyrky döwri arhiwde, Maýa Mollaýewa bilen bile işledi. Öň Marksizm-leninizm institutynda, partiýa guramalarynda işledi. Taryh institutynda ştat kemeldi bahanasy bilen işden çykardylar. 4-5 ýyllykda men institutyň direktory Baýram Tagana «işe al» diýip iki gezek haýyş etdim. Etmedi. R.S.: Öýleden soň goňşym Atadan sorasam: «O ýaşuly diri. Keselhanadan öýüne goýberipdirler» diýdi. 24.06.2023. Ýeskow irden ýogalypdyr. Maşyna salyp äkitdiler. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Aleksandr Aleksandrowiç! Hossarsyz, hiç kim gelmedi. 28.06.2023. Şu gün işdeş ýoldaşymyz Şirinjemal Geldiýewa ýogalan eken. 3-üň ýarynda çykarypdyrlar. 87 ýaşyň içinde eken. 09.07.2023. Şu gije garry enem Nowbahar düýşüme giripdir. Ol 1979-njy ýylyň 27-nji iýulynda merhum bolupdy. Х Х Х Öňňin Pirnazaryň ýüregine stabilizator goýuldy. Ýagdaýy gowy. Hirurgy Juma – Ýoletenden. Telefonda gürleşdik. «Aýdymlaryňyzy köp diňledik» diýdi. Ol 1965-nji ýylda doglan. «Gel,obamyň lälesi» 1968-nji ýylda ýazyldy» diýdim. 11.07.2023. Şu gije Orazgül düýşüme giripdir. Kakamam bar. Ertir Aşyryň ýogalan güni (2019 ý.) Düýn gaty yssy boldy. Megerem, 50 gradusdanam geçendir. Epgekli howa. 12.07.2023. Şu gün Aşyrdöwletiň ýogalan güni. Hajy Molla Ysmaýyl ahunyň Aşyr jalaý diýip ogly bolan. Aşyr jalaýyň gyzy Nowbahar. Nowbahar biziň garry enemiz. Ol Aşyr bolanda oňa öz kakasynyň adyny goýupdyr. Molla Ysmaýyl ahunyň bir oglunyň ady Atagarry ahun. Otuzynjy ýyllarda Eýrana geçýär. Ondan Hajy Maksut dogulýar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Eýranyň Prezidenti Rafsanjany Aşgabada geldi. Aşgabada gelmezinden öň ol Hajy Maksut ahunyň bolýan Baglyk obasyna gelipdir. Baglyk obasy biziň obamyz Könekesir obasyndan bolsa birküç kilometrlikde ýerleşýän eken. Rafsanjany biziň daýymyz Hajy Maksuda «Türkmenistana bile gideli» diýipdir. Daýymyz gidip bilmejekdigini örän sypaýyçylyk bilen aýdypdyr. «Ildeşleriňe näme sargydyň bar?» diýip sorasa, ol Aşgabatda nohurlylaryň metjidi bar, şo ýerde namaz okasaň» diýipdir. Ol nohurlylaryň Ýolöten köçesiniň ugrundaky metjidinde namaz okaýar. 1 sagadyň deregine 1,5 sagat nohurlylaryň arasynda bolýar. Muny şäherde kommunal hojalygyna seredýän Pirnazar hem güwä geçdi. Olar metjide barýan köçäni namaz wagtyna çenli, köçäniň çukur ýerlerini zordan asfalt etmäge ýetişipdirler. Rafsanjanyň Baglyk obasyna barandygyny Eýrandan gelen agamyz Hajy Samady we beýlekiler tassykladylar. Hajy Samady Büjnürt şäheriniň häkimi bolup hem işlän ekeni. 13.07.2023. Düýşümde Aşyrdöwleti gördüm. 19.07.2023. Ejem düýşüme giripdir. 22.07.2023. Ýaňy Çary Kuly bilen gepleşdik. Myratgeldi Söýegowyň ýogalanyny habar berdi. «Ertir 11-de çykarýarlar» diýdi. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, dost! 25.07.2023. Düýşümde Tirkiş Jumageldi, merhum Baýramdurdy Sähedow, ýene-de biri – ýadyma düşenok, adynam agzajak däl, ugursyz birini gözleýärmişinler. Gözlenýänem gaçypdyr. Tapdyrmaýar. Dolanyp gelip, Tirkiş meni gujaklaýar. 06.08.2023. Geň galmaly, 5-ni awgust agşamsy güýçli tozanly ýel boldy. Soňundanam ýagyş ýagdy. 22.08.2023. Ýaňy Babajan Halmyradowyň agtygy jaň edip, atasynyň ýogalandygyny, ertirem onuň ýedisidigini aýtdy. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, dost! 26.08.2023. Şu gün ýelli-harasatly gün. Şäheri tozan gaplady. Häzir 11-iň ýary. 11-den soň ýagyş çytyr-pytyr etdi. Düýn Turanyň doglan günüdi. Ýaşap ýörse 52 ýaşynda bolmaly (25.08.1971). Şo gije kakam, ejem, Çaryýar düýşüme girdi. R.S.: – Ýaňky ýagyş maňa 2-3 ýyllykda 30-njy awgustda ýagan ýagyşy ýatlatdy. 15.09.2023. Şu gün işdeş ýoldaşymyz, zehinli alym Atamyrat Saryýewi iň soňky ýoluna ugratdyk. Ýatan ýeriň ýagty bolsun! 22.09.2023. Düýn Tejenden şum habar geldi. O ýerde – zyndanda ýatanobadaşymyz Eke Öwezmyradyň ogly Meret hassahanada ýogalypdyr. Şu gün ony iň soňky ýoluna ugratdyk. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, inim! 08.10.2023. Radionyň «Çar tarapdan» kanalynda Hatyra güni mynasybetli – 6-njy oktýabrda çykyş etdim. Gökdepe wakalary, Nurberdi han – Bulweriň makalasy (1879 ý.), kapitan Batter, Weli Kömegiň «Gökdepe mukamy» goşgusy, Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary Aýdogdy Tahyrow, Annalygyç Ataýew, Tagan Baýramdurdy, Gylyçnyýaz Azalow, Saparmät Hojaýew, Aşgabat ýer titremesi Ýusup Öwez... hakda aýtdym. «Dykma Serdar» atly goşgymy okadym. Şeýle goşgy radioda birinji gezek ýaňlandy. Çünki 32 ýyldan bäri Dykma dönük hasap edildi. Häzir-ä hiç kim hiç zat aýdanok... 05.11.2023. Şu gün ýazyjy Kömek Kulyýew aradan çykdy. Magtymguly gonamçylygynda jaýladyk. 23.11.2023. Şahyr Azat Rahmanow bilen şu gün agşam jaňlaşdyk. Ol 1991-nji ýylyň maýynda meniň SSSR-iň delegasiýasynyň düzüminde Owganystana gidişimi ýatlady. Dogrudanam men üç adam bolup – Belorussiýanyň Žurnalistler soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Başgyrdystanyň Žurnalistler soýuzynyň başlygy, deputat , ady ýalňyşmasam Rizwandy, hemem men -- üçimiz SSSR-iň adyndan Owganystan Žurnalistler soýuzy bilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşypdyk. Şo şertnamada meniň hem golum bar. Azat başga bir zat barada gürrüň berdi. Ol «Edebiýat we sungatda» köp ýyllap baş redaktoryň orunbasary bolup işledi. Täçmämmet Jürdekow baş redaktorka Berdinazar Hudaýnazarow redaksiýa hat ýazyp, şu haty hem gazetde çap etmeklerini sorapdyr. Hatyň mazmuny şeýle: Türkmenistan döwletiniň kasamynda «dilim lal bolsun», «aýagym kesilsin» diýen ýaly jümleler bar. Şo döwürlerde Berdinazaryň aýagy kesilýär. (Onuň aýagy Şwesiýada operasiýa edilýär. Şoňa gatnaşan, ýagny Berdinazaryň ýanynda giden wraçy men tanaýan. Muny maňa onuň özi aýdypdy. Ol meni hem keselimden saplanmaga ýardam beripdi). Berdinazar il içinde ýaýran gürrüňi eşiden bolmaly. «Kasamy ýazan Berdinazar, «aýagym kesilsin diýip ýazdy, aýagy-da kesildi» diýen ýaly gürrüňler. Redaksiýa gelen haty baş redaktor Azada tabşyryp, «Özi bilen gürleş» diýýär. Haty berip boljak däl. Azat Rahman Berdinazaryň öýüne jaň edýär we ýazyjynyň özi bilen gürleşýär. «Kasamy Siziň ýazmanlygyňyzy biziň hemmämiz bilýäs. Ýöne haty şu ýagdaýda çap edip boljak däl» diýen ýaly diplomatik äheňde gürleýär. Şondan soň ýazyjam köşeşýär. «Ýöne şo haty özümde saklaýmaly ekenim» diýip, Azat ökündi. 25.12.2023. Düýn gurjak teatryna spektakla tomaşa etmek üçin şäher etegindäki obalardan çagaly-çugaly eneler hem gatnaşypdyr. Soňky döwürlerde awtobusy dolduryp, tomaşaçy getirilýän eken. Gapdallarynda-da ýol gözegçiligine seredýan GAI işgärleri. Düýnki gelen gelinleriň biri teatr işgärinden namaz okalýan ýeri sorapdyr. Her döwür – bir döwür. 15.01.2024. Ýaňy (11:15) Atajan Tagana jaň edip, ýagdaý soraşdyk. – Ömrümden razy, 24 kitabym çykdy. 850 müň tiraž – diýdi. – Geçen ýyl 16 manat gonorar alypdyryn, nämüçin meni metbugatda kän bir çap edenoklar – diýdi. Maňa kitap sowgat berenleriň arasynda üç adam – bir-ä Çingiz Aýtmatow «Atajanymga…» diýip ýazypdyr. Birem Berdi Kerbabaýew «Atajana dostluk üçin» diýip ýazypdyr. Üçünjisem Kömek Kuly – olam meni gaty öwüpdir. R.S. – Ertir men gözümi operasiýa etdirmeli. Özümem dümewli. Bilemok, nähili boljak?! 16.01.2024. (Ikinji gün) Irden çep gözümi wraç Azat Seýidow operasiýa etdi. Gowy geçdi. Bolnisada bir gije ýatdym. Ertesi powýazkany aýyrdy. Görşi gowy. Palatada Hajybala Şükürow atly bir azerbaýjan ýaşulusy bilen bile bolduk. 82 ýaşynda. Bir gözi glaukoma, bir gözi 50 % görýär. Aýaly 5-6 ýyllykda şu bolnisada ýatan eken. Medsestra ukol edende, sanjylan ýeri çişipdir. Onuň ölümine şo çişem sebäp bolupdyr. Bir ogly, bir gyzy bar. Ogly Içeri işler ministrliginiň futbol komandasynyň treneri. 1971-nji ýylda doglan. Gyzy 1968-de doglan. Medisina işgäri. Ylgap ýören şo gyz. Hajy aga boks boýunça Türkmenistan SSR-niň at gazanan masteri adyny hem alan eken. Soň aýaly pul getir diýse, uly maşynlarda işläpdir. Aýalynyň kakasy maryly türkmen, ejesi tatar eken. 17.02.2024. 6-njy fewralda Maksat Çüriýew ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin akademiýada dissertasiýa gorady. ... Näçe ýyllar geçenden soň şu gün kelläme bir pikir geldi. Megerem 1969 ýa-da 1970-njy ýyl, anyk ýadyma düşenok, gyşky ekzamenleri tabşyrdym. Üçlügem bar. Dekanymyz Öde Abdyllaýew maňa stipendiýa bellemändir. Men munuň üçin uniwersitetiň täze rektory Sähet Nepesowiç Myradowyň kabulhanasynda boldum. «Maşgalamyz uly. Işleýän diňe kakam» diýip, ýagdaýy düşündirsem, täze rektor meni diňlemän, «Dekanyň bilen düşüniş» diýdi. Men onuň ýanyndan lapykeç bolup çykyp gaýtdym. ... 2000-nji ýyllardy. Men Gurbanmyrat Nobatow bilen birnäçe aýdym ýazdym. Şolaryň birem «Alla birdir, Watan birdir...» diýen aýdym. Türkmenistanyň şo wagtky Prezidenti S.Nyýazow bu aýdymy aýtmagy aýdandan soň, hökümet ýolbaşçylary aýdymy öwrendiler. 2001-nji ýylam bolmagy mümkin, Garaşsyzlygyň baýramçylygy bellenilýän günlerde, baýramçylyk konsertinde çeper höwesjeňler bilen bilelikde hökümet ýolbaşçylary hor bolup bu aýdymy aýtdylar. Aýdym aýdanlaryň arasynda Mejlisiň başlygy Sähet Nepesowiç Myradow hem bardy. Eýsem-de bolsa, ol rektor döwründe stipendiýasy nähak kesilen ýaş oglany – Allaýar Çüriýewi diňlemän: ” Muny bar-da dekanyň bilen çözlüş” diýip, başdansowma jogap beren wagty, ýene näçe ýyllardan soň öz ýanyna haraý gözläp gelen şol oglanjygyň ýazan goşgusyna düzülen aýdymy sahna çykyp aýtjagyny göz öňüne getirenem däldir... 17.03.2024. Akademik Bartoldyň «Eserleriniň» 2-nji tomunyň 2-nji kitabynyň 239-njy sahypasynda Nowaýynyň halypasy Attaryň Nişapurda aramgähini gurandygyny ýazýar. Şeýle aramgäh biziň obamyzda – Könekesiriň Pordere diýen jülgesinde hem gurlupdyr. Bu ýer Attaryň ýogalan ýeri bolmaly. Munam Nowaýy gurduran. 18.03.2024. Şu gün irden Salyh aga jaň etdi. Hojamguly atly bir ugursyz adama: «56 günden ölersiň» diýdim. «46 günde ýogaldy». Nähak hereketi üçin baga birine-de gargadymgargadym, olam ýogaldy. Ýene-de birküç sany adamy agzady. Ýadymdan çykdy. «Men Töre ahunyň neberesinden» diýdi. Х Х Х Salyh aganyň Hojamguly hakyndaky bir gürrüňini ýaňy ýadymdan çykarypdyryn. Ony çemodan ogrusy hökmünde häsiýetlendirdi. Ol uruş döwri Aşgabat – Tejen aralygynda çemodan ogurlaýan eken. Ölende-de ýeke özi ýaşansoň, birnäçe günläp hiç kim bilmändir. Aýaly öň ýogalan eken. Salyh aganyň ony halamaýanynyň sebäbi, Salyh aga uniwersitetde işlän döwri oňuşmazlyk şol ýerde başlanýar. Salyh aga Daşkent medresesinde üç ýyl okapdyr. «Urýarlar» diýip dört sany türkmen oglany bolup yzlaryna gaçyp gaýdýarlar. Indi gaçyp gaýdanyna ahmyr edip, «Okamaly ekenik» diýdi. Men ondan Agajan Geldiýewiç Babaýewi soradym. «Aýaklary agyrýar. Aýalam ýarawsyz» diýdi. 03.04.2024. Düýn sag gözümi operasiýa etdirip, şu gün öýe geldim. Wraç Azat Seýidow. Salyh aga jaň etdi. Ata Salyhyň aslynyň Bäherdendigini, onuň kakasy Gyýşy sopy, ejesi Eýrandan getirilen gyrnak. Ata Salyh doglanda köp bolup doglupdyr. 3-4 ýaşlaryndaka Tejene göçüp barýarlar. Suw az bolansoň maşgala Mara, Şordepe obasyna göçüp barýarlar. Salyh agaň özi Şordepeden. «Ýazaýmasam boljak däl» goşgusynda ady agzalýan 19 adamyň ählisi basylypdyr. Salyh aga “Türkmen sazy” kitabynyň awtorlarynyň biri Belýaýewiň aspiranty. Belýaýew 89 ýaşynda, 1968-nji ýylda Moskwada ýogalypdyr. Ol Studençeskaýa köçesiniň 49-njy jaýynyň 42-43 kwartiralarynda ýaşapdyr. Aýaly, gyzy we ogly bar eken. 14.04.2024 (ýekşenbe). Şu gün Goçmyrat ahunyň çowlugy Annamuhammedi iň soňky ýoluna ugratdyk. 16.04.2024. Düýn Onkologiýa insitutynda operasiýa edilen bir näsagyň yzyndan baranymyzda bir gelşiksiz waka boldy. Ýoldaşym hassahanada wagty men maşynlaryň goýlan ýerinde, tut agajynyň aşagynda kölegede garaşyp durkam, bir ýaş oglan «Çilimiňi taşladyň?» diýdi. Elinde-de milisiýa işgäriniň udostwereniýesi. Gaharym geldi. Çilim çekmeýän adama «çilim çekdiň» diýseler, näme diýjegimi bilmän «Çilim barmy şu ýerde. Bar, güm bol şu ýerden» diýip aýtdym. Gitdi. Pahyryň puly gutaran bolmaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||