06:55 Gündelikde galanlar -9/ dowamy | |
4.04.2003 ý.
Ýatlamalar
Sapar Begliýewiň gürrüňi: – 1957-nji ýylam bolmagy ahmal. Garrygala raýkomynyň birinji sekretary Nowruz Dusaýewdi. Meni Aşgabat obkomyndan Garrygala - festiwalyň geçilýän ýerine iberdiler. Dusaýew meni Könekesire iberdi. O ýerde mekdep direktory Nepes Kakaýewiň öýünde Mämmet Jülgäýew bilen on bäş gün ýaşadyk. Uly festiwal geçirdik. Dagyň ýüzünde “Miru-Mir” diýip özüm ýazyp, pagta bilen otlanam özüm. (Biz o wagtlar oglan. Ýöne şo festiwal ýadymda. Öňde-soňda munuň ýaly festiwal soň bolmady. Näçe ýyl geçensoň şo festiwaly guran adama duşanyma az begenemok. Sapar aga ikimiz bir edarada işleýäs. Häzir ol uruş weteranlarynyň Azatlyk etrap geňeşiniň başlygy. Men Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Merkezi geňeşiniň jogapkär guramaçysy – Allaýar Çüriýew). Iki aýaly göreşe-de çykardyk. Biriniň eli sypdy weli, Dusaýew “uçguryndan tut, uçguryndan” diýip aýtdy. Gülüşdik. Gelip obkomyň birinji sekretary Ata Myradowa aýtsam, hezil edip güldi. “Aý, gazaklarda şeýle däp bardyr-da” diýdi. Nowruz aganyň özi gazakdy. Nepesi soň köp wagt geçensoň aýlawda gördüm. Köp öýe äkitjek boldum. Gitmedi, adresimi aldy. Soň görmedim. Könekesirden gaýdyp Mämmetlere geldik. Içdik. Mämmet şonda pýan boldy. Aglady. Birinji aýaly ölen eken. Ikinji aýalynyň ady Rozady. (tatarka – A.Ç.). kakasy onuň şo ýerde MTS-iň direktory eken. Garrygalada geçirip gelemsoň, Saragtda, Tejende şeýle festiwal geçirdik. Soň Büzmeýinde, “14-ýyllykda” geçirdim. Şeýle festiwalyň geçirilişinn men Azerbaýjanda öwrenip gelipdim. Žurnalist Kakabaý Gurbanowyň gürrüňinden: – Maňa nobatym ýetensoň rasşireniýe diýip jaý berdiler. (Ol şo wagt “Sowet Türkmenistany” gazetiniň jogapkär sekretary ýa redaktoryň orunbasary bolup işleýärdi – A.Çüriýew). Öňki jaýymy öý uprawleniýesine tabşyrdym. Şonda onuň başlygy rus adamsy maňa ýüzlenip: – Men öz ömrümde gaty kän duraklary gördüm. Ýöne seniň ýaly duragy birinji gezek görşüm – diýdi. Bolmanda köne jaýy bir garyndaşyň adyna propiska edäýmeli weli, etmedim. 7. 04. 2003 Agamyradyň gürrüňinden: – Muny men Poda Annaorazowyň öz dilinden eşitdim: – Orsyýetde Ýelsiniň tarapdarlary köpelip, öwülip ýörkä şo ýurt baştutany bolsa, ýurduň ýykyldygydyr diýipdir. Bir gezek, 80-nji ýyllaryň başlarynda Ýelsin Swerdlowsk obkomyň I sekretaryka Gapurowyň çagyrmagy boýunça Türkmenistana dynç almaga geldi. (Çärjew obkomynyň I sekretary Rozy Hudaýberdiýew bilen Ýelsin dost eken diýip şo wagtlar gürrüň edýärdiler – A.Ç.). --Ol Botanika bagyndaky myhmanhanada ýerleşdirildi. Gapurow ikimiz irden myhmanhana bardyk. Myhmany “Sosializm” kolhozyna äkitmek üçin. Ýolda Gapurow myhmany türkmen tebigaty bilen tanyşdyryp barýar. “Ine, biziň ahal-teke bedewlerimiz” diýende, pýan Ýelsin "...Твой ахал-текинский конь” diýdi. Jogap berilmedi. Bardyk. Gördük. Nahar berdiler. Gapurow tost göterdi. Ýelsinem sen-men ýok, “Gel, gowsy ikimiz aýallarymyzy çalşaly” diýdi. Gaharym geldi. Etjek alajyň ýok... Bu gürrüňi men bilýän adamlardan eşidipdim. SK-nyň medeniýet bölüminiň orunbasaryna Oleg Dmitriýewiç Kuzmin diýerdiler. Içegen adamdy. Garynlak. Ýelsin gelende, “içip bilýär” diýip, Ýelsiniň ýanynda goýupdyrlar. Birküç gün geçenden soň Kuzmin özüniň çydap bilmejekdigini gelip SK-nyň sekretary Maýa Mollaýewa aýdypdyr. Irden myhmanhana gelse, Ýelsin pýan, ýüzi ýap-ýaşyl diýýär. 9.04.2003 Muny eýranly türkmen hajy Samady gürrüň berdi: – Atasy ogluna “Üç adama syryňy aýtma” diýýär. Biri aýalyňa, biri milisiýa dostuňa, üçünjisi täze baýan dostuňa. Atasy ölýär. “Gel, şuny barlaýyn-la” diýip, bir geçini öldürýär-de, halta salyp, ýerzeminde goýýar. Aýalyna birini öldürendigini, gije ony äkidip gömjekdigini aýdýar. Şo aralykda-da gepi azaşyp, aýalyny urýar. Aýalam baryp onuň milisiýa dostuna habar berýär. Milisiýa gelip onuň elini baglap durka, täze baýan dosty dükanda oturyp synlap oturan ekeni. Ylgap gelip, “alan bergiňi ber” diýip talap edýär. Şonda ol adam öz atasynyň aýdyp giden wesýetiniň dogrudygyny, olary barlandygyny aýdypdyr. Ýene bir gürrüň: Bir adamyň bir akylly gyzy bolan. Sawçylyga gelýärler. Soň ýene iki adam gelýär. Olaň ikisine-de “geliberiň” diýipdir. Aýaly oňa “Seniň bir gyzyň bar. Olaryň üçüsine-de geliberiň diýip aýtdyň-a’ diýip soraýar Onuň bir doňzy, bir eşegi bar eken. Olaram gyza öwrülýär. Gyzlar durmuşa çykýar. Gyzlarynyňka barsa biri eşek häsiýet, beýlekisinde doňzuň häsiýetini görýär. Üçünji gyzynyňka barsa, bir gawuny üç gezek getirýär weli, “Hä, hakyky gyzym şol eken-ow” diýýär. 9.04.2003 Agamyradyň gürrüňinden: – Seýit işan Durundan. Durun dört obadan ybarat. Hukduş (demir ýoldan gaýrada), Aýnabat, Gyzgyn suw, Durun. Seýit işan bilen Ak işan bir döwürräkde ýaşan. Seýit işanyň kürt aýalyndan şumat Abdy ahun bar. Akdepede Alguly. Torbada getirlen. Ondan Gurbanguly, Şyhguly, ýene bir oglan bolýar. Şyhgulyny 37-de basýarlar. Sibirde bolýar. “Şonda-da kapyrlaň dilini öwrenen däldirin” diýýärdi. Orusça çörek, suw diýibem bilenokdy. Oba şlýapaly barsaň, “Sen şuň ýaly ýeriň çagasy bolup şlýapa geýýäňmi?” diýerdi. Gurbanguly çopandy. Dilewardy, gürrüňçidi. Oba Sowet bilen ara dawa düşýär. Şonda oba Sowet prokurora “Muny gepletmän alyň, gepletseňiz başartmaz” diýýä. Öldi pahyr. Bir ogly Çary häzir şäherde komitetiň başlygynyň orunbasary. Hawa, Seýit işanyň ogly Ýarajynyň gaýrasynda ýerleşýän Mehinli obasyna gelnalyja gidýär. Gaýdyşyn Akdepä ýetiberenlerine “Oba ýagy çozdy” habary gelip, gelnalyjydaky erkek adamlar kömege baranda Seýit işanyň ogly Mäti ölýär. Gelnalyjy heniz Duruna barmanka Seýit işan öýündäkilere “Howlyny süpüriň, keçe taşlaň” diýip aýdypdyr. Öňünden oglunyň ölenligini bilipdir. Gully ahun, Mollajyk ikisi Seýit işandan pirligi ak pata almakçy bolupdyr. Sowatly adamlar. Şerti bar. 9 gün dagy öýden çykman okamaly eken. Şol günleriň birinde Gullynyň doganoglanynyň öldi habary gelýär. Adamlaryň içinde her hilisi bar. Biri aýdypdyr. Gully gaýdýar. Mollajygam “Gullyň ýok ýerinde menem ýok” diýip bile gaýdýarlar. Durundaky öwlüýäniň gonambaşysy onuň ogly Rahmanberdi. Özi soň ölýär. Ýogsam ol “bize gonambaşy düşýän däldirem” diýýär. Hywadaky piri ölüm ýassygynda. “Jynazaňy kim aýtsyn?” diýseler, “Seýitjan okar” diýipdir. Ýogsam Seýit işan Durunda. Pir onuň geljekdigini öňünden görüpdir. Ýolda bir obada düşleýärler. Birini ýylan çakypdyr. Molla kän. Okaýarlar. Haýyr edenok. Ahyry horaşaja geýnen işan aga “Menem bir okap göreýin” diýipdir. Okap başlaýar. Çyzyk çyzyp, “Eger ýylan gelip çyzykdan kellesini geçirse öldüriň, bolmasa-da öldürmäň” diýipdir. Birnäçe wagt okanyndan soň uly bir ýylan süýşüp gelip, çyzykda kellesini goýýar. Okap otyr. Indi adam ogluna degme, gitsin – diýenden soň ýylan yzyna süýşüp gidýär. Nähoş bärisine bakýar. Hywa baranda “Näme, Seýit jan gijä galdyň-la?” diýip, pir sorapdyr. Işan aga bolan ýagdaýy aýdýar. Wagt geçmän pir ölýär. Jynazasyny hem işan agamyz okapdyr. Durunda ýaşan Garry işan (1951-52-nji ýyllarda ýogalan) ýadyma düşýär. “Garry işan ýogalypdyr” diýseler, bütin Bäherden paý-pyýada Duruna süýşüp geldi. 1937-nji ýylda ony Bäherdene, NKWD, ak howla çagyrýarlar. Kakam ony idip barýar. Kördi pahyr. Milisiýaň başlygy orus adam, ony görüp: “Şumy indi Eýrana geçip wagyz-nesihat edýän. Tapdyňyz bir içalyny” diýip, işgärlerine käýäpdir. Uruş başlananda “Nemes orusy alyp bilmez. Ýöne haramçylyk eder” diýenem Garry işandy. Kakam 1981-nji ýylyň sentýabrynda ýogaldy. Bir doganoglanymyz ony keselhana soramaga barýar. “Men ertir Tejene gitjek” diýende, “Ertir geljek bol” diýipdir. Ertesi agşam hem kakam jan berdi. Jan berjek bolanda kyrk ýasyn okaýan bendesenli şyh Baba işan. Kakam janyna aram tapanok. “Halyk işany getiriň“ diýdi. Bäherdene baryp gelýänçä birküç sagat gerek. Geldi. Halyk işan okap başlandan kakamyň janyna aram girdi. Şeýdibem sessiz-üýnsüz jan berdi. Halyk işanyň owazy, onuň okaýşy ýaly hiç kim okanok. Diňe Müsüre baramda şoň sesi ýaly sesi eşitdim. Halyk işan Garry işanyň ogludy. Garry pir bolsa iň soňky pirdi. Halyk işan 1982-nji ýylyň sentýabrynda ýogaldy. 1983-nji ýylyň sentýabrynda hem kakamyň kiçi dogany aýryldy. Halyk işanyň çyn ady Şyhymguly, familiýasy Garryýewdi, 70 ýaşlarynda ýogaldy. 9.04.2004 Aga ýaşuly Garajaýewiň gürrüňinden: – Men Baýramaly raýon komsomolynyň birinji sekretary. Minosakýans diýibem raýkompartiýanyň birinji sekretary bolup işleýän ermeni adamy bar. Bir gün ol jaň edip, öz ýanyna gelmegimi tabşyrýar. Barsam ýanynda Babaýewa diýip SK-dan, Döwletowa diýibem obamyzdan wekil bar. “Bulary men “Täze ýol” kolhozynyň başlygy Annaly Saparyň ýanyna äkitmeli. Orta mekdebi gutaran gyzlary ýokary okuw jaýlaryna ibermek hakda. Bardyk. Annaly aga tanalýan adam. Deputat. Gahryman. – Men size çynymy aýdaýynmy ýa ýalanymy? – Çynyňy aýt - diýdiler. – Çynymy aýtsam, men şu gyzlaryň okuwa gitmegine razy däl. Sebäbi edil şu wagt onuň döwri däl. Bir wagt geler, şol okuw jaýlar gyzlardan dolar. Okuwa girip bilmezler. Häzir bize her ýyl „Pagta ekýän ýeriňizi giňeldiň, sentneriňizi köpeldiň” diýip aýdýarlar. Gyzlar pagta üçin dörän. Hemme işimizi edýän şi gyzlar. Erkekler çopan-çolukçylyk edýärler. Ýolda-yzda. Ikinjidenem, iber diýseňiz men gyzlary okuwa ibererin. Obamda sözüme ýok diýen tapylmaz. Ýöne siz olary şäherde saklap bilseňiz. Barybir ata-enesi öz gyzlaryny iki-üç aýdan getirerler – diýdi. Häzir biziň kolhozymyzyň bir özünde 63 müň dowar bar – diýeni meniň şu günki ýaly ýadymda. Minosakýansyň adyny adamlar dogry tutup bilmän, Manasikýan görnüşinde ulanýardylar. Şonuň üçinem onuň familiýasyny tutman adyny “dýadýa Mişa” diýip tutmaly edildi. Bu bütin oblastda şeýle boldy. Raýkomyň plenumy gidip durmy, söz berilmeli bolsa “Häzir dýadýa Mişa söz berilýär” diýlerdi. Obkomyň ýygnagynda-da şeýledi. Adamlaryň dogry aýdyp bilmezligi sebäpli, onuň familiýasyny tutmak gadagan edilipdi. Ambarsumow diýibem Mary oblispolkomynyň başlygy bardy. Ata Ýolbarsly diýibem kolhoz başlygy bar. Bir gezek ol „Onuň bilen meni telefonda gürleşdiriň“ diýip, işgär gyzyna tabşyrýar. Telefonçy gyzlaram ony Gaýyp Öküz diýen başga bir kolhoz başlygy bilen çatýarlar. – Men Gaýyp Öküz – diýýär. Ambarsumow bolsa Ata Ýolbarslynyň adyny ýadyna salyp bilmän: – Sen kimiň başga bir haýwan bardy. Onuň ady nämed-ä? – diýip gülüşdirýärdiler. Baýramalyda işlämde raýkomyň ikinji sekretaryna Açylow diýip bir ärsary ýigidi işleýärdi. Degişgen adamdy. – Pendi çölüne maldarlaryň üstüne gitjegimi eşidip, 10–12 çüýşe konýak getirdiler. Birküç çüýşäni içdik. Dört çüýşäni ýanyma aldym, üç-dört sanysynam öýde goýdum. Şo uçurlar ejem ýaranok. Derman bolar diýip konýakdan az-owlak guýup berdim. Içdi. Köşeşdi. Ertesi “Şo dermanyň-a gowy eken oglum, ýene ýokmy?” diýdi. Ýene berdim. “Ine, şu çüýşe gelýänçem ýaramasaň içersiň” diýip tabşyrdym. Galan üç çüýşänem ýygşyryp goýdum. Çölden geldim. “Oglum, o dermanyň-a şeýle gowy eken. Ýene ýokmy?” diýýä. Üç çüýşäni goýan ýerime seretsem ýok. Olaram ejem görgüli içip gutaraýsa nätjek. Soň Açylowy Çärjewe bir edaraň başlygy edip iberdiler. – Raýonda gije sagat 11–12-lerde gapyň kakylsa zat getirip berýärler. Nursoltan ikimiz şonda bir-birimizden öňünçä gapyny açýardyk. Çärjewe bardyk. Gelen adam boş gelýär. Gijesi-gündizi ýok. Dogan-garyndaş köp. Ýadap, “Indi gapyny açmaly. Çyralary söndürip hiç kime açmaly” diýişdik. Ilkagşam bolandan gapy kiltlenýändir. Bir agşamam biri gapyny kakyp goýar ýerde goýanok. Daşaram sowugrak. Gapyny kakyp-kakyp özi ýadap özi goýdy. Irden turup gapyny açsak, daşarda oturan Nursoltanyň kakasy. Sowukdan ýaňa doňupdyr pahyr. Uruş weterany Aşyr aga Öwezowyň gürrüňinden: – Gara Amanmyrady Nyýazow etrabynyň uruş weteranlarynyň geňeşiniň başlygy etdik. Gara sakgal, telpekli-donly geldi. Başlyk bolandan soň edarada bir duşuşyk geçirdik weli olam geldi. Uzyn sakgaly syrylan, ak köýnek, galstukly. Duşuşykdan soň birki gezek hödür etdim weli, stakandaky aragy jyňkytdy. Maşynda öýüne äkidýärkäk, „Namaz wagtymam bolandyr” – diýdi. Sapar Begliniň gürrüňinden: – Gije sagat 1-de öýe geldim. Gäwers obasyndan gyzyň bahasyny 16 mlýondan 12 milliona getirtdim. Aýallar hiç diýeniňi edenoklar. – 9 sany gyzyňyz gaçanda ýaraşdyrmak üçin meni äkidýäňiz. Biri gapysynyň öňünde eli ýaragly. “Doganyňy ....., Sapar Begli, gelme golaýma” – diýdirtdim. Indi olar-a süýji-süýji gatnaşyp ýörler. Men bolsa onuň şo sözüni gaty görüp, ondan öýke edip ýörün. Aý, how, kürtäniň özi 5 million. Wagtlaýyn aljak bolsaň. Özem iki hili kürte almaly. Biri ZAGS-a gidende, birem öýde. Mylly agany mysal getirdin. Diňlän adam ýok. Mylly aganyň gyzyna inime gudaçylyga baramyzda zadyň üstünde aýallar oňuşmadylar. “Iki keteni” diýýärler. Bizem iki sowsana güýjümiz ýetýär. Ahyry Mylly aga çydap bilmän, aýallary kowup, özi çözdi. “Iki sowsanam bolýar” diýip goýberdi. 14. 04. 2003 Aşyr aganyň gürrüňinden: – Azyk senagaty assosiasiýasynyň başlygy Kakajan Öwezowdan uruş weteranlar guramasyna haýyr-sahawat üçin kömek soradyk. Ol öz işgärinden 300 müň manat iberipdir. Azyndan 2–3 mln. geçirer öýdüpdik. Men ol puly yzyna gaýtardym. “Kisesiniň boş ýerine dyksyn” diýdim. Bir hepdedenem işinden boşadyp, tussag etdiler. Käşgä pulsuz bolsa. Sapar Begliniň gürrüňinden: --Ýeňşiň 58 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň Azatlyk etrap guramasy weteranlary maddy kömek bermek üçin spisok etdi. Raýsobesden spisok aldyk. Spisok biziňki bilen gabat gelmedi. Ep-esli adam ýetenok. Häkimiň orunbasarynyň ýanyna bardyk. Raýsobesiň başlygyna jaň edip, ýagdaýy aýtdy. Olam “Sapar Begliýew öldi” diýdi. Akmyradam “Ol-a şumat meniň ýanymda otyr” diýdi. 15. 04. 2004 Türkmenistanyň uruş weteranlary guramasynyň başlygynyň orunbasary Aga Garajaýewiň gürrüňinden: – 1966-njy ýylda çölde çopanlara edilýän medeni hyzmatyň ýagdaýy bilen tanşyp, Gurbandurdy aganyň öýüne sowuldym. MK-nyň sekretary Ýazguly Hudaýberdiýew “Gurbandurdy aga salam aýdyber!” – diýensoň, onuň ýumşuny bitirmekçi boldum. Kellebaşaýak iýip oturan eken. Özümi tanatdym. O wagt MK-da propaganda bölüminde işleýärdim. Birwagt Baýramalyda raýkomyň sekretary bolup işlän Jumageldi Taňryberdiýewiň inilerinden diýsem, “Wah, Jumajanyň inisimiň” diýdi. Şonda ol maňa “Seni görüp, Atabaýew ýadyma düşäýdi” diýdi. Bir wakany gürüň berdi: Gaýgysyz Atabaýyň kabinetine girdim. Ol şonda menden bir adam hakda sorady. Menem “Edil paýapyl ýaly” diýsem, “dogry aýdýaň” diýdi. Gurbandurdy aga otuzynjy ýyllarda Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygynyň orunbasary bolup işläpdir. Şo wagt Aýtakow Aşgabatda ýok eken. *** Ussat dokumentalçy režissýor Çerkez Şamyradow (ýarym aý mundan öň ysmaz boldy) telefonda: – Teleoperator Wladimir Ahmedow bir ýarym ýyl mundan öň açlygyndan öldi. Bizi garry diýip işden boşatdylar. Birinji pensiýa puluny-da almaga ýetişmedi. Öýünde kreslonyň üstünde açlygyndan öldi. Barsak birki sany garyndaşy bar eken. Şolar hem orus ýolundan hem musulman ýolundan onuň belli gününi sowdular – diýdi. 16. 04. 2003 Düýn Halmyrat özüniň bäş ýyllap döwlet gümrükhanasynyň başlygynyň sürüjisi bolup işländigini aýtdy. Men ondan başlygyň adyny soradym. – Meret Halöwezow – diýdi. – Çary Halöwezowyň oglumy? – Hawa. – Men Çary aganyň gowy adamdygyny aýdyp, “Ýaşuly barmydyr?” diýip sorasam, ol onuň bir ýarym ýyl mundan öň ýogalandygyny aýtdy. Men gynandym. Ol adamy men ýekeje gezek – ýalňyşmasam 1973-nji ýylda “Ýaş kommunist” gazetinde işleýärkäm görüpdim. Şol gün meni SSKP-niň çlenligine kandidat edip kabul etdiler – raýkomyň býorusynda. Ol Sowet raýkomynyň (häzirki Аzаtlуk) I sekretarydy. Şondan soň ony görmedim. Ýuwaş, salyhatly adamdygy görnüp durdy. Ol Änewde bankda işleýän eken. Çyrçykda ýaşaýan eken. Öz howlusy, jaýy bar. Çyrçykdaky jaýlaryň köpüsi wremýanka bolmaly. Irden ýola çykanda, sagat 7-de “Dostluk” magazininiň ýanynda bir raf maşyny kakyp gaçypdyr. --Bir hepdeläp gözledik. Tapmadyk. Bir hepdeden soň Nyýazow keselhanasyndan tapdyk. Iki hepdedenem ýogaldy. Äkiden däri-dermanlarymyzam doly ulanmadylar. Geplänok. Spirt getirdik. 6 litr. Endamynyň gatan ganlaryny ýuwmaga. Şonam arassalamandyrlar. “Başlyk, men ýanynda bolaýyn” diýsem Meret etmedi. “Serederler” diýdi. Bir hepdeläp oňa hiç hili seredilmändir. Seredilen bolsa ölmeli däldi. Haýran galmaly, alkaş ölse, bir günde tapylýar. Onuň bir hepdeläp tapylmaýşy haýran galdyrýar. Çary aga meni partiýa kabul etdi. Şondan soň meni Moskwa, Ýokary komsomol mekdebine, žurnalistika ugrundan okamaga okuwa iberdiler. Allaýar! Bu gün seniň baýramyň Gutly bolsun aýdaýyn. Çyn ýürekden men saňa Köp arzuwlar edeýin. Bar sende bir ak ýürek I... gör sen nähili päkize. Arzuw edýärin men saňa Bolgun şeýle hemişe! 23/II 74 ý. Moskwa. Bu goşgyny maňa bile bir ýerde okan gyzymyz ýazan ekeni. Muny men köp ýyllaryň geçmegine garamazdan saklapdyryn. Bu goşgy meniň üçin has eziz. Çünki bu ömrümiň bir ajaýyp pursatyny ýatladýar. *** 16. 04. 2003. Aşyr aganyň gürrüňinden: – Ellinji ýyllarda men Sowet raýispolkomynyň başlygynyň orunbasary. Territoriýamyza degişli Staliniň ýadygär-heýkellerini aýyrmaly diýdiler. Portretler aňsat. Betondan ýasalany aýyrmak kyn. Demir ýol wokzalynyň seýil bagynda giren ýeriňde sag tarapda, kinoteatryň garşysynda Lenin bilen Staliniň bile oturan ägirt uly heýkelini aýyrmak kyn. Şäherde ony göterjek kran ýok. On tonnadan gowrak. Döwmäge-de goýanoklar. Ahyry bir türkmen raboçiý adam „Bir gije rugsat ber, özümiz ugruny taparys” diýdi. Gijesi bilen heýkeliň töweregini çuň gazdylar. Heýkelem şoň içine çökdi. Üstünem ýapdyk. Raýkomyň I sekretary Gaýybow: “Nätdiň?” diýdi. “Gömdük” diýsem, haýran galyp “Ýör, göreli” diýdi. Gelsek, tep-tekiz. Ýadygärlik durany belli däl. Soň Sowminiň gapysynyň bir tarapynda Leniniň, bir tarapynda Staliniň heýkelleri bardy. Gylyjow Ýokary Sowetiň başlygy boldy-da, “Aýyryň” diýip buýruk berdi. Bir gijede aýyrmaly. Stalini aýyrdyk. Leniniň heýkelinem getirip demir ýol wokzalynyň öňündäki postamente mündürip, swarit etdik. Ertir irden uly goh. Şäherkomyň sekretary Satilow «Kim size Leniniň heýkelini açmaga rugsat berdi» diýip alyp barýar. Barsak ýadygärligiň töweregi SK-nyň, Sowminiň işgärlerinden doly. Demir ýol uprawlenýesiniň başlygy Maksudow 5-10 sany işçi aýala ak matadan uly çadyr tikdirip otyr. Ak matany geýdirdiler. Öýlänem ony dabaraly açdylar. Beýtmelidigini kim bilýär? Aýyr diýdiler, aýyrdyk. Ýogsam postamentiň bir günlük -ýatym günlük işi bardy. - 14-nji aprelde general Aleksandr Terentýew 81 ýaşapdyr. Uruş weteranlarynyň guramasy 150 müň manat pul kömegini ýazdy. Ony ýaşuly Aga Garajaýew gowşurmak üçin öýüne baranda, öýüne-de salman, şo ýerden ugradypdyr. Aga ýaşuly: “Indiki gezek men gelmen. Özüň gelersiň” diýip gaýdypdyr. Ol uruş weteran guramasynyň başlygynyň orunbasary bolubam birtopar ýyl işledi. «Harby bilediňi göreli» diýsek, bir gezegem görkezmedi – diýip, Aşyr Öwez aýtdy. Şahsy listok dolduranda-da “Nirede söweşdiňiz?” diýen ýerine “Ýaponiýa, Mançžuriýa” diýip ýazýardy diýýär. Ol özüne “boýewoý general” diýse-de, gümürtik ýerleri köp bolmaly. Häzir şoň ýaly adamlar köpelipdir. 21. 04. 2003 Enäniň gürrüňinden: – Kakam Sary Durdyýew öz wagtyndan öň doglan ýalydy. Ýüregi şeýle ýuka adamdy. Garyp-gasar görse, ýanyndan arkaýyn geçip gidip bilenokdy. Şonda-da onuň garşydaşlary köpdi. Kandidatlyk dissertasiýasyny goranda üstünden arza ýazyp, Moskwa iberipdirler. Moskwada kakamyň işi bilen gyzyklanýan adam “Sary, sen arzaçyny daşdan gözleme, ony öz dostlaryňdan, has takygy, Eýrandan bile gelenleriň arasyndan gözle” diýipdir. Kakamy “dissertasiýany özi ýazmady” diýip aýyplapdyr. Soň kakam ejemiň ýanynda şo arza ýazanyň Aşyrpur Meredow bolaýmagynyň ähtimaldygyny ýaňzydypdyr. Şonda-da ol muny ejemiň ýanyndan başga ýerde aýtmady. Aşyrpuruň ýanynda oňa göwnüçiglik edýändigini birjik-de duýdurmady. Kakam ýogalandan soň, Aşyrpur gelip, ejemden kakamyň kitaplarynyň içinden arap dilnde ýazylan bir kitaby diläp äkitdi. Soňky ýazan kagyzlary saklanan papkany hem tapmadyk. Ol kitaby getirip bermedi. Eýrana gidende Aşyrpur kakamyň dogany Kerim dädemiň ýanynda biziň kakamy har saklandygymyzy, onuň aýagyna galoş geýip köçä çykandygyny aýdyp, bizi ýamanlapdyr. Ol bütin ömrüne kakamyň gowy maşgalasynyň bardygyna gözi gidipdir. Muny kakama hem aýdan eken. Kakam bize – çagalaryna öz dostlaryna, ejemiň garyndaşlaryna “däde” diýip ýüzlenmegi öwretdi. “Baýram däde, Ensary däde, Ýegdäde (daýym) we ş.m. oňa-da “Nury däde” diýýärdik. Ýamanlanyny eşidip, men oňa däde diýmegi goýdum. Soň bir gezek poliklinika gelende, “Sen nämüçin maňa däde diýeňok” diýip sorady. Men onuň nädogry hereketlerini ýüzüne aýtdym. Ýüz görmedim. Kakam namysjaň adamdy. “Namys özüňize gerekdir” diýerdi. Ejemi raýkoma işe aljak bolanlarynda ejem kakam bilen maslahatlaşdy. Ol şonda ejeme “Çagalary goý-da, gidiber” diýipdir. Sebäbi aýal adamyň uly işe çekilende nähili hapalaýandyklaryny gözi ýetýärdi. 21. 04. 2003 Oraz Nepesowyň gürrüňinden: Şu gün işde, uruş weteranlarynyň guramasynyň jaýynda, ( Azady, 35) gürleşip otyrys. Ýazyjy Kakaly Berdiýew, jogapkär sekretar Aşyr Öwezow, men. Şonda Oraz aga şeýle bir zat aýtdy. – Adyny aýtjak däl. Hemmäňizem tanaýaňyz. Meniň Orsyýede dynç almaga gitjegimi eşidip, ol menden bir zady haýyş etdi. Bir gezek ol – türkmen adamsy bir wagonda är-aýal orus bilen bile gelýär. Ýolda içýärler. Ol şonda “biz ilki holodilnigiň çykan wagty onuň nämedigini bilmän, içinde köwşümizi goýardyk” diýip aýdan ekeni. Rus adamsam geňräk görüp, ony öz ýandepderçesine ýazyp alypdyr. Wagt geçipdir. Indi bolsa ol öz gürrüňinden utanyp, Orazyň şol ýere gidýänini bilip, ondan haýyş edipdir. Ýagny, onuň hiç ýerde öz adyna salgynamazlyk hakda. Oraz aga: “Bardym, onuň ýaşaýan ýerini tapdym“ diýýär. Gapyny aýaly açdy. Ýatyr – diýipdir. Oýadyp bolmazmy? – diýip soradym. – Ýok, ýatyr – diýdi. Äkiden gawundyr çakyrymy berdim. Çakyry açyp, ujundan 50 gram. stakana guýup, içdim. Tanyşlyk üçin. Haýyşymy aýtdym. Baryp ýandepderçäni getirdi. Okap görsem, gününe, aýyna, kimiň aýdanyna çenli bar. Ýazgynyň aşagynda öz haýyşymy ýazyp gaýtdym – diýip, bize gürüň berdi. Muňa nähili düşünmeli? Nähili düşünseň, düşünip oturmaly. Gorkaklykmy, namysjaňlykmy, ýöwsellikmi, ýöntemlikmi? Alla bilsin! 27.04.2003 Düýn Orazgülüň ýylyny berdik. Öň mekdep mugallymym Eke Öwezmyrady getirdim. Şonuň beren gürrüňinden: – Eýrana gitdim. Öňümden hajy Maksut ahun çykdy. Ahun meniň ýegenim. Ol Molla hajy Ysmaýyl ahunyň ogly Atagarry ahunyň ogly. Atagarry ahuny men gördüm. Uzyn boýly adamdy. Onuň aýaly meniň kakamyň (Öwezmyrat hajy) inisi Nowruzaly hajynyň gyzy. Hajy Maksut ahun şeýle bir dili süýji, mylakatly adamdy. Goçmyrat ahun, Molla Ysmaýyl ahun, meniň kakam, Nowruzaly, ýene birküç sany honurly, Ahaldan, Marydan uly ahunlar Mekgä bile gidip gelipdirler. 6 aý 1 gün diýlende. Muny maňa Hajy Maksut ahun aýtdy. Marydan, Ahaldan gidip gelen ahunlaryň adyny aýtdy welin, ýadymdan çykypdyr. Şonda men ondan: “Näme üçin ýurduňy (Könekesire) görmäge geleňok?” diýip sorasam, “O ýerde aýal-ebtat ýarym-ýalaňaç. Bu meniň bilimime zeper ýetirer” diýdi. “Gapur ahun gidip gelýär, şo bolýar” diýip jogap berdi. “Gideýin diýsem, meni Könekesiriňem, Daýnanyňam garşysyndan goýbererler. Rafsanjany (Eýranyň şol wagtky Prezidenti –A.Ç.) öz uçary bilen gelip, meni görüp gitdi” diýdi. Ýogalanda kyrkyna bardym. Şo ýeriň Nurmuhammet Talaýy diýip, uly ahuny bar. Gaty köp ahun jynazasyna durdy. Munuň ýaly gaty seýrek. Homeýnide-de şeýle boldy. Başga meniň ýadyma düşenok” – diýdi. – Eý-ho, mundan nähili şir ýaly adamlar geçen eken. Kä gije şo adamlary ýatlap, tä daň namazyna çenli gözümi ýumman geçýän. Çüri, Nepes, Orazmämmet... Obada şolar barka men arkalydym. Oba boşap galdy. Gürleşere, derdinişere adam ýok. Mämmetýaryň ýanyna baraýynmy? Onuň bilen näme hakda gürleşeýin? Bir gezek urşuň soňky ýylymy, ýa 1945-nji ýylmy, Durdyhan bilen (Garrygala raýzosydy) Aşgabada Ata Bekiniň (Ýokary suduň başlygydy) öýüne myhmançylyga geldik. Onuň asly Kürüždeýli, aýaly şo wagt keselhanadady. – Men näme etsem, sizem maňa kömekleşiň – diýdi. Nahar bişirsem ýa çaý goýsam, bile etmeli - diýip şert goýdy. Bir gün irden Durdyhan eline çekiç alyp, tarkyldadyp otyr. Görsem, gatap giden ak peýnir. Stoluň üstünde şony döwýär. Ata Beki-de oýandy. “Näme boldy? Ýatyraňzok” diýip. “Nämedi?” diýsem, Durdyhan “Aý, Ata Bekiniň atasynyň kellesini döweleýän” (ýençýän) – diýdi. Bir gezegem Durdyhan raýkomy, raýispolkomy uly ýygnakdan soň öýüne nahara çagyrýar. Nahara-da bölek-bölek edip, galoş atýar. Öňlerine nahar çekilýär. Çemçe bilen jamdaky nahary bulasalar, galoş bölekleri, öýde Durdyhanyň özi ýok. Gaçypdyr. Bularam öýdäki çäýnek-käseleri döwüşdirip, gaýdýarlar. Birküç günläp Durdyhany gözleýärler. Tap-da! Ine, adamlar şeýlerägem degişýärdiler. 27.04.2003 Halymadan (buhgalterimiz): – Bas gyzym Äpipä, Sen basmasaň men basam. Seniň basgan yzlaryňga Men-dä ketirip basam... (Tatar aýdymyndan) Eke Öwezmyrat: --Seýitguly mergen Towy mergene topbuk (topuk) beripdir. Wagt geçipdir. Bir gezek olar Porderedäki çowlumda suwa düşüpdirler. Şonda Seýitguly mergen “Topbugymy ber” diýipdir. Towy mergenem topbugy agzyndan çykaryp beripdir. * * * ---Annamämmet Baly maňa topbuk berdi. Uruş ýyllary. Men mugallymçylyk tehnikumynda okaýan. Häzirki “Turist” myhmanhanasynyň ýerleşýän ýeri. “Annamämmet Baly Aşgabada gelýär. Laçyn diýip bir bedew sylag berjekler” diýseler, taýýarlandym. Gelmedi. Soň men oba gitdim. Nohurdan Ata Ady dagy bilen eşekli Könekesire gaýtdyk. Ata Ady Meret mollanyň giýewsi. Obada mekdep direktory. Ýolda men Annamämmet Balydan zeýrendim. “Topbugyny wagty bilen soramady. Indem ýitiripdirin. Sorasa men ýeňiljek” diýip. Oba geldik. Ata Ady Annamämmet Balyny görüp, oňa muny aýdypdyr. Öýde otyryn. Annamämmet Baly eli pilli geldi. “Topbugymy ber” diýdi. Men oýun eden kişi boldum. “Öýe girip çykaýyn” diýen boldum. Olam has ekezlenip, “ýok, çykar” – diýip otyr. Menem topbugy jübimden çykaryp berdim. Annamämmet bir sözem diýmedi. Turdy-da, gidiberdi. Soň bizi nahara çagyrdy. Üýtgeşik zat ýok. Köne armyt kakyny goýupdyr. 28. 04. 2003 Oraz Nepesow (1924 ý. doglan): – Terjimeçi Sapa Baýry meniň halypamdy. Gaty dilewar adamdy. Gürrüň berende özüne çekijidi. Degişme aýtmagy gowy görýärdi. Ýöne bir häsiýeti – aýalyň ýanynda dili baglanan ýalydy. Bir gezek ýomut gelni bilen tanyşdyrdyk. “Pobeda” maşynyna mündürip, ojuk-bujuk almak üçin öz öýüniň ýanyndaky (Krupskaýa bilen sepleşýän çüňkünde) dükana girýär. Gelin maşynyň yzky hatarynda otyr. Edil şo wagtam onuň aýaly Jahan (Jahangir – baptistka) dükana girip, o oturan gelniň kimligini soraýar. Sapa-da köne çekist, şonda aljyraman -zat etmän, “Ol Oraz Orazowiçiň (ol meni şeýle atlandyrýardy) tanşy. Özüni şumat SK çagyrdylar. Wagty bolmansoň, ojuk-bujuk almagy menden haýyş etdi” diýipdir. Soňam meni gözläpdir. “Birden gepimiz iki çykaýmasyn” diýip. * * * --Bir gezek ellinji ýyllaryň başlary bolsa-da bolýandyr, dynç alyş güni, bir tanşymyzy Nebitdaga ugratdyk. Demir ýol wokzalyndan başlanan içişlik Kakalylarda gutardy. Men, Kakaly, Orazdurdy Myradow (biz oňa ýaşuly diýýärdik) şo gün piwo, şampany hasap etmäniňde, Orazdurdynyň içen aragy dört çüýşe arak. Özem şo gün gaty yssy boldy. Kakalylara geldik. Görsek, Kakaly çişip barýar. Aljyradyk. Nätmeli, ejesem aglaýar. Aşak ýanlarynda wetleçebnisa bardy. Tanşymyz işleýärdi. Dynç güni bolansoň adam ýok. Bagtymyza, “Gaz-51”-ä däl, ondan uzyn maşyny sürýän şofýor oglan bar. Ýagdaýy aýtdyk. Maşynyň kuzowyna keçe ýazdyk. Kakalyny göter-göter edip, maşyna mündürdik. “Men-ä şofýoryň ýanynda oturjak, sen gaýrat et-de Kakalynyň ýanynda otur” diýdim. Wodoprowodyň ýokarsynda Bekreweden gaýdýan suw turbasy bilen suw akýan aryk bardy. Şo ýerde Nurtäç Annamyradowanyň adamsy Annadurdy Annabaýewiň, Ogulbossan Beknepesowanyň adamsy (SK-da instruktor bolup işleýärdi) şo ýerde ölendigini eşidipdik. Kakalyny suwa saldyk, sowuk suwda goýduk. Özümizem gorkýas. Masgara bolmaly diýip. Wagt geçensoň ol özüne gelip başlady. Birki sagatdan soň ony ýene öýüne getirdik. Biz ýaşymyzyň kiçiligine garamazdan, Durdy Haldurdy (ol 1905 ý. doglan, biz bolsa 24-25-nji ýylda doglan oglanlar) dagy bilen içişýärdik. Bir gezek Pöwrizeden gaýdamyzda Köşiň gaýrasyndan geçýän otly ýolundan maşyny sürýär. Onuň Priwalow diýip bir gowy şofýory bardy. “Men nogaý” diýerdi. Haldurdy şonda beýtmäňem diýenok. Içişýänlerimiz Ata Kerimow (žurnalist)... dagy. 30. 04. 2003 Agamyrat Setdarow: – Türkmenistanyň Alyjylar soýuzynda guramaçylyk bölüminiň işgäri bolup işleýärdim. 1994-de Gurban Melekäýewi başlyk etdiler. Gelýän hatlary bölümlere ibermeli. Onuň üçin başlyk iş kagyzynyň ýüzüne “Pylany Pylanyýewe ýa-da bölüme” diýip ýazmaly weli, ol kagyzyň ýokarsyna “Oglanlara” diýip ýazýar. Aga Garajaýew (1922 ý.): --Rahym Esen men uruş weteranlarynyň şäher geňeşinde işlämde, “Truskawese gidýän, pul kömegini berseňiz” diýip geldi. “Sen urşa gatnaşan dälsiň-ä. 1927-nji ýylda doglan-a sen” diýsem, “Men MWD-de gulluk etdim” diýdi. Ilki-ilkiler ol doglan ýylyny 1927 diýip ýazýardy, soň 24 ýa-da 25 diýip ýazypdyr. Men pul bermedim, etrapdan 50 müňmi ýa 100 müňmi pul kömegini alan eken (şo wagtyň puly bilen). Urşa gatnaşman aferistlik edip ýeňilliklerden peýdalanýanlaryň birnäçesiniň üstüni açdym. 1. 05. 2003 Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, görnükli edebiýatçy, Türkmenistan SSR-niň Döwlet baýragynyň eýesi, merhum Sary Durdyýewiň öýüne bardym. Ogly Myrat ýeke özi ýaşaýar. Garyp howluda 4 sany kerpiçden ojak ýasalypdyr. Şol ojagyň ýanynda ýagyş damjalaryna ezilen 1972-nji ýylda çykan “Mugallymlar gazetine” dolangy kagyzlar ýatyr. Açyp okadym. Maşynkadan geçirilen golýazma. 200-näçenji sahypa, öňi ýok. Tutaşdyryk hökmünde ulanypdyr. Golýazmada Sary aga türkmen klassyk-şahyrlarynyň pars şahyrlaryndan täsirlenişleri hakda ýazypdyr. Magtymgulynyň Omar Haýýamdan alan täsirleri. Mysallar kän. Pikir Omar Haýýamyňky. Ol golýazma çap edilipmi ýa-da edilmänmi, bilemok. Gyzlarynyň rugsady bilen ezilen golýazmany alyp gaýtdym. Wah, Sary däde öz golýazmasynyň şeýle gözgyny ýagdaýa düşjegini şo wagt göz öňüne getirenem däldir! 2. 05. 2003 Aga Garajaýew (1922 ý.): –Stalingrad söweşine gatnaşan uruş weterany meniň bilen uruş weteranlarynyň Aşgabat şäher guramasynda işledi. Men başlyk, olam ýönekeý işgär. Edara haýyr-sahawat berlen zatlar (60 kg. greçka, köwüş, jemper, balak we ş.m., 5 müň metr biýz matasy...) uruş weteranlaryn berilmeli zatlary özi alypdyr. Işden çykarylanda arza üstüne arza ýazýar. Merkezi geňeşiň başlygy Oraz Nepesiň, meniň üstümden töhnet ýagdyrýar. OON-dan başga ýere ýazdy. Arzasyna seredilmeli däl edildi. Prokurora düşündiriş ýazyp berdim. Onuň bilen gürleşip otyrys welin, gapydan ýaňky “şikaýatçynyň” kellesi göründi. Prokuror şonda oňa “Indi şu gapydan gelme, git” diýip kowup goýberdi. Bir gezek Çary Söýünowiç Garryýewden soradym. Ozal ikimiz bir jaýda, ol ýokarky gatda ýaşaýardy. Garryýew Sowminiň başlygy bolup işlände gürrüňini edýän weteranymyz Sowminde jogapkär işdedi. – Wagtynda aýraýdyk, ýogsam tutuş Sowmini süýşürip öýüne äkitjek. Işden aýyrjak bolsam, Gapurow aýyrtmady – diýip, Garryýew aýtdy. 5. 05. 2003 Kompozitor Weli Muhadowyň öýüne baryp, ony doglan güni bilen gutladym. “Pasportda 4 ýaş ulaldylan” diýdi. Keýpi gowy. “Alp Arslan” diýip uly eser ýazýandygyny aýtdy. Meniň uly şahyrdygymy, uly žurnalistdigimi guwanyp aýtdy. Özüniň meň ýazan taryhy oçerklerimi yzygider okandygyny guwanç bilen aýtdy. “Siz meniň gardaşym” diýdi. Inim Merede, oglum Serdara salam aýtdy. “Watannama” aýdymymyz hakda gürrüň etdik. 14. 05. 2003 Ýeňiş güni mynasybetli beýleki guramalar ýaly Azatlyk etrabynyň uruş weteranlarynyň guramasy weteranlara, olaryň yzlarynda galan naçarlarynyň azda-kände atlaryny tutdy. Şu gün bir weteranyň gelni gelip sowgady äkidip, soňam taşlap gidipdir. “Siz ogry, muň içinde hiç zat ýok” diýipdir. Etrabyň başlygy uruş weterany Sapar Begliýew ol gelniň sözüne kemsinip, biziň ýanymyzda bozuldy. 80 ýaşly frontçunyň göwnüne degen o gelin nähili adamkan? Sapar aganyň gözüne ýaş aýlap oturyşyna ýüregim awady. * * * 15. 05. 2003. Aşyr aga Öwezow (1924 ý. doglan): – Obamyzda Guly aga diýip magazin müdiri ýaşaýardy. Ölemen küştçüdi. Irden işe gaýdanda küşt oýnaýan adamlary görse, aýak çekýän ekeni. Işini-zadyny ýatdan çykaryp, küşde gümra bolýardy. Onsoň işgärleri dükany wagtynda açyp bilmän, Guly aganyň gözlegindedirler. Guly aganyň bu häsiýetine belet adamlar, käte garagolluk edip, onuň geçjek ýolunda bilgeşleýin küşt oýnaýardylar. Olara näme gülüşmek gerek-dä. Bir gezek oba ýaşulularynyň birnäçesi 9-my ýa 12 litr zawod ýagy satyn alypdyrlar. Bidona guýlan ýagy öýlerine äkidip, üç litrden bölüşmeli ekenler. Birine ýetmändir. Üç litr ýetenok. Ýaşulular baryp, oňa ýagdaýy aýtdylar. – Äý, nätdiňiz-aý. Özüňizem ak sakgal adamlar. “Bölüşýäs” diýip, öňünden aýdyp bilmediňizmi? – diýip, gaýtam olaryň özlerini utandyrypdyr. Ýasmansalykly Aga ýaşuly: – Men dokuz ýyllap oba mekdebinde hojalyk müdiri bolup işledim. Irden işe gelip, işgär aýallara etmeli işlerini görkezip, özümem Bagyryň agzyna küşt oýnamaga gidýärdim. Her gün şeýle. Olam bir neşe ýaly zat. Onsoň men gerek bolsam, meni küşt oýnalýan ýerden tapýardylar. Häzirem şeýle. Sapar Begliýew (1924 ý.): – Ellinji ýyllaryň başlarynda men komsomolyň Aşgabat raýkomynyň I sekretary bolup işledim. Geldi Hojagulyýew dostum. Wraç. Aýaly hem Suhan Babaýewiň (TKP MK-nyň I sekretary) gyzy. Ady Sona. Ýigitlik garagollugyny edýäs. Men onuň öýüne baryp, “Pylany keselläpdir. Şoňa seretmeli” diýmeli. Günde-günaşa, bir ýyllap şeýle. Özümem her gezek “Sapar Begli, şu gezek götüň açylaýsa gerek” diýip barýan. “Geldi, beýtmäli-le, kakasyna aýtsa, meni işden kowar” diýsemem edenok. Bir günem “Geldi barmy?¬” diýip bardym. Sona gapyň agzynda maňa sögünip başlady. Menem ýüzüme urlan ýaly gapyny ýapyp, köçä çykdym. “Garagyň çyksyn Sapar Begli. Saňa geregem şudy” diýdim. Aga Ýusup Aly (Baýramalyly, meşhur kolhoz başlygy) ZIL maşynyny Geldä satdy. Alyp gelmek üçin ikimiz Baýramala gidip geldik. Aga Garaja (1922 ý.): – Aga Ýusup Alyň bir ogly bardy. Ýalňyşmasam, ady Döwletdi. Ylymlaryň kandidatydy. Şähere goýbermedi. Ýanynda ýaşady. Döwlet eli çagaly aýal görse, maşynyny saklap, ol aýaly öýüne äkidýärdi.Şeýle häsiýeti bardy. Men ellinji ýyllaryň başlarynda Baýramaly raýonynyň komsomolynyň I sekretary işleýän döwrümde raýkompartiýanyň býuro mejlisine gatnaşýardym. Anna uzyn diýip bir kolhoz başlygynyň üstünden kolhozyň partorgy gum sowurýar. Oňa ynansaň, başlygy partiýa hataryndan çykaryp, işden kowmalydy. Şonda Aga Ýusup Aly partorgyň sözüni bölüp, “Seniň özüň haýsy tireden?” diýip sorady. Olam “pylan tireden” diýip jogap berdi. Şonda Aga Ýusup Aly: “Seniň tiräň galmagaly satyn alýan tire” diýipdi. Şeýdibem kolhoz başlygynyň meselesi oňyn çözüldi. * * * 17. 05. 2003. Amansoltan gelneje (frontçy žurnalist, merhum Kakaly Mommyýewiň aýaly): – Kakaly Saragt raýkomkomsomolynda sekretar bolup işledi. Ellinji ýyllaryň başlaram bolmagy mümkin. Raýon gazetinde Ýagdy Gurban “Kakaly Mommyýewiň aýaly ýaşmakly” diýip, bir sahypa tankyt ýazdy. SK-dan Oguljan Saparowa diýip biri geldi. Raýkoma çagyrdylar. Ol meniň üstüme gygyryp başlady. Onuň özem erkek kitelinde. Men ondan: “Sen kim? Aýalmy ýa erkek?” diýip soradym. “Men ärime däl-de, gaýnyma gulak asýan” diýsem, “Äriňi işden boşadaryn. Şonda bilersiň” diýdi. “Çykarsaň çykaryber” diýdim. Işden boşatdylar. Aşgabada gaýtdyk. Kakaly ejesiniň garşysyna gidip bilenokdy. Ýaşmak dakynýaň diýip kän bir azaram bermedi. Uniwersitete dokumentlerimi düzetdiler. Girmedim. Gaýnymy öýkeletmejek boldum. Şekersoltan gyzyma “Şetdat gyzym. Şundan bir zat çykar” diýerdi. Ol gowy okaýardy. Ömrümiň soňunda Kakalyň gözi kör boldy. Gelen adamyň ýanynda aglaýardy. Ölende kärdeşleriniň köpüsi geldi. Bile işleşende atalyk kömegini etse-de Tagangül (Tagangül Taganowa – A. Ç.) yzy ýarasyna-da ýaramady. Şondan öýkeleýän. Kakabaý Gurbanow (“Sowet Türkmenistany” gazetinde 1959-dan 1985-nji ýyla çenli işlän): Bile işleşdik. Ýagdy aga-da bizde işledi. “Felýeton ýazdy” diýip gülüşýädik. Наlmyrat aga (häzir Gämi metjidiniň ymamy): – Tejende biriniň öýünde otyrys weli oturanlaryň biri menden ýerligimi sorady-da: “Hä, sen şol arkasy suwly ölen bükrülerden ekeniň-oň” diýdi. Bu şeýle: – Aňkar aga diýip birimiz bolan. Balguýudan Berzeňňä barýan eken. Hany o döwür maşyn, ýolda ýykylýar. Habar gelipdir. Gidip görseler öli ýaly ýatyr. Iki atyň arasynda sallançak gurap, mündürip getirýärler. Ýuwaş-ýuwaşdan jana getirýärler. Näme üçim dem-düýtsüz ýatanlygynyň sebäbini sorasalar, “Suwsuzlykdan” diýipdir. “A-how, Aňkar aga, arkaňda düýe çally meşik bard-a” diýip sorasalar, “Aý, ýadyma-da düşmändir” diýip jogap beripdir. “Aňryň pylan şeýtanlarmy?” diýenlerinden, “Arkasy suwly ölen bükri” diýselerem gowy-da. * * * 19. 05. 2003. Oraz aga Nepesow: – Halypam Sapa Baýry “Haýyşam iki hili bolýandyr. Bir-ä haýyşyň özi, ikinjisem haýyşa sygmaýan haýyş” diýerdi. Marksizm -- Leninizm institutynda Sapardurdy Kakabaýew diýen bir tagtaly ýigit bilen işleşdim. Görmegeý adamdy. Gözleri uludy. Aýallar tanyşjak bolup azara galýardylar. Şeýle owadan adama duşan aýal betnyşandy. Şolam onuň işini gördi. Ýogaldy pahyr. Atda Badany çagalar neşiriniň redaktorlygyndan çykardylar. Wagtlaýynça IML-de bile bir kabinetde oturdyk. Ol syýasy zatlary terjime-de edip biljek däldi. “Ýuwaş Dony”, Lasisiň “Täze kenara tarapyny” şu ýerde ogrynça terjime etdi. Şyhmyradow başlygymyzdy. Bir gezek gonorar almaga gidende “Şu gezeg-ä öňümden Şyhmyradow çykmaz-da” diýip, ogryn ýollar bilen redaksiýalaryň ýerleşýän ýerine (Sowet köçesi) barýarka öňünden Şyhmyradow çykýar. “Aý, meňki boljak däl” diýip geldi. Bir gezek Sapardurdy biri bilen agşam sagat sekizde duşuşmagy wadalaşyp duran wagty Kakaly onuň telefon nomerini belläp alan ekeni. Telefon kitapdan onuň kimiň aýalydygyny bildik. Sapar aga Begliýew: – Adamyň erbedi bardy. Ol ýaňky aýaly bilen ýedi gezek aýrylyp, ýedi gezek birleşdi. * * * 22. 05. 2003. Oraz aga Nepesow: – Orazly Tüýli bilen Ýokary Sowetde bile işleşdim. Ony özüm işe aldym. Ol bir zat diýipdi, şo meniň ýadymda: “Ýüz gezek maşynyňa mündür, ýöne bir gezek haýyşyny bitirip bilmeseň, ýüz gezek mündüreniňi püçege çykarýandyr”. * * * 28. 05. 2003. Aşyr aga: – Ata maýmyn diýip bir zawmag bardy. Bir gün ol magaziniň podwalyndaky harytlary öýüne çekip, magazini otlapdyr. Ertesi irden Aşpromtorga baryp, öz magazininde ýangyn emele gelendigini aýdypdyr. Gelip görseler, hemme zat öňki-öňkülik. Ot öz-özünden sönen ekeni. Soň oňa ýyl kesdiler. Oturyp geldi. “Ýeri samsyk, otlaýaňmy, ertir işe baraňda ilki magazini görüp geçäýmeli weli, şony etmän, Aşpromtorga barypdyr-da”. 5. 06. 2003. Sapar Begli: – “Edarada Aga ýaşuly gowy çaý berýär. Çäýnegi gyzgyn suw bilen çaýkaýar” diýip öýde gürrüň etdim. Uly oglum şonda burnuna salybrak “O diýeniň şetdalydyr” diýdi. Ýogsam gelnem otyr-la. Aşyr Öwez: – 9-njy maý güni. Uruş weteranlary bilen salamlaşyp, her kimiň ýagdaýyny sorady. Şonda ol Annaorazdan (Annaoraz Çaryýew –general, 1924 ý. doglan.) “Ýagdaýyň nähili?” diýip sorady. Olam “Hiç neneň däl” diýdi-de, ýüzüni kese sowdy. Annaoraz ikisi obadaş. Gypjakdan. * * * 6. 05. 2003. Oraz aga Nepesow: – Mälik Babahanow Aşgabat oblastynyň halk magaryf bölüminiň müdiridi. Ýüzi gaty betgelşikdi. Bir gezek onuň garyndaşlarynyň biri bilen baglanyşykly işi prokurora düşüpdir. Aşgabat şäher prokuroryna bolsa Baýly Annamuhammedow diýýärdiler. Olam gaty betgelşikdi. Baýlyň ýanyna barmagy Mälige aýdypdyrlar. Mälik Baýlyň ýanyna baryp, , arzyny aýdypdyr. Baýly bolsa onuň ýüzüne seredip-seredip: “Häý, ýüzüň gursun. Güm bol şu ýerden. Haýyşyň bolsa bitdigi bil” diýipdir. * * * 17. 06. 2003. Sapar Begliýew (80 ýaş): – Iş bilen Tejene gitdim. Gaýdyşyn Duşagyň kazyýetine sowulyp, mytyý aldyk. Ýedi tonna. Ýolda äýnegimi galdyranym ýadyma düşüp gynandym. Sebäbi gaty gowy äýnekdi-dä. Ýaşlyga geldik. Şofýor ýigit „Putewoý liste näme diýip ýazaýyn?” diýdi. Menem janym ýanyp, “Äýnek ýazaý” diýdim. Ondan bäri üç ýyl dagy geçipdi. Bir gün prokuror çagyrýar. Barsam, näme üçindir çagyrylanymy bildim. “Edaraňyzyň tualetine çenli barladyk. Oçki diýip şoňa düşündik. O ýerde-de bary-ýogy üç göz bar. Bolany şol. Hany galan oçkylar?“ diýip soraýarlar. Menem şo waka ýadyma düşdi-de, güldüm. Bolan wakany gürrüň berdim. Bolsa-da oglanlar ýagdaýa düşünýän ekenler. Sapar Begliýew: – Düýn Oraz aganyň (Oraz Nepesow, uruş weteranlar guramasynyň başlygy. Sapar aga Azatlyk etrabynyň uruş weteranlar guramasynyň başlygy – A. Ç.) ýumşy bilen häkimlige bardym. Häkim gyssanyp barýan eken. Bolsa-da maşynyna çenli meni diňledi. Meniň adym bilen žete bar, düzederler – diýdi. Žet-iň başlygyna ýagdaýy düşündirsem: “Hek ýok, birki gün garaşyň” diýdi. “Oraz aga düşündir” diýsem, “Telefon nomerini aýt” diýdi. Menem ýadyma saljak bolýan, bolanok. “Aý, şol-a bolanok” diýdim. “Onda öz telefon nomeriňi aýt” diýdi. Öz telefon nomerim ýadyma düşenok. Ýene-de durup-durup, “Aý, olam bolanok” diýdim. Güldi. * * * 2. 07. 2003. Gully Akynyýazow, filosofiýa ylymlarynyň doktory, professor: – Medeniýet institutynyň rektory Çary Çopanow bir gün meni ýanyna çagyryp: “Meniň gürrüňimi edýän ekeniň” diýdi. – Hamana men işe gelemsoň adamlar işden çykarylypdyr. Şonda sen olara “biziň işden gitmegimize rektor sebäp bolýar diýip ýazyň” diýipsiň” diýdi. Men onuň ýaly zat aýtmandygymy düşündirjek boldum. – Siz ýanyňyzda adam şugullaýanlary saklaýaňyz. Olar bu gezek sizi podwodit edipdirler. Näme gerek şugulçylar – diýsem, – Aý, olam gerek bolýar-da – diýýär. Bisowat. “Dissertasiýaňy getir” diýýär. “Kandidatlygymymy ýa-da doktorlygymymy” diýip soraýan. Görüp otursam dissertasiýa diýýäni planyňy diýdigi eken. Ýa-da bolmasa, “dislokasiýaňy getir” diýýär. Olam planyňyzy getir diýdigi. Dislokasiýa bolsa harby bölümiň ýerleşýän ýeri bolmaly-da. * * * 8. 07. 2003. Aga ýaşuly Mary welaýatynyň başlygynyň adyny tutup, „Ömründe ýurt üçin alada eden adam däl. Altmyşynjy ýyllarda halk kontrollygy komitetiniň bölüm müdiri bolup işlämde, Baýramala komandirowka iberdiler. Ol şol wagtlar Mary obkomynyň ikinji sekretary bolup işleýärdi. Ony wezipesinden boşadyp, Baýramalyň ýetimler öýüniň direktorlygyna bellediler. Birki ýyl işläp-işlemän, oňa at gazanan mugallym diýen at berdiler. Obadaşlarym baran ýerimde muňa haýran bolup gürrüň edýärdiler. 30 ýyl, 40 ýyl, 50 ýyl işläp ýören bar. Olara berilmän, munuň ugurtapyjylygyny geň galýardylar. Bu hakda menden Aşgabada baramda ýolbaşçylar bilen gürrüňdeş bolmagymy haýyş etdiler. Gelip, komitetiň başlygy Astan Işangulyýewe aýtdym. Wagt geçip-geçmänkä onuň adyny ýatyrdylar. Raýondanam onuň üstünden köp hat gelen bolmaly. 4-5 ýyllykda ol Mejlisiň başlygy, Seýitnyýaz Ataýew üçüsi delegasiýa bolup Belorussiýa gitdiler. Gelenlerinden soň onuň şol öňki adynyň dikeldilýänligi hakda perman çykdy. Şo ýerde-de şol adam gaty aldan bolmaly. Il üçin işlän adam däldi. Gürrüňe Oraz aga goşuldy: – Ellinji ýyllardy. Ol adam partşkolda okanda Şura diýip bir rus gyzy bilen gezdi. Är-heleý bolup. Soňam oňa Pylany öýlendi – diýdi. Oraz aganyň öýlendi diýýän adamyny men hem tanaýardym. Ol TKP MK-da bölüm müdiri, soň redaktor bolup işläpdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |