00:31 Gündelikde galanlar -12/ dowamy | |
20.11.07 (Sişenbe).
Ýatlamalar
Türkmenistanyň halk hudožnigi Durdy Baýramow geçen hepde jaň edip, portret suratymy çekjekdigini, ikinji gün sagat 11-de ussahanasyna gelmelidigimi aýtdy. Şo gün aýny wagtynda bardym. Birtopar gürrüň berdi. Ol çaga wagty Gyzylarbadyň ýetimler öýünde terbiýelenen adam. Häzirem ol detdomuň ruhy bilen ýaşaýar. “Gowy terbiýe berdiler” diýdi. - Detdomuň direktoryna Şyhdurdyýew diýip (Dianow adyndaky kolhozda ýerleşýän mekdebiň direktory bolup işläpdir) frontdan gelen. Gowy adamdy. Bir gezek nahar iýip otyrkak, ýoldaşymyň naharyndan siňek çykdy. Şyhdurdyýew ýogsam bizden daşdady. Seredip otyrdy. Şony bilip geldi-de, “Hany siňek?” diýdi. Ol çemçe bilen siňegi bildirmän aldy-da, naharyň duzuny datýan ýaly içip goýberdi. Soňam ýoldaşyndan “Nirde, hany siňek” diýip sorady. Muny ol çagalaryň arasynda hyşy-wyşy döretmez ýaly etdi. Bir gezegem terbiýeçimiz orus adamsy saç syrdyrmaly - diýdi. Oglanlaram göwünli-göwünsiz. Ol şonda oglanlaryň arasynda nägilelik döremez ýaly, özi gelip Kotowskiniň kellesi ýaly edip saçyny syrdyrtdy. Saçyny syrdyryp hem öýüne gitdi. Onuň yzy bilen biziň hemmämiz hem saçymyzy syrdyrtdyk. Bir gezek meýdançada futbol oýnuna seredip otyrdyk. Ýanymyzdan bir adam agsaklap geçip barýar. Menem oglanlary gülüşdirjek bolup, ol gidenden soň, agsaklan boldum. Soň ertesimi-birigüni futbol oýnadyk. Men pökgiň üstüne münüpdirin. Pökgi üç-dört gezek pyrlandy. Menem üstünde. Pyrlandy-da, menem ýere ýykyldym. Elim döwlen eken. Şo boldy, şo boldy, adamyň ýetmezine şek ýetirmedim. Sapak boldy. Detdomuň ýedinji klasyny tamamlap, 1954-nji ýylda Aşgabatdaky çeperçilik uçisilesinde okadym. Dört ýyl Gennadiý Ýakowlewiç Brusinsew okatdy. Maňa aýratyn üns berýärdi. Adymy “Durdy” diýip tutýardy. “Baýramow” diýenokdy. Meniň hudožnik bolmagymda şol uly rol oýnady. Ýogsam soň iki ýyl Aýhan Hajyýew hem okadypdy. Aýhanam güýçlüdi. Soň men Moskwa okuwa girdim. Gyş geldi. Geýmäge ne palto, ne gyş köwüş bar. Nätmeli? Ata-ene ýok. Yzyňdan zat iberjek adam ýok. Otagda dört oglan bolup ýaşaýas. Olar „Her gün birimiz okuwdan galyp, egin-eşigimizi bereris” diýip gepleşdiler. Şo günleriň birinde yzymdan poçta ýaşigi bilen zat gelipdir. Görsem, Brusinsewden. Palto bar, gyş köwşi, bir jübüt galyň jorap bar. Gapdalynda hat. “Durdy bu zatlar entek modadan gaçan däldigini bilýän. Geýersiň. Palto bilen köwüş meniň soňky kursda alan zatlarym” diýip ýazypdyr. Bilýäňizmi näme, men şonda agladym. Brusinsewiň 60 ýaşy dolanda, ol Sewastopola göçüp gidipdi, men oňa jaň etdim. “Suratyňy çekjek. Öz ýanym bilen näme äkideýin?” diýsem, "Hiç zat gerek däl, hemme zat bar” diýdi. Dogrudanam, hemme zady - molberti, polotnony, oturýan ýerine çenli taýyn edip goýupdyr. Birbada – dört sagatda çekip gutardym. Ertesi restoranda ýubileýini belledi. Portretini gowşurdym. Gaty täsirli garşyladylar. Resul Gamzatowyň portretini çekdim. Öz ýurduna bardym. Daçasynda suratyny çekdim. Birki sany kitabyny sowgat etdi. (Men o kitaplary gördüm. Birinde şahyr şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Moý lozung – dazdrawstwuýet Durdy Baýramow!” – A.Ç.)). Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” eserini okamagyma “Prawdada” işleýän Ýewgeniý Ýakowlew diýen dostum sebäp boldy. Ol maňa eseriň žurnalda çykan wariantyny oka diýip berdi. Myhmahana gelip, okap başladym. Okap bolubam möňňürip agladym. Sebäp ol wakalar meniň öz başymdan geçipdi. Ýakowlewe jaň edip: “Çingiz Aýtmatow gyrgyz ýazyjysy däl, ol türkmen ýazyjysy” – diýdim. Ol birbada näme jogap berjegini bilmedi. ... Durdynyň jana-jan dosty Gurban Hallyýewiç Agalyýew ol hakda şu gürrüňi berdi: – 90-njy ýyllaryň başynda Durdy gaty horlandy. Sebäbi şo döwürde ministrlik hudožnikleriň eserlerini satyn almaýardy. Daşary ýurtdan gelen birnäçe adam Durdynyň suratlaryny görüp, birnäçe eserini satyn alarman bolupdyr. Jübüsinde kör köpügi bolmasa-da, Durdy muňa razylyk bermedi. Ýogsam, öýünde doýagarna iýmäge zat ýokdy. Men muny magat bilýän. Ýekeje zadyny hem daşary ýurda çykarmady... 1972-nji ýyl bolsa gerek. Ýalňyşmasam, baýramçylyklaryň biridi. Köne uniwermagyň gaýra garşysynda naharnaha bardy. Şonuň öňünde 3-4 adam gürleşip bardy. Bizem inim Meret bilen oruz bazar tarapdan gelýärdik. Şol adamlaryň arasynda meniň tanaýan bir adamym bolmaly. Ýogsam, biz o ýerde durmaly däl. Şol adamyň kimligi ýadyma düşenok. Durdy Baýramowam şolaryň içindedi. Şonda Durdy bizi “iki dogan” diýip tanyşdyrdylar. Şonda Durdynyň biziň yüzümize siňe seredip, maňa “Seň ýüzüň wyrazytelnyý” diýeni şu wagtam ýadymda. Ýogsam, Meret menden gelşiklidi. 72-nji ýylda bolan wakany men Durdy Baýramowiçe gürrüň berdim. Gabat gelşini görsene, 35 ýyl mundan öň aýdylan sözden soň, onuň meniň portretimi çekip oturyşy tötänlik däl ýaly. *** Şu gün (22.11.07) Durdy Baýramow hudožnikleriň birtoparyny – ussahanadaşlaryny çagyryp, Yzzat Gylyjowy ýatlajak. Menem sagat 12-de barmaly. Entek portreti çekip gutaranok. – Yzzat Nazarowiç, aýaly Ene maňa köp goldaw berdi – diýdi. Etýud çekmek üçin meni Murgabyň kenaryna äkidipdi. Köp zatlary öwrendim – diýip, Durdy aýtdy. Muny men pensiýamdan edýän – diýdi. – Fon goýmalymy ýa-da ýok. Portretiň özi aýdar. Başda daglaryň suratyny çekmek pikiri bardy. Göreris. Özi aýdar. Belki-de, fon gerek däldir – diýip aýtdy. 23.11.07. Durdy Baýramow: – Nury Halmämmedow bilen köp gezek oturyp-turuşdyk. Men bir gezegem ondan: “Maňa at bermediler, baýrak bermediler” diýen ýaly gürrüňleri eşitmedim. Bir waka ýadyma düşýär. Oglanlar bolup ussahanada otyrdyk. Nuram bardy. Birhaýukdan soň ýanymyzda Nurynyň ýoklugyny bilip galdyk. “Daş çykandyr, geler-dä” diýsek, geler ýerde gelenok. Howsala düşüp başladyk. “Gaýtjak bolsa aýdyp giderdi-dä” diýişdik. Şonuň üçinem onuň bolaýjak ýerlerini görüp çykdyk. Ýok-da. “Öýüne gaýdaýmasyn” diýip, men bilen ýene birimiz maşyn tutup, 11-nji mikroraýonda ýaşaýan öýüne bardyk. Gapysy gulply däl. Pianinonyň mylaýym sesi eşidilýär. Gapydan çalaja jykladyk. Nury pioninonyň başynda. Ony görüp, rahatlandyk. Onuň wagtyny almanam yzymyza gaýtdyk. Nury nirede bolsa-da, meýlis başyndamy ýa başga ýerdemi, bar pikiri sazda eken. Ony men şo wakadan soň bilip galdym. Bir gezek Nura “suratyňy çekjek” diýdim. Ol göwünjeň razy boldy. Ertesi ol uzyn plaşly, şarfly, birhili telpekli ussahana geldi. Nura mahsus däl egin-eşikler bolsa-da, men oňa hiç zat diýmän, dik durmagy haýyş etdim. 5-10 günläp ýadaman ussahana gatnady. Hemişe-de aýak üstünde. Suraty boldum etdim. Bir günem surata gowy äňetdim weli, ol kompozitor Nury Halmämmedow däl-de. O suratdan göwnüm suw içmedi. Şo wagtlaram Nury başga bir egin-eşikde (gyş wagtlary) geldi welin, geýen zatlary oňa gelşip dur-da. Hakyt maňa geregi-de şol. Nurynyň suraty çekilen holstuň ýüzündäki gaty düşen reňkleri bildirmän aýyrdym-da, surata başladym. Nury ýene-de göwünjeň razylyk berdi. 3-4 günde surat taýýar. Gowam çykdy. Nura-da ýarady, maňa-da. Adam ykbalynyň bolşy ýaly, suratlaryňam öz ykbaly bar. Bu surat, geň galmaly, döredileli bäri ýekeje-de sergilere gatnaşmady. Ol muzeýde saklanylýar. 28.11.07 ý. Hudožnik Durdy Baýramow meniň portretimi çekýär. Gürrüň arasynda ol şuny aýtdy: – Kerim aganyň (Gurbannepesowyň) suratyny çekmegiň arzuwyndadym. 60 ýaşy dolup, ýubileý agşamy geçmezinden birnäçe gün öň men ony Yzzat Gylyjowyň ussahanasyndan çykyp barýanyny gördüm. Ol çykyp barýarka “Her kimiň aladasy özi” diýen ýaly özbaşyna hüňürdedi. Men oňa bu arzuwymy aýtdym. Ýetişmedim. Köp wagt geçmänem ýogaldy. Ýubileý agşamyna gatnaşdym. ...Uçilişäniň ikinji kursunda okap ýörkäm, men onuň “Taýmaz baba” poemasyny haladym. Bu 56-57-nji ýyllaram bolmagy ahmal. Ödenyýaz Nobatowyň portretini çekmek üçin men Marydan onuň ýaşaýan obasyna gitdik. Ýanymda giýewimiz, sary “Moskwiç”-im bardy. Gowy garşylady. Gijesi bilen aýdym aýtdy. Hiç kim päsgel bermedi. Nahar gyzdyrjak bolsa-da özi gyzdyrýar. Ertesi ol bize “Siz arkaýyn gidiberiň. Men özüm ussahanaňa bararyn” diýdi. Maňa geregem şol. Üç günden soň ol geldi. On günläp gatnady. Günortanlyk ussahana naharyny getirýärler. Suratyny boldum etdim. Bagşy öýlerine gaýtdy. 5-10 günden soň men surata ýaňadan seretdim. Göwnüme ýaramady. Kompozisiýa bar, suratyň çekilişi göwnüme jaý däl. “Täzeden suratyny çekmeli boljak” diýip, bagşa habar ýetirdim. Birküç günden geldi. Men bagşa şuny aýtdym: “Irden işe başlaýas. Hiç hili nahar iýilenok. Iş meniň aýdyşym ýaly bolmaly” diýsem, ol:“Maňa bütin Türkmenistan baş egýär, gel-gel indi bir ýaş oglan maňa öz diýenini etdirjek bolýar” diýip, gatyrganjak ýaly etdi. Men oňa, onuň çalýan sazynyň halka degişli bolşy ýaly, çekiljek suratyňam meňkem, onuňkam däldigini, halkyň zady boljakdygyny aýdamda, ol meniň bilen razylaşdy. Suraty çekip tamamladym. Gowam çykdy. 08.12.2007 Edebiýatçy alym dostlarymyň biriniň beren gürrüňi:: – Men Kaýum Jumaýewiň şägirdidim. Ol meniň ylmy işimiň ýolbaşçysy boldy. Işiň 40 sahypasyny okap, “galanam şunuň ýaly bolsa, okajagam däl” diýip, göwni ýetdi. Institutda işgärleriň sanyny kemmeli wagtynda, bölümimizde işgärleriň biri oňa täze kostýum sowgat beripdir. Şonuň üçinem men sokraşeniýe düşdüm. Bazarda işledim. Soň ýene geldim. Pahyr her gezekki çaý içişlikden soň, “Wah, inim şony oňarmadym. Bagyşla, göwnüňe degdim. Şo kostýumy geýmese-de boljak ekeni” diýip aýtdy. Soň, Kasym Nurbadow institutyň direktoryka ýaşuly alymlary işletmeli däl diýen görkezme boldy. Şonda institutdan onuň öýüne jaň edip: “Sen indi işe gelme” diýip aýdypdyrlar. Şony gaty ýokuş gördi. “Bütin ömrümi edebiýat ylmyna bagyşladym. Göwnüm üçin bir desse gül gowşuryp, ugradaýsalaram boljakdy ahyryn” diýip aýdýardy. Şolam onuň kesellemegine sebäp boldy. Nägile bolup ýogaldy pahyr. 21.02.2005 Ýetmişinji ýyllaryň ahyrlarydy. Biz o wagtlar Aşgabatda, Nohur oba diýen ýerde ýaşaýardyk. Dynç güni. Öýde çagalar ýokdy. Öýe birden toguň sçýotçygyny barlaýan bir adam geldi. Toga pul tölenmänden soň, ol uly jerime salmalydy. Onuň bilen düşünişdik. Şo döwrüň puly bilen 25 manat berdim. Soň ol öwrülip gelmedi. Şondan köp ýyllar geçipdi, men oňa, ýalňyşmasam, 2000-nji ýylyň başlarynda gabat geldim. Ol indi molla bolupdyr. Men oňa tanyşlyk beripdim. Biz onuň bilen soňam sadakalarda ençeme gezek duşuşdyk. Soň eşidişime görä, onuň ýekeje aýal dogany ýogalypdyr. Ol ony gaty gowy görýän ekeni. Arkasyna mündürip, aýak ýoluna-da äkidýän ekeni. Aýal doganynyň belli günleriniň öňki güni ol jygyllyga baryp goýun satyn alypdyr. Tomus bolansoň, howa gaty yssydy. Ol şo ýerde tarpa-taýyn ýogalypdyr. Ondan bäri birküç ýyl geçipdir. Men häzir şo hakda pikir edýän. Täsin ýeri, aýal doganynyň belli gününe satyn alan dowary, onuň özüne ýaraýşyny diýsene! 21. 02. 2005 Arada edara Maral eje Nurmyrat diýen bir garry aýal geldi. Beýik Watançylyk urşunda adamsy fronta gidip şo ýerde galypdyr. Şondan bärem adamsyna garaşyp, onuň ojagyny saklapdyr. 1916-njy ýylda doglan. Adamsyndan bir oglan galan ekeni. Ony adam edip ýetişdiripdir. Ol birki ýyllykda aýaly bilen maşynlary çakyşyp, ikisem heläk bolupdyr. Ýowuz ykbal: başda öz ýoldaşyndan jyda düşüp, agyr horluklara sezewar bolan bu aýal, ýaşynyň soňunda-da ýowuz aýralyga sezewar bolşuny görüp, adam ýaly çydamly mahluk ýog-ow diýýärsiň. *** 1990-njy ýylyň dekabry ýa-da 1991-iň başy, ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow bilen Türkmen radiosynda şeýle söhbetdeşlik gurapdyk: A.Çüriýew: – Berdinazar aga! Sizi studiýamyza çagyrmagymyza bir zat sebäp boldy. Arada bir gazetde Siziň “Ömür kitabyny” ýazandyryňyz habar berildi. Ol nähili kitap? Näme hakynda? Nirede çap ediljek? Işiň gidişi nähili? B.Hudaýnazarow: – Hawa, men “Ömür kitabynyň” ilkinji bölegini ýazdym. Tutuş tomus şol eser bilen meşgul boldum. Gynançly bolsa-da, ynsan ömri uzak däl. Takdyr meni altmyşdan aňryk ätletdi. Aýdylşy ýaly, pygamber ýaşyna gadam basdyk. Men muňa şükür edýän. Sebäbi deň-duşlarymyň bir topary geçen urşuň ganly meýdanynda galdy. Ömür ýeňil geçmedi. Ýeňil geçen bolsa “Ömür kitabyny” ýazyp oturmagyňam hajaty ýok. Bu kitap meniň hem-de biziň maşgalamyzyň gören görgüleri, çeken jepalary barada gürrüň berýär. Bu eserde başdan geçirilen wakalar fantaziýa bilen utgaşdyrylýar. Kitaby ýazmak üçin diňe öz edebi tejribämizde däl, eýsem türkmen edebiýatynda heniz toplanylmadyk ESSE formasyny saýlap aldym. Göwnüme bolmasa, şu forma wakalary, döwri janlandyrmaga, eseri şüwlümli okamaga ýardam edýär. Bi kitap meniň gözüm bilen otuzynjy ýyllara nazar aýlaýar. Garagumuň Damly guýusynda biziň 27 öýli obamyz bardy. Otuz üçünjimi ýa-da otuz dördünjimi anyk bilemok, şol ýyllaryň birinde biz bir topar çaga bolup obany gurşap duran alaňlaryň üstünde oýnaýarkak, bir gürrüldi eşidildi. Seretsek goşaganat samolýot golaýlap gelýär. Laňňa ýerimizden galdyk. Samolýot dik depämize geldi. Ine, birdenkä-de az-kem aşaklap bizi seçmaniň okuna tutdy. Seçme bir oglanyň gulagyny deşip geçdi. Ene-atalarymyz gyk-wak bolup bize baka eňdiler. Samolýot bolsa bir tarapa gönügip girip, basmaçylary gözläp ýören samolýot bolara çemeli. Bu kitap nazaryny 1937-nji ýylyň 10-njy awgustynyň jöwzaly gününe gönükdirýär. Şol gün gözümiň öňünde bisowat çopan kakam NKWD-niň penjesine düşdi. Men bary-ýogy 9 ýaşymdadym. Şondan üç-dört ýyl geçensoň tutuş Ýerbent raýonyny yzanda-çuwan edip Amyderýanyň boýlaryna göçürdiler. Baryp täze ýurdy göz açan badymyza bolsa uruş turdy. Bu kitap ýaş gelinleriň dul galyşlaryndan, olaryň görkezen graždanlyk gahrymançylygyndan, mertliginden, wepalylygyndan söhbet açýar. Bu kitabyň uzak dowamy bolmaly. Onuň iň zabun baplary, iň agyr bölegi indi ýazylmaly. Özümiň dünýä akyl ýetirip başlanymdan soňky ömrümiň beýany indi ýazylmaly. Saglyk bolsa täze ýyly tutuşlygyna şol eseri ýazyp tamamlamaga bagyşlaryn diýen pikirim bar. Onuň başky bölümi bolsa eýýäm “Magaryf” neşirýatynda, öňümizdäki ýylda çykmaly. *** Hormatly Allaýar Çüriýew! Siz Garaşsyz, Baky Bitarap diýarymyzyň okyjylarynyň arasynda zehinli şahyr hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Siziň Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli kitaphanasy bilen saklaýan ýygy aragatnaşygyňyz bolsa biz – kitaphanaçylarda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Siziň ýakynda sowgat beren kitaplaryňyz kitaphana deňzine guýulýan bol suwly kitap derýasyna saldamly goşant bolandygyny uly kanagatlanma bilen belleýäris hem-de Size ähli işgärlerimiziň, müňlerçe okyjylarymyzyň adyndan öz minnetdarlygymyzy aýdýarys. Beýik Biribardan Size berk jan saglygyny dileýäris. Gadamyňyz has-da ýiti bolsun, gadyrdan Allaýar Çüriýew! Size uly hormat bilen, Türkmenistanyň S.Türkmenbaşy adyndaky Milli kitaphanasynyň direktory M.Jumaýewa. R.S. 1998-njy ýylyň ahyrlary bolmagam ahmal, men şahsy kitamhanamdan üç müňe golaý kitaby Milli kitaphanamyza sowgat gowşurdym. Işlän ýyllarymda gazet-žurnallaryň podşiwkalary hem bardy. Ýöne gynansak-da, olaryň soňky ykbaly maňa nämälim. PURSATLAR Bolsak, şo wagtlar onki-on üç ýaşlarymyzda bolmaly. Daňdanlar turup, eşekli daga oduna gitdik. Ýoldaşym Sapar menden birki ýaş uludy. Bir ýyl klasyndan galdyrylany üçin biziň bilen bir klasda okaýardy. On-onki kilometr ýol geçip, Pirdere diýilýän ýere bardyk. Deräni synlamaga göz gerekdi. Sowuk suwly çeşmeler akyp ýatyr. Her dürli guşlar bolsa saýraşyp, oglan kalbyňy heýjana getirýär. Äpet-äpet hoz agaçlarynyň boý tokaýlygy göreni haýran galdyrýardy. Tomsuň ortaky aýydygyna garamazdan, bu ýerde üşemänem duraňokdyň. Biz Darzowuň burny diýilýän ýerde odun ýygaly diýdik. Munuň üçin jülgeden inçejik dag ýodasy bilen ep-esli belende galmalydy. Daga çykdyk. Haýdan-haý işe girişdik. Birsalymyň içinde bir eşek ýüküni ýygyp dynç alaly diýdik. Men ýanym bilen süýji alypdym. Şo döwür ak gant gytyrak boldy. Ýoldaşym mundan hezil edip iýdi. Süýjem näme köp iýseň suwsadýar. Ýükümizi eşeklere ýükläp, derrew gaýdarys-la diýip, ýanymyzdaky suwam içip gutarypdyk. Bir damja-da suw galmady. Saparyň eşegine ýüki aňsatlyk bilen ýükledik. Menem ýükümi ýüp bilen gowy çekişdirip eşegiň üstüne atýas weli ýük badyna ýere ýykylyp gidýär. Başga bir gezekde ýüp gowy çekilmänsoň, ýüki eşegiň üstüne atjak bolanymyzda odunlar dargap gidýär. Bu iki-üç gezek gaýtalandy. Ýoldaşymyň suwsany bes-bellidi. Ol menden çeşmeden suw getirmegi haýyş edýär. Men bolsa aşak eňmäge ýeke özüm gorkýan diýýärin. Aý, garaz eýdip-beýdip ýüki ýükledik. Hudaýy çagyryp, ýuwaşlyk bilen aşak eňip başladyk. Ýaňy bir aşak inip başlanymyz hem şoldy welin, meniň eşegimdäki ýüküň bir ujy arça agajyna degdi. Eşek ýüki bilen ýykyldy. Ber indi habaryňy! Ozaldanam suwsuz mejaly gaçan Sapar birden möňňürip aglamaga başlady. Men ýoldaşymyň perişan halyna dözmän gorkyny-ürkini ýatdan çykaryp, suw gabygymy alyp, nädip aşak inenimi bilemok. Gabymy çeşme suwundan dolduryp oturyşyma daş-töweregime garanjaklaýan. Gaplaňdan-möjekden geläýmesin diýip, aşak inişim ýaly, daga-da ylgap çykdym. Ýoldaşymyň suwly gabyň agzyndan gulkuldadyp suwy içişi häzirem gözümiň öňünde. Birazajyk özümizi rastlap, eşegiň üstündäki ýüki çözüp başladyk. Eşek janawer şunça wagtlap, gözlerini mölerdip, ýükli ýatyr. Ýüpi çözüp, odunlary ýene rejeläp, şo darajyk ýerde eşegi ýüklemekçi bolduk. Ýene bolmady. Irdenki gelşimize wagt öýlän bolupdy. Öýdäkilerem birahatlanýandyrlar. Bu wagt biz bireýýäm öýde bolmalydyk. Men ahyry bolmajagyny bilip, “ýüki goýaly” diýdim. Şeýdip men şo gezek öýe odunsyz gaýtdym. Öýe baramyzda gün ýaşyberipdi. Ejem meni görüp begendi. “Oglum, näme beýle gijä galdyňyz. Hany odunyň!” – diýende, bu günki gören görgülerim ýadyma düşüp, düşündirip bilmän aglamaga başladym. Uzakly gün ejizlemän, ejemi görüp aglaýardym. Ýolda gelemizde ýoldaşym bilen “odunymyzy ýolugra Şyhattar öwlüýäsine düşürdik” diýeli diýip bir çukura tüýküripdik. Köşeşenimden soň şeý diýip aýtdym weli ejemdir enem “berekella, oňaraýypsyňyz” diýip “eden işimizi” oňladylarr. * * * Kärim žurnalistlik bolansoň, täsin durmuş ýoluny geçen adamlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolupdym. Şolaryň biri-de baryp-ha uruş ýyllarynyň yzysüre Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen ada mynasyp bolan režissýor Allanazar Gurbanowdy. Men onuň bilen söhbetdeş bolamda goja segsen ýedi ýaşyndady. Goja şonda maňa uzak durmuş ýolundan gürrüň beripdi. – 1965-nji ýylda göni altmyş ýaşan günüm pensiýa çykmak üçin arzamy ýazdym. Soňky işlän ýerim opera teatry. Oýun goýujy bölüminiň müdiridim. Görsem işlemäge goýanoklar. Şoň üçinem sessiz-üýnsüz arzamy berdim. Pensiýa hakdaky dokumentimi alyp, öýe geldim. Diwarda asylgy duran merduwany alyp, radionyň simlerini kesdim. Howluda keçäni ýazdym. Ýatdym. Şondan soň hiç ýere çykmadym. Dükandan tranzistor satyn aldym. Satyjy oglana “Gürgeni tutup ber” diýdim. Şondan bärem stansiýany üýtgedemok. Adamyň göwnüne degmezlik üçin özümde nähili kynçylyk bolsa-da, çekip çydaýan – diýipdi. Görip adamlaryň Allanazar aganyň çyn ýürekden edýän işlerine päsgel berjek bolup, baý dyrjaşypdylar. Gojanyň göwnüne kän degipdiler. Adamyň göwni gaty näzik bolýar. Onuň göwni bir döwlensoň, ony dikeltmek gaty kyn bolýan ekenligine Allanazar aganyň beren gürrüňi mende uly täsir galdyrypdy. * * * Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyr bilen söhbetdeş bolanymyzda otuz ýedinji ýylda öz üstünden üç sany ýazyjynyň töhmet ýazandygyny aýtdy. Ol şonda “Öz aramyzda galsyn” diýip, üçüsiniň hem adyny agzapdy. Olaryň üçüsem häzir aýatda däl. Ýöne olaryň üçüsiniňem ölümi gözgyny bolupdy. * * * 1962-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarydy. Bizi kyrk sany oglan-gyzy Kryma – Artege dynç almaga iberdiler. O ýerde biz kyrk günläp dynç aldyk. Kosmonawtlar Ýuriý Gagarin bilen iki gezek duşuşdyk. Nikolaýew bilen Popowiçiň ýaňy kosmosa uçup gelen wagtlarydy, olar bilen duşuşdyk. Biz olar bilen surata düşdük. Men o suratlary aýap saklaýaryn. Biziň toparymyz Kiparisnyý diýlip atlandyrylýan ýerde, deňziň kenarynda ýerleşýärdi. Onda şo wagtky SSSR-iň dürli ýerlerinden gelen oglan-gyzlaryň kyrkysy bardy. Men has ýaşragy bolamsoň, toparyň baýdak göterijisidim. Nirä barsak-da, men hataryň iň öňünden baýrak göterip barýardym. Artekden gelemden soň şol oglan-gyzlaryň birnäçesi bilen hat aragatnaşygyny saklapdym. Indi hasaplap otursaň, o döwürden gaty kän ýyllar geçipdir. Men käte-käte oturyp şol oglan-gyzlaryň keşbini ýadyma salýaryn. Eýsem-de bolsa, olaryň ömür ýollary niçik boldukan?! Bu meni diýseň gyzyklandyrýar. Türkmenistandan şo wagt Artekde dynç alanlardan ýazyjylar Agageldi Allanazarow, Gurban Abdyrahmanow dagy bilen häli-şindi gabat gelişýäris. Aramyzda Baýmyrat Bäşiýew diýen oglan bardy. Bäherdenlidi. Arada telewizora tomaşa edip otyrkam, bir lukman çykyş etdi. Epeý kişi. Kyrk ýylyň geçenligine garamazdan, men ony tanadym. Ýalňyşmandyryn. Habarçy söhbetdeşlik tamamlanandan soň, oňa: “Baýmyrat aga, sag boluň!” diýip ýüzlendi. * * * Ýetmişinji ýyllaryň başlarydy. Şo wagtky ökde žurnalistleriň biri Waleriý Agranowskiý (agasy hem dünýäde tanalýan žurnalistdi: Anatoliý Agranowskiý) bilen duşuşamyzda döredijilik işiniň hupbatlydygy hakda köp gürrüň edildi. “Gije ýatyrkaň birden bir gowy pikir kelläňe gelýär. Ýanyňda-da ýazar ýaly zat ýok. Ine, şoň ýaly ýagdaýda men başujumdaky çyrany ýakýan-da, diwaryň ýüzüne ýazyp goýýan. Kähalatlarda bolsa ýolda gidip barýansyň. Kelläňe pikir gelýär. Ýazmasaň ýatdan çykarjagyň ikuçsyz. Jübiňden çykaryp, papirosyň ýa-da otluçöpüň gabyna ýazan borsuň, onam soň ýatdan çykaryp taşlan borsuň. Şoň ýaly halatlarda göýä sen iň bir ajaýyp pikiriňden mahrum bolan ýaly duýguny başdan geçirýärsiň” – diýip, W. Agranowskiý aýdypdy. Başga-da bir topar zat hakda aýdylanam bolsa, näme üçindir onuň bu aýdanlary ýadymda galypdyr. Bu her bir döredijilik adamsy üçin tanyş bolsa gerek. * * * 1973-nji ýylyň sentýabrynda Moskwada, Ýokary Komsomol mekdebinde okuwa başladyk. Iki ýyllap žurnalistika ugrundan okamalydy. Bu ýerde dünýäniň ähli ýerinden ýaşlar okaýardylar. Şoň ýaly SSSR-iň hem ähli ýerinden gelipdirler. Ählisem SSKP agzalary ýa-da bu gün–erte agza boljaklar. Meniň göz öňüme getirişim boýunça bu ýerde hemme taraplaýyn gaty arassa oglan-gyzlar okamalydy. Okuwa başlan ilkinji günlerimizden has beýle däldigine göz ýetirip başladym. Okuwdan soň her günki arak içişlikler we gaýry zatlar. Gyzlaryňam çilim çekýändiklerini, arak içýändiklerini, geňrägem bolsa, şo ýerde bilip galdym. Günleriň bir güni, mekdepde GP bolup geçdi. Okuwdan öň Orsýediň uzak ülkeleriniň birinde komsomol ýolbaşçysy bolan biri, gije arakdan doýup, bir gyz bilenem sene-mene edip, özüni üçünjimi ýa-da dördünji gatdan zyňypdyr. Bolsa-da ölmändir. Ertesi ähli toparlarda bu wejera ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylyp başlandy. Indikile beýle zadyň gaýtalanmaly däldigi hakda tekrarlanýardy. Biziň toparymyza ýokary mekdebiň rektory, professor, uruş weterany, birnäçe kitabyň awtory, dilewar Wladimir Nikolaýewiç Truşenko geldi. Aýdyşlaryna görä, ol gursagynyň bir ýerinde faşist güllesini göterýärdi. Ol bizden şeýle ýaramaz ýagdaýyň näme üçin bolýanyny, sebäbini soraýardy. Meniň öňümden ýoldaşlarymyň birküç sanysy çykyş etdi. Men ýerimden turdum. Orusça bilşimem ýogsam ýabygorlurakdy. Gaharyň gelse çekinmeýän ekeniň, ýogsam-da bolsa, köpçülikde çykyş edip ýörmegi halamokdym. Düýp sebäbi çagalykdan galan çekinjeňlikdi. Ine, ýerimden turdum, çalgyrt gürläp başladym: -- Men şu ýerik okuwa gelemde, şeýle arassa ýerdir diýip pikir edipdim. Siz ýaňy Wladimir Nikolaýewiç, mekdepde sekiz ýüz kommunist okaýar diýdiňiz. Bu şeýledir. Ýöne olaryň köpüsi arakkeş, gyzlar bolsa çilimkeş. Has takygy, bardak diýenimem şoldy welin, kafedra müdirimiz Nina Fýodorowna Rubanowanyň (asly Aşgabatdandy) ýüzi çyp-gyzyl boldy-da, ýüregini tutup, daşaryk çykdy. Şeýle çykyşa garaşmadyk hormatly rektorymyzyň hem gahary gelmän durmady. Bolsa-da meni ýanymda oturan täjigistanly ýoldaşym Seýitjalol Seýidow goldap çykyş etdi. Bolsa-da meniň gaharly çykyşym hakda Nina Fýodorowna-da ýüzüme gelip durmady. Soňy parahatlyk bilen gutardy. * * * Türkmen zenanlaryndan radionyň ilkinji diktorlarynyň biri, soň uruş ýyllary radiokomitetiň başlygy bolup işlän Nurjemal Durdyýewa bilen ömrüniň soňky ýyllarynda söhbetdeş bolmak maňa miýesser edipdi. Komitetiň başlygy bolup işleýän wagty Ýeňiş habaryny türkmen halkyna radio arkaly buşlanam Nurjemal Durdyýewady. Radionyň ýanynda aýdym-saz ansambly hem şonuň aladasy bilen döredilipdi. Kiçi Geldimyrat, Giçgeldi Amanow, Abdylla Amanjaýew ýaly bagşylar hut onuň öz alada etmegi bilen ansamblyň işine çekilipdi. – Mylly aga, Pürli aga, Geldi Ugurly... dagy bilen gatnaşygymyz gowudy. Mylly aga gije-de bolsa geläýer öýe. Bir gezek oňa Gürgenden hat gelipdir. Muňa-da Mylly aganyň ýüregi ýarylýa. “Eýrandan hat gelipdir. Kimkän hat iberen? Men gitmesem bolmaz” diýip, gije aýaly bilen öýüme geläýdiler. Asyl ýüzi dagam saralypdyr. “Hä, näme, Mylly aga? Näme boldy?” Ol maňa: “Şu haty oka” diýdi. Hat arapça ýazylypdyr. Men: “Okap bilemok muny, Mylly aga. Ýöne arapça okaýan oglanlar bar. Men çagyraryn. Okatdyraryn. Onsoň size aýdaryn. Oturyň, çaý içiň¬” diýdim. “Ýok, biz gideli. Namazym bar” diýdi. “Okaberiň şu ýerde namazy” diýdim. Radiokomitetde bolsa-da ol namazyny okamalydy. Oňa: “Görünmän namazyňy okaber” diýýän bolara çemeliler”. “Ýok, men özüne aýtman okajak däl” diýip, menden sorady. “Mylly aga, namaz okama” diýip, saňa gadagan edip biljek däl. Okaber. Mylly aga” diýerdim. Onsoň men ertesi Howpsuzlyk Komitetinde işleýän Aşyr Muhammedowy ýanyma çagyryp: “Me, şu haty al-da, oka. Näme ýazylypdyr? Terjime et-de, getir. Mylly aga örän biynjalyk bolýar” diýdim. “Biz köp ýyllar dowamynda Gürgende ýaşaýas. Meniň kakam dagy Eýrana ozal gelen ekeni. Meniň özüm şu ýerde önüp-ösdüm. Daýy diýenim üçin gaty görme. Biz hemişe siziň sazyňyzy diňleýäs. Şo sazlaram özümiz çalýas. Soň Gürgen radiosynda-da çykyş edýäs. Siziň ömrüňiz uzak bolsun. Köpräk, gowrak sazlar çalyň” diýip, ol hatynda ýazypdyr. Men Mylly agany edara çagyryp: “Ynha, me, özüňem oka. Hiç hili gorkarlyk zat ýok. Hemme zat gowulyk. Olar saňa “Daýy” diýeni üçin garyndaşymdyr öýdüp pikir etme” diýdim. Şondan soň Nurjemaldan goldaw tapan Mylly aga rahatlanýar. Şo döwürde ussadyň näme üçin biynjalyk bolandygyna sowet döwründe ýaşan her bir adam düşünse gerek. * * * Şahyr Gurban Wehimi bilen söhbetdeş bolup oturmak hezildi. Okumyş adamdy. Türkmeniň taryhyndan goşgy bilen roman ýazypdy. Okan taryhy kitaplary gaty kändi. Ine, şol söhbetdeşlikleriň birinde Gurban aga şeýle diýipdi: – Bir gezek otly bilen Baýramala gidip barýadyk weli, küpede özüňiz ýaly oglanlar gabat geldi. “Nirä barýaňyz?”¬. “Kiýewe”, “Näme iş bilen?”, “Kino alýas” diýdiler. “Iller öz serkerdeleri hakda kino alýarlar. Şeýdip özlerini dünýä ýaýýarlar. Biziňem Gowşut hanymyz bar-a. Sizem şo hakda dil alyp bilýäňiz-ä” diýdim. Biri oturdy-oturdy-da: “Ol feodal ahyryn” diýdi. Men o wagtlar özümem känbir syýasatdan ýaragly däl-dä. Feodal, kapital sözüni o wagtlar kän saýgaryp bilmeýän döwrüm-dä. Dymmakdan başga alaç bolmady. Özlerem türkmen oglanlary. Soň Mäti Kösäýewe gabat geldim. Ykbalym şoň ýanyna getirdi. “Mäti aga, bizde watançylyk güýçli diýilýär. Emma hiç ýerde hiç zat ýok. Dilimiz gysga bolýar. Şeýtseňiz bolmaýarmy?” diýdim. “Wah, inim, seň diýýänleriň hakykat. Watançylygymyzam güýçlüdir welin, ýöne, han diýilse, Türkmenistany dar agaçdan tokaý ýaly edip, ýa bolmasa, adamlaryň uçdantutma kellesini kesip duran diýip, düşünýäler. Seň diýen adamlaň hiç adam asanam däl, ýa adam çapanam däl, ýurt çapanam däl. Gelen duşmany serpikdirmekden başga zat edenokdy” diýdi. “Onda men Gowşut hany ýazaýyn” diýdim. “Ýok, Gowşut hany ýazma! Gowşut hana diýdirjek pikiriňi Şahly batyr diýip, Goňurdan bir adam bolmaly. Ol şol uruşlaň hemmesini başdan geçiren gödegräk bir adam. Urşa-da gödek adam gerek. Pylan ýerde pylan adam bardyr. Şolar gaty gowy bilýändir. Sen şolaň ýanyna git” diýdi. Özem gowy edip gürrüň berdi. Ine, şonuň bilen ony bäş-alty ýyllaň dowamynda iş edindim. Dört gezek täzeden işläp göçürdim. Mäti aganyň “Gowşut hany ýazma” diýmeginiň sebäbi, han diýlende, türkmeniň hanlary hem Hywa hanlary ýaly bolandyr diýip, düşünýärler. Şoň üçin, ýazaňda-da çap etmezler diýdigidi. Bütindüýä taryhynda bir nesilde bir adama iki gaýry ýurdy basyp almaga gelen duşmanyň garşysyna çykyş edip, ikisinde-de ýeňiş gazanan sanlyja serkerde bar. Şol serkerdeleriň birem Gowşut han. Gowşut han teke türkmeniň togtamyşynyň beginden. Begiňem gökjesinden. Oňam ýary gökjesinden. Gelip çykyşy şeýle: bosgun bolanlarynda gaçyp barýan ekenler welin, bir uly gyz ýerde ýatan çagany gujagyna alypdyr. “Näme çürreşip ýatyrsyň?” diýip adyna Çüri goýup, şondan ýaýranlaram çüriler bolup gaýdýar. Çüri bölegindenem Gowşut han bolupdyr. Gurban aga bilen şol söhbetdeşligimiz uzaga çekipdi. Köp-köp wakalaryň başyny agyrdypdyk. Ol ýigrimi üç müň setiri özünde birleşdirýän “Ildeşlerim” atly goşgy bilen ýazylan romany ýazandygyny hem aýdypdy. – Şonda salyr bilen tekäň hemme düzgünini, bir ýerde rowaýaty bolsa, hemmesini eseriň içine aldym. Salyrlaryň däp-dessury ýaman üýtgeşik-dä. Guda bolanlarynda – zatda, gepleşmän, üm bilen düşünişip, guda bolýarlar. Mysal üçin, gudaçylyk. Ikimizem salyr diýeli. Seň-ä ogluň ýetişipdir, meňem gyzym. Aýalyň bilen maslahat edýäň-dä. “Gurban Wehimilere baraly” diýýäň. Aýalyňy iberýäň. Gelýär, oturýar. Ozal obadaş bolsun, tanyş-u-nätanyş bolsun, saçagy orta ýazýaň. Saçagy açýa, üstünde ýarty çörek bar, aşagynda-da bitin çörekdir. Ýarty çörekden duz datman, bitin çöregiň çetinden gädip, duz dadýaň. Şonda: “Bu gelen adam gudaçylyga gelen eken” diýip, meň aýalym düşünýär. Ýöne gudaçylyk barada bir agyz sözem aýdylanok. Mal-gara, aňry-bäri, “Nireli borsuň, aý, goýnuňyzy gyrkdyňyzmy, geçiňizi sagýaňyzmy”, şo zeýilli gürrüňler. Soň turjak bolup, gobsunyp ugraýa welin, meň aýalym aýdýa: “Ine, ýene bäş-alty günden habar tutuň. Dogan-garyndaş bar. Maslahat ederis. Beriljegini, berilmejegini aýdarys. Nesibäňizde bolsa alarsyňyz” diýip goýberýär. Ol gidýär. Soň aýdylan wagty seň aýalyň ýene gelýär. Ol indi eli düwünçekli. Soň meň aýalym ýene saçak atýar. Saçak ortada. Duz dadýar. Ýöne ýene mesaýy gürrüň gidýär: “Ekiniňiz gowy getirdimi, nirden ekýäňiz?”. Gudaçylyk barada maslahat etdiňizmi, ylalaşýaňyzmy, o zatlaň gürrüňi ýokdur. Ynha, indi turjak bolýar, ine, şondan soň aýalyň getiren düwünçegini alaga-da saçagyň üstünde goýup, çekip alsa, onda ylalaşyldy, dogan-garyndaş bilen maslahat edildi, gyz size beriljek. Salyr aýallary ýas tutanlarynda el çarpyp aglaýarlar. “Boý, boý, boý, boý, boý” diýip aglaýarlar. Aýallaň ýüzi perdeli, oňa dassar diýýärler. Sary dassary atynýanlary ýaşlar. Garrylar ak atynýarlar. Tegelek gurap oturýarlar. Ortada bir dilewar ýaremezan sanaýjy ýaly biri oturýar. Merhum bolanyň ýaşyna göräräk goşgusy bar. Ýaremezanyňky ýaly-da. Ýa-da monjugatdyňky ýaly. Üç setirini sanaýar, dördünji setirinde, ine, biz “Ýa-re-me-za-an” diýýäs-ä, edil şolar ýaly. Şoňa çenli synçgyryp aglaýan bolsa, dördünji setirinde hemmesi el çarpyp, “boý, boý” diýip aglaýarlar. Bir gezek Jebele toýa bardyk weli, bir gelinden sorasak, “Mysaýyba barjakmy ýa uly toýa?” diýdi. Şoňa düşünip bilmedim-dä. Olarda öýlenýän ýigidiň dosty – mysaýyby bar eken. Olam deň-duşlaryny ýygnap, toý edýär. Umumy toý bolsa, öýlenýän ýigidiň öýlerinde. Mysaýyp diýilýän öýlenýän ýigidiň ähli ynanjy eken. Ol özüniň ähli zadyny şoňa ynanýar. Ikisiniň arasynda hiç hili müňkür zat bolmaly däl. Mysaýyp süýtdeşiňdenem eziz görülýär. * * * Professor lukman Çary Baýryýew uruş ýyllary Moskwadan otly bilen Aşgabada gaýdanda ýolda bolup geçen bir wakany gürrüň beripdi: – Kazan wokzalynda gijäň bir wagty, wagony otla tirkediler. Küpä geçip oturdym. Bir göwreli aýal geldi. Ýanynda-da polkownik. Küpä girdiler. Polkownik: “Sen ýaş ýigit, ýokaryk geç, bi aşakda bolaýsyn” diýdi. Menem “bolýa” diýdim. Polkownik bu aýaly ugratmaga gelen eken. Ol maňa bu aýalyň Gyzylarbada barýandygyny, özüniňem generalyň aýalydygyny, ony Gyzylarbada çenli ugratmagymy haýyş etdi. Men özümiň Aşgabatda düşmelidigimi, ýöne Gyzylarbada habar ýetirjekdigimi aýtdym. Aýalyň özi wraç, adam Zoýa eken. Ugradyk. Otly her uly stansiýada duranda, oňa gyzgyn nahar getirip berýärler. Olam çüm-süm edýä, galanynam yzyna berip goýberýär. Menem aç, dilemäge-de utanýan. Şeýdip gelýäs. Çkalow şäherine gelemizde, men egnimdäki paltomy satmaly boldum. Ýolda aýalyň burgusy tutdy. Ol “Çary” diýdi – burgym tutdy. Durup bilemok” diýdi. Otludan gözläp-gözläp medsestrany tapyp getirdim. Olam agyryny aýyrýan iňňe sançdy. Köşeşdi. Daşkende ýetmäkek, ýene burgusy tutdy. Ol “Çary, indi doganymam sen, kakamam sen, ejemem sen. Bu taýda meni ýeke taşlama” diýdi. Daşkende baramyzda, men otludan düşüp, nosilkaçyny getirdip, ony medpunkta äkitdik. Indi onuň ne burgusy tutýar, ne zady. Ýatyr arkaýyn. Ertire çenli bolduk. Ertesi nosilka bilen ýene wagona eltdik. Otly ugradam weli, burgusy başlady. “Çydamok” diýip, ikiýana urunýar. “Kömek et” diýýär. “Bolýar” diýdim. Daşkendiň bäri ýanynda çagasy dünýä indi. Çaganyň göbegini haçan kesmelidigi ýadymdan çykypdyr. Bilemok. Özünden sorasam: “Menden sorama. Özüň et” diýýär. Pulsy ýatyşandan soň, haçan kesmelidigi birden güpbe ýadyma düşdi. Çemedanynda çaga üçin niýetlenen ähli zat bar eken. Çagany gundap, küpeden çykdym. Prowodnigiň ýanyna baryp, “Biziň küpemizde biletsiz adam bar” diýdim. “Kim?” diýip, ol jerime salmak üçin ylgap diýen ýaly küpä bardy. Küpä girip, gundagda ýatan çagany görkezdim. Muňa bir prowodnik däl, eýsem wagondakylaryň ählisi geň galdylar. Aşgabada gelip, “Zoýa, men häzir kakaňa, ejeňe telegramma bereýin. Seň öňüňden çykarlar” diýdim. Olam razylaşdy. Şeýdip ony Gyzylarbada ugradyp goýberdim. Şondan soň men ony ýitirdim. Gabat gelişmedik... *** 1975-nji ýylyň sentýabry bolsa gerek. Aşgabatda ýaş şahyrlaryň Bütinsoýuz festiwaly geçirildi. Muňa öňki SSSR-iň düzümine girýän respublikalaryň ählisinden wekiller gatnaşdy. Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmen döwlet uniwersitetinde bolup geçdi. Hemmämiz tolgunýardyk. Dabaranyň açylyşyna az wagt galypdy. Uniwersitetiň agzynda ikibir, üçbir mesaýy gürleşip, garaşyp otyrys. Ine, şol wagtam komsomolyň Merkezi Komitetiniň sekretary Atadurdy Gurbanow: “Sen Allaýar, dabarada çykyş etmeli” diýdi. Men muňa taýýar däldigimi bahanalap, çykyşdan boýun towlajak bolsam-da, bolmady. Gowy ýeri, şol gün “Edebiýat we sungat” gazetinde goşgularym çap edilipdi. Görsem, şol gazet şahyr Begmyrat Ussaýewiň elinde. Ondan gazeti bermegini haýyş etdim. Dabara-da açyldy. Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkesi Komitetiniň sekretary Çary Ataýew hem prezidiumda otyr. Respublikalardan gelen toparlaryň hersinden birine çykyş etmek üçin söz berýärler. Gizläp nädeýin, biçak tolgunýardym. Çünki, şeýle uly mähelläniň öňünde çykyş edenim ýadyma düşenok. Söz berdiler. Bolsa-da, aýtmaly-goýmaly zatlary gyssagarada kellämde aýlap, münbere ýöneldim. Zal hyryn-dykyn. Abraýly prezidium. Howum basyljak ýaly etse-de, garaz, çykyş etdim. Birki sany goşgymy okadym. Arakesmede deň-duş oglanlar gutlady. Özümem az-kem begenmänem duramok. Sebäbi munuň ýaly uly dabarada respublikanyň adyndan çykyş etmek ynanylan wagtynda begenjiň çägi bolmaz eken. Ine, şol aralykda şahyr Gurbannazar Ezizow maňa tarap ýönelip gelýär. Ýüzleri gülüp dur. Gele-gelmäşe giň gujagyny açyp, “Berekella, injigim!” diýip, meni garsa gujaklady. Ol muny hemmeleriň gözüniň alnynda şeýtdi. Ol muny özüne mahsus açyk ýüreginden guwanyp şeýtdi. Bu Gurbannazar şahyry has hem beýik görkezýän adamkärçiliginden bir nyşandy. Ýöne şol gün onuň bilen iň soňky duşuşygymyz boldy. Festiwalyň ýapylan güni biz onuň wepat bolandygyny eşidip, il-gün bilen bilelikde ýürekden gynandyk. Emma aradan nijeme ýyllar geçse-de, Gurbannazar şahyr bilen bolan ýakymly duşuşyk ýadymdan çykanok. Ol baky duşuşyk bolup galdy. Ýogsa-da, gowy adamlar ömürbaky ýatdan çykanok ahbetin. *** Bir gezek maşynly Gyzylarbadyň üsti bilen Garrygala, oba gezelenje gitdik. Asfaltlanan dag ýoluny külterläp barýas. Bulutly howa ýagyş jybarlaýan ýalam edýär. Oba bir bahymjak aşsak diýip barýas. Birdenem maşyn badyny gowşatdy. Eňňitden aşdyk. Ýoldaşym - öz inim Baýmuhammet ulagyň özi durýança, saklajagam bolmady. “Guşagy üzüläýdi” öýdýän diýdi. Gyş aýlary bolansoň, gatnawam az. Guşagy kimden dilejek, nireden aljak. Galdyk bir alada, pyşdyl ýörüşini edip ýuwaşja gidip barýas. Ulag gidip-gidip, ýoluň gyrasynda saklandy, düşdük. Dogrudanam, guşak üzülipdir. Birdenem birki ädimlikde, ýoluň gyrasynda ýatan guşaga gözüm düşdi. Ýoldaşym ony ýerden galdyrdy. “Wagtlaýyn ulansa boljak. Gowy bolaýdy. Maşynyň hem öz maýdalyna gelip, ýerde ýatan guşagyň edil ýanynda saklanmagy gaty täsindi. *** Bu waka, togsanynjy ýyllaryň ahyrlarynda, Änewde ýaşaýarkam, bolup geçdi. Iş otagymda goşgy ýazyp otyrdym. Diýýärler: “Degmeseň degmezmiş ýylan, Bu sözde görmedim jinnek deý ýalan” – – diýen setirler bilen başlanýan rubagynyň nokadyny goýup, penjireden howla göz aýladym. Şol wagtam otlugyň içi bilen süýnüp barýan ýylana gözüm kaklyşdy. Aýakýalaňaç, başy açyk, ylgap diýen ýaly daşaryk atylyp çykypdyryn. Elime ilen pil alyp, ýylana aýlap saldym. Degmedi. Ýene-de ýerden pili alýançam, ýylan arany ep-esli açyp, bir ýerlerik sümülipdi. Bu waka men haýranlar galypdym. Ündeýän zadym bilen eden hereketimiň çaprazlygy üçin utanmanam durmadym. Soň şuny galamdaşlarymyň birine gürrüň berdim welin, hezil edip güldi. Birki günden soň bolsa şahyr dostum Azat Rahmanow bu waka bilen baglanyşykly dostluk degişme goşgusyny maňa telefonda okap berdi. Tötänlikden ýa-da başga bir zatmy, garaz, şeýle waka döredijilik işinde köp bolmasa-da, bolup durýan zat eken... * * * Köp wagtlap görmänimizden soň, baýry žurnalist Nazar Aýnazar, Mele Badaýew dagy üç bolup, ýaşuly dramaturg Taňryberdi Hojakgaýewiňkä salama bardyk. Nazar aga ýaşuly bilen altmyşynjy ýyllaryň başlarynda telewideniýede bile işleşensoň, şol döwürdäki bir topar işdeş ýoldaşlarynyň gulaklaryny şaňlatdylar. Mundan bakyýa giden adamlaryň birnäçesini mähirli ýatladylar. Ýeri gelende ýatlasak, Taňryberdi aga Aşgabat telestudiýasy açylanda, onuň ilkinji ýolbaşçysy bolupdy. Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda Taňryberdi Hojakgaýewi Aşgabat telestudiýasynyň başlyklygyndan öz razylygyna-da garaman, kinostudiýanyň ýolbaşçylygyna geçirýärler. Şol döwürde studiýanyň işleri iki aýagy bilen agsansoň, o ýerik iberilen ýolbaşçylar uzak duranok. Aý, garaz, azajyk wagtyň içinde ýedi-sekiz başlyk çalşypdyr-da. Indem Taňryberdi aganyň gezegi bolmaly. Ol täze ýere başlyk bolup geçirilmänkä-de nobatdaky zähmet rugsadyna çykjak bolup ýören eken. Şol wagtam täze kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti döredilýär-de, oňa Alty Garlyýew ýolbaşçy edilip bellenýär. Birbada zähmet rugsadyna çykmagy birhili görüp, iki-üç aý geçirip, Taňryberdi aga onuň huzuryna baryp, haýyşyny aýdýar. Ol: – Häzir gyş. Tomusda dynç alsaň gowy bolmazmy? – diýýär. – Indiki gezek tomusda dynç alaýaryn-da. – Bä-ä, Taňryberdi, sen gaty zor-aý, indiki tomsa çenli işlemek niýetiň bar-ow! – diýip, ol özüne mahsus degişme bilen aýdýar. Bolsa-da, Taňryberdi aga o wezipede ýedi-sekiz ýyl abraý bilen işledi. *** Bir gezek türkmen radiosynyň diktory: “Maldarlar üçin gepleşik-konsertimize başlaýarys” diýdi-de, efirde ýaňlanjak ilkinji aýdymy yglan etdi: – Halk aýdymy, “Mala seretmez”. Ýoldaşlary bilen aýdym-saz diňläp oturan Taňryberdi aga birden güldi-de, seslendi: – Käte sözleriň gelşine-de seretmeli. Ýogsa gülkä salýan wagtlary az däl ahbetin. * * * Akademik, taryhçy alym Myrat Annanapesowyň beren bir gürrüňi ýadymda. – 1855-nji ýylda Mädemin han uly goşuny bilen saragtly türkmenleriň üstüne gelýär. Gowşut han we türkmen aksakallary dawany parahatçylyk ýoly bilen çözmek üçin hanyň huzuryna töwellaçy iberýärler. Han uruşmak isleýär. Hanyň ýygynynyň içinde Hywa tarapda ýaşaýan türkmenler hem bar ekeni. Onuň serkerdesine Amannyýaz serdar diýýär ekenler. Ine, şoňa hat ýazyp, ogrynlyk bilen hat serdaryň eline düşer ýaly edýärler. Hat şeýle mazmunda ýazylypdyr: “Ýomut garyndaş, porsy gaýraly biziň töwellamyzy almady. Alyň ala meýdanyna girmeli bolduk. Ertir biziň bala-çagalarymyza serediň”. Şo hatjagaz hem şo söweşiň ykbalyny çözýär. Türkmenler hanyň goşunyny derbi-dagyn edýärler. * * * Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyr bilen söhbetdeş bolsaň ýadamarsyň. Ýaşynyň togsandan geçenligine garamazdan ýatkeşligi gowy. – Bir gün agşam doganoglanym Şaly Kekil bilen öýde otyrdyk. Şaly radio diňleýärdi. Türk radiosyny. Olar nemesleriň güýçlüdigi, hüjümi gowy geçýändikleri dogrusynda habar berýärdiler. – Gel, arak içeli – diýdim. Saçak başyna geçdik. Ol arakdan azajyk içdi, iýen zadam bolmady. Soňam ol maňa: – Gel, Çary, ertir ikimizem fronta arza bereli – diýdi. Menem “bolýa” diýdim. Ertir işe bardym. Aýdylan gürrüň ýadymdanam çykypdy. Gapydan Şaly girdi. – Ýör, gideli woýenkomada. Arzany ýazdyňmy? – diýdi. Gitdik. Öz niýetimizi aýtdyk. Belleşdirip aldy-da, “Arza gerek däl” diýdi. Ol Şalyny görkezip: “Muny men şu günem alyp bilýän. Ýöne seni alyp biljek däl. Sen ýokary bilimli. Uçilişede okatjak” – diýdi. – Bile gitjek. Ol meniň doganoglanym. Bir ýerde söweşjek -- diýsemem bolmady. Men ilki Çülüdäki harby uçilişede, soň Aşgabatda alty aý okadym. Meniň ýolbaşçylyk eden esgerlerimiň ählisi okuw synaglaryndan oňat baha bilen geçdiler. “Fronta iberiň” diýsemem, “Ýok, sen bize gerek. Sen gowy tälim berýäň” diýýärler. Bir gün Ýazgül Kulyýewa (Ene Kulyýewanyň gyzy – A.Ç.) gabat geldim. Harby gospitalda lukman eken. Men ýagdaýymy aýtym. – Gel, ertiriň özi, gospitalda ýatyraýyn. Fronta ibererin – diýdi. Onuň diýenini edip, gospitalda ýatdym. Gospitalda-da syýasy informator bolup näsaglar bilen işledim. Meniň sapak geçişimi gören Ýazgül Kulyýewa meni ýanyna çagyryp, “Seni fronta iberjek däl, şu ýerde galyber” – diýdi. Ahyr öz ýerime ýanymda ýatan maýory göwnetdim. Men Oşda alty aý okap, 1942-nji ýylyň ýazynda fronta ugradym. Men Moskwada okan ilkinji aspirant. Meniň bilen bile okan Orazmämmet Abdalow ykdysadyýet ugrundan aspiranturada okady. Otuz ýedinji ýylda Aşgabada gelip, dil-edebiýat institutynda işläp başladym. Işläp ýördüm. Partorg geldi-de: – Seň üstüňden üç arza bar – diýdi. – Ýöne hiç kime aýtma. Ýygnaga çenli taýýarlyk görüber. Şoňa çenli özüňi aklajak bolup, arza-da ýazma – diýdi. Maňa üç mesele boýunça töhmet atylýardy. Şonuň birisem men göýä Lingwistik gurultaýyň geçirilmegine garşy ekenim. Bellenilen wagtam geldi. Şäherkomda býuro boldy. – Aýdyber – diýdiler. – Hiç zat aýtjak däl. Meniň günäm näme? – diýdim. Aýtdylar. – Lingwistik gurultaýa dogrudanam garşy – diýdim. Sebäbi gurultaýda çykyş edenleriň köpüsi halk duşmanlary. Çykyş edenlerden Poseluýewskiý, Bogdanowa, Geldi Gurtmyradow we beýlekiler halk duşmany diýlip tutulypdylar. Wah, olar nireden halk duşmanlary diýsene. Onsoňam men gurultaý geçirilen döwürde Aşgabatda ýokdum. Bu hakda hiç kimiň ýanynda gürrüň edemok. Eger eden bolsam, onda ýüzleşdiriň – diýdim. Bu arzalary kimiň ýazanlygyny bilýärdim. Ol ýazyjy B.S.-dy. Şeýdip, meniň üstümden gara bulut syryldy. Günäkärlemediler. Ellinji ýyllarda “Tokmak” žurnalynyň redaktory Pommany işden aýryp, ýerine meni bellediler. Göwnemedim. Suhan Babaýew: – Bir ýyl bolup berseň bolýa – diýdi. Dynç alşa gidemde yzymdan tassyklapdyrlar. O žurnala men soň bir ýyl däl, on bäş ýyl redaktorlyk etdim. Redaktor bolup işläp başlamda, ilkinji sanynda žurnalyň başky sahabynda gurluşyk ministri Ýagmyrowyň karikaturasyny çekdirtdim. Neşirýat işlerem ýaramaz. Bir gün onuň ýolbaşçysy Nurjan Amanowa jaň etdim. – Çaýlaşmaga barjak – diýdim. Hudožnigem ýanym bilen aldym. Çaý içdik. Hudožnigem bildirmän, onuň suratyny çekdi. Şeýdip onuňam suratyny “Tokmaga” berdik. Şondan soň Nurjan hassahana düşdi. Muny eşidip, bazardan ojuk-bujuk satyn alyşdyryp, soramaga bardym. Gaty görüpdir. – Öýkeleme, ýöne degişdik – diýip, sypaýyçylyk etdim. – Mundanam bir degişme bormy? – diýdi. Soň meni MK-nyň sekretary Nurjemal Durdyýewa ýanyna çagyrdy. – Respublikan ähmiýetli edaralaň başlyklaryny tankyt etmek bolanok – diýdi. – Indi, sanymyzda wtorsyrýeň başlygyny tankyt etjekdik. Olam respublikan ähmiýetli. Onda onam tankyt etmeli dälmi? – diýip soradym. Nurjemal ýylgyrdy-da: – Äý, näme etseňiz özüňiz biliň – diýdi. (Gürrüňdeşlik wagty 18.03.90 ý.) * * * Büzmeýinli goja seýis Aman Garagul ogly bütin ömrüni ahal teke bedewine bagyşlan adamdy. Täsin söhbetdeşdi. – Gylýalda Allatagalanyň gudratlary bar. Ýer titrände hem oýa ýatyrdym. Ýarym sagat, kyrk minut çemesi öňünden ala-zenzele boldy welin, öz içimden şeýle diýdim: “Eý-ýa, hudaý, ýa-ha höwür atlam, biri boşanyp, daş çykdy” diýdim, “Ýa-da baýtalyň biri çykdy” diýdim. Ýa-da myhman gelýä, ýogsam gylýal bimahal hiç wagt aňsat zenzele etmeýä. Bir alamat görmese, kişňemeýä. Ala-zenzele edäýdi. Haýdap geldim. Iň gowy görýänimiz Per baýtal. Ol-a daş çykypdyr. Birentegini halas etdim, birentegem urnup ýatyr. Ölenem kän boldy. Çala diýilýän janawer öldi. Çabalanyp ýatyr weli, ýeke özüm. Gelýän ýok. Şunda men-ä diýdim: “Janawer öň ýanynda uly zenzele etdi-dä”. Ol zenzele biderek däl-de. Çirkin. Yz ýanyndanam şeýle boldy-da. Janawer duýýa. Şeýle bir bilgir mal, şeýle bir duýgur mal. Gylýal diýilýän ylaýjak adamzat ýaly. Düşgür. Biz öňünden gep urup bilemzok. Pygamberimiz öňünden gep urmandyr. “Men pakramok” diýýär. Erteki boljak zada hiç gep urmandyr. Emma gylýal gep urýar. Gylýal diýilýän, düýe diýilýän ikisem öňünden aýdýa. Ikisiniňem diline düşünmek gerek. Yşarat edýär. Şumat eger Gökdepeden ýa-da Aşgabatdan şu taýda atym daňylgy duran bolsa, takyk şu ýerik ýa-da beýle geçip gitjek bolsa, ol oňa bir yşarat edýä. Şoň diline düşünmek gerek. Eger şondan sowa geçip gitjek bolsa, ýaňky hallyň-sallygrak aýlanýa-da geçjekdigini duýdurýa-da. Öz üstüne myhman geljegini bilse weli, ony takyk aýdýa-da... Aman aganyň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennetden bolsun! Bedewler hakda gürrüň gitse, ilki bilen çyn seýis, suhangöý Aman aga göz öňüme gelýär. * * * Geçen asyryň başlarynda Durdy bagşynyň ýazan bir goşgusynda “Goçmyrat ahuny bardyr Nohuryň” diýen setir bar. Ady türkmen iline ýaýran bu alym ahun hakda il arasynda rowaýata öwrülip giden gürrüňler köp. Bu waka geçen asyryň başlarynda Sumbar jülgesinde bolup geçipdir. Ekiz doganlar ekiz dogandan hamyla bolup, dokuz aý, dokuz gün diýlende bir öýde çagalary bolýar. Biriniň ogly bolýar, biriniň gyzy: Gije bolansoň, çagalar çalşan bolmaly. Şunda o jelegaýlarda bu meseläni çözüp bilmän, Garry nohur obasyna, ahunyň ýanyna gelýärler. Ol ahunam çözübilmän olary Goçmyrat ahunyň ýanyna iberýär. Goçmyrat aganyň şonda gözüne birazajyk ýaş gelýär. “Eý, pylanjan, seň şo meseläni çözübilmäniňe gaty gynanýan. Ol aňsat ahyryn” diýýär. Aýallaryň tikin tikeninde barmagyna geýýän oýmaga süýt sagýarlar. Ikisinem mizan, adyl terezide çekip görýärler weli, oglanyň ejesiniň süýdi agyr gelipdir. Ine, Goçmyrat ahuna bu zatlar sadaja aýan zatlar eken. Goçmyrat ahunyň gaty köp gezek gan işi düzedip gaýdan ýerleri bar. Bamydamy ýa-da Börmede biriniň iki ogluny öldüripdirler. Şoňa-da Goçmyrat ahuny töwella etmäge getiripdirler. Atdan düşüp, tebärek okap başlaýar. Kakasy: “Tagsyr, şu öýe gir. Iki sany gelin boýnuny burup oturandyr. Ikisiniňem adamsyny öldürdiler. Şo öldüren adamlar şu ýurtdan göçsünler. Häl-ä iki, onam bolsa seň üçin olaň günäsini geçdim” diýip aýdypdyr. Ahunyň baran ýerinde meseläni oňyn çözüp gaýtmadyk ýeri ýok. * * * Dagly Könegümmeý obasynyň ilersinde Pekeçekli diýen ýerde Goçuly diýen bir adamyň igde agajy bar eken. Çarwa bolup oturan ýerlerem şo ýerler eken. Çeşmeden suw alyp gaýdan Bajygyz atly bir gelin igde agajynda bal arysynyň öýüni görýär. Ylgaşyp gelýärler. Dogrudanam bal ary bar. Muny alýarlar. Isgenderiň aýaly Bajygyz hem baldan tamakin. Goçulam: “Özüm aljak. Meň igdäm. Hiç kime berjek däl” diýipdir. Şo wagtlaram her kimiň kazy-kelama oturyşy ýaly, ahuna-da şeýle oturylýan eken. Oraz ahun aýdýar: “Igde seňkem bolsa, ol adamam görüpdir. Iki bölüşäýiň” diýipdir. Goçuly ylalaşman, Noruha, Atanyýaz ahunyň ýanyna barýar. Goçuly diýýänem daýhan adam. Köp ýerde bugdaý ekip, harman atan adam. Gaýratly. Harmanynyň düýbüni idili syrman: “Munda guşlaryň hem haky bardyr” diýýän eken. Özi weli hakyny hiç kime iýdirmändir. “Jan tagsyr, Oraz ahun-a bir zat tapdy. Meň igdämden çykan bagyň ýarysyny “Isgenderiň aýalyna beräý” diýýär. Ahun ony diňläp: “Bä, şerigat düzgüni bir ýerde bozulsa, köp ýerde üýtgär. Baryp ahuny ýola salaly” diýýär. “Atanyýaz ahun gelýä” diýip aýtsalar, Oraz ahun onuň öňünden çykýar. “Jan tagsyr, bir oglan iberseňiz, janymyz bilen özümiz barjag-a. Siz nire, bu ýerler nire! Gözümiz, gaşymyz ýük, ýöne siz ýük däl. Çagyrsaňyz, özümiz barjag-a” diýýär. – Göwnüňe bir zat gelmesin diýip, özümiz geldik – diýýä. Atanyýaz ahun: – Goçulynyň zadyny nämüçin Isgenderiň aýalyna berdirdiň? Bu nähili bolýar? – Jan, tagsyr, men ýalňyşamok. – Biriniň zadyny başga birine berdirseň, ýalňyşmanyň bolýarmy? Şerigatda nirede ýazylypdyr? – Tagsyr, şu meselede akylam gerek. Eger bir adamy öldürip, Goçulynyň igdesiniň arasynda goýup: “Goçulynyň igdesinde bir adam ölüp ýatyr. Seň igdäňde” diýseler, Goçuly boýun alarmy? – diýipdir. Ahunam: – Boýun almaz – diýipdir. – Boýun almasa, şo aýal görmese, bal arysam göçer gider. Goçula-da zat ýok, oňa-da zat ýok. Şonuň üçin ikä böläýiň diýip aýtdym. Atanyýaz ahun: – Aý, berekella, berekella, ylma köplenç akylam gerek eken – diýipdir. Akyla düz gelýän bolsa, olam bir şert. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |