00:12 Gündogar gyzy | |
GÜNDOGAR GYZY
Goşgular
Gündogar gyzy men, men gündogarly, Günüñ aşagynda meniñ mesgenim. Sährañ tämiz säherlerne meñzeşdir Ganymdaky namys bilen messebim. Gündogaryñ mahmal gijelerine, Yhlas bilen saçlarymy boýadym. Elwan ketenime keşde deregne Sähra gülüm nusga edip gaýadym. Içdim gana ylmyñ abyköwserin Watan maña berdi ähli baýlygyn Dostluk-doganlygyñ, mukaddesligiñ Kalbyma bagş etdi beýik şalygyn. Ynjamadym Watan sallançagynda, Güllerne siñipdir onuñ manysy. Çogly güneşinde garaldy keşbim, Ýüregme çaýyldy sähranyñ ysy. Gündogar gyzy men, gündogarly men, Hazynaly sähra bolar mesgenim. Al öýmämi pasyrdadyp şemala Munda şineledi arzuw-islegim. * * * Şapaklar apalap-apalap güni Emaý bilen ukusyndan oýarar. Alyslara uzap giden gözýetim, Guşlary, otlary bilen oýanar. Soñra ýagyşlaryñ garyñ neminden, Sähranyñ süññünden Dömen maýsalar Durmuş hakda aýdym aýdyp ygşyldar Eger onuñ owazyny duýsalar. Hiç kes bu toprakdan aýrylşyp bilmez, Müdümilik oña bagry badaşan. Maksadyny şu asmanyñ astyndan Tapar bir gün Hyýal ýaly azaşan. Ýöne güýzde Baglañ görki-görmegi Ýapraklar saralyp ömri paýawlar, Bir günem gözüñden gaýyp bolarlar, Ýaşyl maýsalaryñ üsti gyrawlar. Şonda ýük ýazdyrsa ömür kerwenim Beýik barlyk gulak salsa haýyşa. Dolanyp gelerin eziz mekana, Keşbimi öwürip tylla kuýaşa. Miwe TUWAKBAÝEWA. | |
|
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |