23:32

"Başarmadym balyk bolup dymmagy..."

"BAŞARMADYM BALYK BOLUP DYMMAGY..."

Şan-şöhrat isteýip, hallan atmadym,
Pespäl göwnüm, saña habar gatmadym,
Õzgäniñ pikirini boýna dakmadym,
Duýdum ýalñyşlarmy, hatalarymy
Yzarlap, ýyllaryñ hatarlaryny.

Gördüm nije gezek durmuş synagyn,
Ruhuny göterdim gõwni synygyñ
Uzak menzillerde alan sylagym
Käteler bulandym, käte durlandym,
Kä solup-süllerdim, käte terlendim.

Kenara zyñmady durmuş ummany,
Zemin aýlanyp dur, durşy çuñ many,
Başarmadym, balyk bolup dymmany,
Sõze nobat berdi sabyr-kararym,
Şindiler ýüzüp ýõr, bu õmür salym.

Mähir çaýan bolsam ynsan ýüregne,
Tagam goşuldygy iýen çõregme,
Derim gatan bolsam ene ýerime
Yol goýmadyk bolsam, syrly õwrüme
Onda meniñ nur çaýylar õmrüme.

Ejiziñ ýüregine boldum teselli,
Kalbymda ýansa-da otly kesindi,
Tutuş durkum hoş niýete beslendi,
Şonda gõzüm ýetdi ajap ahwala,
Ýodalar birikdi bir uly ýola.

Şer bilen haýyryñ darkaşy dünýä,
Haýyra beslenen arkasy dünýä,
Ynsaby päkleri ýalkady dünýä,
Mydam ýoldaş bolsun maña pällerim
Dünýäsidir dünýä kalby päkleriñ.

Miwe TUWAKBAÝEWA.

Surat: Medine Safari / "Balykly kompozisiýa"
Категория: Goşgular | Просмотров: 573 | Добавил: Medinilla | Теги: Miwe Tuwakbaýewa | Рейтинг: 4.2/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Dört pyýala / Goşgular - 21.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Bir gün / Goşgular - 14.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]