07:46 Bahar gününiñ oýlanmalary | |
BAHAR GÜNÜNIÑ OÝLANMALARY
Goşgular
Bahar. Bagty gelen sonarly meýdan. Hiç epin tutmajak ýaglygy dañdy. Söýülen gg deýin durlanan şapak, Buldurap, gülleriñ käsesne damdy. Meniñ şu bahara meñzäsim gelýär, Şonuñ üçin bahar deýin köýnegim. Bahar señ köñlüñe çalymdaşmyka, Nämeden bahary şeýle söýmegim? Iri damjalardan hünji dakyndym, Dürden däl, damjadan otlar hünjüli. Ýañagymda erän gyzgyn posadan Men juda şadyýan hemem ünjüli. Manysyz ömür deý undaly baryn, Şu menzilden özge ýoluñ kyssasyn. Sowuk ýatlamalar üşedip bilmez, Men durkuma çaýdym kalbyñ yssysyn. Seniñ ak säher deý yhlasyñdanmy, Bahara çümmegi ömür howamyñ Köp göreris bu şadyýan günleri Hemem onuñ süýji-süýji dowamyn. Ýyllar öz süññüne siñdirer gider, Soldurmaz hiç bahar deýin ýaglygym. Diñe seniñ gözleriñde görerin Özüm üçin iñ mukaddes baýlygy. Men mydam ýaşaryn baharlar bilen, Duşman kynçylyga soñky güne çen. Ýanymdakañ ejizlemen, garraman, Hem gussany duýman barlygyñ üçin... Miwe TUWAKBAÝEWA. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||