11:46 Men sähra gyzy | |
Şahyra zenan Miwe Tuwakbaýewa öz goşgularynda türkmen sährasynyñ tebigatynyñ, bol hasylly meýdanlarynyñ, hasyl ussatlarynyñ waspyny ýetirýär. Bu aýratynlyk onuñ 1981-nji ýylda çap edilen "Sähra gyzy" atly ilkinji goşgular ýygyndysynda has hem öñe saýlanýar. Ilkinji ädim - iljinji ýygyndydan alyp hödürlenen goşgular kitapçy saýtynyñ okyjylarynyñ-da göwnünden turar diýen tamamyz bar. • Men sähra gyzy Al-elwan şapagy gözýetim gizlär, Ýyldyzlar zemine göz gypyp gözlär, Nurly Aý sährama zülplerin çözlär Eşdiler sähramyñ ýürek owazy. Lezzetli diñlärin - men sähra gyzy. Bu ýerlerde dünýä inip, bekedim, Seniñ gizlin syrlaryñy okadym, Sen hakdaky aýdymlaryñ nokadyn Goýup bilmen, heniz, köpdür oñ yzy, Aýdaryn dowamyn - men sähra gyzy. Çagalygymyñ yzy galan gollaram, Torç edilen şol mukaddes ýollaram, Tassyklaýar başyn yrap şol sözi, Sährada doguldym - men sähra gyzy. Altyn gyryndyly eziz depeler, Bahar gülälekden serpaý ýapynar, Göwnaçyk myhmana açyk gapylar Parhy ýok, meñ üçin bahary-ýazy, Gülüp garşylaryn - men sähra gyzy. Sähra gözelligin nagş edip keşdä Bir ýigde ýollapdym men ilkibaşda. Senden aýra düşüp galaýsam daşda, Sähram, ýürek sen diýip urar perwazy, Men seni küýsärin - men sähra gyzy. Señ bilen paýlaşýar ýürek kinesin, Goý, señ jöwzañ uzak ýolda synasyn, Menem şo ýollarda kalbym aýnasyn, Açaryn ynsana - berýärin sözi. Men saña meñzärin - men sähra gyzy. Ýüregimde besläp seniñ gül görküñ, Men saña ömürlik bagladym örküm, Seni söýüp bilse, bagt tapar her kim, Bu gün sataşdyrdyñ sen ikimizi, Ol-a sähra ýigdi - men sähra gyzy. * * * Miwe Tuwakbaýewa 1952-nji ýylda Daşoguzyñ Kalinin raýonynyñ (häzirki Boldumsaz etraby) "Birleşik" obasynda eneden doguldy. Ol entek mekdepde okaýarka metbugatda goşgulary bilen çykyş edip başlady. 1976-njy ýylda A.M.Gorkiý adyndaky TDU-nyñ (häzirki Magtymguly adyndaky TDU) filologiýa fakultetini tamamlady. Okuwy tamamlandan soñ TSSR YA-nyñ filosofiýa we hukuk bölüminde kiçi ylmy işgär bolup işledi. Ol 1979-njy ýylda ýaş ýazyjylaryñ Moskwada geçen Bütinsoýuz VII maslahatyna hem gatnaşdy. Hormatly dynç alyşa çykýança birnäçe ýyllap Daşoguz şäherindäki B. Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işlän Miwe Tuwakbaýewa «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň hem ýeňijisidir. | |
|
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |