15:52 Zemin hakynda oýlanma | |
ZEMIN HAKYNDA OÝLANMA
Goşgular
Ýagyşlardan dörän, Sillerden dörän, Säheriñ çygyndan, Güllerden dörän, Günüñ kuýaşyndan, muhabbetinden, Hemem sabalaryñ päk niýetinden Öwsen has mylaýym ýellerden dörän Bu zemin. Üstünde daglar, okean, Çyrpynýan derýalar bulanup akýan. Mukaddes zatlaryñ başlanýan ýeri - Sähra demin alýar juda howurly. Uzakda zawodly, Biçak kuwwatly Maşynly, şowhunly, uly gowurly Şäherler, obalar, uly köçeler, Zemin ne ulalar, ne-de kiçeler. Göterer bar zady, juda sabyrly. Dumanly iñrigi, şapagy bilen, Tolkunlañ owazyn, Sazyn berýozañ Tylla gyryndyly guba çägäni, Oña myhman gelen däli çabgany? Bize peşgeş berer, çetinden gätmän, Onuñ eşretiniñ tagamyn datman. Oña ýat Mekirlik, hile diýen zat, Öñ göwni durşuna perzende wepa. Geçen uruşlarda ýaraly esger, Gysym topragyndan tapypdyr şypa. Topraga garylan ganlar, gözýaşlar Bilen onuñ juda ýetik azary. Onuñ sähralary, okeanlary Gizläp ýatyr köp heýkelsiz mazary. Ýagyşlardan dörän, Sillerden dörän, Säheriñ çygyndan, Güllerden dörän, Günüñ kuýaşyndan, muhabbetinden, Hemem sabalaryñ päk niýetinden, Öwsen has mylaýym ýellerden dörän, Bu zemin. Oýanyñ adamlar, saba ýelleri Goşan çagy guşlar bilen owazyn. Has köp pikir ediñ zemin hakynda Hemem aýañ abyköwser howasyn. Miwe TUWAKBAÝEWA. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Agyrrak goşgy / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||