19:16 Günebakar nirä bakar... / hekaýa | |
GÜNEBAKAR, NIRÄ BAKAR...
Çagalar edebiýaty
Nesibe, Makul, Mähek dagylar heniz mekdebe-de gatnanok, ýöne olar eýýämden hat ýazybam bilýär, kitap okabam. Özlerem düşbüje, tertiplije, oýnanlarynda-da hemişe bileje oýnaýarlar. Öý işlerine kömekleşmäge-de, jigilerini oýnatmaga-da wagt tapýarlar. Nesibe tans etmäge ökde, Makul köplenç aýdyma hiňlenýär, aýratynam surat çekmäge höwesek. Mähek welin mydama diýen ýaly çagalaryň “mugallymy”, ellerine kagyz-galam tutduryp, uzakly günläp olardan “synag” almagy gowy görýar. Bir günem Gyrmyzy eje içerini tämizläp ýörkä, gyzy Mähegiň oýnawaçlarynyň arasyndan ýap-ýaňy getirileni bildirip duran ullakan bir Günebakar kellesiniň üstünden bardy. ”Ah, garagol diýsänim. Nädip bişmedik kelläni ýygmaga dözdüň!” diýip, Gyrmyzy eje gyzyna käýindi. Mähek bu mahal ses ýeterden uzakdady. Ejesi onuň ýanyna gelende, ol mellegiň aýagujynda ösüşip oturan Günebakarlaryň arasynda, olary guş-gumrulardan gorap, gykuwlap ýören ýaly, iki-baka bökjekläp ýören eken. - Gör, sen nirede ekeniň?! - Ol öýdäki Günebakar hakynda söz açmakdan saklandy, bu barada gyzynyň öz agzyndan eşidesi geldi.-- Mähek jan, günortanyň jokrama yssysynda ýeke özüň bu ýerde näme işläp ýörsüň? Gün urar öýdüp gorkaňokmy? Heý-de şu töwerekde senden başga çaga görünýärmi? - Eje, men joralam bilen jedel etdim. - Jedel?! O nämäniň jedeli? - Günebakaryň nirä bakýanlygy barada. - Günebakaryň ady aýdyp dur-a. - Olaram şeýle diýdi. - Onsoň, sen näme diýdiň? - Menmi, men-ä siziň mellegiňizdäki Günebakarlaryň nirä bakýanyn-a bilemok welin, biziň mellegimizdäki Günebakarlaryň ählisi diňe maňa bakýar diýdim. Olaryň hiç haýsysy meniň bilen ylalaşmadylar. Onsoň men olara ertir Gün ýok mahalynda Günebakaryň maňa bakýanyny, bakmaýanyny olara görkezmek üçin mellegimizden iň uly Günebakary ýoldum-da, öýde goýdum, eje?! - Günebakar entek bişip ýetişerden irdir gyzym. Heniz çigidem süýtden saplanmadyk. Baldagyndan ýolunan islendik ösümlik gaýdyp ösýän däldir. Näçe goýsaň-da, ol indi Güne-de bakmaz, saňa-da. Ol indi, malyň öňüne ataýmasaň, başga zada ýaramaz. Nähak ýolupsyň. - Bagyşla, eje… - Dogrusy, biz hem ýaş mahallarymyzda “Kim bilmeşek?”, ”Kim çalasyn?”, läle aýdyşmak ýaly dürli oýunlar oýnardyk. Ýöne hiç mahal jedel etmezdik. “Günebakar, nirä bakar, açylýança Güne bakar” diýlen oýun hem şolaryň biridi. Bu döwrüň çagalary şeýle oýnuň barlygynam bilenoklar. Bu örän gyzykly hem-de özüne çekiji oýundy. Dogrudanam, Günebakarlar bir görseň-ä gündogara bakyp oturandyr, bir görseňem miweli başlaryny bütinleý ters tarapa öwrüp durandyr. Bu ösümligiň täsin tarapy hem şonda. Onsoň bu ýagdaýy görmek üçin Günüň tä başga tarapdan dogýança garawulçylyk çekip oturan oglan-gyzlar hem bolardy. Kim bu ýagdaýy görüp buşlasa, ana, şolam bu oýnuň ýeňijisi hasaplanardy. Görlüp oturylsa, Günebakarlar doly açylýança diňe Güne bakyp, açylandan soň ol şol bir durşuny üýtgredenok eken. Aslynda Günebakar peýdaly ösümlikdir. Mal üçinem iýmit. Adamlar ony diňe bir çigidini çigitlemek üçin däl, ondan iýmit üçin ýag hem alýarlar. Şonuň üçinem biziň häzirki günlerimizde-de birentek welaýatlarymyzda Günebakary köpçülikleýin ekip ýetişdirýän ýörite hojalyklaram bar, gyzym. Haýp, Mähek ejesiniň Günebakar hakynda aýdan soňky sözlerini eşitmedi. “Günebakar, nirä bakar, açylýança Güne bakar” diýip, ýolboýy sesiniň ýetdiginden gygyryp, joralaryna bakan ýelk ýasady. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |