01:41 Gurban Sähedow | |
GURBAN SÄHEDOW (1905-1937)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
ХХ asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyrynda, otuzynjy ýyllarynyň başlarynda türkmen edebiýatynyň meseleleri dogrusynda işeňňirlik görkezen, öz döwrüniň alym adamy Gurban Sähedow hakynda gürrüň etmek gyzyklydyr. Onuň “Türkmen milli çeper edebiýaty hakynda” we başga-da birnäçe işlerinde türkmen sowet edebiýaty, geçmiş edebi-mirasymyz, poeziýanyň forma tarapy, edebi tankyt we aýry-aýry şahyrlaryň döredijilikleri dogrusynda düýpli pikirleri orta atypdy. Edebiýaty öwreniş ylmymyzda bu şahsyýetiň ylmy mirasy hakynda gürrüň edilse-de, onuň ömür ýoly hakynda giňişleýin gürrüň edilmändi. Onuň haçan doglup, haçan ýogalandygy, nirede okap bilim alypdyr, dostlarynyň kimler bolandygy, kimler bilen işleşendigi, haýsy işlerde işländigi, maşgala ýagdaýy... bu zatlaryň hemmesi edebiýatçylarymyzyň aglabasy üçin nämälimligine galypdy. Gynançly ýeri, edebiýaty öwrenijilerimiziň ýaş nesliniň arasynda bu ezber tankytçynyň ylmy mirasy-ha däl, Gurban Sähedowyň adyny hem eşitmedikleriniň barlygydyr. Biziň bu taryhy oçerkimizde bu boşlugy doldurmak maksady bilen Gurban Sähedow baradaky maglumatlary gyzylyň gyryndysy ýaly edip, başardygymyzdan toplandygymyzy aýtmakçy. *** 1927-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda türkmen edebiýatçylarynyň Bütintürkmenistan I konferensiýasyny geçirmek göz öňünde tutulypdyr. Emma käbir sebäplere görä, aprel aýynda geçirmeli edilipdir. Bu konferensiýany geçirmek baradaky guramaçylyk býurosynyň başlygy hem Gurban Sähedowdy. Ol konferensiýanyň maksady hakda, ine, şeýle diýipdir: – Konferensiýada türkmen sowet edebiýatynyň ösüş ýollary, onuň mazmuny we formasy hakda düýpli gürrüň ediler. Şeýle hem, konferensiýada ýaňy döredilen türkmen teatry hakda gürrüň ederis.... Ol türkmen işçileriniň sowatlylygy barada az alada etmändir. Çünki ol munuň uly meseledigine gowy göz ýetirýärdi. Şonuň üçin-de, ol 1927-nji ýylyň fewralynda öz çykyşlarynyň birinde bu mesele dogrusynda gürrüň gozgapdy. – Işçileriň sowady hakda çynlakaý alada gerek. Sowatsyz işçiniň ýokary hünärli bolup bilmejekdigi öz-özünden düşnükli. Emma gynansak-da, türkmen işçileriniň köpüsiniň heniz sowady ýok. Şu sebäpli biziň nobatdaky wezipelerimiziň biri hem ýerli milletden bolan işçileriň sowatly, medeniýetli, syýasy taýdan düşünjeli bolmagyny gazanmagymyzdyr – diýip, ol aýdypdy. 1929-njy ýylyň 22-nji mart güni. Aşgabatdaky halk magaryf öýüne edebiýat wekilleri ýygnandylar. Ýygnagy açan Gurban Sähedow doklad bilen çykyş etmek üçin tribuna ýönelipdir. Gürrüňi edilýän döwür ol TK(b)P MK-nyň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri eken. – Edebiýatymyzyň töwereginde gaty köp samahyllaýarlar. Olaryň pikiriçe, beýle edebiýaty döredip bolmajakmyş, aýratynam gaty yza galak ülkede muny döredip bolmajakdygy barada welilik satýarlar. Munuň bütinleý ters pikirdigi dogrusynda kelle döwüp oturasy iş ýok – diýip, Gurban Sähedow aýdýar. Dogrudanam şol döwürde bu meselä az üns berilmeýärdi. Şu günki maslahatda bu mesele dogrusynda hem gürrüň edilmelidi. Eýsem-de bolsa, biz geçmiş klassyklarymyza haýsy nazarýet bilen garamaly? Bu babatda-da iki hili pikir ýöredilýärdi. Bir topar geçmiş edebiýaty baýlara we mollalara hyzmat edipdir, şol sebäpden hem ondan ýüz öwürmegimiz gerek diýýän bolsa, beýleki birleri olaryň pikirine garşy çykyp, şeýle diýýärler: "Siz ýalňyş pikire gulluk edýärsiňiz. Köne edebiýaty ret etmek bolmaz. Biz onuň peýdaly taraplaryny alyp, ugrumyza ters gelýän pikirlere tankydy göz bilen garajakdyrys”. Bu elbetde, ýoldaşlar, hakyky nazardan baha bermekdir – diýip, Gurban Sähedow öz pikirini kesgitli aýdypdyr. Şol maslahatda meseläniň bir ujy Berdi Kerbabaýewiň “Gyzlar dünýäsi” atly poemasyna syrygypdy. Bu ýygnanyşyga Berdi Kerbabaýewiň özi hem gatnaşypdyr. Şol döwürde bu poema okyjylarda uly gyzyklanma döredipdi. Poema hakda ähli ýerde gürrüň edilýärdi. Onuň üstünligi bilen bir hatarda, heniz kemçiliklerden halas däldigi hakda-da ýüz görülmän aýdylýardy. Gurban Sähedow bu poema hakda şeýle diýipdir: “Berdi Kerbabaýewiň “Gyzlar dünýäsiniň” peýda bolmagy bizi az begendirenok. Ýöne şahyr forma has köp üns beripdir. Onuň mazmuny gynansak-da, ýetirlik eýlenmändir. Poemada türkmen gyzynyň obrazy täze eýýamyň belent ruhundan öçügsi berilýär. Bu biziň täze edebiýatdan edýän talabymyzdan heniz bärden gaýdýar“. Gurban Sähedowdan soň ilkinji söz alan “Türkmenistan” gazetiniň işgäri Gurtmyradow türkmen edebiýatynda heniz tankydyň ýokdugyny, şu çaka çenli edebiýatdan okuw kitabynyň hem ýokdugyny belläpdir. Ýakup Nasyrly öz çykyşynda gahrymanlaryň içki dünýäsine aýratyn üns berilmelidigi dogrusynda aýdyp, neşirýatyň talabalaýyk işlemeýändigini belläpdir. Onuň bary-ýogy iki sany şahyryň kitabyny çykarandygyna, türkmen şahyrlarynyň rus dilinde terjime edilen eserleriniň ýokdugyna oturanlaryň ünsüni çekipdir. Berdi Kerbabaýew bolsa poema barada aýdylýan käbir bellikler bilen ylalaşýandygyny, ýöne käbiri babatda pikirleriň çapraz gelýändigini nygtapdyr. Poemanyň epilogynda türkmen aýalynyň sowet döwründe ýeten bagty barada ýazylandygyny ýatladypdyr. *** 1905-nji ýylda Köşi obasynda dünýä inen Gurban on dört ýaşyndaka, 1919-njy ýylda komsomol hataryna girýär. Moskwada Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okaýar. Soňra Aşgabada gaýdyp gelýär. Demirýol tehnikumyna okuwa girýär. Ol ýerde iki ýyl okansoň, ony komsomol işine çagyrýarlar. Ony ilki pionerleriň şäher býurosynyň başlyklygyna, soň oblast (welaýat) býurosynyň başlyklygyna saýlaýarlar. G.Sähedow LKSMT-niň guramaçylyk býurosynyň düzümine girizilip, pionerleriň merkezi býurosynyň başlyklygyna saýlanýar. Ol 1925- njy ýyldan neşir edilip başlanan "Pioner“ žurnalynyň hem ilkinji redaktorydy. 1925-nji ýyldan partiýanyň okrug komitetiniň býuro agzasy hem-de agitpropyň müdiri bolup işläpdir. Partiýanyň Gyzylarbat raýkomynyň sekretarlygyna saýlanýar. TK(b) P-niň ikinji gurultaýynda bolsa ol TK(b)P MK-nyň agzalygyna saýlanyp, agitpropyň müdirligine tassyklanýar. 1927-nji ýylda Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň üçünji gurultaýynda ol TK(b) P MK-nyň Ispolnitel Býurosynyň agzalygyna kandidat saýlanylypdyr. Ol 1928-nji ýylda birnäçe wagtlap “Türkmenskaýa iskra” gazetini hem redaktirlemeli bolupdyr. 1929-njy ýylda ony Moskwa okuwa iberýärler. Ol indi Gyzyl professura ykdysadyýet institutynyň diňleýjisidi. Şeýle hem, oňa SSSR Halk Komissarlar Sowetiniň ýanyndaky Türkmenistan SSR hökümetiniň Moskwadaky hemişelik wekilhanasyna ýolbaşçylyk etmek tabşyrylýar. 1933-nji ýyldan bolsa ol TSSR ýer işleri halk komissary bolup işläpdir. Moskwada okaýan döwri G.Sähedow fransuz dilini öwrenipdir. 2-nji kursda okap ýörkä bolsa Moskwanyň “Богатыр” zawodynyň işçileriniň öňünde çykyş edip, dürli çekişmelere gatnaşýan eken. 1935-nji ýylyň 1-nji dekabry. SSSR ýeňil senagaty halk komissary Lýubimow türkmen halkynyň iberen delegasiýasyny kabul edipdir. Bu kabul edişlikde TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew, TK(b) P MK-nyň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Popok bilen birlikde, TSSR ýer işleri halk komissary Gurban Sähedow, şeýle hem Moskwanyň senagat kärhanalarynyň wekilleriniň ençemesi gatnaşypdyrlar. Gurban Sähedowyň Moskwada okan döwründe “O dünýäde ýaşaýyş barmy?” diýen temada geçirilen çekişmä gatnaşýar. Bu garaýagyz zehinli ýigit şol çekişmä gatnaşan akademik Pawlowyň ünsüni özüne çekipdir. Akademik onuň bilen tanyşýar. G.Sähedowyň aýaly, şol çekişmä gatnaşan Ýekaterina Wasilýewna öz ýatlamalarynyň birinde şeýle belleýär: “Bir görsem meniň adamym bir gartaşan ýaşuly bilen maňa baka ýöräp gelýär. Soň bilip galsam, onuň tirkeşip gelýäni akademik Pawlow eken. Ol ýylgyryp, ýarym degişmä salyp, maňa bir gizlin zat aýtmaga adamymdan rugsat sorady-da, gelip meniň gulagyma pyşyrdap: “Muny aýawly sakla, bu türkmen halkynyň barypýatan dürdänesi” diýdi. *** Ýigriminji ýyllarda türkmen milli dil meselesinde, türkmen edebiýaty dogrusynda her hili pikir ýöretmeler dowam edipdir. Pantürkistik akym täze durmuşa töhmetçilikli çykyşlar guraýardy. Ferid Efendizada “Şiweçiýe” makalasynda türkmen edebi diliniň esasynda türk diliniň ýatmalydygy hakdaky pikiri öňe sürýär.Onuň bu töhmetçilikli garaýşy G.Sähedow tarapyndan berk tankyda sezewar edildi. Gurban Sähedow gazet sahypalarynda ýiti makalalary bilen, şeýle hem Tk(b) P MK-nyň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri hökmünde dürli maslahatlardaky çykyşlarynda täze durmuşa kinaýa bilen seredýänlere berk gaýtawul berýärdi. Galyberse-de, ol bir topar gazet-žurnallaryňam redkollegiýa agzasydy.1928-nji ýylyň iýulyndan çykyp ugran “Türkmen medeniýeti” žurnalynyň bäş adamdan ybarat redkollegiýa agzasy tassyklanýar. H.Sähetmyradow, G.Sähedow, A.Artykow, G.Husaýynow dagylar žurnalyň gyzykly çykmagyna uly hemaýat edipdirler. B.Kerbabaýewiň “Garşylykly guda”, “Ýaz möwsüminde bir gözel” eserleri ilkinji gezek şol žurnalda çap edilipdir. Türgenewiň “Mumu”, D.Furmanowyň “Çapaýew” eserlerinden bölekler ilkinji gezek türkmen diline geçirilip, türkmen okyjylaryna ýetirilipdir. Munda G.Sähedowyň uly paýy bardy. * * * 1936-njy ýylyň fewraly. TK(b)P MK-nyň gurluşyk işleri barada geçiren ýygnagynda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gurban Sähedow “Gurluşyklary bolşewistik tertip-düzgüni hem-de stahanowçylyk tempinde alyp barmaly” diýen doklad bilen çykyş edipdir. Şol maslahatda şeýle gürrüň bolupdyr: "Gurban Sähedow respublikada alnyp barylýan gurluşyklaryň belent gadamlary hakda aýdyp, nogsanlyklaryň üstünde aýratyn durup geçýär. — Gurluşykçylaryň bellenen möhletinden yza çekdirilmegine ýa-da bolmasa oňa goýberilen serişdesiniň artmagynda, hiliniň pesliginde gurluşyklara ýolbaşçylyk etmeli adamlaryň geldi-geçerliginden gözlemeli. Munuň hemmämize aýdyň bolmagy üçin üç sany gurluşygy mysal getirmekçi: poligrafkombinatyň, onýyllyk mekdepleriň hem-de gurluşykda işleýän spesialistler üçin gurulýan jaýlaryň gurluşyklary örän haýal depginde alnyp barylýar. TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Ýa.A.Popok gürrüňe goşulypdyr. Popok: - Diýmek, gurluşykçylar özleri üçin niýetlenen jaýy hem el ujundan gurýarlar-da? Sähedow – Şeýle ýoldaş Popok! Popok – Olar muny näme üçin beýdýärler. Belki-de, şeýtmek bilen beýlekileri hem öýkeletmejek bolýandyrlar? Sähedow – Mysal üçin, poligrafkombinatyň gurluşygyny alyp göreli. Oňa Ýeňil senagat gurluşygy halk komissarlygy tarapyndan 1933-nji ýylda girişildi. Soňra ol Ýerli senagat halk komissarlygynyň tabynlygyna berildi. Şu aralykda ep-esli wagt geçdi. 1935-nji ýylyň iýulyndan dekabr aralygynda bu gurluşykda bäş prorab çalyşdy. Popok – Beýle çalşyk bolar ýaly, näme zerurlyk ýüze çykypdyr? Sähedow – Sebäbi gözegçilik etmeli ýolbaşçylar ünsi gowşadypdyrlar, kadrlary ýerli-ýerinde goýmak barada alada etmändirler. Tanamaýan adamlaryna jogapkär işleri ynanypdyrlar. Soňundanam olary çalşyryp durupdyrlar. Şonuň üçinem iýul bilen dekabr aralygynda birinden işi kabul edip, soňam ony tabşyrmak bilen meşgul bolnup gelnipdir. Popok – Olary kim çalşypdyr? Sähedow – Ýerli senagat halk komissarlygy. Indi birki agyz gurluşykçy spesialistler üçin salynýan jaýyň gurluşygy hakda aýdaýyn. Bu ýerde iki ýylyň dowamynda alty adam çalşylypdyr. Munuň Kommunal hojalygy halk komissarlygynyň bu derwaýys işe biperwaýlygyny aňladýar. Oňa başda goýberilen serişde 530 müň manat bolsa, häzir bu san 1 million 58 müň manada ýetdi. Oturanlaryň biri seslenýär: – Nädogry! Popok – Dogrumy ýa-da nädogrumy, ýöne döwletiň şonça puly ýok edilipdir. Sähedow – Beýle başly-baratlygyň soňuna çykylmaga wagt ýetdi. Gurluşykçylaryň işe jogapkärçiliksizliginiň öňüne almaly...” Mundan görnüşi ýaly, türkmen halkynyň watançy ogly Gurban Sähedow haýsy işde işlese-de, janyny gaýgyrmandyr. Özünden talap edişi ýaly, beýlekilerden hem şony talap edipdir. 1936-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gurban Sähedow bilen Türkmenistan hökümetiniň Moskwadaky hemişelik wekili Ungalbaýew taýmylçylary garşylamak üçin olaryň öňünden çykypdyrlar. Kolhozçy taýmylçylaryň hormatyna Moskwada SSSR azyk senagaty halk komissarynyň orunbasary Belenkiý, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gurban Sähedow taýmylçylaryň öňünde joşgunly söz sözläpdirler. Gurban Sähedow gysga ömründe yzynda uly miras goýup gidipdir. Ol bary-ýogy otuz iki ýaşapdyr. "Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyrlarynda we otuzynjy ýyllaryň başlaryndaky türkmen edebiýaty dogrusyndaky düýpli işleri häzirki bu güne çenli alymlarymyzyň ünsünden düşmän gelýär. “G.Sähedowyň we G.Gurtmyradowyň 1928-nji ýylda çeper edebiýat we medeniýet barasynda çykyşlary hem-de ýazan makalalary Türkmenistanda hakyky edebi tankydyň ýüze çykanlygyna şaýatlyk edýär”. Gürrüňi edilýän döwür özüniň çylşyrymlylygy we biri-birine gapma-garşy pikirleri öňe sürlendigi bilen häsiýetlidir. Proletar edebiýaty diýilýän edebiýatyň ýaňy ýörjen-ýörjen wagtlarynda şeýle gapma-gaşylyklaryň ýüze çykjakdygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. 1926-njy ýyldan başlap, „Türkmenistan“ gazetinde edebiýatyň meseleleri hakynda ýazylan makalalar yzygider peýda bolup başlaýar. Gazetde çekişmeleriň guralmagy türkmen okyjylarynyň gazetiň daşyna ýygnanmagyna itergi berýärdi. A.Gulmuhammedowyň, M.Geldiýewiň, H.Şahberdiýewiň, G.Gurtmyradowyň, G.Sähedowyň we başgalaryň makalalarynda Magtymguly, Seýdi, Zelili, Mollanepes ýaly şahyrlaryň döredijiligi dogrusynda gürrüň edilýärdi. Ol makalalarda, esasan hem, geçmiş edebiýatymyzy öwrenmelimi ýa-da ýok diýen ýaly pikirler orta atylýardy. Bir topar öwrenmeli diýse, başga birleri öwrenmeli däl diýen ýaly pikirleri ündeýärdiler. Elbetde, bu ilkinji nobatda adam aňy bilen baglydyr. Könäniň ret edilip, täzäniň hem öňe sürlen wagty, ýalňyşlyklaryň boljakdygy, tebygi ýagdaýdyr. Bu diňe türkmen edebiýaty dogrusynda däl-de, şeýle garaýyşlar tutuş SSSR halklarynyň edebiýatynda-da bolup geçen ýagdaýdy. “Türkmenistan“ gazetiniň 1927-nji ýylyň aprelinde çykan 76 (929) sanynda G.Sähedowyň “Tezislerinde” köne edebiýaty öwrenmek, täze ösüp gelýän ýaş şahyrlara we ýazyjylara kömek bermek, olary goldamak, edebi tankydy güýçlendirmek ýaly möhüm meseleleriň üstünde durlup geçilýär, edebiýat işiniň çylşyrymly işdigi nygtalyp görkezilýär. G.Sähedowyň ýokarda gürrüňi edilen tezislerinde köne edebi mirasy öwrenmekligiň gerekligi hakynda aýratyn durlup geçilen hem bolsa, şol ýylyň dekabr aýynda çap edilen “Türkmençilik pelsepesi we edebi meselelerimiz” atly makalasynda köne türkmen edebiýatyny toplamak we halk arasyna ýaýratmak meselesinde iki pikiriň, käbir ýolbaşçy işgärleriň ony ýaýratmazlyk we käbir edebi işgärleriň ony toplamak we çap etmek pikirleriniň bardygyny aýdypdyr. Onuň “Milli medeniýet hakynda” (Aşgabat, 1928, 123 -sah.) atly işinde köne edebiýata ters garaýşyna hem gabat gelýäris. Ýöne onuň 1929-njy ýylyň mart aýynda Aşgabat şäher aktiwinde eden dokladynda geçmiş edebiýaty öwrenmek meselesi hakynda durup geçende, ol iki pikiriň haýsysynyň dogrulygy dogrusynda gürrüň açyp, öwrenmeli däl toparyň pikiriniň ýalňyşdygyny belleýär. Köne edebiýata şeýle garamak bolmaz, köne edebiýatyň dil we ölçeginden peýdalanmalydygyny, ýöne onuň gara pikirlerine uýmaly däldigi nygtalýar. Gurban Sähedowyň bu ýerde edebi mirasa baha berşi we oňa garaýşy onuň “Türkmençilik pelsepesi we edebi meseleleriň” diýen makalasyndakydan tapawutlanýar. Gürrüň edilýän şäher aktiwinde eden dokladynda (bu dokladyň mazmunynyň beýany “Turkmenskaýa iskra” gazetiniň 1929-njy ýyldaky 62-63-67-68-69 sanlarynda çap edilen) bizde proletar edebiýaty bolup bilermi, onuň ugurlary, şygry eserleriň formasy, edebi tankyt, aýry-aýry şahyrlaryň döredijiligi hakyndaky meseleler dogrusynda-da aýratyn durup geçipdir. G.Sähedow aýry-aýry şahyrlaryň döredijiligi hakynda, olaryň eserleri dogrusynda gürrüň edende, ilki bilen B.Kerbabaýewiň “Gyzlar dünýäsi”, “Ýaz möwsüminde bir gözel” ýaly täze döreden eserleriniň üstünde durup geçýär. Olaryň kemçiliklerine proletar synpy nazarýetinden baha berýär. Bu eserleriň çeperçiligi hakda, üstünligi hakda aýdyp, bu eseriň ýetmezçiligini, synpylygyň gowşaklygy bilen delillendiripdir. Elbetde, şeýle baha bermekde G.Sähedowa igenmek bilen däl-de, oňa düşünmek bilen garamalydygyny aňladýar. Çünki G.Sähedow hem öz döwrüniň ogly bolmak bilen, şo döwrüň öňe sürýän ideologiýasyna ýüregi bilen hyzmat edipdir. Ol köne geçmişe baha berende-de, aýry-aýry şahyrlaryň döredijiligine baha berende-de, täze döreýän edebiýatyň nähili ugur bilen, haýsy zatdan ugur almalydygyny tekrarlanda-da şeýledi. Ol edebiýat dogrusyndaky goýberen säwliklerini hem wagt geçirmän, dogry ýola ugrukdyrmagy başarýardy. Gurban Sähedow hakdaky bu işimizde onuň jogapkär wezipelerde işlemek bilen, bize goýup giden ylmy mirasyny ýatdan çykarmak bolmaz. Jogapkär wezipelerde işlemek bilen diýenimizde bu gujurly adamyň esasy işiniň daşyndan metbugatda yzygider çykyş edip, düýpli we özboluşly pikirleri orta atyp bilendigine haýran galýarsyň. Munda G.Sähedowyň 1927-1932-nji ýyllardaky ylmy işlerine göz gezdirmek hem ýeterlikdir. Onuň bu işleri kiçi-girim däl. Çylşyrymly döwrüň edebiýaty, dili, medeniýeti dogrusynda gürrüň gozgalýan bu makalalarda şo döwrüň demini duýýarsyň. Onuň hajatlaryna diň salýarsyň. Döwrüň talaplaryna görä hereket etmäge synanyşyk edenleriň we buržuaz-milletçilikde aýyplananlaryň ahwalyna birtaraplaýynlyk bilen däl-de, olaryň hersiniň ýagdaýyna düşünmek isleýärsiň. 1937-nji ýylda Gurban Sähedow halk duşmany hökmünde tussag edilýär. Şo döwürde Aşgabat pedinstitutynyň dosenti Hydyr Derýäýew hem burzuaz-milletçi tagmasy basylyp, türme tussaglygyna höküm edilipdir. H.Derýäýewiň günäkärlenende onuň garşysyna görkezme beren dil we edebiýat institunyň şo wagtky direktory M.Bogdanowanyň görkezmesine üns bereliň: “Gurultaýa (1936-nji ýylda Aşgabatda geçirilen I lingwistik gurultaý – A.Ç.) taýynlyk görülýän döwürde Derýäýew buržuaz ideologiýasynyň kontrewolýusionerleri Böriýew, Geldiýew we beýlekileriň hem goldaýan, dil gurluşynda feodal döwürden galan köne ýazuw diliniň möwritini geçiren formalaryna salgylanyp, özüni reaksioner adam hökmünde görkezdi. Haçan-da gurultaýda Derýäýewiň prowakasion ugry paş edilenden soňra, ony HKS-nyň başlygynyň ozalky orunbasary Sähedow (Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gurban Sähedow – A.Ç.) öz ýanyna çagyrdy, ol Derýäýewe degerli görkezmäni beren bolarly, çünki Derýäýew Sähedowyň ýanyndan çykandan soňra, özüni seresabrak alyp bardy. Netijede, Derýäýewiň gurultaýyň rezolýusiýalaryny redaktirlemek we çapa taýýarlamakda eden zyýanly hereketleri paş edilenden soňra, Sähedow Derýäýew barada meniň bilen eden gürrüňinde meniň isleglerimiň iň ýönekeý meseleleri hem çalşyrylmajakdygyna salgylanyp, Derýäýewiň tarapyny çaldy hem-de öz ýanyna Derýäýewiň iberilmegini sorady, şondan soňra Derýäýew ganatlanan ýaly boldy we öz eden işlerinden birjigem müýnürgemän, özüni gaty arkaýyn duýdy...“ 1989-njy ýylda Ýelizaweta Ýefimowna Täçnazarowa şu setirleriň awtory bilen eden gürrüňdeşliginde 1937-nji ýylyň haýhatly günlerinde Gurban Sähediň we onuň maşgalasynyňa başyna inen külpet barasynda şeýle bir wakany aýdypdy: "...Tutuş gijämi soragda geçirdim. Gurban Sähedowyň aýaly Ýekaterina Wasilýewna ikimizi bir kamerada saklaýardylar. Ý.W.Çernuha dünýäden ötdi. Onuň bir ogly bar. Olar Ferganada ýaşaýarkalar myhmançylyga barýardym. Birçakdy – 1958-nji ýyldady. Georgiý Nikolaýewiç Weselkow aradan çykanda Ýekaterina Wasilýewna iki sapar biziňkä gelipdi. Fredik onuň uly ogly, kiçisi türmede ýogaldy. Bary-ýogy sekiz aýlykdy. Emip durka alyp gitdiler. Çagalar öýüne tabşyrdylar. Şol ýerde-de öldi. Fredige köp okamak miýesser gelmedi. Onuň gül ýaly gelni, iki çagasy bar. Özi şofýordy.“ Gurban Sähedow ýaňy ýörjen-ýörjen bolup urgan türkmen sowet edebiýatynyň wekilleriniň uly dostudy. Şahyr Oraz Täçnazarow Gurban Sähedow bilen jana-jan dostdy. Bular iki bolup türkmen edebiýatyna dahylly birnäçe makalany hem ýazdylar. Öz wagtynda az gyzyklanma döretmedik “Daglar” atly goşgusyny şahyr öz dostuna bagyşlapdy. Ruhy Alyýew Oraz Täçnazarow hakda ýazan ýatlama makalalarynyň birinde bu hakda şeýle ýazýar: “Bu goşgyny ol öz ýakyn dosty G.Sähedowa bagyşlap ýazypdy. Şeýle bir zat ýadyma düşýär. Şahyrlarymyzdan kimdir biri Orazyň şol goşgusynda sussupesligiň bardygyny orta atdy. Şol mesele uly jedele sebäp boldy. Hakykatda bolsa goşguda şeýle häsiýet ýokdy...” Oraz Täçnazarow Gurban Sähedowa ýüzlenip, şeýle ýazypdy: Degme, biziň ornumyzy Täze gelýän nesil tutsun. Bu daglaryň depesinde, Bizi ýatlap seýil etsin. Emma gardaş, liram meniň, Barha artdyrar owazyn. Göwnün tapyp näçeleriň, Belki, goýmaz asla sesin... Şahyr ýalňyşmandy. Hakykatdan hem nesiller bu gerçekleriň ornuny tutdular. Otuz ýediň nähak pidasy bolan bu iki dostuň adyny unutmaga hakymyz ýokdur. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |