08:48 Gürgenç / 1-nji kitap -7 | |
VII BAP
Taryhy proza
Muhammet ibn Salam nobatdaky niýetlän ýeri özüniň ýedi ýyl tälim alan medresesine bardy. Ol bu ýere diňe özüni okadan muderrislerine salama däl-de, özüne ýaşamak üçin medresedäki hüjreleriň birini soramak niýeti bilen hem barypdy. Medresede ony gujak açyp garşy aldylar. Müderrisleri özleriniň uçrumynyň Bagdatda on ýyl ylym öwrenip, alymlyk derejesine ýetenden soň ata Watana dolananyna buýsanýardylar. Baş müderris oňa medreseden iş hem teklip etdi. Ibn Salam baş müderrise minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: -Merhemediňiz üçin köp sag boluň, ustaz. Siziň rahnamalyk edýän ylym dergähynda işlemek meniň üçin uly mertebe. Ýöne men paýtagtymyzda "Beýtil hikme" açylanyny, onda Aburaýhan al Biruny, Ibn Sina, Abu Nasyr Yrak, Aly Sahyl Masyhy ýaly beýik alymlaryň işleýändiklerini eşidip, Bagdatdan gaýtdym. Niýetim şol dergahde ylmymy kämilleşdirmek. -Düşnükli-diýip baş müderris salyhatlylyk bilen ýylgyrdy.-Diýmek, bizde däl-de, "Beýtil hikmede"işlemekçi-dä. Bolybilýä. Biziň zarymyz bar, zorumyz ýok size, mohterem Muhammet ibn Salam. -Siz gaty görmäň, ustaz. Men bilýän, şu mukaddes dergahde bilimimiň düýbini tutdum, şu dergahyň köp duzuny iýdim. Men bu dergaha borçly. Emma... -Emmadan aňyrsyny aýdyp oturmaň. Men düşündim, gaty hem göremok. Niýetiňiz «Beýtil hikmede» işlemek bolsa, enşalla niýetiňize ýetersiňiz. Ol ýerde, beýik alymlar bilen hemdem bolup bile işlemek uly mertebedir. -Bilýän, "Beýtil hikmeniñ" ýene bir "Ummat al ylym" diýen ady Bagdada-da ýetip bardy. Biler bolsaňyz, ustaz, bu ylmy merkeziň döredilmegi bilen Horezmşa aly hezetleriniñ at-abraýy Bagdatda-da, Şamda-da has belende göterildi. Ony ylmyň, edebiýatyň, sungatyň howandary diýip taryp edýärler. -"Beýtil hikmeniñ" döredilmeginde, ol dergaha alymlaryň jemlenmeginde weziri agzam Suhaýlynyň hyzmatynyň örän uludygyny ol ýurtlarda bilýän däldirler. -Muny menem bilemok, häzir sizden eşitdim. -Eşitmedik bolsaňyz, jenap Suhaýly bilimli, adalatly, pespäl adam. Ol Horezmşanyň oň goly, iň ynançly adamy. Aburaýhan Birunyny Gürgenden çagyrdyp getiren, ony «Beýtil hikmeniñ» baştutany edip goýduran hem şol. Häzirki wagtda Biruny öz işinden daşgary Horezmşanyň döwlet maslahatçysy hem. -Şeýlemişin diýip eşidipdim. Ýöne, tagsyr, alym adamy döwlet işine çekmeli däl ekeni. Bu işi onuň ylmy işine päsgel berer ahry -Dogry, hak gep. Emma patyşanyň emri-wajyp. Oňa ýok diýip bolmaýar. -Hawa, «Patyşalar emr etse, daglar ýerinden süýşer» diýipdirler -diýip, Ibn Salam söhbetdeşiniň sözüni tassyklady. Soňra ýüregine düwüp gelen haýyşyny aýtmak üçin baş müderrise towakgaly garap dillendi: -Ustaz, indi sizden bir haýyşym bar. -Şeýlemi, haýyş bilen gelen bolsaňyz aýdyň, eşideli. Ine, şunda Ibn Salam müderrisiň «Haýyş bilen gelen bolsaňyz» diýenindäki äheňinden ýalňyşyny duýdy, bir gowusy, wagtynda duýup, onuň öňüni aldy: -Ustaz, "Beýtil hikme" özüňiziň aýdyşyňyz ýaly uly dergäh. Meniň ol dergähe baryp, beýik alymlaryň hatarynda işlemegim üçin maňa bir ak pata beriň. Siziň doga-dilegiňiz bilen ol dergähde işim oňuna bolsun. -Haýyşyňyz ak pata bolsa, bereris-diýip, müderris bir hili ýylgyrdy. Onuň bu ýylgyryşynda «Haýyşyň başgady welin, meniň äheňimden duýup, gepi başga ýana sowduň» diýen many bardy. Şeýle-de bolsa müderris: -Omin!-diýip, elini galdyrdy-da gowy doga-dilegler bilen pata berdi. Soňundan Ibn Salama synçy nazaryny dikip: -Muhammet, «Beýtul hikmä» işe girseňiz ýaşamagyňyz üçin jaý gerek bolar. Öýüňiz bolsa şäherden daşda-diýdi-de ýylgyrdy. Onuň bu ýylgyryşynda-da «Seniň esasy haýyşyň hüjre dälmidi näme» diýen many bardy. Ibn Salam bu synag oýunda utulmajak bolup: -Merhemediňiz üçin sag boluň, ustaz, şäherde aýalymyň daýzasynyň jaýy bar. Eger «Beýtul hikmä» ýerleşsem ol ýerde ýaşaryn. Eger-de ol ýeri halamasam, siziň merhemediňizden peýdalanaryn-diýdi. Ibn Salamyň bu sözünden soňam baş müderris öz pikirinde galdy. Ol: -Muhammet-diýdi mähirli seredýän gözlerini güldürip, - men size häzir bir gowy hüjre bereýin, eger ony halamasaňyz ýaňky aýdan jaýyňyza gidersiňiz. Günem öýleden agypdyr. Haýyr işi öýleden soň etmeli däl diýýärler. Siz «Beýtul hikmä» ertir irden bararsyňyz. Bu gün bu ýerde galyň. Peýşin namazyny bile okaly. Onsoň men gaýdýan, siz talyplar bilen şamlygy bile ediniň. Häzir naharhanamyz siz okan döwürdäkiden hem gowy. Örän tagamly naharlar bişirilýär. Patyşamyz Abul Abbasy al Mämün hezretleriniň permany bilen azyk ugry doly üpjün edilen. Muhammet ibn Salam baş müderrise ejap edip aýdyp bilmedik haýyşyny onuň aňandygyna indi doly göz ýetirdi. Egerde ol ýolda ýüregine düwüp gaýdan hüjre hakyndaky haýyşyny ak pata hakyndaky haýyşa öwürmedik bolsa, ýumuşnyň bitmezligi hem mümkindi. Ibn Salam goýberäýmegi mümkin bolan hatasynyň wagtynda öňüni alyp, gowy iş edendigine içinden begendi hem-de baş müderrise taňryýalkasyn aýdyp, çuññur minnetdarlyk bildirdi. Baş müderrisiň görkezmesi bilen Ibn Salama içi düşekli, çaýnek-käseli, gap-gaçly bir gowy hüjre berildi. Ol zatlaryny hüjresinde goýup, medresäniň howlusyna çykdy. Daş-töweregine göz aýlady. Şol öňki öňkülik, onçakly üýtgän zat ýok. Giň howlynyň çar tarapy talyplaryň hüjreleri, kitaphana, naharhana. Ikinji gatda okuw otaglary, müderrisleriň otaglary. Ýöne howlynyň ortasyndaky äpet dört düýp güjümiň aşagyndaky daş howuz bir neme kiçelen ýaly göründi. “Gyralaryna daş örülip bejerlen howuz nähili kiçelsin. Ol bu ýere ilki geleninde on ýedi ýaşyndady. Obadan gelen ýaş oglana howuz örän uly bolup görünen bolsa gerek. Indi özi ulalansoň öňki zatlar gözüne kiçiräk görünýändir-dä” Bulary serinden geçiren Ibn Salam ýylgyryp goýdy. Ol şu dergahda ýedi ýyl tälim alyp ýene-de ylym yzlap Bagdada gidipdi. On ýyl aýralykdan soň bu mekan özüniň mähriban ojagy kimin gözüne yssy görünýärdi. Medresäniň howlysyndaky serhowuzyň boýunda oýa çümüp oturan bu adamy gören talyplaryň birnäçesi ýanyna baryp, onuň bilen salamlaşdylar, tanyşlyk açdylar. Talyplar bilen gepi alyşyp giden Ibn Salam söhbetdeşlerine Bagdat hakynda özi okan medresesindäki meşgulatlar, okadylýan dersler, medresäniň alymlary hakynda gysgarak gürrüň berdi. Onýança-da muazziniň peýşin namazyna çagyrýan azan sesi eşidildi. Jemagat bolup namaz okadylar. Namazdan soň hem talyplar Ibn Salamy sypdyrmadylar. Olary Bagdat ähli musulman dünýäsiniň emiri-halifyň oturýan ýeri-halyfatyň paýtagty bolany üçin juda gyzyklandyrýardy. Söhbetdeşlik dowam etdi. -Bagdat biziň Gürgenjimiz ýaly gadymy şäher däl, ol bary-ýogy mundan iki ýüz elli ýyl öň dörän şäher-diýip, Ibn Salam talyplara Bagdadyň taryhyndan gürrüň berip, onuñ baýlygyny, beýikligini, gözeligini mahabatlandyryp, şeýle bir öwdi welin, talyplaryñ agzy açyldy. Soñunda: - Bagdat her niçik baý, beýik, gözel bolmasyn biziñ Gürgenjimiziñ yzyndan ýetmegine bir azajyk wagt gerek - diýeninde talyplar çepek çalyp, şatlykly seslendiler. Olaryñ biri: - Tagsyr, siz Gürgenji bir söz bilen Bagdatdan hem ötürip öwdiñiz oturyberdiñiz - diýdi - Biziñ baş müderrisimiz hem bir talyby öwmekçi bosa başga birini öwüp arşa çykarýar-da, soñunda: "planjanyñ derejesine ýetenok entek" diýýär. Ibn Salam: - Menem ol kişiniñ şagirdi, ahryn. Öwmäni-de, döwmäni-de ondan öwrendim - diýip, gülümjiredi-de, sözüni dowam etdirdi - Ÿöne ýigitler, hakykatyny aýdanda Bagdat geçmişde hem ylmyň merkezi bolupdyr. Çünki Bagdadyň medreselerinde häzirkisi ýaly, örän ylymly alymlar ders berepdirler. Baryp mundan ýüz ýyl öň biziň watandaşymyz, beýik alym Muhammet ibn Musa al Horezmi hem Bagdatda köp ylmy işler alyp barypdyr. Men ol hezretiň ýaşan, işlän ýerlerini zyýarat etdim. Al Horezminiň ady, abraýy Bagdatda henizlerem örän ýokarda. Watandaşymyz Al Horezmi hezretlerine şeýle uly sarpa goýýandyklary üçinmi biziň ýaly horezminlileri hem sylaýarlar. Talyplar özleriniň esasy dersleriniň biri bolan «Äl jäbr äl mukabyla» eseriniň muallifi barada Ibn Salamyň aýdanlaryny has gyzyklanyp diňlediler. Ol hakda ýene-de bilenlerini gürrüň bermegini haýyş etdiler. Ibn Salam Äl Horazminiň Bagdatda ýazan kitaplary, aýry-aýry rysalalary, onuñ halyfa Ål Mämun bilen aralarynyñ juda ýakyn bolandygy, şeýlelikde halyfalygyñ kitaphanasyna we "Dar al ylym" atly ylym merkezine ýolbaşçylyk edendigi barada gürrüň berdi. Soňunda:- İndi ýigirler, söhbetdeşligimizi bes edäýeli, agşam namazynyñ wagtam golaýlap gelýär - diýdi. Talyplaryñ bolsa ony hiç goýberesleri gelmeýärdi. Olaryñ biri namaza entek wagtyñ kändigini aýdyp, şeýle täsin sowal berdi: -Jenap Ibn Salam, Bagdatda tibbiýet şeýle bir öösenmişin, hatda ölüni hem direldýärmişinler diýip eşitdik, şu gepler dogrymy? İbn Salam güldi: -Bagdatda tibbiýetiñ juda ösenligi hak, emma ölüni direltmek hiç haçan hiç kimiñ elinden gelmese gerek, çünki ölüm Allanyñ eradasy bilen bolýan zat. Yöne suwa gark bolup ýa-da şuña meñzeş bir ýagdaýda ýüregi togtan adamyñ ýüregini işledip goýberýän mualaja usullary bar. Bagdatda tibbiýetiñ nä derejede ösendigini men öz durmuşymda synap gördüm. Bir sapar erbet nähoşlanymda meni «Adut al Dauwla» diýen hassahana eltdiler. Bu hassahanadaky tertip-düzgün, lukmanlaryň hassalara mähribanlygy, otaglarynyň arassalygy, bejeriş usullarynyň kämilligi her niçik öwgä laýyk. Hassahanada meni bejeren lukman ýaşy jähtden başgalardan uly bolmasa-da, oňa uly sarpa goýardylar. Munuň sebäbini soň bilsem, ol kişi tibbiýetde bir näçe açyşlar eden tib ylmynyň uly alymy ekeni. Bu kişini aýratyn dile alanymyň sebäbi ol hakda rowaýata meňzeş bir gürrüňi eşitdim. Ol ýaşlygynda bir jerrah-hekime şägirt bolýar. Halypasy oňa özümden öňe geçäýmesin diýip, köp zat öwretmändir. Bir sapar halypasy bir kelle agryly hassany her hili ýol bilen bejerjek bolýar, emma başarmaýar. Şonda şägirt syrkawyň kellesiniň içinde nämedir bir zadyň bardygyny eger ol zat jerrahlyk ýoly bilen alyp taşlanmasa başga hili ýol bilen bejerip bolmajakdygyny aýdýar. Halypasy özüni onuň gepine üns bermedik ýaly edip görkezse-de içinden dogry tapýar. Ol bu işi şägirdinden gizlin etmek maksadynda hassany gije ýaryndan aganda özüniň jerrahlyk otagyna alyp gelýär. Ony gymyldamaz ýaly edip oturan oturgyjyna gaýym daňýar. Soňra ony beýhuş edip, kelle çanagyny açýar. Görse bir gara möý bogunaýaklaryny beýna batyryp duranmyş. Hekim müçenek bilen möýüň bilinden tutup ýuwaşlyk bilen çekýär, emma möý beýnä beter ýapyşyp aýrylmaýar. Gatyrak çekse beýnini dyrmalap zaýalajakmyş. Şonda ýokardan: «Müçenegi şeme tutup gyzdyryň!» diýen ses gelýär. Hekim ýokary seretse tüýnükde şägirdiniň iki gözi ýylpyldap görünýär. Hekim: «Ah, kelläm gursun!» diýip müçenegini ýanynda ýanyp duran şemleriň birine tutup gyzdyrýar. Endamyna gyzgyn demir degen möý ýygrylyp, aýaklaryny çekip alýar. Ine, şu wakadan soň hekim «Şägirdim menden ozdurdy» diýip, oňa ak pata beripdir. -Tagsyr, adamyň beýnisine möý nädip giripdir?-diýip bu gürrüňe känbir ynanmadyk talyplaryň biri sorady. -Möýüň çagasy künjiniň dänesi ýaly kiçijik mahaly uklap ýatan adamyň gulagyna giren bolmaly. Şondanam beýnä geçip, ol ýerde ulalandyr-da. Ibn Salamyň jogaby talyby kanagatlandyrmady: -Gulakdan beýnä geçilýän ýol barmy näme? -Siz häzir meniň aýdan zatlarymy gulagyňyz bilen eşitdiňiz dälmi? -Hawa. -Onsoň şu eşiden zatlaryňyzyň manysyna düşündiňiz dälmi? -Hawa. -Diýmek, gulagyňyza giren ses beýnä geçip, ol ýerde-de düşünje hasyl bolýar dälmi, ýa düşünje gulagyň özünde hasyl bolýarmy? Talyp bir elini gursagyna goýup, başyny egdi.. Ibn Salam söhbetdeşligi jemläninden talyplar «teşekkür! teşekkür!" diýişip minnetddarlyk bildirdiler. Onýança agşam namazynyň wagty-da boldy. Ibn Salam namazdan soň talyplar bilen şamlyk edinip, köçä çykdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |