01:23 Gurt çagasy ekdi bolmaz / hekaýa | |
GURT ÇAGASY EKDI BOLMAZ
Hekaýalar
Bahar möwsümi paýawlap, jöwzaly tomus höküm ýöredip ugrapdy. Birnäçe gün mundan ozal parç bolup oturan maýsalar samana öwrülipdi. Saralan sährada tümmül bolan däneli otlaryň dumyljyk ysy burnuňa urýardy. Deň-duşlarym bilen azyk-suwluklarymyzy, zerur bolaýjak zatlarymyzy jemläp, Akjaguýma obasynyň gaýrasyndaky çöle gezelenje çykdyk. Ýolbedimiz Sähetmyrat şu obada önüp-ösen, daş-töweregi gowy bilýän awçy ýigit eken. Ol aw awlamaga ejaza berilýän möwsümde şikara çykmagy gowy görýän eken. Obanyň arçyny Nurmuhammet bolsa “atan oky sowa geçmeýän mergendir ” diýip, ýegre dostunynyň öwgüsini ýetirdi. Obadan demirgazyk tarapa uzaýan ýoluň ugrunda ýalpagrak bolsa-da dikgenligine uzalyp gidýän gury çaýdan geçmeli boldyk. Suwuň akabasynyň sudury anyk görünýärdi. -- Ýagyş-ýagmyr siňňitli ýaganda bu çaýda suw möwç urup, okgunly akýar. Daşgyn önünden çykan zatlary syryp-süpürip, guýma tarap alyp gidýär — diýip, ýolbeledimiz düşündirdi – Tebigy oýa ýygnanan bol suwuň şorumtyk tagamy bolýar. Läbikli suw güýzde durlanyp, indiki ýazyň ýagşyna çenli degre-daşyndaky janly-jemende üçin ýeterlik agyz guwy bolýar. * * * Ýolda bolan söhbetdeşlikde Sähetmyratdan yabany haýwanlar barada köp zatlary öwrendik, dermanlyk ot-çöpleri ýygnadyk. Ýolbeledimiz gora gömüp bişiren ýerçöreginiň tagamy uzakly gün agzymyzdan gitmedi. Ol boz sähranyň hoşboý ysly otlaryndan taýýarlanan dürüşdäni çörege garan eken. Käkilikler hem beýleki ýabany guşlar ýaly gizlin ýerde höwürtge edinýärler. Olaryň jüýjeleri ýumurtgadan çykan dessine aýak üstüne galýarlar. Olar aňsat çöl haýwanlaryna olja bolmaýarlar. Awçylar hem käkiligiň jüýjelerini gola salmagyň gaty kyndygyny aýdýarlar. * * * Häzirki duşan käkiligimiz ýanbaşyna ýatyşyna ganatlaryny kynçylyk bilen galgadýardy. “Algyr ýaralan bolsa gerek”-- diýip, çakladyk. Käkiligi tutjak bolup, köp kowaladyk. Ähli zady unudyp ep-esli ýol geçenimizi soň bilip galdyk. Ýakymly owazy bolmasa-da haýsydyr bir aýdyma hiňlenip gelýän Sähetmyrat çynlakaý hereketlerimizi görüp hezil edip güldi-de: -- Oglanlar, mör-möjekleriň arasynda jepakeşi garynjadyr. Ol gün dogandan şapak garalynça zähmet çekip gün-güzerany bilendir. Howp abanýan, başyna bela geljek ýerden tiz daşlaşýandyr. Eger ejiz görüp azar berseň kiçijikligine garamaz. Janyny orta goýup başardygyndan gaýtawul berer—diýip, gürrüňe başlady-- Käkilik hamrak guşdyr. Hesilini goramak üçin garaşylmadyk hokgaňy tapýandyr. Häzirki tilsim sizi jüýjelerinden uzaklaşdyrmakdyr. Diňe şondan soň biz käkiligi nähak köwalap azara galandygymyza düşünip galdyk. * * * “Geliň bäri, toplanyň!” diýip, yşarat edende Sähetmyradyň ýanyna ýygnandyk. Onuň bir ädim çemesi öňünde höwürtge bardy. -- Gije-girimde ýa-da atanlykda bolaýmasa ene käkilik özüni heläk etdirmezdi, ýabany haýwana şam bolmazdy—diýip, ýolbeledimiz gözlerini ýumurtgalara dikip, perwaýsyz nazar salyp durşuna çaklamasyny orta atdy. Höwürtgäniň ýanynda ene käkiligiň ýelek-perleri çaşyp ýatyrdy. Bu ýakymsyz waka ählimiziň keýpini gaçyrdy. Özümizi müýnli saýýardyk. Anyk karara gelmek barada oýlanyp saňgaty bolup durdyk. Hiç kimden ses-seda çykanokdy. Sähetmyrat: -- Bu amanady—diýip, höwürtgedäki ýumurtgalara dikanlap durşuna-- ýolbeledimiz söhbete başlady-- Kürk towugymyz bar, şoňa basyraýyn. Soňuny soň görübiris--dä—diýende üstümizden agyr ýük aýyrylan ýaly uludan dem aldyk. * * * Aňňat-aňňat gum depelerinden, ürgün çägeliklerden aşyp, küpürsäp ýatan meýdana düşdük. Syçanlar, alaňňyrtlar, ýalmanlar, alakalar eserdeňlik bilen bize garanjaklaşýardylar. Sähel zatdan ürkýän çöl serçeleri, goýunguşlar, geçiguşlar, torgaýlar, her dürli mör-möjekler bizden dessine arany açmak bilen bolýardylar. Gum depeleriniň arasyndaky selindir sazaklaryň, gümürsin ösen gyrymsy agaçlaryň arasynda “Jyk-jyk” ses geldi. Guş tutmak üçin agaçdan gurlan duzaga çebşek düşen eken. Towşan balasy hepbikden sypjak bolup, jöwlan urup iki ýana urunýardy. Janaweri tordan boşadanymyzda yzyna garaman ýazzyny berdi. Garaja awçynyň iki sany möjek çagasyny çölden tutup getirendigi baradaky habar küren oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Deň-duşlarymyz bilen gurt çagalaryny görmäge alňasadyk. Simden ýasalan tordan olar bize geň galmak bilen seredýärdiler. Biz enaýyja jandarlary tora elimizi sokup sypadyk.Olar hem mundan lezzet alyp guýrujaklaryny bulaýlaýardylar. Işdämenlik bilen ellerimizi ýalanlarynda gyjygymyz tutup, bir-birimiziň ýüzümize seredişip hezil edip gülüşýärdik. Obamyzda Garaja aga awandalygy bilen tanalýardy. Görgürdi, mergenligi bilen adygypdy. Ýabany haýwanlaryň hüý-häsiýetlerini gowy bilýärdi. Biz hem şonuň ýaly ussat awçy bolup ýetişmegi arzuw edýärdik. Gylyçmyrat Garaja aganyň ogly Saparguly bilen bir synpda okaýardy, onuň ýakyn dostydy. Ol möjek çagalarynyň birini haýyş edende Garaja aga oňa gaşyny çytman beripdi. Öýe gurt çagasy bilen gelen Gylyçmyrady kakasy gaharly garşy aldy. Ol derhal ony yzyna alyp gitmegi talap etdi. Gylyçmyrada kakasynyň emrine tabyn bolmakdan başga çäre galmady. Gurt çagalary gününi sanap ösýärdi. Çagalaryň getirip berýän süňk-saňklary olar üçin uly iýmitdi. Ýöne basym gurt çagalarynyň biri nirädir bir ýerlere ýitirim boldy. Soň ony gören bolmady. Beýleki gurt çagasy bolsa käte obanyň itleri bilen söweşe girip başlady. Daňdan mal-garalaryň örä çykarylýan wagtydy. Garaja aganyň keýwanysynyň agyly sesi gelýärdi. “Men saňa köp aýtdym, “Gurt çagasy ekdi bolmaz” diýip. Gulag asmadyň, ynha ahyrsoňy ol pajyga bilen tamamlandy.” Teläniň ýanynda Garaja aganyň ogly möjegiň dişlän ýerini tutup durdy. Ejesi bolsa ony sargylajak bolýardy. Garaja aga bolsa näme edenini bilmäni iki baka gezmeleýärdi. Möjekden bolsa habar-hatyr ýokdy. Megerem, ol häzir çölde bolsa gerek. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |