18:44 Guşgyz ~ Hüýpüpik / hekaýa | |
GUŞGYZ ~ HÜÝPÜPIK
Hekaýalar
Bu reňbe-reň lybasly owadan guşuň depesindäki hüjjerip duran jygalary edil gyzlaryň gupbasynyň ýokarsyndaky peşeneli otaga çalym edýändir. Oňa deňizýaka sebitlerinde hormat bilen gyzguş ady berilmesi şu hekaýat bilen baglanyşykly. Geçmiş zamanlarda güneşli Diýarda bir owadan, görmegeý, näzenin gyz ýaşapdyr. Içen suwy alkymyndan görnip duran hüýr gyzlara meňzeş bolany üçin, şahyrlar ony dordi gijäniň Aýly jemalyna deňär ekenler. Günleriň birinde bu parahat Diýara basybalyjylar çozup, gül öwüsýän ülkäni egsan edipdirler. Halkyň nepis halylary, argamak bedewleri, mahlasy, ähli gymmatlyklary olja alnypdyr. Negözel jaýlar ýykylyp-ýandyrylypdyr. Basybalyjylaryň baştutany Diýardaky şol gözel gyzyň owazasyny eşidip, ony derhal huzuryna getirmegi nökerlerine buýrupdyr. Ömründe beýle gözeli görmedik jahangir bir pursat aňkarylyp galypdyr. Gyzyň altyn çaýylan gupbasy, egnindäki çapraz-şelpeler güneşe ýalpyldap, gözüni gamaşdyrypdyr. Birhaýukdan soňra özüne gelen jahangir gyza aşyk bolup, oňa öýlenmegi ýüregine düwüpdir. Onuň bu teklibini gyz ýigrenç bilen ret edipdir. Özüne tabyn etmek islegi ýol almansoň gelmişekleriň baştutany hum ýaly çişipdir. Onuň baş serkerdesi wakanyň soňunyň gowulyk bilen tamamlanmajagyny duýup: -- Şahy-älem! Saňa gözel gyz gerek bolsa başga ýerlerden näçe diýseň tapylar. Isleseň özüm huzyryňa getirip bereýin. Sen bu gyzdan ýüz öwür-de, raýyndan gaýt! – diýip, hökümdaryna töwella edipdir. Bu teklip gedem jahangiriň ýüzüne şarpyk bolup degipdir. Ol hum dek çişip, gazap donuna giripdir. Baş serkerde tas kellesinden dynan eken. Şeýlelikde jahangir gyzyň we onuň ene-atasynyň razyçylygyny almazdan toý şaýyny tutuberipdir. Şanyň jarçysy bolsa: -- Adamlar, eşitdim, eşitmedim diýmäňler, ho-ow! Eşidenler eşitmediklere habar bersinler. Hüňkarymyz bu ülkedäki iň gözel gyza öýlenýändir. Ertir toý uludan tutulýandyr ho-ow! - diýip zowladyp başlapdyr. Ertir toý güni bolansoň jahangiriň gözüne uky gelmändir. Sabyr-takady ýetmän, arzuw içinde bütin gijesini meý içip geçiripdir. Gyzyň biçäre enesi balasynyň gözýaşlaryna gyýylypdyr. Talaňçynyň ýüreginde rehim-şepagatyň ýokdugyna, göwün matlabyna ýetmek üçin hiç pisliklerden gaýtmajagyna onuň gözi ýetikdi. Ol uzak gije zar-zar doga kylyp, daňdanlar gyzyna: -- Päli arassa, niýeti päk, jan gyzym! Häzir apat derýasyny gulaçlaýan bolsaň-da, Allanyň özi saňa takyk ýoly salgy berer. — diýip, göwünlik beripdir. -- Ir bilen bir keramat bolar. Yns ýa-da jyns bolup, garaz, zalymlaryň duzagyndan erkinlige çykarsyň. Ir bilen baş serkerde bir topar peşşap bilen gyzy äkitmäge gelipdirler. Gyz gaçyp sypmakçy bolanda, nökerler ony gabapdyrlar. Gyz elewläp durka, enesi: -- Ganat bagla, uç janam! – diýip gygyrypdyr Enäniň bu sözlerinden soň ol gyz şahy ýelekli, uzyn hüpükli owadan guşa öwrülip, asmana galypdyr. -- Bar, gyzym, azat ýaşa! -- diýip, ene oňa ak ýol arzuwlapdyr. “Soň bir mahal Diýar azat bolanda yzyňa öwrülip, arzuwlan mähriban kenaryňa sag-salamat dolanyp gelersiň, inşalla! Şonda bizi ýa görersiň, ýa görmersiň” diýip, naçar enesi onuň tä garasy ýitýänçä yzyndan garap galypdyr. Waka hüňkäriň baş serkerdesiniň gözüniň alnynda bolup geçensoň, bu keramata onuň gözleri peträp hanasyndan çykara gelipdir. Soň atyny ýüzin salypdyr, wakany jahargire ýetirmäge alňasapdyr. Gyzyň ejesi bolsa jigerbendiniň duşmanlaryň elinden sag-aman gutulanyna şükür edip, hasrat gözýaşyny döküp geziberipdir. Hawa, halk arasynda gadyrlanýan bu gözel guşuň öz häsiýetine mahsus başyndan geçiren şeýle taryhy bar. Ynsanlaryň hereket-gymyldysyndan, hatda çalaja şygyrdydan ürkýän bu guş güneşli Diýarda belli pasyllarda görünýär. Soň nirädir bir ýerlere uçup gidýär-de ýitirim bolýar. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||