18:53 Gynanýan | |
GYNANÝAN
Goşgular
Men bu dünýä ynsan bolup dogulyp, Mydam ýagşy bolmaýanma gynanýan. Emma ýamanlyga baglamok bili, Käte dilde sözleýänme gynanýan. Dogry sözden, ýalan tapyp bolýanyn, Görkezdi gözüme, namartdyr-zalym. "Hemmeler ýagşy" diýp, buýsanan manym, Aýak teýde harlananna gynanýan. Ençe ýyldan bäri dumanly serim, Dolansoñ göripden her baran ýerim. Nobaty ýetmese dilim boldy sem, Köpleriñki bolmanyna gynanýan. Beýik Oguzhanyñ neslinden bolup, Oguzlar deý ýaşap bilmeseñ aýyp. Agyr hassalamda sargalyp-solup, Gulluk döwrüm ejizlänme gynanýan. Şirnazar diýr, müşgülim kän bolsa-da, Utulmadym, göwnüm ýarym bolsa-da, Hemme ahyrýetiñ baryn bilse-de, Nikasyz edilýän zyna gynanýan. Şirnazar TAGANOW. | |
|
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |