07:41 Has beter | |
HAS BETER
Goşgular
Ulurak sepgide ýeten mahalyñ, Göripleriñ, gözi gider has beter. Sepgidiñe guwanmaz, dost, hem duşman, Barysy maý tapsa, peslige iter. Bozulmagyn, herne agyr bolsa-da, Daş töwerek ýaman munda, sen bolma. Töhmet atyp, abraýña dil ýetseler, Üns berme, ýa ümsüm dur, deñ bolma. Geçmişiñe gaýtadan ser salyp gör, Pikir et, ejizkäñ, kim arka durdy? Geler hyýalyña müñ dürli oýlar, Has erbedi, ... " dost arka hanjar urdy " . Bu dünýäde, her kim bir zat isleýär, Emma köp islegler, hasyl bolanok. Şonuñ üçin maksadyña ýet özüñ, Wezipäñ bolmasa, kömek etjek ýok. Herne ulalsañ-da, ýamanlar içre, Göwher mysal, gymmatyñy ýitirme. Ýagşy bol, ýagşylyk halkyña eçil, Göwnüñe men-menlik, asla getirme. Şirnazar TAGANOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |