18:01 Ömür | |
ÖMÜR
Goşgular
Ejizleme, ejizleseñ kyn durmuş, Köpeler kemsitjek, üstüñden güljek, Unutma, bu dünýä hiç kim zor bolup, Gelmedik, şoñ üçin, bolma - oýnaljak. Dertsiz adam bolmaz, hemme-de dert bar, Derde dözüp ony ýeñen, munda mert. Ýeñip bilmän, gussa laýyna batan, Dertler gyra gitsin, onuñ özi dert. Seretme daşyña, kine göz bilen, Kine göz, ýagşyny, ýaman görkezer. Diýmegin: " bu gözler maña-da bakýar ", Ýamana-ýagşylañ, ömri gül-güzer. " Sadalaryñ üstünden bu gün gülüp, Ertir beýgelerin " - diýme hiç haçan. Bu işiñ ýagşy däl, ...hakyk namartlyk, Hem adamy kemsitmekdir, aç - açan. Dogry sözüñ, ýakman biler köplere, Bu diýdigi, seniñ akmaklygyñ däl. Kim haklygy istär, kim nähaklygy, Adamy bozýandyr, nebis hem bet päl. Sesiñe zor berme, köpçülik ýerde, Özüñe hemmäni garatjak bolup, Çemçeläp ýygnanyñ, käseläp dökme, ...Özüñi özgege, göz etjek bolup. Şirnazar TAGANOW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |