07:48 Gyýanlynyñ goýnunda / hekaýa | |
GYÝANLYNYŇ GOÝNUNDA
Hekaýalar
Heniz ýokary okuw mekdebinde okaýarka eden arzuwlaryna gowşan Myrat bu gün begenjinden ýaňa göge uçubererli görünýärdi. Ol elindäki ýollanmany öýündäkileriň hemmesine birin-birin görkezip çykdy. Muňa enesidir atasy, doganlary begendiler. Ejesi Aýnabat gelneje bolsa, ogluny bagryna basyp: — Oglum, kakaň ikimiziň senden tamamyz uludyr! Nesip bolsa, biliňi berk guşap, indi tamamyzy ödemeli döwrüň geldi — diýdi. Ejesiniň sözlerini dykgatly diňlän Myrat: — Eje jan, bu meniň talyp ýyllarymdaky arzuwym ahyryn. Heý-de, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşandyňy goşmakdan ulam bir bagt bolarmy?! Halal zähmetim bilen tamaňyzy ödejekdigime ynanaý, eje! — diýdi. Häliden bäri agtygynyň şatlykdan ýaňa uçganaklaýan gözlerine guwançly seredip duran enesi hem: — Myrat jan, sag-amanja baryp ýerleş. Işiňe yhlasly ýapyş, üstünlikler ýaranyň bolsun! — diýdi-de onuň ýüzüne söýünçli seredip, sözüniň üstüni ýetirdi: — Zähmet rugsadyna çykyp gelýänçäň, saňa özüm saýlapseçip, gyzlaryň seresini tapyp goýaryn. Enesiniň bu sözlerine Myradyň ýüzi çalaja gyzaranam bolsa, beýlekiler oňa känbir üns berip durmadylar. Myrat dünýäniň iň kämil innowasion enjamlary oturdylan döwrebap polimer zawodynda zähmet ýoluna başlamalydy. Hormatly Prezidentimiziň Gyýanly şäherçesiniň golaýynda iri gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna ak pata berşi Myradyň şu günki ýaly ýadynda. Şol wagt ol paýtagtymyzdaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň birinji ýyl talybydy. Myrat şonda okuwyny tamamlandan soň, bu zawodda işlemegi arzuw edipdi. Şol arzuwynyň hasyl bolanyna Myrat örän begenýärdi. Myradyň gyssagy özi bilendi. Ol birki günüň içinde ýol şaýyny tutup, Türkmenbaşa uçýan uçara petek aldy. Gitmeli güni gelende öýündäkiler bilen mähirli hoşlaşyp, gapdaly laçyn şekilli uçara mündi. Arzuw-hyýallara berlip oturyşyna, uçaryň Türkmenbaşa nähili ýeteninide duýman galdy. Myrat uçar menzilinde seteran duran ýeňil awtoulaglaryň birinde Gyýanly şäherçesine ýola düşdi. Zawod şäherçeden birneme çeträkde ýerleşýän ekeni. Ýöne suw ýaly ulag salymyny bermän ony barmaly menziline ýetirdi. Myrat ulagdan düşen badyna toplumyň töwerek-daşyna ser saldy. Ol zawodyň çägindäki köçelere we olaryň gyralaryndaky ýaşyl zolaklara, arça agaçlaryna hemde dürli kömekçi desgalara buýsanç bilen nazar aýlady. Myrady bu ýerdäkiler güler ýüz bilen garşyladylar. Ol işgärleriň ýaşamagy üçin bir çetde ýörite gurlan jaýlaryň birinde ýerleşdi. Bir meňzeş edilip gurlan jaýlar kiçeňräk şäherçä çalym edýärdi. Ol ýerde işçileriň boş mahallary sport bilen meşgullanmaklary üçin ýörite meýdança, medeni çäreleri geçirmekleri üçin zal, naharhana ýaly desgalaryň ählisi göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde joşgunly zähmet bilen bagtyýar durmuş gaýnapjoşýardy. Basym şol durmuşa öwrenişen Myrat işbaşarjaňlygy, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy bilen sanlyja günüň içinde zawodyň işgärlerine özüni tanatdy. Edepli, mylakatly, hoşgylaw, ulakiçä sylaghormatly bolanlygy üçin işdeşleri ony gowy gördüler. Myrat zawodda döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny öndürmekde we olary ulanmakda özüni dünýä tanadan ýapon, koreý hünärmenleri bilen bir hatarda zähmet çekýärdi. Ol iňlis dilini suwara bilýändigi üçin, çet ýurtly hünärmenler bilen iş babatda pikir alşyp, maslahatlaşyp bilýärdi. Bu akýürek ýigidi sehiň başlygy Agajan aga hem gowy görýärdi. Üstesine de Myrat onuň ýegeni Selim bilen gullukdaş bolup çykdy. Ynha, bir günem Agajan aga arakesme wagty Myrady ýanyna çagyrdy. Mähetdel etmän ýetip gelen Myrat: — Salawmaleýkim, Agajan aga— diýip, ikelläp görüşdi. Mähirli ýylgyryp duran ýaş ýigidiň salamyny alan başlyk: — Arma, işler bilen, geç, otur! Işiňi alyp barşyň-a oňat —diýip, hünärmene nazaryny aýlap, söze başlady: — Görýäňä, Myrat jan! Bärde zähmet joşgunly, jogapkärli, şonuň bilen bir hatarda gyzykly. Biziň öndürýän polimer önümleri mize isleg örän uly. Diýjek bolýan zadym, sen şu zatlary görüp, duýup, gadyryny bilip zähmet çekýäň. Gep, ine, şunda! Häli saňa redaksiýadan jaň etdiler. Seniň bu zatlar hakyndaky makalaňy gowy görüpdirler. Eliň boşan mahaly redaksiýa özüň jaň edip gürleş — diýdi. Wagt suw ýaly diýleni. Ol tiz geçýär. Myradyň işe başlany bäri jöwzaly tomus, tylla güýz, arly gyş geçip, bahar hem ortalap barýardy. Zawodyň ýokary hilli önümlerine isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany-da barha artýardy. Olaryň ählisiniň islegini kanagatlandyrmak üçin zawody ýokary depginde işletmelidi. Işiň şeýle gyzgalaňly gidişi bilen Myrat zähmet rugsadynyň golaýlaşandygyny hem duýman galdy. Ýylyň dowamynda diňe esasy baýramçylyklaryň käbirinde öýüne baryp-geläýmese, başga günleri işinden rugsat alyp gitmegi hiç halamazdy. Kakasydyrejesi bolsa saglyklaryny berkitmek üçin «Mollagara» ýada «Awaza» şypahanasyna gelenlerinde ogullary bilen didarlaşýardylar. Bir gün Myrat işden gelip, ýaňy çaý-naharyny öňüne alypdy. Şol mahal oňa jaň geldi. Myrat «Allo!» diýen sesi eşideninden, derrew onuň Selimdigini tanady. Olar saglyk-amanlyk soraşansoňlar, Selim: — Dostum, indiki aýyň başyna toýumdyr, öňräginden geleweri — diýdi. — Oňuna bolsun! Bagtly bol, dostum! Nesip bolsa, hökman bararyn — diýdi. Dostlar epesli wagt gürleşdiler. Trubkany goýan Myrat ýene-de Amyderýanyň sakasyna, bagy-bakjaly Lebap topragyna gadamynyň düşjekdigine, Astanababa aramgähine zyýarat etjekdigine begendi. Ol geçen sapar bile okan ýoldaşynyň toýuna gidende Köýtendaga hem gezelenç edipdi. Ol dagyň kert gaýalaryny, dinozawrlaryň yzlaryny, onda bitýän dermanlyk ösümlikleri, şahlary burum-burum dag goçlaryny, asmanda ganat ýaýyp uçup ýören dag bürgüdini hezil edip synlapdy. Uzakgün dag-derelerinde gezelen çedip mazalyja ýadan Myrat şol gün agşam gowy düýş gördi. Düýşünde ol bir näzenin gözel bilen Kyrkgyz gowagynyň ýanynda, durnagöz çeşmäniň boýunda gezelenç edýär. Soň olar gol tutuşyp, dagyň belent gerşine dyrmaşyp ugraýarlar. Geň ýeri, hernäçe belende dyrmaşsalarda, hiç hili ýadawlyk duýanoklar... Selim bilen telefonda gepleşensoň hakydasynda täzeden janlanan bu düýşi iki-üç gün geçse-de onuň aňyndan aýrylybermedi. Şeýle günleriň birinde işe gümra bolup oturan Myradyň ýanyna Agajan aga geldi. Saglyk-amanlyk soraşansoňlar ol: — Nesip bolsa, dostuň toýuna-ha gidersiň! Saňa garaşýandyr — diýip, ýylgyrdy. — Gitmesem bolmaz, gowy ýeri, edil zähmet rugsadyma gabat gelýän eken. Şol günüň ertesi Myrat öýlerine jaň edip, ilki dostunyň toýuny sowup, şondan soň oba barjakdygyny aýtdy. Selim Myrady uçar menzilinde garşylady. Dostlar gadyrly salamlaşdylar. Selim: — Myrat, bir hepdeden bäri ýoluňa garaýan. Rugsat alyp bilmediňmi, ýa?.. — Zähmet rugsadyna çykyp, ondan soň gaýtdym. — Onda hasam gowy, entekler seni goýbermen. —Selim, öýdäkilerem garaşýarlar ahyry. Has beterem enem goýanok — diýdi. Ol güni gyz toýudy. Myrat bilen Selim hem bezenip-beslenip toýa taýýarlyk gördüler. Dostlar meňzeş geýindiler. Toýda ýaşlardan ilki sözi Myrada berdiler. Ol dostunyň bagt toýuny gutlady. Soň ýaş çatynjalar bilen synpdaşlary tansa çykdylar. Birden Myradyň gözi tanyş ýüze kaklyşan ýaly boldy. Ol gyz gelniň köýneklerini düzedişdirip, onuň golaýyndan daşlaşanokdy. Megerem, gelinligiň iň ýakyn jorasy bolsa gerek. Dostunyň göz astyndan gelniniň jorasyna seredişini gören Selim Myrady ýanlaryna çagyrdy. Ol hälki gyzy-da çagyryp, dört bolup surata düşdüler. Soňra Selim Myrada seredip: —Ýogsa-da, dostum, seni tanyşdyrmandyryn, bu gyz synpdaşymyz Meňli, Jereniňem iň ýakyn boýdaşy. Özem ökde halyçy. Agajan daýymyň hem obadaky öýleriniň goňşusy — diýip, ol gyzy ilik-düwme tanyşdyrdy. Meňli utanjyrap ýere bakdy. Toý diýseň şowhunly geçdi. Toýdan soň ýaşlar şäheriň iň gözel ýerlerine gezelenç etdiler. Bu Myrat bilen Meňliniň has ýakyn tanyşmagyna amatly pursat döretdi. Selim bilen Jeren hem bularyň ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döretdiler. Birbada bir-birinden utanan-da bolsalar, basym olaryň sözleri alşyp gitdi. Myrat gyzyň el telefonynyň belgisini aldy... Toý sowlandan soň, Myrat öýlerine gaýtdy. Haýran galaýmaly, Meňli onuň şol düýşünde gören gyzydy. Meňliniň hem göz öňünden Myradyň keşbi hiç aýrylybermedi. Syratly ýigidiň şar gara saçlary maňlaýyna dökülip durdy. Onuň hoşgylaw, mylakatly ýylgyryp durşy hem gyzy özüne bendi edipdi. Şol günden soň Myradyň oý-pikirleriniň aglabasy Meňlä syrygypdy. Myradyň gelenini eşiden dogan-garyndaşlarydyr goňşygolamlary görme-görşe üýşdüler. Myrat olaryň ählisi bilen gadyrly salamlaşyp, hoşamaý hal-ahwal soraşýardy. Gyzyklanýanlaryna öz işi hakda buýsanyp gürrüň berýärdi. Haçanda gije birçene baryp, adamlar dagaşansoň, onuň ýanyna enesi gelip: — Myrat jan, ataň ikimiz beter garramankak seniň toýuňy göräýsek diýýäs. Eger sen göwneseň, obamyzyň gyzlarynyň seresini seçip, gelin edinerdik — diýdi. — Ene, öýlenjek wagtym, özüm size aýdaryn. Ýöne gyzy daşrakdan almaly bolaýmasaňyz — diýende, Aýnabat gelneje gürrüňe goşuldy. Ol: — Myrat jan, seniň üçin alys ýollary ýakyn ederis. Işiniň hötdesinden gelmäni oňaran oglum, özüne ýar saýlamakdada ýalňyşmaz — diýdi. Bu sözlere Myradyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol zähmet rugsady tamamlananda Gyýanla begenjinden uçup diýen ýaly gitdi. Sebäbi Myrat zähmet, bagt ýollarynyň gözbaşyny hut Gyýanlynyň goýnunda tapypdy. Gözel SEÝIDOWA. | |
|
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||